13:47 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Älemgir we hindileriň patyşasy Ütülmiş | |
XXII. Älemgir we hindileriň patyşasy Ütülmiş
Taryhy proza
Ylgaşyp gelen üç aňtawçy demi-demine ýetmän, hasylaşyp habarlaryny berdiler: – Indi näme etsekkäk? San-sajaksyz goşun üstümize yňdarylyp gelýär... Ýüz müň adam dagy bar... Işimiz gaýtdy!.. Bu ýerden çaltrak gaçmak gerek. – Gaç-da onda! – diýip, Jelaletdin arkaýyn gürledi. – Men galýan. Özümem şol goşunyň üstüne çozjak. Eý, ýigitler! Tizräk ähli ýüzbaşylary çagyryň! Ýüzbaşylar haýal etmän ylgaşyp geldiler. Hindileriň ägirt uly goşun toplandygy baradaky habar eýýäm olaryň gulagyna ýetipdi. Olar ýerde döwre gurap oturyşlaryna Jelaletdiniň nähili çykalga salgy berjegi barada tolgunma bilen oýlanýardylar. – Bize aldym-berdimli söweş garaşýar. Gorkaklyk edip, diri galandan ýeňiş üçin söweşip gelenimiz gowudyr. Eger ýeňse bersek, ýigitlerimiziň edermenliginden, özara agzybirliginden nam-nyşan galman dargar. Häzir biz Rana Çatra bilen eden söweşimizi gaýtalarys. – O wagt biziň güýjümiz deňeçerräkdi – diýip, ýüzbaşylaryň biri dillendi. – Häzir welin biz öňkümizdenem güýçli – diýip, Jelaletdin jogap berdi. – Garşymyza ýygnanan esgerleriň kimlerdigini bilýäňizmi? Olar kileň hammallar, gatyr bakanlar, daýhanlar. Ähli pikirlerem uruşmak däl-de, basymrak öz külbelerine dolanmak. Olaň biz bilen işi ýok. Hiç biriniňem söweşde baş goýasy gelýän däldir. Iň howplusy – Ütülmişiň töweregindäkiler, ýagny, saýlama otrýady düzýän janpenalary. Biz okgunly hereket edip, olaryň üstüne hüjüm ederis-de, edil pyçagyň hamyry dilişi ýaly ike böleris... Islendik goşuny derbi-dagyn etmek üçin onuň ýüregini ýa-da kellesini ýok etmeli. Häzirki goşunyň kellesi – Ütülmiş. Men almaz gylyjym ony çapyp taşlar. Siz bolsa duşman goşunyny ikä bölmäge synanyşyň. Tizden hindiler göründi. Olar göýe Jelaletdiniň goşunynyň daşyna halkalaýyn aýlanmak isleýän ýaly, giň, adatdan daşary ýaýran söweş tertibinde gelýärdiler. Hataryň ortasynda dürli reňkli matalar bilen bezelen gaýyş ýapynjaly söweş pilleri alan ýaly bolup görünýärdi. Pilleriň boýnunda oturan adamlar bu äpet mahluklaryň gaharyny getirjek bolup, demir gaňyrçak bilen kellelerine urýardylar. Iň mähnet seýlon piliniň üstünde tylla parça bilen bezelen telär ýaly edilip gurlan gyrmyzy saýawanyň astynda Ütülmiş patyşa otyrdy. Ol tiz-tizden eýläk-beýläk öwrülip, ellerini galgadyp, öz goşunyna yşarat edýärdi. Atly goşun beýlekilerden düýpgöter saýlanýardy. Esgerleriň geýimleridir ýaraglaram, atlaryň içirgilerem diýseň bezemendi. Hindiler Jelaletdiniň, goşunyny görüp, aýak çekdiler. Hataryň iki çetindeki sazandalar uzyn surnaýlaryna batly üfläp, aýylganç zoguldadýardylar, depreklerdir ýaýbaň mis tabaklary batly-batly kakýardylar. Piller holtumlaryny dik-asmana göterip bögürişýärdiler, esgerler söweş aýdymyna gygyrýardy. Jelaletdin öldürilen patyşa Rana Çatranyň lybasyny geýdi. Onuň kellesinde leglegiň iki sany ak ýelegi berkidilen kümüş tuwulga ýaldyraýardy. Polatdan ýasalan sowudy kümüş güller hem altyn ýyldyzlar bilen bezelendi. Rana Çatranyň uçursyz owadan, esbaplary gymmat baha daşlar bilen bezelen atynyň üstünde oturan soltan gadymy ertekilerdeki batyrlara çalym edýärdi. Ütülmiş patyşanyň öňündäki iki ýüz sany saýlama atly esgerler ony duýdansyz hüjümden goramalydy. Jelaletdin: «Ýeňilmez batyrlar, men yzym bilen öňe!» diýip gygyrdy-da, ýyldyrym çaltlygynda öz saýlama otrýadyna baş bolup, duşman goşunynyň ortasyny nazarlap at goýdy. Duş gelen atlylara gurt ýaly daraýan Jelaletdiniň golaýynda söweşýän Gara Hanjar bilen Timur Mäligem ondan pes oturanokdylar. Bat bilen inýän gylyçlaryň zarby duşman atlylaryny depesinden tä guşaklygyna çenli parran dilýärdi. Jelaletdinin öňünden çykan atlylary urup-urjaşdyryp, dogry özüni nazarlap okdurylyp gelýänini gören Ütülmiş haýdan-haý pilden syrylyp düşdi-de, ata münüp, yza bakan depdi. Onuň pili holtumyny göge tutup, guduzlan ýaly bögürýärdi. At salyp gelen Jelaletdin peýkamy piliň boýnundan sançdy. Äpet mahluk art aýaklarynyň üstüne galyp, bir duran ýerinde aýlanmaga başlady. Soňam boýnunda oturanlary pyzyşdyryp, hatar goşunyň gapdaly bilen tagaşyksyz patanaklap ugrady. Hindi goşunlarynyň ählisi piliň üstünde söweşi dolandyryp oturan patyşalaryny görmänsoňlar, ony ölendir öýtdüler. Başly – baratlyk başlanyp, söweşjeň düzgün-nyzam bozuldy. Edil şol wagtam Jelaletdinin goşuny olaryň ortasyna urup girdi-de, gazaply söweş bilen hindileriň ýygynyny ikä böldi. Gyssagly yza çekilip ugran duşmanlar hatda jeň meýdanynda bitertip patanaklaşyp ýören söweş pillerini urşa salmaga-da ýetişmediler. Soltan ýeňse beren duşmany kowalap durmady-da, öz esgerleri bilen söweş meýdanynda galdy. Ol bir alaňyň üstüne çykyp, hindileriň hereketlerini synlamaga başlady. Jelaletdiniň neneňsi ýowuz, güýçli garşydaş ekendigine göz ýetiren Ütülmiş patyşa öz ýakyn adamlary bilen maslahatlaşmaga başlady. Hemmeler oňa haýal etmän ýaraşyk baglaşmagy teklip etdiler. Ilçiler depelerine ullakan zerli baýdak göterip, Jelaletdiniň ýanyna ugradylar. Egni owadan lybasly, saç-sakgaly agaran peşeneli goja olara baştutan bolup gelýärdi. Golaýa gelensoň, ol hormat goýmagyň alamaty hökmünde atyndan düşdi-de, şeýle diýdi: – Biziň hökümdarymyz, hezreti älemgir Ütülmiş patyşa seniň edermenligiňe göwni ýetip, myhmançylyga çagyrýar. Eger tozgunçylykly uruş hereketlerini bes etseň... – Ol pyşyrdap gepledi: – ol seni ogly ýaly kabul etmäge hem öz gözel gyzyny gelinlik bermäge taýýar... Wezir goşundan saýlanan bir topbak atlyny görkezip: – Anha, patyşanyň özi seň ýanyna ugraýar – diýdi. Jelaletdin garaşyp durdy. Ütülmiş ýanyna gelensoň, ol atyndan düşüp salam berdi: – Deliniň soltanyna hem külli Hindistanyň şasyna salam! Jelaletdiniň goşuny söweş meýdanynda lager bolup ýerleşdi. Ähli ýükler, gazanlar, etlerdir şeraply küýzeler şol ýere getirildi. Ylalaşyk baglaşylanyna garamazdan, Jelaletdiniň ýagdaýy ygtybarsyz hem howplulygyna galdy. Daşyndan myhmansöýer ýaly görünseler-de, hindi hanlary onuň garşysyna dildüwşük gurap, horezmlileri ýok etmek üçin amatly pursada garaşýardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |