14:00 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Jelaletdiniň ýaşlygy | |
II. Jelaletdiniň ýaşlygy
Taryhy proza
Damarlarynda juwanlyk gany dyňzap duran, okgunly Jelaletdin köşgüň birmeňzeş durmuşyna, ýurduň çar künjünden her hili arza-şikaýat, towakga bilen gelýän adamlary kabul etmek däbine, Horezm şasynyň özüne çakdan aşa mahabat berşine, mömün musulmanlaryň borçlary hakyndaky wagyzdan başlanyp, älem-jahany basyp almak üçin gelejekde edilmeli ýörişleriň planynda tamamlanýan badyhowa sözlerine teý kaýyl bolup bilenokdy. – Sen täze Beýik Isgender! – diýip, daşyny gallaşyp, tagzym edip duran köşk adamlary oňa mahabat berýärdiler. Kakasynyň buýrugyna laýyklykda, tagt mirasdary Jelaletdin hemişe onuň ýanynda bolup, döwleti edara etmegiň kyn tärlerini öwrenmelidi. Jelaletdin boş wagtynyň ählisini ejesiniň ýanynda, onuň köşgüň golaýynda ýerleşen kiçeňräk jaýynda geçirýärdi. Aýjäjek özüniň birnäçe hyzmatkär aýallary bilen eýwanda oturyp, ussatlyk bilen ýüzi üpür-üpür tüýli ýumşak süzene ýa-da seýrek duşýan gadymy nagyşlar salnan kiçiräk halylar dokaýardy. Eýwanyň çetindäki bir otag Jelaletdiniňkidi. Bu jaýa girip gören islendik adam Horezm şasynyň mirasdarynyň näme bilen gyzyklanýandygyna bada-bat göz ýetirýärdi. Diwarlarda dürli ululykdaky her hili gylyçlardyr hanjarlar, içi peýkamly sagdaklar, ýaýlar asylgy durdy. Bir burçda uçlary ýalan ýaly keltejik naýzalar söýelip goýlupdyr. Jelaletdin şol ýerde üstüne alabeder ýassyklar oklanan halyda oturyp kitap okaýardy ýa-da: «Gylyjyň polady hem edil eýesiniň oý-pikirleridir kalby ýaly päk bolmalydyr» diýen wesýeti ýatda saklap, gylyjyny çalýardy. Gapdalyndaky goýun derisinden tikilen sary possun onuň tomusda düşegi, gyşyna-da ýorganydy. Başujunda ýatan Horezm nusgasynda ýasalan ýeňiljek, gaýyş eýeri ol hiç wagt ýanyndan goýmaýardy. Endamy söweşlerde düşen tyg yzlaryndan doly meşhur serkerde Timur Mälik harby işleri öwretmekde Jelaletdiniň terbiýeçisi hem halypasydy. Ol ýaş şazada öz gatnaşan ýörişleri, birçakky horezmli batyrlar, olaryň hem Jelaletdiniň atasynyňdyr babasynyň söweşlerde ýeňiş gazanyp, öz mähriban ýurdunyň çäklerini giňeldişleri, Beýik Horezmiň şöhratyny, güýç-kuwwatyny artdyryşlary barada gürrüň berýärdi. Ýöne iki şahly Isgender¹ – Aleksandr Makedonskiniň şöhratly ady hemişe Jelaletdiniň kalbyna gozgalan salýardy. Ýaş şazadanyň bu adaty bolmadyk serkerdäniň ömri bilen has jikme-jik tanyşasy gelýärdi. Jelaletdiniň Hasan Ýusup atlandyrylýan ruhany mugallymy hem bardy. Tutuk garaýyşly, ýuwaş bu garry alym mum hem zagpyran ysly köne kitaplaryň ençemesini gülli ýaglyga dolap, howlukman ümsüm ädim urup gelerdi. Ol arapça kitaplary labyz bilen okap, terjime ederdi, Muhammet pygamberiň taglymatlaryny düşündirerdi. Jelaletdin garry mugallymy üns bilen diňläp oturyşyna ýiti gara gözlerini dikip onuň çal sakgalyna, egri burnuna, sary dyrnakly ýygyrtdan doly barmagy bilen kitabyň keramatly setirlerini yzarlaýyşyna syn edýärdi... ýöne onuň pikiri alyslarda – Eýranyň dag-düzleriniň arasyndady. Ussatlyk bilen ýazlan arap hatynyň biri-biri bilen çatlyşyp gidýän harplary oňa naýzalaryny syh-syh edip duran esgerleriň syrdam hatarlaryny ýa-da okgunly çapyp barýan atlylary ýatladýardy. Olaryň öňünde bolsa başy ak ganatly kümüş tuwulgaly ýeňilmezek Isgender Zülkarneýni görýärdi... Bir gezek Hasan Ýusup diniň kada-kanunlary barada gürrüň berip otyrka Jelaletdin onuň sözüni bölüp gygyrdy: – Besdir! Mundan artyk çydara ýagdaýym ýok! Şu günden beýläk sen diňe meň kalbymy eýelän adam hakda gürrüň bermeli borsuň!.. Garry alym aljyrady... Barmagyny aşaky dodagyna ýetirip, sary dyrnagyny dişledi. Jelaletdin sözüni dowam etdi: – Hormatly halypam, sende beýik Isgenderiň ömrüni hem ýörişlerini beýan edýän kitap ýokmy? Hasan Ýusup gaharly gygyrdy: – Keramatly kitabyň arasyny bölmäge neneň het etdiň! Ähli zatdan ilki Allany sylamaly! Bulary saňa öwretmek meň borjum. Sebäbi kakan maňa: «Oglumy Alladan heder edýän adamlaryň gürrüňiňe imrindir, bor-bolgusyz pikirlerinden sowaşdyr. Sebäbi Horezmiň şasy bolmak onuň kysmatynda ýok» diýdi. Jelaletdinin süňňi sarsyp gitdi. Hut şu wagtjyk eşiden zatlaryna ynanasy gelmedi. – Men Beýik Horezmiň gadymy tagtynyň mirasdary ahyryn. Meni ondan mahrum edip biljek kimmişin? – Şo, bagty beren adam mahrumam edip biler! Eger onuň Alyhezretleri seni il-günüň juda hatyralaýanyny bilse, özüne köp wagtlap besdeşlik edip bilmez ýaly, iň körpeje ogluny mirasdar beller... Diýmesiz zatlary samrap oturanyny aňan garry birden gorkdy. Kitaby ýapdy-da, köwşüni alyp, gaçmaga hyýalandy. Ýöne Jelaletdin onuň synyndan berk ýapyşdy. – Häzir sen maňa beýik Isgender hakynda näme bilýän bolsaň, ählisini gürrüň berersiň! Garry haşlap dem aldy-da, giň ýeňi bilen ýüzüni ýapyp, pyşyrdady: – Gudraty güýçlüniň özi seni şowlugyň ak ýoluna atarsyn! – Alym kaddyny dikläp, tutuk keşbe girdi-de, hemişe bolşy ýaly sesini sokduryp söze başlady: – Eger seniň ganojak Isgender rumlynyň – Alla oňa göz görkezsin! – ömri hem edermenlikleri hakda bilesiň gelýän bolsa, onda men maslahatyma gulak as. Sen kakan gizlin ýerde saklanýan gymmatly kitaphanasy bar. Juda seýrek duşýan kitaplaryň arasynda elbetde, Isgender hakdaky kitabam bolmaly... – Hormatly halypam, bu sözlerin üçin saňa çäksiz minnetdar! Garry hyk-çok edip, doga sanap çykyp gitdi. Ertesi Jelaletdin kitaphananyň sakçysy, şanyň garry sene ýazgyçysy şahyr Süleýman al-Horazminiň ýanyna bardy. Ol mundan öň Horezm şasynyň golastyndaky welaýatlarda bolup geçýän möhüm wakalaryň ählisini ullakan galyň kitaba kyrk ýyl bäri günüň-güni dyngysyz ýazyp gelýän bu beýik taryhçy alyma duş gelmändi. Kitaphana belentde oturdylan penjireleriniň öňi demir gözenekli kiçiräk dört burç otagda ýerleşýärdi. Howanyň yssydygyna garamazdan, sakçy goja köne halynyň üstünde goýun derisinden tikilen possunyna çolanyp otyrdy. Onuň öňündäki oýulyp haşamlanan çaklaňja tagtanyň üstünde ullakan kitap açyk ýatyrdy. Gapdalynda-da onuň kitap okap berijisi hem göçürijisi bolan ýaş ýigit otyrdy. Gözi haýallan goja indi okamakdanam, ýazmakdanam mahrum bolupdy. Garrylykdan ýaňa kellesi saňňyldap duranam bolsa, onuň aňy ýerindedi, geçip giden uzak ýyllaryň wakalary hakydasynda daşa ýazylan ýalydy. Ol bilýän zatlaryny sözlemme-sözlem aýdyp berýärdi. Göçüriji hem olary gaýtalap, gamyş galamyny kümüş syýadana batyryp, arap harplaryny nagyş ýaly owadanlap, ullakan kitaba ýazýardy. Taryhçy ilki bada Jelaletdini gaharly garşylady: – Baý ogullarynyň başga işi gutaran bora çemli. Men olar üçin ýallaklaýan itden ýa-da garry maýmyndan enaýy däldigimi bilip durun! Bu geleniň tagt mirasdarydygyny bilensoň sene ýazgyçysy üsgürinip: Pylan aýyň pylanynjy güni mirasdar şazada Jelaletdin Meňburny öz aňyny bilim şuglasy bilen nurlandyrmak üçin Horezm şasynyň gadymy kitaphanasyna geldi» diýip ýazmagy kömekçisine buýruk berdi. – Şol aýdylýan gymmatly kitaphana ine, seniň öňünde! Garry şeýle diýdi-de, sandyraýan ellerini daşyna demir halka aýlanyp, zynjyr bilen diwara berkidilen bäş sany agaç sandyga tarap aýlady. Soňam bilinden bir topar açary aldy-da: – Sandyklary aç! – diýip, kömekçisine ýüzlendi. – Hormatly, eziz myhmana kitaplary görkez. Gulplar zarňyldap, sandyklaryň bäşisiniňem agzy açyldy. Göçüriji kitaplary ýeke-ýekeden eline alyp, gaty ses bilen adyny okaýardy-da, alyma geçirýärdi. Olam kitaplary söýgi bilen sypalap, hersiniň gysgajyk mazmunyny aýdyp berýärdi. Birden ol Jelaletdin iň gözleýän kitabynyň üstünden bardy. Eser «Aziýanyň şasy Isgender Zülkarneýiniň ömri, ýörişleri, basyp alyşlary, täleýi ters gelip dünýeden ötüşi hakynda hekim hem filosof Kallisfeniň kitaby» diýlip atlandyrylýardy. – Maňa başga hiç zat gerek däl! – diýip, Jelaletdin gygyrdy. – Kitaby birýana aýryp goý! Men muny äkidip öýde okajak! Garry ýene üsgülewige boguldy. Soňam saňňyldap durşuna: – Muňa ýol berip bilmen! – diýdi. – Men onuň Alyhezretleri tarapyndan şu kitaphana sakçy goýlan adam... Horezm şasynyň ýüzügi bilen möhür basylan öz buýrugy bolmasa, bu ýerden ýekeje kitabam alyp çykmak gadagan! Soň ol göçürijä buýruk berdi: – Bu kitaby ýaş şazada okap ber!.. Başla! Göçüriji dury, ýakymly sesi bilen okamaga başlady. Jelaletdin durky bilen gulaga öwrülip diňleýärdi. Garram bir salym baş atyp oturdy-da, tizdenem irkildi. Haçanda kitapdaky: «Isgender ähli kitaplaryň arasyndan birini – Gomeriň Ahillesiň hem beýleki gahrymanlaryň edermenlikleri barada gürrüň berýän «Iliada» poemasyny gowy görýärdi. Şol kitaby hemişe öz ýanynda saklaýardy» diýen sözlerini eşidende Jelaletdin saklanyp bilmän, içki joşgunyny daşyna çykardy: – Meniňem Isgenderiň edermenlikleri baradaky şu kitaby hemişe ýanymda saklasym gelýär. Ýöne ol eýere berkidilen haltajyga sygar ýaly, ownujak harplar bilen ýazlan çaklaň göwrümli kitap bolsa, hiç wagt ýanymdan goýmazdym! Göçüriji irkilip oturan garra ätiýaçly nazar saldy-da, uçganaklap duran gözlerini Jelaletdine dikip, pyşyrdady: – Men saňa bu kitaby göçürip bereýin, batyr ýigit. Ýöne müň üçin kyrk gün daty gerek bolar. Elimden gelýän zady senden gaýgyrmaryn! Şol wagt göçürijiniň çüýşe ýaly çalymtyl göreçleri, ýylgyran wagtynda ýaňaklarynda döreýän çukanajyklar, gyzyňky ýaly kiçijik hem näzik ellerinde ýekeje-de ýüzügiň, bilezigiň ýokdugy Jelaletdinin nazaryny egledi. – Seň enen-ataň kim? Özüň nireden? – Bilemok. Kiçijikkäm meni gul bazaryndan satyn aldylar. Şondan bärem şahyr Süleýmanyň gyrnagy bolup gezip ýörün. Ol maňa okamagy, kitap göçürmegi, çatmagy, gara, gyzyl syýa hem zer bilen surat çekmegi öwretdi. Munuň üçin ona çensiz minnetdar. Şeýle hünärim barka men hemişe işem taparyn, ajam ölmen. – Onda sen gyz ekeniň-ow? – Hawa, adyma-da Bent Zankyja diýýärler. Ýüregi guş ýaly towsaklap duran Jelaletdin özüne basalyk berip, sowukganlylyk bilen şeýle diýdi: – Eger-de wada beren zadyny berjaý etseň, her sahypaňa bir dinardan hak töläýin. Her barmagyna bir ýüzük ötürip, gollaryna bilezik dakaýyn! Ýüzüni aşak salan gyzyň ýaňaklaryndan syrygyp gaýdan iki damja ýaş gadymy kitabyň sahypasyna gaçdy. – Jomartlygyň üçin taňry ýalkasyn, batyr ýigit. Ýöne maňa o zatlaryň hiç birem gerek däl!.. Jelaletdin birsalym oýa batdy. – Seni bendilikden dyndaryp, erkinlik bagş ederin!.. Gyz tolgunmadan ýaňa sandyraýan sesi bilen zordan jogap gaýtardy: – Wada beren kitabym ýene kyrk günden taýyn bolar... Onuň üçin hiç hili sylag-serpaýa gerek del... Eger-de maňa erkinlik bagş etseň, özüm ýanyna baryp, gyrnagyň boljagyma, hiç wagt gapdalyňdan aýrylmajagyma ant içýän. Jelaletdin syçrap ýerinden turdy. Gyzyň sözlerine onuň akly haýran boldy... Şol wagt garry ukudan oýandy. Jelaletdin dyňzap gelen duýgusyna basalyk berip, edep bilen garra minnetdarlyk bildirdi-de, Ýeňilmezek Isgenderiň ömri hem edermenlikleri baradaky kitabyň yzyny diňlemäge ýene-de bir gün gelmegi wada berip çykyp gitdi. ___________ ¹Aleksandr Makedanokiý kümüş pullarda tuwulgasy burum burum iki şahly görnüşde şekillendirilipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |