20:21 Italiýanyñ jümmüşinde yslаm döwlеti nädip guruldy? | |
ITАLIÝANYÑ JÜMMÜŞINDЕ YSLАM DÖWLЕTI NÄDIР GURULDY?
Taryhy makalalar
Isраniýаda gurlаn Аl-Аndalus (Еndulus) yslаm döwlеtini bilmеýän ýоk diýеn ýаly. Ýоgsam bоlmasa, şоndan аz-оwlak gündоgarda, ýаgny Itаliýada Аndalus ýаly hаýbatly ýеne bir уslam döwlеti ýаşap gеçipdi: Sisiliýа еmirligi. Surаtda: Itаliýada musulmаn ilаty garalap görkеzýän kаrtina Häzir Andalus ady Ispaniýada Andaluziýa görnüşinde dowam edýär. Sewilýa, Kadis Kordowa, Malaga ýaly şäherleriñ ýerleşen sebiti sekiz asyrlap musulmanlaryñ häkimiýeti astynda ýaşady. Musulman Ispaniýasy manysynda ulanylýan Andalus sözüniñ gelip çykyşy hakda "Yslam ensiklopediýasynyñ" degişli maddasynda Mehmet Özdemir şeýle maglumatlary berýär: "Araplar tarapyndan Ispaniýa üçin ulanylýan we ýurtdan doly çykarylanlaryndan spñ ispan diline Andalusiýa görnüşinde geçen öñ diñe "Musulman Ispaniýasy" manysynda ulanylan Andalus (Endulus, Endelüs) sözüniñ etimologiýasyny doly anyklamak başardanok. Häzir köplenç "Hispania" görnüşi birinji gezekki basybalyşlardan soñ 716-njy ýylda (hijri 98-nji ýyl) basylan zikkede gabat gelýän adyñ V asyrda Demirgazyk Afrika geçmezden öñ on sekiz ýyllap Ispaniýanyñ günortasynda galan wandallaryñ (Wandalus) adyndan dörän bolmagynyñ mümkindigi (Wandaluziýa, Wandallaryñ ýurdy) çaklanýar. Andalus Araplaryñ sebite birinji gezek 711-nji ýylda Welid ibn Abdylmäligiñ halyflyk eden döwründe Tanjanyñ häkimi Taryk ibn Zyýadyñ serkerdeliginde gelendigi mälim. Andalus ady ýeke-täk döwleti añladanam bolsa, aslynda sekiz ýüz ýylyñ dowamynda sebitde bäş döwlet gurulypdy. Bularyñ arasynda Andalus emewileri (756-1031), Tawaýyful-Müluk döwri (1031-1090), Murabitler döwri (1090-1147), Muwahhidler (1147-1229), Grenada Beni Ahmer emirligi (1238-1492) dagy bardy. Arap musulmanlary ilkinji gezek Ispaniýanyñ kenarlaryna çykanda olara birinji bolup boýun egenler we ýörişlerde uly peýdalaryny ýetirenler jöhitlerdi. Westgotlaryñ zulmunyñ astynda ejir çekip ýaşan jöhit halky araplary şatlyk bilen garşylapdyr we olara gerekli goldawy beripdir. Apbasylar Emewi imperiýasyny ýykandan soñ Andalus garaşsyzlygyny yglan etdi. Bu hem-ä yzy gutarmaýan syýasy oñşuksyzlyklaryñ oduny tutaşdyrdy, hemem taryhda deñi-taýy bolmadyk hoşniýetli, dost-doganlyga goldanýan medeniýetiñ gurulmagyna sebäp boldy. Musulmanlar, hristianlar, jöhitler (ýewreýler) bilelikde agzybir durmuşda ýaşaýardylar we örän güýçli medeni alyş-çalşygynу ýola goýupdylar. Andalus yslаm dünýäsindе öçmеjek yz gаldyran sаn-sajаksyz alуmlary, akyldаrlary ýеtişdirýärdi, dillеre dеssan bolаn kitарhanalary gurýаrdy. Ispaniýada gurlan Al-Andalus (Endulus) yslаm döwlеtini bilmeýän ýok diýen ýaly. Ýogsam bolmasa, şondan az-owlak gündogarda, ýagny Italiýada Andalus ýaly haýbatly ýene bir yslаm döwlеti ýaşap geçipdi: Sisiliýa emirligi. • Sisiliýa emirliginiñ gurulyşy Italiýanyñ Sisiliýa oblasty taryhda dört uly häkimiýetiñ astynda ýaşady. Birinjisi b.e.öñki grek ýörişleridi. Yzyndan karfagenlileriñ guran koloniýalary, wizantiýa häkimleriniñ jebir-jepaly häkimiýeti, ahyrsoñunda-da musulmanlaryñ gelmegi... Musulmanlar Sisiliýa bilen eýýäm VII asyrda gyzyklanyp başlapdy, emma esasy maksat Italiýany basyp almak bolmandygy sebäpli bu ada IX asyra çenli doly manyda musulman agalygyna girmändi. Musulmanlar Sisiliýany Demirgazyk Afrika ýurtlaryna edilýän ýörişler üçin harby daýanç nokady hökmünde ulanýardylar we ada onçakly üns bermeýärdiler. IX asyra gelinende bolsa, harby strategiýalary üýtgedip biljek möhüm üýtgeşme bolup geçdi. Wizantiýa häkimi Ýewfimiý musulmanlary Sisiliýanyñ içlerine çagyrmagyndan soñ sebite gelip düşen yslam goşuny 827-nji ýylda Sisiliýany doly basyp aldy. Aglabidleriñ Tunisdäki emiri Ziýadat-Allahyñ serkerdeligindäki 20 müñ adamlyk musulman goşuny az wagtyñ içinde Sisiliýany häkimiýeti astyna alyp, Rime tarap ýörişiñem başyny başlady. Tropeýa, Santa-Sewerina, Amanteýa ýaly Günorta Italiýanyñ Kalabriýa oblastynyñ şäherleri we posýoloklary biruçdan musulmanlaryñ golastyna giripdir. • Watikandaky Keramatly Pýotr soborynda musulman obrazlary Keramatly Pýotr sobory - häzir köpimiziñ teleýaýlymlarda görýän we Watikanda ýerleşen ajaýyp bina. Elbetde, häzirki ajaýyp keşbini XVI asyrda ýaşan Mikelanjelo borçly hem bolsa, taryhy binanyñ gurluşy ondanam irki döwürlere uzaýar. Rimiñ alkymyndaky soboryñ 846-njy ýylda "çagyrylmadyk myhmanlary" bardy. Sisiliýanyñ köp ýerini eýelän musulmanlar başly-barat ýagdaýda Rimiñ gala diwarlaryna çenli gidipdiler. Watikan, Bari, Rim oblastlaryna gurnalan ýörişleriñ düýp maksady Sisiliýanyñ howpsuzlygyny gazanmakdy. Musulmanlar 827-nji ýylda eýelän Sisiliýa adasyny 1061-nji ýylda normandlaryñ çozuşyna çenli elde saklamagy başardy. Şol geçen döwrüñ içinde ada aglabidleriñ, fatimileriñ, kelbileriñ golastynda boldy. Bu ýerde musulmanlaryñ güýjüni gaçyran sebäp bolsa, ýerli halkdan has beter sebite gelen musulman häkimleriñ az wagtyñ içinde öz merkezi hökümetlerine baş galdyryp, topalañ turuzmagydy. Bu ýagdaý has beterem fatimileriñ döwründe köp gaýtalandy, gozgalañ turzan häkimi basyp ýatyrmak üçin ugradylan häkim gapma-garşylyklary basyp ýatyran badyna öz hökümdarlygyny yglan edip, täze gozgalañyñ başyny başlaýardy. Palermonyñ paýtagt bolan musulman Sisiliýasybda 300-e golaý metjit gurlupdy. Edil Andalusda bolşy ýaly, Sisiliýada-da jöhitleriñ we hristianlaryñ ujypsyz salgytlardyr paçlar bilen azat durmuşda ýaşap bilmegi hökümete içerden düýpli gozgalañ ýa-da nägilelik turmagynyñ öñüni alýardy. Uzak wagtlap wizantiýaly häkimleriñ diýdimzorlugyndan ýadan italýan hristianlary şeýle hoşniýetli hökümetden diýseñ hoşaldy. Musulmanlar Italiýany mazaly özgertdi. Mysal üçin pyrtykal baglaryny ýetişdirmekleri, Eýrandan gawun getirip ekmekleri ýaly gündelik işler bilen birlikde ylmy ugurda-da möhüm üýtgeşmeleri girizdiler. Grek medeniýete ýakyn deltada ýerleşen Sisiliýa musulmanlarynyñ ylmy tejribesi grekleriñ antiki pähim-paýhasynyñ utgaşygyny emele getirdi. Bu üýtgeşmelere ýakyndan şaýatlyk eden italýanlaryñ intellektual añynda rewolýusion öwrülişik emele gelipdi. Ebu Abdylla el-Karani, Ebu Said ibn Ybraýym, Ebu Bekir es-Sikilli, Ibn Abi Usaýbiýa, meşhur pelsepe daşyny gözleýji Ibn el-Muaddib Sisiliýanyñ ýetişdiren saýlama alymlaryndandy. Şeýle-de "Dünýäni gezmäge höwesegiñ keýpihon syýahaty" eseri bilen tanalýan syýahatçy alym el-Idris hem Sisiliýada ýetişen ajaýyp alymlaryñ biridi. Bu alymlar andalusly alymlardan tapawutlylykda geometriýada, matematikada, medisina ylymlarynda öñe saýlanýardylar. Gürrüñsiz, bularyñ añyrsyndaky düýp sebäplerden birem Platon we Sokrat ýaly gadymy grek alymlarynyñ watanyna goñşy bolup ýaşamagyñam ýiti täsirleri bardy. Musulmanlar Sisiliýada, 827-nji ýyl • Sisiliýanyñ çagşamagy Hiç bir düýş baky dowam etmeýär, başlangyjy bolan her bir zadyñ soñy-da bar. Andalusyñ kiçijik hemrasy ýaly şugla saçan ajaýyp Sisiliýa döwleti-de indi öñki haýbatly döwürlerindäkisi ýaly däldi. Musulmanlaryñ öz aralaryndaky agzalalygy, oñşuksyzlygy geleñsizligi Sisiliýa hem ýolukdy. Angliýa çenli uzaýan ümmülmez territoriýada basybalyjylykly hereketlere başlan normandlar 1061-nji ýyldan başlap, Sisiliýadaky musulman döwleti-de basyp almaga girişdi we 1091-nji ýylda adany doly eýeledi. Musulmanlar üçin taryhyñ eden öwrümine seretseñizläñ, normandlaryñ bular ýaly arkaýyn basyp almaklarynyñ sebäbi-de Palermonyñ emiri Ibn at-Timnahyñ beýleki emirleri ýeñmek üçin olary ýarymada çagyrmagy boldy. Şeýle-de bolsa, Italiýadaky musulman ýaşaýşy doly tamamlanmandy, ol diñe Fatih Soltan Mämmede çenli üç-dört asyrlyk arakesmä çykypdy... • Fatih Soltan Mämmet we Sisiliýa Albaniýanyñ hökümdary Isgender begiñ turzan gozgalañlary we Napoliniñ bu gozgalañlardaky roly Italiýa ýöriş etme kararynyñ iñ esasy sebäbi boldy. Rim papasy Sikst IV bilen Napoliniñ koroly Alfonso V has soñra Florensiýanyñ, Wenesiýanyñ, Milanyñ, Ferraranyn häkimiýetleri-de Osmanlynyñ bolup biläýjek ýörişlerine garşy bilelikde hereket etmegiñ pikirine gelipdiler. Emma Florensiýa bilelikde hereket etmek babatda beýleki şäher döwletleri ýaly höwesli däldi. Gedik Ahmet paşa Wlýorany harby daýanç nokady hökmünde ulanyp, Italiýa ýarymadasyny basyp almaga girişdi. 1480-nji ýylyñ 28-nji iýulynda Apuliýany eýelän osmanly güýçleri ümzügini Otranto dikdi. Garaşylyşy ýaly, italýan şäher döwletleri bir bitewi güýje öwrülip, Osmanla garşy düýpli garşylyk görkezip bilmediler. Rim papasy italýan şäher döwletleriniñ agzyny birikdirip bilmejegine göz ýetirenden soñ, wenger koroly Matýaş Korwiniñ üsti bilen Albaniýadaky gozgalañy gorjamagy synap gördi. Bu synanşyk belli bir derejede şowuna düşüp, Osmanlynyñ badyny ýuwaşadypdy, emma Otrantony ellerinde saklatmandy. Otrantodan soñ Rim türklere iki ädimlik ýerdedi... Otrantonyñ eýelenmegi • Fatihiñ ölümi we Otrantonyñ elden gitmegi Fatih Soltan Mämmet 1481-nji ýylyñ 3-nji maýynda mamlýuklaryñ üstüne ýörişe çykan wagtynda Gebze tarapdaky Tekfur köşgüniñ golaýynda aradan çykdy. Ol aradan çykanda ýañy 51 ýaşapdy. Patyşanyñ meýdi gizlinlik bilen Stambula ugradyldy. • Otrantoda Gedik Ahmet paşanyñ heýkeli Bu ölümiñ yzyndan Otrantony eýeleýji Gedik Ahmet paşa birujy ýene Rime baryp direýän başga bir hadysa - Jem soltanyñ turzan gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin watanyna dolandy. Onuñ ýerine bellenen Süleýman paşa Gedik Ahmet paşa ýaly işbaşarjañ ýolbaşçy däldi. Hatda ol Otrantony elden gidereni bilen çäklenmän, italýanlaryñ eline ýesir hem düşüpdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Duşenbe, 17.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |