16:18 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Bagtyň üçin gylyç çal | |
VII. Bagtyň üçin gylyç çal
Taryhy proza
Eger biz it ýürekli bu duşmanlarymyza «Parahat ýaşaşalyň» diýsek, paýhasy dury adam bizi akylly saýmaz. Söweşsiz yza dönseň – olara dünýäni arkaýyn talaberiň diýdigiň bolar. Arap ertekisinden. Çingiz handan bäş sözden ybarat ýowuz haty alansoň, Muhammet şa iň uly harby baştutanlaryň, belent derejeli hanlaryň, ak sakgally ymamlaryň hem beýleki ýokary çinli adamlaryň gatnaşmagynda adatdan daşary maslahat çagyrdy. Ýygnananlar halynyň üstünde ýygjam oturyşlaryna şanyň harby tejribesi, duşmanlaryň gaty tiz merkini berip, ýurdy howpdan halas edip biljekdigi barada gürrüň edýärdiler. Muhammet şa köp wagtlap gara bermedi. Ol köşgüň içki otaglaryňda – eýran, hindi, arap ýaraglarynyň saklanýan ýerindedi. Adamlaryň gözünden çetde ýerleşýän şol otaglaryň birinde ol ogly Jelaletdin bilen ikiçäk maslahat edýärdi. Şahynşah gaty aladalydy, keşbi tutukdy. Onuň hemişeki bolşy ýaly, şeýle seredeninde gaty parahat görünýän ogly häzir gahardan ýaňa ysytma tutýan ýaly galpyldaýardy, ýüpek elýaglygy bilen tiz-tizden derini çalýardy. Şa pessaý ses bilen gürledi: – Men aljyraýan... Bir wagtyň özünde üç tarapdan çapar geldi... Duşmanlar ähli ýerden gara bulut ýaly süýşüp gelýärmiş! – Şoň üçinem, oňa uruş diýilýär-de – diýip, Jelaletdin sowuklaç jogap gaýtardy. – Birinji çaparyň aýtmagyna göre, çypar gaplaň Çingiz han eýýäm serhetdäki Otrar şäherini alypdyr, onuň hökümdary Ynaljyk Gaýyr hany tutup, gözlerine hem gulaklaryna kümüş erginini guýduryp, içini sowadypdyr... Belkem, Çingiz han eýýäm meň üstüme gelýändir. – Goý gelsin! Biziňem garaşýanymyz şo-da! – Sen hatda şuň ýaly howp abanyp gelýärkä-de bigamlygyňy goýaňog-ow. – Şunça goşunymyz barka, gorkasy zat ýok. – Ikinji çapar günortadan geldi – diýip, Muhammet şa pyşyrdady. – Ol eýýäm Kaşgar daglarynda-da mongollary görendikleriniň habaryny getirdi. Jelaletdin eginlerini gysdy: – Görenleri bir sähelçe goşundyr-da. Eger uly goşun bolanlygynda häzirki ýagdaýda – ýazyň başynda dag geçgitlerinde garyň astynda galmaklary ahmal. – Şeýle-de bolsa, dagdan duşup, mongol goşuny biziň Hindistana tarap yza çekiljek ýolumyzy baglapdyr. – Kaka, sen aýdýan zatlaň näme? Näme üçin biz niredir bir ýere yza çekilmelimişik? Elindeki ägirt uly goşun sen hüjüme geçmege buýruk bereriňe garaşyp dur. – Ýene-de bir habar gowuşdy: mongol goşunlaryny Gyzylgumda-da görüpdirler! – Hezret, sen o ýere on müň atlydan ybarat goşun ýolladyň ahyryn. – Olar mongollary saklap bilmez – diýip, Muhammet şa edil duşman nökerleri daşyny gallap barýan ýaly, töweregine garanjaklap mydyrdady. – Belki, ol gyzyl sakgal mahluk Buhara golaýlandyr? Onuň atlylarynyň bizi gözläp, ähli ýerlerde alakjaşyp ýören bolmagam mümkin? Ikimize bu ýerden basymrak garamyzy saýlamak gerek! Jelaletdin dymyp oturyşyna, gaharyna bäs gelip bilmän, elindeki ýüpek ýaglygyny jyrram-jyrram etdi. – Näme jogap bereňok? – Sen meni samsykdyr öýdýäň... Başga näme diýeýin? – Saňa geplemegi buýruk berýän. – Onda ýalkasaňam, kellämi alsaňam, ýüregimdäkini aýdaýyn – Jelaletdiniň gahardan ýaňa dodaklary titreýärdi. – Eger-de nälet siňen Çingiz han eýýäm üstümize gelýän bolsa, onda biziň goşunymyz şäherleriň belent diwarlarynyň aňyrsynda bukulman, parahat ilaty gyrgyna berýän ol ganhory gözlemelidir... Men ähli zada kaýyl bolup ýören pukaralary talamaly bolanda batyr, emma söweşe çykmaly diýilse, ýaprak ýaly galdyraşyp duran gypjak hanlaryňyň ählisini meýdana kowup çykarardym... Olara ölüm howpuny salyp, şähere girmegi gadagan ederdim. Goý, meýdanda pena bolup dursunlar. Esgeri gorajak zat – onuň gylyjynyň tygy bilen wepaly atydyr. Çypar gaplaň bärik gelýär gerek?.. Gaty gowy! Diýmek, onuň ýoly bize aýan. Atlaň başyny öwrüp, onuň söbüginden dişlemeli, ýolunda böwet bolup durmaly, çar tarapdan hüjüme geçmeli, edil gelegurt sürüsi ýaly topulyp, onuň çypar hamyny eti bilen goparmaly... Esasy bölegi atly goşundan ybarat ýüz müňlük gypjak ýygynynyň meýdanda däl-de, Samarkandyň diwarlarynyň aňyrsynda duranynyň näme haýry bar? Özler-ä goýun etini çekeleýärler, tüweleý ýaly dabyrajak atlary bolsa bikär durup, güýçden gaçýar... – Sen näme, kakaň beren buýruklaryna telek diýjek bolýarmyň? Muny öňden bäri duýýan – Sen meň ajalymy isleýäň! Jelaletdin ýüzüni sallap, gussaly jogap gaýtardy: – Beýle pikirim ýok. Elem-jahanyň sarsyp duran agyr döwründe men seni ýeke taşlaman. Ýöne öz sarpa goýýan gahrymanym Isgender Zulkarnaýnyň hatyrasyndan ant içýän: men saňa ähli zatda tabynlyk bilen gulak asyp, gaty ýalňyşypdyryn. Söweşjeň lager gurap, seniň eliň ýekeje hereketi bilen duşmana topulmaga taýyn bolup durmasa, dört ýüz müň adamdan ybarat agyr goşunyň näme geregi bar? Aňyrsynda aýallarymyzdyr çagalarymyz däl-de, saňňyldaşýan heleýleriniň ýorganynda ýaragly batyrlar gizlenjek bolsa, şäherleriň galyň diwarlaryndan nä haýyr? Sen maňa jeza berseňem, diýşim ýaly et. Samarkanda gideli-de, goşun bilen... – Ýok, Eýrana ýa-da Hindistana gitmeli!.. – O bolmaz! Biz üçin diňe iki ýol bar: ýa-ha aldym-berdimli söweşe girmek, ýogsa-da, bendilikde masgara bolup ölüp-ýitip gitmek... Biz mongollar bilen garpyşmak üçin açyk meýdana çykarys... Ýyldyrym ýaly okgunly hüjüm ederis... Seň ýeňjegiňe kellämden ant içýan. Beýik serkerde hökmünde şöhratyň ile dolar. Öleýseňem – şehit borsuň. Şoň üçinem, ýaýdanma-da, herekege geç! – Serkerde däldigiň bes-belli-dä – diýip, şa almaz ýüzükli barmagyny çommaltdy. – Sen diňe batyr ýigit. Bu bolşuň bilen duşmanyň üstüne gözsüz batyrlyk edip topulýan müň, hatda on müň ýigide-de baştutanlyk edip bilersiň... Men welin ummasyz ýurduň hökümdary bolanym üçin ähli zady ölçerip-dökmeli, öňünden saldarlap görmeli. Men başga karara geldim. Goşuny harby baştutanlaryma goýup, özüm Eýrana gidip, täze goşun toplajak. Görýän welin bagt menden ýüzüni öwren ýaly. Eýranda ol ýene maňa gulup bakar... – Bagt diýýäňmi? – diýip, Jelaletdin gazap bilen gygyrdy. – Edermen adamdan bagt ýüz öwürmez! Bagtdan gaçmaly däl-de, onuň yzyndan ýetip, saçlaryndan towlap tutaga-da, gaňryp, dyzyň astyna almaly... Bagty, ine, şeýdip özüňe tabyn etmeli! – Besdir! Besdir! Şindem sen şol öňki badyhowalygyň galmandyr! Jelaletdin kakasynyň donunyň synyny öpdi-de, otagdan çykdy. Ol şo günem ýitirim boldy. Horezm şasy köp wagtlap ondan hiç hili habar-hatyr bilmedi. Harby maslahatyň geçjek zalyna giren Horezm şasynyň keşbi tutukdy. Ol altyn çaýylan tagtynda gabarylyp ornaşdy. Şyhulyslam doga okap, sözüni şeýle tamamlady: – Patyşanyň haýry hem şöhrady üçin Horezmiň gül açýan topragyny ýaradan Allanyň özi penasynda aman saklasyn. Hemmeler ellerini göterip, barmaklarynyň ujuny sakgallaryndan ýöretdiler. Şa şeýle diýdi: – Men siziň her biriňizden kömege garaşýan! Nähili edeniňde gowy bolar öýtseňiz, heriňiz öz gezegiňiz gelende çekinmän aýdyň. Ilkinji bolup beýik ymam, köp ylymlardan habarly, «diniň sütüni, patyşalygyň daýanjy» hasap edilýän garry Şyhabeddin Hiwaky söze başlady: – Men bu ýerde-de her gün metjidiň belent münberinden aýdýan sözlerimi gaýtalamakçy: «Kim özüni, emlägini gorap jan berse, şol şehit bolar». Häzir hemmemiziň gündelik hysyrdylaryň gaflatyndan çykyp, boýun sunmak ýoluna düşmegimiz, aladalaryň leşgerini edermenlik hem yhlas gylyjy bilen dargatmagymyz gerek! – Hemmemiz jeň meýdanynda baş goýmaga taýyn! – diýip, oturanlar gygyrdylar. – Ýeri, sen näme maslahat berýäň? – diýip, şa sorady. – Sen-beýik serkerde. Sen – täze Isgender! – diýip, garry ymam söze başlady. – Sen öz san-sajaksyz goşunyny Seýhunyň (Syrderýanyň) kenaryna sürüp, şol ýerde-de otparaz mongollaryň üstüne aýgytly hüjüm etmeli. Sen Aziýanyň çöllerinde ýol söküp usurgan mongollara dynç almaga maý bermän, täze güýçleriň bilen üstlerine dökülmeli. Muhammet şa gabagyny sallap, sesini çykarman oturdy-da, geplemek gezegini indikä berdi. Gypjak hanlaryňyň biri şeýle diýdi: – Mongollary öz patyşalygymyzyň içki çäklerine goýbermeli. Şol ýerde-de ýerli ýagdaýa belet bolanymyz üçin olary ap-aňsat ýok ederis. Beýleki gypjak hanlary aýgytly söweşden gaça durup, Samarkant bilen Buharany gorajak bolman, olaryň belent galalaryna bil baglamagy, esasy goragy mongollar aňryk – Eýrana geçmez ýaly, köp suwly Jeýhunyň geçidine toplamagy maslahat berdiler. – Edermen Timur Mälik, sen näme maslahat berýäň? – Kim hüjüm etse, şolam ýeňýär. Diňe goranýan adam özüni betbagtlyk laýyna batyrýar – diýip, Timur Mälik parahat jogap gaýtardy. – Şoň üçinem, göräýmäge gowşak adamyňam hüjüm edip, özünden ençeme esse güýçli, gana suwsan gaplaňy ýeňäýdigi bolýar. Dagdan aňryk gitmek, bol suwly derýaň o kenaryna geçmek – duşman bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkup, aýagy tibirdeýänleriň tapýan gepi. Menden gaýtalap maslahat soramak näme gerek? Meni öňdäki mongol otrýadlary nirede görlen bolsa şo ýere iber diýip, senden näçe wagt bäri towakga edip ýörün? Peýkamymyň dogry degýänini – degmeýänini, garrylyk zerarly gollarymyň güýjüniň gaçanyny-gaçmaýayny, gylyjymyň kesgirligini ýa kütekligini men olar bilen garpyşykda barlap görmekçi. – Goý, sen diýeniň bolsun, – diýip, Muhammet şa seslendi. – Basym öz gylyjyny mongollaryň kellesinde synamaga şert döreýär. Seni Hojant galasynadaky goşunyň baştutany edip belleýän. Hemmeler ýüzüni aşak saldy. Söweşde gözsüz batyrlyk edişi ýaly, gürlände-de aýlawy, seresaplylygy bilmeýän Timur Mälige şanyň gaharynyň geleni äşgärdi. Garry serkerde hiç wagt Horezm şasynyň ýakymly, badyhowa sözlerine onuň gulagyna ýaraýjak gep goşjak bolup arrygyny gynanokdy. O diýen ähmiýeti bolmadyk Hojant galasynda sähelçe goşunyň bardygy üçin, Timur Mälik oňa baştutan bellenmegini özüniň kemsidildigi diýip düşündi. Timur Mäligiň tikenli sözleri Muhammet şanyň çetine degipdi. Şa sözüni dowam etdi: – Timur Mälik diňe hüjüm eden ýeňer diýip tassyklaýar. Ýöne uruşda köre-kör batyrlyk däl-de, hemme zatdan öňürti paýhaslylyk gerek. Men hiç bir şäheriň göwnüne degip, goragsyz goýmakçy däl. Samarkantda meýletin goşuljak şäherlileri hasap etmäniňde-de, ýüz on müň esgerli goşun, ýigrimi sanam görnüşi elheder aldyrýan söweş pili bar. Buharadaky esgerleriň sany elli müňe ýetýär. Şonuň ýaly-da, men beýleki şäherleriňem käsine ýigrimi, käsine ýüz müň goşun iberdim. Sowuga öwrenişen possunly mongollar biziň yssymyza çydap bilmän sähel wagtdan ýoguny çekseler gerek. Galalarymyzdan girip bilmän, tutuş bir ýyl saklansa, Çingiz hanyň goşuny ne hala düşer öýdýäňiz? Oňa täze goşun-a gelmez, bolanjasam nowruz gary ýaly, derrew eräp gutarar... Horezmiň parahat ilaty üçin iň gowy gorag – biziň galalarymyzyň sarzmaz diwarlarydyr, hemem.... – Seniň kuwwatly goluňdyr, akyl-paýhasyňdyr! – diýip, ýaranjaň hanlar seslendi. – Menem siz bärde goranýançaňyz Eýranda täze goşun toplaryn. Şolar bilenem mongollaryň başyna şeýle bir oýun salaryn welin, olaryň agtyk-çowluklaryna çenli biziň topragymyz agzalanda sandyrap durar ýaly bolarlar. – Enşalla! Herne, şeýle bolsun! – diýip, hanlar seslendiler. – Bu ýeňilmezek serkerdäň tapaýjak paýhasly sözi! – Maňa ýola düşmäge wagt boldy – diýip, şa ýerinden turdy. Ol ymamyň okan dogasyny sonuňa çenli diňledi-de, köşgüň içki jaýlaryna tarap ýöneldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |