17:13 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Deprekleriň dükürdisi astynda | |
XVIII. Deprekleriň dükürdisi astynda
Taryhy proza
Birine hötde gelseň – ýüzüsiniň aýagy titrär. Gündogar nakyly. Gije jülgäni goýy duman gaplap aldy. Aňry çeti görülmeýän jülgeniň o tarapyndan surnaýlaryň sesi, «Kýu-ur! Kýu-ur! Kýu-ur!», («UR! UR!») diýen çirkin gykylyklar eşidilip ugrady. Gün gaýalaryň aňyrsyndan haýallyk bilen göterilip, pessaý öwüsýän şemal süýt reňk ümüri bir ýana sürüp äkitdi. Jülgäniň o çetinde üýşüp duran mongollar göründi. Ýaraglaryň şakyrdysy, atlaryň kişňemeleri eşidilýärdi. Olaryň käbiri jülgede atlaryny ýüzin salyp, ýene-de öz üýşmeklerine dolanýardylar. Horezmliler taýyn bolup durdylar. Olaryň iki dag ulgamynyň arasynda sap-sap bolup ýerleşen hatarlaryndan ses-selem çykanokdy. Jelaletdin soltan esgerleriň söweşjeň hataryny az-kem üýtgedip, ýüz sany saýlama ýigidi öňe çykardy. Olaryň üstüne ýene-de uzyn saply agyr paltalar bilen ýaraglanan iki ýüz çemesi pälwany goşdy. Elleri adam boýy uzynlykdaky ýaýly, okdanlary taplanan ýiti peýkamlardan doly atyjylaryňam ençemesini olaryň ýanynda ýerleşdirdi. Mongollar gozgalaň tapyp, birdenem: «Kýu-ur! Kýu-ur!» diýip çirkin gygyryşdylar-da, edil sil suwy ýaly yňdarylyp gaýtdylar. Biri-birinden öňe duşup, atlaryny ýüzin salyp gelýän mongollar esasy urgyny horezmlileriň söweşjeň hatarynyň edil ortasynadan urmagy niýetleýärdiler. Olar şol batlary bilen öňde duran saýlama ýigitlerdir pälwanlaryň üstüne döküldiler. Iki tarap garym-gatym boldy. Ýaý atyjylar hem pälwanlar öz işlerini hatasyz ýerine ýetirýärdiler. Çalasyn işleýän agyr paltalar golaýlaşan mongollaryň kellesini pytradýardy. Şuwlaşyp gelýän peýkamlar adamlaram, atlaram paýhynlaýardy. Gözlerinden peýkam sanjylan atlar agyrydan ýaňa gider ugurlaryny ýitirip, öz goşunlarynyň arasynda başagaýlyk döredýärdi. Duşmanyň horezmlileriň çetdäki hatarlarynyň üstüne dökülen toparlaram aýgytly garşylyga sezewar boldular. Birden mongollara yza çekilmege çakylyk – bürünç galkanlara urlup, uzaklara ýaýraýan şaňňy owaz ýaňlandy. Bu buýrugy eşiden duşmanlar bada-bat atlarynyň başyny yza öwürdi. Ýöne horezmliler Jelaletdin soltanyň tabşyrygyny berjaý edip, olaryň yzyndan kowmadylar. Söweş meýdanynyň ähli ýerinde ölen adamlardyr atlaryň jesetleri ýaýraşyp ýatyrdy. Kä ýerde göwresi atyň aşagynda galan ýaraly mongollaryň gykylyklary eşidilýärdi. Öz goşunynyň gapdalyndan owadan gara atyny çapdyryp barýan Jelaletdiniň sesi begençli ýaňlanýardy: – Berekella batyrlarym! Siz ýene-de şular ýaly urga iki-üç gezek tap getirip bilseňiz, duşmanyň merkini berýäňiz. Sabyr edip, deprek kakylýança garaşyň. Mongollar özara maslahat edip, toparlaryň orunlaryny üýtgedip, kän eglendiler. Horezmliler geçen söweşde mongollaryň aýry-aýrylykda däl-de, bir-birine goltgy berip, toparlaýyn hüjüm edýändiklerine göz ýetirdiler. – Olaryň beýtmesi dogry – diýip, esgerler makullaýardylar. – Hakyt öwrenäýmeli zat! Gün haýallyk bilen süýşüp dik depä çykdy. Mongollar ýene-de zarp bilen hüjüme geçdiler. Olar atlaryny ýüzin salyp gelişlerine egri gylyçlaryny galgadyp, jynssyz gygyryşýardylar. Öňki pälwanlaryň ýerine başgalaryny goýan horezmliler duşmany ozalky ýaly gazaply garşyladylar. Gazaply garpyşyk ençeme ýola gaýtalanyp, duşman her gezegem yza serpikdirildi. Gün mazaly öýläne sanyp, gazaply söweş gidip duran mahaly ýene-de mongollary yza çekilmäge çagyrýan buýruk ýaňlandy. Olar atlarynyň başyny yza dolan mahallary Jelaletdiniň yşarat etmegi bilen deprekleriň güňleç sesi ýaňlanyp ugrady. Horezmli esgerler demgir duran atlaryna şadyýanlyk bilen böküp mündüler-de, duşmanyň yzyndan okduryldylar. Ýel ýaly atlarda salymyny bermän kowup ýeten horezmliler duşmana gurt ýaly daraýardy. Jülgede jesetler gyzyl ýaýyrt bolup ýatydy. Horezmlileriň urgusyna tap getirip bilmedik mongollar gaty kän esgerleriniň jesedini söweş meýdanynda galdyryp, bu aýylganç jülgeden garasyny saýladylar. Mongollaryň goşunbaşysy Şiki Hutu-Hu gaýanyň üstünde durup söweşiň gidişine syn edýärdi. Ol esgerleriniň paýhyn bolşuny görüp, öz janyny gutarmagyň, basymrak mongollaryň lagerine dolanmagyň gamyny iýdi. Ýolda birnäçe aty çalşyp, ol Çingiz hanyň huzuryna özüni atdy. Mongollaryň däbine göre, ol çöwrülen possunyny kellesine büräp, dyzanaklap hökümdarynyň tagtyna golaýlaşdy. Öz otrýadynyň ýoga çykandygyny aglap – eňräp habar berdi. Öňki arkaýynlygyndan üýtgemän oturan beýik basybalyjynyň keşbinde hiç hili özgeriş döremedi. – Näme, pyşdyl ýaly ýerden süýrenýäň, hormatly beýik kazy Şiki Hutu-Hu? Saňa şu wagta çenli işiň ugruna bolany üçin tekepbirsireýän adam diýerler. Sen meň görgür gözüm, eşitgir gulagymdyň... Bu ýeňliş saňa gaýdyp başarmajak zadyna baş goşmazyň ýaly sapak bolar. Şiki Hutu-Hu possuny bilen gözýaşlaryny syryp, ýerinden turdy. Çingiz han oňa öz gapdalyndan orun berip, esli salym dymyp oturdy. Birdenem ol syçrap ýerinden turdy-da, wagşyýana ses bilen gygyrdy. Çadyrdakylaryň ählisi ýüzlerini aýalary bilen ýapyp, ýere ýazyldylar. Onuň gözleri gazaply lowurdaýardy. – Men bu şowsuzlykda kimin eliniň bardygyny bilýän – diýip, Çingiz han pessaý, gyryk ses bilen gürledi. – Bu bada-bat Bürgüt bolmaga höwes edýän agzy sary guşjagazyň işidir! Men oňa mongol goşunynyň güýjüni görkezerin. Ähli batyrlaryma, noýonlaryma, goşunbaşylaryma buýruk berýärin: şäherleri gabap duran goşunlaryň ählisini haýal etmän şu ýere – meň çadyrymyň ýanyna ýygnamaly. Jelaletdin soltany ele salmak üçin özüm goşuna baştutan bolup gitjek. Ony diri tutup, şu ellerim bilen bogup öldürerin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |