20:39 Jelaletdin -2: Täsin myhmanmy ýa-da düýş? | |
• Täsin myhmanmy ýa-da düýş?
Taryhy proza
Bir gezek Gorkut çopan asuda tomus gijesinde öýüniň işiginde ýazylan köne keçesiniň üstünde gyşaryp ýatyrdy. Ol ýadaw kellesini ýassyga derek eplenen possunyna goýup ýatyşyna asmanyň gara mahmalyna salnan täsin nagyş ýaly ýyldyzlara syn edýärdi, alça şäniginden ýasalan tesbisini sanap, ýüreginde köpden beri besläp ýören arzuwyny gaýtalaýardy: – Eý, gudraty güýçli, merhemetli Alla! Senden kiçijik bir dilegim bar: gözümiň guwanjy Güljemalymyň özüne mynasyp, zähmetsöýer hem mylakatly. ýigide ýar boljak günüňe çenli ýaşamaga maňa güýç-kuwwat ber. Şol gün Horezm şasynyň körpe ogly Jelaletdin Meňburny Garagum çölünde aw edýärdi. Ol güýçli ýagmyrda azaşyp ýörşüne Gorkut çopanyň öýüne gözi duşup, atynyň başyny şo ýana burdy. Gojadan ertire çenli myhman almagyny haýyş edip, gapynyň agzynda iki dyzyny gujaklap oturdy. Gorkut çopan ýaş han bilen gürrüňe gyzyşdy. Onuň göwnaçyklygy, nurana keşbi goja ýarady. Şonuň üçinem, myhmanyna öz syryny aýan edesi geldi... Jelaletdin alawyň ýatgysyna Baýander hanyň hatyny ünsli okady-da, ony özüne bermegini gojadan towakga etdi. Soňra ol doga ýazlan başga bir kagyzy okady. Belki-de, ol aýratyn güýçli jadyly dogany okandyr... Birden baky uka giden Aýbaýyň deregine tutulan çypar köpek hyňrandy-da, diňşirgendi, tüýleri syh-syh bolup hüžžerdi. Ör turan Gorkut çopan doňan ýaly bolup durdy... Tüňçäniň agzyndan temmäkisiniň üstüne köz toýlan çilimiňki ýaly tüsse çykýardy. It öňe towsup, üýrmäge başlady. Tüsse sähel wagtdan ilki gymyldaman duran kölge, soňam hakyky adamyň şekline öwrüldi. Görmegeý, kaddy dik, garaýagyz ýigit gara gaşlaryny gerip, ellerini döşünde gowşuryp, pöwrize daşy ýaly gök gözlerini Gorkuda dikip durdy. Egnine düşüp duran gara saçlary, her ýerinde altynsow ýyldyzlar ýaldyraýan heniz görülmedik melewşe lybasy onuň kese ýerli adamdygyndan habar berýärdi. Açyk gök daşlar bilen bezelen guşagyna tylla gynly hanjar gysdyrylgydy. Elinde bolsa bir garyş çemesi uzynlykda gök zümerret daşyndan taýajygy bardy. Haýran galmakdan hem gorkudan ýaňa sandyrap duran Gorkut çopanyň kä açylyp, kä ýumulýan agzyndan hiç hili söz çykanokdy. Çypar it nätanyşa topuldy. Ol zümerret taýajygyny galdyran badyna it esli ýere togalanyp gitdi-de, naýynjar çyňsap, ümdüzine gaçdy. – Essalowmaleýkim, öýüň abat, törüň giň bolsun? – diýip, nätanyş myhman Gorkuda ýüzlendi. Onuň sesi asuda howada edil tüýdügiň owazy ýaly ýaňlandy. – Myhmanym bol. Gel, gapdalymda otur! – diýip, biraz özüni dürsän Gorkut çopan eşidiler-eşidilmez mydyrdady. – Sen meni çagyrdyň. Men bu çakylyga köpden bäri garaşýardym. Tapan gadymy, syrly tüňçäňi näme edeniňi bilesim gelýärdi hem özüni görmekçidim. Depäňden betbagtlyk dolusy ýagsa, saňa kömege ýetişerin. Näme üçin meni öň çagyrmadyň? – Maňa hiç zat gerek däl! – diýip, Gorkut jogap berdi. – Men häzir birçak Alladan dilenimdenem köp zadyň eýesi. Nätanyşyň akýagyz keşbine gussaly ýylgyryş alamaty çaýyldy. – Hudaýyň sadyk bendeleriniň içinde öz ykbalyndan, oňňudyndan hoşal bir seni görýän. Häzir saňa: eger çagyran bolsaň, birçak nämeleriň eýesi bolup biljekdigini görkezeýin... Ine, sen garaja öýüň çagşapdyr. Tüýnüginden ýagyş geçip dur. – Ilde mundan beterinde mydar edip ýörenlerem bar!.. – diýip, Gorkut ysgynsyz seslendi. – Gapdalymda dur-da, beýläk seret!.. Gorkut köne köwşüni aýagyna sokup, nätanyşyň ýanyna bardy-da, gapdalynda çommalyp oturdy. Onuň ysgyn-mydary gaçan dyzlary saňňyldaýardy. Niredendir bir ýerden peýda bolan gök tüsse garaja öýüň depesinde aýlanyp, ony büs-bütin örtdi. Haçan-da öwsen şemal tüsseni sähra tarap kowanda, Gorkut öz öňki tüneginiň ornuna biline ýasy guşak ýaly alabeder, nagyşly ýüp aýlanan ullakan ak öýüň duranyny gördi. Öýüň gapysyna owadan haly gerilgidi. Tüýnükden inçejik tüsse çykyp, taýyn bolan palawyň hem gyzgyn çöregiň ysy gelýärdi. – Belki, sen öýüň gapdalynda meşhur Şabazyň tohumyndan bolan gaýçy gulak, gaz boýun türkmen bedewiniň durmagyny isleýänsiň? Çym-gyzyl şapak asmana çaýyldy. Gorkut tisginip, nazaryny öz täze öýüne tarap aýlanda, onuň gapdalynda teblä daňylgy ajaýyp gara atyň duranyny gördi. At buýsançly başyny göterip kişňeýärdi. Onuň bütin durkunyň galdyraýyşy öz kişňemesiniň jogabyna bisabyr garaşýan ýalydy... Görünmeýän el atyň öňüne bir bogdak ýorunja bedesini oklapdyr. – Munuň ýaly syçrap duran han atyny men näme edeýin? Maňa käte Nusaýda ýaşaýan dostumyňka gidip geler ýaly garry, ýuwaş ýorga bolsa besdir... – Arzuwyň eýýäm hasyl boldy! Dogrudanam, öňki gara atyň ornunda pes boýly dor baýtal bir bogdak sähra otuny äwmezlik bilen iýip durdy. Haýran galan Gorkut: – Munça ýagşylyk eder ýaly, sen menden näme haýyr gördüň? – diýip sorady. – Sen maňa bahasyna ýetip bolmajak ýagşylyk etdiň. Dawudyň ogly Süleýmanyň ýüzügi bilen möhürlenen tüňçäniň içinden dokuz ýüz ýyllap ýatan ýerimden boşatdyň. Şonuň üçin sen dokuz dilegiňi berjaý etmege taýyn. Eger isleseň, seni Symrug guşuň ganatyna ataryp, bagtyýar Ýewfrat derýasynyň kenaryndaky hurma agaçlarynyň saýasyna elteýin?.. Isleseň, Horezm şasynyň beýik weziri edip, dürli ýurtlardan bolan ýüz sany ajaýyp gyrnak sowgat bereýin? Belki, guýrugy elek ýaly müň goýun, ýene şonça-da ýylda iki guzlaýan inçe ýüňli ak goýun gerekdir?! – Men onça zady näme ýaradaýyn? – Gorkut elini silkdi. – Maňa munça artykmaç alada gerek däl. Ýekeje köşekli düýe bolsa, besdir. Oňa meň ýaşy durugşan aýal doganym seredip, köpürjikläp duran çal tutar. Ondan saňa-da hödür ederin, merhemetli penakärim. Gorkut seretmäge gorkdy. Ýöne düýe eýýäm durdy. Gapdalynda-da ýaňja aýaklanan köşejik onuň ýelnine agzyny ýetirjek bolup dyzaýardy. – Besdir, besdir! – diýip, Gorkut gygyrdy. – Men seni tanadym. Saňa ähli zat elinden gelýän jyn diýerler! Jynlar howply hem mekir bolýarlar... Indi men şunça eden ýagşylyklaryňdan gorkýan! Bu eşretler indi depämden injek şumluklaryň başy bolaýmasyn? Köpüm geçip, azym galan maňa diňe bir zat gerek: öz aladasy hem mähremligi bilen meň gojalygyma nur çaýan ýetimek Güljemalyma gaýratly, wepaly ýanýoldaş miýesser etse, başga armanym ýok... Gorkut eli bilen gözlerini örtüp, ýuwaşja aglady. Ol öňküsi ýaly köne halyçanyň üstünde possunyny ýassyk edip ýatan ýagdaýynda düýşünden aýňaldy. Ony kimdir biri çagyrýardy. Çypar it güýjünde baryny edip üýrýärdi. Gorkut çopan gözlerini açdy. Ýap-ýaňam jynyň gepläp duran ýerinde ýaş türkmen ýigidine onuň gözi düşdi. Ýigit pyşyrdap şeýle diýýärdi: – Aýňal, Gorkut çopan! Maňa gulak as! Şu gijämi seň parahat öýüňde geçirmäge ygtyýar et! Meni hanyň nökerleri yzarlaýar. Olar meň kakam Gurban Jöwher gylyjy öldürdiler. Sen ony tanaýansyň... Meň adym Gara Hanjar... – Kakaň ikimiz çagalygymyzdan bäri dost. Bu gije meň arzyly myhmanym bolarsyň. Gara Hanjar halyçanyň ýanyna bardy. Olar eginlerini degrip, ýanaşyk oturdylar-da, pyşyrdaşyp gepleşmäge başladylar. – Düýn hanyň nökerleriniň iki ýüzüsi ençeme obalara tupan ýaly doldular – diýip, Gara Hanjar söze başlady. – Olar öýleri talap, iň gowy atlary, owadan gyzlary sürdüler. Ol näletsiňenler «bulaň bary hana gerek» diýip, aýallaryň şaý-seplerine çenli goparyp aldylar. Eýsem, şo zatlar düýädäki iň baý adam bolan hanyň nämesine gerekmiş? Gorkut çopan ellerini gerip, gorky bilen şeýle diýdi: – Onda hanyň nökerleriniň ertir biziň obamyza dökülip, agtygym Güljemalam atyň öňüne salyp äkitmekleri mümkin-dä? Jynyň beren sowgatlarynyň soňy gör, näme bilen gutarýar! – Ol bolup biljek zat – diýip, Gara Hanjar seslendi. – Köpden bäri bagtym açylar ýaly Güljemaly maňa ber diýjek bolup ýördüm. – Hanyň erkine boýun bolaýmasak, başga çärämiz ýok – diýip Gorkut çopan seslendi. Soň olar sürnüp gelýän bu beladan nädip sypmanyň gamyny iýip ugradylar. – Hany, meň bar zady ap-aňsat bitirýän myhmanym nirede? – diýip, Gorkut töweregine garanjaklady. – Ýaňy men şu ýere ýetip gelýärkäm gaty owadan at münen ýaş ýigidiň sen öýüňden daşlaşyp, Ürgenç tarapa haýdap barýanyny gördüm. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |