11:27 Jelaletdin / taryhy powest | |
JELALETDIN
Taryhy proza
Ençeme halklaryň başyna agyr külpetler salan «Älemi sarsdyryjy» Çingiz hanyň rehimsiz goşunlary bilen aldym-berdimli darkaş guran döwýürek Jelaletdin Meňburnynyň adaty bolmadyk söweşleri, ýeňişleri, sergezdanlygy hem bu geň galdyryjy batyryň – Beýik Horezmiň iň soňky şasynyň Kürt daglarynda garaşylmadyk pajygaly ölümi hakynda iki bölümden ybarat Gündogar powest-ertekisi. ...nurana ýaş ýigit Allanyň ýolunda söweşýärdi hem öz şöhraty bilen urugynyň namysyny goraýardy. Gadymy ertekiden. BAŞBERMEZ JELALETDIN! Gowgaly eýýamda jahana inip, Döşüň gerdiň tupanlara, gaýlara, Söweşlerde öwrüldiň sen baýdaga... Il saňa daýandy serdary saýyp. Çingiz han haýygyp gyljyň badyndan, Telpek goýdy, batyrlygňy halady. Seniň badyň hut ýyldyrym ýalydy, Döwüş gurduň iliň-günüň adyndan. Duşman tupan ýaly süýşüp gelende, Güýçli gollaň kuwwatyny synlady... Depäňde gerilen ölüm ganaty Kürtüň külbesinde girä salanda, Ajalyň garagna bakdyň öleňde – Horezmiň soňky şasy, zynaty! • Syrly tüňçe Balaişem obasynda Gorkut çopandan ýarlykly garyp ýokdy. Ol her ýerine direg urlup saklanýan gamyş kepbede mydar edýärdi. Tünegindäki ähli goş-kötelini – düşek hem namazlyk deregini tutýan elemedeşik keçesini, çaý gaýnadynýan, täret gylýan gapaksyz demir tüňçesini, geçi derisinden tikilen sal-sal possunyny, gaňrakly uzyn taýagyny öz ýany bilen emgenmän göterip gezip bilýärdi. Çöl içinde göçüp-gonup ýören çarwa türkmeniň bar guwanjy, baýlygy maly bolsa, Gorkut çopanyň dört aýaklydan diňe bir iti bardy. Gussaly gözleri gyzaryp duran ullakan, tüýlek ak it eýesi mal yzyna düşüp nire gitse, tabynlyk bilen seňkildär ýörerdi. Köp ýyllardan bäri goýun-guzy bakýan Gorkut çopan haçan oba gelse, her gezek bir öýde ýatyp-turmaga, garnyny otarmaga endik edipdi. Onuň yzyndan galman, göwnübir ýaly aýlanyp ýören garry köpegi – Akbaýy obanyň ähli itleri tanaýardy. Olar ysyrganyşardylar-da, uruşman dargardylar. Käbir tejribesiz itler çakyny tanaman topulaýdygam Akbaý olary mazalyja dalaýa, gözüniň oduny alardy-da, guýrugyny bulap, eýesiniň aýagynyň ýanynda süýnerdi. Gorkut çopanyň bu birsydyrgyn durmuşynda adatdan daşary özgerişlik ýüze çykdy. Bir gün ol külbesiniň işigine köne keçesini ýazdy-da, çal kellesini süňkleri somalaşyp duran gödeksi ellerine goýup ýatyberdi. Soramaga gelen oba adamlarynyň hemmesi: «Muny al-arwah kakypdyr» diýip gürrüň etdiler. Gorkut çopan olara öňki kärini ýene dowam edil biljekdigini, ýöne islemeýändigini aýtdy: – Çopançylygy maňa göre ýaşrak birine tabşyraýyň. Men gündizine-hä gögüň ýüzünde göç edýän bulutlary, gijesine-de göz gypyşýan ýyldyzlary, Ak maýanyň ýoluny, Aýyň ýylgyrşyny synlajak ýörjek... Adamlar oňa: «Hakyny iki esse artdyraly, ýylda dört, hat-da bäş goýun bereli» diýip gördüler. Çopan kes-kelläm razy bolmady. Muny geň gören adamlar başlaryny ýaýkap dargaşdylar. Şondan birnäçe gün geçensoň Gorkut çopanyňka gum içinde ýaşaýan aýal dogany geldi. Onuň egninde birçakky gyrmyzy reňkinden nyşan galmadyk ýama-ýama uzyn köýnegi bardy. Goltugyndaky kiçijik, aglak gyzjagaz edil gurbaganyň çagasy ýaly horjady. Almanyň sapagy ýaly boýny ullakan kellesini zordan göterýärdi. Kempir ýaşyna ýeten Aýdyň obany öýme-öý aýlanyp, özüniň Gorkut çopanyň aýal doganydygyny aýdýardy, çölden tapan ýetim gyzjagazyna berer ýaly süýt soraýardy. Ol gapy-gapy aýlanyp ýygnan çöregini, gurduny, süýdüni palçykdan ýasalan ullakan okara salyp doganyna getirip berýärdi. Gorkut çopan gyzyklanyp, ony-muny soraýan adamlara: – Bu tapylan gyzjagaz – Güljemal meň bagtymdyr. Ol özünem, enesinem, menem eklär... – diýip, gürrüň berýärdi. Garry çopanyň «bagty» on alty ýyl dowam etdi. Ol dulundan haly torbalar asylan garaja öýli, ojagy çoýun gazanly, işigi hojaýynyň çörek oklaryna garaşyp ýatan iki sany çypar itli boldy. Bir gapdalda onuň tüýlek gara kürresi jyrtlap oýun edýän ak eşegi gazyga daňylgy irkilip durdy. Gorkut çopan bu bagta nähili ýetişi barada adamlara gürrüň edIp berýärdi... Onuň çyndygyny ýa ýalandygyny diňe gudraty güýçli Alla bilýär! Obanyň golaýynda ýarsyny gum basan köne galanyň harabaçylygy bardy. Gadym eýýamlarda bu galanyň geçip bolmajak diwarlarynyň aňyrsynda Baýander han ýaşapdyr. Onuň Horezme hem Eýrana eden alamançylyklary barada kän gürrüňler, aýdymlar döredilipdir. Han her gezekki alamandan süri-süri atlary, dürli harytlardan mas ýüklenen düýeleri, kän ýesirleri öňüne salyp geler eken. Rehim etmeklerini sorap ýalbarýan ol ýesirler Merwiň, Nusaýyň hem Maşadyň gul bazarlarynda satylypdyr. Ýöne Allanyň emri bilen ýagşam, ýamanam bir durkunda dumaýar. Şol gadym döwürde görülmedik çarwa taýpanyň goşuny çölüň üstünden harasat ýaly bolup inýär-de, Baýander hanyň haýbatly galasyny ýumrup, baýguşlardyr içýanlaryň mesgenine öwürýär. Obanyň oglanjyklary jöwza çölde seýrek ýagýan ýagyşdan soň şol harabalyga giderdiler. Bulanyk ýagyş suwlary dörtgyraň ýasy kerpiçleriň üstünden az salym ýol ýasap, tizdenem ýitip giderdi. Suwuň geçen yzyna üns bilen syn edýän oglanjyklaryň käsi döwük pyçak, käsi reňkli surat çekilen döwük tabak, käsi garalyp giden gadymy pul, käsi bolsa gök monjuk tapardy. Olaryň has bagty getirenleriniň ýantar bölegini, dür ýa-da kümüşdir gyzyl pul tapýan wagtlary-da bolýardy. Gorkut çopanam: «Belki, şowlulygyň jomart eli maňa bütewi tylla teňňe bagş edeýädi-de» diýip, oglanjyklardan soň harabaçylyga aýlanýardy. Bir gezek onuň taýagy gaty zada gütläp degdi. Birhili owaz çykan ýaly boldy. Alabaharyň gary sepeläp duran ol sowuk günde oglanjyklaryň hiç haýsynyň ýyljak öýlerinden çykaslary gelenokdy. Töweregine ýaltaklap, yns-jyns ýokdugyna göz ýetiren Gorkut çommalyp oturdy-da, pyçagy bilen ýaňky zady gazmaga başlady. Kem-kemden köne mis tüňçäniň sudury görnüp ugrady. Üstünden kän wagt geçenligi sebäpli zeňlän egri gulply ol tüňçe abatdy. Güberçek böwründäki nagyşdyr hatlary aýyl-saýyl bildirýärdi. Çopan tapan zadyny külbesine getirdi-de, gapagyny açmaga gorkup, keçäniň aşagyda gömdi. Ol bu agyr tüňçäni goňşularynyň görerinden, hat-da eýesiniň eli bilen hasanaklap ýer gazyşyna daş işikde syn edip ýatan Akbaýdanam howatyr edýärdi. Şol gün Gorkut çopan öz uzak ömründe ilkinji ýola ýalan sözledi. (Allanyň özi onuň günäsini geçewersin!) Ol obadaşlaryna: «Men aýagymy agyrtdym. Şonuň üçinem, goýun bakmaga gidip biljek däl» diýdi. Gije düşerine garaşyp, ähli obadaşlary uka gidensoň, symgylt ýagty saçýan Aýyň nuruna Gorkut çopan tolgunmadan ýaňa titreýän elleri bilen tüňçäni çykardy. Soňam pyçagyň ujy bilen zeňläp ýelmeşen gapagy açdy. Birden tüňçeden sykylykla çykan çalymtyl tüsse töweregine ýanan kükürdiň ysyny ýaýradyp, şemalyň badyna sähra taýa ýöneldi. – Eý-ho! – diýip, allaniçigsi tisginen Gorkut esli salym näme bolanyny aňşyryp bilmän oturdy. Onuň göwnüne bolmasa, tüssäniň içinden gözleri ýanyp duran bürünç reňkli kelle görnüp giden ýaly boldy. Tüsse basym dargady. Gözlerini tegeläp oturan Gorkut biraz ýüregi ýerine gelensoň, gorky bilen tüňçäniň agzyndan garady. Iň ýokarda çüýräp ugran ýüpek ýaglyk, onuň arasynda bolsa içi dogaly hem wesýetli, mekgejöwene çalymdaş kümüş gutujyk ýatyrdy. Gojanyň sermenýän düwün-düwün barmaklary onuň. aşagynda içi şaýlyk pully haltajyklara degdi. Birinji haltajykdan gara keçäniň üstüne dökülen inçelik bilen nagyşlanan syrly ýazgyly teňňeler asmandan bilesigelijilik bilen nur saçýan Aýyň gögümtil nuruna täsin öwşün atdy... Gorkut beýleki haltajyklary çykaryp, çözmäge ýaýdanyp bir salym oturdy: Onuň öňünde eýýäm ullakan baýlyk – elli sany tylla teňňe ýaýrap ýatyrdy. Gojanyň kalbyny ynamdan dolduryp, güzeranyny bol-telki aýlamaga şularam ýeterlikdi. Ol tylla teňňeleri ýaňadan haltajyga saldy-da, mata guşagyna dolap, biline daňdy. Soňam tüňçäniň agzyny ýapyp, öňki ýerinde gömdi. Göýä tapan baýlygyny uly ile äşgär eder öýdüp ätiýaç edýän ýaly, Gorkut çopan ömründe birinji gezek öz wepaly kömekçisini – ähli hereketini synlap ýatan Akbaýy taýak bilen urdy. Şondan biraz wagt geçensoň ol gije tüňçedäki beýleki ýüpek düwünçekleri-de çykardy. Olaryň birinden ýene-de tylla teňňeler çykdy. Beýleki bäşisinde bolsa tüwüniň, bugdaýyň, darynyň, arpanyň, jöweniň tohumlary bardy. Iň aşakda ýatan kümüş gutujyga ykjam togalanan, ýazgyly, uzyn inçe kagyz gysdyrylypdyr. Bir ýyl geçensoň Gorkut çopan Nusaýa gidende ol ýerde mollaçylyk edýän çagalyk dostuny tapyp, haty okatdy. Onda şeýle ýazylypdyr: «Biz hemmemiz Allanyň penasyndaky adamlar. Panyda-da, bakyda-da ol biziň hak eýämiz. Betbagty bagtyýar edýän hömürowan Allanyňkydan ýokarda güýjem, kuwwatam ýok. Öz agtyklaryma hem çowluklaryma wesýet galdyrýaryn. Men bu baýlygy öz gaýratym hem zähmetsöýerligim bilen topladym. Men bu altyny ogullaryma goýamok. Olaryň bol-elinlik hem şatlyk öýüni öz elleri, öz zähmetleri bilen gurmaklaryny isleýärin. Ýöne ömür uzak, onuň ýoly çarkandak. Biz häli-şindi betbagtlyk laýyna batmaly bolýarys. Belki, agyr zamana geler. Belki, gündogardanmy, demirgazykdanmy ýa-da jahanyň başga taraplaryndan Adam atanyň nesillerine rehim-şepagat hem dostluk duýgularyndan mahrum wagşy duşmanlar at dabyradyp döküler. Aýylganç uruş bolup, il-günüň ahyndan asman garalar, mukaddes sähralarymyz hem ekin meýdanlarymyz gan bilen suwarylar. Adamlar ýatara jaý, iýere iýmit tapman, sergezdan gezerler. Ýanýan obalaryň ýalnyndan hem tüssesinden ýaňa asman howur alar. Sürülmeýän, ekilmeýän ekin meýdanlaryny syrkyn basar. Adamlar ähli alapalaryny iýip gutaryp, gaýtadan bejerilen ýerlerine ekmege däne tapylmaz. Şeýle ýowuz eýýamda-da adamlar ýaşar hem iýmitlener ýaly, men olara Allanyň bagş eden bäş sany ösümliginiň tohumyny galdyrýaryn. Her tohumdan dokuz baş çykar, her başdanam togsan dokuz däne emele geler. Parahat durmuş, zähmet çekmek bagty hem dostluk ýene-de adamlara hemra bolar. Beýik türki taýpalardan bolan nesillerim, men size ýüzlenýerin: özüňize şöhrat, howpsuzlyk, abadanlyk getirjek, sizi ýeňilmez etjek şu bäş sany gymmatly mirasy aýawly saklaň. Ol miras – mertlik, zähmetsöýerlik, beren sözüňe ygrarlylyk, aýala hormat goýmak hem ýeke-täk merhemetli Allany şöhratlandyrmakdan ybaratdyr. Baýander han». Öz obasyna dolanyp gelen Gorkut çopan tapan baýlygy barada asla hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Halallyk hem kanagatlylyk bilen ömür sürüp ýören çopanyň özi ýaly garyp-gasarlardan, sen diýip gelen ähli adamlardan zat gysganmasy bolmazdy. Dowamy bar >> ____________________ Aýdymlary täzeden işlänler N.N.Uşakow hem M.B.Sandomirskiý. Sonetiň awtory O.Orlowskaýa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |