17:59 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Ýeňişi taýynlamak gerek | |
XVI. Ýeňişi taýynlamak gerek
Taryhy proza
Onuň gözlerinden ot syçraýar, ýüzi bolsa şapak ýaly şugla saçýar. Gündogar ertekisinden. ...Köp adamlar «Jelaletdiniň özüne çekijiliginiň syry nämede?» diýip soraýardylar. Ýigitlere-de, garamaýak halka-da, harby baştutanlara-da şol bolsa bolany. Oňa ynanmaklarynyň, gowy görmekleriniň sebäbi nämede? Köp gezek gören adamlar: «Ol orta boýly, garaýagyz, türkmendigini soraman biläýmeli» diýip, salgy berýärler. Gözleri çalarak gyýyk, dodaklary hemişe ýylgyrjak bolup duran bu ýigidiň şadyýan gülküsi adamlary özüne bendi edipdir... Daşyndan göräýmäge, gaýgy-aladasy bara meňzemeýän bolsa-da, öz gaýraty, erki bilen göwnüne düwen zadyna ýetip biljegine ynanmak ýaly häsiýetler ony beýlekilerden tapawutlandyrypdyr. Jelaletdinde göriplik, häkimiýete ymtylmak ýaly häsiýetler ýogam bolsa, adamlar onuň ýanyna gelip, otrýada baştutanlyk etmegini haýyş edýärdiler. Onuň ýene-de bir ajaýyp ukybyny belläp geçmek gerek: Jelaletdin biri-birinden öçli hanlary basym ýaraşdyryp, başlaryny jemlemegi, şeýdibem, güýçli, bir erke tabyn bolan goşuny döretmegi başarýardy. Samarkant masgara halda söweşsiz tabyn bolandada, Buhara öz kellesini Çingiz hanyň gylyjynyň astyna meýletin goýanda-da, Ürgenjiň daşy gabalyp, Beýik Horezmiň biçäre halkyna halas bolara hiç hili çykalga galmadyk ýaly ýagdaý dörände-de, Jelaletdin şol bir bolşuny saklap: «Geljekki ýeňişler biziň elimizde. Olary gözýaş bilen tizleşdirip bolmaz» diýip, ýüzi salyk adamlaryň ruhuny göterýärdi. Mongollaryň otrýadyny Nusaýyň ýanynda derbi-dagyn edensoň, Jelaletdin üç ýüz ýigidi bilen Eýran daglaryndan aşyp Owganystana bardy-da, harluk, özbek, halaj, türkmen, owgan, gur hem beýleki türki taýpalaryň serdarlaryňy gözlemäge başlady. Ol hemmelere öňki agzalalygy bes edip, Horezm topragyna ýüzüp giren duşmanlaryň garşysyna uly güýç bolup birleşmege çagyrýardy. «Biziň ählimiz bir beýik taýpanyň ogullary, gündogaryň uç-gyraksyz sähralaryndan Mawerannahryň1 hasylly düzlügine gelen batyrlaryň nesilleri bolan biz bütin ýurdy basyp alyp, ýeke-täk, kuwwatly Beýik Horezm döwletiňi döretdik. Şonam güýçli, erkin ýagdaýda gorap saklamalydyrys...» diýýärdi. Jelaletdin bu sözleri hanlaryň, emirleriňdir ýigitleriň gulagyna şeýle joşgunly, öz sözleriniň hakdygyna belent ynam bilen guýany üçin, ählisi biygtyýar böwrüni diňläp, ony baştutan edip söweşe gidilse, ajaýyp ýeňişler gazanyp bolar diýen pikire uýýardylar. Jelaletdiniň ähli dostlarynyň, wepaly ýoldaşlarynyň arasynda onuň ýeňilmezekligine, şanly geljegine ýürekden ynanýan biri bardy. Olam – sansyz söweşlerde endam-jany tyg yzlary bilen torlanan Timur Mälikdi. Jelaletdiniň özi bu serkerdäniň şägirdi bolany üçin sözlerinde-de, beýlekilere edýän öwüt-ündewlerinde-de ýaşlykda halypasyndan öwrenen zatlarynyň ysy gelip durdy. Demirgazyk Owganystanyň çal gaýaly daglarynyň arasynda ýerleşen şowhunly lager esli meýdany tutýardy. Gök öwüsýän eňňitlerde ýüzlerçe atlar otlaşyp ýördi. Tüsseleýän alawlar jülgäniň düýbüne çenli uzalyp gidýärdi. Bir depäniň üstünde çür depesinde uçup barýan bürgüdiň şekli ýaldyrap görünýän alabeder matadan edilen çadyr howalanyp görünýärdi. Dürli tarapa barýan topar-topar atlylar göze ilýärdi. Olaryň käbiri gykylyklap, atyny ýüzin salyp barşyna ýeňiljek naýzalaryny göge zyňyp gapýardy. Halys surnugan hor ýaşuly uly ýoldan garry baýtalyny maýdalyna sürüp gelşine öňünden çykanlaryň ählisinden bir zatlar soraýardy. Oňa gülüp jogap gaýtarýardylar: – Garry baýtalyny mytdyldadyp, nirä ugradyň? Munyň bilen jöwen döwäýmeseň, urşa-ha ýarajak zat däl. – Bu sözleriňi git-de, enene aýt. Men baýtalym siziň söweşe münýän atlaryňyzdan pes otursa, hasabam däl. Uzyn sakgalyny sowudynyň içinde ýygnan, ýaşy durugşan bir esger bezemen atynyň başyny çekip, ýaşula ýüzlendi: – Hany, daýy jan, gowuja düşündirsene. Kimi gözleýäň, saňa näme gerek? – Men şu ýerde Horezmi boýun egdirmäge gelen duşmanlaryň garşysyna goşun toplanýarmyş diýip eşitdim. Biziň batyr ýigitlerimiziň baştutanam Jelaletdinmişin. Şu aýdylýanlar dogrumy? Menem onuň otrýadyna goşulmakçy. Palta işletmekde ýaş ýigitlerden pes oturaryn öýdemok... Adyma Şerip baba diýýärler. – Niýetiň-ä gowy eken hormatly Şerip baba. Men saňa kömek edeýin. Şu jülgäň içi bilen gidiber. Ol ýere barybam Erbuka pälwanyň çadyryny sorap tap, Oňa meni Timur Mälik iberdi diý... Eger men atbakarym bolaryn diýseň, ýanyma alaýyn. Meni şo ýerden taparsyň. – Sag bol, beýik serdar Timur Mälik. Seň şöhratly adyny köpden bäri eşidýärdim. Hyzmatkäriň bolup bilsem, başga armanym ýok. Esasy çadyrda serdarlaryň hem emirleriň maslahaty gidýärdi. Bu ullakan jülge ýygnanan goşunyň içinde gurlaryň, harluklaryň, owganlaryň, halajlaryň hem beýleki taýpalaryň otrýadlary bardy. Serdarlaryň ählisi melewşe reňkli owgan halysynyň üstünde döwre gurap otyrdylar. Süýjümtik güýçli çakyrdan doly käseler elden-ele geçýärdi. Maslahatyň barşynda agzybilik ýokdy. Her kim öz goşunyny san taýdan beýlekilerden köp bolmasa-da, batyr, söweşde erjel, hüjüm wagtynda okgunly diýip magtaýardy. Owgan goşunynyň baştutany Emin el-Mülküň gabarylyşy beýlekileriňem çaky däldi. Halajlaryň baştutany Agrak Melik bilen gurlaryň baştutany Ygtyýareddin Harpust ondan pes oturman jedelleşýärdiler. – Halajlar olja paýlaşmaly bolsa ýeserdir. – Gurlaryň iň oňarýan zady – at ogurlamak! Maslahatda oturan Timur Mälik olary köşeşdirip bilmedi. Jedel barha möwjäp, yzy sögüşe ýazdy. Soňam serdarlar ýaraga ýapyşdylar. – Hormatly serdarlar, hanlar, köşeşiň. Biz üstümize ýowuz howp abanan Häzirki günde birek-birege dostluk goluny bermäge gelipdik ahyryn. – Adamlar bu bolup duruşlaryna, heý, biri-birine dostluk goluny uzadarlarmy? – Gurlaryň ogurlykdan başga oňarýan zatlary bolmaz! – diýip, çadyryň çetinden biriniň boguk sesi eşidildi. – Halajlar-a ogurlyga-da ýaranok. Ýalanaç gylyç gördükleri, taýzarylyp gaç diýseň olara. Şol wagt daşdan golaýlaşyp gelýän märekäniň gowry eşidildi. – Gulak asyň, kimdir biri gelýän ýaly-la. Ýaş ýigitleriň aýdymy, şowhunly gülküleri, gygyryşyp salamlaşýan sesleri eşidildi. – Bu gelýänler serhoşmy – nämemi – diýip, Emin el-Mülk seslendi. – Häzir gylyçlaryň çarhlanmaly wagty bularyň bolup ýörüşleri birhili öz-ä. Güpürdeşip, edil çadyryň ýanynda aýak çeken atlardan birnäçe adam böküp düşdi. Egni kümüşsöw sowutly, ýakasy açyk, ýaş, syrdam boýly ýigit olaryň öňüne duşup gelýärdi. Kellesinde tuwulgasy bolmany üçin towlam-towlam saçlary eginlerine dökülip durdy. Şähdaçyk ýylgyryp duran ýigidiň hatara dişleri agaryp görünýärdi, şadyýan oýnaklaýan süzgegräk gözleri töwerekde duranlaryň iň bir maýdajyk hereketlerine çenli sypdyrman synlaýardy. – Jelaletdin! Jelaletdin soltan gelipdir. Goý, ol müň ýyl ömür sürsün! – diýen sesler ýaňlandy. – Men köne, wepaly dostum Emin el-Mülk nirede? – diýip, ýaş batyr gygyrdy. – Ol meni häzir tanasam ýok-la? Dyzynda oturdyp, başymy sypaýan wagtlaryň men ýedi ýaşymdadym. – Jelaletdin soltan, meň ýanyma gelme. Ilki bir Ygtyýaretdin Harpustyň kellesini togalaýyn. – Beý diýmek bolmaz-a. Harpust şerap içmäge ýeserdir. Ol daýysynam hormatlaýar. Alnynda ýeri öpmege-de taýyndyr. – Sen toýdan gelýän-ä dälsiň-dä? Gaty keýpi çag görünýäň-le? – Gelşim toýdan däl. Ýöne toýa barýan. Emin el-Mülk, sende men raýymy ýykmajak gyz-a ýokdur-da? Bar bolsa, Häziriň özünde öýlenjek! – Sen üçin şa gyzy her haçanam tapylar. Çadyrdaky duşmançylyk, jedeller ýatyşdy. Hemmeler gülşüp, Jelaletdin bilen henek atyşýardylar. – Bize häzir ullakan, şowhunly toý garaşýar!.. Perwana şäheriniň golaýynda bir jülge bar. Biz şo ýerde mongollar bilen döwüşe gireris. Olar biziň söbügimize duşup, kowalap gelýärler. Tizden gara bererler... Şunuň ýaly günde hemmämiziň dogan bolmagymyz gerek. Ählimizem bir halkyň ogullary ahyryn. Diňe birleşen halatymyzda bir sarsmaz güýje öwrülip, mongollary derbi-dagyn edip bileris. Kim biri-biri bilen alagöz bolan bolsa, gylyçlaryny gynyna salyp, eline şerap içilýän käsesini alsyn. Biz häzir ullakan ýeňşiň öňüsyrasynda durus. Munuň şeýle boljagyna ant içýän!.. ____________ 1 Mawerannahr – Orta Aziýanyň Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygynda ýerleşýän ýeri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |