01:07 Ir süýnen ýyldyz | |
IR SÜÝNEN ÝYLDYZ
Edebi makalalar
Ýadymda, Akmyradyñ Watana dolanan günleri SSSR diýen imperiýa soñky günlerini başdan geçirýärdi. Türkmen kommunistleri bolsa, Moskwada bolup geçýän zatlara akyl ýetirip bilmän, Aşgabatda oturan ýerlerinden oda-köze düşýärdiler. Türkmen intelligentsiýasy, ýazyjylar, hudožnikler akyl-huşuna gelip, ýuwaşjadan janlanyp başlapdy. Gazetdir žurnallarda syýasy äheñli, ýiti pikirleri öñe sürýän, halkyñ öz ýoluny özüniñ saýlap almalydygy baradaky makalalar, nähili ýol bilen nebit-gazyñ hakyny almak, Watany çig mal çeşmesi ýagdaýyndan çykaryp, öñde baryjy döwletleriñ hataryna goşmak barada meseleler gozgalyp edilýän çykyşlar peýda bolýardy. Aşgabadyñ “Azatlyk” prospektiniñ ugrunda ýerleşýän “Köpetdag” restoranynda döredijilik adamlarynyň Azat türkmen jemgyýetini döretmek niýeti bilen guran ýygnanşygynda Akmyrat janygyp gürläpdi. Şonda biziñ köpimiz Leningraddan gelen we şol ýerde SSSR Ýazyjylar guramasynyñ agzalygyna kabul edilen, birnäçe rusça neşir edilen kitabyñ awtory bolan ildeşimizi ilkinji gezek diñleýärdik. Biz asla onuñ “Toýun oglanjyk” kitabyndan başga zadyny okamandyk, ol barada hiç zat bilemzokdyk. Ýöne nurana, inçemik at ýüzi, boýdan-başa ak geýnişi, selçeñräk owadan sakgaly, parahat hem sadalyk bilen garaýan gözleri, meniň göwnüme bolmasa, onuň aýdýan sözleriniň ýürekden çykýandygyna goşmaça bir delil ýalydy. Ol asla belent ses bilen gürlemeýärdi, dilewarlyk satjak bolmaýardy, köpbilmişsiremeýärdi. Onuñ äheñinden, gepinden-sözünden kalbynyñ düýp-teýkaryndan gaýdýan akyl ýetiriş ukyplylygy, edil günüñ nury ýaly, mese-mälim duýlup durdy. Beýle intelligentlik biziñ akyla we analize derek gykylyga we demagogiýa köp duşýan jemgyýetimize ýetmeýän zatdy. Biz derrew gaharlanýardyk, sesimizi gataldýardyk, ýa-da ýüzümizi kürşerdip, ähli sabyrsyzlygymyzy, dargursaklygymyzy daşymyza çykarýardyk. Dogry, o mahal biz birden diýen ýaly peýda bolan erkin şemala, başymyz aýlanan ýaly, göterilýärdik hem bu ajaýyp döwrüñ uzak dowam etmejegini añýan ýaly howlugýardyk. Emma bu ýerde howlugyp aljak galañ ýokdugyna welin ýeterlik düşünmeýärdik. Akmyrat bolsa, öz rahat durmuşyndan, Newa derýasynyñ ýakasyndaky ajaýyp şäherden hut şeýle howlukmaçlyk bilen gelenem bolsa, özi dymyp, bizi diñleýärdi, diñe şondan soñ öz pikirlerini aýdýardy. Şol “Köpetdag” ýygnanyşygyndan soñ, aramja damjalaýan ýagşyñ astynda Akmyrat bilen ýöräp gelşimize, men onuñ halk üçin, onuñ gelejegi üçin biziñ hemmämizden kän alada edýändigine, alñasaýandygyna düşündim. Şondanam biziñ kän bir bildirgisiz, ýöne gaty gysga bolan dostlugymyz başlandy. Ol käte meniň iş ýerime gelip, öz ýüregini çişirýän zatlar, bile-göre ýalñyş edilýän işler, ownuklyk, görüplik, gep-gybat barada ýanyp gürrüñ ederdi. Ýöne ol hiç zeýrenmezdi, aýdýan zadyny gysga, ýöne ömür ýadyñda galar ýaly edip aýdardy. Bu bolsa asla zeýrenç bolmaýardy-da, ýüregiñ sesi, paýhasyñ duýduryşy ýaly bir zat bolup eşidilýärdi. “Köpetdag” restoranyndaky ýygnanyşyga gatnaşanlaryñ ýadyndadyr, şondan soñ KGB erkin pikirliligiñ garşysyna bir topar çäre görüpdi. Bu çäreler soñy bilen erkin pikirli ýaşlaryň, ýazyjylardyr hudojnikleriň kem-kemden gyra çekilmegine, yolbaşçy kürsülerde oturan adamlaryň bolsa, uçdantutma diýen ýaly ogurlyga ýatmagyna getirdi. Akmyrat Şir türkmen jemgyýetçiliginiñ arasynda birden peýda bolşy ýaly, birden hem gaýyp boldy. Ony öz dogduk obasyna, ata-babalarynyñ ýatan Işanrabat gonamçylygyna alyp gitdiler. Biz bolsak, Akmyradyñ Aşgabat şäherindäki öý-ojak tutunan ýerinde, mikroraýon jaýynyñ öñündäki meýdançajykda gözümizi ýaşlap galdyk . . . Men Akmyrat baradaky şu ýazgylary kän wagtlap ýazyp bilmän geldim, birden bir bijaý söz ýazyp, onuñ ruhuny ynjydaýmaýyn diýip gorkdum. Asla onuñ aramyzda ýokdugyny, onuñ ýoklugynda ýatlama ýazmaly bolýandygymy boýun alasym gelmedi. Ýöne wagt bar zady boýnuña goýýan eken. Akmyradyñ oýulup galan ýeri, edebiýatda etmeli işleri bolsa, onuñ ýokdugyny her gün, her sagat duýdurdy durdy. Biz, ýaş ýazyjylar Akmyratda öz edebi liderimiziň we egindeşimiziň keşbini görüpdik, emma bu liderligiň we egindeşligiñ geljekde özümiz üçin şeýle zerur boljagy, emma onuň hiç tapylmajagy barada pikir etmändik. Şahyr Gurbannazar Ezizow öz wagtynda edebi liderligi gaýtalap bolmaz derejede döredip gidipdi. Gurbannazardan soñky şahyrlar onuñ mesaña yzy bildirip duran edebi medeniýetine maýyllyk bilen ýaşaýardylar, ondan güýç-gurbat alýardylar. Ezizowyñ döredijiligi türkmen edebiýatynda uly bir basgançagy, täze galkynyşy, derejäni, ösüşi alamatlandyrypdy. Ýöne Gurbannazaryñ döwri başga döwürdi, onuñ döredijiliginde Lenin temasy hem, Stalin bilen Hitleriň syýasy däliliginiň we adamhorlugynyň netijesi bolan II Jahan Urşy hem esasy temalardy. Wagt bolsa, eýýäm leninçiligiñ hem, sowet watançylygynyñ hem näderejede galplyk bilen gurşalandygynyñ üstüni açyp ýöpdi. Ine, şu döwürde-de Akmyrat Şiriñ kyssasy biziñ nazarymyzy egläpdi, onuñ özi peýda bolupdy. Indi edebiýat diñe bir edebiýat däldi, eýsem, syýasatdy hem. Indi biz edebiýatda diñe bir döwlet ideologiýasynyñ çäginde pikir ýöretmäge kaýyl däldik, erkinligi, azatlygy, milli ideýalary, demokratiýany dabaralandyrmak meýlimiz bardy. Akmyrat Şiriñ döredijiliginde biziñ erkinlik meýlimize gabat gelýän ruh bardy. Ol türkmen obalary, olardaky ýaşaýyş, ýaşlaryñ arasyndaky gatnaşyk barada türkmen ýazyjylaryna gaty bir mahsus bolmadyk täzeçillik, açyklyk bilen ýazýardy; gyz-oglanyñ arasyndaky gatnaşyklary, maşgalada bolup geçýän zatlary socialistik realizmiñ ýa-da şol realizmi wagyz edýän edebi tankydyñ nazarýetine beýle bir gabat gelmeýän hörpde beýan edýärdi. Bu eýýäm edebiýatda dowam edýän ýasamalygyñ, galplygyñ, göwnüňdäkini, bar zady däl-de, talap edilýän zady ýazmagyñ soñunyñ gelýänligini añladýan bir alamatdy. Akmyrat Şiriñ döredijiligindäki täzelik ruhy rus hem ýewropa edebiýatyndaky öñdebaryjy äheñleriñ, tendenciýalaryñ milli formada şöhlelenmesi ýaly bir zatdy. Onuñ terbiýesi, okuwy biziňkä garanda has ýokarydy, edebi medeniýeti, tejribesi uludy. Akmyrat Şir türkmen okyjysyna düýpden tanyş däldi diýsek ýalñyş bolar. Heniz Akmyrat Watana dolanmanka hem biz ol barada eşidýärdik, Moskwa, Leningrada gidip gelen ýazyjylar rus edebi jemgyýetçiliginde Akmyrat Şirowyñ adynyñ uly hormat bilen tutulýandygyny, onuñ gelejegine uly umyt bildirilýändigini buýsanç bilen gürrüñ berýärdiler. Soñ biz, başda hem aýdyşym ýaly, Akmyradyñ özi bilen ýakyndan tanyş bolduk, onuñ eserlerini ilki rus dilinde, soñ bolsa türkmen dilinde hem okap başladyk. Sebäbi şol döwürde “Ýaşlyk” jurnaly Akmyradyñ eserleriniñ terjimesini çap edip başlapdy. Ol bir gezek maňa türkmençe ýazasynyñ gelýändigini, öz zatlaryny özüniñ terjime edesiniñ gelýändigini, emma indi muňa wagtynyñ azdygyny aýdypdy; ýazasy gelýän zatlaryna şeýle-de ýetişip bilmeýändigini, rusçadan türkmençä geçmegiň bolsa, ilki bilen-ä kyn boljagyny, soňam esli wagt aljagyny boýun alypdy. “Türkmenistan” neşirýaty Akmyradyñ eserlerini rus dilinde çapdan çykaranda, dogrusy, biziñ begenjimiziñ çägi bolmandy. Biz türkmen kyssasynyñ täze hem gujurly, rus dilinde ruslaryñ özünden asla kem ýazmaýan wekiliniñ peýda bolanyna buýsanýardyk. Akmyradyñ gahrymanlaryny, türkmen obalaryndaky päkligi, Baky we Merýem obrazyny bolsa, türkmen kyssaçylygyndaky täze bir dereje hökmünde, türkmeni nädip açmalydygynyñ mysaly hökmünde ýüregimizde göterýärdik. Soñ, 1992-nji ýylda täze dörän “Ruh” neşirýaty Akmyrat Şiriñ “Älem ruhy” powestini türkmen dilinde neşir etdi. Bu eserde gürrüñ rus durmuşy, rus adamlary barada gidýärdi. Powestiñ baş gahrymany Tanýa atly rus gyzydy. Wakalar bolsa, türkmene o diýen tanyş bolmadyk ylmy institutyñ içinde we daşynda, sowet ýyllarynda üstüne kän gum sürlen jadygöýlük ylmynyñ töwereginde bolup geçýärdi. Akmyradyñ bu eseri rus okyjylarynyñ, edebi tankytçylarynyñ arasynda-da uly jedel döredipdi, powest gysga wagtyñ içinde iki gezek neşir edilipdi. “Älem ruhy” powesti birbada çuññur ylmy powest ýaly bolup görünýän-de bolsa, onuñ gahrymanlarynyñ biri Spartak Mahmudowiç Ipatow okyja o diý7en düşnükli bolmadyk zatlar hakynda gürrüñ edýän-de bolsa, ahyrynda eser çylşyrymlylykdan ýönekeýlige gelýär we pikiri, ideýany şeýle bir sadalyk bilen açýar welin, esli wagtlap bu eseriñ täsirinden çykyp bilmän gezýärsiñ. Ilki bilen aýtmaly zat, ýazyjynyñ juda çynlakaý hem çuñ pikir edýänligidir. Bu powest Akmyrat neressäniñ özüne, öz ruhy dünýäsine şeýle ýakyn eser, birbada çylşyrymly, çuñ, ýöne şonuñ bilen birlikde örän sada hem ýönekeý. Powestiñ baş gahrymany Tanýa praktikant gyz, ol ýañy durmuşyñ çetinden girýär. Onuñ arassalygy, sadalygy, asla durmuşa taýyn däldigi başky hereketlerinden hem görnüp dur. Ýazyjy şu sadalygyñ hem arassalygyñ garşysyna eýýäm uly durmuş tejribelerini toplan hem şeýtana sapak beren diýen derejä ýeten Ipatowy, ylmy-barlag institutynyñ orta ýaşan işgärini goýýar. Ipatowyñ edýän gürrüñleri, geçirýñn tejribeleri Tanýa hem onuñ jorasy Maşa juda gyzykly bolup görünýär. Ýöne Ipatowyñ ahlak hakyndaky ilki biraz üsti örtülen, soñ bolsa has açyk hem bihaýalyk bilen beýan edilýän pikirleri dura-bara Tatýananyñ gözüni açýar. Tanýa özüniñ aldananyny bilýär. Emma Ipatow şeýle aldawdan hem aldan her bir adamyñ geçmelidigini, bu durmuşda arassa ýaşamagyñ mümkin däldigini, arassa ýaşamagyñ kyndygyny ynandyrjak bolmasyny dowam edýär. Ine, biziñ pikirimizçe, ýazyjynyñ ruhy, ýagny ähli pikir-ündewi, kalp maýasy hem şu ýerde! Gep ol ýa-da beýleki milletde, milli çygyrlarda, häsiýetde ýa ganda hem däl, gep bütin adamzat ýaşaýşynyñ özenlerini kesgitlemekde. Bu özende adam, göräýmäge, bir kemsiz ýaşap gelýär, ýöne ony her döwür bir hili ýagdaýa salýar. Adam özüne, öz kalbynyñ çuñundan gaýdýan arassalyga, päklige ynanmalymy ýa-da töwereginde bolup geçýän hapaçylyklara uýgunlaşmaly? Ýazyjy şeýle soragy keserdip goýýar. Akmyradyñ durmuşdaky hapaçylyklara öwrenişmeli, adamyñ her bir edýän hereketi, eger ol şoña mejbur bolýan bolsa ahlaklylykdyr diýýän gahrymany Ipatow öz gürrüñdeşlerinden: “Sen düýşüñde uçýañmy?” diýip soraýar. Eýsem bolsa, bu mesele ylmyñ öñräkden öwrenýän obýekti bolup durýar. Ýöne şeýle ylmy derñewlerden daş adam bu soraga birbada tisginýär. Sebäbi diýseñ, her bir adam ýaşlykda, esasan hem çagalyk ýyllarynda düýşde asmana göterilmek, uçmak diýen zady kän gezekler başdan geçirýär. Islendik adam eneden ap-akja bolup dogýar, ýüregi ýarylan ýaly aglap gelýär. Sebäbi gelinýän ýer oña nätanyş, gorkuly. Ol ozal ene garnynda, bu ýagty dünýeden üzñe bir ýerde daşy gabalgy ýatyr. Ýöne ol özüniñ ýaşaýyşa gelýändigine, gelmelidigine, düşünmeýär. Bir günem şol düşünmeýän dünýäsine gaýyp düşýär. Şondan soñ çaganyñ, ynsanyñ kalbynda kän-kän özgerişler bolup geçýär. Ol öz çaga päkligi bilen asmana – asmana göterilip gidýär. Soň durmuş ýowuzluklary ony ýowuzlyga itekleýär. Adamyñ çaga ýüregi gataýar, rehimsizleşýär. Hatda käte daşa-da dönýär. Ýöne bu durmuşda daşa dönen ýürek bilen ýaşamak mümkin däl. Daşa dönen ýürek, şeýle ýürekleriñ ýeke däldigine garamazdan, ýeke ýürekdir, ýalñyzdyr. Ýalñyzlyk bolsa, Akmyradyñ Ipatowynyñ başyndan inişi ýaly, her kimiñ başyndan inip biler. Şonda ony daş ýürek bilen, töwerekdäki hapaçylyklara uýgunlaşan hem şol hapaçylyklaryñ ýörelgesi bilen ýaşan ýürek bilen çekmek mümkin däldir. Elbetde, meniñ gürrüñlerim Akmyrat Şiriñ döredijiligi bilen tanyş bolmadyk adamlar üçin o diýen düşnükli däldir. Şonuñ ýaly-da, türkmen edebiýatynyñ şu günki ýagdaýy bilen tanyş bolmadyk adamlar hem bu gürrüñe gereginçe ähmiýet bermezler. Ýöne başga bir hakykatam bar, edebiýat käte bütin bir halkyñ ruhuny, islegini, hatda gelejegini hem kesgitläp bilýär. Sergeý Ýeseniniñ inçe lirizme ýugrulan goşgulary rus halkynyñ kalp aýdymydy. Wladimir Wysockiniñ aýdymlary bolsa şol aýdymyñ belli bir derejedäki dowamy bolup ýañlandy. Türkmenlerde bolsa, edebiýat işi, söz senedi ýowuz synaglara uçrady. Ýigriminji, otuzynjy ýyllardan başlanan demir gysaç edebiýaty ne eýläk, ne-de beýläk butnatdy. Ine, ýañam täze bir eýýýam başlanypdy. Gurbannazar Ezizowyñ, Halyl Kulyýewiñ, Nury Halmämmedowyñ döwri gelipdi. Ýöne bu döwür edebiýatymyz hem sungatymyz öz galmaly belentligine doly galyp bilmedi. Annasoltan Kekilowa ýaly zehin öçüp galdy. Garaşsyzlygyñ öñ ýanlarynda, ondan soñ dörän az salymlyk erkin döwürde bolsa, juda köp zatlara umyt döreden galkymlar göründi. Bapba Gökleñiñ şygyrlary, Akmyrat Şiriñ kyssasy ýañy okyjylara ýetip başlapdy. Türkmen edebiýatynda ideologiýa ugry, ýöntemlik yza süýşmelidi. Konýunktura, çemeçillik, döwrüñ talap edýän polojitel gahrymanynyñ obrazyny döretmek, liriki gahrymanyñ gaýduwsyz obrazy we beýlekiler baradaky talaplar taşlanmalydy. Ýöntem dialoglarda gahrymanyñ berk poziciýasyny beýan eden bolmak ýaly, wakalaryñ çuñ social köküni açmazdan akyl satmak ýaly ýarymçyklyklar ret edilmelidi… Akmyrat Şiriñ ýazyjy hökmündäki ruhy hut şu nogsanlyklara garşy döräýen ýalydy. Onuñ gahrymanlarynyñ dialogy çuñdy, pikir etdirýärdi. Hatda onuñ gahrymanlarynyñ tobasy, boýun almalary hem üýtgeşikdi, ýürege ýakyndy. Onuñ gahrymany “YHLAS BILEN ÜSTI ÖRTÜLEN, GÖZE GÖRÜNMEÝÄN URUŞ BARÝAR” diýende örän we örän mamaldy. Adam şol urşa girip, ýeñilmejek bolup ýeñilýärdi. Şol urşuñ adalatsyzlyklarynyñ içinde adalatsyzlyga uýgunlaşýardy we öz kalbyndaky arassalyklary, hakyky ynsançylyk duýgularyny harap edýärdi hem-de durmuşyñ adamlar tarapyndan döredilen kynçylyklarynyñ öñünde ýeke-ýalñyz galýardy. Ýazyjynyñ ruhy “betbagtlyga uçranlar nirä, haýsy ýana ýüz tutmaly? diýip soraýar. “Añyrsyna ýetdirenler näme etmeli? Olara kim ýardam eder? Adamlaryñ şahsy betbagtlygy bilen haýsy edara meşgullanýar?” “Adamlar öz durmuşlaryny özleri dowzaha öwürýän ejizje mahluklarmy ýa-da olar bu ýagdaýdan bir netije çykarmaga ukyplymy? Müñlerçe we müñlerçe adamyň öz janyna kast etmegine kim günäker? Bir sebäpkär bolmalydyr ahyryn? Bu gülläp ösmeklig-ä däldir, heläkçilige, betbagtçylyga jogap ýokmy?” Akmyrat Şiriñ ýazyjy ruhy öz gahrymanynyñ içki dünýäsi bilen birleşýär. Onda ne bir otrisatel, ýagny ýigrenji “gahryman”, ne-de polojitel, päk ýürekli gahryman bar, olaryñ hemmesi onuñ üçin deñ hem ýalñyşýan adamlar. Ýöne ýalñyşlyk adamy gutulgysyz bir ýagdaýa salmaly däl ahyryn. Ine, Tanýa etekde ýatan zibilhananyñ üstünden barýar, üstüni gar basan zibiliñ içinde ýemşik-ýumşuk bolan maşynyñ kabinasy çalaryp görünýär. Ol şeýle bir ýenjilipdir welin, barmak basar ýalam abat ýeri galmandyr. Tatýananyñ göwnüni şol maşyna meñzedip, ýazyjy öz ruhuny ýagdaýyny beýan edýär. Çisñäp ýagyş ýagýar, ýazyjynyñ ruhy bolsa, gahrymany bilen entäp ýörşüne, piwo satylýan dükanjygyñ üstünden barýar. Adamlar hapaçylykda oturan ýerlerinden piwo içýärler, serhoş bolup yranjyraşýarlar. Tatýananyñ hem piwo içesi gelýär, özüni unudasy gelýär, emma hapaçylyga, serhoşlaryñ porsy ysyna çydaman yza dönýär. Eseriñ pikir kulminaciýasy ýa-da düýp manysy hem şu ýerdemikä diýýärin. Adam hapaçylykdan, özüni harlamakdan yza dönmeli. Onuñ üçin iñ ýokary hakykat şundan ybarat. “Öz töwereginden daş durmaly däl ekeni. Goldaw-ýardamdan aýrylyşasyñ gelmese, öz topragyñdan – gögeren ýeriñden daş düşmeli däl ekeni. Ruhy iýmitinden kesilmejek bolsañ, hudaýyňdan daş düşmeli däl ekeni. Men ýokary hakykata barýandyryn öýdüpdim, emma özümi ýok etmäge barýan ekenim...” Bu gara jadygöý Ipatowyñ tobasy, ýöne ýazyjy muny bütin bir jemgyýetiñ nazary hökmünde öñe sürýär, onuň şeýle nazarýet hökmünde kabul edilmegini isläp ýanjaýar. Ýogsa, bir ýa iki adamyñ ýalñyşany bilen we özüni ýeriñ göbegi hasaplany bilen jemgyýete hiç bir howp abanmaýar, gep şeýle ýowuz keseliñ her bir adama, her bir jemgyýete ýokuşmaga ukyplylygynda. Piwo dükanjygynyñ hapaçylygynda oturyp piwo içýän adamlar şol hapaçylygy özleri döreden adamlar. Olar öz yzlaryny süpürjek däller, arassaçylyga gadyr goýjak däller. Şonuñ üçinem olar hapanyñ içinde oturmany hiç zatça görmeýärler. Ýöne durmuşdaky hapaçylyklar diñe piwohananyñ içindäki ýa töweregindäki hapaçylyklar bilen çäklenmeýär. Ol seniñ hapaçylyga kaýyllygyña görä artyp hem harman ýasap gidip otyr. Hapaçylygyñ içinden geçip, ýene hapaçylyga gaýdyp gelmek hem bar. Oña öwrenişýänlerem ýeterlik. Ýöne ýazyjynyñ düýp-teýkary bilen hapaçylyga, ejizlige, nalajedeýinlige garşy ruhy beýle öwrenişmäni ret edýär. “Sen üýtgäpsiñ, sen indi başga” diýip, Tatýana ýol ugrunda gabat gelen ýaş ýigit aýdýar. Tatýana bolsa oña: “Gepem şonda” diýip jogap berýär. Hawa, gepem şunda. Adam üýtgemeli, ol hapaçylyga, aldaw- hilelere, öz-özüñi ahlaksyzlyga öwrenişdirmäge kaýyl bolmaly däl. Ol hapaçylykdan soñam ýene öñki päkligine, arassalygyna gaýdyp gelip biler. Birneme ýowuzlaşar, gatar, endamyny hem berkider, häsiýetini hem. Emma munuñ asla zyýany ýokdur, gep asyl päkligiñe, zandy arassalygyña, hakyky ynsan bolup ýaşamaga gaýdyp gelmekdedir. Sebäbi diýseñ, gep seniñ haýsydyr bir ylmy institutda ýa-da mekdep çagalarynyñ gykylygynyñ içinde işläniñde däl, gep adama mahsus arassa duýgularyña wepalylykda. Ata-babalaryñ päkligine wepalylykda. Akmyradyñ ýazyjy ruhy mende şeýle pikirleri oýarýar we mydama belent duýgulara, gowy, dürs adam bolup galjak bolmaga, adamkärçiligimi saklamaga itergi berýär. Galkan BALKAN OGLY. 09.03.2013. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||