11:31 Jawaharlal Neru | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
JAWAHARLAL NERU Neru yzagalak ýurduñ zamanabap lideridi. Ol mukaddes aýlarda ýülünen ýurtda geljegiñ adamydy Pandit Jawaharlal Nerunyñ ady häzir 800 milliondan agdyk ilaty bolan Hindistanda Mahatma Gandiden soñ iñ meşhur şahsyýet hökmünde ýaşap gelýär. Günbatarly hindi bolan Neru sosialist aristokratdy we bäsdeşsiz liderdi. Neru yzagalak ýurduñ zamanabap lideridi. Ol mukaddes aýlarda ýülünen ýurtda geljegiñ adamydy. Jawaharlal 1889-njy ýylda Allahabat şäherinde dünýä indi. Kakasy Hindistandaky iñ uly we iñ baý aklawjylaryñ biridi. Maşgalasy Kaşmirden öñ Allahabada, yzyndanam Delä göçüp geldi. Maşgalanyñ erkekleri ýüzlerçe ýyllap ýokary wezipelerde işledi. Neru 1905-nji ýylda Angliýa gidip, "Harrow School"-da we Kembriž uniwersitetinde okapdyr. Ol yzynda kämil edebi we awtobiografiki eserleri miras galdyrypdyr. Edward Frederik bulary okamasañ, Hindisatana düşünmegiñ mümkin däldigini aýdýar. Onuñ awtobiografiýasy Hindi ýurdunyñ taryhyny we häzirkizaman iñlis ýazyjylaryny gabandyrjak derejedäki stilde ýazylypdyr. Neru 1923-nji ýylda Hindistana gaýdyp gelip, hamana özi üçin döredilen syýasy işlerine başlapdyr. Ýedi gezek türmä giripdir we jemi alty ýyl gözenegiñ añyrsynda ýatdy. Terjimehalynda ýatan gözeneginde köplenç ýeke bolmandygyny ýazýar. Ýagyş-ýagmyryñ sepelenip we gün şöhlesiniñ düşüp durmagy üçin açyk saklanýan üçeginden serçeler girip-çykyp durupdyr. Ol iñlisleri däl-de, Angliýanyñ kolonializmini ýigrenýändigini aýdýan eken. Şol bir wagtyñ özünde eden işleri üçin iñlis medeniýetine minnetdardygyny-da nygtapdyr. Neru Hindistanyñ 1947-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanmagy bilen premýer-ministr bolupdyr. 1965-nji ýylda 75 ýaşynda aradan çykýança-da bu wezipede oturypdyr. Ol aradan çykanda Hindistanyñ ilaty 500 milliona ýeteñkirläpdir. Neru ýurdunyñ dünýäniñ iñ uly demokratiýasy bolmalydygyny öñe sürüpdir. "Sowuk uruşa" girmezligiñ ýeke-täk ýolunyñ Gündogar bilen Günbataryñ arasynda pozitiw bitaraplygy saklap galmakdygyny aýdypdyr. Ömrüniñ ahyrky pursatlaryna çenli garyplyga, welaýatparazlyga, hurafalara garşy göreşipdir. Wesýetinde meýdiniñ ýakylmagyny we külleriniñ Gang derýasyna sepilmegini isläpdir. Şu sözler oña degişlidir: - Çagalygymdan bäri pasyllar bilen birlikde üýtgäp-özgerip duran Gangy syn edip geldim. Elmydama, asyrlar boýy onuñ bilen baglanyşdyrylýan we lummurdap akýan suwunyñ bir parçasy bolan taryhy, rowaýatlary, urp-adatlary, aýdymlary pikir etdim. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 04.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |