16:33 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Buharada nämeler bolýardy | |
IX. Buharada nämeler bolýardy
Taryhy proza
Ähli halk agzalalygyndan ýyldyzly asman gyşarypdy. Dünýäni gaplan uruş-jenjelden... älem-jahan lerzana gelýärdi. «Gizlin hekaýatlar». Buharanyň töweregi howalaly metjitlerdir medreseler bilen gurşalan meýdanynda hudaýa dabaraly ybadat bolup geçýärdi. Edil keramatly kitabyň hatlary ýaly hatara duran ybadatçylar gymyldaman, görnüşi howuny basýan ak sakgally ymamyň hereketlerini üns berip synlaýardy. Ymam ellerini gulagyna ýetirip, aşak egilende birnäçe müň dindar onuň hereketini bolşy ýaly gaýtalaýardy. Daş düşelen meýdanda diňe ummasyz kän adamyň bir wagtda eglip-galmagyndan döreýän şowurdy şemalyň öwüsgini ýaly bolup eşidilýärdi. Ybadat gutaransoň ýigitler belent metjidiň giň basgançaklarynyň ýanyna gözleri uçganaklap duran, guýrugy gyzyl, gülgüne reňkli içirgisine gülleriň şekli tylla sapaklar bilen çekilen ullakan dor aty getirdiler. Metjitden ap-ak sellesi almaz sapaklar bilen bezelen, uzyn boýly, haýbatly, gara sakgally Horezm şasy çykdy-da, üýşüp duran mähellä ýüzlendi: – Ähli dindarlar – bir kuwwatly halkdyr. Ýiti gylyç – biziň ýalňyz goragçymyzdyr. Yslamyň esgerleri, Alla bizi älem-jahanyň iň saýlantgy adamlary edip döretmek bilen, musulmanlary ýerdäki, gökdäki ähli zatlaryň hökümdary edip belledi... Bizi gorkuzjak, howp salyp biljek näme bar? Gurhanda-da: «Alla öz eşretlerini yhlasly, janypkeş guluňa bagş edýär, ýalta hem gorkaklar ondan mahrumdyr» diýlip ýazylypdyr. Şoň üçinem, siz batyrlyk gylyjy bilen duşmanyň merkini bermäge ähli güýjüňizi jemlemelisiňiz... Söweşe baran edermen musulmanlaryň gazaply tolkunynyň öňünde durup biljek güýç barmydyr? Duşmany gören ýeriňizde öldüriň, kowuň! Gazaby güýçli Alla, dini başgalary ýeňmäge bize kömek et! – Dini başgalary öldürmeli! Otparazlary kowmaly! – diýip, adamlar gygyryşdylar. Horezm şasy dor atyna atlanyp, ýene-de birnäçe söz aýtdy: – Biziň maksadymyz size birnäçe gowy maslahat bermekdi. Onam berdik! Biz ýurdumyza kürsäp giren, obalarymyzy otlaýan duşmanlar bilen garpyşmak üçin Samarkanda ugraýarys... Olaryň dat günüňe! Duşman biziň gorky-ürkini bilmeýän esgerlerimiziň oýnuny görer... Sizi Allaga tabşyrýan! – Ýaşasyn Muhammet – batyr esger! Ýaşasyn dini başgalara göz görkezjek Horezm şasy! – diýip, märekäniň içinden gygyryşdylar. Ýanyndaky bezemen gypjak hanlary bilen geçip barýan şany: – Sen biziň II ygtybarly penamyz! – diýip ugratdylar. Birdenem märekeniň içinde hyşy-wyşy gürrüňler köpeldi. Ilki ýuwaşlyk bilen gulaga pyşyrdalyp aýdylýan sözler soňabaka barha gataldy. Duranlaryň biri Gyzylgumdan çarwalaryň gaçyp gelendigi, olaryň gumda gorkunç mongollary görendikleri, halklary gyrgyna beriji ýowuz Çingiz hanyň öz güýçli goşuny bilen gumuň içinden okgunly süýşüp gelýändigi, ýene bir günden otly sütün ýaly Buharanyň derwezesiniň öňünde dikeljekdigi baradaky habary ýaýratdy... Derwuş lybasyna giren birnäçe adam Çingiz hanyň goşunyny ýeňmegiň mümkin däldigi, olara peýkamyňam, gylyjyňam ýetmeýändigi, adatdan daşary güýçlüdikleri, häzire çenli hiç bir halkdan ýeňilmän, gaýta hemmesini tabyn edendikleri barada howsalaly gürrüň ýaýradýardy. Bu aýdanlarynam az görýän ýaly: «Mongollaryň boýy adaty adamlaryňkydan esse ýarym uzyn, hersi bir oturyşyna tutuş goýuny çigligine iýýär, özlerem guşuňky ýaly inçejik gürleýärler» diýip, hasam ýürekýargynç zatlary üstüne goşýardylar. Baý täjirler hem atly buharalylar toplanyşyp, öz aralarynda howsala bilen pikir alyşýardylar: – Ýowuz Çingiz hana sowgat-serpaýly ilçi iberäýsek nähili borka? – Ýurda aýylganç uruş howpy abandy... Halas bolara çäre ýok! Ählimiz ylla gaý turýan ummanda bolşy ýaly, betbagtlyk tolkunynyň teýine gideris! Egni gymmat baha ýüpek donly, gorkusyndan ýana gözleri peträp duran gyryk goja metjidiň basgançagyna çykdy-da, mähellä ýüzlendi: – Horezmli musulmanlar! Maňa gulak asyň! Sizi aldawa saldylar. Biziň şahynşahymyz dini başgalar bilen uruşmaga Samarkanda däl-de, Kelife – Eýrana tarap gitdi. Ol şo ýerde gizlenjek bolýar... Biz nätseňiz şeýdiň diýlip taşlanan adamlar. Ýagdaýymyz tupanyň içine düşen sypaldan enaýy däl... Bize kellämizi etegimize salyp, dini başgalaň patyşasynyň ýanyna gidäýmekden başga çykalga galmady. Başga bir goja onuň sözüni bölüp, hasam gaty gygyrdy; – Eglen başy gylyç kesmez diýipdirler. Dagy başga çykalgamyz barmy? Bizden salgyt ýygnamaly bolanda-ha, şa-da, onuň ýalýagylaram mydama ýanymyzdady... Ine, indem duşman Buharanyň derwezesine golaýlap, bize goragçy gerek wagtam ol edil ürküzilen keýik ýaly, ummadan çykdy! Golaýda duran has eleşan geýimli derwüş ýene okduryldy-da, garrylaryň ikisinem aşak iteläp goýberdi. Daş basgançaklardan togalanyp gaýdan garrylaryň gykylygy gaty çirkindi. – Ýok boluň şu ýerden, şagallar! – diýip, derwüş gygyrdy. – Gylyç bilen çapym-çapym etmänkäm, garaňyzy saýlaň!.. Ýalançy kezzap, binamys, dönük diýerler size! Men kakam hakda ýapa degmejek ýalan gep ýaýradýaňyz! Derwüş ujy çiş belent telpegini, oňa çatylyp, ýüzüni ýapyp duran bulaşyk saçyny hem ýama-ýama köne ýapynjasyny sypyryp zyňdy... Şondan soň ol egni gara çäkmenli, kemeri sallanyp duran kelte gylyçly ýaş ýigide öwrüldi. – Jelaletdin! Batyr Jelaletdin! – diýip, ony tanan buharalylaryň birnäçesi gygyrdy. – Bu Horezm şasynyň ogly. Sen biziň aramyzda bol, Jelaletdin! Onuň ýürekden çykýan dury sesi ekli adamy üşerilip gulak asmaga mejbur etdi; – Araňyzda bolup, mähriban topragymyz üçin siz bilen birlikde söweşmekçi. Kim watanyny söýüp, onuň üçin jandan geçmege taýyn bolsa, esgerleriň hataryna goşulsyn! Şäheriň on bir derwezesinem dessine ýapyň! Duşman eger Buharany basyp almaga geläýende-de, biziň belent, gadymy diwarlarymyza kär edip bilmezler. Bize gorkar ýaly näme bar? Eger gorkjak bolsak, ölümdenem has beter zatdan – öz halkyna dönüklik etmekden gorkmaly... Men watanymyzyň azatlygy üçin janyny orta goýup biljek gerçek ýigitleri öz daşyma toplaýan. Şeýle ýigitler bilen duşmany kül-peýekun etjegimize ant içýän. Ýaş buharalylar ähli tarapdan Jelaletdine tarap omzap ugradylar. Garrylaryň käbiri ýene-de gygyryp başlady: – Ol akly çaşana gulak asmaň! Kowuň ony! Ýaş bolansoň howaýy gürläp dur. Munuň ýaly möhüm işde garrylaryň paýhasyna bil baglamaly. Ýaş buharalylar olaryň al-petinden aldylar: – Siziň bar paýhasyňyz geçiňki ýaly sakgalyňyzda. Gorkyňyzdan ýaňa aklyňyz çaşyp, namysy, buýsanjy, edermenligem unudypsyňyz. Birden ýüzünde reňk-pet galmadyk biri meýdana atyny ýüzin salyp gelşine gygyrdy: – Duşmanlar üstümizi basdy. Olar şäheriň ähli çykalgasyny gabadylar. Bada-bat jyn dagan ýaly bolan mähelle gorkunç atlylary synlamak üçin gala tarap eňdi. Jelaletdin metjidiň basgançagynda arkaýyn durşuna özüne esger bolmaga döwtalap ýaş ýigitler bilen ýende duran göreşi nähili edeninde göwnejaý gurap boljakdygy barada pikir alyşýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |