14:23 Intellektual ýetmezçiligi | |
INTELLEKTUAL ÝETMEZÇILIGI
Publisistika
"Biziñ mähellämiz" şeýle diýýär: – Oppozisiýanyñ dereksizdigi üçin Erdogan şunça ýyllap häkimiýetde otyr! Eýse oppozisiýa nädip dereksiz boldy, nämäni oñaranok? Syýasy ugursyzlyk ýaly köpugurly jogabam berip bolar. Meselem, "intellektual kemterligi, ýetmezçiligi" bolup bilermi? Aýratynam, 14-ji maýdaky saýlawdan öñ şu barada pikir etdim: aglabasy sosial mediýadaky "ansambldan" gorkup, "Kylyçdaroglynyñ kerwenine" goşuldy! Bilýän zatlaryny ile-güne duýdurmadylaram... Jemgyýete ugur-ýol görkezmeli akylly-başly, giñ gözýetimli adamlarymyza ne döw çaldy? Munuñ üstünde jedelleşsek gowy bolmazmy? Intellektuallarymyz taryhymyzyñ miwesidir: Şejeresine-gelip çykyşyna seretseg-ä, intellektual bilen işgäriñ kategoriýasy birräk gelýär: (intellektual - intelligensiýanyñ wekili, intelligent) "galama erk edýän adam", "galamgär", "galam hojaýyny". Osmanlyda işgär-intelligentual ýörite tabşyryk boýunça pikirlenýärdi we ýazýardy. Şeýle "maglumat tehniklerinden" diñe köşge "garawulçylyk hyzmatyny" etmek talap edilýärdi. Olar häkimiýet başynda oturanlara baknadylar. Gowy görülmegi özlerine dereje bilýärdiler... Wagtyñ geçmegi bilen olaryñ az sanlysy tradision düşünjeden daşlaşyp, özlerini "häkimiýetiñ ruhy maslahatçysy" hasaplan badyna düşünişmezlik ýüze çykdy. Mithat paşa, Namyk Kemal ýalylar sürgüne ýollandy... Intellektual bizde turuwbaşdan öli dogdy. Günbatarly intellektual bilen biziñ intellektualymyzyñ ösüşi tapawutly boldy. Ol ýerde senagatlaşma bilen birlikde işçiler synpynyñ, buržuaziýanyñ emele gelşi täsirli bolsa, bizde hemişe feodalizmiñ-köşgüñ kölegesi abanyp durdy. Onsoñam bizde intellektualyñ ösüşi Günbataryñ gönüden-göni translýasiýasy arkaly boldy. Bu ýagdaý halkdan üzñe elitarizmi dowam etdirdi... Jemgyýete añ etmekde we wekilçilikde agsaýan işgär gelip çykyşly intellektual biziñ ilde hiç kök urup, pyntyk ýaryp gidibermedi, göýdükligine galdy... * * * "Galam hojaýynlygyndan" döwlet gullukçylygyna ýönelme täze syýasy ugurlaryñ oñlanmagynda - harby gullukçykaryñ täsiri bilen reformalar belli bir derejede üstünlik gazandy: "Ikinji Meşrutyýet" (Ikinji Konstitusion monarhiýa öwrülişigi)... Intellektualymyz ýurduñ şertlerini bilmeýändigi üçin barybir soñky demini sanaýan imperiýany halas etmäge hiç hili goşandy bolmady. Gowşakdy, aýratynam teoretiki dünýäsi çigdi. Göreşe hiçem ynanmadyk "liberal" Ali Kemal ýaly stambully hojaýynlar bolsa hemişe daş-töweregine gorky ýaýdy we azatlygy mandatçylykda gözledi... Beýleki bir ýanda uly çagşamalary başdan geçirenem bolsa, sanlary ujypsyz-da bolsa, garaşsyzlyk üçin göreşen intellektuallarymyz bolmady diýip bolmaz. Ýöne olaryñ barmak büküp sanaýmaly sanlary bardy. Respublikamyz şolar ýaly intellektual gytçylygynda guruldy. Anadoly rewolýusiýasynyñ öñbaşçysy Atatürkden soñ respublikan rewolýusiýalar dowam etdirilmedi. Elitarist işgär-býurokrat klikasy ýene häkimiýete eýe boldy, yzagalaklaşma döwri başlady. Muña garşy çykan güýçsüz intellekt nesli gyran-jyran edildi. Intellektualymyzyñ 1971-nji ýylyñ 12-nji martynda ýagyrnişligi otlandy. Intellektualymyzyñ 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabrynda ýagyrnişligi otlandy. Iñ uly ýagyrnişlik otlama neoliberal ideologiýanyñ gegemoniýasy bilen bolup geçdi. Intellektual tradisiýasy, praktikasy respublika bilenem ýola girip gidibermedi. Türk intellektualy çagalygyna galdy. Bili döwüldigiçe, ýagyrnişligi otlandygyça illýuziýalara maýyl boldy, halk bilen birigip bilmezligiñ üstünde kelle agyrtjak bolýan ýokdy. Osmanlyda başlan elitarizm altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarda "mähelle komitetleri" bilen aradan aýrylmaga synanyşylanam bolsa, üstünlik gazanyp bolmady. Ýalçyn Küçük muny şu gysga jümle bilen düşündirdi: – Türk intellektualy kellesi bilen ýöredi, aýagy bilen pikirlendi! Ýalçyn Küçük * * * Häzirem görüp durus: Intellektual türme yzasyny diýseñ gowy görýär. Türmeleri hiç ünsden düşürenok. Köpçülikleýin ahy-nala çärelerine köp üns berýär. Aýdym aýdyp, şygyr okap gözýaş dökmegi, saga-sola urunmagy protest bildirmekdir öýdýär... Wah! Soñky kyrk ýyl bäri oppozision iş alyp barma formasy köpçülikleýin üýşmeleñ geçirmek derejesine düşürildi. Çözgüdine garaşýan problemalaram diñe medeni ugur bilen çäklendirildi. Neoliberal ideologiýa ykdysadyýeti oýlanyp-ölçerip hereket etme ugrundan çykardy. Halk bilen diñe (alawy-kürt we başgalar) etnos arkaly ýakynlyk ýola goýulmalydy! Özem şeýle ideologiýanyñ iñ täsirli guraly bolan gorky şindizem baş rolda çykyş edýär: "saýlawda üstün çyksalar şerigat düzgünleri giriziljekmiş!" Yzyndan olary saýlanlara duşmançylyk edilmegi geñ däl! Köksüz-damarsyz, ugur-utgasyz, halkyna üzñeleşen intellektual şindizem pytraññy halda. Bu golaýda onuñ başyny birikdirip boljaga meñzänok. Köplenjem añsat ýoly, başdansowmalygy, zähmetsizligi, ýaltalygy saýlap alýar... Ýigrimi bir ýyllap oppozisiýa üstünlik gazanyp bilmedik bolsa, munuñ günäsini diñe Respublikan Halk partiýasynyñ (JHP) üstüne atmak meseläni hasam ýüzleýleşdirýär. Çuñurak gazjak boluñ. Meselem, intellektual dogrup bilemzok. Kemter gaýdýarys. Adamy täzeläp bilemzok. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||