16:23 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Edermen Timur Mälik | |
X. Edermen Timur Mälik
Taryhy proza
Demri diňe demir bilen ýumşadyp bolar. Möjegiň garşysyna möjek häsiýetini ulanmaly. Nyzamy. Entäk Horezmiň Otranyň golaýyndaky serhedinde durka Çingiz han ogullary Ugedeý bilen Jagataýa şeýle buýruk berdi: – Siz tä höçjet Ynaljyk Gaýyr hany diri ele salýançaňyz, Otraryň gabawyny aýyrmaň. Ony meň ýanyma zynjyr bilen sarap getiriň. Oňa entek görülmedik jeza beresim gelýär. Uly ogly Juça Jent hem Ýengikent şäherlerini almagy buýrup, goşunynyň beýleki böleklerini başga taraplara ýollady. Çingiz han Alak Noýony bäş müň atlysy bilen Benaket şäheriňi almaga ugratdy: şäheri gypjaklaryň otrýady goramalydy. Üç günlük gabawdan soň gypjaklar hem şäheriň beýleki ilaty baý täjirleri sowgat-serpaý bilen aman dilemek üçin mongollaryň üstüne iberdiler. Alak Noýon olara erkek göbeklileriň ählisi şäherden çykyp. esgerler, hünärmentler hem beýleki halk aýry-aýrylykda hatara dursun diýip buýruk berdi. Haçan-da esgerler ýaraglaryny goýup bir tarapa çekilen mahaly, mongollar çozaga-da, olaryň ählisini gylyçdyr peýkamdan geçirdiler. Beýleki adamlaryň iň güýçlülerini saýlap, onluklara, ýüzlüklere hem müňlüklere böldüler-de, öz adamlaryňdan baştutan belläp, mal ýaly sürdüler. Olar şäherlere hüjüm edilende galalary ýumurmaly, ilki bolup döşlerini oka germeli adamlardy. Benaketiň ilaty şonda olaryň rehim-şepagatyna bil baglap, meýletin tabyn bolmagyň nämedigine göz ýetirdiler. Mähriban topragyny, maşgalany iň soňky damja ganyna çenli goramalydygyna düşündiler. Mongollaryň masgaralap göwün solpusyndan çykan aýallarydyr gyzlary ärleriniň, kakalarynyň, doganlarynyň näbelli bir tarapa sürlüp barýanyny görüp, saçlaryny ýaýyp, ýüzlerini ýyrtyp eňreşdiler... Emma eýýäm giçdi, hiç ýerden kömek geljek gümany ýokdy! Ýolda mongollara garahytaýlylaryň alamançylary hem beýleki taýpalardan bolan garym-gatym adamlaryň topary goşulmak bilen, Alak Noýonyň goşuny onlarça müň esgere ýetdi. Bu goşun çalt akýan köp suwly Seýhun derýasynyň kenarynda ýerleşýän Hojant şäherine ýetdi. Şäheriň ilaty öz galalarynyň berkligine bil baglap, mongollaryň meýletin tabyn bolmak baradaky talabyny ret etdiler. Şähere ýap-ýaňy harby işe türgen, batyrlykda ýakasyny tanadan, gönümel hem tutanýerli Timur Mälik baştutan saýlanypdy. Ol haýdan-haý derýanyň iki şaha bolup bölünýän ýeriniň ýakynyndaky adada gala salmaga girişdi. Ol ýere köp mukdarda ýarag hem iýmit alapasyny daşatdy. Şähere hüjüm edýän mongollar ýesirleri öňden goýberdiler, olary gamçydyr gylyç bilen saýgylap, Hojandyň diwarlaryna söýelen merduwanlara dyrmaşmaga mejbur etdiler. Şäheriň ilaty uzak wagtlap edermenlik bilen söweşdi. Ýöne öz toplan baýlygyny ähli zatdan ileri tutýan tüçjarlar: «Biziň öz doganlarymyzyň garşysyna urşasymyz gelenok» diýip gygyryşdylar. Soňam Timur Mälikden gizlinlikde atly ýaşulularyň birnäçesini kän sowgat-serpaý hem «Biz siziň rehimdarlygydyza bil baglap, şäheri goramagy bes etmegi müwessa bildik» diýen habar bilen mongollaryň üstüne ýolladylar. Bu dönükligi wagtyndan giç duýan Timur Mälik müň sany edermen ýigidi bilen ähli gaýyklary aldy-da, adada ornaşdy. Hojandyň ilaty bolsa şeýtseler uruş bes ediler diýen tama bilen şäheriň derwezelerini açdylar. Mongollar bada-bat şähere kürsäp girdiler-de, derege ýarar ýaly zatlaryň ählisini taladylar, günäsiz garrylaryň, aýallardyr çagalaryň müňlerçesini gyrdylar... Şäherde ençeme günläp eden-etdilik höküm sürdi. Soňra mongollar hytaýlylaryň daş zyňýan maşyny bilen adadaky galany oka tutdular. Ýöne daşlaram, äpet oklaram berkitme ýetmän, patlap gaçýardy. Mongollar Hojandyň ähli ýaş ýigitlerini, Benaketden hem beýleki obalardan alnan ýesirlerem goşup, elli müň töweregi adamy derýanyň iki kenaryna topladylar. Olary onluklara hem ýüzlüklere böldüler-de, iň golaýda üç farsahlykda (21 km. çemesi) ýerleşýän dagdan daş çekdirip, Seýhun derýasyny beklemek kararyna geldiler. Şol wagt Timur Mälik on iki sany sal ýasatdy-da, üstünem mongollaryň odundan goranar ýaly, palçyga eýlenen öl keçeler bilen ýapdyrdy. Bütin töwereginde-de peýkam atar ýaly yşlar goýdurdy. Ol her gün daňdanlar sallary alty-altydan derýanyň iki tarapyna-da ugradýardy. Esgerler duşman (bilen gazaply söweşe girýärdiler. Duşmanyň atýan otly peýkamlary olaryň sallaryna zyýan edip bilenokdy. Timur Mäligiň tabşyrygy boýunça esgerler gijesine hanjarlaryny dişlerinde tutup, ses-selemsiz duşman lagerine çozýardylar. Ukuda ýatan mongollaryň üstüne duýdansyz dökülýärdiler-de, ençemesiniň janyny jähenneme ýollap, olary hemişe howp astynda saklaýardylar. Mongol goşunyndaky ökde hytaý ussalary täze, hasam güýçli maşynlary oýlap tapýardy. Daşlary hem ullakan oklary uzak aralyga zyňyp bilýän şol maşynlar Timur Mäligiň goşunyna uly zyýan ýetirip başlady. Ýagdaýynyň çykgynsyzdygyna göz ýetiren Timur Mälik garaňky gijäni penalap, gaty kän gaýykdyr sal ýasatdy-da, ähli zatlaryny ýükläp, esgerleriniňem baryny şulara mündürdi. Birdenem, gaýyklaryň, sallaryň ählisinde alaw ýakyp, letde otlap, derýanyň güýçli tolkunlarynyň ugruna otly akym bolup ýola düşdi. Mongollar derýanyň iki kenary bilen olary kowalap ugrady. Timur Mälik gaýykdyr sallaryny duşmanyň üstüne ugrukdyryp, ýaýdan peýkam ýagdyryp, olary yza serpikdirýärdi. Ol mongollaryň Benaketiň ýanynda derýa görmän demir zynjyryny bir zarbada üzüp, ýene-de öňe gitdi. Mongollar derýada has güýçli päsgelçilikler guran bolaýmasyn diýip howatyr edip barýan Timur Mälik Bar-Halygkendiň ýakynynda ullakan at sürüsini gördi. Ol gaýyklaryny, sallaryny sag kenara diredi-de, ähli esgerlerini ata mündürip, sähra taýa ýüzin saldy. Mongollaram olaryň yzyna düşdi. Timur Mäligiň esgerleri atyn başyny çekip, söweşe girýärdiler, duşman yza serpigensoň, ýene-de ýollaryny dowam edýärdiler. Hiç kimiň boýun egesi gelenokdy. Olaryň köpüsine mongol lageriniň içinden sag-aman geçip, halas bolmak başartdy. Günbatara gidip oturyşlaryna olar ahyry Jelaletdiniň toplan goşunyna birikdiler. Birnäçe esger bilen galan Timur Mälik atlarynyň güýjüne bil baglap, söweş bilen barha sähranyň jümmüşine çekilýärdi. Ähli ýoldaşlary ölüp, ýeke özi galan Timur Mäligiň ýanynda bary-ýogy üç peýkam bardy. Ol üç sany mongolyň öz üstüne at salyp gelýänini gördi. Peýkam bilen gelýänleriň biriniň edil gözünden jaýdar urdy-da, beýleki ikisine gylyç syryp topuldy. Olar bada-bat atlaryny yza öwrüp, gaçdylar. Okdanynda iki peýkamy galan Timur Mälik çölüň içinde Horezm goşunynyň aňtawçylarynyň düşlän guýusynyň üstünden bardy. Olar garry serkerdä demgir duran at berdiler. Timur Mälik şol at bilen Ürgenje baryp, geljekki söweşlere taýynlanyp ugrady... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |