17:11 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Beýik günüň öňýany | |
XVII. Beýik günüň öňýany
Taryhy proza
Meniň senden isleýän ýeke-täk zadym – dostluk. Eger şoňa ýetsem, meň üçin bütin Zemin gum-kesege, adamlar bolsa siňege barabar bolar. Ibn Hazm. Jelaletdin jülgäniň ähli ýerini aýlanyp gördi. Dagyň eňňidinde daşy ýarym ýykyk köne galaly Perwana şäherjiginiň pytraňňy jaýlary ýerleşýärdi. Ahyry ol öz gözleýän zadyny tapdy. Jelaletdin bir depäniň üstüne çykdy-da, dagyň haýbatly kert gaýalaryny synlap durşuna belentdeki pisse tokaýlygynyň gyrasynda bir üýşmek garamça gözi düşdi. Olar kimkä? Öz adamlarymyzmyka ýa-da mongol aňtawçylarymyka? Jelaletdin howlukmaçlyk bilen pese inip, atynyň jylawyny owganlaryň serdary Emin el-Mülküň çeşmäniň boýunda ýerleşen çadyrynyň, ýanynda duran ýigidiň eline tutdurdy. Soňra halynyň üstünde döwre gurap oturanlaryň arasynda ornaşdy-da, söze başlady: – Men bu ullakan jülgäni aýlanyp, biri-birine tarap uzalyp gaýdýan iki sany dag ulgamyna duş geldim. Olar goşuny gapdal urgulardan ören oňat gorap biljek. Gözegçilikde duran adamlarymyz mongollaryň biziň üstümize at daýradyp, howlukmaç eňip gelýändiklerini maňa habar berdiler. Bizi sypdyrmajak bolup alňasaýandyrlar. Göreli bakaly, duşup, bal ýalaýarmykaňyz. Olaň nähili hereket etjegini men bilýän. Bizi gorkuzmak üçin uly gykylyk turzup çozarlar. Ýöne biz olaň tutan guşuny ütüp goýmalydyrys. Goşunymyzy jülgede keseligine hatar-hatar edip ýerleşdireris. Mongollar öz asla garaşmaýan zatlaryna duçar bolarlar. Pyýada goşunyň jebis hatarlary berk diwar ýaly egin deňleşip durarlar. – Atlar nirede bolmaly? – diýip, ondan-mundan sesler eşidildi. – Jylawlary guşaga baglanan atlar esgerleriň arkasynda durar. Gykuwlaşyp çozup gelýän mongollaryň edil ýazzy maňlaýyndan göz açyp biljek ýaý atyjy mergenleri goşunyň ortasynda ýerleşdirmeli. Duşman yza serpikdi diýip, olaryň söbügine düşmeli däl. Öňki ornuňyzda gozganman durmaly. Olar gaýta-gaýta hüjüm edip, her gezegem maňlaýlary daşa deger. Şeýdip, özlerem, atlaram mazaly ýadar. Goşunymyzyň iki çetinde deprekçiler meniň buýrugyma garaşyp durarlar. Mongollaryň tapdan düşenini gören badyma, deprek kakmaga buýruk bererin. Şondan soň ýigitlerimiz atlaryna atlanyp, duşmanyň üstüne okdurylar. Asmandaky parlak ýyldyzlar gowulygy aňladýar: biz köpden bäri arzuw edýän arzyly ýeňişimize ýeteris. Şowlulyk edermeniň hemrasydyr!.. Beýik Isgenderiň hatyrasyndan ant içýän: biz ertir duşmany kül-peýekun ederis! – Mongollaryň goşunbaşysynyň kimdigini bileňokmy? – Meň gözegçilem bir azaşan mongoly ele salypdyrlar. Onuň aýtmagyna göre, goşuna baştutan bolup Çingiz hanyň garyndaşy, ozal kazy hem jellat bolan Şiki Hutu-Hu gelýärmişin. Özlerine batyrgaý garşylyk görkezýän bizi jezalandyrmak üçin Çingiz han ony ýörite ugradandyr. Jelaletdiniň ukusy tutanokdy. Ol lagere aýlanyp, alawyň başynda oturan ýa-da atlaryna iým berýän esgerler bilen gürrüň edýärdi, öňdäki söweşiň planyny düşündirýärdi. Daglaryň aňyrsyndan göterilen doly aý bütin jülgä kümüş nuruny çaýdy. Alawlar biri – biriniň yzyndan söndürildi, sesler ýatyşdy. Asudalyk ýeňil ganatlary bilen ýelpänsoň, horezmli esgerleriň gabaklary bürüldi, bütin jülge ümsümligni goýnunda meýmiredi. Mahal-mahal daglaryň goýnundan aç börüleriň sogup çykýan çuwwuldysy hem şagallaryň çirkin sesleri eşidilýärdi. Bu sesleriň öz arasynda nämedir bir zatlar habarlaşýan haýwanlaryňkydygyny ýa-da usullyk bilen golaýlaşýan mongol aňtawçylarynyňkydygyny aňşyrar ýaly däldi. Jelaletdin öz kiçiräk ýöriş çadyrynyň golaýynda ýazlan halyçanyň üstünde otyrdy. Onuň başynda agyr pikirler gaýmalaşýardy, ynam bilen şübhe göreşýärdi: ertirki söweş nähili bolarka? Horezmli batyrlara ýowuz ýekegapan ýa-da aýylganç gaplaň awunda edişleri ýaly, naýzadyr peýkam bilen duşmanyň bilini omurmak başardarmyka? Ol ýadaw kellesini eline ýaplan badyna, gözleriniň öňüni ýeňiljek uky dumany örtdi. Edil şo wagtam golaýjakdan eşidilen şygyrda tisginip gözlerini açdy. Onuň öňýanynda, halyçanyň bir çetinde gara geýime çolanan çepiksije göwre otyrdy... Ýüzi gasyn-gasyn bu kempiriň elinde bukjasy bardy. – Kim borsuň? Gijäň ruhumy ýa-da görden çykyp geldiňmi? Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Näme gerek saňa? – Sen meni azat etmege söz beripdiň. Ine, indi men azat, erkana. Şol wagt senden ýanyňda bolup, hyzmatyňa ýaramak bagtyna ygtyýar bermegiňi haýyş edipdim. Sen meň sözlerime pitiwa etmän, ümdüziňe çykyp gitdiň. – Hemmesi ýadymda. Ýöne men o sözleri alabaharyň hoşboý ysly gülüne meňzeş bir gyza aýdypdym. Sen oň, enesi bolaýma? Şo gyz hakda gürrüň berermiň? – Ýok, men şo diýýän gyzyň özi – Bent Zankyja!.. Seni tapmak üçin ýüzüme ýygyrt çekdim, elim hasaly gedaý geýminde iki bükülip ýola düşdüm. Şu mysalam meni ýaramaz adamlardan gorady. Mongollaryňam eline düşdüm. Olaram azar bermedi. Sen meni kowup bilersiň. Eger şeýtseň, seň nurana keşbiňi ýene bir gezek görmek bagtyna miýesser bolanym üçin asmana alkyş okap, özümi hanjaryň üstüne oklaryn! Jelaletdin suwly küýzäni aldy-da, gyzyň öňünde goýdy. Soňam çadyryna girip, lowurdap duran gymmat bahaly monjuk hem güller bilen nagyşlanan owadan ýüpek köýnek alyp çykdy. – Meni bu ýerde öýlendirjek bolup, dostlarym her hili sowgatlar iberdiler. Egnindeki gedaý geýimlerini zyň-da, şu toý lybasyny geý. Ýüzüňdäki gasynlaryňam ýuwup aýyr. Mundan beýläk hiç zatdan heder etmän ýaşarsyň. Gyz haly bukjasyny Jelaletdiniň öňünde goýdy-da, şeýle diýdi: – Munuň içinde iki kitap bar. Bir-ä iki şahly Isgenderiň ömür beýany. Öňki göçürip berenimi gaç-ha-kowlukda ýitiren bolmagyň mümkin diýip, ýene getirdim. Beýleki kitap entek arassa. Oňa men gaýratly ýaş Bürgüdiň ýeňişli uçuşyny ýazmakçy!.. Bent-Zankyja küýzäni hem geýimleri aldy-da, çadyryň aňyrsyna geçdi. Az salymdan dolanyp, Jelaletdiniň gaşynda daýanan kaddy-kamaty syrdam, ýüz gözleri şadyýan gülüp duran, gaşlary garlawajyň ganaty ýaly gerlen ýaş gyz aýyň ýagtysyna ýalkym saçyp durdy. Gyz ellerini depesine göterdi-de, asmandaky göz gypyşýan ýyldyzlary synlap durşuna şeýle diýdi: – Seniň eliňde bagtly ýyldyzlary özüne tabyn edýän jylawy görýän. Öz ýüregine düwen ähli işiň şowuna boljagyna, nurana gelejegiňe ynan. Jelaletdin syçrap ýerinden turdy-da, Bent-Zankyjanyň çepiksije ellerine ýapyşdy. – Sen maňa ykbalyň peşgeş beren täsin perisi. Sen ýanymda bolsaň, maňa hemişe bagt gülüp bakar. – Bu gün men ömrümde üýtgeşik gün – diýip, Bent Zankyja pyşyrdady. – Bagt gülüniň ýapraklary bu gün men üstüme seçelenýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |