17:13 It wepasy / bolan waka | |
IT WEPASY
Hekaýalar
Gum obalarynyň birinde Nerli atly bir ýigit ýaşapdyr. Onuň aýaly hem-de ýaňy ýigit çykan ogly bolup, olar pukara ýaşapdyrlar. Oňa garamazdan, Nerli örän sahy adam bolupdyr. Oba adamlaryndan bar zadyny gysganmandyr. Dört aýaklydan bolsa bir iti bilen bir eşegi bar eken. Ol goňşy obada bir baýyň goýunlaryny bakypdyr. Arassa hem dogruçyl bolany üçin, baý ony gowy görüpdir. Nerli özüniň wepadar itini iň ýakyn kömekçisi hasaplapdyr. Mahal-mahal oba gaýdanda, sürini oglana tabşyryp gaýdar ekeni. Şonda it süriniň töweregine guş gondurman gorapdyr. Nerli toýlarda göreş tutupdyr, onuň ýagyrnysyny ýere degrip bilen pälwan bolmandyr. Şonuň üçin hem obadaşlary onuň adynyň yzyna «pälwan» lakamyny goýupdyrlar. Günleriň birinde goňşy obada toý bolupdyr. Toý eýesi barly bolansoň, toýuny uludan tutupdyr. Toýa daşdan-ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Oňa Nerli pälwan hem barypdyr. Toýda göreş tutmak has-da gyzyşypdyr. Göreş tutulýan meýdançanyň märekesi ýetik bolupdyr. Nerli pälwanyň bolsa garşysyna çykyp bilen bolmandyr. Ol özüne göwni ýetýän pälwanlaryň ählisinden hem üstün çykypdyr. Göreş barha gyzyşanda Nerli pälwanyň garşysyna her egninde bir pyýada aýbogdaşyny gurap oturybermeli pälwany çykarypdyrlar. Pälwanlar tutluşyga başlanda, olar bir-biriniň edýän emellerine garşy emeller tapýardylar. Tutluşyk uzaga çekipdir. Pälwanlaryň ikisi-de ýykylmany ýokuş görýäne meňzeýärdi. Şol barmana Nerli pälwan özüniň ulanan emelini soňuna çenli edip bilmändir. Onuň bu ýalňyşlygyndan bolsa, garşydaşy peýdalanypdyr-da, ony ýanbaşyna göteripdir. Nerli pälwanyň aýaklary gowy ýerden üzülenden soň, garşydaşy ony ýere goýberipdir. Nerli pälwanyň esli salym demi gelmän ýatypdyr. Birhaýukdan soň, özüni dürsäp, ýerinden turmakçy bolanda onuň hiç ynjalygy bolmandyr. Bolan wakadan 6-7 gün geçenden soň baý, Nerli pälwanyň öýüne gelipdir. Hal-ýagdaýyny sorandan soň: — Pälwan, bilmedim welin, bu ýatyşyň bilen bugünde-ertede mallaryň üstüne baryp bilermikäň!? — diýipdir. — Ýok baý aga. Men indi çopançylyk edip bilerin öýdemok. Köp ýyllap seniň duzuňy iýdim. Sag bol, Taňryýalkasyn. Rysgalyň, döwletiň mundan hem zyýat bolsun! — diýipdir. — Pälwan, men senden gaty razydyryn — diýip, baý Nerli pälwanyň ýaşdan dolup duran umytsyz gözlerine garapdyr. Şonda Nerli pälwan: — Baý aga, saňa birje haýyşym bar — diýende: — Wah, Pälwan, aýt haýyşyň bolsa — diýip, baý onuň golaýragyna süýşüpdir. — Baý aga, bakýan sürimi ogluma ynanaýsaň... — Ogluňa kyn bolmazmyka? Bir sürä baş bolardan ýaşrak dälmi ol? — Ýok, kyn düşmez. Onuň ýanynda örän ygtybarly kömekçisi bar. — Kim ol? — Wepadar itim. Ol ogluma özümden hem gowy arka durar — diýip, Nerli pälwan ynamly aýdansoň: — Öz pikiriňi özüň oňlaýan bolsaň, men hem şony oňlaryn — diýipdir. Öri uzakdy. Nerli pälwanyň wepadar iti ony görüp bilmänsoň, ara düşen aýralyk ite gaty agyr düşüpdir. Gijelerine sürini örüden getirenlerinden soň it janawar gumdepeleriniň üstüne çykyp, oba tarapa garap, tumşugyny asmana tutup, naýynjar çyňsamany tapypdyr. Bir gün şol beýik alaňa çykyp, çyňsap duran iti ylgap gelipdir-de, oglanyň ýeňinden dişläp, oba tarap ýöräpdir. Oglanyň itiň bu hereketlerine bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlanyp, iti garsa gujaklapdyr. Şol pursat baý ýany çopanly, iki atly bolup oglanyň sürüsine gelipdir. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň: — Oglum, seniň hojalygyňda bolan waka bilen meni habardar etdiler. Sen eglenme-de git. Men mallary sanajak däl, saňa gaty ynanýaryn. Barda süriniň içinden saýlan malyňy tut — diýipdirde, goltuk kisesinden içi altyn teňňeli haltajygy çykaryp: — Al, bu-da saňa hojalygyň aýlanyşygyna gerek bolar — diýipdir. Oglan baýyň aýdanlaryny aýdyşy ýaly edip, oba tarap ýola düşüpdir. It janawar oglandan ep-esli arany açyp barýarmyşyn. Oglan şol gaýdyşyna, gün ýaşyp iňrik garalyberende oba gelipdir. Atdan düşüpdir-de ylgap içerik giripdir. Seretse, iti eýýäm kakasynyň goltugynda ekeni. Kakasy-da itiniň boýnundan gujaklapdyr. Kakasy birje sözem diýip bilmändir. Itini kükregine gysyp ýatan pälwan göýä dertden saplanan ýaly özüni ele alypdyr. Muny gören ogly haýran galmakdan ýaňa doňup galypdyr. Atamyrat BAZAROW, Mary welaýatynyň Garagum etrap hassahanasynyň lukmany. | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |