00:36 Jansyzlar we žurnalistler | |
JANSYZLAR WE ŽURNALISTLER
Publisistika
Dünýäniñ dilinde "telefon diñleme" skandaly bar. Geliñ, bu barada pikir alşalyñ... Ady: Edward Josef Snowden… ABŞ-nyñ Demirgazyk Karolina ştatynda 1983-nji ýylyñ 21-nji iýunynda deñizçi ofiseriñ maşgalasynda dünýä indi. 2003-nji ýylda Yrak urşuna gatnaşdy. Ýaralandy. ABŞ-na dolandy. ABŞ-nyñ Döwlet howpsuzlyk gullugynda (DHG - Агентство национальной безопасности - АНБ - National Security Agency -NSA) işledi. 2007-nji ýylda MRU-nyñ (CIA) Ženewadaky ştabynda işledi. Elektron howpsuzlyk ulgamlary boýunça hünär derejesi ýokarlanansoñ, 2009-njy ýylda DHG bilen işleşýän ýörite maglumatlary toplaýan "Dell" şereketi bilen işleşmek ABŞ-nyñ Ýaponiýdaky harby bazasyna ugradyldy. Has soñrak Gawaý adasyna ýollandy. Geçen maý aýynda gözlenýänleriñ hataryna goşuldy. Birnäçe gün geçensoñ, Gonkongda orta çykdy… Ady: Glenn Grinwald… 1967-nji ýylyñ 6-njy martynda Nýu-Ýorkda asly jöhit maşgalada dünýä indi. Jorj Waşington adyndaky uniwersitetiñ filosofiýa fakultetini tamamlady. Has soñ aklawjy bolmak maksady bilen Nýu-Ýork uniwersitetiniñ hukuk fakultetine girdi we ony 1994-nji ýylda okap gutardy. Az wagtlap aklawjy bolup işledi. "Master konsepsiýalar" geñeşçilik şereketiniñ şärikdeşi boldy. 2005-nji ýylda bloggerlik etdi. Kontrrazwedka temasyndan ýazmaga başlady. Şondan bir ýyl soñ birinji kitabyny neşir etdirdi. 2012-nji "Guardian" iñlis gazetinde işlemäge başlady welin, durmuşy düýpli özgerdi. ■ Gahrymanmy ýa haýyn? 2013-nji ýylyñ 5-nji iýuny. Gonkong. Edward Snowden bilen Glenn Grinwald duşuşdy. Snowden gizlinlik bilen alan DHG-nyñ müñlerçe gizlin materiallaryny Grinwalda berdi. Bu WikiLeaks bilen birlikde amerikan taryhynyñ iñ uly paş etme wakasydy. Maglumatlar "Guardian" gazetinde çap edilmäge başlandy. (Julian Pol Assanžyñ WikiLeaks-i hem şu gazetde çap edilipdi.) Maglumatlar dünýäni aýaga galdyrdy, çünki ABŞ-nyñ birnäçe ýurduñ telefonlaryny we internet arkaly duşuşyklaryny gizlinlik bilen yzarlaýandygy orta çykdy. Snowdeni maglumatlary aýan etmäge iteren esasy sebäp "halky halkyñ adyndan nämeleriñ edilýändigini we halka garşy nämeleriñ edilýändigini görkezmekdi." ABŞ Snowdeni içalyçylyk etmekde we ogurlykda aýyplady. Waka bütin dünýäniñ diline düşdi, kimleriñ pikirine görä, Snowden watansöýüji, gahryman, batyrgaý oppozisioner; kimleriñ pikirine görä bolsa, barypýatan şugul we haýyndy. Meşhur kinorežissýor Oliwer Stoun "Meniñ üçin Edward Snowden - hakyky gahryman. Çünki ol muny pul gazanjak bolup etmedi. Ýurduna zyýan ýetirjek bolubam etmedi. Ol muny päk wyždany ynjalyksyzlandyrany üçin şeýtdi. Munuñ üçin durmuşyny pida etdi" diýdi. Snowden häzirki wagtda Russiýada wagtlaýyn emigrant bolup ýaşaýar. Glenn Grinwald barada aýdylanda bolsa... Onuñ ýazan zatlary amerikan we iñlis hökümetiniñ garşylygyna uçrady. Noýabr aýyna çenli maglumatlaryñ bary-ýogy ýüzden bir bölegi çap edildi. Hökümetleriñ bimazalygy güýçlendi we Grinwald "Guardian" gazetindäki işinden el çekmeli boldy. Garaşsyz žurnalist prinsipine eýerýändigi üçin birnäçe baýraga mynasyp boldy, emma, muña garamazdan esasy habar beriş serişdelerinden uzaklaşdy, olary "gegemon sferalaryñ" (agalyk ediji gatlaklaryñ) wekilçiligini etmekde aýyplady. Mundan beýläk ABŞ-da we Angliýada ýaşamagy mümkin däldi. Döwlet howpsuzlygyna howp salmakdan içalyçylyk etmekds we gizlin maglumatlary ogurlamakda aýyplanyp, islendik wagt türmä atylmagy daşda däldi. Şonuñ üçin ol öñürtiledi-de, Braziliýa gaçdy. "eBay"-yñ düýbüni tutujy eýranly Pýer Omidýaryñ 250 millioj dollarlyk elektron taslamasy "The Intercept" elektron neşiriñ editorlyk teklibini kabul etdi. Bu neşir geçen hepde öz işine başlady. Ol ilkinji ýazgysynda DHG-nyñ "terrorist" yglan edilenlere garşy uçarmansyz istrebiteller arkaly edýän hüjümleriniñ üstünde durup geçdi. ■ Ah, şu çepçi žurnalistler "Financial Times" gazeti geçen hepdäniñ soñly sanyndaky goşmaça neşirinde “Lunch with the FT”-ne, belki-de, häzirki günleriñ iñ meşhur žurnalisti Glenn Grinwald myhman boldy. Awtor ýazgysynyñ giriş bölüminde şeýle diýýärdi: “Bu nahara çakylyk üçin az-owlak biynjalyk boldum. Grinwald hususanam meniñ ýaly baş habar beriş serişdeleriniñ žurnalistlerine agalyk ediji toparlaryñ wekilçiligini edýär diýip äsgermeýän, hatda gödek sözleri aýtmaga çenli het edip bilýän stili bilen tanalýar. Geçen ýyl FT bilen birlikde gazetiñ We Grinwaldyñ habarlaryndan biriniñ ABŞ-nyñ aýdýanlary bilen deñ gelmeýändugini ýazandyklary üçin ol şobada # ServileDCJournalists# ("Waşingtonyñ gul žurnalistleri") haştagyny başladypdy.” FT-nyñ awtorynyñ pikiriçe Grinwald garşydaş žurnalistligiñ tarapyny tutup bilerdi, emma ol indi häzire çenli döredilen iñ köp çykdajyly mediýa taslamalarynyñ birinde baş rolda çykyş edýärdi. 250 million dollarlyk bu täze mediýa kesgitleýji çepçi syýasat ýöretmelidi. Grinwaldyñ yzysüre prezident Barak Obamanyñ ýolbaşçylyk edýän hökümetiniñ uçarmansyz istrebitelleriñ ulanyşa girizilmegini gazaply ýazgaran Jeremi Skeýhil hem çykyş edipdi. (Skeýhil 2013-nji ýylda neşir edilen “Dirty Wars” kitaby we taýýarlan dokumental filmi üçin "Oskar" baýragyna hödürlenipdi.) FT-niñ pikirine görä, Grinwald çepçidi we bu sferalaryñ gahrymanydy. Mysal üçin aktýor we dramaturg Uolles Şon Grinwaldyñ hormatyna birmahallaryñ liberal ýurdunda syýasatyñ göýdükleşmeginiñ üstünde durýan “The Designated Mourner” (Bellenen matamçy") pýesasyny sahnalaşdyrdy. Grinwald günde bassyr on alty sagatlap işleýärdi, ol Snowdeniñ beren mûñlerçe maglumatynyñ ýarsyna-da ýetmändi. Ol aprel aýynda "DHG ww ABŞ. Gözegçi döwlet" kitabyny çap etdirdi. Interwýularynda ABŞ-nyñ Howpsuzlyk gullugy öz esasy etmeli işiniñ daşyndan ykdysady güýjüni-de saklamak ýaly has giñ gerimli işleriniñ içindedigini tutanýerlilik bilen aýtmaga dowam edýärdi. Gepi uzadyp durmaýyn... Netijede, bulary ýazmagymyñ sebäbi şu: Biziñ ýurdumyzda häkimiýetiñ ýa-da (dini) jemagatyñ ýanynda bolmasañyz, “şeýtanlaşdyrylyp” türmä dykylýarsyñyz ýa-da işsiz galdyrylýarsyñyz. Basyşlar häzirem dowam edýär. Žurnalistiñ özüni häkimiýetlere ýa-da jemagatlara begendirme jogapkärçiligi we zerurlugy ýokdur. Žurnalist diñe halkyñ öñünde jogapkärdir. Hakykatyñ tarapyndadyr. Şonuñ üçin diýýärin: biz ýalñyz däldiris. Dünýäniñ çar künjünde žurnalistler müñ dürli howp-hatarlara döş gerip, žurnalistlik edýärler. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.02.2014 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |