16:30 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Buhara öz kellesini mongol gylyjynyň astynda goýýar | |
XI. Buhara öz kellesini mongol gylyjynyň astynda goýýar
Taryhy proza
Güýçli duşman çozup, ýurda ölüm howpy abanan mahaly mähriban topragy goramak üçin agyz birikdirip, bir kuwwatly ýumruga dönmegiň ýerine iki sany duşmançylykly lagere bölünen şäher öz-özüni heläkçilige sezewar edýär! Buhara-da şeýle güne düşdi. Mor sakgally Çingiz hanyň öz öňdeki otrýady bilen peýda bolup, şäheriň ilatyny gorkuzmak üçin sary çadyryňy iň uly derwezesiniň öňünde diken günündäki ýagdaý barada bu wakalaryň şaýady bolan sene ýazyjysy şeýle ýazýar: «Gorkudan zähresi ýarylan şäher ilaty ruhdan düşüp, boýun egijilikden, ýalbarmakdan hem gymmatly sowgat-serpaýlar bilen wagşy mongol basybalyjysynyň rehimdarlygyna bil baglamakdan başga hiç zat etmedi». Olaryň bary Buharanyň gülüni çürtýän, demi ýer ýarýan hökmürowan adamlardy. Eli ýarag tutýanlaryň başyny jemläp, gadymy şäheriň diwarlaryna ýerleşdirmeli, goranyşa baştutanlyk etmelilerem şol adamlardy. Beýle etmeden geçen, gaýta özleri basga düşüp, elewreşýärdiler. – Söweşsiz bir ýagdaý etjek bolmaly! Häzir paýhaslylyk bilen boýun egenden gowusy ýok! Jelaletdin göreşe çagyran bolup, diňe keramatly Buharanyň işini gaýtar. Allanyň nazar salan şäherindäki keramatly ymamlaryň dogasy mongol hökümdarynyň her neneň goşunyndan güýçlüdir. Goýnunda gaty kän keramatly ata-babalarymyzyň mazary ýatan Buhara ebedilik berkligine, aň-bilimiň öýi hem magryfet asmanynyň parlak ýyldyzylygyna galar! Söwdagärler, sklad eýeleri, ymamlar hem alym ulamalar ýaly şäheriň iň baý adamlarynyň gorkusy beýlekileriňem çaky däldi. Olar öz toplan ummasyz baýlyklaryndan, bol-telki durmuşlaryndan el üzmejek bolup çytraşýardylar. Ýöne bu ýaýaplaşyp duranlardan başga şäheriň esasy ilaty hünärmentlerden, misgärlerden, ýarag ýasaýanlardan, ussalardan, eýerçilerden, küýzegärlerden hem olaryň köp sanly şägirtlerinden ybarat onlarça müň garamaýak zähmetkeşlerden ybaratdy. Şäheriň berk galasynyň çozuşy uzak wagtlap saklap biljegine ynanýan ol adamlar mekir mongollara eglişik etmän, barlyşyksyz göreşmegiň tarapdarydylar. Ýöne olaryň barynyň güýjüni bir ýere jemläp, aýgytly göreşe ugrukdyryp biljek serdar gerekdi. Timur Mäligem, beýleki garry, tejribeli serkerdeleriň islendigem bu işiň hötdesinden gelip biljekdi. Ýöne hersi öz otrýadyna baştutanlyk edip, mongollar bilen söweşmege taýynlanýan ol serkerdeler Buharadan uzakdady. Adamlaryň köpüsi Jelaletdiniň serdar bolaryňy isläp: – Ol şahynşahyňam kömekçisi boldy. Harby işdenem gowy baş çykarýar. Irgiz derýasynyň ýanyndaky söweşde mongollara göz görkezen adam! – diýýärdiler. Beýleki birnäçeler garşy çykyp, şeýle diýýärdi: – Buharanyň baýlary soltan Jelaletdini ýigrenýärler. Jelaletdin özleriniň mongollar bilen gepleşigine päsgel berip, gerekmejek gyrgynçylyga sebäp bolar öýdüp gorkýarlar. Baý ýaşulular özleriniň gizlin maslahatynda Jelaletdini Buharanyň duşmany, ähli musulmanlara hökümdarlyk etmek üçin Alla tarapyndan iberilen beýik Çingiz hanyň garşysyna halky öjükdiriji hökmünde günäläp, ony görlen ýerinde öldürmeli diýlen buýruk bilen bütin şähere ýetmiş sany jansyz ýolladylar. Jelaletdinin wepaly ýoldaşy Gara Hanjar mähelläniň arasynda aýlanyp ýörşüne jedelleşýänleriň, gorkusyndan girere deşik tapman hüňürdeşýän nalajedeýinleriň bolşuna gahary gelip, seňrigini ýygyrýardy. Bir ýere baranda ol: «Jelaletdini hem Gara Hanjary tutup, şäheriň hökümdarynyň ýanyna eltmeli» diýen sesi eşitdi. Darajyk garaňky keçe sowlan Gara Hanjar yzyndan bäş sany adamyň gelýänini gördi. Ol ädimini haýallatdy-da, diwaryň burçuny penalap durdy. «Bular jansyzlar bolmaly. Meni ele salaryn öýdýändirler!» diýip içinden pikir öwürdi. Jansyzlaryň ikisi deňine gelende Gara Hanjar olaryň ýeňsesinden penjeledi-de, bar güýji bilen süsüşdirdi. Gara gana boýalan iki kişi jynssyz uwlady. Beýleki üçüsi birnäçe ädim aralyga gaçdylar-da, aýak çekdiler. Gara Hanjar topulyp olaryň birini gylyçdan geçirdi. Galanlary uly gykylyk turzup, zut gaçdylar. Gara Hanjar şäher diwarynyň gapdaly bilen uzalyp gidýän darajyk garaňky köçeden haýdap ugrady. Käwagt egni içine paty-putusy salnan düwünçekli ýolagçy, çagalarynyň elinden tutup barýan aýal ýa-da birdir-ikidir garry-gurty bolaýmasa, bu köçe imisalalykdy. Birden garawulyň durýan gözarasynyň ýanynda onuň gözüne bir gara kaklyşdy. Ol Jelaletdindi. – Men häzir ähli bazarlary aýlanyp çykdym. Adamlar aklyndan azaşypdyr – diýip, Gara Hanjar söze başlady. – Hut uçudyň gyrasyna barýarlar. Ertir mongollar Buharaň üstünde ahyrzaman gopdurarlar. Ýöne näme üçindir şäheriň eýeleri keramatly Buharaň bagtly geljegi barada ýaňraýarlar, Jelaletdin soltana hem duşman bilen söweşmek isleýänleriň ählisine nälet okaýarlar. Jelaletdin şeýle diýdi: – Bize bu ýerde galmak bolmaýar. Uly hem uzak wagtlyk uruş üçin goşun toplamak gerek. Men atly otrýadyň garawuly bilen gepleşdim. Häzir ol atlaryň ýanyna gitdi. Bize bir topar gyldan örülen syrtmak getirmege söz berdi. Garawul olary biri-birine çatyp, bizi galadan sallar. Şeýdibem, bu ýeri terk ederis. Men oň bu hyzmatyna iki sany altyn pul bereýin diýdim. Hä diýmän garawul geldi. Onuň yzynda başga-da birnäçe adam bardy. Gara Hanjar olar bilen söweşe taýyn bolup heşerlendi. Ýöne atly otrýaddan bolan ol bäş adamyň Jelaletdini soramagy bilen ýagdaý ýene öňki kaddyna geldi. – Soltan, bizem seň bilen gitmekçi. Bu içýanlardyr möýleriň şäherinde galarlyk ýok. Sen ýanynda bolup, mähriban topragymyz üçin söweşesimiz gelýär. Ýöne atlarymyz bärde. Şolary nätsekkäk? Ýüp bilen aşak sallab-a bolmaz. Jelaletdin olara ýüzlendi: – Şu günden beýläk siz meň doganym. Siz ýa-ha ertir derweze açylar welin atlaryňyz bilen çykyň-da, Kelif taýa ugraň, ýa-da atlaryňyzdan geçip, häzir yzyma düşüň. Şu iki ýoluň haýsy göwnüňize jaý bolsa saýlaýyň. Ýigitler atlaryna dözmän, ertir Jelaletdiniň yzyndan ýetmäge söz berdiler. Gara Hanjar belent diwardan ilki bolup sallandy. Onuň yzyndan Jelaletdin, iň soňundanam garawul aşak düşdi. Üç ýolagçy tiz-tiz ädimläp Buharadan ara açyp ugranlarynda ýüzüni bulut örten nurana aý ses-selemsiz ýatan jeňňellikden haýallyk bilen galyp başlady. Olar Jelaletdiniň töweregine edermen ýigitleri toplap, urşa taýynlyk görmegi ýüregine düwen ýeri bolan Owgan daglaryna tarap ýöneldiler. Jelaletdiniň ýoly çaga wagtyndan başlan kän gezek baryp gören ýerine – Timur Mäligiň mülküne tarapdy. Serkerde özüniň aw eden wagtynda hem söweşe gidende münýän iň gowy atlaryny bu mülkünde saklaýardy. Bu ýerde onuň ullakan bagy bolup, içinde iki sany gaplaň, gara sugun, birnäçe jeren, iki jübüt ýekegapan, on çemesi gulan hem beýleki haýwanlar gezişer ýörerdi. Horezm şasy (Muhammediň özem käwagt bu baga gelip, keltejik naýza bilen okdurylyp barýan suguny ýa-da gulany awlamagy gowy görerdi. Ol ýekegapan awuna atly çykardy. Birden garry ýekegapan şaha topulaýanda-da gorar ýaly, birnäçe ýigit onuň töwereginde bolardy. Jelaletdin Timur Mäligiň sürüsinden özüne hem ýoldaşlarynyň hersine birini münüp, beýlekisine-de ýükdür iým ýüklär ýaly iki atdan saýlady. – Şunça gowy atlaryňyzy alanym üçin nebsiň agyrmasyn – diýip, ol mülküň gözegçisine göwünlik berdi. – Biz bu atlarda duşman bilen garpyşmakçy. Eger sen mülkde saklanýan zatlary Kelife ýa-da ondanam aňry bir ýere aşyryp ýetişmeseň, ählisi wagşy mongollara olja bolar. Özüňem aman goýmazlar. Ir bilen beýleki galan ýigitlerem atlaryny ýüzin salyp geldiler. Olar şäheriň eýeleriniň on iki derwezänem açandyklaryny, gorkunç duşmanlaryň keramatly Buhara kürsäp girip, ähli zady talaýandyklaryny, iň baý ýaşululardan başlap, ähli adamlary gyrandyklaryny, diňe hünärmentleri saýlap, mal ýaly öz alys ýurtlaryna sürendiklerini gürrüň berdiler. – Indi biziň öňümizde gaty kyn ýol ýatyr – diýip, Jelaletdin ýoldaşlaryna ýüzlendi. – Biz mongol goşunlarynyň gapdalyndan bildirmän geçmeli. Men kakamy gözlemäge gitmekçi. Ony tapyp, öz kuwwatly goşunyňa baş bol-da, gelmişekler bilen söweşe sür diýmekçi. Jelaletdin öz ýoldaşlary bilen günbatara tarap ýola düşdi. Ol Horezm şasy Muhammediň nirä gideni, haýsy ýerde gizlenýäni barada ähli ýerden sorag salýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |