13:44 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Uruş alawy ýene möwjedi | |
XX. Uruş alawy ýene möwjedi
Taryhy proza
Heňňamyň agyr külpetlerine ýan bermeýän, ykbalyň her hili oýunlaryndan baş alyp çykýan, bir işi beýlekä gurban etmeýän, öz kämillik häsiýetleri boýunça ýeke-täk bolan adama berekella. Zahhyr. Hind derýasynyň daşly kenarynda atynyň jylawundan tutup duran Bent-Zankyja uzak ýaýdanmady. Burnuny tazladyp suwa eňek basan at derýanyň ak köpürjik tolkunlary üstüne suw syçradyp geçende tisginip gidýärdi. Näme etmeli? Derýanyň sag kenaryndaky çöp-çalamlaryň içinde aýlanyp, geçere güzer gözlemelimi ýa-da ýürege daş baglap, suwa urmalymy? Eger töwekgellik edäýende, derýanyň batly akýan joşly tolkunlaryny böwsüp, o kenara geçmäge gaýraty çatarmyka? Ol töweregine ser salanda, dag gerşiniň üstünde duran bir kowçum mongola gözi düşdi. Ana, olar kert gerişden pese inip ugradylar. Ölsem-öleýine salmaly! Öňde – ynamy hem Jelaletdin bar. Belki-de, halas bolup biler... Yzda – masgaralyk, gulçulyk hem ölüm garaşýar. Gorkar ýaly näme bar? Ol güýçli akym bilen erjel göreşýän, atlarynyň ýalyndan ýapyşyp, kä çümüp, kä çykyp, beýleki kenara golaýlaşyp barýan birnäçe horezmlini gördi. Ana, olaryň biri suwdan çykdy... Yzyndan ýene biri... Olar yzlaryna gaňrylyp, gyza bir zatlar diýip gygyrdylar-da, derýanyň akym ugruna kenary syryp ugradylar. Ýaýdanyp durara maý ýokdy. Ol bukjasyny barlady. Isgender baradaky kitap öküziň böwenine salnyp, daşy berk saralandy. Beýleki kitabam şonuň ýaly edileni üçin, suw zaýalar gorkusy ýokdy... Sowudy çykaryp zyňmaly! Ýogsa, derýaň düýbüne gidäýmegiň ahmal. Galkan bilen gylyjam suwuň teýine taşlanyp, diňe guşaga gysdyrylgy hindi hanjary galdy. Iki-üç ädimden derýanyň çuň ýeri başlanýardy. Ýaldan berk ýapyşan Bent-Zankyja aty bilen birlikde suwa urdy. Ol derýanyň kuwwatly tolkunlary bilen köp mahallap göreşmeli boldy. Akym ony öz badyna akdyryp äkidýärdi. Ol kem-kemden beýleki kenaryň golaýlaşýanyny saýgardy. Ysgyn-mydardan gaçanyny duýsa-da, ol erjellik bilen ellerini, aýaklaryny işledip öňe hereket edýärdi. Diňe gulaklary hem tumşugy suwdan çala saýlanýan atam häli-şindi burnuny tyzzyldadyp barşyna öz eýesi bilen bir jan-bir tene öwrülipdi. Aýaklaryny aldygyna işledýän atam, onuň eýesem üstlerine labyryny atan howpy ýeňip geçmek üçin güýçlerinde baryny edýärdiler. Ahyrsony at ony kenara alyp çykdy. Ol ýerde horezmlileriň birnäçesi daşlaryň üstünde oturyp, geýimleriniň suwuny sykýardy. Olar Bent-Zankyjanyň göwnüni göterjek bolup gygyryşdylar. Iki sanysy ylgaşyp gelip, gyzyň elinden tutanlarynda, ol huşundan gitdi. Ol gök otly baýryň üstünde ýatyrka özüne geldi. Töwereginde aýaklary ýalanaç, eginlerinde abat geýim-gejimleri bolmadyk esgerler otyrdy. Çytyk ýüzli, gorkunç gojanyň alys bir ýerlerde – daglaryň aňyrsynda galany, depelerine gerlip duran gök asmanyň astynda rahat ýaýnap oturanlary üçin özlerini bagtyýar duýýan esgerleriň şadyýan gülküleri töwerege ýaň salýardy. Beýleräkde egni ak ýüň ýapynjaly ýaş çopan günorta taýa elini salgap, bir zatlar diýip gygyrýardy. Çöp-çalamlaryň arasyndan eýerlenmedik ata atlanan ýarym ýalanaç, garry Timur Mälik çykdy. Ol hemişe bolşy ýaly, epeý görünýärdi. Gyşaryşyp ýatan, käbiri halys tapdan düşen esgerleriň arasynda aýlanyp ýörşüne ol şeýle diýýärdi: – Jebal el-Judy galasyna gideliň. Ol ýerde bize hindileriň şasy Rana Çatra garaşýar. Olam mongollaryň garşysyna goşun toplaýar. Bize lukmalyk bir süri semiz goýunam bar. Jelaletdin soltanam şol ýerde. Jelaletdiniň bolan ýerinde biziň hor bolmajagymyzy özüňiz bilýäňiz-ä! Hemmeler ýer turup, ösgün ot-çöpleriň arasyndan uzalyp gidýän ýitigsi ýoda bilen ýadaw atlaryny idip ugradylar. Iki gezek gaplanyň güňleç arryldysy ýaňlandy. Dumly-duşdan şagallaryň çirkin uwwuldylary eşidilýärdi. Tizara gije duşup, ähli zat garaňkynyň goýy perdesine duwlandy. Ýaňja dogan çym-gyzyl aý agaçlaryň aňyrsyndan haýallyk bilen ýokary galyp ugrady. Onuň ýagtysyna ýarym ýalanaç, ysgyn-mydardan gaçan esgerler edil görden çykan ýaly gözgyny görünýärdiler. Daň atar-atmazda öňde uludan ýakylan alawlaryň ýalny ýalbyrap göründi. Ot başynda oturanlar – horezm goşunynyň kiçiräk topary öz dostlaryny uly şatlyk bilen garşyladylar. Alawlaryň biriniň başynda oturan Jelaletdin köze tutup guzy etini bişirýärdi. Onuň golaýynda soltanyň wepaly ýoldaşy eli naýzaly Gara Hanjar sakçy durdy. Olaryň atlary golaýdaky agaçlara baglanypdyr. Bütin maşgalasy heläk bolan Jelaletdiniň ýüzi agyr, keşbi tutugam bolsa ýanyna gelýänleriň ählisiniň göwnüni göterer ýaly degişme söz tapýardy. – Näme, ýüzüňi sallaýarsyň? Esasy zat – biz diri. Elimizem, kellämizem abat. Tizden ýene öňki kaddymyzy dikleris. Görýän welin, sen ädigiň ýok ýaly-la? Hut ertiriň özünde tekepbir hindi şasy Rana Çatranyň aýagyndakyny sypyryp, saňa sowgat etmege söz berýän. Häzir umytsyzlyk guýusyna gaçmaň, gaýrat ganatyny ýaýmagyň wagty geldi! Soltan öz golaýynda oturan ýigitleriň birine ýüzlendi: – Eý, Gurban, aýdym aýt! Göwünlerimizi ganatlandyr! Ýaş ýigit aýdyma başlady: Sagdagym doly okdan Häzir sag. Çykyp çakdan, Ýigit kimin meýden gana içsemdim! Töwerekdäkileriň ählisi özleriniň söýgüli aýdymlaryny alyp göterdiler: Bu söweşde kadadyr – Meýden doly badadan Ykjam ganyp, gara ýeri guçsamdym. Ýigit dowam etdi: Söýgüden doly kalbym. Nirde sen, lebi gülgün? Bagrym gözleň neşterine deşsemdim. Ýigitler ýene öňki hörpde aýdymy dowam etdiler: Kadasy bu jeňleriň – Gülgün lebiňden seniň Sorup, sorup, gara ýeri guçsamdym. Lagere kem-kemden ümsümlik aralaşdy. Ýigitler süýnüp ýatyşlaryna ertir özlerine nämeniň garaşýandygy barada howsalaly oýlanýardylar. Birden garaşylman durka aýdym sesi ýaňlandy. Ony aýdýan güýçli, ýakymly sesli aýal maşgalady: Uç, aýdymym, yzda goýup şemaly, Bulduň gaýa çöken iline sary. Jülgelere dolup çap-çal dumanyň Gezýän ýerne ýeňilaýak umganyň. Uç, aýdymym, duş-de belet ýoluňa, Şaglawuklaň owaz edýän iline. Ýigdiň uran awun alyp eline, Ezizine tarap barýan ýerine. Alawuň başynda oturan Gara Hanjar tisginip ýerinden galdy. – Şoň sesi! Şoň aýdymy! Ol bu ýerlere nädip düşdükä? Ony mongollar tutup, Çingiz hanyň haremhanasyna dykypdylar ahyryn! Häzir men ona jogap bereýin. Gara Hanjar aýdyma başlady: Uç, meniň aýdymym, uç sen şo taýa, Ýürege jennetden mähriban jaýa. Hiç alada, gam getirmän serine. Ter gülüň bark urup ösýän ýerine. Gözi jöwher, lebi gunça ýarymyň – Owazy ne ýeser Güljemalymyň! Ýaş awçy awuny alyp eline, Gyssanýar bermäge söýen gülüne... Aýdym kesildi. Gara Hanjar naýzasyna ýapyşyp, şeýle diýdi: – Men häzir gyzlarymyzy gözläp tapaýyn. Ýigitler şowhun turuzdylar: – Olan baryny şu ýere alyp gel! Dessine çep-çalama siňen Gara Hanjar aýlanyp-aýlanyp, ahyry bir açyk meýdança çykdy. Ol ýerde halynyň üstünde egni altynsow ala köýnekli ýaş aýal otyrdy. Boýunlary monjukly, goşarlary bilezikli bezemen geýnüwli bir topar gyz Onuň töweregini gallapdyr. Bir gyrada ýükçi ýabylar durdy. Gyzlaryň biri tarsa ýerinden turdy-da, Gara Hanjara tarap okduryldy: – Ykbalyň bizi ýene duşurany üçin men örän bagtyýar. Men bir gudrat bilen halas boldum. Biz Çingiz hanyň haremhanasynyň hem aýdymçylarynyň bir bölegi. Tulkanda onuň agyr göçüniň arasyndadyk. Daşymyz ýowuz sakçylar bilen gurşalandy. Birden garjystanlylar üstümize çozdy. Sakçylary gylyçdan geçirip, ýesirleriň ählisini boşatdylar. Beýlekiler ýaly, menem ýükdäki altyndan öz ýetdik paýymy aldym. Indi men baý. Seňem geýim-gejimiňi täzeläp biljek, Gara Hanjar. Gara Hanjar oňa Hind derýasynyň boýunda bolan söweş hem Jelaletdiniň ýanyndaky esgerleriň kyn ýagdaýlary barada gürrüň berdi. – Men ähli altynymy size berýän! Goýun satyn alyp iýiň, hor bolmaň! Maňa hiç zat gerek däl. Diňe öz awara ömrümiziň uzak ýoluny sen bilen bile geçsem bolýar. – Jelaletdin soltanyň ýanyna gideli. Ol bu ýerde. Täze goşun toplaýar. Ýigitlerimizem gyzlaryň hemmesini alyp gelmegi tabşyrdy. Güljemal hem onuň ýanyndakylar soltanyň ýanyna ugradylar. Ýigitler olary aýdym bilen garşyladylar: Dost-ýarlar, gadyrdanlar. Ýol beriň – gyzlar gelýär. Gurbandyr şirin janlar. Ýol beriň-gyzlar gelýär. Salam, salam, Ezizler! Ýüzi gül, Inçe biller. Gyzlar Çingiz hanyň lagerinde gören günlerini, nädip halas boluşlaryny birin-birin gürrüň berdiler. Jelaletdin olaryň baryny ýigitler bilen bir hatarda oturdyp, şeýle diýdi: – Bagt bizden ýüz öwrenok. Gaýta özi üstümize gelýär. Geljekki ýeňişlerem bize ýar bolar, adymyzy şan-şöhrada beslär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |