18:18 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Agzybirlik ugrundaky sergezdanlyk | |
XXIII. Agzybirlik ugrundaky sergezdanlyk
Taryhy proza
Jelaletdin birnäçe ýyllap öz goşuny bilen Aziýanyň ençeme döwletlerine aýlandy. Demirgazyk Hindistanyň içinden söweş bilen geçip, günbatara tarap gitdi. Ol ähli hökümdarlaryň agyzlaryny birikdirmäge, diňe bir mongollara garşy durmak däl, eýsem, olary Horezmden hem beýleki goňşy ýurtlardan hemişelik kowup çykarar ýaly, goşunlary birleşdirmäge, ullakan harby güýç döretmäge yrjak bolýardy. Ýöne onuň bu tagallasy başa baranokdy. Onuň öz dogany Kyýasetdinden başlap, beýleki ähli türki taýpalaryň hem döwletleriň baştutanlary ownuk serhet dawalary bilen gümra bolup, biri-birinden öçlüdi. Şeýle bolansoň, birleşmek baradaky belent maksady goldamak eger-eger ýatlaryna-da düşenokdy. Soňra Jelaletdin has günbatara – Bagdat halyfy Muntansiriň hökümdarlyk edýän ýerlerine gitdi. Mongollara garşy göreşde musulmanlara baştutan bolmaga yryp bilmänsoň, onuň goşunyny derbi-dagyň edip, soňra Azerbaýjana hem Arrana geçdi. Ahyry soltan Gürjüstana bardy. Ol ýerde-de ýerli feodallar Çingiz hanyň garşysyna güýji birikdirip söweşmek üçin birleşmek teklibini ret etdiler. Soltan birden yza döndi-de, goşunyny gündogara bakan alyp ugrady. Ol Azerbaýjana kürsäp giren mongollaryň üstüne çozdy-da, dessine ýurtdan kowup çykardy. Ýöne musulman goşunlaryny birleşdirmek baradaky esasy maksat amala aşman galdy. Soltan mongollaryň ýurda kürsäp giren uly otrýadyny derbi-dagyn edip, gündogara kowanam bolsa, barybir beýleki döwletleriň hökümdarlary ondan netije çykarmadylar. Ownuk duşmançylygyň özlerini betbagtlyga iterýändigi, bir güýçli goluň astyna birleşmelidigi, onuňam diňe Jelaletdindigi barada oýlanmadylar. Üç sany kuwwatly döwletiň hökümdary, şol sanda Bagdat halyfy Muntansirem Jelaletdiniň ýanyna aýratyn ilçilerini ýollap, birleşen goşunlara baştutanlyk etmegini, berk harby birleşik döretmegini ondan haýyş etdiler. Jelaletdin ol wagt Azerbaýjandady. Soltan dynç alýardy hem täze wakalaryň ýüze çykaryna garaşyp, goşunyna serenjam berýärdi. Öňki söweşde tar-mar edilenine näçe diýseň gahary gelen mongollar ýüz müň atly goşun bilen ýene dolanyp gelipdiler. Olar alakjaşyp, öz esasy garşydaşlary bolan Jelaletdini gözleýärdiler. Musulmallaryň ilçileri üç hökümdar tarapyndan ýollanylan üç sany beýik wezirden ybaratdy. Olar Jelaletdin üçin sowgat-serpaýly hem azyk ýükli kerwenli gelipdiler. Soltan ol wagt Azerbaýjan daglaryndady. Onuň goşuny bolsa golaýdaky obalardyr jülgelerde ýerleşipdi. Jelaletdin ilçileri özüniň sary ýüpek çadyryňda garşylady. Bu çadyr gara hindi hudaýlarynyň şekilleri hem tylla güller bilen bezelendi. Wezirleriň üçüsem ujy çüri ak sakgally, alabeder ýüpek lybaslydy. Olar özara uruşlaryň soňuna sogan ekip, tertip-düzgüni ýola goýup biljek, mongollaryň çozuşyny dep etmege ukyply harby güýji özünde jemlejek berk bileleşigi döretmek barada dillerine bal çalnan ýaly ýakymly gürrüň edýärdiler. – Elbetde, men size kömek ederin – diýip, Jelaletdin jogap berdi. – Ýöne siz şu beren sözüňizde berk durup, menden gizlinlikde duşmanlar bilen, has beterem, ygrarsyz hem ýowuz mongollar bilen garşyma dildüwşik guramadyk halatyňyzda men kömegime bil baglap bilersiňiz... Siz aýratnam, ýalançy hem hilegär mongollara ilçi ibermegi gowy görýäňiz. Şeýdip, olardan rehimdarlyk hantama bolýarsyňyz... Ýok, olar ähliňizi gylyçdan geçirip, külüňizi asmana sowrar. Wezirler bilen bu gürrüňçilik dag geçidiniň eňňidinde bolupdy. Olar bu ýerde üç gün bolup, yzlaryna gaýtdylar. Jelaletdinin ol üç garrynyň agyzlarynda aş gatyklap aýdan sözlerine onçakly ynamy ýokdy. Onuň kalbyna çöken gubar dargan gidiberenokdy. Şol wagtam ähli kişini geň galdyran bir adam peýda boldy. Onuň ýanynda sebetlerdir horjunlar ýüklenen üç at bardy. Ýüzi durşy bilen ýaradyr çapyk yzlaryndan doly, bir gözi sokur ol adam haýran galmazça däldi. – Kim borsuň, näme üçin geldiň? – diýip, Timur Mälik oňa ýüzlendi. – Men jerçi. Adyma Nureddin Farkat diýýerler. Aýallaryň halaýan ownuk harytlaryndan: iňňe, oýmak, ýüzük, monjuk, aýna, boýag, sürme, şeýle hem hytaý ýüpegi, geýim ýaly zatlary satýan. – Ýöne biz aýal däl-de – diýip, Jelaletdin seslendi. – Mende esgerlere ýarajak harytlaram bar: ýüpek köýnekler, guşaklar, gapjyklar, hanjarlar hem gaýry şoňa meňzeş zatlar... Horezmiň şasy, mende sen üçin tüýs şalara mynasyp sowgat – hindileriň ajap nagyşly, dür sadaply ýüpek köýnegi bar. Ol saňa bagt getirer. Jerçi sebetden altynsow güller bilen bir kemsiz nagyşlanan gyzyl ýakut reňkli köýnegi çykardy-da, epinlerini ýazdy. – Bu köýnegi alaýma! – diýip, Bent-Zankyja gygyrdy. – Şu hili reňkdäki köýnekleri Hindistanda jadygöýleriň tikýänini men tebipçilik baradaky kitaplarda okap gördüm. Olar köýnegi aždarhanyň ganyna batyrýarmyşlar. Şol köýnegi geýen adamyň endam-janyny dömme ýaralar tutup, aýylganç ejir çekip ölýärmişin. – Ýalan sözleýäň! – diýip, jerçi guduzlan ýaly gygyrdy. – Bu şalaryň köýnegi. Beýle lybasy diňe hanlardyr emirler geýýär. – Men başga-da bir zada müňkür bolýan – diýip, Bent-Zankyja söze başlady: – Seň guşagyndan gypjak hanjary asylgy. Edil şonuň ýaly şirmaýy saply hanjary Türkan hatynyň arzylaýan adamsy göterýärdi... Bu nädip saňa düşdi? Jerçini häliden bäri içgin synlap duran Timur Mälik şeýle diýdi: – Ýüzüňi persala edenem bolsaň, men seni tanadym. Saňa – şa heleý Türkan hatynyň ilki gulamy, soňam beýik weziri bolan Muhammet Ben Salyh diýerler. Belki, sen bize haýsy jyn-arwahlaryň girisine düşüp, bu göz-gülban hala uçranyňy aýdyp berersiň?! Jerçi köýnegi hasyr-husur atyň arkasyndaky sebede dykdy-da, Jelaletdine tarap öwrüldi. Onuň ýeke gözünden gazap ody syçraýardy. – Hawa, aýdýanlaryňyz dogry. Men hakykatdanam, ozalky gulam Ben Salyh. Nädip tananyňyza aklym haýran. Mongollar meni tutup, kellämi ýanyp duran alawa sokdular. Ýüzümiň bedroýlygam, gözümiň sokurlygam şonda boldy. Ýaralarymdan gaty kynlyk bilen saplandym. Şu ýeke gözüm bilenem siziň köpüňiziň iki gözüňiz bilen görmeýän zatlaryňyzy görýän... Penakerim Türkan hatyny mongollar öz ýanlary bilen alyp gitdiler. Ol häzir «Älemi sarsdyryjy» nahar iýýän wagty gapdalynda oturyp, aýdym bilen göwnüni açýar. Ynsanyň ykbaly şeýle. Ol hemişe Allanyň ygtyýarynda. Egnine bagt guşy gonjakmy ýa-da başyndan betbagtlyk çekirtgesi injekmi – hiç kim öňünden bilip bilmeýär! – Sen hanjardan ölersiň – diýip, Timur Mälik gaharly seslendi: – Dönükligiň soňunyň nirä eltýänini özüň gowy bilýänsiň. Gylyjynyň sapyna elini ýetiren Gara Hanjar jerçä golaýlaşdy. – Seň eliň bigünä adamlaryň ganyna boýalan. Gazaply patyşa heleýiň buýrugy bilen horezmli hanlaryň ýigrimi sekizisiniň ogluny derýa gark eden sen dälmi? Esgerleriň biri gygyrdy: – Menem kiçijik doganym şonda gitdi! Onuň gandary sen! Seni özüm bogup öldürerin! – Esger jerçä topulanda, Timur Mälik saklady: – Öz päkize gylyjyňy bu näkesiň hapa ganyna bulamak näme gerek? Muny dagdan taşlalyň. Timur Mälik gylyjyny sogurdy-da, Ben Salyhyň depesine göterip, hökümli seslendi: – Häzir uçutdan bök. Goý, dadyňa öz penakäriň ýigrenji Iblis ýetişsin! Ben Salyh uçudyň gyrasyna baryp, aşak seretdi-de, özüni goýberdi. Ajaly ýetmedige bir sebäp tapylaýýar. Ol uçudyň bilinde ösüp oturan bir düýp pisse agajyna ýapyşyp, diri galdy. Şol ýerde bir gowak garalyp görünýärdi. Aýak üstüne galan Ben Salyh ýokardakylara gygyrdy: – Men özüme edilen ýamanlygy ýatdan çykarýan ýa-da bagyşlaýan adamlardan däldirin! Arymy ýerine salaryn!.. Hemmeden beter Jelaletdin soltanyň dat günüňe! Ahmal bolmagyn!.. – Şeý diýdi-de, ol gowaga girip gitdi. Çar ýandan üstüne howup-hatar abanýany-na, dag ýodalarynda alakjaşyp, mongollaryň özüni gözläp ýörenine garamazdan, Jelaletdin hemişeki bolşy ýaly şadyýandy. Ol bir küýze lagl reňkli gyrmyzy meý getirmegi buýurdy-da, döwre gurap oturan birnäçe ýoldaşlarynyň arasynda ornaşyp, bakylyk, söýgi, halklaryň geljekki ykbaly, ynsanyň etmeli belent işleri barada gürrüňe başlady. – Näme, aýdym sesi çykanok-la? – diýip, soltan gygyrdy. – Heý, şu wagtam aýdym bormy? Bagşyň sesini duşmanlarymyzyň eşidäýmegi mümkin. – Bent Zankyja men söýgüli aýdymyma başla! Muhammet Nesewiniň yzynda ümsüm oturan gyz seslendi: – Bolýar, ýöne ýuwaş ses bilen aýdaýaýyn. Gaty aýtsam, duşmanlar eşider öýdüp gorkýan. Agşamyň asuda howasynda ýakymly owaz ýaňlandy: Ýigit atdy atyndan... Meniň ýaş bürgüdimi Ýat kişiň naýzasyndan, Atynyň, agmasyndan, Eýerden gaýmasyndan Allaň özi gorasyn. Erkana, ýaş bürgüdim, Men ýanymda öýde bol. Bile perzent söýeli! Eý, göwnümiň söýeni, Eger-de diri bolsaň, Ýalňyz galdyrma meni! Jelaletdin iki eli bilen kellesini tutup, beýlesine öwrüldi-de, uzak wagtlap çuňňur oýa batyp oturdy. Ol näme hakda pikire çümdükä? Belki, asuda hem bagtly maşgala durmuşyny soňsuz söweş sergezdanlygyna çalşany baradadyr? Belkem, özi üçin ýasadandan maşgala gurup, perzent ösdürmek şatlygynyň ýiteňkirläp, öňde täze howp-hatarlaryň durany hakyndadyr? Belki-de, ummasyz kän güýjüň sarp edilip, edilen işiň juda azlygy barada oýlanýandyr?.. Edil gapdalynda oturan Timur Mälik Jelaletdiniň egnine elini goýup, şeýle diýdi: – Ölümi ýada salyp, gaýga batyp oturmagyň geregi ýok. Entek janymyz sag, güýjümiz egsiler ýaly däl. Belkem, edenimiz ugruna bolup, bagtly günlere ýeteris... Jelaletdiniň ömür beýany hem ýörişleri barada kitap ýazýan Muhammet Nesewi soltany agyr oýlaryň girdabyndan çykarmak niýeti bilen habar gatdy: – Sen görkezen edermenlikleň köpüsini gördüm. Esgerlere diýýän sözleriňi, söweş buýruklaryny eşitdim. Eger göwnüne alman, ak ýürekden jogap bererin diýseň, ýene bir zat sorasym gelýär. – Sora, gadyrdan dostum. Ähli sowallaryna açyk göwünden jogap bereýin. – Soltan, häzir ajalyň gara ganatlarynyň barha ýygy-ýygydan depämizde galgaýanyny özüň görüp dursuň.. Biz ýene uzak ömür sürjekmi ýa-da sanalgymyz şu gün doljakmy – ondan habarymyz ýok. Şeýle-de bolsa durmuşyň akymy dowam edip dur. Çagalar ulalýar, gojalar bolsa soňky ýyllarda mongollara garşy alnyp barlan söweşler barada bilmäge howlugýarlar... Indi bolsa – gönümelligimi bagyşlaweri – meň bilen edil öz wesýetiňi ýazan ýaly gürleşmegiňi haýyş edýän. Öz kitabyma seň ýetişip gelýän neslimize diýjek iň mukaddes arzuwlaryňy hem sargytlaryny ýazasym gelýär. Olar geljekde ýerine ýetiriler diýen tamam bar. Sen şol aýdanlaryň ebedilik galar.. Mongollaryň wagşylyklaram, yzarlamalaram ony halkyň hakydasyndan ýok edip bilmez. Jelaletdin bir salym oýlanyp oturdy-da, şeýle diýdi: – Men gaty köp zatlar aýdyp bilerdim. Ýöne aýdan zadym näçe uzak bolsa, şonça-da tiz ýatdan çykarmyka öýdýän... Şeýle bir waka ýadyma düşýär. Birnäçe ýyl mundan ozal harasatda galyp, çölde bir garyp çopanyň külbesine myhman boldum. Şol günüň öňýany çopan ýeriň astyndan örän agyr gadymy tüňçe tapan eken. Haýyş edip duransoň, men tüňçäniň agzyny açyp berdim. Onuň içinden ady halk rowaýatlarynda meşhur bolan Baýander hanyň öz agtyk-çowluklaryna ýazan weseýeti çykdy. Men ony göçürip aldym. Şondan bärem ýanymdan goýamok. Onda şeýle ýazylypdyr... – Jelaletdin guşagyndaky kümüş gutujykdan togalanan kagyzy çykardy-da, okamaga başlady: «Öz agtyklaryma hem çowluklaryma wesýet galdyrýaryn. Olara altyn ýa-da baýlyk miras goýamok. Men Olaryň bol-elinlik hem şatlyk öýüni öz elleri, öz zähmetleri bilen gurmaklaryny isleýärin. Beýik türki taýpalardan bolan nesillerim, men size ýüzlenýärin: özüňize şöhrat, howpsuzlyk, abadançylyk getirjek, sizi ýeňilmez etjek şu bäş sany gymmatly mirasy aýawly saklaň. Ol miras mertlik, zähmetsöýerlik, beren sözüňe ygrarlylyk, aýala hormat goýmak hem ýeke-täk merhemetli Allany şöhratlandyrmakdan ybaratdyr. Baýander han». Şol wagt iki tarapdaky ýodalaryň hersinden bir atlynyň ýüzin salyp gelýäni göründi. Ýigitler haýdan-haý habarlaryny berdiler: – Bu ýere üç mongol otrýady gelýär. Olar elbetde, seni gözleýändirler. Sen haýal etmän git-de, wagtlaýynça dagyň buky ýerlerinde gizlen. Biz Azerbaýjanyň tokaýlaryna siňmek üçin özümize gylyç bilen ýol arçamaly bolarys. – Bu ýörişimiz aýratyn howply bolar – diýip, Jelaletdin seslendi – Mongollar ahyrsoňy şu ýerde meni öz penjelerine gysmaga synanyşarlar. – Bize-de seň yzyna düşmäge rugsat et! – diýip, Nesewi bilen Bent-Zankyja haýyş etdiler. – Her neneň kyn ýagdaýda-da seni ýeke taşlamarys. Jelaletdin ýerinden turdy-da, mongollary nirede görendiklerini sorady. Timur Mälige galan goşunlara baştutanlyk etmegi tabşyrdy. Soňra Gara Hanjara, Nesewä, Bent-Zankyja hem başga-da birnäçe ýigitlere öz yzyna düşmeklerini buýurdy. Dostlary bilen gujaklaşyp, bagtly bolmaklaryny arzuw etdi-de, atyna atlanyp, dag geçidiniň üsti bilen demirgazyk taýa gyssanmaç ýola düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |