17:22 Işiñ içindäki iş | |
IŞIÑ IÇINDÄKI IŞ
Publisistika
Şu günlerde koronawirus (COV 19) hakynda ýazmadygy urýarlar! Şu günlerde Mübariz Mansimow Gurbanoglynyñ tussag edilmegi barada ýazany-da urýarlar! Bu tussag edilme adaty bir wakamy? Habarlaryñ hemmesinde ýekeje jümle geçdi: “FETÖ terrorçylykly guramasy bilen arasynyñ bardygy üçin tussag astyna alyndy”. Guramanyñ käbir ýolbaşçy agzalary bilen jañlaşandygy ýazyldy. Başga hiç hili maglumat ýok… Bu azerbaýjan işewürini men tanamok... FETÖ bilen ýakynlygy barmy-ýokmy, onam bilemok. Okanlarymdan düşünenim şu boldy: Ol "Forbes" žurnalynyñ ýazmagyna görä dünýäniñ iñ baý 500 milliarderiniñ arasynda görkezilen işewürleriñ biri. Şahsy hasabyndaky baýlygy bir ýarym milliard dollar… Asyl edýän işi nebit daşama işi: 129 tankeri bardy. Russiýanyñ nebtiniñ ýarsyny şol daşaýardy. Iñ esasy müşderisi BP-dy… Ýigrimi bir ýurtda ofisi bolan üç milliard dollarlyk “Palmali” şereketler toparynyñ başlygydy… Tramp Prezidentlige saýlananda, onuñ gutlag dabarasyna çagyrylan işewürden söz açýarys. Stambulda "Trump Tower" neboskorýoby açylanda, ilkinji müşderisi bolup, onuñ sekiz korpusyny satyn almagynyñ şol çagyryşa täsiri boldumyka? Pikirem edemok. Bu zatlar onuñ üçin juda ownuk iş! Onuñ Türkiýeden alan zadynyñ hetdi-hasaby ýok: Mysal üçin, 520 million dollar berip "Tekfen"-iñ ýarsyna eýelik etdi. Mysal üçin Ýalykawakdaky zeýtunlygy 42 million dollara kärendesine aldy. Onuñ baş direktory Tolga Agardy. Kakasy Mehmet Agary-da bir şereketiñ başynda oturtdy… "HSBC" bankyñ Lewentdäki binasyny satyn aldy. "Edition Hotel" myhmanhanasyny gurdurtdy, myhmanhananyñ içindäki meşhur "Cipriani" restorany we "Billionaire Club" şol wagt iñ atly binalardy. FETÖ bu işleriñ niresindedi? Ýa bolmasa bu işleriñ içinde başga birileri barmydy? ■ KIM BU GURBANOGLY? 1968-nji ýylda Bakuda doguldy. Kakasy port işçisi, ejesi öý hojalykçy. Üç gyzdan soñ maşgalanyñ hataryna goşulan ilkinji oglandy, soñ jemi dokuz dogan boldular. Babası liman işçisi, annesi ev hanımıydı. Kakasynyñ käri sebäpli, deñize bolan söýgüsi güýçlüdi. Harby okuwa girdi, Bakunyñ Harby-deñiz instututyny tamamlady. SSSR dargandan soñ harby gullugyñ hataryndan çykyp, birýarym ýyl gämilerde işledi. 1992-nji ýylda 150 tonnalyk balykçylyk gämisini kärendesine alyp, ýük daşama işine girişdi. Yzyndanam ýene bir ýük gämisini alyp, kristal daşama işine başlady… Käbir türkler bilen şärikdeşlik gurdy, Erdogan maşgalasynyñ "BMZ Denizcilik" şereketi bilen söwda gatnaşygyny açdy. Kylyçdaroglynyñ üns merkwsine getiren Malta çekişmelerinde ady geçdi. Sanasañ sanap oturmaly. Onuñ geçen ýoly tom-tom kitaplara sygmaz... 28 müñ işçisi bolan dünýäniñ iñ uly bäş deñizçilik şereketleriniñ biri hökmünde görkezilen "Palmali"-nyñ başlygyndan söz açýarys… 2006-njy ýylda Türkiýäniñ raýatlygyny aldy. Türk metbugat serişdeleri günüñ-güni Gurbanogly barada hökman bir habary bermedik güni ýokdy: - Mübariz polisiýa bölüminiñ binasyny gurdurdy! - Mübariz "Mehmetçik" fonduna uly möçberde pul geçirdi! - Mübariz şehitleriñ yzynda galan ýetim maşgalalara hossar çykdy! Ol türk metbugatynyñ hakyky gahrymanydy. Geñ galýan ýerim, bu gün olaryñ hemmesiniñ dym-dyrslyga bürenmegi! Nämeler bolup geçýär? Mübariz hakykatdanam FETÖ-nyñ agzasymy? Dessine onuñ instagram hasabyna girdim, agzym uçuklady: ■ “RÖWNEK-ANAR EPENDILER” Onuñ instagram hasabında Fethullah Gülene garşy ulanylan paýyş sözler bar. Çyny bilen ýazan bolmagam ahmal, "gözlük" üçin ýazan bolmagam ahmal. Emma onuñ ýazan zatlary diýseñ täsin, mysal üçin… 2020-nji ýylyñ 12-nji fewralynda şeýle ýazypdyr: “(…) Siziñ ýoluñyz ogurlyk, halkyñ kisesine girmek. Siz ýalñyşlyk bilen saýlanyp, kürsä ýetdiñiz. Emma barsyny eliñizden alarlar. Birin-birin hasap sorarlar. Men muny görmesemem, halkymyñ görjegine ynamym bar. Size gaharlanamok, özüme gaharlanýaryn. Çünki men siziñ ýanyma ýakynlaşmagyñyza göz ýumupdyryn. Ynanyp adamdyr öýtdüm size we siziñ kimdigiñizi aýdan wagtymda, maña duşman bolduñyz. Ýeri bolýa, birinji oky siz atdyñyz. Indi siz oýlanyñ. Elimdäki papkalary açyp başlajakdyryn. Birnäçe ýyllap halkdan ogurlan zatlaryñyzyñ hemmesiniñ yzyny tapandyryn. Bankdaky sçýotlaryñyza, FETÖ diýilýän puşda näçe pul geçirdiñiz, barsyny paş ederin. Eger men islesem, nirelere çenli baryp ýetjegimi kim bilmese-de, siz gowy bilýärsiñiz. Hemmeler Türkiýeden gaçanda men ähli maýamy bärik goýdum. Meniñ doganlyk Türkiýe respublikasyna-da, türk adalatyna-da hormatym çäksiz. Iñ soñky demime çenli size garşy göreşip, siziñ kirli gatnaşyklaryñyzy aýan etjegime söz berýärin. Maña garşy gurnan komplimasiýañyz siziñ soñuñyz bolar Röwnek ve Anar ependiler…” Paroly çözübildiñizmi? “Anar”-yñ kimdigine bir çaklamam bar! Emma “Röwnek” kim, hiç bilebilmedim… Nämäniñ garpyşygy bu? Mübariz FETÖ bolýan bolsa, şunça ýyllap näme üçin gaçyp gitmedi? "Odatv"-ni ýapdylar… Baryşlary türmä dykdylar… Biz hakykatlary kimden öwrenmeli? Soner ÝALÇYN. 19.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |