16:15 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Ýekirilen şazadanyň desterhany | |
IV. Ýekirilen şazadanyň desterhany
Taryhy proza
...Günüň batýan ýerinden başlap, tä dogýan ýerine çenli ähli ýerde biziň duşmanlaryňyz bar. Ibn Zahhyr. Şol günüň ertesi Jelaletdin ejesi Aýjäjegiň ýaşaýan jaýynda öz otagynda otyrdy. Ol atynyň esbaplaryna serenjam berip, iň çemeli hem berkini saýlap aldy, çekisiniň ýyrtyk ýerlerini çatdy. Eýeri gözden geçirip, keçesini çalşyrdy. Gypjak hanyndan alan gylyjyny arassalap, ýiteltdi. – Gow-a däl eken welin... – diýip, hüňňürdedi. – Aý, ýol üçin bolýan eken-dä. Ol gylyjyna gyn saýlady, horjunynyň gözlerine kişmiş, erik kişdesidir kakadylan külçe saldy. Atyna bäş günlük iým bolar ýaly bir haltany arpadan doldurdy. Söýgi bilen sünnälenip göçürilen Isgender Zülkarneýn hakyndaky kitaby gyzyl ýüpek ýaglyga dolap, horjuna dykdy-da, gara atyna seretmek üçin howla çykdy. Ol gaýgy-aladasyz, şadyýanlyk bilen öz düzen aýdymjygyna hiňlendi: Goç ýigitler sap tutup, Jeňe ugrasa eger. Duşman çar ýana dargap, Çöpe-çalama siňer. Peýkam deý şuwlap, Atylar öňe. Ýigitleň hersi Taý geler müňe. Aýjäjek oglunyň, ýanyna gelip, gussaly äheňde söze başlady: – Seni ertirden bäri synlap ýörün... Näme hyýala mündüň? Yhlas bilen ýol şaýyňy tutuşyp alys menzile gitjege meňzeýär. – Ýok-la, beýle däl, mähribanym! Men diňe Timur Mäligiňkä myhmançylyga gitmekçi, onuň içinde sugunlar, jerenler gezişip ýören ullakan bagynyň bir gyrasynda ýerleşýän jaýynda ýaşap, aw etmekçi. – Timur Mäligiň o bagynda ýekegapanlardyr gaplaňlaram-a gezişip ýörmüş diýýärler? – diýip, Aýjäjek howsala düşdi. – Adamlar o haýwanlardan has gorkunç! – diýip, Jelaletdin gaşlaryny çytyp jogap berdi-de, bölek keçe bilen gara atynyň ýüpek ýaly endamyny süpürmäge başlady. Ol güýmenip durşuna aýdyma hiňlenmegini dowam etdirdi: Topulanda duşmana Ýolbars deýin güýçlüdir. Gylyçlary ýalaw dek, Ganymlardan öçlüdir. Peýkam deý şuwlap, Atylar öňe. Ýigitleň hersi Taý geler müňe. – Ýaňy Timur Mäligiň adyny tutanyňyzy eşitdim!.. Ine-de, özüm gaşyňda häzir bolup durun!.. Uzyn boýly, ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, syrdam hem güýçli Timur Mälik bagyň derwezesinden girdi. Onuň yzyndan Horezm şasynyň köşge esewan edýän wekili ýaýbaň kümüş gaby depesine göterip, dabaraly ädim urup gelýärdi. Gapda daşyna ala-mula mata oralan düýrlengi kagyz bardy. Iň yzdan gelýän hyzmatkär hebeşiniň elindäki nagyşly gapda naz-nygmatlar üýşüp durdy. Garry serkerde ilki şa aýaly Aýjäjege ýere çenli eglip tagzym etdi, soňam köne dostlarça Jelaletdini gujaklap, ogşady. – Men seň ýanyna onuň Alyhezretleri kakaň buýrugy boýunça geldim. Şahynşah saňa paýtagtdan çykyp gitmegi gadagan edýändigini aýtmagy berk tabşyrdy. Gypjak hanynyň gylyjyny gaňryp alyp, batyr ýigit bolup ýetişenini subut edenine begenen kakaň Tyllaly köşgüni miweli bagy bilen birlikde hemişelik seniň ygtyýaryňa geçirýär!.. Timur Mälik çep gözüni çalaja süzüp, Aýjäjek bilen Jelaletdiniň biri-birine geň galyjy nazar dikişlerine syn edip durşuna sözüni dowam etdi: – Onuň Alyhezretleri saňa Tyllaly köşgüne haýal etmän, şu günüň özünde geçmegi tabşyrdy. Sebäbi onuň özi ertir agşamlyk seň täze ýurduna myhmançylyga gelmekçi. Hyzmatkärler eýýäm seň üçin halylary, ýüpek ýassyklary, gap-gaçlary, onuň Alyhezretleriniň hormatyna beriljek atşam nahary üçin ýabany ýer ördekler hem käkilikleri taýýarlap ýerler. – Hany, o köşgi Türkan hatyn özüne aljak bolup ýören ýalady-la? Ol biläýse näme diýer? – diýip, Aýjäjek ynjalykdan gaçdy. – Şahynşahyň size gaty tiz göçüň diýmesi şoň üçin-de. Siz öňürtseňiz, Türkan hatyn soň yzyna alyp bilmez. Onsoňam, şu kümüş gapdaky kagyzda mundan beýläk Tyllaly köşgüniň siziň ygtyýaryňyza geçýändigi hakynda onuň Alyhezretleriniň, şyhulyslamyň hem arz diwanynyň ketdesiniň goly çekilip, möhür basylan beýik permany bar. Wekil yhlas bilen gözüniň ýaşyny süpürip, ýere çenli eglip tagzym etdi-de, kümüş gaby uzatdy. Jelaletdin düýrlengi kagyzy ýazdy-da, göz gezdirip, ejesine berdi: – Bular meň nämäme derkar? Muňa derek kakam meni serhetde duran goşunyna müňbaşy bellese, ömür biz bilen öç bolup ýören garahytaýlylaryň üstüne alamana gitmege rugsat eden bolsa has gowy bordy!.. – Şeý diýdi-de, Jelaletdin ýene atynyň arkasyny süpürmäge başlady. Aýjäjek ara goşuldy: – Edermen hem şöhratly Timur Mälik! Oglumyň hem meň adymdan eden belent hormaty üçin şaha minnetdarlygymyzy ýetir. Jelaletdin şu gün agşam köşge bararam, etmeli zatlaň hemmesini ederem. – Hormatly Aýjäjek, ine, bu naz-nygmatlary hem onuň astyndaky dür monjugy şeýle aýdyň paýhasly, edermen ogul terbiýeläp ýetişdireniňiz üçin şahynşah size iberdi! Timur Mälik hyzmatkär hebeşiniň elindäki gaby alyp, Aýjäjege uzatdy. Ertesi myhmanlaryn geljek uçurlarynda Jelaletdin öz täze mülkünde ullakan agajyň astynda gurlan agaç sekide otyrdy. Bir gapdalda ona Horezm şasynyň sowgat beren dokuz aty hatar tutup durdy. Olaryň üçüsi edil barsyňky ýaly gara tegmilli çal, beýleki üçüsi çypar, galanlary bolsa gara atlardy. Hemmesiniň öň hem art aýaklary duşalyp, teblä örklenendi. Çarwalaryň endigine göre, siňeklerden hem ýiti günden goramak üçin atlaryň tutuş arkasyny kelleleri bilen birlikde ýapyp duran keçe içirgi atylypdyr. Diňe gulaklary hem siňekden goranyp bulaýlaýan guýruklary görünýärdi. Jelaletdin täze ýurda göçüp gelmegi mynasybetli tutýan toýuna çagyran adamlaryňa – Horezm şasyna ýakyn durýan atly köşk emeldarlaryna garaşýardy. Ýöne olardan gelýän çaparlaryň getirýän hatlarynyň hemmesinde birmeňzeş bahana – ýagny, «ýarawsyzdygy», «gyssagly, möhüm döwlet işiniň çykandygy sebäpli, näçe gynansa-da, çakylyga baryp bilmejekdigi» baradaky habarlar bardy. Diňe garry Timur Mälik gelip, olam Horezm şasynyň ejesi Türkan hatynyň agyr halda ýatanlygy üçin, çakylyga barmak meselesini golaýdaky günleriň birine geçirmeli bolandygyna «gynanjyny» mälim etdi. Ol şanyň Beýik Isgenderiň hormatyna geçiriljek ertirki baýramçylyga Jelaletdiniňem hökman gatnaşmagyny talap edýänini-de duýdurdy. Jelaletdin gaty sygyryp, yzyndanam şahyr Monteseriň şu setirlerini aýtdy: Ine, meniň atym bilen ýaragym, Tutar olar maňa toýun deregin! Sykylyga ýigitleriň baştutany ylgap geldi. Jelaletdin onuň ýüzüne garap, gaşy bilen yşarat etdi. Ýigit has golaý gelip, baş egdi. – Biz ullakan toý desterhanyny taýýarladyk. Ýöne myhmanlar ýok! Ýola saklaw goý-da, ötegçileriň hemmesinden habar al. Olaryň arasynda meň göwnümi hoş edip biljekleri bar bolsa, hemmesini şu ýere getir. Men ikiýüzli hanlara derek näbelli ýolagçylara hezzet-hormat edenimi ybaly görýän. – Aýdyşyň ýaly ederin! – diýip, ýigit derweze tarap okduryldy. Jelaletdin agaç sekiniň üstünde güýçli al şerapdan owurtlap oturyşyna Timur Mälige şeýle diýdi; – Kakamyň meni näme üçin bu ýerde saklaýanyna hiç düşünip bilemok. Ýa halyň üstünde gyşaryp, erteki diňlänimi gowy görýärmike?.. Meniň göwnüm syçrap duran aty, ýiti gylyjy hem sähra şemalyňy küýseýär... – Şahynşah dogry edýär – diýip, Timur Mälik jogap berdi. – Sen gitseň, bolmaz. Daş-töwerekde uruş ody alawlaýar. Gypjak hanlary Horezm şasyndan öz sähralaryna goşun çekmegini haýyş edýärler. Ol ýere gündogardan bir näbelli halk dökülipdir. Olar gowy örülerden gypjaklaryň mallaryny kowup, öz gylýal sürülerini bakýarmyşlar. – Kakam Horezmden ähli gypjak hanlaryňy kowup, şolarsyz hökümdarlyk etse oňat bolardy. Olar garynlaryny ýag alyp, gözleri gyzarypdyr. Özlerem biziň daýhanlarymyzy talaýarlar. Kyn günler başymyzdan inäýse, olaň bary kakama dönüklik eder. – Beýle boljagyny näbilýäň? – diýip, Timur Mälik gaşlaryny gerip sorady. – Şanyň Horezmiň halkyna ynanman, döwleti hem düzgün-tertibi goramagy ýigrenji Türkan hatynyň getiren gelmişek hanlaryňyň ygtyýaryna bermegi goýun sürüsine gurdy çopan belländen enaýy däl. Şeýle çopan sürinden zat goýman, soňam öz daşyna geçer. Tizden ýigitleriň baştutany dolanyp geldi. Güne garalan, üst-başlary durşuna tozana gömülen üç atly onuň yzyna düşüp gelýärdi. Atlylaryň iki çetkisi ýaraglydy, ýüp bilen eýere saralan ortakynyň görnüşi ýesiri ýatladýardy. – Ine, arzyly myhmanlary getirdim – diýip, ýigit gygyrdy. – Geň täzelikleri şular aýdyp berer! Ýesiriň görnüşi bu etrapda görünýän adamlardan üýtgeşikdi. Ol gyldan işilen ýüp bilen näçe diýseň saralypdyr. Çep egnine gyzyl zolaklar tikilen1 uzyn gök dony, etekleri ýokaryk egrelip duran ýalpak keçe telpegi onuň haýsydyr bir näbelli taýpadandygyna güwä geçýärdi. Iki taý çekgesinden şah ýaly bolup uzalyp gaýdan örülgi saçlary egnine duşup durdy. Wagşyýana ýyldyraýan gyýyk gözleri bir nokada dikilgidi. – Ýesiri bärik getir – diýip, Jelaletdin seslendi. – Bu kim, nireden tutduň? – Serhetde, Otrar şäheriniň golaýyndaky sährada ele saldyk. Daýawlygy çeniň däl eken. Üç bolup zordan saradyk. – Näme gürrüň berýär? – Ýeňilmezek tatar hökümdary Çingiz hanyň goşunyndandyryn diýýär. Bize tarap gelýär eken. – Beýle saramaňda bolmadymy? – Munuň biziň ýerimizde näme işi bar? Belki-de, jansyzdyr? Jelaletdin ýesiri üns bilen synlap, sowal berdi: – Kim sen, ugruň nire, näme üçin barýaň? – Men bir erkana aw edip ýören mergen. Adyma Gurkan batyr diýýärler. Özüm-özüme hanam, nökerem. Husyt Çingiz hanyň goşunyny taşlanymyň sebäbi, ol gyzyl sakgal, ýüzi eňşäp duran garry meniň kakamyň hem iki doganymyň biloňurgasyny ýazdyryp öldürtdi... Sebäbi öz demi düşýän ýerde ähli zat oň erkine tabyn, bolmaly!.. Men siziň – Horezmni parahat halkynyň üstüne aýylganç söweşe taýyn boluň diýmege, Çingiz hanyň beýik serkerdedigini, gahar-gazabynyň ýowuzdygyny, harby tälime ökdedigini duýdurmaga geldim. Eger onuň sözüne ynanaýdygyňyz, bütin şalygyňyz küle, kesege öwrüler! Gylyçdyr naýzalaryňyzy, ýaýdyr peýkamlaryňyzy häzirläň! Şowlulyk edermeniň ýarydyr, gorkak özüni betbagtlyga sezewar edýändir!.. – Saňa synym oturýar, Gurkan batyr! Bu gün meň myhmanym bolarsyň – Soň ol ýigitlere ýüzlendi: – Geliň, sizem sekä geçiň. Häzir nahar edineris, süýji meý içeris, myhmanyň gürrüňini diňläris – Jelaletdin sözüniň üstüni ýetirdi: – Ertir Timur Mälik Gurkan batyry arz diwanyna äkider. O ýerde hemme zady jikme-jIk sorarlar. – Men muny öz goşunyma alaýaryn – diýip, Timur Mälik seslendi. Hemmeler sekiniň üstünde ornaşyp, hyzmatkärleriň boldan taýýarlan desterhanynyň daşyna geçdiler. Golaýdaky bägül düýpleriniň arasynda ýerleşen sazandalar aýdym-saz bilen ýygnananlaryň göwnüni açdy. __________ 1 Egnindäki gyzyl zolaklar – mongol goşunynda ofiser çinini alamatlandyrýan bellik. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |