04:41 Janym ýanýar | |
JANYM ÝANÝAR
Medisina
Hınjal Uluç… Waksina meselesinde “Gara guty” kitabymy okaman-etmän men barada nämeleri ýazmandy. Onuñ düýnki makalasynda şu jümleler bar: “Bar bolan ýa-da satyn alynjak hiç bir waksina ýa-da dermana "ýüz göterim" kepil geçip bilmeris. (...) Täze waksinalaryñ neneñsi täsir etjegi, ýagny, organizmde emele geljek antikorlaryñ näçeräginiñ endamymyzda galyp, kesele garşy goragymyzy üpjün edip biljekdigi doly belli dälem bolsa, dümew sanjymynda bolşy ýaly, onuñam ýylda täzelenip durulmagynyñ gerekdigini aýdýarlar…” Men 577 sahypalap näme ýazdym, jan agam? Diñe “Gara guty” kitaby däl ahweti. Men 504 sahypalyk “Ýaşyryn saýlananlar” kitabymda näme ýazdym? Kitabyma (we meniñ şahsyma) gönükdirip, Orhan Bursaly-da agza alynmajak paýyş sözleri ýazypdy. Ýöne olam düýnki makalasynda şuny ýazdy: “Waksinalar baradaky iñ uly nämälimligiñ onuñ korona ýokanjynyñ ýaýramagynyñ öñüni alyp bilmejekdigini-de nygtamak isleýärin…” Orhan agabeý makalasynda ylmy žurnalistler Tina Hesman Saeý we Jonatan Lambert dagylaryñ sözlerine ýer berdi: "Sowal: Sanjym etdirensoñam ýene kesele ýolugyp we özgelere ýolukdyryp bilerismi? Jogap: Bolup biler. Häzire çenli synagdan geçen waksinalaryñ ýekejesi-de ýüz göterim netijesini bermedi, hut şonuñ üçinem sanjym etdiren käbir adamlar häzirem koronawirusa ýolugyp bilerler. Hususanam "Pfizer" we "Moderna" adamlara wirus ýokuşmagynyñ öñüni alyp-almaýandygyny doly barlap görmediler…” Nämemiş, biragyzdan kabul edilen zatlar dogry dälmiş... Nämemiş, waksinanyñ jedelini etse bolýarmyş... • BIR MYSAL Waksinanyñ jedelini edeliñ, hökman edeliñ... Bizde agzalmaýan, emma mRNA waksinasy sebäpli hemmeleriñ ünsüni çeken başga bir husus bar: Waksinanyñ satuwdaky ömri! Biz muny indi-indi dillenmäge başladyk, emma bu mesele Günbatarda hemişe ünsden düşürilmeýän meseledi... Onuñ satuwdaky ömrüni (wagt möhletini) uzaltmak üçin käbir azyk önümleriniñ içine goşmaça maddalary goşuşlary ýaly, waksina-da şuña meñzeş prosesden geçirilýär... Meselem... "guş dümewi" ýaly “emeli dümewleriñ” üsti bilen dünýä ýaýradylan “antiwiral dermanyñ” (osetamiwir) satuwdaky ömri ýylyñ ýylyna artdyrylýar! Düýnki güne çenli dermanyñ ulanyş möhletini “iki ýyla çenli” diýip bellän global derman şereketi "Roche" muny "ýedi ýyla" çenli uzaltdy! Bu nädip beýle bolýarka? “Thimerosal” bir sanjymdan köp dozany saklaýan çüýşelerde bakteriýalaryñ döremeginiñ we heñlemegiñ öñüni almak üçin, ýagny, waksinalaryñ satuwdaky ömrüni uzaltmak üçin ulanýar! Emma... "Thimerosal"-yñ 49.6 göterimi simap… Garyşyk waksina (difteriýa-tetanos-gökbogma) “thimerosal”-y öz içine alýar. Iki ýaşyna çenli dört gezek sanjym edilen çaga (4×25) 100 mcg thimerosal alýar. Togsanynjy ýyllaryñ başynda thimerosal düzümli menengit (HiB) we sary getirmäniñ (Gepatit-B waksinalary-da rutin waksinalara goşuldy. Şeýlelikde, iki ýaşyndaky çaganyñ alýan simabynyñ mukdary 100 mcg-dan 237.5 mcg-a ýokarlandy! Şol wagt... autizmli çagalaryñ sany artma bilen boldy welin, uly iliñ gözi waksinalara (we azyk önümlerine - süýtdäki kazein, bugdaýdaky gluten we başg.) dikildi. "Thimerosal" hernäçe “autizmlilere-de, başgalara-da onçakly uly zyýany ýok” diýse-de, 1999-njy ýylda ABŞ-nyñ Kesellere gözegçilik merkezleri (CDC) we ABŞ-nyñ Pediatriýa akademiýasy (AAP) waksina öndürijierden thimerosalıni ätiýaçlylyk prinsipine laýyklykda waksinalaryñ düzüminden aýyrmagy talap etdi. ABŞ 2001-nji ýylda kämillik ýaşyna ýetmediklere niýetlenen waksinalardan timerosaly doly aýyrdy… Ýagny, adamlar waksinanyñ jedelini edýärler we munuñ jedelini edip oñarýarlaram. Goý... waksinalardaky “etilen glikol”, “fenol”, “formaldehit”, “alýuminiý” ýaly goşundy maddalaryñam jedeli edilsin… • SOSIALISTE SERETSEÑIZLÄÑ! Ýüz ýyllyk sosialistik ýörelgäniñ wekilçiligini edýän partiýanyñ metbugat organy dermandyr waksina barada näme ýazsam, dowamly garşy çykyp durýar! Tankyt etsin, muña garşylygym ýok. Emma, bäş-üç teññe haýyr-sahawat berýärmiş diýip, "Pfizef" ýaly global derman läheñleriniñ Türkiýedäki mahabat-satuw işlerini alyp barýan "Sağlık Bahçesi" firmasynyñ propogandasyna “goşant” goşmasyn! Bor-la, şu temadan agzap başlasam janym ýanýar, gowsy bularyñ garañkylyga siñip gidýän gatnaşyklaryny ýazmaýyn-la... Waksinaly gürrüñe dolanar bolsak... müñ sorag bar. Mysal üçin: Hemişeki ýa-da industrial kowid-19 sanjymy göwrelilere-de uruljakmyka? Geçirilen bir barlagyñ netijesi göwreliligiñ ilkinji üç aýynda eneler dümew ýolugan ýagdaýynda sanjym etdirse, dünýä inmegine garaşylýan bäbekleriñ şizofreniýa howpuny ýedi esse artdyrýandygyny görkezdi. CDC başlyklaýyn, Waksinasiýa işleri boýunça sala salyş komiteti ýaly birgiden amerikan guramalarydyr saglygy goraýyş edaralary hamyla zenanlara rutin dümew sanjymyny urdurmagy ündedi. Muña garamazdan ABŞ-da hamyla aýal-gyzlaryñ 84%-i dümewe garşy sanjymy urdurmady. Netijeleri dürli-dürli çykýanam bolsa, bu boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleri, gözlegler bar. Adamlar munuñ üstünde garşylyklaýyn pikir alyşýar, jedelleşýär. Ine, bizde şeýlekin garaýyş ýok. Meniñ garşy çykýanym şu. Unutmañ, taryhyñ dürli döwürlerinden şu günümize çenli adamzat ähli bilýän zatlary üçin lepbeý diýip kabul edýänlere däl-de, garşy çykyp bilýänlere minnetdar bolmalydyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.12.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |