09:51 Isgenderiñ diwary | |
ISGENDERIŇ DIWARY
Edebi makalalar
Ýurdy, döwleti saklamak üçin nämeler edilmändir! Galalaryň, şäherleriň töweregine belent diwarlar galdyrlany bilen oňulman, ony tutuş ýurduň daşyna-da aýlapdyrlar. Onuň ajaýyp nusgasy hökmünde adamzat baryp-ha biziň eýýamymyzdan öňki üçünji asyryň aýagynda imperator Sin tarapyndan bina etdirilen Hytaý diwaryna haýran galyp seredýär. Ol bu gün adamyň güýjüniň, zehininiň taryhy nusgasyna öwrüldi. Geçmişde ýene bir ägirt diwar bolupdyr. Gynansagam, ol biziň günlerimize ýetmändir. Oňa Isgenderiň diwary diýilýär. Çomur halklar çarwa taýpalarynyň tozduryjy çozuşlaryndan dynmak üçin menzil-menzil diwarlar galdyrypdyr. Mahalyň geçmegi bilen olaram ýumurlypdyr. Isgenderiň diwaram ýumrulypdyr. Orta Aziýa syýahat eden Wamberi onuň harabalaryny görüpdir, gören eşidenleri barada gymmatly ýazgylar galdyrypdyr. “Men bu gadymy binanyň günbatar çetini görmänim üçin oňa ähmiýetem berip durmadym, ýogsa ol hakdaky gürrüňler bilen halys gulak etimi guradara geldiler. Gündogar çetine çykanymda diwaryň başlangyjynda iki ujuň bardygyna gözüm ýetdi. Bir ujy demirgazyk-gündogardaky Kümüşdepede. Deňiziň boýundalygy, töwerekde harabalaryň köpdügi diwaryň şu ýerden başlanýandygna güwä geçýär. Ikinjisa Etrek deýasyndan günortada, iňlis ölçeginde alanyňda 20 mil daşlykda, deňize golaý. Biraz ýokarda Altyn Tokmak diýen ýerde iki ugur birleşýän ekeni. Ony iki-üç fut belentlikdäki depelere seredip bilse bolýar. Diwaryň her müň ädim aralygynda gorag diňleriniň haraba tümmekleri ýatyr, olar ölçeg taýdan bir meňzeş bolan bolsalar gerek. Diwar boýlarynda başga-da uly tümmekler bar, men olary barlamagy höwes bilen başgalara galdyrýaryn. Olaryň käbirini türkmenler gazyp görüpdirler. Maňa gürrüň bermeklerine görä, onuň içinde dört burç jaý bolup, jaýda kagyzyň galyňlygynda ýasalan uly hum bar ekeni. Humuň içindäki gurşun reňk külüň arasyndan birnäçe altyn teňňe, gaýry gymmat baha zatlar tapypdyrlar. Şonuň üçinem diwaryň tümmeklerine “gyzyl alaň” diýip at beripdirler. Isgender diýlende Isgender Zülkarneýniň göz öňünde tutulýandygy size mälimdir. Magtymguly şeýle diýýär: "Isa, Mähti gelse, adyldyr, zatdyr, Ýajuç-Mäjuç gelse, zulum haýhatdyr." Ýajuç-Mäjujyň nämedigini habar bermekden öň, ilki bilen A.Meredow bilen S.Ahallynyň sözlügine seredeliň: “Ýajuç we Mäjuç-Kuranda ady tutulýan bir wagşy taýpanyň ady. Dini rowaýata göra, Isgender Zülkarneýn köp ýerleri basyp alanda, wagşy bir taýpa gabat gelýär, oňa Ýajuç-Mäjuç diýilýär eken. Şol taýpanyň goňşuçylygynda bolsa, medehiýetli bir halk ýaşapdyr. Şol halk Isgendere ýüz tutup, olar bilen wagşy taýpanyň arasyndan bir diwar çekmegi haýyş edýärler, wagşy taýpanyň talaňyndan goranmak isleýärler. Käbir alym Ýajuç-Mäjuç taýpasy tatarlar we çekilen diwara-da Hytaý diwary diýip tassyklaýarlar”. Şu rowaýata E.Taýlor hem “Ilkidurmuş medeniýeti” diýen kitabynda degip geçýär. Ýajuç we Mäjuç taýpany ol “gogow we mogow” diýip alýar. Olar ýeri-gögi tutup, dünýäni ýalmap barýarmyşlar. Beýle häsiýetnamany okan adam aňsatlyk bilen mongollary göz öňüne getirse gerek diýip awtor ýazýar. Elbetde. Hytaý diwaryna Isgenderiň diwarynyň dahylynyň ýokdugy bize belli. Ýöne tatar taýpasy barada aýdylany beýik alym Abureýhan Birunynyň sözi bilen delillendirse boljak. Ol “Geçen nesilleriň ýadygärligi” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Ýurtlaryň hem şäherleriň ady tutulýan “Jugrafiýa”, “Ýollaryň hem döwletleriň kitaby” atly kitaplarda aýdylyşyna görä, Ýajuç we Mäjuç atly halk bäşinji hem altynjy howa guşaklygynyň başynda ýaşaýan gündogar türkleriň bir bölegidir”. Birunynyň şol kitabynda getirlen ýene bir hekaýata ýüzlenip aýtsak, halyf al-Mutasim erbet düýş görýär. Düýşünde Isgenderiň diwaryny basyp alýarlar. Ol elli sany adamy haýdan-haý ugradyp, bolan ahwalaty gözüňiz bilen görüp gaýdyň diýýär. Çaparlar Bab-al-Abwabyň ýoly bilen gidip, lanlaryň hem hazarlaryň ýurdundan aşyp, diwara ýetýärler. Görseler diwar demir böleklerden bina edilip, bölekleriň arasyna-da misi eredip guýupdyrlar. Diwaryň gulp urlan derwezeleri bar ekeni. Onuň golaýynda sakçylar durupdyr. Muny gören çaparlar yza dolanmakçy bolýarlar, ýolbelet olary Samarkandyň garşysyndaky welaýata alyp barýar. Şu detallara salgylanyp otursaň geçen asyryň ortalarynda Wamberiniň gören diwarynyň hakykatdanam Isgendere ýöňkelen diwardygyna ynanýarsyň. Isgender Zülkarneýn dünýä taryhynda Aleksandr Makedonskiý ady bilen meşhur. Ol biziň eýýamymyzdan ozalky dördünji asyrda ýaşap geçen beýik serkerde. Ol Eýranda ahemeniler dinastiýasyny dargadýar, ýurdy basyp alýar, Orta Aziýa-da onuň häkimligine boýun egdirilýär. Aleksandr taryha grek-ellin medeniýetini ýaýradyjy, progressiw häsiýetli adam hökmünde girýär. Ol Çingiz han ýaly diňe ýumurmak bilen meşgul bolmandyr, basyp alan ýurtlarynda gözel ymaratlar gurdurypdyr, onuň adyny göteren şäherleriň aňyrsy-bärisi ýok. Gadymy Merwe-de onuň dahyly bar. Magtymguly: "Isgender, Jemşit saldyran, Beýik binalar görüner - diýýär. Isgender-Aleksandr dünýä edebiýatynyň hemişelik obrazyna öwrülýär. Ol diňe beýik serkerde, döwlet işgäri hökmünde däl, dana adam, filosof hökmünde-de görkezilýar. Gündogar poýeziýasynyň ýyldyzyny asmana çykaranlardan Firdöwsi, Nyzamy, Dehlewi, Jamy onuň obrazyny özleriçe işläp, edebiýatda mynasyp eser döredýärler. Lýusian Klimanowiçiň “Gurhan hakyndaky kitabynda” berýän maglumatlaryna salgylanyp aýtsak, Aleksandr Makedonskiý dirikä onuň harby ýeňişleri döwürdeşleriniň akylyny haýran edipdir. Ol hakda ýörgünli hekaýatlarynyň 80 görnüşi 24 dilde ýazylypdyr. Olaryň aglabasy biziň eýýämimizden ozalky iki ýüzünji ýyllaryň töwereginde Müsürde grek dilinde düzülen ýygynda girizilipdir. Beýle diýilse, onuň etmişleri uçdantutma makullanypdyr diýip düşünmeli däl. Isgender Eýrany basyp alanda otparazlaryň hramlaryna talaň saldyrýar, mukaddes kitaplarynyň ýoguna ýandyrýar, ruhanylary sergezdanlyga sezewar edýär. Munuň üçin ol otparazlaryň arasynda näletlenip bet işiň, zalymlygyň nyşanyna öwrülýär. Zülkarneýn hakynda Gurhanyň “Gowak” (“al-kahf”) on sekizinji süresinde birnäçe aýat bar. Hekaýatlary öz dilimizde aýtmakçy: Adamlar Zülkarneýn hakda aýdyp bermegi soraýarlar. Ol hakda ýatlamany beýan eýläýin. Biz zeminde onuň güýjüni zyýat etdik, herki zada ýoluny açdyk. Ol bir ýol bilen gitdi. Gidip barşyna günüň ýaşýan ýerine ýetdi, görse gün porsy çeşmä batyp barýar. Çeşmäniň töwereginde adamlar duran ekeni. Biz: “Zülkarneýn, sen olary ýalka, ýa-da jezalaryny ber” diýdik Ol haýyr işiň rehim-şepagata, şer işiň hudaýyň gazabyna duçar boljakdygyny aýtdy. Soňra öz ýoly bilen gidiberdi, günüň dogýan ýerine ýetdi, günden goragsyz adamlary tapdy. Soňra iki berkitme arasyna düşdi, ol ýerde söze düşünýän adamlary gördi. Olar Ýajuç-Mäjuçdan özlerini goramagy ýalbaryp haýyş etdiler. Ýajuç-Mäjujyň ynsana ýagy bir jandardygyny, ýer ýüzüne haramlyk ýaýradýandyryny aýtdylar. Zülkarneýn Allanyň merhemedi bilen bu ýagydan adamlary gorajagyny aýan etdi, adamlaryň özüne kömek bermeklerini haýyş etdi. Soňra demir bölekleri ýanaşdyryp, iki eňňidiň arasyndan egindeş diwar galdyrdy. Aradaky boşluklary ergin metal bilen doldurdy. Bu diwara ýajuç-mäjuçlar münübem biljek däldiler. Bu berkitme diňe Allanyň emri bilen kyýamat gün kül-owram bolmalydy. Yslamşynas M.Piotrowskiniň pikirine salgylanyp aýtsak, Zu-l-Kar-naýn - arapça “iki şahly” diýmek. Gündogarda şah güýç-kuwwat nyşany. “Şahly” diýen lakamy patyşalar, häkimler göteripdirler. Ýöne, Aleksandr Makedonskiý bu lakamyň çyn eýesi hasap edilipdir. Aleksandr hakyndaky roman gadymy edebiýatyň meşhur eseri hökmünde tanalypdyr. Esere Siriýa hristianlarynyň arasyna ýaýran rowaýat hem giripdir, şeýlelikde Zülkarneýn yslama çenli ýaşap geçen arap şahyrlaryna-da mälim ekeni. Onuň iki şahynyň manysyna düşünmek üçin Birunynyň ýokarky kitabyna salgylanýarys. Onuň ýazmagyna görä Aleksandr durmuşda nähili çäre gören bolsa nähili pikir aýdan bolsa mugallymy Aristoteliň paýhasyna, filosofiýasyna daýanypdyr. Zulkarneýn hakykatdanam Filippiň ogly Aleksandr-günüň dogýan, batýan ýerine ýeteni üçin Günüň şahlaryna mynasyp bolan adam. Düşündirişe salgylansaň Zülkarneýn aýry-aýry iki şahadan emele gelipdir. Olaryň biri rumlar, beýlekisi parslar. Muny iki halkyň hersi öz bähbidine, mertebesine laýyk düşündirýär, özem duşmançylyk nukdaýnazardan. Parslar: Aleksandryň ejesi Flipp patyşanyň gyzy ekeni, şoňa Eýran şasy uly Dari öýlenipdir, emma gyz bedeninden gelýän ys Dara ýaramandyr, şol zerarlam ony atasy öýüne gaýtarypdyrlar. Gyzyň göwresinde çaga galypdyr, şol çagada Aleksandr bolmaly. Çagany babasy Flipp terbiýeläpdir, şol sebäpli çaga onuň adyna ýöňkelipdir. Parslar muňa degerli delil hökmünde bir wakany esas edinýär Aleksandr Eýrany eýelände Dari ondan gaçyp gutulmakçy bolýar, emma başaranok. Ýaraly, ölüm halynda ýatan Dariniň ýanyna Aleksandr gelýär. Ol Eýran patyşasynyň kellesini dyzynyň üstüne goýup: “Eý dogan, aýt kim seniň janyňa kast etdi, kimem bolsa, men ondan seniň aryňy alaýyn” diýenmiş. Hakykatda Aleksandryň Dara beýle ýüzlenmeginiň sebäbi başga ekeni. Ölüm halyndaky adamyň ýagdaýyna haýpy geleni üçin, onuň ýönekeý adam däl-de, özi ýaly häkim bolany üçin diýipdir. Ýurduny ýitiren adama şa diýib-ä ýüzlenip boljak däl, diňe adyny tutup, ony garamaýagyň derejesine çenli peseltmegem Aleksandr ýaly paýhasly häkimiň etjek zady däl. Eger şeýdäýen bolsa, beýiklere gelişmeýän gödeklige ýüz uran adam bolardy. Elbetde, Birunynyň parslaryň delilini üýtgetmän alandygyna düşünýäris. Ýogsam, taryhyň ýyl hasabyndan uly Dariniň Aleksandryň ejesine öýlenmejegi aýdyň. Dari-II Aleksandryň dünýä inmezinden 48 ýyl öň aradan çykýar. Aleksandryň dogan döwrüne gabat getirjek bolsaň, onda ahemeni şalaryndan Artakserks-III adyny tutmaly. Ol Aleksandryň dünýä inmezinden iki ýyl ozal tagta çykýar. Aleksandrdan ýeňlen şa Dari III-njidir. M.Piotrowskiý Isgenderiň diwaryň galdyrylyşyndaky tehniki detallara üns bermegi ündeýär. Onuň demirden guýulmagy, gadym hem orta asyrlarda “Demir derwezeler” hakynda ýaýran rowaýatlar bilen gatnaşygyň bolup biljekdigini ähtimal edýän alamat diýýär. “Demir derwezeleriň” Gündogarda siwilizasiýany goramak üçin edilendigini, käbir ýerde Kawkazyň, Orta Aziýanyň çäklerinde bolupdyr diýlen çaklamanyň bardygyny aýdýar. Belki, Wamberiniň Isgenderiň diwary hakyndaky ýazgysy şol çaklamalary aýyl-saýyl etmäge ýardam edýän degerli delilleriň biridir? Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||