23:42 Jelaletdin / 2-nji bölüm: Ürgenji ýadyňda sakla! | |
2-nji bölüm
Taryhy proza
BAŞBERMEZ JELALETDIN Horezim şasy Muhammet bilen birlikde onuň öýüniň şuglasam dumana duwlandy. Ýöne namysy halas edildi. Munuň üçin ol Jelaletdin soltana minnetdar bolmaly. Muhammet Nesewi. XIII. Ürgenji ýadyňda sakla! Ürgenç şäheriniň rehim-şepagatsyz mongol goşunlarynyň hüjüminden ýedi aýlap adatdan daşary kynçylyklara döz gelip, gahrymanlarça goranyşyny beýan eder ýaly mynasyp sözi nireden tapyp bolarka?! Bu goranyşa ähli kişi – erkeklerem, aýallaram, galanyň diwarlarynda söweşýän ene-atalaryna kerpiçdir daş daşaýan körpelerem gatnaşdy. Allanyň özi iň bir agyr günde şäheri goraýjylaryň ählisini ýyldyzlar ýaldyraşyp duran synyna çolap ýedi gat asmandaky Erem bagyna alyp gitdi! Şähere zor salýan wagşy mongollaram onuň gazabyna duçar boldular: Jeýhun derýasynyň joşup, hanasyndan çykan suwy beýleki ähli zatlar bilen birlikde şähere kürsäp giren mongollary-da güýçli bady bilen süpürip äkitdi. Şeýdip, Beýik Horezmiň ummasyz baý paýtagty çölüň içinde haraba dönüp, gugaryp galdy... Köp suwly Jeýhunyň çep kenary bilen barýan ýolagçy derýanyň aşak akymlaryndaky çägeli düzlükde seleňläp görünýän belent minara, mazar üstünde bina edilen owadan mawzoleýlere, bir üýşmek kesege öwrülen jaýlara, giden meýdany tutup ýatan ululy-kiçili depelere gabat geler... Olaryň bary ençeme ajaýyp köşkleri, metjitlerdir kerwensaraýlary bolan baý hem ullakan şäheriň gadymy geçmişinden gürrüň berýär. Häzir olar açyk güneşiň astynda dymyp ýatyrlar. Ol ýerdeki goýun bakyp ýören garry çopandan: «Bu harabalar näme?» diýip sorasaň, ol göwünjeňlik bilen mundan ýedi ýüz ýyl ozalky gadymy geçmiş, bu ýerde Beýik Horezmiň paýtagtynyň bolandygy, oňa dünýäniň ýedi yklymyndan baý kerwenleriň gelendigi barada gürrüň berer... – Bu şäherde biziň beýik ata-babalarymyz ýaşapdyr! Olar barada aýdymlar, rowaýatlar galypdyr – diýip, garry çopan başyny ýaýkar. – Soňky nesiller bu şäheriň saýaly geçmişine guwanmalydyrlar. ...Gytak ýelkenli gaýyk heýwere kesellileriň adasyndan arany açansoň Jelaletdin soltan onuň ugruny Günorta – Subudaý batyryň baştutanlygyndaky mongol goşunlarynyň Horezm şasy Muhammedi gözläp ýören ýeri bolan Eýran daglaryna däl-de, demirgazyga – Maňgyşlak ýarym adasyna tarap üýtgetdi. Jelaletdin ol ýerde çägesöw kenarda duşup, çar tarapdan ylgaşyp gelen çarwa gyrgyzlar bilen uzak wagtlap söhbetdeş boldy. Soltan olara ýurduň başyna nähili agyr günüň inendigini, nälet siňen duşmanlar bilen söweşe girmek üçin nähili adatdan daşary tagallanyň gerekdigini düşündirdi... – Eger-de biz göreşe başlamasak, Beýik Horezmiň ähli halkynyň petine gar ýagar, jahanyň giňişliklerine pytrap, ýitip gider! Gyrgyzlar Jelaletdine hem onuň ýoldaşlaryna müner ýaly at, geçmeli kyn ýollarynda horlanmazlyk üçin iýmit berdiler. Käbirleri bolsa watan üçin söweşmek islegi bilen edermen soltanyň toparyna goşuldy. Olar tizlik bilen ýol aşyp Beýik Horezmiň paýtagty Ürgenje ýetdiler. şäheriň daş-töwereginde aljyraňňylyk, gaýda-gaýmalaşyklyk höküm sürýärdi. Şäherlileriň birnäçesi goş-kötellerini düýelere, eşeklere ýükläp, Garagum çölüniň jümmüşine tarap çekilse, Ürgenjiň golaýyndaky mülklerde ýaşaýanlar öz zatlaryny galanyň içini has ygtybarly saýyp, şähere daşaýardylar. Türkan hatyn Ürgençde köp ýyllardan bäri Horezmiň doly ygtyýarly hökümdarydy. Ol häzirki ýaly howply ýagdaýda ýurdy edara etmegi öz ösgün dyrnakly kiçijik penjesine alyp, ähli halky yňdarylyp gelýän gorkunç mongollaryň garşysyna göreşe galdyryp biljekdi. Ýöne içigara şa heleý ähli zatdan öňürti öz başyny gutarmak maksady bilen şäherden gaçmak kararyna geldi. Ugramazynyň öň ýanynda ol öz zalymlygyny ýene-de bir gezek eleme äşgär etdi. Horezm şasynyň golastyndaky aýry welaýatlaryň emirleridir begleriniň ýigrimi sekizisiniň ogullary onuň, köşgünde ýaşap, terbiýelenýärdiler. Öz tabynlygyndaky hanlar topalaň turuzmasyn diýen maksat bilen, şa ol oglanlary paýtagtda zamun saklaýardy. Türkan hatyn öz köşk emeldarlaryna şeýle diýdi: – Bu oglanlary ýanymyz bilen äkitjek bolsak, bize artykmaç azar. Bulary bärde galdyryp gitmegem howply. Ulalansoňlar, bularyň Horezm şalarynyň nesilden-nesile geçip gelýän tagtyna eýe çykyp, ýurda häkim bolar gorkusy bar. Şonuň üçinem Türkan hatyn jellatlara ýigrimi sekiz şazadany gaýyga mündürip Jeýhun derýasynyň ortasyna eltmegi, aýaklaryna agyr daş daňyp, suwa taşlamagy buýruk berdi. Soňam hökmürowan şa heleý Horezm şasy Muhammediň haremhanasyny ýanyna alyp, ullakan kerwen bilen Garagum çölüni kesip, Eýranyň demirgazyk welaýatyna tarap gyssanmaç ýola düşdi. Baran ýerlerinde onuň bütin kerweni mongollaryň eline düşdi, büs-bütin talandy, aýallar nökerlere paýlanyp, beýleki adamlaryň ählisi gyryldy. Türkan hatynyň özüni bolsa Çingiz hanyň ýanyna ugratdylar. Mongollaryň hökümdary muňa hoş wagt bolup nahar wagtynda Horezmiň ozalky şa aýalynyň gapynyň agzynda oturyp, öz watanynyň weýran bolşy barada aýdym aýdyp oturmagyny buýurdy. Özi bolsa oňa kämahal gemrilen süňk oklaýardy... Türkan hatyn gidenden soň gypjak hanlary näme etjeklerini bilmän, elewrediler. Olar garamaýak ilatyň başyna öňküdenem beter oýun saldylar. Metjide göwünli-göwünsiz gatnaýan adamlary soňuny saýman ýençmeli diýlip reýislere buýruk berildi, şäheri goramak üçin gerek diýen bahana bilen täze salgytlar girizildi. Paýtagtda baş häkimlik soltan Humar Teginiň eline geçdi. Ol goşunbaşylaryň harby maslahatynda mongollaryň hatyny görkezdi. Hatda ilata: «Gorkmaň-da, şäheriň derwezelerini açyň, mongollara ynanaýyň, olardan hiç hili zyýan görmersiňiz» diýlen çagyryş bardy. – Olar bilen ylalaşaýanymyzda näme bolarka?– diýip, Humar Tegin oturanlara ýüzlendi. – Ähli ilaty gyrgyna berip, şäheri ot-ýalna gabsadandan, olara kän paç berip, işi parasat usulda çözenimiz gowy bolsa gerek. Goşunbaşylar oňa garşy çykdylar: – Patyşamyz, sen mongollaryň Buharanyň, Samarkandyň, Merwiň hem beýleki şäherleriň ilatynyň başyna nähili kyýamat gopdurandyklaryny unudypsyň öýdýän? Şol şäherleriň ilatam ýaraglaryny taşlap, aman diläpdiler. Mongollar olaryň arasyndan iň gowy hünärmentleri saýlap, öz ýurtlaryna iberipdiler, beýlekilerini bolsa ujuna tokga demir berkidilen taýak bilen urup öldüripdiler. – Nähilem bolsa mongollaryň näme isleýänini bilmegimiz gerek. Gije Humar Tegin ýakyn adamlarynyň bir topary bilen gizlinlikde Ürgençden çykyp, Çingiz hanyň üç otlunyň – Juçynyň, Jagataýyň hem Ügedeýiň meýlis gurup oturan şäheriň çetindeki köşgüne bardylar. Ol hanlaryň öňünde dilege gelen ýaly mysapyrlyk bilen gol gowşuryp, baş egdi. Mongollar ony kemsidiji gülki bilen garşyladylar: – Biziň ýanymyza eliň boş geldiňmi? Şäherlerimiziň derwezeleriniň tylla açarlary hany? Bizden näme isleýäň? – Men köpden bäri Gündogaryň hökümdarynyň öňünde çök düşüp, ýeri öpmegiň arzuwyndadym. Meni mongol goşunyna almagyňyzy haýyş edýän. Şonda beýik kagana wepalydygymy öz hyzmatym bilen subut ederdim. – Ürgenjiň nalajedeýin goragçysyny biz başymyza ýapalymy! Hökümdar halyňa öz şäheriňe, mähriban topragyňa hemmeden öňürti dönüklik edeniň üçin seň ýüpüňe odun goýup bolmaz. Biz saňa öz eden işine laýyk jeza bereris. Soltany hem onuň ýanyndakylary lageriň çetindäki açyk meýdana çykardylar. Soňam ähli geýimlerini sypyrdylar-da, bil oňurgalaryny ýazdyryp, taşlap gaýtdylar. Ol diri maslyklaryň köp wagtlap jany çykmady. Gije açyk gözlerini ýyldyzly asmana dikip ýatyşlaryna ýanlaryna gelip, özlerini çekeläp ugran şagallary kowmaga-da mejallary ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |