17:50 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Ölmez-ýitmezler şäheri | |
XV. Ölmez-ýitmezler şäheri
Taryhy proza
Ol ýeriň boýun egmezek halky bar. Olar gahar-gazaplary hetden aşanda, göwrelerini öz gylyçlarynyň üstüne oklap ölýän adamlar. Gündogar ertekisinden. Çingiz han Ürgenç ýaly uly şäheriň gabawyna beýleki şäherlere garanyňda has uly goşun sürmeli boldy. Mongol hökümdary Beýik Horezmiň bu gadymy, baý paýtagtynyň üstüne öz üç oglunyň – Juçynyň, Jagataýyň hem Ugedeýiň goşunlaryny bir wagtda sürdi. Ilkibada mongollar şäheriň golaýynda görünmänsoňlar, ürgençliler öz üstlerine ýygyn dartyp gelen çarwa ordalarynyň nähili keşpdeki adamlardygyny-da göz önüne getirip bilenokdylar. Mongollar Ürgenjiň daşyna giň halka bolup aýlandylar-da, kiçiräk hanlaryň paýtagta golaý ýerleşen mülklerini, obalary talamaga başladylar. Malmy, iýer-içer ýaly azykmy ýa derde ýarar ýaly başga zatmy – näme duş gelse syryp-süpürdiler. Ürgenç birbada köp wagtlap urşuň golaýdadygyny duýmady. Adamlar şäheriň «Dünýäniň derwezesi» atlandyrylýan derwezesinden arkaýyn girip-çykyp ýördüler. Ol ýerde diňe kiçiräk atly otrad garawul goýlupdy. Bir gün günortanlar iň uly ýoldan şähere tarap tozan turzup gelýän mal sürüsi göründi. Birden tozanyň içinden çirkin sesler eşidildi-de, eginleri possunly wagşy sypatly geň atlylar müçesi kiçi, ýaly hem guýrugy uzyn atlaryny ýüzin saldyryp süriň üstüne döküldiler. Olaryň bolşy çopanlary gylyçdan geçirip, mallary yza sürmekçi bolýana meňzeýärdi. Ürgenjiň derwezesinden çykan topar atly duşmanlary azlykdyr öýdüp, üstlerine çozdy. Mongollar al salyp gaçan boldular. Ürgençlileri yzlaryna düşürip, bukuda duran goşunyň üstünden eltdiler-de, daşlaryna aýlandylar. Gazaply söweşde horezmli esgerleriň az sanlysyna halkany böwsüp, şähere özlerini atmak başartdy. Ürgençliler diňe şondan soň hakyky urşuň başlanandygyna göz ýetirdiler. Tizden mongollar şähere erjel hem irginsiz hüjüme başladylar. Olar golaýdaky obalardan ýygnan gaty kän ýaş ýigitlerini öňlerine salyp, galany zabt etmege sürdüler. Ýigitler zora çydaman, gala söýelen merdiwanlara dyrmaşýardylar. Garşylyk görkezenleri mongollar rehimsizlik bilen çapýardy. Ýokarda galanyň gözaralarynda duran elleri paltaly, taýakly hem naýzaly goraýjylar özlerine golaýlaşanlary merdiwandan gaýdyrýardy. – Bize rehimiňiz gelsin! – diýip, ýigitler gygyrýardylar. – Bizem öz horezmlileriňiz ahyryn! – Onda näme biziň üstümize bosup gelýäňiz? Yza dönüň-de, mongollaryň üstüne topulyp, merdiwandan agdaryň! Galany goraýjylar özlerine golaýlaşanlaryň hiç birine rehim edenokdylar. Kä onda, kä munda peýda bolup, goraýjylaryň ruhuny göterýän Berkuş pälwan, Muhammet Polat ussa hem olaryň ýoldaşlary paltadyr uzyn saply çekiç bilen golaýlaşan mongollaryň kellelerini pytradýardylar. Mongol goşunbaşlary ýesirleri hem öz goşunlaryny irginsizlik bilen gala hüjüme sürýärdiler. Ýöne olaram öňküler ýaly ýokarda duranlaryň gaýduwsyz garşylygyna sezewar bolýardylar. Şol wagtyň sene ýazyjysy mongollardan öleniň şäher ilatyndan has köp bolandygyny ýazýar. Ýarym asyr soňam köne Ürgenjiň harabalyklarynyň ýanynda öldürilen mongollaryň süňkleri depe-depe bolup ýatypdyr. Bütin şäheriň howsala bilen dem alýan mahalynda Horezm şasynyň ýaňy-ýakynda-da ähli adamyň ünsüni özünde jemläp, ýurduň çar künjüne gazaply soltanyň buýruklarynyň ýyldyrym çaltlygynda ýaýradylýan ýeri bolan köne köşgi egnini gysyp, ses-selemsiz haňlap ýatyrdy. Syratly, inçemik ýigit endiklerine göre, köşgüň agzynda irkilişip oturan elleri naýzaly garry hyzmatkärleriň gapdalyndan ýeňil ädimläp geçdi. Ol ýaňy-ýaňylaram şahynşahyň merhemedine ýa-da gazabyna garaşyp oturan adamlardan ýaňa hyň berýän zallara geň galyp seredýärdi. Aýak sesleri batly ýaňlanýardy. Bürünç şemdanlar, kümüş käselerdir küýzeler göýä bir ýere ibermek üçin howul-hara toplanan ýaly stollaryň üstünde tertipsiz üýşüp ýatyrdy. Ýaş ýigit zallaryň birinde şanyň ýakyn adamlaryňdan biri bolan Ogulhajyp serdara gabat geldi. Onuň ýanynda gylyç, naýza hem beýleki ýaraglardan ýüklenen bir topar ýigit bardy. – Beýik serdar, sizi saklaýanym üçin ötünç soraýan – diýip, ýaş ýigit ellerini döşüne goýup, edep bilen tagzym etdi. – Sizden etjek ullakan haýyşym bar. – Gulak asýan, ýagşy ýigit, aýdyber. – Men Jelaleddin soltany tapar ýaly ýol salgy bermegiňizi soraýaryn. Ürgençden duýdansyz gideni üçin ony görüp bilmän galdym. Ol meni öz ýanyna almaga wada beripdi. – Häzir haýal-ýagallyk eder ýaly wagt däl. Howpuň duýman durkaň halas bolmak gapysyny ýapyp, betbagtlyk derwezesini açaýmagy mümkin. Gulagyma degişine göre, batyr bürgüdimiz Jelaletdin Jeýhunyň ýokarlaryna bakan gidipdir. Ol şol ýerde Hyradyň golaýyndaky taýpalaryň serdarlary bilen duşuşyp mongollara garşy söweşe taýynlyk görjekmiş. Sen kim borsuň, edermen ýigit? Belkem, saňa kömegim deger. – Men şanyň sene ýazyjysy Şakir Süleýman al Horezmiňiň mürzesi hem kitap okaýjysy Bent Zankyja. Ol şu wagta çenli her gün möhüm wakalary şahynşa Muhammediň edermenlikleri hem sözleri ýazylýan kitaba ýazyp geldi. Ýöne ol indi gaty garrap, tapdan düşensoň «Hadysalar kitabyny» alyp, köşgi terk etdi-de, özüni ekläp-saklamagy boýun alan agtyklarynyňka gitdi. Indi meniňem oňa geregim ýok. Şoň üçinem, Jelaletdiniň gözlegine çykdym. Edermenlikler kitabyny ýazmak meniňem elimden gelýär. Indi näme, biziň horezmli bürgüdimizden başga edermenlik görkezip biljek barmy? – Sen gyz ekeniň-ow? Uzak ýoluň kynçylyklaryna, duş gelen halatyňda wagşy duşmanlar bilen döwüşmäge seň gaýratyň çatarmyka? Ilki şo hakda oýlan. – Men bar zady ölçerip-dökdüm. Ýeke-täk islegim ýaş bürgüdi tapyp, oňa mürze bolmak. – Onda saňa kömek edeýin. Men şu gün gije iki müň atly bilen Ürgençden ugramakçy. Şäherde atlara berer ýaly iýmit galmady. Biz çölüň. içi bilen dogry Merwe tarap ugramakçy. Şol ýerde-de Jelaletdin soltanyň gözlegine çykarys. Münere atyn barmy? – Men gaýratymdan başga hiç zadym ýok. Ýöne göwnümi bire baglamsoň, edil atylan ok ýalydyryn. – Ýagşy. Men saňa atam, hanjardyr gargy gamyşdan edilen ýeňiljek naýza-da bererin. – Keramatly Hydyr seni öz penasynda saklap, işini rowaç etsin! Beýik Horezmiň gadymy paýtagty töwerekden geljek ähli kömekden kesilip, gaty agyr ýagdaýda galdy. Beýik Jeýhun derýasynyň aýaklaryndaky uç-gyraksyz düzlükde ýerleşýän Ürgenç gadymy kerwen ýollarynyň çatrygyndaky söwda hem senagat merkezi hökmünde şöhratlanýardy. Ol ýerdäki ussalar demirden ajaýyp şaýlar, meşhur sowutlar, tuwulgalar, ýaraglardyr birkemsiz taplanan gylyçlar ýasaýardylar. Tutuş hatary eýeläp oturan ussalaryň beýleki bir topary galkan, eýer, at esbaplaryny ýasaýardylar, sellelik her hili matalar dokaýardylar. Mongollaryň öz üstlerine ýygyn dartyp gelýändigi baradaky habaryň ýaýramagy bilen, köp ilatly şäher gorjalan ary ketegine döndi... Müňlerçe hünärmentler meýdanlara üýşüp, näme etmelidigi, duşmanlara nähili gaýtawul bermelidigi barada pikir alyşmaga başladylar... Mongol goşunlarynyň san-sajaksyzdygy, edil joşan deňiz ýaly, Jeýhunyň bütin kenaryny tutup, süýşüp gelýändigi baradaky gürrüňlerden haýykman, şäheriň ilaty goranmagy ýüregine düwdi. Şäherde Beýik Horezmi dolandyrmak işini öz ellerine alan gypjak hanlary kendi. Ýöne olar parahat ilaty talap, olaryň hajatlaryna göz ýumýandyklary üçin köpçülige özlerini ýigrendiripdiler. Özlerine arka durup, gyzyl sakgal Çingiz hanyň söweşlerde taplanan goşunynyň garşysyna döşlerini germejekdiklerine göz ýetiren ilat olardan ýüz öwürdi. Ürgenjiň söweşler içre bişişmedik ilaty gaty kän gahrymanlyk, mertligiň hem janaýamazaklygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Arman şäher elden gidensoň, o zatlary gürrüň berer ýaly adam galmady. Men diýen batyrlaryň ählisi mongollar bilen garpyşykda baş goýdular. Derýanyň kuwwatly tolkunlary diri galan az sanly esgerleri ýykylan jaýlaryň galyndylary bilen birlikde syryp-süpürip äkidensoň, bu bolan işlere şaýatlaryň ählisi diýen ýaly onuň bilen birlikde gaýyp boldular. Diňe bir säw bilen aman galan az sanly adamlar Beýik Horezmiň ilatynyň nähili edermenlik bilen göreşendigi baradaky hakykaty ile doldurdy. Garry Şerip babanyň demirçilik ussahanasy Ürgençden Buhara uzalyp gidýän ýoluň ugrunda ýerleşýärdi. Ol araba bejerýärdi, tigirleriň daşyna demir halka geýdirýärdi. Daýhanlaryň hojalykda ulanýan, dürli-dümen zatlaryny çeňkleýerdi, kündedir kätmen hem gaýry şuňa meňzeş gurallary ýasaýardy. Ol köp gatnawly, tozanly ýoluň çatrygynda uzak ömür sürdi. Ýedi ogul ýetişdirip, ile goşdy. Ogullarynyň üçüsi Ürgenjiň uly bazarynda misgärlik edýärdi, ikisi Aziýanyň soňsuz ýollarynda kerweniň ýany bilen gatnaýardy. Beýleki iki ýetginjek ogly bolsa ussahanada garra kömekleşýärdi. Ýowuz, birehim mongollaryň çozandygy barada howsalaly habarlar eşidilip ugran badyna Şerip baba ötegçileri saklap, aýdylýanlaryň çyndygyny-ýalandygyny anyklamaga başlady. Goňşy obada ýaşaýan mollanyň ýanyna gidip geldi. Ahyram: «Ussahanany taşlamaly-da, pyçak, palta hem ýeňiljek naýza bilen ýaraglanyp, gadymy mähriban şäheri döş gerip goramak üçin Ürgenje – ogullarymyň ýanyna gitmeli» diýip, ýüregini bire baglady. Ol ähli gurallaryny üýşürip, bir çukura gömdi, galanja arpadyr bugdaýynam olaryň ýanynda ýerleşdirip, ilki saman ýazdy-da, soňra üstünden gum sürdi... Soňra garry çypar baýtalyny getirip, hojalykda zerur gerek bolaýjak goşlardyr azyk salnan horjunyny ýükledi-de, Ürgenje tarap ýola düşdi. Iki körpe ogly bilen kempirem onuň ýany bilen barýardy. – Gadymy ertekilerde: «Gazaply duşmanlar üstümize döküldi. Hemmämiziň elimize ýarag alyp, onuň garşysyna çykmagymyz gerek» diýilýärdi. Şeýle ýagdaý häzir biziň başymyzda. Garry Şerip baba özüniň mähriban topragyny gorap, janyny gurban edip bilýändigini ýaş ýigitlere görkezer. Ürgençde ýaşuly ogullaryny tapdy. Olar çekiçlerini şaňkyldadyp, gylyçdyr naýzanyň ujuny ýasaýardylar. Bu maşgalanyň ählisine mongollara gaýtawul berer ýaly, galanyň üstünde öz durmaly orunlaryny görkezdiler. Ýarag ussasy garry Berkuş pälwanyň Ogulbossan atly agtygy bardy. Ol şäherde enesiniň öý işlerine kömekleşip, asuda ömür sürüp ýerdi. Bir gün ol ähli goňşularynyň söweş şaýyny tutýanyny görüp, enesine şeýle diýdi: – Men gyzlarymyzyňam öz mähriban şäherlerini goramakda ýigitlerden pes oturmaýanyny görkezerin. Bu dogumly gyz ir bilen galanyň üstüne çykdy-da, bösňeşip gelýän mongollara tarap daş ýagdyryp ugrady. Bir mähnet göwreli garry mongol gyzy göz astyna alyp, şondan dynmagyň ugruna çykdy. Ol üç gezek galanyň içine aralaşmaga synanyşdy. Ýöne her gezegem depesinden üznüksiz ýagýan daşlar zerarly yza çekilmeli boldy. – Men bu nälet siňen gyzjagaz bilen bellisini ederin! – diýip, mongol gygyrdy-da, erjellik bilen merdiwana dyrmaşyp ugrady. Ol gyzyň edil alkymyna baryp, elinden ýapyşdy-da, gylyjyny sogurmaga çemlendi. Şol wagt Ogulbossan bars ýaly çalasynlyk bilen onuň üstüne towusdy. Belent galanyň depesinden gaýyp gaýdan iki göwre aşakdaky daşlaryň üstüne duşup, ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Mongollarda bir gorkunç ýarag – içine suwuk ýangyç guýulan togalak küýzejikler bardy. Galanyň içine bat bilen zyňlan ol küýzejikler togalanyp baryşlaryna ot pürküp, agaçdan gurlan jaýlary dessine otlaýardy. Ürgençli aýallaryň ählisi bir adam ýaly bolup öz öýlerini goramaga aýaga galypdylar. Olar tutaşyp ugran ýangyny söndürýärdiler, gylyçlaşyp, ýaýdan peýkam atyn, duşman bilen garpyşýardylar, ýaralananlary buky ýerde penalaýardylar. Mongollar olara hiç hili alaç edip bilenokdy. Muhammet Polat ussanyňam galada öz orny bardy. Ol uzyn saply paltasyny aldygyna işledip, gala dyrmaşyp gelýän mongollaryň golaýlaşanynyň kellesini pytradýardy. Muňa halys guduz açan duşman onuň edil gabadyna daş zyňýan maşynyny süýräp getirdi. Olar saýlama ýaý atyjylardan bir toparyny maşynyň üstüne çykardylar. Ussa galkana penalanyp, söweşi öňküsi ýaly dowam etdirýärdi. Birden duýman durka ýaýdan şuwlaşyp sypan birnäçe peýkam gaýa ýaly döş gerip duran ussany agyr ýaralady. Yzy üzülmän ýagýan peýkamlar zerarly ony howpsuz ýere çekmäge-de ýagdaý ýokdy. Şol wagt onuň kiçijik agtygy süýşenekläp geldi-de, daşlardan diwar örmäge başlady. Kem-kemden haýallyk bilen dikelen diwar ussanyň göwresini duşmanlardan penalady. Diňe şondan soň garrynyň aýaly gelip, ýaralaryny ýuwuşdyryp, daňdy. Günler, hepdeler, aýlar geçip durdy. Mongollar diwarlara ýarmaşga, Ürgenje hüjümi dowam edýärdiler. Galany goraýjylar erjellik hem edermenlik görkezip, olary yza serpikdirýärdiler. Ýarym ýyl geçdi. Şäher entägem duşmanlara aldyrarly däldi. Gündogar sene ýazyjylarynyň ýazmagyna göre, Ürgenjiň alnany barada habar barmansoň, gazaba münen Çingiz han hiç bir sebäpsiz ýüzlerçe ýesirleri jezalandyrypdyr. Horezmiň paýtagtyny gaty tiz almak barada ogullaryna gazaply buýruklar ýollapdyr. Olary serhoşlykda, biri-biri bilen jedelleşip, agzybir hereket etmezlikde aýyplapdyr. Ahyrsoňy ol kiçi ogly Ugedeýi mongol goşunlaryna iň uly baştutan belläp, Juçy bilen Jagataýy onuň garamagynda bolmaly diýip buýruk beripdir. Şäheri gabamak has şowly gider ýaly, Çingiz han ol ýere hytaýly ussalary ýollapdyr. Olar agyr daşlary, otly peýkamlary içi ýangyçly gaplary zyňýan ägirt uly katapultalary ýasapdyrlar. Mongollar ýesirleri sürüp getirip, zor bilen şäheriň daşyndaky ullakan garymy düzledipdirler. Diňe şondan soň daş zyňýan maşynlary galanyň has golaýyna eltmek başardypdyr. Maşynlaryň zyňýan äpet daşlary galany ýumrup başlapdyr, ýangyçly küýzeler köp bölegi agaçdan gurlan şähere ot beripdir. Soňra Juçy diwaryň hem galanyň bir seňňeriniň aşagyndan-ýeriň astyndan garym gazdyrypdyr. Mongollar şolaryň içi bilen baryp, şäheriň bir bölegini eýeläpdirler. Şeýlelik bilenem, ilkinji gezek seňňeriň ütünde Juçynyň ýedi dilkawly ak baýdagy pasyrdapdyr. Emma şäheriň beýleki bölekleri gazaply goranyşy dowam etdiripdir. Mongollar her köçäni eýelejek bolanlarynda agyr ýitgiler çekmeli bolupdyrlar. Ürgenjiň ilaty çensiz-çaksyz edermenlik hem tutanýerlilik görkezipdir. Il arasynda keramatly hasaplanýan iki adam – şyh Nejmetdin Kubra bilen alym Alaeddin Haýaty hem galany goraýjylaryň arasynda aýlanyp, olaryň hasam ruhlaryny göteripdir diýip gürrüň edýärler. Duşmanlaryň başyna oýun salanlaryň hatarynda serkerde Sipeh Alar, Kuhy Durugy, Erbuka pälwan ýaly başga-da ençeme gerçekler bolupdyr. Özüniň bäş ýüz adamlyk otrýady bilen iň howply ýerlerde peýda bolup, mongollary ýeňse bermäge mejbur eden Firidun Gury hem şeýle edermenleriň biri eken. Onuň özüniň batyrlygy hem ugurtapyjylygy arkaly gazanan bir ýeňşi barada şeýle gürrüň berýärler: Mongollar Akabilan derwezesiniň golaýyndaky ullakan kanala köpri gurmakçy bolýarlar. Üç müň adam howlukmaçlyk bilen bu işe girişen mahallary birden derweze açylar-da, Firidun Gury öz otrýady bilen olaryň üstüne dökülýär. Şol gazaply söweşde mongollaryň ählisi ýok edilipdir. Şäheriň gabalan wagtyndan bäri ýedi aý geçdi. Ürgenjiň uly bölegi eýýäm haraba dönderilipdi. Oduň ýetirýän zyýanyna pisindi oturmadyk mongollar şäheri Jeýhunyň suwuna basdyrmagy ýüreklerine düwdüler. Olar beýik kanalyň iň esasy bendini ýumurdylar. Yňdarylyp gaýdan mes suw Ürgenji tutuşlygyna basdy. Ummasyz meýdany tutup ýatan paýtagt köp wagtlap suwuň astynda galdy. Mongollaryň deminden aman sypan horezmlileriňem kimsi suwa gark bolsa, kimsi ýumrulan diwarlaryň teýinde galdy. Beýik Horezmiň gadymy, ajaýyp hem köp mähelleli paýtagty şeýdip ömrüni paýawlady, soňam hiç wagt gaýtadan dikeldilmedi. Şäheri goraýjylar ynsanyň elinden gelip biljek edermenligiň nusgalaryny daşýany bilen görkezdiler, öz watanlarynyň azatlygy ugrunda şirin janlaryny orta goýdular. Gahryman Ürgenjiň «ölmez-ýitmezler şäheri» diýlip atlandyrylmagy hakykata laýykdyr. Sebäbi ony goraýjylaryň deňsiz-taýsyz edermenligi hiç wagt unudylman, soňky nesilleri täze, has şanly ýeňişlere ruhlandyrar. Ürgenjiň synmagy bilen birçakky kuwwatly Beýik Horezm döwleti dargady. Mongol otrýadlarynyň ýurduň ähli ýerlerinde alakjaşyp ýöreni, türki hanlaryň bolsa öz aralarynda agyz birikdirip, bir kuwwatly ýumruga düwülmäni başarmandyklary ýa-da islemändikleri sebäpli, bu döwleti ýaňadan berkarar edere adam tapylmady. Beýik Horezmi gaýtadan dikeltmäge diňe Jelaletdin synanyşyk edýärdi. ____________ 1 «Ürgenjiň goralyşy gürrüňsiz, taryhdaky ajaýyp wakalaryň biridir» (W.Bartold). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |