06:40 Ir düşen bahar / hekaýa | |
IR DÜŞEN BAHAR
Hekaýalar
...Meniň «biz» diýýänim — klasdaşlarym. Klasdaş oglanlarym. Ine, onsoň biz sapaga taýýarlanjak bahanasy bilen, her agşam birimiziňkide üýşerdik-de, oglanlygyň çüýşe deý dury, kir-kimirsiz tämiz asmany bilen hemişelik hoşlaşýandygymyzdan, ýigitligiň galagoply, köp-köp garamatlardan doly haý-haýly ýyllaryna golaýlaşýandygymyzdan bihabar, elimiz kagyz-galamly, pelteli çyranyň daşyna egrilişip oturyşymyza edil, ertir ot ýygmak üçin haýsy käle gitsek gowy boljakdygy ýa tamdyr oduny ilerki gumuň niresinden ýygsak has amatlyrak boljakdygy barada maslahatlaşyşymyz ýaly, haýsymyzyň haýsy gyza hat bermelidigimiz barada, kimiň kime has ky- bapdaşyrakdygy, has ylaýygrakdygy barada maslahatlaşardyk. Belli bir netijä gelibilmänem dagaşardyk. Bu aýgytly meseläniň gutarnykly çözgüdini her gezek ertire, birigüne goýardyk. Hamala özümizi agyr melamatdan alyp galýandygymyz üçin begenýän ýaly, biri-birimiziň ýüzümize seredişip, demimizi uludan alardyk. Ýöne, ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary bir örüm edilip sagrysyndan goýberilen, asman bilen reňkdeş päkize gözlerinden yşk nury saçylyp duran Swetlana atly gyzyň obamyzdaky medpunkta işe gelmegi bilen, biziň ojagaz gürrüňlerimiziň hörpi düýbünden üýtgedi. Öz oba gyzlarymyz hakyndaky süýji-süýji gürrüňleriň ornuny Swetlananyň owadanlygy, päkizeligi, golaýyndan geçeniňde üstünden burk urýan ýakymly ysyň başyňy aýlap, enter-pelegiňi öwrüp barşy, eýýämhaçan Swetlananyň daşynda pyr-pyr aýlanyp ýören Sylap şopuryň aýdyşy ýaly, nädeniňde onuň çep goltugyndan girip, sag goltugyndan çykyp boljakdygy baradaky gürrüňler eýeledi... Şol gürrüňleriň arasyna böwşeňlik düşdügem, haýsymyzyň Swetlana has mynasypdygymyzy herimiz öz ýanymyzdan kesgitlemekçi bolýan ýaly, biri-birimiziň ýüzümize assyrynlyk bilen seredişerdik. «Ine, biz, haýsymyzy saýlasaň saýla» diýiläýende Swetlananyň haýsymyzy saýlap tutjakdygy barada oýlanardyk. Meniň aňlyşyma görä, herimizem öz ýanymyzdan onuň diňe özümizi saýlap tutjakdygyna ýüregimiz bilen ynanardyk. Özümizden beýlekileriň «göreş meýdanyny» meýletinlik bilen taşlap gidibermeýändigine diýseň geň galardyk Şeýle-de bolsa biri-birimize syr bildirmezdik. Ýöne biziň barymyzy edil, çapyp barýan atyň ýüzüne urlan ýaly edýän başga bir zat bardy. O-da başlygyň lökgesini sürýän Sylap şopuryň bize görä has dilewarlygam, Swetlananyň ýanyna goltugy sowgatly gün yrman şäherden gatnaýan dükançy Amangulynyň bize görä pulluraklygam, ýa bolmasa birki ýyllykda aýaly ýogalan Hydyrguly mugallymyň rus dili mugallymamyz Natalýa Nikolaýewna öýlenjek bolup oda-köze düşüşi ýaly, Swetlananyňam daşynda pelesaň urubererinden dörän gorkam däl-de, Swetlananyň bizden üç-dört ýaş ululygydy. Daş gulakdan eşidişimize görä ol ýedinjiden soň meduçilişşäni gutarypdyr-da, göni şu ýere işe gaýdypdyr. Gaýdypdyr däl-de, şo döwürlerde ýoň bolşy ýaly iberilipdir. Iberilen ýeriňden bolsa, iki ýyl işlemän gitmek bolanokmyşyn. Ýogsam gelen günleri yssa çydaman, raýon keselhanasynyň baş wraçy Gurbanaly aganyň kabinetinde üç sagat dagy aglanmyşynam, «dat, men ýanar oduň içine düşdüm, yzyma gitjek» diýip. Şol gürrüňleri eşidip bizem bir oturýardyk — ýaşymyzy hasaplap, bir oturýardyk — barybir onuň biz ýetişýänçäk obamyzy terk edip gitjekdigini ýa ekabyrrak ýigitleriň birine «ýal» boljakdygyny ýatlap... «Wah, arman, kakam aldyrmaz, ýogsam-a...» diýip, içimizde tä, dargaşýançak içini tutup gözlerini ýaşardyp oturýanymyzam, bardy-geldi bagty işläp Swetlana öýlenäýse dagy gaýynlarynyňka baryp gelmek uçin näçerek ýol geçmeli boljakdygyny masştab boýunça hasaplaý-hasaplaý, ahyram gara der bolan maňlaýyny SSSR-iň syýasy kartasyna diräp uklap galýanymyzam bardy. Sylap şopurdan, Hydyrguly mugallymdan, Amanguly dükançydan welin, Swetlanany hemmämizem bilelikde gabanýardyk. «Şu gün günortanaralar Amanguly goltugy «şampanly» Swetlananyň jaýyna girip, agşama çen çykmandyr...», «Düýn öýlän Sylap şopur lökgesi bilen Swetlanany skwažina suwa düşürmäge äkidipdir», «Hydyrguly mugallym ýoluň ortarasynda dugtor gyz bilen iki sagat dagy gürrüňle- şip durupdyr» diýen ýaly çyndygy ýa ýalandygy näbelli ýakymsyz gürrüňler gulagymyza degende dagy, gahardan ýaňa bir ýarylybilemzokdyk. Biziň päk duýgularymyzy basgylap, şeýdip ýörendigi üçin Swetlanadan kine-de ederdik. Öz ýanymyzdan öýkelärdigem. Ýöne, ertesi sanjym üçin ýa gözumize derman guýmak üçin mekdebe baraýsa welin, ähli öýke-kinelerimizi unudardyk-da, sesimizi ýognaldybraga-da: — Drasdy... — diýşerdik. O-da ýylgyraga-da: — Zdrawstwuýte, rebýata... — diýerdi. Käte bolsa: — Ne drasty, a zdrawstwuýte... — diýip, ýalnyşymyzy düzederdi. Elbetde, onuň bilen içgin-içgin gürleşibermäge päsgel berýän esasy zadyň ýene birem — biziň rusça bilmeýändigimizdi. Onuň öz-ä türkmençäni tekiz bilenokdy. Şonuň üçinem ýeke biz däl, oba adamlarynyň hemmesem onuň bilen başardyklaryndan rusça gürleşerdiler. Aýallar-a oňa «bajy» diýip ýüzlenerdiler, erkek adamlar bolsa, hatda arabakeş Eziz aga çenli «dewuşka» diýip ýüzlenerdiler. Biz welin çat manlaýyna geçäge-de buýsanç bilen «Swetlana» diýerdik. Ýalan-ýaşryk, müň dürli bahanalar bilen medpunkta baran mahallarymyzam: «Galawa balyt, oçen balyt», «Žiwot balyt, sapsim balyt, dawaý yspyrawka» diýen ýaly şol bir lenç eden sözlerimizden başga diýere zat tapman buruljyrar oturardyk. Kä wagtam: «Swetlana, mana, ine angina» diýip agzymyzy açardyk-da, bokurdagymyzyň diwarlaryny iç ýüzünden biri-birine berk gysardyk. Şonda ol käte-hä: «Aý-ýaý-ýaý, aý-ýaý-ýaý, kak že tak možno» diýip başyny ýaýkardy-da, üç günlük sprawkajyk bilen dermana hat ýazyp bererdi, käte-de bokurdagymyza çemçäniň sapyny sokaga-da, içini çekip: «Oý-ýoý-ýo-oý, oý-ýoý-ýo-oý, pridýotsýa napisat naprawleniýe gorodskomu polikliniku» diýerdi. Şonda biz zöwwe ýerimizden galardyk-da: «Ni-i-it!.. Ny nada!.. Naprawlenny gorot ny nada! Ýa twaýa ammanul...» diýip gygyryşardyk. «Ah, wy huligany...» diýip, eli demir çemçeli gyzarypjyk duran gyzyň goltugynyň aşagyndan sowulyp geçerdik-de, zymdyrylyp köçä çykardyk. Äpişgeden gelibem: «Daswydanýa pajalysta!..» diýşip, elimizi bulaýlardyk. Şol gije ýene-de ählije gürrüňlerimiz Swetlana hakynda bolardy. Amanguly dükançyny, Sylap şopury üýşüp urmak barada, gaýdyp olary Swetlananyň gapysyndan barmaz ýaly etmek barada, gerek bolsa gijelerine gezek-gezegine gapysyny garawullamak barada maslahatlaşýan gezeklerimizem bolýardy. Ýöne birimizden-birimiziň baryp şolaryň haýsydyr biriniň ýakasyndan tutany ýa Swetlana barada iki agyz pert-pert gepleşeni-hä ýadyma düşenok. Onsoňam nämüçindir şu meselede biz Hydyrguly mugallymy beýleki ikisine goşmaýardyk... Belki, onuň bu işe beýleki ikisi ýaly bäş günlük keýp üçin däl-de, çagşap galan öýüni dikeltmek üçin, maşgala edinmek üçin, garaçyny bilen ak ýüregi bilen ýapyşýandygy üçindir? Belki-de, bilim berýän mugallymymyz bolandygy üçindir? Belki!.. Kim bilýär... ...Onsoňam barybir, biziň barymyzam Swetlananyň biziňki däldigini, biziň elýeterimizden onuň has uzagrakdadygyny bilýärdik. Hatda biz ol ýowuz hakykata kaýyldygam. Biz diňe mekdep ýyllarymyzyň çaltrak tamamlanaryna, özümiziň basymrak ýigit çykarymyza, Swetlana bilen yşk hakda sözleşere, onuň bilen tirkeşip, boýnumyz galstukly şähere gidere, Amanguly dükançy ýaly günortanaralar goltugymyz «şampanly» öýüne girip, agşamaralar ýüzümizi ýelpäp çykyp gidere ygtyýar berýän şol, elýetmez ýyllaryň, kämillik günlerimiziň, goý, gohly-galmagally bolsa bolsun — ýigitlik ýyllarymyzyň basymrak gelip ýeterine howlukýardyk. Ejelerimiziň bizi ondan üç ýyl, dört ýyl soň dogurandygy üçin, oturyp-oturyp ahmyr çekerdik. Asmandan uçup barýan, boýny uzyn durnalar deý, gaty alysda görünýän şol, arzyly ýyllaryň gelerine, göwnüme bolmasa men has beterräk howlukýan ýalydym. Özümiň eýýämhaçan yşk deňzi içre ýüzüp ýörendigimden bihabar, şol arzyly ýyllar hakynda men has köpräk pikir edýän ýalydym. Medpunkta gatnaý-gatnaý getirýän sprawkalarymdan ýaňa klas žurnalynyň galňap gidendigine garamazdan, okuwdan çykdygym ýene-de şol dermanyň ysy kükäp duran jaýa tarap ýönelenimi bilmän galýardym. Belki, şonuň üçindir, soňabaka men Swetlanany ýeke bir Amanguly dükançydan, Sylap şopurdan ýa Hydyrguly mugallymdan däl, yşk derdini özüm bilen deň-derman çekişip ýören deň-duşlarymdanam gabanyp ugradym. Olaryň birinden-biri Swetlana barada sähelçejik gyşyk gürrüň edäýse-de, ýaka tutuşmakdanam gaýtmadym. Üýşmeleňlerine-de barmadym. Oduna gitmämem, ot ýygmamam goýdum. Men edil gözüniň alnynda ýatan haýsydyr bir gerekli zadyny tapman, kösenip ýören huşy kem adam ýaly, obamyzyň ortarasyndaky medpunktdan gije-gündiz girip-çykyp ýören mele gulpakly gyzy gözläp kösenýärdim. Aldajy ýaly algyr hyjuwyň derdinden gijeler tä daňdana çenli uklap bilmän, iki ýana gorsanyplar çykýardym. Meniň bu bolup ýörşüme dözmän, deň-duşlarym Swetlanadan el göterdiler. Galamlaryny çommaldyşyp ýene-de edil öňküleri ýaly oba gyzlaryna hat ýazmaga başladylar. Göwnüme bolmasa, Sylap şopur, Amanguly dükançy, Hydyrguly mugallym baradaky gürrüňlerem ýatyşan ýaly boldy. Men bolsam sypyndygym medpunkta tarap ylgardym. Öňkülerim ýaly ýoldaşlarym bilen däl-de, ýekebara-da baryberdim. Bardygymsaýam Swetlananyň öňünde özümi oňaýsyz duýup başladym. Gitdigiçe-de sussum peseldi. «O ýerim agyrýa, bu ýerim agyrýa» diýe-diýe, soňabaka agyrýa diýere ýerim galmady. Üstesine bilýänje sözlerimem gutardy. Her gezek barşym ýaly jygyldawuk stuluň üstünde çöküp näme diýjegimi bilmän, gultunyp oturmakdan başga alajym galmady. Swetlananyň käte bir berýän sowallaryna «da» ýa-da «nit» diýmäge-de göwrämde kuwwat tapylmady. Içki harasadymdan bihabar o-da gaýtam: «Çto s toboý sluçilos? Ty že byl şustrim parnem...» diýip ýaramyň üstüne duz guýýar. Öňkimdenem beter kyn güne salýar. Adam pahyr çekinýäniňi, utanýanyňy bildirmejek boldugyňsaýy öňkiňdenem beter bulaşar ekeniň. Sesiňem, edýän hereketiňem, özüňki bolmaz ekeni. Hawa, gün-günden güýjäp barýan ýigitlik hyjuwy meni edil tüweleýiň içine düşen ýeňiljek sypal deý gaýdyryp, pyrlandyryp, soňabaka bimahal çaglaram, gijede-girimde-de medpunktuň gapysyndan eltiberdi. Penjiresine-de golaýladyberdi. (Swetlana medpunktuň içinde ýaşaýardy hem. Diňe ertir dynç güni diýlende şähere ýatymlyk gidýärdi.) Süýem barmagymyň tirsegi aýna degjek-degjek boluberende-de, heniz süňňümden doly çykyp ýetişmedik çaga çekinjeňligi ýeňimden çekip, elimi usullyk bilen aşak salladýardy. Şol iki güýjüň arasynda aýylganç, ýowuz göreş gidýärdi. Ikisiniň arasyndaky barha ulalyp barýan äpet ýalyn bolsa meni ýakyp-ýandyryp, alyp barýardy. Ahyram ýigitlik hyjuwy rüstem geldi. ...Ýadyma düşýär, iňrik ýaňy garalyp ugran çaglary öýden çykdym-da, göze ilmezlik üçin çolarak ýerler bilen aýlanyp, öwrülip, medpunkta bardym. Gapa egnimi ýaplap uludan demimi aldym. Sag ýumrugymy düwdüm-de, süýem barmagymyň tirsegini gapa golaýlatdym. Birdenem ýüregim çalt-çalt urup başlady. Elimi yzyna çekdim. Soň ýene golaýlatdym. Ýene çekdim. Ahyram çep elim bilen işigiň ergeneginden berk ýapyşdym-da, ysgynsyzlyk bilen gapyny kakdym. Gulagymy goýup diňşirgendim. Ýuwdundym. Bir gelen ýoluma, birem gapa tarap delmuryp durşuma bir-de gapynyň çaltrak açylyp, janymy alyp barýan derdeseriň basymrak başymdan sowulmagyny, bar zadyň basymrak birýüzli bolaryny islesem, bir-de entek abraý atly ak donum egnimden gaçmanka, bu melamatly gapydan basymrak arany açmaklygy, özümi tüm garaňkylygyň içine urup, gelen yzyma tarap ýok bolup gitmekligi küýsedim. «Ýok bolubilseýdir, ýok bolubilseýdir» diýen duýgynyň beýnimde ala-zenzele turuzýanam, dilkaw-dilkaw ýiti şöhleleriň göz öňümde iki ýana «ýalp» berýänem edil häzirki ýaly ýadyma düşýär... Birdenem... Birdenem gapynyň açar sokulýany «şykyrt-şykyrt» etdi. Men ogurlykda tutulan ýaly töweregims garanjakladym. Gaçmaga synanyşdym. Ýüregim agyr-agyr sarsdy. Gözlerimiň öňündäki şöhleler ýok bolup, onuň ornuny tümgaraňkylyk eýeländenem, gapy bir garyş ýaly açyldy-da, yşyndan bir tutam tylla deý sary saç göründi. Ergenekden ýapyşyp duran elimiň ysgyny gaçdy. Jaýyň içine tarap agyp gaýdybermekden gorkup, sag elimem söýä diredim. Oňa çenli gapy ýene-de birazrak açyldy-da, bulutdan çykan aý ýaly bolup, Swetlananyň sary erik deý menzi göründi. Maňa gözi düşenden olam birhili boldy. Bir zatlar diýjek bolýan ýaly dodaklaryny gymyldatdy. Boýnuny burup gözlerini gypyrjyklatdy... Eli bilen ýarym açyk ýakasyny ýapdy. Ýene-de oglanlar bolup bezzatlyk edýän bolaýmasynlar diýendir-dä... Ökjesini galdyryp egnim üstaşyry köçä seretdi. Şondan soň süýjümtik bir nazar bilen ýüzüme ýaňadandan bakdy. Üstümden gülenem bolsa bilemok, çalaja ýylgyrdy. Ýöne sesini çykarmady. Duruberdi işige söýendi-de. Agşamyň sergin şemaly degende çözlengi saçlarynyň galgap-galgap gidişi, uçlarynyň ilki meniň ýüzümi sypalap, soňam derçirän ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşişi, onam barmaklarynyň ujy bilen sylypjyk goýberişi ýa dodajygyny şo tarapa gyşardyp üfläpjik goýberişi welin, halys janymy alyp barýar. Ýüregim eräp, göwräm ýanan şem ýaly ýere siňip barýar. Bu bolup durşum Swetlananam juda geň galdyran bora çemeli. Çünki, göwnüme bolmasa, ol gözlerini tegeledi-de: «Ty çto, wypil çto li?» diýäýen ýalam bolup dur. Ahyram, sypjyrygy bireýýämler bitip giden barmagymy çommaldanymy çalaja bilýän. Içerik nädip girenimi, derman çalynýan ýere nädip baranymy, jygyldawuk stuluň üstüne nädip çökenimi welin bilemok. Bir görsem barmagym saralgy. Penjiräniň öňünde bolsa onluk çyra ýanyp dur. Meniň gije-gündiz arzuw edip, ýetibilmän ýören Swetlanam bolsa, gabat garşymda, şol bir mähriban bakyşy bilen, şol bir enaýy ýylgyryşy bilen ýüzüme seredip otyr. «Nämüçin geldin?» diýip welin sorýaýanok. Gykylygam ediberenok. Şoňa-da şükür edip otyryn. Turup ötägidiberere bolsa gurbum çatanok. Gepläbereýin diýsem bolsa dil bilemok. Öňküje, däljikläp diýýän zatlarymyzy bolsa diýesim gelenok. Çünki men bu wagt bu ýere «üç günluk sprawka» üçin ýa iki barmak «naprawleniýe» almak üçin gelemok. Bu wagt meniň niýetim, küýüm başga. Hydyrguly mugallymyň sapak wagty aýdyşy ýaly, «programmam» başga. Halys aljyrap oturyşyma onuň: «Tur! Ýok bol! Göteril şu taýdan!..» diýip gygyraryny, ýeňsämden südenekledip, jaýdan çykararyny isledim. Emma ondan ojagaz tamamam çykmady. Gaýtam oty-yr, possujak elleri bilen käte bir ýumşajyk ýaňaklaryny sypalap. Uçursyz kyn güne düşdüm. Birdenem tutuş göwräm bilen galdyrap başladym. Tomsuň günüdigine garamazdan, inim üşütdi. Tikeçlerim biri-birine degip, agzymyň içinde ala-şakyrdy turuzdy. Gezek-gezegine ýere degip, otagyň içinde tozan baryny turuzýan aýaklarymy saklajak bolup, aýalarym bilen iki dyzymyň üstünden basyp oturyşyma gözlerimi agdar-düňder edip Swetlananyň ýüzüne seretdim. Ol meniň halymy ýaňy aňan ýaly garbap goşarymdan tutdy. Tutuşy ýalam syçrap ýerinden turdy. Ýüzüni ak tam edip iki ýana garanjaklady. — Bože moý, ty že bolen!.. — diýip pyşyrdady-da, elimden tutup şähere gitmedik günleri ýatyp-turýan insizje, törki jaýyna geçirdi. Üsti ak mata bilen örtülgi ýaýly krowadyň üstünde oturdyp, goltugyma gyzgyn ölçenýän guralyny gysdyrdy. Ýaraman, delalat isläp gelen adama betgüman bolandygy üçin öz-özünden utanýan ýaly suýem barmagyny dişläp, iki ýana keýerjekledi. Ylgap gidip bir bulgur suw getirdi. Içirdi. Ak tam bolan ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de: «Nawernoýe nado pozwat skoruýu...» diýdi. Gapa tarap topulandanam men ellerimi serdim-de: «Ni-i- -it!..» diýip jynssyz gygyrdym. Ol sakga durdy. Bärsine öwrüldi. Bir bökende ýanyma geldi. Gabat garşymda dikejegine çökdi. Bir elini dyzymyň üstünde goýdy-da, beýleki eliniň aýasy bilen maňlaýymy, duluklarymy elledi. Gözlerimiň içine çiňerilip-çiňerilip seretdi. Goltugymdaky guraly ýyldyrym çaltlygynda sogrup aldy-da, gözleriniň önüne eltdi. Diňe şondan son agyr howpdan sowulan adamyň süňňügowşaklygy bilen başyny aşak sallady-da: «Owf, slawa bogu...» diýip, ýaňadandan ýüzüme seretdi. Ýerinden turdy. «Ah, kak ty napugal menýa, a?» diýip üstüme egildi. Şonda onuň çözlengi saçlarynyň ujy ýene-de ýüzümi ýelpäp gitdi. Ýakymly zenan ysam burnuma urdy-da, süňňüme öňki gowuşgynlyga-da meňzeş bolmadyk, nähilidir bir nämälim, süýjümtik lezzetiň humary aralaşdy. Synalarym göz-göz bolup barýanam bolsa, göwrämiň bir ýerinde gurp göründi. Göwnüm galkdy. Ýüregim ersdi. Kuwwatlandym. Galpyldymam galdy. Häliden bäri duluklarymy «lap-lap» gyzdyryp, gabaklarymy ýerden götertmän duran agyr perde-de ýüzümden sypyrlan ýaly boldy. Galan ömrüme, zenan bilen ikiçäk galan pursatym, özümi nalajedeýin ýa batyrgaý alyp barjakdygymy kesgitleýji, aýgytly pursat geldi. Men ýa-ha tä çykyp gidýänçäm şu oturyşyma, ýere bakyp, çym-gyzyl bolup oturmalydym, ýa-da... Men başymy galdyrdym. Henizem üstüme eglip duran Swetlananyň ýakasyndan görnüp duran ter mämelerine, ak alkymyna, kä ýeri jugra-jugra hal bolup duran tämiz boýnuna, gülgün öwsüp duran ýaňakla- ryna, dykyzja dyzlaryna, boldumly butlaryna, tekizje topuklaryna göz açyp-ýumasy salym syn edip oturdym-da, gyz tarapa ýyldyz deý süýnüp giden ýüregimiň ýelginine laňňa ýerimden galdym-da, sen-men ýok, boýnundan aslyşdym. Ululygy bolaýsa arakesme wagty «kişmiş» oýnaýan kiçijik, daşy rezin gatyşykly gytyksy, akja matadan edilen, gatyja pökgimizçe barly-ýokly, dykyzlygam bolubilse şonçarak, uçlary dürteripjik duran ter göwüsleri kükregime degendenem süňňüme henize çenli özume mälim bolmadyk, ýakymly agraslyk aralaşdy. Häliden bäri agzymdan çykara gelip duran ýüregimiň üsti süýjäp-süýjäp gitdi. Böwedi ýarylan sil ýaly endamymdan şaglap çykan derimi daş-töweregime seçelendirip durşuma Swetlananyň ýüzünden, gözünden emelsizlik bilen ogşadym. Birdenem egnimden biri çekäge-de: «Eý, nädip dursuň-e-eý...» diýen ýaly, «has-has» edip yza çekildim. Agyr düýşden oýanan ýaly, eden işime ökünip aşak bakdym. Utandym. Swetlananyň gözlerinden gizlenmek üçin ýüzümi iki ýana sypajaklatdym. Onuň hemişekileri ýaly: «Ah, ty huligan!...» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyraryna, eline ilen zady aýlap, bu ederini bilmez bikemal başymdan salaryna garaşdym. Bir bökende jaýdan çykyp, içl çöp-çalamdan doly garaňkylyga siňmek üçin, açyk duran penjirä tarap topuldym. Emma gyz goýbermedi. Elimden şapba tutdy-da: «Sadis» diýdi. Oturdym. Özem oturdy. Aşak bakdy. Dodaklaryny dişläp uludan demini aldy. «Oý, ne mogu...» diýip, elleri bilen ýüzüni tutdy. Şeýdip ep-esli oturansoň usullyk bilen ýöräp gitdi-de, «şykyrt» etdirip daşky gapyny içinden ildirdi. Gelip äpişgäni ýapdy. Tutusyny çekdi. Soň ýene-de ýanyma geldi. Gapdalymda oturdy. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. Dermanyň ysy gelip duran ýumşajyk, mähirli elleri bilen ýene-de başymy sypalady. Maňlaýyma düşüp duran saçlarymy barmaklary bilen darap, yzyna gaňtardy. Süýem barmagynyň uçjagazlaryny ýaňy bir garalyp ugran murtjagazymyň üstünden ýöredibem bir enaýy owaz bilen: — Na kakom klasse ty uçişsýa, malçik?.. — diýdi. Bu sorag maňa: «Sen kim, men kim? Hetdiňi tanasaň bolmadymy?» diýen manyda eşidildi. Göwnüme şol wagt Amanguly dükançy gapydan giräge-de, goltugyndan bir çüýşe «şampan» çykaryp stoluň üstünde goýaýjak ýaly, birdenem maňa gözi düşup: «Ehe-he-ýeý, bujagazy» diýip, hahahaýlaberjek ýaly bolup duýuldy. Meniň şu bolup oturyşym hakdaky gülkuli gürrüňler bilen, Sylap şopuryň oba adamlaryny, Hy- dyrguly mugallymyň mugallymlary gülüşdirip durşy göz öňüme gelende bolsa, öňkümdenem beter aljyradym. Meniň ýerimden turaga-da: «Men çaga däl! Okuwçam däl! Men mekdebi bireýýäm gutardym. Özümem üç ýyl bäri pylan ýerde işläp ýörün» diýäýesim geldi. «Näme iş edýäň?» diýip soraýsa dagy pylan iş edýän diýer ýaly, aňymda özüme borluk kärjagazam agtardym. Hiç bolmanda onunjyda okaýan diýesim geldi. Emma nädip diýjek? Kimiň edil haýsy klasda okaýandygyny bilmese-de, mekdebiň okuwçylarynyň barysyna ol bäş barmagy ýaly belet ahyry. Şonuň üçinem men her näçe kynam bolsa: — Dewýatym klasym... — diýip, dogrujamy aýtmly boldum. Bokurdagymy arçadym. Uly adamlaryňky ýaly elimi agzyma eltip, gysymyma üsgürindim. Bolsa-da şondan soň Swetlana hiç hili sorag bermedi. Gaýtam şeýle bir ýumşajyk, şeýle bir mähirli aýasy bilen maňlaýymdan sypalap: — Çego ty tak ýežişsýa? A? Nu-ka, podnimi golowu. Ty že uže mužçina, wzroslyý çelowek... — diýdi. Diýen sözleriniň hemmesine düşündim. Edil turkmençä düşünişim ýaly düşündim. Şol iki agyz hoş söz meni göz açyp-ýumasy salymyň içinde oglanlykdan saýlady. Uly adamlaryň hataryna goşdy. Şonda men özümi ilkinji gezek çaga däl-de, bu dünýäniň ähli aladalaryna, ajysyna-süýjüsine hemmeler bilen deň derejede şärikli, hakyky adam hasap etdim. Ruhy taýdan kämilleşdim. Ýigit çykdym. Oba arasynda telpegini gyşyk geýip, gaýşarylyp gezýän jahyllar bilen egin deňleşdirip, bir köçeden ýöremäge özümi hakly-hukukly saýdym. Birdenem Swetlananyň possujak dodaklary ýaňagymy daglap goýberdi. Soň ýene... Ondan soň ýene-de.... Ýene-de... Bar zat edil düýşdäki ýaly boldy. Ýol açyldy. Men ýa, alla diýdim-de, özümi gyzyň gujagyna ýaňadandan okladym. Ýöne bu gezek başkym ýaly oglan bolup, çal beýni çaga bolup däl-de, kämil bolup, jahyl bolup okladym... ...Elbetde, şol döwürler deň-duşlarymyň ýanynda agzyboşluk edip aýdyşym ýaly: «Olam meni daşymdan söýüp ýör ekeni, bararyma garaşyp ýör ekeni» diýip, men siziň öňüňizde-hä ýalan sözläp biljek däl. Rastymy diýjek. Ol maňa öňden aşyk ekenimi, ýa baranymdan soň aşyk boldumy, ýa bolup oturyşyma dözmän, oglan göwnümi ýykmazlyk üçin göwnüm üzre agypmy, onçasyny biljek däl. Ony men şu çaka çenli özümem bilemok. Belki, Swetlananyň özem bilýän däldir. O hakda biziň aramyzda gürrüňem bolanok. Belki, bolmalam däldir. Belki, düşündirmek geregem däldir. Belki, bu bir mukaddes syrdyr, Belki, bu syr syrlygyna-da galmalydyr. Belki, şeýledir, belki-de, şeýle däldir, onçasyny bilemok. Men diňe Swetlananyň meni gara ýerden garbap alaga-da, gök asmana tarap uçuryp goýberenini bilýän. Başga zady bilemok. Hawa, men şol gezek oglan bolup giren gapymdan jahyl bolup çykdym. Gögele bolup giren gujagymdan kämil bolup çykdym. Ýöne hemme zat terligine, tämizligine galdy. Hemme zat şol günüň ertesem, birigünem, soňky günem, soňkusy günem terligine galdy. Men her gije gün ýaşyp, iňrik garalandan soň şol bir gelýänje çolaja ýollarym bilen aýlanyp, öwrülip, orta atylan ak aşyk ýaly obamyzyň ortarasynda agarypjyk oturan çaklaňja jaýyň gapysyndan barýardym. Gapyny eda bilen kakýardym. Iki gezek eşidilýän ýoňsuzja «şykyrdydan» soň bir sereden sähel gowrak açylan gapydan ýantaklap girýärdim. Girişim ýalam maňa garaşa-garaşa gözleri ýolumda galan mele gulpakly gyzyň gyzgyn gujagyna dolýardym. Şondan soň uzynly gije men oňa obamyz, obamyzyň adamlary, gün-güzeranymyz, däp-dessurlarymyz, edim-goýumlarymyz hakda heziller edip gürrüň bererdim. Öz gezeginde olam dogduk mekany alyslarda galan Kuban sähralyklary, urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelen çagalyk döwürleri barada gürrüň bererdi. Kakasynyň uruşda, ejesiniň şähere bomba düşende ýogalandygyny, özünden uly gyz doganyny bolsa ýitirendigini, onuň niredediginden heniz-henizlerem bihabardygyny, ýöne tä, ömri ötinçä gözlejekdigini aýdyp ugranda bolsa gözlerinde ýaş görünerdi. Sähelçe wagtyň içinde öýden-öwzardan, ata-eneden, mähriban dogandan aýrylyp ýetim galandygy zerarly çagalar öýünde önüp-ösmeli bolandygy üçin gamlanardy. Birdenem başyny silkip goýbererdi-de: «Dawaý-ka, ostawim eti razgowory, a to kak-to skuçno» diýerdi we şowhunly, şadyýan gürrüňlere başlardy. Tow berilýän patefonyna kart goýup, iň eý görýän aýdymlaryny aýtdyrardy. Gözlerini süzüp, ellerini hereketlendirip, sessiz-üýnsuz diňlärdi. Menem diňlärdim. Käte-de ýerinden turardy-da, öýüň içinde aýlanyp, öwrülip, tans edip ugrardy. Elimden çekip turuzardy-da, menem pyrlandyrybererdi. Emelsizlik bilen aýagyny basaýsam dagy: «Oý, oý...» diýip, hezil edinip gülerdi. Ýalandan torsarylan bolup: «Kakoý ty bezpomoşşnyý. Wot budet woskresenýe, ýa tebe wozmu w gorod i, nauçu tam tebe kak sleduýet tansewat» diýerdi. Menem näbelet sazyma aýagymy goşubilmän ýörşüme: «Haraşo! Poýedim gorot. Ýa haraşo tansowal uçit...» diýerdim. Şonda biziň ýaşymyzam, boýumyzam, hatda hüý-häsiýetlerimizem edil bir obanyň terbiýesini alan çagalaryňky deý deňleşýärdi. Şonda biz biri-birimize düşnüksiz, aýry dilde gepleşýändigimizem unudardyk. Aslynda, göwünler alşyp, ýürekler biri-birine atygsan wagty dil diýlen zat dagy geregem däl ekeni. Hawa, her näçe öwrenişsegem ol meniň ilkinji gezek gelip gapyny kakyşym, aljyrap otagyň ortarasynda ala-güpürdi bolup oturyşym barada dilini ýaranokdy. Menem ýaramokdym. Her näçe sorasym gelip, içim byjyklap barýanam bolsa, «sen şol gezek mendigimi bilip açdyňmy, ýa kim bolsa şol bolsun diýip açaýdyňmy?» diýibem sorap bilemokdym. Hydyrguly mugallymyň söz aýdandygy ýa aýtmandygy barada hem, Sylap şopurdyr Amanguly dükançy baradaky gürrüňleriň çyndygy ýa ýalandygy barada hem sorap bilemokdym. Nädip soraýyn? Ýok, nädip soraýyn däl-de, sorap nädeýin? Ol meni hiç kimiň, hatda obanyň men diýen ýigitleriniňem girip bilmedik gapysyndan goýberdi. Güler ýüz berdi. Ganatlaryny gerdi. Gujagyna gysdy. Ýaş nahal deý ösüp gelýän ýaş oglana şondan başga näme gerek? Ýüzüne çeşbent çekip, gerdenindeäki «uýat» atly mähnet ýüküň astynda ýegşerle-ýegşerle gelen bir garyp ýigide birinji baran gapysyndan ýüz tapmaklykdan gaýry ýene näme gerek? Ýeri, indi şondan soňam göwnüňi müňkire baglap, bolgusyz soraglar berip otursaň zenanyň yhlasyna güman etdigiň, ygtykadyndan nägile boldugyň bolmazmy? Ah, ol päkize günler hakynda aýtsam sözlerim tükenmez! Diýsem dertlerim dep olmaz! Emma nätjek, aýtmanam bolanok... Hawa, men onuň ýanyna gün ýaşyp garaňky gatlyşandan soň barardym-da, daňdanaralaram gaýdardym. Giç gelenimi bildirmezlik üçin hiç haçanam içinden temmelenmeýän gapymyzy usullyk bilen açýardym-da, uly-kiçi, barymyzyň bilelikde ýapynýan köneje ýorganymyzyň aýak ujundan sümülerdim. Obamyzyň ortarasyndaky, ýalňyz ak jaýyň içinde, üsti ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly, ak krowatyň üstünde ak kepderi ýaly «guguldapjyk» oturan, ak köýnekli, ak gyzyň ak keşbini ak daňdanyň şöwrüne garyp süýji uka giderdim. Ertesi kakam ýa ejem ýüzlerini agraýdyşyp: «Agşam ýaman giç geldiň-le, gara go-oç...» diýselerem ýa-ha «Deňňene etdik» diýerdim, ýa-da: «Aý, dutar çalyp köpräk oturaýypdyrys...» diýip, göz-görtele ýalan sözlärdim. Okuwa-da gitsem-ä giderdim, bolmasa-da ýatardym günuzyn gözlerimi pökgerdip. «Tur, okuwyňa git» diýselerem: «Günde-günde-de bir okuw borm-aý» diýip, beýläme öwrüläýerdim. Azyp-ýazyp turaýsamam gözlerim Gündedir, haçan ýerine giräýerkä diýip. Şol günler men Hudaýdan diňe bir zady — basymrak Günüň ýaşaryny, agşamyň düşerini dileýärdim. Deň-duş oglanlarymyň haçanlar barjakdygy näbelli, syrly, üýtgeşik bir dünýä özümiň eýýämler syýahat edip ýörendigim üçin, özümi bagtyýar saý- ýardym. Olaryň maňa bolan garaýyşlarynyň düýpgöter üýtgändigini, özlerinden ep-esli uly adama seredýän ýaly, maňa tarap çekinjeňlik bilen garap ugrandyklaryny, klasdaş gyzlarymyzyň meniň bilen salamlaşmalarynam goýup, torsarylyşyp ugrandyklaryny bolsa men häki bir, hökmany bolaýmaly zat hasap edýärdim. Men indi agşamky üýşmeleňlerimize-de baramokdym. Oglanlaryň gyzlar hakdaky gürrüňlerine-de goşulamokdym. Çunki men eýýäm olaryň o-ojagaz oglanlyk dünýälerinden daşlaşypdym. Çägä suw guýan ýaly hiç bir netijesiz siňip gidýän, oglan aldar, ownujak gürrüňlerinden irişipdim. Men eýýäm saýlamalymy saýlap, seçmelimi seçipdim. Meniň öňümde indi ýekeje mesele galypdy — o-da, kakam dagynyň meniň rus gyzyna, onda-da özümden üç-dört ýaş dagy uly gyza öýlenmegime razy boljakdygy ýa bolmajakdygydy. Emma ol meseläni orta atmalam bolmady. Gatnaşyk açyp ugranyma ylaýyk bir hepde diýlende: «Swetlana obadan gidipdir, özem gidişleýin gidipdir» diýen gürrüň oba ýaýrady. Men bu habary ikindinaralar, ukudan ýaňy turup, mellegimiziň aýagujundaky ýorunjaly peliň içinde, maňlaýymy derçiredip, Güne seredip duran wagtym, medpunkt tarapdan içini tutup, iki büklem bolup gelýän Jeňňi daýzadan eşitdim. Emma ynanmadym. Hut öten agşam hoşlaşyp, şu gije ýene-de duşuşmagy wadalaşyp gaýdan mähribanymyň sen-men ýok, hoşlaşman zat etmän, sebäbinem aýtman ümdüzine obadan çykyp gidiberendigine ynanmadym. Ýalandyr öýtdüm. Haýsydyr bir rakybyň biri meni ýaralamak uçin ýörite, gürrüň ýaýradýandyr öýtdüm. Şonuň üçinem, çat maňlaýyma geçip, zäk ýalap oturan Jeňňi daýzadan hiç zat sorajagam bolmadym-da, aldyranym bar ýaly bolup, göni medpunkta tarap ylgadym. Baryp bat bilen gapyny çekdim. Açylmady. Kakdym. Özünem birinji gezekkim ýaly çekinjeňlik bilen däl-de, batyrgaýlyk bilen kakdym. Onda-da açylmady. Bokurdagymy dolduryp: «Swetlana! Swetlana!» diýip gygyrdym. Ses-üýn eşidilmedi. Birazajyk ýuwdunjyrap durdum-da, ylgap äpişgäniň öňüne bardym. Aýnany kakdym. Ýene-de jogap bolmady. Ýumrugym bilen bir uramda penjiräniň aşaky gözüni kül-uşak etdim-de, tutusyny syryp içerik boýnumy uzatdym. Ortarada duran tegelek stoldan, üstündäki içi dermanly çüýşejiklerden, kagyz gutujyklardan, bir gysym ak pamykdan başga hiç zada gözüm düşmedi. Birem şol, derman gatyşykly tanyş ys burnuma urdy, bolany. Hemişeki giren agzyňdaky burçda asylgy duran eşiklerem, şähere gidende geýäýmese, galan wagty krowadynyň aşagynda jüpläpjik goýýan ýalpyldawuk, melemtil köwşem ýok. Gyş eşiklerini salýan şkafynyň agzy açyk. Içi boş. Demir çemçejiklerini, dürtgüçlerini, stakandyr çäýneklerini salýan tumboçkajygy gapagyny bir tarapa gyşardyp haňlap ýatyr. Hemişe şonuň üstünde durýan patefonam ýok. Garaz, bar goşuny sanap nädeýin, gepiň gysgasy ýagşy, bir agyz söz: Gyz ýok! Gidipdir. Hakykatdanam gidipdir. Özem dogrudanam, gidişleýin gidipdir. Meni aldap gidipdir. Taşlap gidipdir. Öten agşamky beren wadalaryny bozup gidipdir. Ýaş ýüregime ýaralar salyp, bagryma yza çekip gidipdir. Ýaňy bir bat alyp barýan köňlüm binasynyň ak küňrelerini birin-birin ýykyp gidipdir. Hawa, otagyň ortarasynda çaşyşyp ýatan bäş-on sany saça sanjylýan iňňäni, üç-dört dişi döwük, ýaý ýaly egri, goňur reňkli aýal daragyny hasap etmeseň, şu içerde Swetlananyň ýaşandygyny aňladýan hiç hili alamat ýok. Giň dunýä gözüme dar göründi. Gün ýaşmanka garaňky düşdi, gyş düşmänkä gar ýagdy. Asmanda ýekeje buludam ýokdugyna garamazdan, depämden çagba indi. Gözýetimiň gündogar çüňkünden lowurdap çykan gyzyl ýyldyrymyň ujy pelegiň ýüzi bilen asman sary süýnüp gaýtdy-gaýtdy-da, süýr depämden ýol ýasap, ýene-de aşak indi, barybam gözýetimiň günbatar çüňküne sanjyldy. Dünýäniň ýüzünde ýyldyrymdan ýasalan äpet ýaý emele geldi. Gaşym bilen deňleşip duran kirişlerine böküp münäge-de, gyzyň giden tarapyna atylmak niýeti bilen ellerimi uzatdymam welin, ýanar ot barmaklarymyň ujuny daglap-daglap goýberdi. Yzasy ýene-de ýüregime ýetdi. Elimi çekip aldym-da, kimdendir birinden delalat isleýän ýaly daş-töweregime, mähriban obamyzyň bitertip oturan külbejiklerine tarap gözümi aýladym. Delmurdym. Emma hiç kimden haraý tapmadym. Şu çaka çenli gözüme behişdiň bosagasy, hüýr gyzlaryň mesgeni bolup görnen akja jaýjagaz bolsa bir demde haraba öwrüldi. Bu giň asmanyň astynda hezil edip dem alara bir goşawuç howa tapylmady. Aýnany döwemde kesilen bolmaly, bir görsem çep elimiň arka ýüzi gara-gan. Emma eglenere pursat ýok, daşyna elýaglygymy oradym-da eňdim göni şähere, tarap. Orta ýola ýetip-ýetmänkämem Hydyrguly mugallym welosipedini şakyrdadyp yzymdan ýetdi-de, çat maňlaýyma geçip: — Gaýt how yzyňa! Häý, bihepbe diýsänim! Dolan! Ondan-a okuwyňy oka! Ýene-de iki ýylyň ba! Egzaminleriň ba bir topar. Sapsim bar zady başyňdan aýlap urduň sen... Özüň-ä özüň welim... Hiý, beýle-de bir bolgusyzlyk bormy?.. — diýdi. Onuň ojagaz töwellasy bilen-ä dönmesem-dönmezdimem welin, Eziz aganyň araba goşýan dor ýabysyny ýüzin saldyryp gelýän kakama gözüm düşenden ädimlerimiň haýallaberenini, ýüzümiň oba tarap öwrüliberenini özümem duýmandyryn. Gaýtdym. Gaýtmaly boldum. Ýöne barybir ertesi irden, entek hiç kim örmänkä, uly ýol bilenem däl-de, bäş gatlanyň üsti bilen gidýän inçejik, pyýada ýoly bilen şähere tarap ylgadym. Iş başlanmanka raýon keselhanasynyň agzynda häzir boldum. Agşam nobatçylyk edipmi, nämemi, bagtyma barşym ýaly baş wraç Gurbanaly aga pete-pet gabat geläýdi. Men salam ýok-helik ýok: — Agam, Swetlanany görmediňmi? — diýip, onuň alkymyna dykyldym. Olam: «näme etjekdiň sen ony?» beýleki diýibem soramady-da, howlynyň töründäki ambulatoriýa tarap yrgyldap barşyna: — Wah, Swetlana bar bolsun, inim! Geleli bäri gitjek diýip ýüregimizi-bagrymyzy eze-eze, ine, ahyram düýn öýlän gitdi bardy, elimize-aýagymyza-da bakmady... — diýdi. Birdenem bir zat ýadyna duşen ýaly sakga durdy-da, ýüzüme çiňerildi. — Hä, näme, syrkaw barmy? Obadamy? Şol obadamy? Şol obadanmy sen? Kimiň ogly sen? Hä? Neme agaň ogl-a dälsiň?.. Şondan soň onuň näme diýip, näme goýanyny bilemok. Ýene-de düýn agşamky ýaly beýnimiň içinde ýyldyrym çakdy, gözlerimiň öňüne çalymtyl perde tutuldy, ýüregim sançdy. Kimdir biriniň tä howludan çykýançam (ýöne Gurbanaly aga-ha däl) öňüme bir geçip, yzyma bir geçip: «Sen zerarly negözel işgärimizden aýryldyk, ispisalistsiz galdyk, heý, mysalaň gursun seň...» diýip daşymdan kebelekleýänini, öňümden eýläk-beýläk okkessirme geçýänini, egnimden tutup silkeleýänini bilýän. Egnindäki ak ýektaýynyň galgap-galgap gidýäninem bilýän. Ýöne kimdigini welin bilemok. Onsoňam ol kim bolanda maňa näme? Kimiň gepi maňa täsir etjek o wagt! Ol wagt öňümden çykyp maňlaýyma tüpeň diränlerinde-de, munyňyz näme diýjek adam däl men. Ol wagt men güň! Lal! Telbe! Däli!.. ...Ýigit çykdym diýip her näçe hekgeren bolsamam, entek oglanlygyň çal dumany serimden doly sowulman ekeni. Zalym ejizlik entegem pursat peýläp, töweregimde köwejekläp ýör ekeni. Ol gelip ýakamdan tutuşy ýaly şäherden çykdym-da, bir çolarak ýere çekilip, tä demim tükenýänçä agladym. Şeýdibem içimi egisdim. ...Swetlananyň öwezine hiç zat alman, peşgeş beren bäş günlük söýgüsini welin ýyllar geçse-de undup bilmedim. Oglanlykdan ýaňy saýlanan, ak kagyzdanam ak ýaş kalbyma ilkinji gezek «söýgi» sözüni ýazan, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak melegi undup bilmedim. Şol ýylam, soňkusy ýylam, mekdebi gutaranymyzdan soňam, öýlenip, çagaly-çugaly bolanymdan soňam undup bilmedim. Henizem undup bilemok. Henizem her gezek oba baranymda, ýolum düşse-düşmese ýaş başymy ah bilen efgandan doly birgiden gowgaýa goýan şol çaklaňja jaýjagazyň işiginden geçýän. Ogurlyk etjek ýaly daraklygyma basyp daşyndan aýlanýan. Göwnüme bolmasa, ýene-de şol gezekkisi ýaly «şykyrt» etdiräge-de açylaýjak ýaly, yşyndan bir çogdum tylla saç ygyp çykaýjak ýaly, ukusyzlykdan ýadap ýellenen gabaklaryny owkalap duran Swetlananyň possujak ýüzi görünäýjek ýaly nijembir wagt bäri adam ogly girip-çykmaýan gapyny ýuwaşja kakýan. Edil şol gezekkim ýaly: «Swetlana, Swetlana!..» diýip çalajadan pyşyrdaýan. Az-kem garaşyp durýan-da çekibem görýän. Öwrüldigim gapy açylaga-da, içinden gözlerini ýaşardyp Swetlana çykaýjak ýaly, dönübilmän kän durýan. Gapa bakyp tolgunýan, penjirä bakyp emenýän. Ahyram lapym keç bolup, gaýrak çekilýän. Obadan gaýdyp, şähere gelenimden soňam, kalbymyň töründe ýer äden şol mährem gyz hakyndaky, egnime duýdansyz gonup, duýdansyz uçan ilkinji söýgim hakyndaky hupbatly ýatlamalaryň üstüni gündelik hysyrdylar, iş-aladalar doly basýança, telim gunläp özüme gelip bilemok. Iň bir ezýetli ýerem men henize-bu güne çenli Swetlananyň nämüçin özümi beýle duýdansyz halda taşlap gidendiginiň sebäbini bilip bilemok. Şu ýerde nähili gümürtikligiň bardygyna, saý-sebäp bilen gitmeli bolaýanlygynda-da nämüçnn barjak ýerine barandan soň bir nirededigini mälim edip iki barmak hatjagaz ýazmandygyna hiç düşünip bilemok. Şu zatlary şonuň öz erkine, öz ygtyýaryna edip ýörendigine ynanyp bilemok. Çünki iň soňkudygy ýadymyza-oýumyza-da düşmedik şol gije biz ikimizem birek-biregi hiç haçan taşlamazlyk, birek-birekden hiç haçan dönmezlik, ykbal haýsymyzy haýsy ýana zyňsa-da, birek-biregi hökmany suratda gözläp tapmaklyk barada ähdi-peýman hem edişipdik ahyry. Şonuň üçinem, nirede bolsa-da bir ýerde bardygyny bildigim ony tapjagymam, sözümiň üstünde är kimin durjagymam, oňa öýlenjegimem çynymdy. Emma ine, duýman durkam bulaşdym-da, kelebiň ujuny ýitirdim oturyberdim. Umydymy welin ýitirmedim. Men ony ömürboýy gözledim. Dynman, arman, ýadaman gözledim. Mekdebi gutaryp okuwa gidenimden soň, bäş ýyllap Aşgabadyň giň köçelerinden, seýil baglaryndan, tomaşa jaýlaryndan gözledim. Goşunçylykda gulluk eden döwürlerimde Kawkaz daglarynyň garly gerişlerinden, Russiýanyň, Gazagystanyň sergin sähralyklaryndan, Baltikanyň kenar ýakalaryndan gözledim. Ikimiz üçinem ömurlik ýaly bolup görnen, bir gowy düýşe meňzäp galan şol sapalyja günlerimiz, ätiýaçdan, önüp-ösen ýeri bolan çagalar öýüniň adresini dagam ýazyp alaýmandygym üçin ökünmekden ýaňa, ýumrugym bilen maňlaýyma ura-ura gözledim. Raýon keselhanasyndan bolsa her näçe gatnasamam belli bir adres alyp bilmedim. Ýok diýdiler. Tapamzok diýdiler. Ýa tapaslary gelmedi ýa-da onuň özi tapylmaz ýaly edip gidipdir. Garaz, tapylmady. Janhowluma Kubana gitdim. Bir ýerde çagalar öýi bar bolsa gözläp çykdym. Bolan ýerinem tapdym. Emma şu wagt nirededigini welin olaram bilmediler... «Çagalar öýi bir guşuň höwurtgesidir, ogul, bir uçurym bolansoňlar guşjagazlaryň özleri gelip habar tutaýmasalar ýa niredediklerini özleri mälim edäýmeseler höwürtge eýeleri kimiň nirededigini bilip bilmez» diýdiler. Ahyram okan uçilişesiniň adresini berdiler. Bardym. Olaram birgiden kagyzlary dördüler-dördüler-de: «Pylan respublikanyň pylan raýonynyň pylan obasynda bolmaly, şol ýere iberilipdir» diýip, meniň hut, öz obamyň salgysyny berdiler. «Wah, ol ýerde ýo-o-ok, ine, men şol ýerden geldim-dä» diýsemem: «Onda şol ýeriň raýon keselhanasyndan sorasaňyz aýdarlar nirä gidenini» diýdiler. «Bilenoklar-r...» diýip ýer depdim. Olaram nätsinler, eginlerini gysdylar-da, ellerini serdiler, şonuň bilenem gürrüň gutardy. ...Men şu ömrümde, soň-soňlaram, Swetlana atly gyza kän duş geldim. Emma, şol, her tary sünbüliň taryndanam inçe, ýüpek deý ýumşak, bir örüm tylla saçlary sagrysyna düşüp duran Swetlana welin duş gelip bilmedim. Belki, indi onuň o-ol, tylla saçlary özuniň altyn öwüşginini ýitirendir. Belki, başyna gyraw düşendir. Çal sependir. Belki, gök asman dek dury, jöwher deý ýiti gözleri öňküsine görä kütelişendir. Ýüzüne ýygyrt düşen bolmagam ahmal. Mümkin. O zatlar hiç. O zatlardan hiç kime-de gaçyp gutulma ýok. Ol zatlaryň barysy durmuşyň hökmany kanuny. Oňa bizem kaýyl. Esasy zat, onuň şu dünýäde bar bolmagy. Baş esen, bagry bitin ýaşap ýörmegi. Meniň ýaşap ýören dünýämiň bir künjünde onuňam ýaşap ýörendigini, meniň dem alyp ýören howamdan onuňam dem alyp ýörendigini meniň duýmagym. Onsoňam, keşp üýtgän hem bolsa, hünji deý nepis sözlerden düzüm-düzüm monjuk düzýän şirin zybany üýtgän däldir. Bir pukara oba oglanyny bäş günde ýigitlik ýoluna ataran, deň-duşlaryndan saýlap-se- çip, sekilli al bedewe ataran mährem ýüregiň ýylysy üýtgän däldir. Maňa şol ýürek, şol zyban bolsa bolany! Şol ýürek, şol zyban bilen ýene-de ýekeje gezek sözleşsem bolany! Maňa şondan başga hiç zat gerek däl!.. Men henizem saňa garaşyp ýörün, eý, ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak ýüzli maralym! Ömrümiň gülşeni! Ýaşlyk säherim! Ir düşen baharym! Gel! Gün gaty gijikmänkä, garaňky düşmänkä, meniň şo-ol, ilkinji gezek gapyňdan baranymlaky ýaly, iňrik doly garalmanka gel! Gyş düşüp zemin ak dona bürenmänkä gel! Pursatlar goldaka gel! Gel! Gel, ikimiz gol tutuşyp ýene-de şo-ol, gülşenli günlere, sapaly çaglara gideli. Ýene-de şo-ol, alysdaky obamyza baraly. Baraly-da, hiç kime duýdurman, ikimiziň bary-ýogy bäş günjük dowam eden eşretli günlerimize gurnalan ýadygärlige meňzäpjik oturan çaklaňja jaýyň gapysyny emaý bilen açaly. Içine gireli-de, ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly krowadyň üstünde ýanaşyk oturyp, geçen günlerimiz hakynda söhbet açaly. Hal-ahwal soraşaly. Ýaşlygymyzy ýatlaşaly. Durmuş hakda, gelejek hakda, çaga-çugalarymyz, öý-öwzarymyz, maşgala durmuşymyz barada dostlarça, köne tanyşlarça derdi-hal aýdyşaly. Edil öňkümiz ýaly, gyz terliginiň gaýmagyny bozman, oglanlyk säheriniň päkize asmanyny ýalanaç aýaklarymyz bilen basgylaman, bar zady öz bolmaly mütdedine goýup, ýene-de öňküjämiz ýaly tä daňdana çenli, howlukman adajadan-adaja sözleşeli oturaly. Şonuň üçinem şol ýerde oturyp her näçe sözleşsegem hiç kim indi bizden aýp-syn etmez. Hiç kim men zerarly boýnuňdan mähnet daşyny asmaz. Senem meni munça gümanlar içinde goýup, baky sergezdanlyga sezewar edip, näbelli sebäplere görä obadan çykyp gitmersiň. Menem seniň yzyňy yzlap ýollara çykman. Dor atyny ýüzin saldyryp kakam yzymdan ýetmez. Galan ömrüme seni görmejekdigimi ýüregime sygdyrybilmen, pynhan bir ýerde oturyp, zaryn-zaryn aglaman. Ol zatlaryň bary indi geçdi gitdi. Ol günler indi dolan diýsegem dolanmaz. Ýöne, bu baky asmanyň aşagynda seniň bilen ýene-de hiç bolman ýekeje gezek duşuşyp: «Sen nämüçin meni taşlap gitdiň? Onuň sebäbi näme?..» diýip sorabilsem, onuňam jogabyny öz agzyňdan eşitsem, köňlümde arman galmaz. Men senden ýene-de bir zat barada, mähriban doganjygyňy tapandygyň ýa tapmandygyň barada hem soraryn. Hut, şonuň üçinem men saňa garaşyp ýörün, eý, meniň merdana melegim!.. Ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary gerdenine düşüp duran Swetlanam! Meniň eziz Swetlanam!!. Juma Hudaýguly. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |