17:09 Iññän Gadymy Täleýnama | |
Iññän Gadymy Täleýnama
(Hepdäniñ günleri boýunça täleýi kesgitlemek) Örän gadymy düşünjelere görä, hepdäniñ her gününiñ öz ýyldyzy bar. Şol ýyldyzlar hepdäniñ günlerine degişlilikde täsir edip, onuñ nähili boljakdygyndan habar beripdir. Ýylyñ başy hepdäniñ haýsy gününden başlanýan bolsa, şoña degişli ýyldyz, ýylyñ bütin dowamyndaky wakalary, hadysalary kesgitlemäge mümkinçilik beripdir. Gündogarda bu babatda, şu yşarat-alamatlara ynanypdyrlar. Bu yşarat-alamatlaryñ esasynda b.e.öñki 4000-nji ýyllykda Babylda (Wawilon) dörän täleýnama ýatyr. Şu täleýnama mundan müñ ýyldan-da ozal meşhur bolan arap ertekileri ''Müñ bir gijede'' görkezilendir. ÝEKŞENBE (bazar güni) Eýesi Gün. Eger-de ýylyñ başy ýekşenbeden başlanýan bolsa, onda köplenç şeýle wakalar hadysalar roý beripdir. Patyşalar, hanlar, soltanlar halka jebir-sütemi köp edipdirler; keselçilik köpelipdir; ýagyn-ýagmyr azalypdyr; adamlar juda biynjalyk bolupdyr, ölüm-ýitim artypdyr; ýasmyk jöwenden başga däneli ekinler gowy hasyl getiripdir; üzümiñ hasyly pes bolupdyr, kendir gymmatlapdyr. Güýz bugdaý arzanlapdyr. Patyşalar arasynda uruşlar köpelipdir. DUŞENBE (hepdäniñ birinji güni) Eýesi Aý Bu ýyl ýurt soraýan adamlaryñ we olaryñ bellän emeldarlarynyñ adalatly bolmagyndan, ýagyn-ýagmyryñ köp ýagmagyndan, dänäniñ hasylly bolmagyndan adamlar üçin oñat ýaşamaga şertler döräpdir. Bugdaý gowy bitýär, kendir çüýregiç bolýar. Halkyñ arasynda taun keseli (ýaman ýara) köp bolýar. Maldarlar üçin agyr ýyl bolýar, goýun-geçiniñ ýarysyna çenli ýitmegi mümkin bolýar. Pagtanyñ, üzümiñ hasyly köp bolýar, bal arzanlaýar... SIŞENBE (hepdäniñ ikinji güni) Eýesi Myrryh (Mars) Ýylyñ başy sişenbeden başlanýan bolsa heläkçilik köp bolýar, gan döküşikler bolmagy mümkin, däne gymmatçylygy bolar, ýagyn-ýagmyr köp bolar. Balyklar bir görseñ-ä köpelip, bir görseñem azalyp durýar. Bal hem-de jöwen arzanlaýar, kendiriñ hasyly kem bolýar, arpanyñ hasyly köp bolýar, patyşalar arasynda uruş köpelýär, ganly ölüm bolýar, eşek köp ölýär. ÇARŞENBE (hepdäniñ üçünji güni) Eýesi Atorud (Merkuriý) Halk arasynda wehim döreýär, uly biynjalyk bolýar. Uruşlaryñ, duşmançylygyñ köp bolmagy adamlary irizýär. Ýagyn kadaly bolýar, köp ekinleri ir sowuk urýar, çarwalarda we ýaş çagalaryñ arasynda ölüm-ýitim köp bolýar. Deñizlerde hem uruş köp bolýar. Däne arzanlaýar. Gök gümmürdeýär, bal gymmatlaýar, hurma oñat gülleýär, kendir, pagta köp bolýar, turpyñ, soganyñ hasyly kem bolýar. PENŞENBE (hepdäniñ dördünji güni) Eýesi Müşteriý (Ýupiter) (Kerwengyran) Ýyl penşenbeden başlanýan bolsa wezirler adalatly, kazylar, derwişler, din wekilleri dogruçyl bolýar. Bu ýylda ýagşy işler köp bolýar. Ýagyn köp ýagýar, daragtlar bol miwe berýär, däne bol hasyl getirýär, kendir, pagta, üzüm hasylly bolýar, bal arzan bolýar, balyk köpelýär... ANNA (Juma) (hepdäniñ bäşinji güni). Eýesi Zöhre (Wenera), (Ömrüzaýa) Ýylyñ başy annadan başlanýan bolsa, halkyñ arasyna jyn-arwah aralaşan ýaly agzalalyk başlanýar, aldawylyk, ýalançylyk rowaç bolýar. Ýagyn köp ýagýar, güýz ýagşy gelýär. Köp ýerlerde arzançylyk bolýar. Gury ýerde we deñizerde heläkçilikler bolýar. Kendir gymmat bolýar, bugdaý kä arzanlap, kä gymmatlap durýar. Üzüm, gawun hasyl bermeýär. Bal gymmat bolýar... ŞENBE (hepdäniñ altynjy güni) Eýesi Zuhal (Saturn) Ýylyñ başy şenbeden başlanýan bolsa gullaryñ we pakyrlaryñ gozgalañy bolýar. Adamlarda ýagşylyk azalýar. Gymmatçylyk, gahatçylyk köp bolýar. Adamlaryñ arasynda ölüm köpelýär. Asman bulutly bolýar. Müsür we Günbatar ýurtlarynyñ hökümdarlary halka köp azar berýär, ekinlerde hasyl kem bolýar, açlyk hem bolýar... Arazbaý ÖRÄÝEW ''Täleýnama'' kitaby Elektron görnüşe geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |