10:08 Jaýryk meñzeşligi | |
JAÝRYK MEÑZEŞLIGI
Publisistika
ABŞ-nyñ San-Fransisko şäherinde 1937-nji ýylda ulanylmaga berilen "Golden Gate" köprüsi Stambulyñ "Boğaziçi" (soñ "15-nji iýul şehitleri") köprüsine meñzedilýär... Köpri adyny "Golden Gate" bogazyndan alýar. Umuman alanda, San-Fransisko şäheri, baýyrdyr-depeleri bilen ekerançylyk raýony Salinas hem Stambula meñzedilýär... Köpriniñ geñeşçileriniñ biri şotland-kanadaly Endrýu Lousondy. Berkli uniwersitetiniñ professory Louson 1895-nji ýylda adyny jülgedäki kiçijik kölden alýan San-Andreas jaýrygyny (razlomyny) kesgitlän we atlandyran ilkinji geologdy... 1906-njy ýylyñ 18-nji apreli. Sagat 05:12. San-Fransiskonyñam ýerleşen Kaliforniýa ştatynyñ demirgazygynda sekiz km çuñlukdaky San-Andreas jaýrygynyñ döwülmegi bilen takmynan 7.9 ballyk ýer yranmasy bolup geçdi. 42 sekunt dowam eden sarsgynda şäheriñ 80%-i ýykyldy. Jaýlaryñ ýeke gatly bolmagy adam pidalaryny azaltdy, üç müñden gowrak adam öldi. ABŞ-nyñ San-Fransisko şäherindäki "Golden Gate" köprüsi Kyrk müñden gowrak adam "Golden Gate" parkyndaky çalamydar gurlan çadyrlara ýerleşdirildi. Şonça adamam şäherden göçdi. Zyýan 2022-nji ýylyñ dollar kursundan uranda 9.23 milliard dollara ýetipdi... Ölenleriñ sany häzire çenli Kaliforniýanyñ taryhynda bolup geçen tebigy betbagtlyk bilen baglanyşykly iñ uly adam ýitgisi görkezijisi bolmagynda galýar. Ýer yranmasynyñ Stambuly gyzyklandyrýan başga tarapy bar: * * * Professor Endrýu Louson 1906-njy ýylyñ ýer titremesinden soñ San-Andreas jaýrygy boýunça alyp barýan ylmy-barlag işlerini güýçlendirdi. Jaýrygyñ Kaliforniýanyñ günortasyna çenli uzaýandygy netijesine geldi. Endrýu Louson Stambulyñ 20 km çemesi günortasyna çenli uzaýan Demirgazyk Anadoly jaýrygynyñ (meñzeş uzynlyklara we opurylma derejelerine eýe kontinental meýdan ýaly) köp babatda San-Andreas jaýrygyna meñzeýändigini anyklady! (Mermer göni atymly sistemadaky erkin düýrükmäniñ çek-aýyr deltasyny emele getirýän Kaliforniýadaky Salton çöketligine meñzeýärdi). Ýagny, Stambul bilen San-Fransisko ýer astyndanam biri-birine meñzeýär... Özem Stambul ýaly San-Fransiskonyñ taryhynda-da soñky iki asyryñ dowamynda 76 gezek ýer titredi... Mysal üçin: 1957-nji ýylyñ 22-nji martynda San-Fransiskoda ýer yrananda bary-ýogy bir adam öldi, kyrk adam ýaralandy. Sebäbi olar şäheri ýer sarsgynyna çydamly edip gurupdylar. 1989-njy ýylyñ 17-nji oktýabrynda Kaliforniýa ştatynyñ Santa-Kruz şäheriniñ golaýynda bolup geçen ýer sarsgyny 57 adamyñ ölümine sebäp boldy. (Iñ köp adam pidasy 42 - olam Nimitz gara ýolunyñ üstündäki wiaduganyñ çökendigi sebäpli boldy). Bu ýer sarsgyny San San-Andreas jaýrygynyñ sepleşiginde egri atymly ters jaýrykdan gelip çykýardy! Munuñ özi garaşylmadyk zatdy. Ýogsam bolmasa dünýädäki iñ köp ylmy-barlag işleri bu jaýrygyñ üstünde geçirilipdi! Uzatmaýyn San-Andreas jaýrygy iñ soñky gezek 2022-nji ýylyñ 20-nji dekabrynda döwüldi, 8 ballyk ýer sarsgynynda iki adam öldi, 47 adam ýaralandy! * * * Bize dolanyp geler bolsak: San-Andreas jaýrygyna meñzeş Demirgazyk Anadoly jaýrygynda uly ýer yranmalarynyñ bolýandygyny, megerem, indi bilmeýän ýok bolsa gerek. Adam pidaly ýer yranmalarynyñ birnäçesinden mysal bereýin: 1939-njy ýyl, Erzinjanda 32 müñ 968; 1942-nji ýyl, Niksar-Erbaada 3 müñ; 1943-njj ýyl, Tosýa-Ladikde 2 müñ 824; 1944-nji ýyl, Bolu-Gerede 3 müñ 959; 1966-njy ýyl, Wartoda 2 müñ 394; 1999-njy ýyl, Marmarada 18 müñ 373 öli... Jemlär bolsam; San-Fransisko bir meselede Stambula-Türkiýä meñzemeýär - ýer yranmasyna taýýarlykda! Amerikanlar ýer sarsgynynyñ täsirini iñ pes ýitgä düşürmek üçin uzak ýyllaryñ dowamynda işläp gelýär, ýekebara, guramaçykykly we köpçülikleýin derejede öñe saýlanyp, bir topar öñüni alyş çärelerini geçirýär. Çünki: ABŞ-nyñ Geologiýa ylmy-barlaglary institutynyñ berýän maglumatyna görä, San-Andreas jaýrygynyñ bir ýerlerinde öñümizdäki 20 ýylyñ içinde 8.0 balla ýetjek ýa-da ondanam uly ýer sarsgynynyñ emele gelme ähtimallygy bar! A biz? Gowsy ýazmaýyn-la, biziñ adamkärçiligimiz harabalykdan enaýy däl. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |