18:21 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Bürgüt höwürtgesi | |
XXIV. Bürgüt höwürtgesi
Taryhy proza
Belent gaýaly kürt daglarynyň üstünde apy-tupan gopýardy. Göýe diýersiň, älemiň ähli künjünden uçup gelen gazaply ruhlar aldym-berdimli döwüş gurýan ýalydy. Çuň jülgeleriň depesinde asyl-asyl bolup duran çal bulutlaryň goýnundan şaglap inýän çagba uçut gaýalary ýalap, egri biten arçadyr pisse agaçlaryny goparýardy. Gaýalardan gopan mähnet daşlar güňleç ses edip, jülgäniň düýbüne togalanyşyp gaýdýardy. Bir kowçum atly uçudyň erňeginden uzalýan ýodajykdan erjellik bilen gidip barýardy. Juda möhüm sebäp bolaýmasa; ol ýerlere peýwagtyna barar ýaly däldi. Dumly-duşunda depäňde asyl-asyl bolup duran gaýalaryň haçan opuryljagy belli däldi. Typançak ýodada atlaryň aýak basyşy ygtybarly däldi. Olar käte süllümbaý bolan atlaryny idip, gytak ýatýan çagbanyň derdinden gaýa gysylyşyp baryşlaryna ägälik bilen gadam urýardylar. Zömmek bagana telpekli garry ýolbelediň yzyna düşüp barýanlaryň arasynda başy polat tuwulgaly, sary gaýmaly kelte gök ýapynja çolanan biri aýratyn saýlanýardy. Onuň uýanyndan çekip barýan ajaýyp dor aty guwuňky ýaly boýnuny süýündirip, gidip barşyna dag otlaryna agyz urjak bolýardy. – Hany, sen diýýän obaň? Aldaýan bolaýma, kezzap kürt. Bizi nire alyp barýaň? Uçutdan gaýdyrmak meýliň barmy? Ýoluňam barha beteri çykýar! Men elimden diri sypmajagyny bilip goý. Eger çukur gazan bolsaň, oňa özüňem biz bilen deňje gaçarsyň. Ýolbelet aýak çekdi-de, ellerini döşünde gowşurdy: – Eger ýalan sözleýän bolsam, Allaň gazabyna duçar bolaýyn, ýyldyrym ursun! Men seni iň belent ýerdäki dag obasyna – Bürgüt höwürtgeside alyp barýaryn. Onuň asyrsyndan dag geçelgesi başlanýar. Şo ýerden dagyň aňyrsyna aşyp bilersiň. O ýeriň ýolam gowy. Demirgazyga bakan arkaýyn gidip bilersiň. Ähli ýerde mongol otrýadlarynyň sümsünişip ýörenini, olara duşmakdan gorkýanyňy özüň aýtdyň-a. – Ýalan sözleýäň, goja! Men olardan hiç wagt gorkmandym. Ol şagallar bilen ýene-de duşuşasym gelýär. Ýöne maňa iň ýakyn ýol bilen Azerbaýjana aşmak gerek. Ol ýerde täze goşunym garaşýar. Ýolbelet öňe elini salgady: – Hanha, bulutlaryň arasyndaky obany görýärmiň? Buldy deşip geçen Gün nury bir jaýyň üçegini ýagtyltdy. Şo meň öýüm. Bürgüt höwürtgesi diýilýän oba şol. Eýýäm ýetip gelýäs. – Bürgüt höwürtgesi diýdiňmi? – diýip, garaýagyz, uzynak, gara gözleri içiňden geçip gelýän ýigit sorady. – Birçak palçy kempir maňa «Bürgüt höwürtgesinden gorkgyn!» diýip, sargapdy. – Men öý eýesi, senem – myhmanym. Bitiň burny ganasa, men jogapkär. – Bu garakçylar höwürtgesiniň ýaşulusy kim? – Olam men. Tertip-düzgüne-de özüm esewan edýän. Hiç zatdan çekinme, han. Meňkide edil öz dostuň öýüne gelen ýaly dynç alarsyň. Oba kert gaýanyň çür depesine golaý ýerde ýerleşýärdi. Asyrlaryň dowamynda häli-şindi gaýtalanyp duran çozuşlardan, özara uruşlardan bez bolan kürtler agyr kynlyklara döz gelip, öz jaýlaryny kert uçudyň edil gyrasynda gurupdyrlar. Derelerde göç edýän ümüriň derdinden uçudyň düýbi görünmeýärdi. Oba dogrudanam, Bürgüdiň höwürtgesi ýaly kert gaýa ýelmeşip durany üçin gaýanyň burnak bolup duran ýerinde ornaşan bir adam duşmanyň tutuş toparyny saklap bilse gerek diýdirýärdi. Soltanyň üç ýoldaşy – Nesewi, Bent-Zankyja hem Hanjar garpyşmaga-da, soňky demlerine çenli goramaga-da taýýar bolup, ondan galman barýardy. Obanyň daşyna gadym wagtlarda berk daş diwar aýlanypdyr. Onuň üstüne çyksaň, inçejik ýodadan kim gelýän bolsa aýyl-saýyl görünýärdi. Ýapynyň ýüzünde ýerleşen tekiz üçekli jaýlar biri-birine utgaşyp, edil basgançak ýaly görünýärdi. Pişikler-ä beýle-de dursun, hatda çalasyn kürtleriň özlerem bir jaýdan beýlekä böküp, obanyň aňry çetine çykyp biljekdiler. Gara Hanjar güýjünde baryndan derwezäni ýumruklap, itleriň ählisini örüzdi. Diwarlaryň üstünden mähnet, tüýlek itler bu ýerlere aýak sekeni düýt-müýt etmäge taýýar bolşup, boguk seslerine zor salyp üýrerdiler. Tizden derwäzäniň ýokarsyndaky meýdançada bir topar kürt göründi. – Size bu ýerde näme gerek? Atlaryňyzy yza öwrüň-de, gelen ýeriňize owarra boluň! Her bir entäp ýören ykmandany derwezeden salmarys. – Biz size bagt getirdik! Basymrak derwezeni açyň! – Siziň nähili bagt getirýäniňize belet. Biziň gyşda sygyrlarymyza bermek üçin diş-dyrnak bolup üýşürenje otumyz siziň atlaryňyza ýal bolar. Ugraň şu ýerden! Ýolbelediň dogrudanam, obaň ýaşulusydygy çyn boldy. Ol diwaryň üstündäkileriň üstüne gygyryp, nirde paýyş sögünçleri saýlap, agzyna gelenini gargyndy: – Heh, eşek ataly wenezzynalar diýs-e! Siz bärde porsy jöwenden garnyňyzy gözäp, oda çoýunyp otyrkaňyz biz ýolda tas ýagyşa buýup ölüpdik. Indi derwezäni açmanam kyn görýäňizmi! Döwdürmejek bolsaňyz, açyň tizräk! Bu haýbatdan soň diwardakylar elewreşip başlady. Egri-bugry pürslerden edilen köne derweze jygyldap açyldy. Jelaletdin ýoldaşlary bilen birlikde içeri girdi. Obanyň ýaşulusy olary yzyna düşürip, ullakan granit hem tekiz daşlardan salnan köne jaýa eltdi. Ol jaý uçudyň edil gyrasynda agaç direglere daýanyp durdy. Üçege aýallardyr çagalar üýşdi. Jaýyň darajyk howlusy bolup, içine daş düşelipdir. Gara Hanjar Jelaletdiniň atlaryny bassyrmanyň aşagynda daňdy-da, öňüne üçekde duran otdan bir goltuk berdi. – Goş-golamlaryňyzy şu ýerde goýsaňyz bolar. Hiç kim elini degirmez. Ýene ýigitler ätiýaç üçin ähli goşlary hem eýerleri agaç merdiwan bilen jaýyň ýokarsyna daşadylar. Şol ýerdenem garalyp duran deşikden sümlüp jaýa girilýärdi. Myhmanlar üçin niýetlenilen giň otagda belent ojakda ot ýakdylar. Diňe gözlerinden özge ýeri gara çadra bilen örtülen, gyzyl matadan tikilen giň balakly aýallar oduň ýokarsynda uzyn zynjyrdan asylgy ullakan gazanyň töwereginde zowzuldaşyp, ýolagçylara nahar bişirmege girişdiler. Jelaletdinin öl-myžžyk bolan egin-eşiginden suw syrygýardy. Ol ähli ýaraglaryny üstüne eýran halysy ýazylan giň tagtanyň üstünde goýdy-da, eşiklerini, ädigini çykaryp, oduň golaýyndaky ýüpden asdy. Soňam dyzyna ýetip duran uzyn köýnek hem elde dokalan matadan tikilen balak geýen Jelaletdin ojagyň öňüne ýazylan keçäniň üstünde dyzyny epip, oda çoýunmaga başlady. Uzak ýol söküp, aşmasy kyn dag geçelgelerinde halys usurgany üçin ol biraz salym meýmiräp, soňam duýdansyz irkildi. Nesewi bilen Gara Hanjar atlar üçin arpa gözlemäge gitdiler. Gürleşilen hakyň ujundan bir tyllany öňünden alan öý eýesem daşary çykdy. Nesewi hem Gara Hanjar beýleki ýigitler bilen atlara iým bermege gümra bolup ýörkäler, aýallaryň kebap üçin et taýýarlaýan mahaly ýaşulynyň öýüne hiç kime bildirmän gorkunç sypatly ýekegöz adam girdi. Onuň ýüzi kesmeklän köne ýara yzlaryndan doludy. Iki gulagynyňam kesikligi – ogurlyk edeni üçin berlen jezanyň alamatydy. Şu ýerde adatdan daşary, ýatsaň-tursaň ýadyna-oýuna gelmejek, Jelaletdinin hem onuň ýoldaşlarynyň depesinden edil dag opurylan ýaly aýylganç hasratly waka, düzedip bolmajak betbagtlyk ýüze çykdy. Ýekegöz bela ýanyp duran ojagyň başynda zatdan bihabar irkilip oturan Jelaletdiniň ýeňsesinden sessiz-üýnsüz bardy-da, ullakan, ýalaw ýaly pyçagy beýik batyryň ýagyrnysyndan süssürdi. Şeýdibem, iň bir howply çaknyşyklardan aman çykyp ýene söweşe dyzaýan algyr laçyn, ýeňilmezek mongollaryn otrýadlaryny derbi-dagyn eden, iň güýçli Çingiz hanyň demir halkasyndan gutulmagy başaran, ýüzlerçe jeňlerden ýeňiji bolup çykan ýeke-täk, nurana gahryman bir bigäne haýynyň elinden jan berdi... Jelaletdin elleriniň üstüne ýüzin ýykyldy... Turmaga synanyşdy. Onuň arkasyndanam, agzyndanam gan akýardy. Pyçagyny sogrup, gapa bakan okdurylan ganhora işigiň agzynda üç sany kürt aýaly pete-pet geldi. Iň öňden gelýän öý eýesiniň aýaly, hemişe parahat, uzyn boýly, etli-ganly Karinedi. Ol eli ullakan pyçakly, eden işinden göwnühoş ganhory hem gana bulaşyp, mejalsyz süýnüp ýatan Jelaletdini gördi. Ýerinden turmaga synanyşyp, nämedir bir zatlar diýjek bolýan soltanyň bokurdagyndan ganyň hykyrdysyndan başga ses çykanokdy... Düzedip bolmajak aýylganç işiň ýüze çykanyna onuňam öz öýlerinde bolany üçin ilki bilen ärinden jogap soraljagyna bada-bat düşünen Karine ganhoryň üstüne edil guduzlan böri ýaly öçli topuldy. Onuň elinde kebap çişi bardy. Şonuň bilen bir uranda ol ganhoryň elini çapdy. Bat bilen inen ikinji urgy bedroýyň kirli peşini pyzyp, kellesini ýaralady. Ganhor çirkin ses edip, aýallary itekleşdirip, daşaryk okduryldy. Emma Gara Hanjar onuň öňünden merdiwandan ýokaryk çykyp gelýärdi. Soň ol söýelip goýlan beýleki merdiwana dyrmaşyp, goňşy tamyň üçegine çykdy. Ylgap barşyna-da gany syrkyp duran elini esgi bilen daňjak bolýardy. Ýaraly ýatan Jelaletdini gören Nesewi ony keçäniň üstünde ýanyn oturtdy. Köýnegini dilkaw-dilkaw ýyrtdy-da, ylgap gelen Bent-Zankyjanyň kömegi bilen dessine öz penakär dostunyň ýarasyny berk daňdy. Gara Hanjar ganhoryň yzyndan okdurylyp derrew tutup getirdi. Kellesine halta geýdirdi-de, daşyndan ýüp bilen sarady. Şondan soň Jelaletdiniň ýanyna dolanyp geldi. Ýiti nazaryny özüne mahsus arkaýynlyk bilen beýik batyryň barha nury öçüp barýan ýüzüne dikdi... Ýaradan gan akmasy haýallady. Jelaletdin göýä öz goşunyna ýüzlenýän ýaly, samrap başlady: – Edermen, boýun egmezek esgerlerim, gulak asyň... Indi men ertekiler ýurduňa göç edýän... Mundan beýläk şol ýerde ýaşaryn... Men şan-şöhradym, wesýetlerim oglanlara nädip edermen ýigit bolmalydygyny öwreder... Özünden has güýçli duşman bilen söweşe giren esgerleriň göwnüni galkyndyrar... Gojalar ol edermenlikleri şatlyk bilen ýatlarlar... Horezmliler hem ähli beýleki taýpalaryň adamlary, gulak goýuň! Hemmäňiz egin-egne berip, agzybir duruň!.. Hanlaryň halkdan arasyny üzüp, öz janlaryny gutarmak üçin para-peşgeş bilen rehim şepagatsyz duşmanlara boýun burmaklaryna ýol bermän... Ejiz taýpalary diňe berk bütewilik ýeňilmez güýje öwrer... Mongollar biziň halkymyzyň içinde edil deňze gaçan bir gysym duz ýaly eräp giderler... Şonda biz bagtyýar hem erkana adamlaryň ýurduňy dörederis... Ol barha pessaýlaýan sesi bilen ýene-de bir zatlar pyşyrdady. Ýene bu gezek hyrkyldy bilen ganly köpürjigiň lykyrdysy eşidildi. Jelaletdin göwresini süýndürip, ellerni ýoldaşlaryna uzatdy. Dyzlaryny ýere urup oturan dostlary onuň barmaklarynyň sowan, dirilik müňküldisiniň kesilip barýanyny duýdular... Gara Hanjar hem beýleki ýigitler obanyň ortasyndaky meýdançada alaw ýakmak üçin pürslerdir beýleki tapan-tupan odunlaryny ýygnap, belent edip goýdular. Üstüne haly ýazyp, oňa beýik batyryň jesedini ýerleşdirdiler. Onuň başujynda eýer, gapdalynda-da iki sany gyzyl gotazly naýza hem içine Bürgüt ýelekli üç peýkam salnan sagdak goýdular. Soltanyň hanjarydyr gylyjyny Gara Hanjar bilen Nesewi öz aralarynda paýlaşyp, dünýeden öten beýik dostlaryna mynasyp işler bitirmäge kasam etdiler. Merhumyň aýagujynda ýene-de bir kiçiräk alaw üçin odun üýşürildi. Odunyň üstünde üç sany agajyň başy çatylyp, ondan eli arkasyna daňlan ganhory başaşak asdylar. Bir gyrada üýşüp duran kürt aýallary eňreşip, beýik batyry ýasyny tutýardylar, oňa tyg çekip, öz obalaryny namysa goýan ganhora nälet okaýardylar. Howa asudady.. Töwerekdeki jülgeleriň ählisi süýt ýaly goýy ak ümür bilen püre-pür doludy... Birden çuň jülgäniň o tarapyndan ümürden çykyp barýan atlylaryň uzyn hatary göründi. Olar tirkeş gurap baryşlaryna haýallyk bilen gaýa dyrmaşýardylar. Olaryň guýruklary uzyn, müçesi kiçi, ýaly ösgün atlary hem ýedi uçly ak baýdaklary bardy. – Olar mongollar! – diýip, kürtler gygyryşdylar. – Işimiz gaýtdy. Olar uly ýoldan sowlup, bärik gelmän durarmykalar? Ýaşuly merhumyň başujynda durdy. Onuň gapdalyndaky garry molla elindeki Gurhanyň ýüzüne seredip, uzyn süreleri labyzly okaýardy. Jelaletdin edil diri ýaly, gaşlaryny çytyp ýatyrdy. Onuň garaýagyz bolsa-da agarany bildirýän, keşbinde gaýgy-hasrat hem arman çekmek alamaty mesaňa mälimdi. Bent-Zankyja Jelaletdiniň ýanyna sessiz-üýnsüz bardy-da, onuň sowan ýüzüne ýaňagyny goýup, esli salym ýuwaşlyk bilen eňredi. Soňam haly bukjasyndan soltanyň söýüp okan «Beýik Isgenderiň ýörişleriniň kitabyny» çykaryp, usullyk bilen gahrymanyň kellesiniň aşagynda goýdy. Gara Hanjar ýaşulynyň öýünden ýanyp duran kesindi getirip, iki üýşmek odunyň aşagyndaky tutaşdyrlyga degirdi. Ot şatyrdap, dessine tutaşdy. Asmana göterilen ýalyn lemmer-lemmer çal bulutlary ýalaýjak bolup towlanýardy. Harasat birçak geçip gitdi. Şemal ýatyp, ýap-ýaňy ýagyşa ýuwlan daragtlaryň ýekeje ýapragy-da gymyldanokdy. Alawlaryň ikisem ýanyp gutaransoň Gara Hanjar Jelaletdiniň ýörişde ulanan goşlaryndan galan zatlary öz ýigitlerine, ýaşulynyň maşgalasyna hem garyp-gasarlaryň birnäçesine paýlaşdyrdy. Soňra olar atlary eýerläp, iým berdiler, goş-kötellerini ýüklediler. Ähli zat taýyn bolansoň Gara Hanjar ýanyndaky birnäçe ýigitler bilen obanyň ýaşulusyny öz jaýynyň üçegine gelmäge çagyrdy. Gorkusyndan ýana reňki agaryp, injikleri saňňyldaýan ýaşuly olaryň yzyna duşup ugrady. Gara Hanjar oňa ýüzlenip, şeýle diýdi: – Öz myhmanyny ganhoryň elinden gorap saklamagy başarmadyk öý eýesi rehim edilmäge laýyk däldir. – Mamla gürrüň – diýip, ýaşuly jogap gaýtardy. – Biziň kanunymyz şeýle. – Biziňem kanunymyz şeýle! – diýip, ýigitler tassykladylar. Ýaşuly hiç hili garşylyk görkezmän, arkaýyn durdy. Jelaletdiniň ýoldaşlary ony tamyň üstünden ak ümüre gaplanan çuň jülgä iteläp goýberdiler... Ýigitler dolanyp geldiler-de, atlanyp, demirgazyga – Azerbaýjana tarap gidýän ýoluň başlanýan ýeri bolan dag gerşine bakan ýöneldiler. Jelaletdini söweş meýdanyndan kän gezek sag-aman alyp çykan atyň üstünde Bent-Zankyja otyrdy. Olara howlukmak gerekdi: mongol otrýadlary eýýäm Bürgüt höwürtgesine barýan ýoda düşüp ugrapdylar. ...Soňra ol ertekiçilere uly gürrüň boldy, ýollarda gabat gelen ýolagçylar bu barada biri-birine habar berýärdiler. Onuň özi, ýurdy barada aýdylýan hekaýatlar ilden-ile ýaýrap, eşideni haýrana goýýardy. Arap ertekisinden. Soňy. • TERJIMEÇIDEN Dünýä edebiýatynda belli-belli eserleriň birnäçe terjimesiniň bolýandygy täzelik däl. Bu ýagdaý kä halatda dürli terjimeçileriň öz güýjüni synap görmek isleginden gelip çykýan bolsa, köplenjem öňki terjimäniň göze dürtülip duran kemçiliklerini düzetmek, has kämilleşdirmek meýli bilen bagly bolýar. W.Ýanyň «Jelaletdin» powesti eliňizdäki kitaba giren görnüşinden birneme gysga hem ownukly-irili üýtgeşmeler bilen baryp, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilipdir. Uruş ýyllarynda döredilendigine garamazdan, dürli sebäplere görä, okyjylara ýetirilmän, ilkinji gezek ýazyjynyň 1985-nji ýylda Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda çykan «Огни на курганах» («Alaňlardaky alawlar») ýygyndysyna giren bu eser halkymyzyň gadymy hem pajygaly taryhy bilen gönüden-göni baglanyşykly. Powesti terjime edenimizde ýazyjynyň gürrüňi edilýän ýygyndysyny esas edip alanam bolsak, eseriň onuň arhiwinde saklanýan wariantyna-da ser salyp, düzetmesi zerur bolan birnäçe zatlary göz öňünde tutmaly bolduk. Iki terjimäniň tapawudyny, gowy hem kemter taraplaryny seljermegi gyzyklanýan adamlaryň özlerine goýup, biz diňe okyjylar köpçüligine näbelli bolan bu eseri ile ýetirmegiň zerurlygyndan ugur alandygymyzy nygtamakçy bolýarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |