12:21 Işiñ ussadyndan ýalan dersleri! | |
IŞIÑ USSADYNDAN ÝALAN DERSLERI!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, Gitler döwrüniñ Germaniýasynda fýureriñ iñ uly we iñ täsirli janly ýaraglarynyñ biri-de Ýozef Gebbelsdi. Ol Gitleriñ sag goludy. Wezipesi-de Propoganda ministri. Gebbels Gitlere şeýle bir wepalydy welin, Ikinji jahan urşundan ýeñilip çykjakdyklary gutarnykly belli bolan iñ umytsyz günlerinde-de aýalydyr çagalary bilen bile Gitleriñ Berlindäki ýörite ýerzemininde ýaşady. Uruş gutardy... Sowet goşuny paýtagt Berline girdi. Germaniýa boýun egýändigini mälim etmegiñ öñüsyrasynda durdy. Gitler ýerzeminde oýnaşy bilen birlikde öz janyna kast etdi... Oña ençeme ýyllap hyzmat eden Gebbels hem hojaýynynyñ yzyna eýerdi. Ilki özüniñ üç kiçi çagasyny awy berip öldürdi. Yzyndanam aýaly bilen birlikde öz janyna kast etdi. Hawa, onuñ bilen Gitleriñ arasynda şular ýaly derejede täsin baglanyşyk bardy. * * * Faşistik gitlerçi režimiñ Propoganda ministri Gebbels bihal adam däldi. Ol propoganda işleriniñ depesini deşjek derejede ussatlyga ýetipdi. Kyrkynjy ýyllaryñ mediýasy diñe gazetlerden we radiodan ybaratdy. Telewideniýe, internet we ş.m.-ler entek ýokdy. Gebbels hereket edýän mediýanyñ barsyny eýeledi we olary boýdan-başa ulandy. Gorkuzyp, ezip, ýanap, türme jezalaryny ulanyp, ölüm jezasyny berip... Gitlerçi režime garşy çykyp biljek ýeke metbugat serişdesini goýmady. Gazet-žurnallar we radio diñe onuñ görkezmesi esasynda işleýärdi. Ýurtdaky ähli oppozision gatlaklar bilen birlikde metbugat hem doly ýok edildi. Derñew, sud edaralary doly režimiñ golastyna girdi. Sudýalar, prokurorlar kararlaryny kanunlara esaslanyp däl-de, Gitler bilen Gebbelsiñ buýruklaryna we görkezmelerine görä çykarýardylar. * * * Ine, şolar ýaly döwrüñ Propoganda ministri we Gitleriñ sag goly Gebbelsiñ bu ugurda oýlan tapan "prinsipleri" öñe sürüldi. Bulary okanyñyzda, üstünden onlarça ýyl geçendigine garamazdan, basyş we diktatorlyk bilen ýöredilýän "käbir" (!) ýurtlarda bu düzgünleriñ (aýratynam mediýa nukdaýnazaryndan) häli-häzirlerem doly güýjünde ýöreýändigini görersiñiz! * * * Ine, şolaryñ bir bölegi: - Köp adamda beýni ýaltalygy bar. Mundan peýdalanyp, isläniñizi edip bilersiñiz. - Ýalan sözläñ, hökman ynanjaklar tapylar. Tapylmasa-da, ýalan sözlemegiñizi dowam etdiriñ. Bir zady näçe köp gaýtalasañyz, adamlar şonça köp ynanar. - Ýalanam bolsa, bir zady zol gaýtalap duruñ. Köp adam soñabaka ol aýdýanyñyzyñ ýalandygyny ýatdan çykaryp, öz pikirleri ýaly kabul ederler we öñe sürmäge başlarlar. - Aýdýan ýalanyñyz näçe uly bolsa, şonça-da täsirli bolar we adamlaryñ ynanmasy añsatlaşar. - Elmydama dürli hokgalary tapyp, halky oýnap duruñ. Adamlaryñ tapýan hokgalaryñyzdan ünsüniñ sowulmagyna we özbaşdak pikirlenmegine ýol bermäñ. - Halk uly ýalanlara ownuk ýalanlara garanda has çalt ynanýar. - Ýalñyşandygyñyzy, ýalñyş iş edendigiñizi hiç haçan boýnuñyza alaýmañ. - Özüñizden özgelere hereket etmäge ýol-ugur goýmañ. - Etmişi we günäni hiç wagt boýun almañ. Peýdañyza bolmadyk islendik zady inkär ediñ. - Garşydaşyñyzy gözden salmañ we şowsuz tamamlanan her bir zadyñ günäsini hemişe onuñ üstüne atyñ. - Şuny ýagşy biliñ: sud döwlet durmuşynyñ hojaýyny däl, fýureriñ we döwlet syýasatynyñ hyzmatkäridir. - Ýakynyñyzda hemişe ýallakçylar topbagyny saklañ. Öz mediýañyzy dörediñ, olary mahabatlandyryp dursun. - At-owazaly lider ýalan-ýaşryklar bilen doly bolsa, propogandanyñ işini hasam añsatlaşdyrýar. - Bize birinji wajyp zat intelligensiýa däl-de, köpçülikleýin gatlaklardyr, çünki bulary ynandyrmak has añsat bolýar. - Wyždansyz we satlyk mediýa elimiziñ aşagynda bolsa, döredilen añsyz halk biziñ iñ uly daýanjymyzdyr. * * * Gitleriñ Propoganda ministri Gebbels öz ugrunyñ "hakyky ussady" bolup işledi, nemes jemgyýetiniñ beýnisini ýuwdy. Asany asan, keseni kesen ýerinde boldy. Hernä, şu tetellileriñ ýoly soñky ýyllarda ýurdumyza düşmedi! Ýalan-ýaşryklardan düzülen propogandalar bilen kellämizi agyrdan bolmady! Hudaýa şükür, bizde bular ýalysy häzirem ýok! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.07.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||