21:16 Jahankeşdäniň depderinden | |
• Çaýkowskiniñ muzeýinde Bu ülkede enteklerem gyş möwsüm Ak gar basan baýyrlaryñ guzaýy. Biraz üşeýärsiñ çytnak ýel öwsüp, Alnymyzda Çaykowskiñ muzeýi. Agras basyp hany giteli basym, Hayatdan añryda başga howadyr. Diñşirgenýan eşdip täsin saz sesin, Genileriñ ykbalynyñ dowamy. • Durmuş mukamy Seret pianinoñ düwmelerine, Gezekleşip gelýär gara bilen ak. Adamlaryñ göwne degmelerine, Meniñ şu meñzetmäm sadaja jogap. Gije-gündiz ýaly ak bilen gara, Hem ýamanlyk hem ýagşylyk mysaly. Dörän däldir ahyr bu ýöne ýere, Bilýän, bu durmuşda garşylyk doly. Durmuş pianino ýaly aslynda, Mukamynda hasrat, şatlyk-şüweleñ. Dursalar-da ak düwmeleñ üstünde, Gabarasy kiçi gara düwmeleñ. Şatlykly-hasratly, ajap heñ tapyp, Günler birenaýy bolup gelýändir. Ak hem gara düwmeleri deñ basyp, Durmuş mukamyny çalyp bolýandyr. 21.07.23. • Rus ýagmyry Gökden syrygýan suwlar, Aby haýýatyndan bagy Eremiň, Ýa-da didesinden akan nem ýaly Ikonadan bakýan Bibi Merýemiň. Suwlar bilen inip durandyr belki, Munda ýaşap ýörenleriň nesibi, Gökden syrygýan suwlar Ýene göterler göge, Misli arşa göterlişi Mesihiň. • Ýagyşdan soň... Stoluň üstünde çaý, kofe, biskiwit, Açyk penjireler, Howa salkynçak. Bir ýerlerde ýaňlanýar Çaýkowskiý, Has anygy “Şelkunçik”. Bu ülkede gijem bolsa ýaz çykýar, Häzir ýazyň yşgynda saz diňleýän. Ol saz bolsa jadyly bir hoz çakýan, Pikirleň maňzyna tiz ýetip bilýän. • Sestra derýasy Buz baglap, üstüne ençe gar ýagan, Sestra derýasy ýatyr uzalyp. Ýalñyz dogan Birden yada düşdüñ sen, Buza öwürmänkä gyşyñ gazaby. Gujagyñda ukladardyñ sen meni, Nirä gitseñ götermeli arkalap. Gyz doganym, Bu jahanda jan-tenim, Kän göwnüñe degerdim-ä erkeläp. Ýene biz illere ýaz-bahar gelse, Ýaşyl parça bolup öwusse baglar. Men salam ýollaryn cigrekli ýelden, Men seniñ gardaşyñ alysda galan. Häzir bolsa Russiýada gar ýagýar, Tokaýlar ümürsow, derýa hem doñan. Bu gamgyn ýürekde bir eziz ýer bar, Şol ýer seniñ ornuñ mähriban dogan! Ejirden-hijirden epilmedi bil, Bir seni ýatlasam ejizleýän kä. Galmady öýdýän sökülmedik ýol, Haçan didarlaşmak nesip ederkä?! Buz basan ýollardan ýöräp barşyma, Bir sapar unudyp ýakynam-yadam, Sestra derýasyn synlap barşyma, Yalñyz dogan seni salýaryn yada. 23.01.23 Klin şäheri. • Sestra deryasynyñ kenarynda Doñan deryañ harsañlary çözüldi Akyşyna seretsene binowañ. Howa maýyl, dünýä gözel, Hezilik. Diýmek entek durmuş edýärmiş dowam. Gyşyñ örküjinde bütin Moskwa, Gyrak bujagna çen baglady burjy. Sähelçe Gün çyksa jaýlañ üçegi, Buz lülesi bilen aglady durdy. Basym agaçlara bahary buşlap, Älem gezendesi durnalar geçer. Gar suwlary joşar özün taraşlap, Dolup akar aryk arnalara çen. Menem onsañ dolanaryn Watana, Ýaşaýyşyñ başy elwan baharda. Beýiklige daşdan durup baha ber, "Ýaşanyña degýän ýagty jahanda". 22.04.2023 Klin şäheri Moskwa oblasty. • Mysapyryñ küýleri Kän mahal dyman ummanyñ, Şükür et, lal açmanyna. Bilýäñmi neçüýn dymýanym, Mynajat ol asmanyma. Bar zatdan gözledim Seni. Endik her zada añalmak. Ýaradan özüñ jan-tenim, Diýsemem bordy Enel-Hak. Barlygym saña gurbandyr, Älemiñ ähli ýerinden, Ýanymda ýaly görýänsiñ, Bilýäñ, ne geçýär serimden. Jahankeşdesi dünýäniñ, Bilmekçi her zadyñ parhyn. Kän mahal dyman ummanyñ, Gudratyn gören bu ruhum. *** Men ýazmaga zat tapamok, Nirde sen eý galam gaş? Hem ýanmaga ot tapamok, Gözlerde ýok ýalan ýaş. Öñümde garañky gije, Bu ýollarda ýalñyz özüm. Meni öz dertlerim iýjek, Gijaniñ bir wagty örüp. Haýsy akly uzyn aýtdy: Uzyn saçlyñ akly kelte. Uzyn zülpüñ yzlap gaytdym, Ahyr meni Haka elten. Assarly gep ýokdur mende, Ýar diýip, Biribar diýip. Yşk ýürekde, galam golda, Ýola düşýän hyrka geýip. Sen meni ýaksañ ýakyber, Halas boljagma ynanýan. Dowzahda ýansamam barbir, Men Hakyñ yşgynda ýanýan. 31.12. 2022. Moskwa. • Ruhumyň çakylygy Sen bolmasañ... Gursagyma gam geler. Sen gelmeseñ Bir zadym-a kem bolar. Ýoklugyñda Ýol ýitiren ýaly men. Gözüm ýaşly, akyl-huşsuz däli men. Sen bolmasañ Güljek maña çem gelen. A men, a men gülüşeýin kim bilen ?! Gijeler bakamda garañky tüme, Dertler sessiz-üýnsuz gelýär üstüme. Hiç dostuma ýaramaýar bu bolşum, Sensizlikde ynha bar bolup bilşim. Geläýsene diýýän Geleñok ýöne, Men munda bir sañsar, Heýkele dönen. Halymam galmady aytmaga derdim, Belki heýkelimi görüp gidersiñ?! • Deñeşdirme Lukman şeýle diýipdir: Men, kesel we keselli. Kesel we keselli bir bolsa, Men berip bilmen teselli. Emma bir bolsa lukman hem-de keselli, Kesel dyza çöker, ol öñden belli. Bu tymsaly has giñeltdim; Haýyr we şer ýene beşer. Beşer haýyr bilen bolsa Mutlaka mağlup bolar şer. Emma aslynda haýrul beşer namly ynsan Şere ýakyn dursa, haýyrdan galmaz nyşan. Sylapberdi MUHAMOW, şahyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragynyň eýesi. "Türkmenistan Sport" halkara žurnaly, 21.08.2023 ý. | |
|
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |