22:24 Iñlis teatry | |
IŇLIS TEATRY
Teatr we kino sungaty
Iňlis teatry özüniň köklerini juda uzakdan, köp hudaýlylyk eýýamynyň adatlaryndan, halk oýunlaryndan, ýylyň aýlanşyndaky yrymlardan, zähmet baýramçylyklaryndan alyp gaýdýar. Halk adatlaryndan gözbaş alyp gaýdan iňlis teatry hem beýleki halklaryňky ýaly örän köp başdan geçirmeleriň üsti bilen şu günki ösen görnüşe gelendigini bellemelidiris. Halkyň adatlaryndan, gylyk-häsiýetlerini öz içine alýan oýunlar, tanslar, aýdymlar, dürli egin-eşikleri maskaradlar iňlis teatrlarynyňam gözbaşy hasaplanýar. Gözbaşyny şol adatlardan alyp gaýydýan bu sungat wagtyň geçmegi bilen öz başky mazmunlaryny üýtgedip käbirleri XIX asyra çenli gelip ýetipdir. Şol oýunlaryň has ýörgünlilerinden "Duşenbedäki-şüdügär sürümi” atly ýaz ekişi bilen baglanyşykly baýramçylyk. Bu baramçylylykda ýazyň gelmegi, tebigatyň täze görnüşe eýe bolmagy, "ölen daýhanyň täzeden dogulmagy” bilen deňeşdirilipdir. Başga bir halk oýny "Keramatly Georgeniň oýunlary” atlandyrylypdyr. Bu oýunlar hristianlaryň musulmanlara garşy alyp barýan göreşleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Angliýa hristiançylyk getirilenden soň, uly ýerden (kontinentden) buthana bilen baglanyşykly dini dramalar (liturgiýa) hem getirilipdir. Beýleki Ýewropa ýurtlarynda boluşy ýaly, Angliýada hem buthana dramalary ilki bilen buthanada görkezilip, soň ýörüte bezelen sahnalarda halka görkezilip ugrapdyr. Şol dramalaryň sýužetleri Injilden-Bibliýadan alynyp ony ýerine ýetirijiler buthananyň öz wekilleri bolupdyrlar. Buthana dramalaryna mahsus arwah-jynlaryň keşpleri masgarabazlar (buthana wekilleri) tarapyndan ýerine ýetirilipdir. 1210-njy ýylda buthana adatlaryna gelişmeýän zat hökmünde buthana wekilleriniň spektakllarda çykyş etmekleri gadagan edilipdir.Şondan soň, spektakllary gurnamak orta asyr täjirleriniň (gildeýleriň), senetçileriň eline geçipdir. Ýöne, spektakllar buthananyň göz astynda we olaryň görkezilmeli ýerleri şäher meýdançalary bolmaly edilipdir. XIV-XV asyrlarda ýokary derejelere ýeten teatrlaryň baş-langyjy orta asyrlaryň halk dini dramalaryndan başlanypdyr. 1311-nji ýyldan başlap her ýylyň iýun aýynda katolik buthanasynyň Wenadaky hristian ruhanylaryň mejlis geçirýän ýerinde (soborynda) "Hristiň bereni” atly baýramçylyk geçirmeklik ýola goýlupdyr. Dini dramanyň ýazgysy buthana wekili tarapyndan ýazylypdyr. Şeýle "keramatly ýazgylaryň” wajyp bölekleri, Hudaýyň adamzady döreden gününden başlap Hrist bara-da miflere çenli ähli rowaýatlar inssirowka edilip sahna çykarylypdyr. Şol döwürlerde professional aktýorlar bolmansoň sahnada öwrenje aktýorlar oýnamaly bolupdyrlar. Oýny guraýjylar bolan her topara (sehlere) aýratyn bölüm tabşyrylyp, şol bölümem ýerine ýetirmeli edilipdir. Bütin dünýä suw alyş bölümi agaç ussalary (plotnikler) döretmeli bolupdyrlar. Olar Nuh pygamberiň adamdan başlap, dünýäniň ähli jandarlaryny halas etmek üçin ýasan gämisi ýasalypdyr. Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek artykmaçlyk etmese gerek. Nuh pygamberiň kakasynyň agaç ussasy, Nuhuňam agaç ussasynyň ogly bolandygy üçin oňa Hudaý tarapyndan gämi ýasamaklyk buýrulypdyr. Çakyr ýasaýjylar çakyryň piri "Kanna Galileýskaýa” bagyşlap oýun goýupdyrlar. Oýunda geýilýän egin-eşikleri toparlaryň (sehleriñ) özleri taýýarlamaly bolupdyrlar. Her toparyň çykyş edende göçme sahnasy bolupdyr. Şol sahna "Pejent” atlandyrylyp, orta asyrlarda dini dramalarda, teatrlaşdyrylan oýunlarda ulanylypdyr. Arabadan ýasalan göçme sahna (araba) beýik bolup, aşagyna tuty tutulyp şol tutynyň aňyrsynda aktýorlar egin-eşiklerini çalşypdyrlar, arabanyň üstünde bolsa oýun oýnapdyrlar. Taýýarlanylan oýunlar "Pejetlerde” bir wagtyň özünde görkezilip, ertesi şol oýunlaryny "Pedžetlerde” (arabalarda) köçeme-köçe aýlap görkezipdirler. Dini dramalaryň görkezilişiniň başga bir görnüşem hereket edipdir. Bu görnüşde aktýorlar köçelere aýlanman, tomaşaçylar aýlanypdyr. Tomaşa etmekligiň beýle görnüşi "Aýlawda” atlandyrylypdyr. Beýle ýagdaýlarda di-ni dramalar amfiteatr bilen gurşalan uly meýdaçalarda ýa-da açyk meýdanlarda görkezilipdir. Tomaşaçylar balsa "Aýlawda” aýlanyp, özlerine gerek, özlerine has düşnükli oýunlara tomaşa edip bilipdirler. "Aýlawdaky” ilki görkezilýän tomaşalar Iňlis teatr žanrynyň orta asyrlardaky dramalaryn "moralite” (moralite-fransuz sözi moralite bolup, XV-XVI asyrlarda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda spektaklda dürli-gysganç, ýaranjaň, dostluk ýaly gylyk-häsiýetleri berip bilýän personažlaryň oýny. Sözlüge seret.) atlandyrypdyrlar. XV asyrdan soň "moralite” ýapyk teatrlarda görkezilip başlapdyr. Angliýada feodalizmiň dargamagy we XIV-XVI asyrlarda şäherleriň köpelmegi, XVI asyryň aýaklarynda professional Iňlis teatrlarynyň döremegine şertler döredipdir. Teatrlaryň ösmegi, dünýewi dramaturgiýanyň peýda bolup ugramagy we öz gezeginde dini dramalaryň sahna çözgüdinde üýtgeşiklikleriň (ewolýusiýanyň) emele gelmeginede öz täsirini ýetiripdir. XVI asyrda birnäçe sergezdançylyk edip ýören aktýor truppalary peýda bolup başlapdyr. Sergezdançylyk edýän aktýor truppalaryň üstüni dargan feodallaryň we garyp düşen söwdegärleriň öý hyzmatkäkleriniň olara baryp goşulmagy bilen ýetirilipdir. Şol gezende aktýor truppalary dünýewi we "moralite” žanrlarynda çykyş edipdirler. Gezende aktýor toparlarynyň (truppalarynyň) sany 5-6 adamdan aňry geçmändir. Her aktýor bir spektaklyň dowamynda birnäçe keşpleri döretmeli bolupdyr. Oýunlar myhmanhanalaryň işiklerinde geçirilipdir. Myhmanhanalaryň işikleriniň iň çetki künjeginde sah-na bolup hyzmat edip biläýjek köprä çalymdaş seki gurnalypdyr. Şol sekiniň üstünde aktýorlar çykyş edipdirler. Tomaşaçylaryň bir bölegi myhmanhana-nyň işigi bilen aktýorlaryň arasyndaky boşluka duran ýerlerinde, galan böle-gi bolsa, myhmanhananyň gapdalyndaky bassyrma şekilli (eýwandan) çykyp duran ýerden tomaşa edipdirler. Sergezdançylyk edip ýören aktýorlar Genrih-VIII we Ýelizawetanyň ser-gezdançylyk baradaky kararyna gabat gelmejek bolup, kimdir belli bir tanalýan adamyň gullukçysy, hyzmatkäri hökmünde şonuň maşgalasynyň hasabyna ýazylypdyrlar. Şol aktýor truppalary belli adamlaryň gullukçysy, hyzmatkäri hasabyna girmek bilen öz howandarlarynyň atlaryny göteripdirler. Aktýorlar truppalary "Şanyň aýalynyň hyzmatkärleri”, "Graf Lesteiň gulluk-çylary”, "Lord-admiralyň gullukçylary”, "Lord-kamergeriň hyzmatkärleri” (şu aktýor truppasynyñ düzüminde U.Şekspirem çykyş edipdir) atlary alypdyrlar. Bu aktýor truppalary köpçülik üçin çykyş etmeli bolanlarynda hökmany telekeçilik hatlaryny (patent) almaly bolupdyrlar. 1545-nji ýylda telekeçilige (patent) ygtyýar berýän edara döredilip. Şol edara görkeziljek spektaklyň syýasy-mazmunynada jogap beripdir. 1606-njy ýylda bu wezipe lord-kamergere geçirilipdir. XVI asyryň aýaklary XVII asyryň başlary iňlis dramaturgiýasynyň "Altyn asyry” hasaplanýar. Ynsanperwerçilikli ideologiýanyň Galkynyş eýýamy iňlis dramaturgiýasynyň ösmegine ýol açýar. Halk bilen golaý aragatnaşykda bolup, hemmeler üçin elýeterli bolan köprüjige meňzeş sekileriň üstünde çykyş eden aktýorlar truppalaryndan demokrat pikirli ägirtler, dünýä belli täzeçe pikirlenmäni öwredýän dramaturglar K.Marlonyň, R.Griniň, T.Kidiň, Dž.Liliň, U.Şekspiriň, B.Jonsonyň, F.Bomontyň, Dž.Fletçeriň we beýlekileriň peýda bolmagy iňlis dramaturgiýasynyň "Altyn asyra” öwrülmegine alyp gelipdir. Bu ýerde ýene-de bir bellemeli zat, dramaturglaryň uly şahsyýetler bolup ýetişmeginde aktýorçylyk sungaty merkezde bolup, olaryň gah-rymanlaryň keşplerini döredenlerinde şahsy taýdan doly we dogry suratlan-dyryp bilmekleri esasy bolup durýar. Şol döwürleriň Iňlis teatrlary esasan 3 (üç) görnüşden ybarat bolupdyr. Olaryň birinji görnüşi şäher höwesjeňler teatry bolup, onda senetçilik, dini dramalar (misteriý), täze "dünýewi” pýesalar bilen çykyş edipdirler. Şol teatrda görkezilýän "Tomus gijesiniň ukusy” komediýasynda U.Şekspirem keşp döredipdir. Şol teatrlaryň ikinjisi "mekdep” teatry bolup onda uniwersitetleriň, kolledžleriň, hukuk mekdepleriniň talyplary çykyş edipdirler. Olar ilki görkezýän spektakllaryny latyn dilinde, soňam iňlis dilinde görkezipdirler. Teatrlaryň üçünjisi professional teatr bolup, wagtyň geçmegi bilen ýokarda bellän höwesjeň teatrlarymyzyň ikisinem gysylyp ortadan çykarypdyr. Professional teatryň merkezde durnukly ýerleşjek bolmagy Prutin häkimiýetleri tarapyndan uly garşylyga sezewar edilipdir. Tomaşaçylar köpçüligi üçin düýpli professional teatr jaýyny şäheriň çäklerinde gurmak gadagan edilýär. Netijede, düýpli teatr jaýyny Londan şäherinden daşlykda, Temza derýasynyň aňyry ýüzünde, demirgazyk günortada bina edilipdir. Şondan soň, aktýor Dž.Berbedž tarapyndan 1576-njy ýylda "Teatr” ady bilen ýörüte teatr jaýy salynypdyr. Az wagt geçenden 1577-nji ýylda "Kurtina”, 1587-nji ýylda "Roza”, 1596-njy ýylda "Lebed” (Gaz), 1599-njy ýylda "Globus”, 1600-njy ýylda "Fartuna” atly Iňlis teatrlary peýda bolup, olar galyň diwarlar bilen gurşalyp üstleri açyk ýagdaýda bolupdyrlar. Esasy tomaşaçylar sahnanyň öňündäki pes boşlukda ýerde oturmaly bolupdyrlar. Aristokratlar bolsa, sahnanyň iki gapdalynda goýlan üç aýakly pessejik oturgyçlarda oturyp-dyrlar. Teatryň sahnasy teatr jaýynyň yzky diwaryna çenli uzalypdyr. Sahnanyň diwar tarapa gidýän çuňlugynda bolsa, sahnanyň ýokarky meýdançasy abanyp durupdyr. Ol meýdança 'galereýa” (galereýa-bu ýerde geçelge manysynda. Sebäbi, bu ýerden aşaky gatdan ýokary, ýokarky gatdanam aşak geçilipdir.) atlandyrylypdyr. "Galereýa” meýdançasynyň ýokarsynda bolsa, ýeke penjireli "jaýjagaz” ýerleşipdir. Şeýlelik-de, sahna hereketi üçin dört sany ýer emele gelipdir. "Prossenium” sahnanyň öňündäki ýer. Şol ýer, üç tarapy tomaşaçylar bilen gurşalan bolup, spektaklyň esasy bölegi görkezilipdir. "Galereýanyň” aşagynda ýerleşýän sahnanyň çuňlugynda tuty tutulyp, tutynyň aňyrsynda köşkler, gorkunçly gowaklar bolup, spektakylyň mazmunynda gerek wagty açylypdyr. Sahnanyň "galereýa” atlandyrylýan ikinji gatynda kreposnoýçylyk döwrüniň diwarlarynyň we balkonlarynyň çe-kilen şekilleri ýerleşdirilipdir. Ol ýerde "Romeo we Žuletta” ýaly söýgi bilen baglanyşykly spektakllar görkezilipdir. "Galereýanyň” ýokarsyndaki ýeke penjireli "jaýjagazyň” penjiresi gatly jaýlarda ýokardan seredýän ýaşaýjylary görkezmekçi bolanlarynda käýarym aktýorlar şol penjireden aşak seredipdirler. Galkynyş eýýamynda iňlis teatrlarynda sahna bezegi ýok diýen ýaly bolupdyr. Oňa derek aktýorlaryň geýýän egin-eşikleri ýokary hilli bolupdyr. Spektakllarda wakalaryň geçýän ýerleri we wakalar sahnada goýlan gerekli zatlaryň (rekwizitleriň) üsti bilen aňladylypdyr. Eger-de şa köşgi görkeziljek bolsa, şanyň oturýan kürsüsi, eger naharhana görkeziljek bolsa, uzalyp gidýän stol we oturgyçlar goýlupdyr. Kähalatlarda wakalaryň geçýän ýerlerini awtor tarapyndan ýazylan ýazgyny haýsydyr bir aktýoryň okamagy bi-len berlipdr. Mysal üçin "Romeo we Žullettadaky” 5-nji bölüminde bolup geçýän waka Lorensonyň monology bilen aňladylýar. Teatr sahnasynda çykyş edýän truppanyň sany 15-adamdan ybarat bolup, aýallar-aktrisalar bol-mandyr. Ýaş aýallarynyň keşplerini okuwçy-oglanlar ýerine ýetiripdirler. Ýaşy ulalyşan we garry aýallaryň keşpleri komik keşpleri döredýän aktýorlar tarapyndan döredilipdir. Iňlis teatrynda aktýorçylyk sungaty orta asyrlardaky Galkynyş eýýamynyň adatlararyny şol döwürlerde teatrlarda çykyş eden öwrenje aktýorlar ýerine ýetiripdirler. Masgarabazlaryň, wäşileriň bazar meýdançalarynda, belli adamlaryň garpylarynda çykyşlaryny gezende (sergezdançylykda bolan) aktýorlar oýnapdyrlar. Olaryň täsiri uly bolupdyr. Galkynyş eýýamyndaky iňlis teatrlarynda şahsy teatrlar we birleşmesi (dostlugy) bolupdyr. Şahsy teatrlara "Lord-admiralyň hyzmatlary” atly teatr degişli bolup, ol teatr F.Henslo tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Bu teatrdan başgada "Roza”, "Fortuna”, "Umyt” (Nadežda) teatr jaýlarynyňam hojaýyny bolupdyr. Aktýorlar birleşigine degişli teatr "Lord-kamergeranyň hyzmatkärleri” atly teatr bolup, ol teatra ataly ogul J. we P.Býorže we başgada brinäçe aktýorlar bilelikde ýolbaşçylyk edipdirler. Bu teatrlaryň paýçylarynyň biri U.Şekspir bolupdyr. Aktýor birleşigi teatry özüniň daş görnüşiniň bezemliligi, ýasamalygy, ýerliksiz dilewarlygy, melodramalylygy bilen "Lord-admiralyň hyzmatlary” teatryndan aýratyn görnüpdir. Bu teatrda esasy baş keşpleri aktýor P.Býorže ýerine ýetiripdir. Onuň döredýän keşpleri realistik hakykata has golaý hasaplanypdyr. XVI asyryň aýaklarynda Londonda aýdymçy oglan-aktýorlardan düzülen iki sany truppa bolupdyr. Olar keramatly Paweliň mejlise üýşülýän ýerinde katolik ybadathanasynyň kapella sazly aýdymlary ýerine ýetiripdirler. XVI-XVII asrlaryň dowamynda çagalar truppalarynyň abraýy uly bolup, uly aktýor truppalary üçin gorky döredipdir. Hat-da, çagalar truppalarynyň biri 1576-njy ýylda ýöriteleşdirilen "Blek-Fraýers” monastyrynda (monastyr-monahlaryň ýa-da monah aýallaryyň gylluk edýän we ýaşaýan ýerleri. Sözlüge seret.) yzygiderli çykyş edipdirler. Şol döwürde ilkinji gezek diňe şu teatryň emeli usulda yşyklandyrylandygy sebäpli ol ýerde agşamlarynada spektakllar görkezmäge mümkinçililer döräpdir. Galan beýleki iňlis teatrlaryň gündizlerine oýun görkezmäge ýagdaýlary bolupdyr. 1603-nji ýylda Ýakow-I hökümet başyna geçmegi bilen teatrlaryň işleri yzygiderli barlag astyna alynýar. Aktýor truppalaryna diňe şalyga (korollyga) dahylly bolan maşgalalar tarapyndan baştutanlyk edilmelidigi dogru-synda ýörite karar kabul edilipdir. Öňden hereket edip gelýän "Lord kamergeriň hyzmatkärleri” truppa "Şanyň hyzmatkärleri” (korolyň) truppa öwrülipdir. Netijede şanyň we onuň maşgalasyna degişli guruply adamlaryň gapylarynda spektakllaryň, adaty maskaratlaryň, ballaryň görkezilişi artyp-dyr. Şeýle spektakllarda şalygyň maşgalasyna degişli we ýurdyň belli adam-lary çykyş edipdirler. Baýramçylyklar geçirilýän wagtlary gapy çykyşlarynyň ortalarynda spektakllara ýüzleri nikaply aktýorlar gelip goşulypdyrlar. Şol sebäpden, Angliýada gapy spektakllaryny "nikaply” (maskaly) spektakllar diýip atlandyryp başlapdyrlar. Gapy baýramçylyklary geçirilende komiki çy-kyşlaryň we nesihat beriji "interlýudileriň” (interlýudi-iki saz eseriniň arasynda baglanyşyk üçin ulanylýan gysgajyk pýesa ýa-da pýesanyň bölegi) arasyna ikinji gezek tanslar, soňabaka doly spektakllar, şalyga degişli çagalar hory-kopellalary goşulypdyr. Kähalatlarda çykyşlaryň üsti professional aktýorlar bilenem ýetirilipdir. Gapy teatrlaryny bezemek işinde arhitektor-hudožnik I.Jons uly goşant goşanlaryň biri hasaplanýar. Ol Italýan Gal-kynyş eýýamynyň teatrlardaky sahna bezegleinden täsirlenip, sahna bezeglerinde gabat gelýän geçelgeleri suratlandyrmak bilen gerek wagty çalşyp durmak üçin mümkünçilik döredipdir. XVII asyryň ikinji onýyllygyndan başlap iňlis teatrlarynda aristokratlaşdyrylma başlanypdyr. Bu ýagdaý teatrlarynyň repertuarlarynyň täzelenme-gine, teatra gelýän tomaşaçylaryň düzüminiň hem üýtgemegine öz täsirini ýetiripdir. Teatr tomaşasyna gelýänleriň aglaba köpüsi dworýan gatlakdan bolupdyr. Ýurtda XVI asyrda "puritançylygyň” teatr babatdaky syýasaty teatrla-ryň ösüşini düýpli yza çekilmelere getiripdir. Angliýada bolup geçen puritan buržuaz rewolýusiýasynda mejlisiň köp bölegini "puritançylaryň” eýelemegi bilen 1642-nji ýylda teatrlaryň haýsy bir akyma gulluk edýändigine ga-ramazdan ählisini ýapmak barada ýörüte karar çykarylypdyr. Teatrlar diňe Puritan respublikasy ýatyrylandan soň,täzedem öz işlerini dowam etdirme-li bolupdyrlar. U.Dawenant ilkinjileriň hatarynda lord-protektor (protektor-döwlet işlerini amala aşyryjy/ O.Kromweliň gapysynda öňden gelýän "nikaply” pýesalaryň deregine opera žanryna geçip ugraýar. Onuň "Gabawdaky Rodosa” (1656), "Ispanlaryň Perudaky rehimsizligi” (1658ý), "Frensisa Dreçkanyň taryhy” (1659) tomaşaçylaryň göwünlerini awlap bilipdir. 1660-njy ýyllarda Stýuartyň monarhiýasy dikeldilenden soň, teatrlaryň hereketlerini doly ýola goýmak üçin rugsat berilýär.Teatrlara doly ygtyýar beril-di hasap edilse-de, teatrlar gapy teatrlary bolmak hesiýetinde işlemeli bo-lupdyrlar. Gapylarda goýulýan pýesalar gahrymançylykly häsiýete eýe bolupdyrlar. Tragediýalar klassisizm eýýamynyň ruhyny öz içine alypdyr. Dramaturglar Dž.Draýdeniň, U.Uiçerliniň, U.Kongriwanyň gylyk-häsiýetli komediýalary görkezilipdir. Şol döwürlere teatrlaryň döwlet monopoliýasyna (monopoliýa-teatrlaryň döwlete geçirilmegi) geçirilmegi başlanýar. Karl-II teatr edaralary üçin iki sany rugsatnama (patent) beripdir. Şol rugsatnamanyň biri 'Şa aktýorlary” truppany dörediji T.Killigra, ikinjisi "Gersogyň aktýorlary” (Şanyň doganyna degişli) truppanyň baştutany U.Dawenanta berilipdir. Teatrlar uly bolmadyk tomaşaçylar üçin ýöriteleşdirilen setirlerden (ýaruslardan) ybarat bolupdyrlar. Sahna meýdançasynyň öňünde uly ýer (prossenium) bolup, şol ýer bilen deňlikde tomaşaçylar üçin ilkinji oturymly ýer-ložalar (loža-oturmak üçin ýer) niýetlenipdir. Döwrüň hormatlanýan adamlary bolsa sahnanyň iki gapdalynda ornaşypdyrlar. Teatr jaýynyň (zalynyň) içinde tomaşaçylaryň oturmagy üçin niýetlenen uzyn agaç oturgyçlar (skameýkalar) ýerleşdirilipdir. Ol ýerlerde baý we dworýan gatlagyň adam-lary oturypdyrlar. Baýlaryň we dworýan gatlagyň hyzmatkärleri teatr jaýynyň içindäki iň yzky orunlarda ýerleşipdirler. Spektaklyň sahna bezegi oýnuň dowamynda üýtgedilmändir. Sahna elektrik togynyň güýji bilen ýanýan dür-li yşyklar bilen ýagtylandyrypdyr. Şol döwürde sahna sungatynyň öňden gel-ýän adatlarynda-da dikeldiş işleri geçirilipdir. Döwrüň tanymal aktýory hasaplanýan T.Betterton şol döwürlerde aktrisalary teatra çekmek işine uly üns berilmegini gazanypdyr. XVII asyryň aýaklarynda XVIII asyryň başlarynda aktýor truppalarynda aktrisalar N.Gwin, M.Dewýis, E.Barri we beýlekiler peýda bolupdyrlar. Iňlis teatrlarynda restawrasiýa geçirilmegine garamazdan tragediýalar, tragikomediýalar deklomasiýa häsiýetli bolup, sahna çykarylýan gülkünç parodiýalar (parodiýa-üstünden gülmek, öýkünmek) hem şeýle bir üýtgäp barmandyr. Dramaturg Bekingemiň we beýlekileriň ýazan parodiýalary "Repetisiýa” (türgenleşik) atlandyrylypdyr. Teatrlarda goýulýan "gylyk-häsiýet komediýalary” kyssada ýazylyp, tebigy durmuşy usullara golaýlaşypdyr. 1868-nji ýylda döwlet agdarylyşygy bolup, Stýuartyň häkimýetden daşlaşdyrylmagy bilen ýurtda monarhiýa konstitusiýasy dikeldilip, buržuaziýa teatrlaryň öňünde öz tertip-düzgünlerini girizip ugraýar. Dworýan dikeldiş (restowrasiýa) teatryny bihaýalykda, utançsyzlykda, uýatsyzlykda aýyplap garşysyna göreş yglan edilýär. Şol göreşiň başynda puritan düzgüniniň waspçysy Dž.Kolýer durmak bilen dramaturglar U.Uiçerliniň, U.Kongriwanyň tomaşaçylar tarapyndan gowy kabul edilen komediýalarynyň üstünden dü-şüpdir. XVIII asyryň başlarynda teatrlarda magaryfçylyk ruhyna gaplanan buržuaz meýiller başlanýar. Şeýle ruhda geçirilýän reformany goldap, drama-turglar Dž.Addison, R.Stil çykyş edipdir. Olar tarapyndan magaryfçylyk ruhda ýazylan tragediýalaryň, komediýalaryň ilkinji nusgalyklary peýda bolup-dyr. Dramaturglar J.Geý, G.Filding tarapyndan ýazylan satiriki pýesalar höküm sürýän döwletiň ýokary gatlak wekilleriniň edýän parahorlygynyň, dogan-garyndaşlyk bozgakçylyklaryň (korrupsiýa) garşysyna çykmasy ýene-de, teatrlary 1737-nji ýyldaky gadagan edilmelere getiripdir. Şeýle gadagan edilmelere garamazdan "gylyk-häsiýet komediýalaryndaky" çykyşlar dowam etdirilipdir. Öz ideýa-mazmunlarynda gorkman ýaýradyp bilen dra-maturglar R.Şeridanyň, O.Goldemitiň komediýalaryň ösüş derejesini ýokary derejä ýetirmegi başaryp bilipdirler. Edil şol döwürde awtorlar J.Lillonyň we E.Muryň buržuaz dramalary peýda bolup başlapdyr. Olar öz eserlerinde "puritan - moralizatorçylyk” (moralizatorçylyk - öwüt - nesihat berijilik, nesihat edijilik) öňe sürüpdirler. Şol döwürde J.Geýiň esasyny goýan "ballada operalary” tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanypdyr. Esasanam J.Geýiň "Gedaýlar üçin operasy” şöhratdan peýdalanypdyr. Italýan teatrlarynda sahnada goýberilýän esasy spektakl gutarandan soň, gysgajyk komediýalar ýa-da farslar görkezilipdir. Bu ýagdaý XIX asy-ra çenli dowam etmek bilen komediýa-fars žanrynyň ösmegine uly täsir edipdir. XVIII asyrda Iňlis teatrlarynda pantomima žanram geregiçe ösüp-dir. Bu žanr özüniň köklerini italýan komediýalary bolan "del arte” komediýalaryndan alyp gaýydýar. Teatr taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, iňlis teatrlary XVI asyryryň ikinji ýarymynda özleriniň köp wagtlaryny Italiýa-da gastrollarda geçirip, şol döwürlerde pantomima žanrynyň täsirini öz dö-redijiliklerine geçiripdirler. Ilkinji pantomima ,,Druri-Leýin” teatrynda "Naharhana ogryjyklary” (Traktirniýe pluty", 1702) ady bilen iňlis teatrynda 1716-njy ýyldan başlap, J.Uiweriň, Týormondyň, J.Riçanyň döredijiliginiň esasynda ösüp teatrlaryň repertuarynda görnükli ýerleri eýeläpdir. Şeýle ösüş iñlis teatrlarynyň aktýor ussatlygyna, sahnada spektakl goýmak medeniýetine, şol bir wagtyň özünde, sahna bezeg sungatynyň düýpli özger-megine we ösmegine uly täsirini ýetiripdir. Italýan teatrlarynyň içinde XVIII asyryň bütin dowamynda "Druri-Le-ýin” teatry öz ýokary derejesini saklapdyr (Bu teatryň düýbi 1668-nji ýylda tutulan). Angliýada 1732-nji ýylda "Kowent-Garden” teatry işe başlapdyr. Iňlis teatrlarynyň sany ep-esli artypdyr. "Gudmens-Filds” teatry 1729-1742-nji ýyllar aralygynda tomaşaçylary kabul edipdir. Şol döwürlerde Angliýanyň, Şotlan-diýanyň, Irlandiýanyň ähli uly şäherlerinde teatrlar peýda bolupdyrlar. Merkezden uzakda bolan teatrlarda ösüp ýetişen oba aktýorlary Londandaky iri teatrlary zehinli aktýorlar bilen üpjin etmekde gözbaş bolup hyzmat edipdir. Angliýada döwlet teatrlary bilen bir hatarda şahsy eýeçilikdäki (antrepriza) teatrlaram "paýçylar” gatnaşykda bolup işläpdirler. Ol teatrlar Galkynyş eýýamynyň teatrlaryndan tapawutlanypdyr. Eger-de "paýçy” özüne düşýän paýyň ýaryndan gowragyna eýelik edip bilýän bolsa, ol teatryň doly hukukly eýesi hasaplanypdyr. Aktýor Garrik we dramaturg Şeridan şeýle "paýçylar” hasaplanypdyr. Aktýor Garrik "Druri-Leýin” teatryna 1747-1776-njy ýyllar, dramaturg Şeridan bolsa, şol teatra 1776-1809-njy ýyllar aralygynda eýeçilik edipdir. Iňlis teatrlarynda XVIII asyrdan başlap teatr tankytçylarana bolan ymtylyşlar ösüp, sahna sungatynda esasy böle-giň biri hasaplanmaga başlapdyr.Teatr tankytçylary sahnada geçirilýän repetisiýalara doly gatnaşyp, gerekli maslahatlary beripdirler. Olaryň yzygiderli maslahatlary, özara bolup geçýän çekişmeler Iňlis teatrlarynyň ösmegine öz uly täsirini ýetiripdir. XVIII asyryň başlarynda nusgawy mekdebiň aktýorlary J.Butsyň, R.Uilksiň, asyryň ortalarynda J.Kuiniň, asyryň başlarynda komediýa žanrynda K.Sibberiň, A.Oldfildiň, asyryň ortalarynda şol žanryň beýleki wekilleri K.Klaýwyň, P.Uoffinetonyň, Ç.Makliniň döredijiliklerine ýokary baha berlipdir. XVIII asyrda Iňlis teatr sungatynda Magaryfçylyk eýýamynyň beýik akt-ýory D.Garrik hasaplanypdyr.D.Garrik teatr repertuarlaryna magaryflaşdyryş ideýa-mazmunlary spektakllary salmak ugrunda göreş yglan edipdir. Onuň psihologik çuňlykda ýönekeýje ideýalara ýugrulan realistik eserleri döretmek, aktýorlary we režissýorlary realistik ryhda taýýarlamak, göreldeli truppalary döretmek dogrusyndaky öňe sürmeleri iňlis teatryndaky sahna sungatyna realistik akymyň doly ornaşandygyndan habar beripdir. D.Garrik sahnanyň iki gapdalynda oturyp spektakla tomaşa edýän ýokary gatlakdan bolan tomaşaçylaryň sahna giňişligini doly boşatmaklaryny, sahna üçin birnäçe tehniki abzallary (serişdeleri) ornaşdyrmaklygy, tomaşaça görünme-ýän ýerden sahnany yşyklandyrýan gurallaryň goýulmagyny gazanypdyr. XVIII asyrda iňlis teatrynda sahna bezeg sungatynyň ösmegi F.Ž.Luterburyň ady bilen baglanyşykly hasaplansada, asyryň ahyryna çenli aktýorlar şertleýin bezeglerde oýnapdyrlar. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda Iňlis teatrynda iň ýokary derejeli aktýor J.Kembl we onuň aýal dogany S.Siddons hasaplanypdyr. Olar sahnada düýpli tragediýalary döretmekde iň ussat aktýorlar hasapla-nypdyrlar. Dž.Kembl köp ýagdaýlarda klassisizmiň adatlary bilen bagly bo-lan bolsa,S.Siddons sahnadan deklomasiýa okamakda, sözleýiş äheňiniň üs-ti bilen döredýän gahrymanynyň (personažynyň) içki duýgylaryny dolulygyna tomaşaça ýetirip bilmekligi netijesinde Iňlis teatrynyň taryhyna girmegi başarypdyr. XIX asyrda iňlis teatrynda sahna repertuarynyň aşak gaçmagy netijesinde arzuwçyllyk eýýamynyň beýik şahyrlary Baýronyň, Şelliniň tragediýa-lary sahnada öz orunlaryny tapyp bilmändirler. Teatrlarda melodramalar, farslar höküm sürüpdir. Asyryň ortalarynda dramaturglar E.Bulweriň, T.Robertsonyň pýesalary çeperçilik taýdan tapawutlanyp bilipdirler. Teatrlaryň ösmeginde nusgawy we terjime edilen sahna eserlerem belli bir derejede bagly bolupdyr. XIX asyryň başlarynda dramaturg E.Kiniň döredijiliginiň netijesinde iňlis teatry arzuwçyllyk (romantizm) ugra tarap azda-kände ýol açyp ugrapdyr. Dramaturg-aktýor E.Kiniň otdyr-ýalnyň güji görkezilýän klassisizm düzgünlerini bozup, arzuwçyllyk medeniýetine tarap ýol açmak bilen iňlis jemgyýetiniň ýalan-ýaşryk durmuşynyň üstüni açmaga çalşypdyr. 1843-nji ýylda "Drury-Leýin”, "Kowent-Garden” teatrlarynda döwlet monopoliýasynyň (döwlet teatry bolmagynyň) möwrütini ötürmegi bilen sirk oýunlaryny, degişmeleri (burleskah-degişme. Klassisizmdaky gahrymançylykly poýeziýada "beýigiň” "pes”, "pesiňem” "beýik” edilip görkezilmegi. Sözlüge seret.), pantomimalary görkezip ýören kiçi teatrlarada islän žanyrynda çykyş etmäge ygtyýar edilipdir. Londan şäherinde ulyly-kiçili täze teatr binalarynyň gurulmagy bilen E.Metýus, U.Makredi, Ç.Kin, olardan soňrak G.Irwing, E.Terri ýaly täze aktýorlar, režissýorlar peýda bolupdyrlar. Režissýor Westris (aýal) tarapyndan "Olimpik” drama teatry döredilenden soň, teatrda sahna ansambly peýda bolup, sahnada ýönekeý adamlaryň hakyky real durmuşyny tebigylyk bilen görkezmek başlanypdyr. U.Ç.Markedi /Makredi Ulýam Çarlz-Iňlis aktýory, režissýory 1810-njy ýyldan soň, Londanyň teatrlarynda işläp sahnada tary-hy wakalaryň hakykylygyny görkezmegi we sahnada ýeketäk aktýorlar an-samblyny döredip bilipdir. Sözlüge seret./ bolsa, "Drury-Leýin”, "Kowet-Garden” teatrlarynda ilkinji bolup, U.Şekispiriň teatrda ýoýulan eserlerini öňki, hakyky mazmunyna getirýär.Şol bir wagtyň özünde-de sahnany spek-taklyň öz içine alýan döwrüne bap edip guramak, bezemek, sahna sunga-tyna ýaş, zehinly täze awtorlary çekmek işinem ýola goýupdyr. XIX asyryň 50-nji ýyllarynda "Prinsessa” ("Şa gyzy”) teatryna ýolbaşçylyk eden Ç.Kin teatryň repertuaryna birnäçe nusgawy eserleri girizmek, U.Şekspiriň öz hakykylygy bilen tapawutlanýan taryhy eserlerinde sahnada tertipli aktýorlar ansamblyny döretmek, sahna bezegini gereginden artyk, şeýle hem sahna bezeginde sahna hiç-hili dahyly bolmadyk zatlardan gaça durmaklygy öňe sürüpdir. Ç.Kiniň döredijiligi "Liseum” teatrynyň režissýorlary Irwingiň, Terriniň döredijiliginde hem dowam etdirilipdir. Režissýor Irwinig sahna çykarýan spektakllarynda häzirki zaman temalaryndan gaça durup, häsiýetleri boýunça çylşyrymly eserleriň üstünde işläpdir. Onuň sahna çykaran spektakllary özüniň "akademizmi" (Akademizm - Antik eýýamynda sungatda dörän däp-dessurlara gyşarnyksyz eýeren akym. Sözlüge seret.) we sahna bezeginiň baýlygy bilen tapawutlanypdyr. Režissýor Irwini-giň sahna çykaran spektakllary özüniň ýokary medeniýetliligi, düýpli maz-munlylygy gazanmaklygy bilen tapawutlanypdyr. Umuman ol sahna çykaran eserlerinde manylylygy, aktýorlaryň öz öňlerinde goýlan wezipelerini filosofiki hakykatyň, dürly nukdaýnazarlaryň üsti bilen tomaşaça ýetirip bilmekligi gazanypdyr. Oňa derek režissýor Terriniň sungaty ortaça joşgunly, täsirli bolupdyr. XIX asyryň aýaklarynda Iňlis teatryna Ýewropa realistik dramaturgiýa-nyň, esasanam dramaturg Ibseniň pýesalarynyň we ,,azat teatrlar” hereketine ýykgyn edýän "Antuana” Fransuz teatrynyň täsiri uly bolupdyr. Täze sahna sungatyndan edilýän talaba dramaturglar B.Şou, J.Golsuorsi pýesalary uly goldaw beriipdir. 1891-nji ýylda teatr takytçysy J.Greýn Londonda "Garaşsyz teatr” atly teatryň düýbüni tutýar. Ol şol teatrda esasan B.Şouyň, Ibseniň dramaturgiýasynyň wagyz-nesihatyny ýetiripdir. "Garaşsyz teatr” teatryndan soň, 1894-nji ýylda "Täze asyryň teatry”, "Edebi jemgyýetçilik teatry”, "Old Wik” we beýleki teatrlar döredilipdir. XX asyryň birinji on ýyllygynda H.Grenwill-Barker we Dž.Wedrenn tara-pyndan ýolbaşçylyk edilýän "Kort” teatrynda sahna realizmini ösdürmekde köp işler alnyp barylypdyr. Bu teatrda B.Şouyň, Ibseniň, N.Grenwill-Barkeriň pýesalary goýlupdyr. Realistik häsiýetler 1908-1921-nji ýyllarda Mançest-riň "Geýeti teatryna” ýolbaşçylyk eden režissýor A.E.Hornimeniň döredijili-ginde hem emele gelipdir we ösdürilipdir. 1899-njy ýylda "Sahna jemgyýeti” döredilenden soň,öňki gadagan edilen spektakllarada sahna çykmaga mümkinçilik döräpdir. Angliýada ilkinji gezek iňlis teatrlarynda rus ýazyjylary L.Tolstoýyň, A.Çehowyň, M.Gorkiniň eserlerine bolan isleg artypdyr.1950-1960-njy ýyllarda rus sahna eserleri iñlis tomaşaçysyny özüne çekip, özlerinden Gündogarda ýerleşýän rus halkynyň medeniýetini bilmek islegi ýokarlanypdyr. Halkyň bu islegine garamazadan, teatrlary maliýe tarapdan üpjün etmäge döwlet we jemgyýetçilik serişdele-riň ýetmezçiligi sebäpli ýurtda örän köp teatrlar ýatyrylypdyr. Angliýada realistik ugra ýykgyn edýän teatrlardan başga-da "modernizme” ("modernizm”- kämileşdirmek akymy) gulluk edýän teatrlar we teatr ugrundan işleýän işgärlerem ýüze çykyp ugrapdyr. Teatr işgäri G.Birbom-Tri sahna çykarylýan spektakllaryň dabaraly,pajarly sahna bezeginden, aktýor oýunlarynyň daşky görnüşine, häsiýetlerine artykmaç üns bemekden ga-ça durmaklygyň tarapdary bolup çykyş edipdir. Režissýor G.Kreg bolsa, iňlis teatrlarynda "simwolizmiň” ("Simwolizm” - XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda edebiýatda we sungatda hakykata garşy akym. Sözlüge seret.) has şowly, has owadan taraplaryna ýykgyn etmäge çagyrypdyr. 1926-1933-nji ýyllar aralygynda hereket eden "Kembriž teatr festiwalynda” "modern” ("Modern”- kämilleşdirmek. Sözlüge seret./ akymyň täsiri güýçli duýulypdyr. Rampdan (Ramp-sahnany ýagtyldýan hatarlaýyn yşyklary örtýän, awansse-nanyň gyrasyndaky pessejik päsgelçilik. Sözlüge seret.) we sahna bezegin-den başlap ählisi şertleýinlige öwrülmeli edilipdir. Iňlis teatrlarynda XX asyryň 20-nji ýyllarynda häzirki zaman iňlis dramaturglary J.Barrinyň, U.S.Moemanyň, N.Kouardanyň pýesalary teatr sahnasynda meşhurlykdan peýdalanypdyr. Otuzynjy ýyllarda olara dramatur Dž.B. Pristli hem goşulýar. Ýokarda atlaryny bellän awtorlarymyzyň pýesalary uzak wagtlap iňlis teatrynyň sahnasyndan düşmändir. Iňlis teatrlarynyň sahna sungatyndaky ussatlygyny, ýazylýan pýesalaryň edebi derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ýörüteleşdirilen teatrlar, ansambllar döredilipdir. Olarda dedektiwler, tomaşaçyny güýmäp biläýjek komediýalar, gödek farslar, sazly rewýular (Rewýu-teatrda ýa-da estrada-da görkezilýän tomaşa. Sözlüge seret.) görkezilipdir. Iňlis teatrynda bu edilýän işlere garamazdan XX asyryň başlarynda ýurtda Milli teatrlaram, Döwlet teatrlaram döremändir. Teatrlaryň başlarynda hususy hojaýynlar bolup, olar görkezjek pýesalary üçin teatr jaýlaryny kärendesine alypdyrlar. Teatrlaryň hojaýynlary spektakly goý-makçy bolanlarynda olar režissýorlary, spektaklda çykyş etmeli aktýorlar toparyny, baş keşpleri döretjek meşhur aktýor - "ýyldyzlary” çagyrypdyrlar. Iki-üç hepde geçenden soň, repetisiýa (taýýarlyk) her gün agşam teatrda görkeziljek spektaklyň öň ýanynda geçirilipdir. Beýle edilmeklik taýýarlyk görülýän täze skektaklyň aktýorlar truppasynyň dargamagyna hem getiripdir. Umuman şeýle başlangyçlar sahna sungatyna we aktýorlaryň ykbal-larynada erbet täsitini ýetiripdir. Ýokarda bellän belliklermiz uzak wagta çekmändir. Muňa garamaz-dan käbir düýpli Iňlis teatrlary özleriniň iň oňat däplerini dowam etdiripdirler. Öňde baryjy Iňlis teatrlarynyň biri bolan, "Old Wik” U.Şekspiriň pýesa-laryna ýykgyn edipdiler. Şol sebäpdenem, bu teatr "Şekspiriň öýi” diýlip atlandyrylypdyr. Teatr beýleki beýik klassyk (nusgawy) dramaturglaryň eserlerinede az ýüzlenmändir. Olardan "Tartýuf”, "Mariýa Stýuart”, "Çen-çi” ýaly spektakllaram teatryň sahnasyny bezäpdir. "Old Wik” teatrynyň sahnasynda döwrüň meşhur aktýorlary S.Torndaýk, E.Ewans, J.Gilgud, L.Oliwýe, W.Li, M. Rodgrew, şol döwürde täze ösüp ýetişen ýaş aktýorlar J.Newill, P.Rodžers keşpler döredipdirler. Ikinji U.Şekspir teatry diýlip 1860-njy ýylda Stratfordon-Eýwonda düýbi tutulan "Memorial teatra” hem aýdylypdyr. By teatryň düýpli jaýy we oňa ýörüte jogap berýän ýolbaşçylaram bolupdyr. Muňa garamazdan akt-ýor truppalary yzygiderli üýtgäpdir,olar çalşyrylyp durupdyr.Bu ýerde1958-1959-njy ýyllardaky teatr möwsüminde meşhur aktýorlar J.Gilgud, M.Redgrew, D.Týutin, 1959-1960-njy ýyllardaky teatr möwsüminde L.Oliwýe we amerikaly aktýor P.Robson çykyş edipdirler. Bu teatrda sahnada goýlan "Gamlet”, "Romeo we Džulleta”, "Otello”özlerinde realistik häsiýetleri jemläpdir. "Korol Lir” we başgada birnäçe spektakllar "modernçilik” (kämilleşdirmek) häsiýetlere ýykgyn edipdir. Angliýada yzygireli "repertuarlary” bolan "Birmingema”, "Liwerpula” teatrlaram hereket edipdirler. 1959-njy ýylda Londanyň Siti etrabynda B.Maýlsyň ýolbaşçylygynda "Mermeýd” teatry açylypdyr. Teatrlaryň sanynyň artmagy bilenem birnäçe truppalara iş tapylmansoň şol truppalar mejbury ýagdaýda Londanyň Uest-Enda etrabynda ýerleşýän teatrynda tomaşaçylary ýönekeýje gümäp biläýjek spektakllarda çykyş etmeli bolupdyrlar. Şol teatryň 1959-1960-njy ýyldaky teatr möwsü-minde ýurduň ähli teatrlarynda çykyş edip U.Şekspiriň we birnäçe daşary ýurt dramaturglaryň pýesalary bilen meşhurlyga eýe bolan P.Skofild, W.Li ýaly ajaýyp aktýorlaram ýönekeýje keşpleri döretmeli bolupdyrlar. Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy bilen dramaturglar U.S.Moýemiň, Dž.W.Pristliniň, D.Braýdiniň, T.Rettigeniň, K.Fraýyň, P.Ustinowyň, R.Makdugallanyň, Ýu.Makkolanyň, B.Bienanyň, Ş.Dileniň pýesalaryna iňlis teatrlarynyň sahnasynda giň ýol açylypdyr. 1956-njy ýylda "English steij kompany” teatrynda dramaturg J.Osbornyň "Gazaply tarapa göz aýla” pýesasynyň goýulmagy Angliýada "gaharly ýaşlar”diýen ady almak bilen edebiýatçylar toparynda "manifest” (garşylyk bildirmek, çagyryş) bolup hyzmat edipdir. Şeýle toparlar apy-tupana meňzeş bolsa-da, howaýy bolmak bilen döwrüň hakykatyna garşy çykyş edipdirler. Bu göreş realizm bilen "modernçiligiň” (Modernçilik-daş görnüşe ýykgyn edýän ugur) we sussypesligiň, demokratik ösüş bilen buržuaz ideologiýasynyň gazaply güýçleriniň arasynda bolup geçipdir. XX asyrda iňlis sungatynyň dürli görnüşlerinde we şol sanda sahna sungatynda-da aşak gaçmalar emele gelip ýazylýan ynsanperwerçilikli pýesalar teatr sahnasyna ýol çekip bilmändir. Demokratik ösüşlere tarap barýan Londonyň J.Litlwud tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän "Ýorkşop” (Ussatlary taýýarlaýan teatr), Ýu.Makkola tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän "Ýunita” teatrlary hakykaty ösdürmekde, ony tomaşaça ýetirmekde belli bir işler edipdirler. "Ýorkşop” teatry öz sahnasynda döwrüň meselelerini gozgamak bilen, sahna sungatynda käbir üýtgetmeler geçirmek maksady bilen tejribelerem alyp barypdyr. "Ýunita” teatry bolsa, Liwerpulda we başga birnäçe ýerlerde öz bolümlerini açmak arkaly 30-dan gowrak truppa döredip Angliýanyň işçi etraplarynda çykyşlar gurapdyr. "Ýunita” teatrynda döwrüň meselelerini gozgaýan "Aristokratlar”, "Rus meselesi”, Korneýçugyň "Kalina jeňňelligi”, Makarenkonyň "Pedagogik poýemasy” (inssirowka edilip) sahnada goýmak bilen iňlis tomaşaçysyny beýleki halklaryň pýesalarynyň üsti bilen tanyşlyga çagyryp-dyr. Iňlis teatry öz döwrüniň tanymal režissýorlary G.Baýem-Şouň, F.Bensonyň, M.Bentallyň, U.Brijes-Adamsyň, P.Brukyň, T.Gatriniň, T.Greýiň, B.Jeksonyň, B.Diniň, J.Dýu Morýäniň, L.Kessonyň, P.Lantyň, N.Monkyň, N.Pleýferiň, P.Hollyň, aktýorlar Dž.Gilgudyň, Wiwen Liýiň, L.Oliwýeniň, M.Redgrewiň, P.Skofildiň, D.Týutiniň, R.Riçardsonyň, R.Helpmeniň, P.Eşkrogtyň, är-aýal Lantlaryň döremegi öňe tarap ýol çekmegini dowam etdiripdir. Şol ýol häzirem dowam edip gidip otyr. • Iňlis operalary Iňlis sazly teatry öz köklerini uzaklardan alyp gaýtmak bilen halkyň milli adatlaryny özüne siňdirmek arkaly "nikaplylar” döwri atlandyrylýan pantomimleriň, deklomasiýalaryň, sazlaryň bir bölegi hökmünde emele gelipdir. Döwrüň hormatly hasaplan ýokary gatlak adamlarynyň gapylaryndaky meýdançalarda sazly "nikaply” çykyşlaryň ilkinji awtory kompozitor G.Lous bolupdyr. Şeýle etmeklik XVII asyrda U.Şekspiriň, B.Jonsonyň eserlerinde giň gerime eýe bolupdyr. Angliýanyň respublika bo-lan döwründe döwletiň ösüş häsiýetine golaýlaşýan operalar goýlupdyr. 1656-njy ýylda kompozitor G.Lousyň "Rodos gabawda” atly operasy şeýle operalaryň biridir. Ýurtda Fransuz operalarynyň ornaşmagy gapy meýdançalarynda hereket eden "nikaply” operalary gysyp çykarypdyr. XVII asyryň aýaklarynda kompozitor G.Persell tarapyndan 1689-njy ýylda "Didona we Eneý” atly opera sahna çykarylypdyr we başga opera spektakllary üçin köp sanly sazlar ýazylypdyr. Kompozitor G.Perselli aradan çykandan soň, iňlis teatrlarynda italýan operalary goýlup başlamak bilen, milli opera sungaty yza çekilişe sezewar edilipdi. Opera spektakllary korollyga degişli "Heýmarket”, "Drury-Leýin”, "Kowent-Garden” teatrlarynda görkezilipdir.1720-nji ýylda "Korollygyň saz akademiýasy" açylypdyr. XVIII asyrda Angliýada ýewropa ýurtlarynyň ady belli birnäçe kompozitorlary ýaşapdyrlar. Olardan kompozitor G.F.Gendel 1720-1741-nji ýyllar aralygynda "Korollygyň saz Akademiýasynda” işlemek bilen şol ýerde öz operalaryny goýupdyr. Öz ýerini italýan operalaryna beren iňlis operalary XVIII asyryň başlarynda drama bilen garyşyk sazly we ariýaly milli ballada operalaryny sahna çykaryp başlapdyr. Beýle operalar öz içine gülküli, degişmeli sýužetleri almak bilen durmuşy-syýasy ýagdaýlarada degip geçipdir. Kompozitor A.Ramzeriň 1725-nji ýylda sahna çykaran "Tanymal çopan” ballada operasy şeýle eserleriň ilkinjisi bolmak bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. "Tanymal çopan” ballada operasyndan soň, kompozitor Dž.Geýaň "Gedaýlaryň operasy” atly operasynyň "Linkolne Ini Filds” teatrynyň sahnasynda peýda bolmagy iňlis opera sungatynda uly öwrülişik hasap edilipdir. Bu opera italýan operalarynyň milli iňlis operalaryny sahnadan kowup çykarmagynyň we kompozitor G.F.Gandeliniň operalarynyň garşysyna yglan edilen göreş bolup hyzmat edipdir. "Gedaýlaryň operasyndan” soň, iňlis teatrlarynda milli ballada operalary ýaýrap ugraýar. Şol operalaryň awtorlary kompozitorlar Ç.Dibdin, T.Lenli, S.Storaçe bolupdyrlar. Iňlis kompozitorlarynyň belli bir bölegi milli operalary döretselerem Italiýan operalaryny özlerine nusgalyk edipdirler. Kompozitor T.Arnanyň "Tomos we Salli”, Ç.Dibdiniň "Rekrut-seržant” (Rekrut-seržantyň wezipesi) operalaryny italýan nusgalaryna täsirlenmek arkaly sahna çykarylsada üstünlik gazanmakdan bärden gaýdypdyr. XVIII asyrda italýan opera sungatyndan öz milli aýratynlygy bilen tapawutlanýan operalaryň ýerine ýetiriliş mekdebi dünýä inýär. Iňlis operalarynda ýerine ýetiriliş mekdebiniň ilkinji aýdymçy aýallary S.Ýang, S.Deýwis, E.Billington, aýdymçylary Dž.Bragam, Ç.Inkldon bolupdyrlar. XIX asyryň birinji ýarymynda M.Balfa, G.Bişopa, W.Uolles ýaly uly kompozitorlar opera sungatynda käbir öňe gidilşikler etmäge synanyşypdyrlar. M.Balfanyň "Bogemli gyzy” (Bogemada), G.Bişopyň "Milanly gyz Klerisi”, W.Uollesiň "Marytanasy” sýužet we saz aýratynlygy bilen tapawutlansada, operalaryň meşhurlygy uzak saklanmandyr. Käbir alymlaryň aýtmaklaryna görä şol döwrüň kompozitorlarynyň operalara aýdyň, açyk milli häsiýetleri berip bilmändiklerinden görülýär. Bu ýagdaýlara garamazdan iňlis opera medeniýeti güýçli depginde ösmegini dowam etdiripdir. Iňlis operalarynda köp sanly italýan aýdymçylary bilen iňlis aýdymçylary bilelikde çykyş edipdirler. Italýan aýdymçylary Iňlis operalarynda Iňlis milli däp-dessurlaryny, adatlaryny spektakllara siňdirmekde, wokal aýdymlarynyň ýerine ýetirilişin-de iňlis äheňlerini nähili ýagdaýda bermelidigini öwredipdirler. Olardan aýal aýdymçylar K.Stiwens, M.Peýton, E.Romer, olaryň yzýany bilen L.Paýn, K.Nowello, K.Heýs, U.Harrison, S.Riws, Ç.Setli we beýleki aýdymçylar peýda bo-lupdyrlar. Opera spektakllary Angliýanyň ähli şäherlerinde diýen ýaly yzygiderli berlip başalpdyr. Şol spektakllara Angliýanyň, Ýewropanyň iň meşhur aýdymçylary gatnaşypdyrlar. 1847-nji ýylda diňe bir Angliýada däl-de, bütin Ýewropada oňat diýilýän teatrlaryň biri bolan "Kowent-Garden” teatry dikeldilip, şol ýere çagyrylyp getirilen italýan korollygynyň operasy çykyş edipdir. Italýan korollygy operasyndan täsirlenen Iňlis operaçylary 1856-njy ýylda özleriniň iňlis korollygy operasyny döretmek bilen ýurdyň iň uly teatrlary bolan "English opera haus”, "Druri-Leýin”, "Kowent-Garden” spektakllar bilen çykyş edipdirler. 1869-njy ýylda operalary Iňlis dilinde goýmak üçin ýörüte "Karl Roza” kompaniýasy (topary) döredilipdir. 1891-nji ýyldan başlap, Angliýada hereket edýän Italiýan Korollygy operasy Iňlis Korollygy operasyna öwrülip Iňlis dilinde çykyş etmäge başlapdyr. XIX asyryň aýaklarynda "Iňlis sazlarynyň galkynyş" döwri başlanýar. Iňlis kompozitorlary uly höwes bilen milli eserlere, halk teatrlaryna, milli folklara ýüzlenipdirler. Şol döwürde kompozitor F.Deisus joşgunly opera bolan "Obaly Romeo we Žullettany” (1901), kompozitor Ç.Stanford bol-sa, "Sawonarellany” (1884), "Hiç zat ýok ýerinden galmagaly” (1901) sahna çykarypdyr. Birinji Jahan urşundan soň, iňlis opera sungatynyň täzeden ýokary göte-rilişi başlanýar. Iňlis sýužetlerinden bolan taryha ýüz urmak we milli sazlaryň ugrukdyrylmagynda kompozitorlar E.Smit "Fantaziýa” (1898), "Tokaý” (1901), "Ogrylar” (1906), R.Boan-Uilýams "Mal satyjy-Hýu” (1924), "Söýgä uçran ser Džon" (1930), G.Holst "Ýekegapanyň kellesiniň üstünde” (1925), S.Skot "Alhimik” (1928) operalaryny döredipdirler. Operalary sahna çykarmakda we olary ýaýratmakda döwrüň meşhur drižýory T.Biçemiň tagallasy biçak ulylygyna galýar. Angliýanyň uly teatrlary bolan "Old Wikde”, "Sedlers-Uellsde”, "London opera hausda”, "Şeftsberide” täze opera truppalary peýda bolupdyrlar. Angliýada täze dörän opera truppalaryndan "British national opera company” (1922) "Biçem opera kompani” (1909), "Imperial lig of opera” (1927) has-da tapawutlanyp tomaşaçylary özüne çekipdir. Şeýle truppalar ýurduň Glazgo, Birmingem, Edinburg şäherlerinde-de döräpdir. XX asyrda iňlis operalarynda milli meýilleriň ösmegi bilen sahnada-ze-hinli aktýorlar peýda bolupdyrlar. Şol peýda bolan aýdymçy zenanlardan Nikols, K.Lann, F.Iston, M.Teýt, M.Derrid, N.Idi, Ýe.Týorner, bulara täze ge-lip goşulan D.Wiwýen, K.Şeklok, A.Pollak, I.Stýuart, J.Hammod, erkek aýdymçylardan Dž.Mak-Kormak, U.Haýd, R.Redford, H.Nem, M.Lorens, H.Gins we beýlekiler uly şöhratdan peýdalanypdyrlar. 40-50-nji ýyllarda iňlis kompozitory B.Britteniň ýolbaşçylygynda kom-pozitor Perselliň goýup giden mirasyny dikeltmek maksady bilen sazly te-atrda milli adatlara ýüz urupdyrlar. Kompozitor B.Britteriň "Piter Graýms” (1945), "Albert Herring” (1947), çagalar operasy "Nuhuň gämisi” (1959) sahna çykarylypdyr. Sazly teatrda çagalar operasyna ýüzlenen M.Tippetiň "Tomusdaky toý” (1954), U.Uoltanyň "Troil we Kressida” (1954) operalary sahnada peýda bolupdyrlar. Iňlis opera sungatynda iň wajyp ýeri eýelän kompozitor A.Buşyň "Uot Taýlar” (1953), "Blekmudan bolan adamlar” (1956) operalary bolupdyrlar. Bu operalaryň düýp mazmuny Angliýada ýaşaýan ýönekeýje raýatlaryň durmuşyndan alnan hem bolsa, nemes (Germaniýa) teatrlarynyň sahnasynda goýulypdyr. 1950-nji ýyldan başlap ýurduň iri teatrlay bolan "Kowent-Garden”, "Sedlers-Uells company” Glaýndborn, Şotland opera kompaniýalarynyň operalaryny öz sahnasyna çykarmaga başlaýarlar. "Karl Roza” kompaniýasy bolsa "Piter opera şagalaňyny” sahna çykarypdyr. Iňlis operettolary 1860-1970-nji ýyllarda fransuz operettolary Angliýanyň teatr sahnalaryna aralaşyp başlapdyr. Bu ýagdaý Angliýada iňlis operettolarynyň döremegine uly itergi bolup hyzmat edipdir. Bu zatlara garamazdan iňlis operettolary üçin fransuz operettolaryndaky ýaly satiriki ugurlar gadagan edilipdir. Iňlis operettolarynda köçelerde, ýarmarkalarda, sirkde ulanylýan häsiýetler siňdirilip özboluşly Iňlis operettolary döräp-dir. Ýurtda dörän operettoçy truppalar "Geýeti”, "Sawoý” teatrlarynda çykyş edipdirler. Iňlis operettoçylary köp ýagdaýlarda fransuz awtorlarynyň operettolaryny özleriçe täzeçe atlandyryp tomaşaçylara hödürläpdirler. Iňlis milli operettosyny dörediji hökmünde kompozitor A.Salliwen öňe çykarylýar. Ol dramaturg U.Gilbert bilen ýakyn döredijilikli aragatnaşykda bolup tomaşaçylaryň öwgüsine mynasyp bolan "Renzan galtamanlary” (1880), "Hemişelik” (1881), "Iolanta” (1882), "Şa gyzy Ida” (1884) operettolary diňe bir Angliýada däl-de daşary ýurtlarda-da bolup, iňlis operetto sungatyna uly abraý getirmäni başarypdyr. Kompozitor A.Salliwen bilen dramaturg U.Gilbertiň "Mikado” (1881) operettosy sazyň sazlaşyklygy, ýerlikli lirizmiň ulanylmagy, iňlis sazynda öň adaty bolmadyk üýtgeşikliligiň salynmagy bilen täze bir iňlis operettosynyň häsiýetlerini dünýä inderipdirler. Şeýle ýagdaýda dünýä inen operetto sungatyny dowam etdirijileriň biri zehinli kompozitor S.Jons "Däli gyz” (1893), "Naturşisa” (Zenan maşgalanyň beden gözelligi çekilende hudožnigiň öňünde durýan gyz-1894), 'Geýşa” (1896), "Grek guly” (1899), "Ýutaly gyz” (1899) operettolary ýurtda uly meşhurlyk gazanypdyr. Esasanam "Geýşa” operettosyndaky giňden ulanylan iňlis tanslary, saz, lirizm, oýnuň başyndaky aýdymlaryň başlanyşy tomaşaçylaryň ünsüni çekipdir. Şondan soňky döwür iňlis operettosynda meşhurlyga eýe bolan kompozitorlar kän peýda bol-mandyr. Oňa derek iňlis operettolary sazly žanrlara kän degişli bolmadyk "mýuzik-holl” (Mýuzik-hol” - estrada teatry. Sözlüge seret.) konsertlere ýüz urupdyrlar. Şol döwürde Londonyň teatrlarynda hereket eden sözüň hakyky manysyndaky operetto Monktonanyň "Oba gyzy” (1913) bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||