18:45 Jansyzlaryñ şasy: Arabystanly Lourens | |
JANSYZLARYÑ ŞASY: ARABYSTANLY LOURENS
Taryhy makalalar
Kimler üçin "Çölüñ şasy", kimler üçin "şäher legendasy"... Lourensiñ birinji jahan uruşynda oýnan roly häzirem taryhçylaryñ arasynda jedelli gürrüñleriñ biri bolmagynda galýar. Käbirleri Lourensiñ oýnan rolunynyñ gereginden artyk çişirilýändigini öñe sürýär. Tomas Edward Lourens / Fotosurat: Wikimedia Commons Mundan iki müñ ýyl öñ dünýäni gysymynda saklamak islän hökümdar hökmany suratda Ýakyn Gündogara eýelik etmelidi. Iki müñ ýyl soñam, ýagny, biziñ günlerimizde-de dünýä syýasatyna aýdanyny etdirmek isleýän döwlet ýolbaşyçysy üçin hökmany suratda ýurdunyñ Ýakyn Gündogarda sözüni ýöretmegi gerek. Ýakyn Gündogaryñ çäkleri ideologiki çyzgyçlar bilen dürli-dürli çyzylsa-da, Arabystan çöllerinden Siriýanyñ düzlüklerine, Palestinadan Nil derýasyna, hatda köplenç biz ylalaşmasagam Anadoly sähralyklaryna çenli uzaýar. Ilatynyñ aglabasy musulman bolan geografiki giñişlik aradan müñlerçe ýyl geçendigine garamazdan, dünýä syýasatynyñ häzirem kesgitleýji çatrygy hem-de başky günlerinde bolşy ýaly otly köýnek bolma häsiýetini dowam etdirýär. Häzir dünýäniñ añry başyndan Hytaý, ABŞ, Russiýa ýa-da bu ýerleriñ indi demirbaşlylaryndan bolan Angliýa ýaly birnäçe ýurt dünýä syýasatyndaky täsirli ornuny saklamak üçin Ýakyn Gündogara mäkäm baglanan ýagdaýda dur. Görnüşinden, medeniýetler ýaşadygysaýy bu ýerleriñ gymmaty gaçjaga meñzänok. Ýakyn Gündogar diñe bize mälim hudawy dinleriñ, legendalaryñ ýa-da ertekileriñ däl, ykdysadyýetiñ, syýasatyñ, energetikanyñ, san-sajaksyz birnäçe başga taraplary bilenem dünýä syýasatynyñ iñ jadyly geografiki giñişligi bolup durýar. • Binika çaganyñ kaka sanjysy Ýakyn Gündogaryñ şular ýaly taraplarynyñ jadysy bilen jadylanyp ulalan sary saçly, açyk tenli, gök gözli çaga Tomas Edward Lourens 1888-nji ýylyñ 16-njy awgustynda Birleşen Korollyga garaşly Uelsde dünýä indi. Onuñ kakasy baron Edward Robert Çapman birunji aýalyny we dört gyzyny Sara Maden Ýunner üçin taşlap Dubline gelipdir. Lourens Saradan doglupdy, emma kakasynyñ birinji aýaly aýrylyşma talabyndan ýüz öwrensoñ, Edward Robert adyny üýtgedip, Lourens edipdir. Şeýle-de bolsa, edilýän basyşlara çydap bilmedik kakasy Edward Lourensi we jigisi Boby ýanyna alyp Sarany taşlap gidipdir. Şeýle kelleagyryly aýrylyşma we at-familiýanyñ üstünde düşünişmezlik sebäpli Tomas Edward Lourens status taýdan alanda kanuny taýdan hossarsyz doglan çaganyñ ýagdaýyna düşüpdir. Kakasy bilen arasyndaky düşünişmezlikleri çözüp bilmänsoñ, öýden gaçyp harby gulluga ýazylypdyr. Soñra goşunyñ hataryndanam çykmak islänsoñ, kakasy ony harby gullukdan alypdyr we okamaga gönükdiripdir. Emma Lourens ökde okuwçy däl eken, ol giren birnäçe ekzameninden ýykylypdur. Beýleki bir tarapdan kalwinist ynançly ejesiniñ ony haçly ýörişlerdir rysar hekaýatlary bilen ulaldandygy sebäplo Lourensiñ güýçli taryh perswektiwasyna eýe bolmagyny üpjün edipdir. Oksfordyñ giriş ekzamenlerinden üstünlik bilen geçen Edwardyñ edil Gertrude Bell ýaly bilim we kontrrazwedka karýerasy Oksfordda taryh ugrundan okamagy bilen başlaýar. Tomas Edward Lourens / Fotosurat: wikipedia.org • Oksfordaky kontrrazwedkaçy: Dewid Jorj Hogart Dewid Jorj Hogart iñlis kontrrazwedkasy üçin aýratyn orna eýe adamdyr. Ol diñe arheologiki gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiñ perdesine duwlanyp eden işleri bilen däl, eýsem Lourensdir Gertrude Belli-de iñlis kontrrazwedkasyna gazandyran esasy adamlaryñ biri bolup öñe saýlanýar. Lourens Oksfordda okap başlanda "Ashmolean" muzeýiniñ müdiri Hogart ondaky artykmaçlygy şobada duýupdyr. Lourense arheologiki gazuw-agtaryş işleriniñ hezilini datdyran Hogart Ýakyn Gündogardaly birnäçe gazuw-agtaryş işlerinde ony ýanyna alup gidipdir. Lourens şol geçirilen işleriñ dowamynda arap dilini, medeniýetini, ýaşaýyş-durmuş formasyny düýpli öwrenipdir. Ol bu düýpli bilimine, edinen baý tejribesine birinji jahan uruşy başlanda, iñ uly goldawçysy Gertrude Bell bilen bilelikde Kairdäki ofisinde artygy bilen amal edipdi. Lourens / Fotosurat: Wikimedia Commons • Jahan uruşyndan öñ Osmanlynyñ arap strategiýasy Soltan Abdylhamyt II häkimiýet başynda oturan döwri diñe daşary syýasatda däl, içerki syýasatda-da düýpli deñagramly syýasat ýöredipdir. Gündogarda ermenileri kürtleriñ üsti bilen agyzdyryklan bolsa, Balkan ýurtlarynda buthanalaryñ arasyndaky güýç göreşini Osmanlynyñ peýdasyna ulanmagy başarypdyr. Arap ýurtlarynda bolsa tire-taýpalaryñ biri-birlerine bolan bassaşlygyny deñagramly saklap, sebitde düýpli problemalaryñ çykmazlygynyñ öñüni alypdyr. 1908-nji ýylda Abdylhamyt tagtdan agdarylanda, arap ýurtlarynda iki möhüm pikirem laýa batypdyr: birinjisi yslamçylyk düşünjesi, ikinjisi arap taýpalaryny biri-birine garşy agyzdyryklap saklamak syýasaty. "Ittihat we Terakki" partiýasy rewolýusiýanyñ getiren azatlyk howasynda döwletiñ adyndan paýlan ýazylganlygy soñabaka dürli problemalaryñ ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Ittihatçylar ýalñyşandygyny bilip, beren san-sajaksyz wezipelerini, derejelerini, hak-hukuklaryny yzyna aljak bolmagy birnäçe konfliktiñ döremegine getiripdir. Bu konfliktleriñ birem Haşimiler maşgalasyna berilen güýjüñ soñra elinden almaga edilen synanyşykdyr. Soltan Abdylhamyt II / Fotosurat: wikipedia.org Soltan Abdulhamyt II sebitde bir bitewi milletçilik pikirinden zyýada taýpa güýji potensialynyñ has howpludygyny pikir edip, Haşimi maşgalasyny uzak wagtlap Stambulda saklapdyr, sebitiñ deñagramlylygyny saklamak üçin wagtal-sagtal olary wezipeli orunlara bellänem bolsa, köplenç Stambuldan başga ýerde işlemeklerine ýol bermändir. "Ittihat we Terrakiniñ" häkimiýet başyna gelenden soñ birinji eden işlerinden biri 1908-nji ýylda Şerif Hüseýini Mekgäniñ şerifi edip bellemek bolupdyr. Şerif Hüseýin bilen gatnaşyklarda goýberilen strategiki ýalñyşlyklar bilen bir hatarda beýleki arap ýurtlarynda-da gorkunç ýalñyşlyklar goýberilipdir. Türk diliniñ arap ýurtlarynda hökmany öwrenilmeli resmi dil yglan edilmegi, sebite gereksiz wekilleriñ Mejlise alynmagy, arap mertebesine şek ýetirýän hereketleriñ edilmegi we hökümet düzüminde fondlardan başga nazyrlyga (ministrlige) araplaryñ mynasyp saýylmazlygy ynjalyksyzlygy artdyryp, döwlet bilen araplaryñ arasyndaky psihologiki bölünişigi çuñlaşdyrýardy. Şerif Hüseýin we ýollaryñ soñy Şerif Aly paşanyñ ogly Şerif Hüseýin 1853-nji ýylda Stambulda dünýä inipdi. Soltan Abdylhamyt Döwlet şurasynda oña wezir wezipesini ynanypdyr. Şu wezipesinde işläp ýörkä 1908-nji ýylda amala aşyrylan döwlet agdarylyşygy bilen Mekgäniñ şerifligine bellenipdir. Şerif Hüseýin / Fotosurat: wikipedia.org Şerif Hüseýiniñ ilkibada Osmanla garşy gozgalañ turuzmak pikiri bolmandyr. Beýle pikir onuñ kellesindenem geçmändir, emma iki hadysa onuñ pikirleriniñ üýtgemegine sebäp bolupdyr: Birinjisi, demirýol gurluşygy bilen sebit halkynyñ düýpli zyýana galjakdygy gorkusy, ikinjisi-de Medine hökümetiniñ Hyjaz hökümetinden aýrylyp, gönüden-göni Dahiliýe nazyrlygynyñ garamagyna beriljekdigi hakdaky gep-gürrüñler. Bu üýtgeşmeler Şerif Hüseýini biynjalyk edipdir we ogly Abdyllanyñ üsti bilen iñlisler bilen gatnaşyk açmagyna sebäp bolupdyr. Bu gatnaşyga meýilli bolan kişi bolsa mundan öñ ynanylan birnäçe tabşyrygy bylaşdyryp taşlan ýaş maýor Edward Lourensden başgasy däld8. Ýollaryñ soñky hut şy gatnaşyk bilen başlaýardy. • Kimler üçin "Çölüñ şasy", kimler üçin "şäher legendasy" Lourensiñ birinji jahan uruşynda oýnan roly häzirem taryhçylaryñ arasynda jedelli gürrüñleriñ biri bolmagynda galýar. Käbirleri Lourensiñ oýnan rolunynyñ gereginden artyk çişirilýändigini öñe sürýär. Muña delil hökmünde iki wakany mysal görkezip bolar. Birinjisi goşunyñ ar-namysynda iñ ahlaksyz işleriñ biri hasaplanan tabşyrygyñ ýerine ýetirilmegi üçin Lourensiñ saýlanyp alynmagydyr. Bu tabşyryga görä Lourens Medine goragyna jogapkär Halil (Kut) paşanyñ ýanyna gelip, oña ep-esli mukdarda para hödürläpdir. Halyl paşanyñ bu teklipden ýüz öwürmegi üçin ullakan sebäbem ýok ýalydy, çünki onuñ goraýan şäheriniñ söweşjeñ strategiýa taýdan alanda ullakan ähmiýeti galmandy. Beýleki bir ýandan şäheriñ mukaddesligi we Pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburynyñ ýerleşen ýerini goranmazdan duşmana, özem para-peşgeşiñ hasabyna bermegiñ ýalñyşdygyna ynanýan Halyl paşa iñlis tilkisi Lourensiñ teklibinden ýüz öwrüpdir. Mundan soñ 147 güne çeken gutly goranyş çäresi başlapdyr. Halyl (Kut) paşa / Fotosurat: wikipedia.org Lourensiñ taryhy rolunyñ aşa çişirilýändigini öñe sürýän pikire görä berilen ýene bir mysal hem uruşdan soñ araplara Lourensiñ üsti bilen berilen ýeke wadasynyñam ýerine ýetirilmänligidir. Lourens özi bilen bile gozgalaña gatnaşan taýpalara bir bitewi millet we döwlet wadasyny berenem bolsa, Birleşen Korollyk araplary millet derejesine ýetmedik taýpalar hökmünde görüpdir. Şonuñ üçin gözegçilik astynda saklanmasy kyn, ýeke-täk we bir bitewi Arap döwletiniñ ýerine Şerif Hüseýine we onuñ ogullaryna dürli emirlikleri berip, gözegçilikde saklamak makul bilnipdir. Lourensiñ bildiren ähli nägileliklerine garamazdan, şeýle kararyñ durmuşa geçirilmegini Angliýanyñ oña onçakly pitiwa etmändigi bilen düşündirip bolar. • Lourens bäş müñ osmanly esgeriniñ kellesini gopardýar Elbetde, ýokarda aýdylan iki ýagdaý Lourensiñ uruşdaky roluny kiçeltmek üçin ýeterlik argumentler bolup bilmez. Meçew berilen arap taýpalarynyñ demir ýollaryny haraplamagy we gerilla uruşlary Osmanlynyñ sebiy bilen arabaglanyşygyny düýpli agsadypdyr. Kutül-Amaredäki osmanly ýeñişinden soñ Lourensoñ 1918-nji ýylyñ sentýabr aýynda Damaskda amala aşyran hüjüminde Osmanly agyr ýeñlişe uçrapdyr. Şol hüjûmdr ýesir almazlygy buýran Lourens boýun egen bäş müñe golaý esgeriñ kellesiniñ goparylmagyna sebäp bolupdyr. Lourens esgerleriñ ýesir alynmazlygy buýrugyny berenden soñ şeýle diýipdir: "Hawa, olary gozgalañ turuzmaga men küşgüripdim. Emma bular ýaly wagşyýana gan dökerler öýdüp hiç çak etmändim. Käbir massiwleri aýlanyp görenimde ýaragsyz türk esgerleriniñ nähili öldürilendigine seredibem bilmedim, beýle wagşyýanalyga depe saçym syh-syh boldy.." • Lourensiñ ýatlamalary Lourens çagalygyndan bäri haçly ýörişlerine, rysarlyk ruhuna we orta asyr arhitekturasyna çäksiz haýran galyjylyk duýgusy bilen garapdyr. Ylmy işini-de orta asyr arhitekturasy boýunça giran Lourensi Ýakyn Gündogara getiren düýp itergi özüniñem boýun alyşy ýaly haçparaz janköýerligidir. Uruşda bitiren işleri üçin polkownik çinine çenli galan Lourens soñ-soñlar ýatlamalar kitabyny ýazypdyr. Haçparaz estetikasyna laýyklykda adyny "Paýhasyñ ýedi sütüni" ("Seven Pillars of Wisdom") diýip atlandyran kitabyny soñlajak bolup ýörkä, kitap ýitirim boldy. Ýatlamalaryñ ýazylyp ýören döwründe heniz Ýakyn Gündogara degişli birnäçe meseläniñ çözgüde gowuşmanlygy kitabyñ iñlis kontrrazwedkasy tarapyndan ýok edilendigi hakdaky jedelleriñ döremegine sebäp boldy. Lourens patyşa Faýsal bilen / Fotosurat: Wikimedia Commons Lourens birnäçe ýyl geçenden soñ ýatlamalaryny gaýtadan ýazanda, bu gezek maddy ýetmezçilikler zerarly çap etdirip bilmedi. Şonuñ üçin kitabyñ ilki gysga mazmununy çap etdirdi. Diñe 1926-njy ýyla gelinende kitabynyñ doly nusgasyny çap etdirip bildi. • Ölümi-de ömri ýaly syrdan doly boldy Lourens üçin birtopar lakam ulanylypdyr. "Arabystanly Lourens", "Jansyzlaryñ şasy Lourens" we ş.m. Emma bularyñ arasynda iñ täsini Lourensiñem magtanyp götereni "Şounyñ ogly Lourensdir". Jansyz Lourens meşhur iñlis ýazyjysy we dramaturgy Bernard Şounyñ ýanyna baranda, ýazyjynyñ ýanyndaky beýleki myhmanlary Lourensi Şounyñ ogludyr öýdüp: "Gelşikli ogluñ bar eken" diýipdirler. Kaka meselesinde diýseñ sanjyly geçmişi bolan Lourens muña begenipdir we wagtal-wagtal "Şounyñ ogly Lourens" lakamyny ulanypdyr, ol şeýle lakamy göterýändigine buýsanypdyr. Jorj Bernard Şou / Fotosurat: Wikimedia Commons Lourens uruşdan soñ goşun bölümleriniñ arasyndaky işine harby-howa güýçlerinde dowam edipdir. 1935-nji ýylyñ 13-nji maýynda motosiklinde gezim edip ýörkä, käbir şaýatlaryñ aýtmagyna görä gara awtoulagyñ öñünde durandygy sebäpli awtoawariýa bolup geçendigi aýsylýar. Lourensiñ kellesine agyr şikes ýetip, hassahana ýerleşdirilipdir. "New York Times" gazetiniñ eýýäm şo günüñ bu baradaky beren habary awtoawariýany şübheli ýagdaýa getiripdir: "Bütin dünýäde "Arabystanly Lourens" diýlip tanalýan polkownik Tomas E.Lourensiñ düýn motosikl awariýasynda ýaralanandygyny we "Bowington" lagerindäki harby gospitalda ölüm ýassygynda ýatandygy habar berýäris. Birinji jahan uruşy ýyllarynda Arap gozgalañynyñ gahrymany ýolda bir çagany kakmajak bolup ruluny sowanda motosikliñ ruly döwlüpdir. Awariýada çagajyga hiç zat bolmasa-da, Lourensi huşundan giden ýagdaýda tapypdyrlar. Bu ýagdaýy onuñ ýokary tizlikde gelendigini görkezýär. Awariýa Lourensiñ ýaşaýan raýony "Kloud Hilliñ" ýakynlarynda bolup geçipdir. "Tiz kömek" Lourensi hassahana ýerleşdirensen soñ onuñ kellesiniñ çat açandygy anyklanypdyr. Bu barada hossarlaryna habar berlipdir. Emma dañ atýança düzelişme umydy galmandygy aýdylýar. Lourensiñ ene-atasy Londondan uçara atlanyp, "Bawington" lagerine gelipdir. Düýnki awariýa Tomas Hardiniñ ýaşaýan ýeriniñ golaýynda bolup geçipdir. Lourens sagatda 85 mil tizlikde gelýän eken. Şeýle-de, Lourens 1931-nji ýylda aradan çykan goja ýazyjy Mr. Hardiniñ ýanyna ýygy-ýygydan barypdyr. Polkownik Lourens uzak wagta çeken pensiýa dynç alyşlygyndan soñ uruşdan soñky taşlan aktiw karýerasyna dolanyp gelmehi meýilleşdiripdir. Şol sanda iñlis edebiýatynda agramly ýer tutýan ýazyjy hökmünde has döredijilikli planda çeper edebiýat bilenem gyzyklanmagyñ pikirini edipdir. “Revolt in the desert” kitabyndan gazanan pulunyñ ep-esli bölegini harby haýyr-sahawat guramalaryna bagyşlan Lourensiñ ýylda 200-300 pound girdejisi bar eken". ("New-York Times" gazeti, 1935: 1). Ilki bilen Lourensiñ ene-atasy bile gelip bilmändir, çünki onuñ kakasy aradan çykypdyr, ejesi-de çalt gelip bilmejek ýerde - Hytaýda eken. Üstesine habaryñ içinde ýaralandy diýilýän Lourense sözbaşyda öldi diýilýärdi. Bu habardan soñ Lourensiñ uzak wagtlap reanimasiýada ýatandyg6na garamazdan, türk habar serişdeleri bilen birlikde dünýäniñ birentek ýurdunyñ metbugat organlary her gün onuñ ölendigi hakda habar berýärdiler, ertesi günem öz-özlerini ýalana çykaryp, entek ölmändigi aýdylýardy. Lourensiñ ölüp-ölmändigi bütin dünýäniñ habar beriş serişdelerinde ullakan tapmaça öwrülipdir. Soñky günlerde Lourens aradan çykypdyr. Lourensiñ wesýetine laýyklykda, ol ýönekeý depin çäresi bilen jaýlanypdyr. Ony soñky ýoluna ugratmaga Çerçill, Yragyñ patyşasy Faýsalyñ dogany Emir Abdylla ýaly tanymal adamlar gelipdir. Şaýatlaryñ tutaryksyz görkezmeleri onuñ ölümini şübheli ýagdaýa getirip, birnäçe kişiniñ Lourensiñ öldürilendigini öñe sürmegine sebäp bolupdyr. • "Hakykatda ölmedik Lourens Italýada orta çykypdyr" myş-myşy Lourensiñ myş-myşlar bilen doly durmuşy ölüminden soñam dowam edipdir. Bularyñ iñ täsini Italiýada bir är-aýalyñ aýrylyşma dawasynda ýüze çykypdyr. Är-aýal bilen birlikde sud edilýän Ernest Harper diýen biri özüniñ hakykatda iñlis jansyzy Edward Lourensdigini öñe sürüpdir. Lourense bire-bir meñzeýän Harperiñ hakykatda Lourendigini ýa däldigini anyklamak üçin Angliýadan ony jaýlamaga gatnaşan ýakyn dosty Ronald Strorrose çagyrylypdyr. Strorrose Lourrnsoñ meýdini gözi bilen görendigini, bu adamyñ diñe Lourense meñzeýändigini, ýöne ol däldigini aýdypdyr. Harper bolsa "Men polkownik Lourens, ölýänçämem Lourensligime galaryn" diýip kejeñekligine tutupdyr. Lourens käbirleri üçin diñe gury personaždan ybarat, käbirleriniñ pikiriçe bolsa Ýakyn Gündogarda şu günlerem dowam edýän birgiden problemanyñ arhitektorydyr. Ömri-de özi ýaly san-sajaksyz myş-myşlaryñ temasy bolup gelen Lourensiñ häzirem bärden gaýtmalar bilen öte geçmeleriñ arasynda jedeli edilip gelinýär. • Peýdalanylan käbir edebiýatlar: 1. Edward Lawrence, "Seven Pillars of Wisdom", Publisher Londra: 1926 2. MLitt, Lawrence of Arabia: A Romantic Cavalier in Modern Times: 2013 3. "Arap topalañy 1916-1918" ("Arap İsyanı 1916-1918"), Rejep Boz Temer, "Mülkiye" žurnaly, Sayı: 272; 4. Yslam ensiklopediýasy, "LAWRENCE, Thomas Edward" maddasy; 5. Taner Bilgin "T.Edward Lourensiñ ölüminiñ habar beriş serişdelerindäki habarlary hakda käbir synlar" ("T.Edward Lawrence’ın Ölümünün Basındaki Yansımalarına Dair Bazı Gözlemler"), "Akademik Bakış" žurnaly, Sany: 52, 2015 ý; 6. Patyşa Abdylla, "Biz Osmanla nämüçin garşy gitdik" ("Biz Osmanlı’ya Neden İsyan Ettik"), terjime eden: Halit Özkan. "Kalasik" neşirýaty, Stambul-2006 ý. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 29.06.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |