16:27 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Çingiz han Horezmiň üstüne ugrady | |
VIII. Çingiz han Horezmiň üstüne ugrady
Taryhy proza
Ýörişe ugramazynyň öň ýanynda Çingiz han iň soňky tabşyryklaryny bermek üçin öz dört ogluny – Juçyny, Jagataýy, Ugedeýi, Tuli hany, şeýle hem iň uly harby baştutanlaryny maslahata çagyrdy. Ol goşuny hersi özbaşdak hereket edip biler ýaly, aýratyn otrýadlara bölmek kararyna gelipdi. Ýygnananlar eýýäm sökülen çadyryň öňüne ýazlan ak keçeleriň üstünde seslerini çykarman otyrdylar. Hytaýly gullar gaýmalaşyp, çadyryň aýry-aýry böleklerini çöküp oturan äpet sary tangut düýelerine ýükleýärdiler. Çingiz han ýüzüne gara hytaý ýüpegi çekilen ýönekeý ýöriş geýminde samyr derisinden tikilen possunyny egnine atyp, çommalyp otyrdy. Onuň öňünde çalarak egri, gara gaýyş gyýaly köne gylyjy hem bir barmakly gara elligi ýatyrdy. Kellesinde erňegine tutulan samyr derisi mazaly tüýdülen gara gaýyş gulakjyny bardy. Beýik kagan mahal-mahal dert burç aýasy bilen uzyn, çal sepen sary hem gaty sakgalyny sypan oturyşyna parahat, ýadaw sesi bilen bireýýämden bäri hemmelere belli, tanyş zat barada sözleýän ýaly gürleýärdi. Onuň sag eliniň uly barmagynda ýüzüne şowlulyk getirýän doga oýulyp ýazylan gögümtil ýakut gaşly kümüş ýüzügi bardy. Çingiz han sary gaýyş balagynyň bir taýyny ýokary çekdi-de, gemrik-gädik dyrnaklary bilen gyzyl meneklerden doly çal tüýli buduny uzak wagtlap hart-hart gaşady. Söýgüli kiçi ogly Tuli han soň oňa köp wagtlap geýleni üçin tozaňkyrlan içine keçe tutulan ullakan ak gaýyş ädigine balagyny sokmaga kömekleşdi. Oturanlaryň hersi eýýäm nähili ýol bilen haýsy şäheriň üstüne ugramalydygy barada buýruk alypdy. Ýowuz hökümdaryň özüniň dokuz guýrukly ak söweş baýdagyňy galgadyp, haýsy tarapa ýola düşjegini oturanlaryň hiç biriniň soramaga bogny ysmady. Ol hiç wagt hiç kime öz planlary barada dil ýarmazdy. Haçan-da o hakda kimdir biri soraýsa-da, gaty gahary gelerdi. – Meniň ýok wagtymda bütin goşunyň üstünden ägä Bugurjy Noýon baştutanlyk eder – diýip, Çingiz han söze başlady. – Öňdäki iki otrýady okgunly hüjüm edýän Jebe Noýon, Tohuçar hem gabaw işlerine ökde Subudaý batyr alyp gider... Meýdanyň bugdaýyny depgileseňiz, eşitmedim diýmäň. Beýtseňiz meň yzdan barýan otrýadymyň atlaryny aç goýarsyňyz... Meniň pikirimçe, biz Horezmiň şasy Muhammet bilen Buharanyň hem Samarkandyň aralygyndaky düzlükde duşuşsak gerek. Biz oňa üç tarapdan hüjüm ederis... Şanyň esasy goşunyny ýok edenimden soň men bada-bat ähli musulman ýurtlarynyň iň güýçli hökümdary bolýan. Hyzmatkärler ýaýbaň gabyň üstünde berýozanyň kökünden oýulyp ýasalan käseleri gymyzdan dolduryp getirdiler. Çingiz han däp boýunça mongol goşunlarynyň penakäri Suldeniň hormatyna gymyzyň azajyk bölegini ýere dökdi-de, owurtlap, käsäni oturanlara geçirdi. Hemmeler gezek-gezegine owurtlap, geljekki ýörişde şowlulyk arzuw etdiler-de, atlaryna tarap ugradylar. Otrýad menzilleri tizlik bilen geçip, günbatara süýşüp ugrady. Ýaýraň barýany üçin goşun ummasyz uly hem san-sajaksyz ýaly görünýärdi. Çingiz hanyň buýrugyna laýyklykda, her otrýad biri-biriniň yzyna düşmän, öz aýratyn ýoly bilen gitmelidi. Şeýdilmese, düşleg mahaly atlar töweregindäki ähli otlary iýip, yzdan gelýänlere zat galjak deldi. Çingiz hanyň otrýady iň yzdan barýardy. Her dokuz günden beýleki otrýadlardan gelýän çaparlar ony ähli ýagdaýlardan habardar edip durýardylar. Goşunyň sag ganatyny düzýän iň öňdäki otrýada beýik kaganyň ençeme söweşlerde synagdan geçen egindeşi Subudaý batyr baştutanlyk edýärdi. Çingiz hanyň uly ogly Juçy hem şul otrýaddady. Ol kakasy bilen hemişe alagözdi. Şonuň üçinem, ýowuz hökümdar onuň dildüwşik gurap, tagtyna göz gyzdyraryndan ätiýaç edip, mümkin boldugyça özünden daşda saklaýardy. Oňa ýerine ýetirmesi gaty kyn, howply tabşyryklar berýärdi. Juçy Çingiz hanyň imperiýasynyň «mongol atynyň toýnagynyň ýetip biljek çäkleriniň» iň çetki demirgazyk hem günbatar welaýatlarynyň mirasdar hökümdary hasaplanýardy. Öňdäki bu otrýad ilkinji gezek horezmlileriň goşuny bilen Irgiz derýasynyň golaýynda çaknyşdy. Söweş iki güne çeken-de bolsa, netijesi belli bolmady. Sebäbi ertesi irden üstlerine çozjak bolup duran garşydaşlaryny aldawa salyp, mongollar gije öz lagerlerinde gaty kän ullakan alaw ýakdylar-da, duýdansyz ýitirim boldular. Nähilem bolsa bu söweşde horezmliler belli bir derejede üstünlik gazandylar. Goşuna Jelaletdin baştutanlyk edýärdi. Ol mongollary şor batgalyga tarap gysdy. Duşman goşunynyň bir bölegi batganyň teýine gitdi, bir bölegi çapyldy, beýleki galanlary bolsa atlarynyň başyny yzyna öwrüp, zut gaçdylar. Jelaletdin şo gezek mongollaryň söweş tärlerine belet boldy: olar hemişe biri^nrine jebis durup, topbak hüjüm edýärler. Başarsalar, aldawa saljak bolup dyrjaşýarlar. Birbada ýeňse berip gaçan bolýarlar. Dagynyk ýagdaýda yzlaryndan kowalasaň, olara tüýs geregi şol: bada-bat yza dönüp, hüjüm edýärler-de, ap-aňsat ýoguna ýanýarlar. Köpi gören esgerler Jelaletdine mongollardan öwrenmeli harby tärleriň bardygyny, horezm goşunyny indiki söweşlere berk taýýarlamagyň zerurdygyny aýdypdylar. Mongollaryň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky aýratyn otrýady Horezmiň Otrar şäheriniň golaýyndaky serhedinde gaty tiz peýda boldy. Hemmeler Seýhunyň (Syrderýanyň) kenaryny syryp, onuň ýokary akymyna tarap gidiler öýdýärdiler. Ýöne Çingiz han günbatara gitmegi dowam etmeli diýip buýruk berensoň, atlylar kerwen ýodalary bilen Gyzylgumyň jümmüşine aralaşdylar. Gündizine gözüni gamaşdyryp barýan fewral güneşi azda-kände çoýýanam bolsa, gijelerine kölçeler doňup, takyr meýdanyň göwsünden uzalyp gidýän ýoda gataýardy. Goşun ses-selemsiz hereket edýärdi. Ne atlar kişňeýärdi, ne-de ýaraglar şakyrdaýardy. Hiç kim aýdyma hiňlenmäge-de het edip bilenokdy. Aýratyn ýüzlükler biri-birine golaý aralykda barýardy. Sähel salymlyk dynç alyş wagtynda esgerler jylawy ellerine oran, atlarynyň öň aýaklarynyň ýanynda uklaýardylar. Gijesine elleri ýanýan letdeli aňtawçylar ondan-oňa alakjaýardy. Olar alaňlaryň üstüne çykyp, otrýad ýoldan azaşmasyn, biri-birine garyşmasyn diýip ot bilen duýduryş berýärdiler. Olar öz duşmanlary bolan musulman goşunlarynyň arasynda türkmen atlylary barada aýratyn howatyr bilen şeýle gürüň edýärdiler: «Olar ýel ýaly uzyn aýak atlary bilen galanyň aňyrsyndan bars ýaly atylyp çykýarlar-da, goşunyň içine kürsäp urup, aljyraňňylyk döredýärler. Bir seretseň boýnuna syrtmak atylan ýesirleri süýräp, eýýäm allaowaradan gaçyp barýandyrlar». Mongollar ilki Gyzylgum çölüniň içi bilen göni Horezmiň paýtagty Ürgenje tarap barýandyrys öýdüpdiler, ýöne iki gün ýol ýöränsoň Seýhunyň bulanyk suwy yzda galyp, günüň arkadan däl-de, çep tarapdan doganyna gözi düşen esgerler atlarynyň başynyň günbatara däl-de, günorta – baý Samarkanda hem ylym ojagy Buhara tarap aýlananyny duýdular. Çingiz han ýaýbaň deşli, açyk çypar reňkli atyň üstünde barýardy... Bütin goşun çarwalaryň atlandyryşy ýaly, «möjek seňkildisi» bilen gidip otyrdy. Ellikli sag elinde jylawy gowşagrak tutup oturan beýik kaganyň daş görnüşi parahatdy. Onuň süzük gözleri käwagt çalaja yş açýardy: irkilip otyrmy, bir zatlaryň pikirini edýärmi ýa-da şol yşdan alys-ýakyndaky ähli zatlary synlap barýarmy... biljek gumanyň ýokdy. Katan bu ýörişde hiç hili haýal-ýagallyga ýol bermedi. Özi üçin öýem dikdirmedi. Eplenen keçäniň üstünde ýatyp mydar etdi. Uklajak mahaly ol gaýyş tuwulgasyny çykaryp, çal kellesine etegine gara samyr derisi tutulan gulakjynyny geýýärdi. Ol irkilip ýatyşyna, mahal-mahal süňkleriniň agyrysyna çydaman iňleýärdi. Töwereginde, oturan dört sany wepaly janpenasy keçe tutup, hökümdary ýelden, ýagyşdyr gardan goraýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |