16:34 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Beýik Isgendere nuba | |
V. Beýik Isgendere nuba
Taryhy proza
Entek daňam atmanka Horezm şanyň gözaraly, üsti ýarym ukuly garawully galasynyň gapdalyndaky köşgüniň ýaşan üçeginde Guruň, Gaznanyň, Balhyň, Banianyň, Termeziň hem ýurduň beýleki maýda welaýatlarynyň hökümdarlarynyň ýaş hanlary hatara durdular. Bu gopbam hökümdarlar pitne turuzaýmazlary ýaly, Horezm şasy olaryň ogullaryňy öz köşgünde zamun saklaýardy. Ýaş hanlaryň hemmesiniň elinde ýaýbaň mis gaplardyr jaňly hem adaty deprekler bardy. Şol ýerde, ýaýbaň üçegiň beýleki tarapynda elleri uzyn kernaýly, çirkin sesli tüýdükli hem beýleki maýda saz gurally sazandalar topar tutuşyp durdy. Bir çetrekde esasy harby baştutanlar hem ýurduň ýokary hökümdarlary özbaşlaryna toplanypdylar. Bularyň başy her hepdäniň anna güni irden meşhur serkerde Isgender Zülkarneýiniň hatyrasyna geçirilýän nuba1 gatnaşmak üçin bu ýere ýygnanýardylar. Bu dabarany makedoniýaly basybalyja diýseň belent sarpa goýýan Muhammet şa girizipdi. Goýny çal bulutly garaňky asmanyň gündogar çeti ilki symgylt öwsüp, dura-bara goýy gyzyl reňke boýaldy. Alysda dumana çümüp oturan Ürgenç şäheri kem-kemden oýanyp, jaýlaryň depesinden san-sajaksyz gögümtil tüsseler burum-burum bolup asmana göterilip ugrady. Dogup gelýän günüň gyzgylt şöhleleri howalanyp oturan belent ymaratlaryň – metjitleriň, minaralardyr diňleriň depelerine elwan öwüşgin çaýdy. Üçekde üýşüp duranlaryň ählisi seslerini çykarman Beýik Horezmiň gazaply hökümdarynyň peýda bolaryna garaşýardylar. Asmana gezelen belent minaralaryň depesinden azançylaryň çaganyňky ýaly inçe, şaňňy sesleri ýaňlanyp ugrady: – Kimde-kim ukuda däl bolsa eg-e-e-r, Oň üstüne Allan rehmedi ýag-a-a-r! Beýikdir Al-la-a! Horezm şasy içki basgançaklar bilen meýdança tarap ýöneldi. Ol edil söweşe gitjek ýaly, ýarag baryny dakynypdyr. Başy tuwulgaly, egni ak donly, özem ullakan gadymy galkany söýget edinip barýardy. Şanyň yzyndan barýan wekil, arz diwanynyň ketdesi, Timur Mälik kem hökümdaryň ogly, ozalky tagt mirasdary Jelaletdin hersi öz durmaly orunlaryny eýeledi. Horezm şasy altyn çaýylan tagtyň ýanyna bardy-da, gylyjyny galgatdy. Ähli sazandalar Isgenderiň şanyna dabaraly aýdyma başladylar. Aýdym kesilip, diňe onuň iň soňky owazlarynyň köne diňlerde pessaý ýaňlanýan mahaly Muhammet şa batly, ynamly sesi bilen ýygnananlara ýüzlendi: – Beýik Horezmiň edermen esgerleri bolan biz, bu gün ýeňilmez halypamyz Isgenderiň şöhratyny belende götereliň. Ol söweşlerde hemişe bize görelde bolmalydyr. Onuň özi gaýduwsyz goşunynyň öňüne düşüp, hemişe öň hatarda söweşipdir... Bize alys, emma şanly ýöriş garaşýar. Basym biz öz edermen goşunymyzy gündogara – ukuda ýatan Hytaýyň paýtagtyna bakan süreris. Ony boýun egdirip, hytaýyň köşklerinden toplan baýlygymyzy müňlerçe düýeli kerwene ýükläp ýurdumyza getirenimizden soň günbatara – meniň duşmanym bolan boýnuýogyn halyf Nasyryň garşysyna goşun çekeris... Men öz naýzamy Bagdat halifiniň paýtagtynyň iň esasy metjidiniň öňünde dikjegime kasam edýän! Şeýdip, Beýik Horezmiň serhedini çar tarana giňeldenimizden soň biz bütin Aziýada iň uly hem kuwwatly döwletiň eýesi bolarys!.. Adamlaryň birden ýaňlanan gykylygy howany elendirdi: – Ýaşasyn biziň täze Isgenderimiz – kuwwatly Horezmiň beýik şahynşasy! Horezm şasy köne galkany öňüne tutup, tagtda oturdy. Hemmeler ellerini garnynyň üstünde goýup, epilip onuň ýanyna geldiler-de, geýminiň çetini ogşadylar, şanyň kesgir akyly, edermenligi hem indi gazanjak beýik ýeňişleri barada mahabatly sözler aýtdylar. Jelaletdin gaşlaryny çytyp, dymyp durdy. Timur Mälik pessaý ses bilen ona ýüzlendi: – Sen ne gama batdyň? Kakana hoş ýakaýjak bir zatlar diý-dä. – Men oňa ata-babalarymyzyň: «Güýçlüdirin diýme – özüňdenem güýçlä uçrarsyň. Mekirdirin diýme – özüňdenem mekire uçrarsyň» diýen nakylyny ýatladardym. Ýörişe gitmek üçin... Oňa sözüni soňlamaga maý bolmady. Meýdançada peýda bolan hyzmatkär ýuwaşjadan, aýagynyň daraklygyna basyp, wekiliň ýanyna bardy-da, gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Wekilem pyşyrdap özüne aýdylan zatlaryň, özenini Jelaletdine ýetirdi. Jelaletdin sesine bat berip Horezm şasyna ýüzlendi: – Hezret, söhbetiňizi bölýänimi bagyşla. Köşge üç sany näbelli çet ýurtly gelip, gedemlik hem gopbamlyk bilen seniň özlerini haýal etmän kabul etmegini soraýarmyşlar. Horezm şasy ýüzüni çytyp, gazap bilen gaşlaryny gerdi: – Kimmiş olar? Kim iberipdir? Haýsy ýurtdan gelipdirler? Hyzmatkär dyza çöküp, gorkudan ýaňa endireýän sesi bilen jogap berdi: – Olaň gedemlik bilen aýdan sözlerini bolşy ýaly size ýetirýänim üçin günämi geçiň, hezret. Olar biziň serhedimizden älem-jahanyň ýowuz hökümdary, mongollaryň ýeňilmez şasy Çingiz hanyň çapary bolup geldik diýýärler. Gypjak hanlaryňyň biri sesine bat berdi: – Güp-güpüň biridir-dä! Olar ýaly çaparlary masgara edip yzyna kowmaly! Timur Mälik parahat seslendi: – Howlukmak näme gerek? Ilki olaň kimdigini, näme isleýändiklerini anyklamaly. Beýleki hanlaram ýerli-ýerden gygyryşdylar: – O kezzaplary, sähra sülgünlerini göreliň. Näme etmeli bolsa soň ederis! Gitmege hyýallanan şa ýene-de tagtda ornaşdy. – O çet ýurtlular goý, bärik gelsin! Men olary göresim gelýär. Hyzmatkär ýüwrüp gitdi. Timur Mäligiň tabşyrygy boýunça sazandalar garşy alyş marşyny çaldylar. Mundan ozal hiç wagt görülmedik üç sany netanip meýdança galyp ugrady. Eginleri gyralaryna tilkiniň hamy tutulan uzyn gök donly, başlary samyr derisinden tikilen telpekli, billeri egri gylyçly ilçiler tagtyň öňüne baryp, beýleki ähli adamlardan tapawutlylykda şahynşaha tagzym etmän, başlaryny dik tutup durdular. Olaryň biri söze başlady: – Ähli mongollaryň ýeňilmezek hökümdary beýik Çingiz han adatdan daşary ilçiler hökmünde bizi Horezmiň şöhratly häkimi bolan seniň ýanyňa dostluk hem hoşniýetli goňşulyk barada gepleşik geçirmek üçin iberdi. Ol saňa sowgat ýollady hem şu sözleri aýtmagy buýurdy... Onuň sözlerini okamaga rugsat et... – Oka! Ilçi gök mum möhür basylan düýrlengi kagyzy ýazyp, okamaga başlady: – «Men Hytaýy tozduryp, onuň güýçli hökümdaryny öňümde baş egmäge mejbur etdim. Men kän halklary özüme tabyn etdim. Men uç-gyraksyz Aziýanyň ähli ýerini öz gysymyma gysdym. Bu günem seniň ýurduň serhedine ýetdim. Eger meniň bilen parahat ýaşaşasyň gelse, biziň täjirlerimiz hem söwda kerwenlerimiz üçin öz serhetleriňi aç, menem siziň täjirleriňize öz ýerimde erkana söwda etmege ygtyýar bererin. Söwer oglum, men saňa dostluk...» Horezm şasy gahar bilen syçrap turdy-da, gylyjyny gütledip urdy: – Näme diýdiň? Siziň san-salasyz, näbelli hanyňyz maňa «söwer oglum» diýmäge neneň het edýär? Men eger islesem, ýa-da ol bu söze mynasyp bolsa siziň gedem hökümdaryňyza «oglum» diýip bilerin. Men özüme hormat goýulmagyny talap edýän, siz tetelliler bilen gepleşesimem gelenok! Sähraýy badyhowa hanyň bu paňkelle ilçilerini güm edip kowuň! Horezm şasy ilçiniň elinden Çingiz hanyň hatyny kakyp aldy-da, ýyrtym-ýyrtym edip, onuň ýüzüne urdy. Soňam wekiliň ugratmagynda bada-bat meýdançany taşlap, köşgüne bakan ýöneldi. Gypjak hanlary dowla düşüp gygyryşdylar: – Gedemleri öldürmeli! Çapmaly! Goý, olaryň kagany biziň beýik şahynşahymyzy masgaralanyň ne güne düşýändigini görsün! Hanlaryň biri haty okan ilçä topuldy-da, gylyç bilen urup ýere ýazdy. Jelaletdin ara düşüp, gylyjyny sogurdy-da, beýleki iki mongol ilçilerini penalady: – Samsyklar! Päliňizden gaýdyň! Siz näme: «Ilçini bogmazlar, araçyny öldürmezler» diýlen kanuny unutdyňyzmy. Özüm bulary gorag astyna alýan. Bulary bitiniň burnuny ganatman, serhede eltip gaýtsynlar. Timur Mäligem gylyjyny gynyndan sogurdy: – Hökümdarlarynyň gaşyna sag-aman barar ýaly, bulaň, aladasyny özüm ederin. Jelaletdin buýruk berdi: – Hyzmatkärler, öldürilen ilçiniň jesedini göteriň-de, şyhulyslama tabşyryň. Goý, ol muny mynasyp görnüşde jaýlasyn... Munuň ýaly samsyklyk etmek gerek däldi welin... Bu ölümiň aýylganç betbagtçylygyň başy bolmagam ahmal... ____________ 1 Nuba – dabaraly konsert, şagalaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |