13:45 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Hindiler bilen ilkinji söweş | |
XXI. Hindiler bilen ilkinji söweş
Taryhy proza
Nurana ýaş ýigit Allanyň ýolunda söweşýärdi hem öz şöhraty bilen urugynyň namysyny goraýardy. Gadymy ertekiden. Jelaletdin irden özüniň dürli dillerde gepleýän goşunyna serenjam bermek bilen meşgullandy. Ol aýry-aýry taýpalaryň serdarlarynyň ählisini çagyrdy-da, maslahat geçirdi: – Goşunlarymyzyň sany näçe az boldugyça, onda şonça-da demir ýaly berk düzgün-nyzam hem-de aýgytlylyk bolmalydyr. Häzir özümizi bir süri saýlama öküzdiris öýtsegem, birnäçe möjek bizi ap-aňsat duw-dagyn edip biler. Ähli ýigitleri on-ondan toparlara bölüp, hersine-de onbaşy bellen. Ýüz esgerden ybarat topara bir ýüzbaşy saýlamaly. Men diňe ýüzbaşylaryň üsti bilen görkezme bererin. Ýigitleriň ählisi şäheriň öňünde bir hatara düzülsin. Men olaryň iň gowularyny saýlap, zarba urujy topar düzmekçi. Galanlaryny sag hem çep ganatlara bölmeli. Bu işi gaty tiz ýerine ýetirmek gerek. Hindi şasy Rana Çatra üstümize ýygyn dartyp gelýär. Belki, onuň häzirki tapsyzlygymyzdan, ýadawlygymyzdan peýdalanyp, ýogumyza ýanmak meýli bardyr. Edil şol wagtam soňra kän mahallap syr bolup galan waka bolup geçdi. Birden çöp-çalamlygyň içinden atylan peýkam Jelaletdiniň gara saçlaryna galtaşyp şuwlap geçdi-de, aňyrd-a otuň üstünde oturan esgerleriň birini ýaralady. Eger-de peýkam bary-ýogy bir barmak aşakdan gelenliginde soltan ýagty jahan bilen hoşlaşýardy. Gara Hanjar hem başga-da birnäçe ýigit peýkam atylan çöplüge topuldylar. Emma hiç kim ýokdy. Taşlanan ýaý hem içi taplanan peýkamly sagdakdan başga zada duşmadylar. Soňam soltanyň janyna kast etmege synanyşanyň kim bolup biljegi barada uzak wagtlap pikir öwürdiler. Mongol aňtawçysymyka? Ýa-da Jelaletdiniň öz mülküne aralaşanyny halamadyk hindi şasynyň ýollan jansyzynyň işimikä? – Bu şa heleý Türkan hatynyň öz gypjak hanlary hem Horezm şasynyň görip ogullary bilen guran köne dildüwşiginiň netijesi bolaýmasyn? Häkimiýetiň kanuny eýesine boýun egmejek bolup, olar her zat etmege taýyndyr. Jelaletdin parahat jogap gaýtardy: – Biziň çar ýanymyz howp-hatardan doly. Ýöne betbagtlygyň nireden injegi belli däl. Häzir diňe ýekeje howp-üstümize goşun çekip gelýän hindi şasy Rana Çatra barada oýlanmagymyz gerek. Jelaletdinin goşuny Jebal al-Judy şäheriniň golaýyndaky duz meýdanda sap tutup düzüldi. Hataryň ortasy üçburçluk görnüşinde öňe çykyp durdy. Ol ýerde gylyç çalmaga, naýza urmaga hem peýkam atmaga iň ökde esgerler goýlupdy. Jelaletdiniň ähli goşunyndan saýlan ol esgerleri iki ýüz çemesi atlydan ybaratdy. Olar soltan nirä ümlese, şol taýa okdurylmaga taýyn bolup durdylar. Hindileriň goşuny meýdanyň beýle çetindedi. – Hindileriň goşuny ýedi müň adamdan ybarat – diýip, ýüzbaşylaryň biri Jelaletdine habar berdi. – Şo gowy-da. – Ýöne ählisiniň ýaraglary gurat. – Ol-a hasam oňat! Ertir ol ýaraglaryň hemmesi biziň elimize geçer. Hindi goşunlarynyň agramly böleginiň egnindeki demir sowutlary, tuwulgalaryndaky bürünç bezeglerdir has gorkunç görkezmek üçin ýasalan mis ganatlar gün nury bilen çaknyşyp ýaldyraýardy. Sazandalar güýçlerinde baryndan surnaý çalyp, deprekleri dükürdedip, ýaýbaň mis tabaklara urup, uly zenzele turuzýardylar. Jelaletdin iň soňky buýrugyny berdi: – Men şa Rana Çatra bilen haklaşmak üçin duşman goşunynyň edil ortasyna okdurylaryn. Iň gowy esgerler men ýanymda bolar. Biz hindileriň goşunyny ikä böleris welin, siz şol aralyga okdurylyp, iki ganata-da hüjüm ediň. – Bu ýagdaýda biz näme edip bileris? Ýaragymyzam-a ýok? – diýip, esgerler tykyrady. – Şo sebäplem, ýaraglaryny almak üçin olaň üstüne has okgunly topularys. Söweş adatdan daşary tizlikde ýaýbaňlandy. Jelaletdin duşmanyň üstüne okgunly hüjüm edip, çöplükden tapylan ýaýdan peýkam atdy-da. Rana Çatranyň edil gözünden çüýläp, atdan agdardy. Soňam gylyjyny syryp, duşmanyň atlylarynyň başyna oýun saldy. Gapdalynda edil ajal ruhy ýaly söweşýän Timur Mälik bilen Gara Hanjaram ondan pes oturanokdylar. Hindiler uzak saklanyp bilmedi. Şalarynyň ölenini görensoňlar ýaraglaryny taşlap, başly-barat gaçmaga ýüz urdular. Horezmli esgerler olaryň yzlaryndan kowup, atlaryny ellerinden alýardylar, gylyçlary, naýzadyr ýaýlary çöpleýärdiler. Bu söweş Jelaletdiniň goşunyny oňat geýimli, at-ýaragly etdi. Şäheriň atly-abraýly adamlaryňyň bir topary elleri sowgat-serpaýly çykdylar-da, horezmlileri dabara gatnaşmaga, özleri üçin niýetlenilen hödür-keremden datmaga çagyrdylar. Jelaletdin hindi şasynyň bezemen çadyryňy olja hökmünde özüne aldy. Ol çadyryň gapdalynda ýassygy tirsekläp gyşaryp ýatyşyna Bent-Zanjyja bilen söhbet edýärdi. Gyz soltanyň ýörişleriniň kitabyna täze şanly sahypany ýazypdy. – Durmuşda ähli zadyň biziň erkimize hem aýgytly hereketimize baglydygyny gördüň gerek? Eger bu söweşe okdurylman, gaça duran bolsak, nähili erbet güne düşjegimizi bilip durun. Ýöne ykbalymyzy islän tarapyna öwrüp biljek gizlin güýçlerem bar. Duşmanymyň şu ýaýdan atan peýkamyny alan nyşanasynyň bir barmak ýokary ýanyndan geçirenem şohili güýç... Eger başgaça bolanlygynda, onda sen kitabyň iň soňky sahypasyny ýazmaly bolardyň. – Peýkam atany kimdir öýdýäňiz? – Oň üstüni wagt açar. Eger ol meni ýok etmegi belli-külli ýüregine düwen bolsa, ýene-de ýolumda peýda bolar. Ýöne hiç zat tutan maksadymdan dönderip bilmez. Men göreşi dowam etdirerin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |