06:50 Jeññi janköýer / hekaýa | |
JEŇŇI JANKÖÝER
Hekaýalar
— Aýu, Amangylyç! Bu gije kanturda aýlyk berilýändir, ýadyňdan çykaraýma! — Päheý! Hiý, putbol barka-da bir kantura gidip bormy-aý! — Öýüňde öýlänlik ýok, dükana git-de, un alyp gel! — Hä-ä, şu gije hakgeý bardygyny bilýän dälsiň sen. — Bu wagt ýygym döwri, gije almasaň gündiz açylanok, o hazan. — Oýny görmän-ä bosagadan aňryk bir ädimem ätjekgä. ...Bu gürrüňler kolhozyň köne traktorçysy Amangylyç aga bilen aýaly Jeňňi daýzanyň arasynda häli-şindi bolup duran gürrüňleriň iň bärkijeleri. Dawanyň käte has ulurak jenjellere ýazaýýan wagtlaram bolýar. Iň ýamanam olaryň öz öýlerinde telewizor ýok. Her gije goňşularyň biriniňkä gidip görmeli. Ahyram bir gün, ýokdan bar edip, Amangylyç aga telewizor satyn aldy. Ulam däl, kiçem däl, orta hili. Reňksiz. Muňa Jeňňi daýza-ha känbir begenibem durmady welin, çagajyklar gaty begendiler. Birinji gije dagy gepleşik gutaransoňam çap-çal bolup duran boş ekrana seredip ep-esli oturdylar. Ýöne, futbol ýa hokkeý bolan gunleri —o zatlaram näme hudaý gün berse bolup dur — Amangylyç aga olara kino-da, konsertem, hatda gün içinde bir gezejik görkezilýän multfilmjagazam ine-gana görkezmedi. — Geljek ýyl dahotda nesip bolsa, size-de kiçiräginiň birini äbärin— diýip, telewizoryň öňünde tä gijäniň birmahallaryna çenli alagalmagal boldy oturdy. — Hä-ä-ä! Ur! Dep indi! Wah! Ana bardy! A-a, berekella! Häk, eşşekataly Kelläň gursun, kesegiň aşagynda galan terne ýaly. Bol-a indi bir! Hä-ä, maladis! Muňa çagalaňam-a mazaly bady gaçdy welin, Jeňňi daýzanyňam jebegesini öňküdenem beter daraltdy. — Sen ýaly işini gutaran ýokdur — diýip, girse- çyksa hüňürdedi ýördi. Käwagtam ho-ol, burçda ýeke ýatan ýerinden telewizora tarap ýumrugyny çenäp: — Soňabaka bul artyp heleýleriň elinden ärlerini alyşlaýyn alar, ine, gör-de duraý — diýdi. Ýöne, her name diýse-de, kem-kemden kaýyl bolaýmakdan başga alajy galmady. Şondan soň onuň una-da, çaýa-da, aýlyga-da özi gitdi. Ärine azar bermedi. Sorasalaram siltenjiräp: «Soňky alanynyň ýüzünden gözüni aýryp bilmän otyr» diýdi. Özüniňki ýaly äri oýunçy aýallara duşsa durup derdinişdi. -Özem çyrany öçürip alagaraňkyda görýä, jan dogan, şonsy gorkunç» diýip, agzyny, burnuny towlady. Bir günem: «Hä-ä, boldy. Ýelme indi şumat! Ýa, he-e-eý!..» diýip, ýassygyny ýumruklap oturan äriniň gapdalynda çommaldy-da, onuň öň tarany göm-gök, arka tarapy hüýt gara bolup duran göwresine tarap gözüniň gytagyny aýlap: — Näme bar-a şuň içinde, şeýdip oturar ýaly?— diýdi. Ärinden jogap bolmandan soň, onuň aňyrsyndaky alabeder bolup duran diwara howatyrly seretdi. Ýene-de ünsüni ekrana berdi. Bir uýtgeşiklik görjek bolup jüýjerildi. Esli mahal sesini çykarman oturdy. Bir ekrana, birem ärine garap ýaltaklady. Dünýäniň keýpinden mahpym bolup bir burçda ýygrylyşypjyk oturan çagajyklaryna seredip gyýyldy. Şol wagtam ýüzin salyp barýan oýunçylaryň biri beýlekisi bilen çakyşdy-da, aşyrylyp-aşyIrylyp bir gitdi welin, Jeňňi daýza içini çekeninem, toba-toba diýip ýakasyna tüýküreninem bilmän galdy. Çabalanyp ýatan oýunçyny iki sany ak halatlynyň zemmere salyp äkidenini görüb-ä hasam erbet boldy. Bir adam şeýdip ýatyrka nädip oturybilýäň diýýän ýaly, äriniň ýüzüne naýynjar seretdi. Düňküldäp gitdi-de çäýnek-käsesini alyp geldi. «Byjagazlarymam göräýmän» diýip, eýýämhaçan ýatan ýerlerinde uklap galan çagalaryna seretdi. Ýassygyny bagryna basyp öňe-yza hallan atyp oturan ärine ýüzlendi. — Şo pökgi şo zadyn içine girse boldugy dämi? Maksat şo dämi? — Birdenem buduna ýelmäp goýberdi. — Wah, görgüli, agzyna-da eltdi welin, salyp bilmedi-dä. Bärki ýerçeken myşaýt etdi şoňa, ýogsam bolýady şoňky. Hä? Bolýady gerek? Bärkiňki ters gerek? Hä, Amangylyç?! Emma Amangylyç aga oňa barmysyňam diýmedi. Diňe, oýun gutarandan soň daş çykmak uçin ýerinden turanda ýüzüni sallap: — Al-aýt, galmagal edip ýürege düşdüň-ow —diýdi. Jeňňii daýza-da äri bilen deň ördi. — Haýsy biziňki indi ýaňkylaryň? Amangylyç aga keýpsiz gurledi. — Seňki, meňki ýok bu ýerde. Ikisem biziňki. — Onda nä dişiňi sogurtjak ýaly bolup, alkymyna dykylyp otursyň o zadyň? — Özuňki bolanda nä görmeli dämi? — Onyň-a dogry. Jeňňi daýza äri daş çykansoňam yzyndan galmady. Tä, äri hajathananyň agzyna baryp, elini gapysyna ýetirýänçä her dürli soraglar berip, bile gitdi. Ol diňe äri gözlerini alardyp: — Bar-how, indi bir yzyňa gaýt, şuň içine bile girmejek bolsaň — diýenden soň yzyna gaýtdy. Gelýärke: -Ine, şunnaly-da şu. Kamandasy utulsa ýüz berenok-da — diýip, öz-özi pyşyrdady. Başga bir gün, şolar ýaly uly oýundan soň äriniň begenjinden ýaňa «ýyrş-ýyrş» edip: - Ahyr bizinkiler ýeňdi-how — diýenini eşitdi-de: — Hany, höwün: biziňki, siziňki ýok mynda diýmediňmi? — diýdi. — Höwün ýokdy, indi ba. — Bir gün bolup, bir gün bolman durmalymyşmy ol? — Şeýle bolýa-da. — Onda aýtmaly ekeniň-dä öňünden. — Kime? — Maňa. — Nämäni? — Biziňkileň oýnaýanyny. - Näme, hökman saňa aýtmalymy ony? — Aýtman näme, biz näme, bi höküwmediň adamsy dämi? - Amangylyç aga aýalyny birinji gezek görýän ýaly, ýüzüne çiňňerildi. -Näme, indi senem nemeden bolup ýörmüň bu zatlara? — Nemeden bolup ýörmüň, beýleki diýip, gürrüňi gyşartma, Amangylyç! Meňňem hukugym seňki bilen des-deň. Şondan soň Jeňňi daýza-da oýun bolsa äriniň gapdalyndan aýrylmady. Futbolam bolsa gördi, hokgeýem bolsa. Oňa hasam hokgeý gowy ýarady. — Ine, şu gowy. Çalt oýnaýalar. Hemem bizik birwagtky çiligimize menzeýä —diýip, ileri-ileri omzady. Hasap wagty bilen üýtgemese: — Häý, ýarym sagat bäri ýekeje şaýwa-da geçiribilenoklar ysnat getirenler — diýip gatyrgandy. Şaýba derweze girendenem: — Hä-ä! Häý, tüýs bolaýdy-da welin! — diýip, ýerinden galdy. - Kino göreliň-le how, beýleki programmada gowy kino ba... — diýşip, boýunlaryny burşup oturan çagalaryna-da: — Baryň, ýatyň! Häý, kino janyňyzy almasyn siziň bir! — diýip haýbat atdy. Kem-kemden ol komandalaram, hatda her komandaň oýunçylarynam aýyl-saýyl edip ugrady. Gapdalynda dertdeş döränine Amangylyç aga birbada begenmänem durmady. - Tüweleme, bizi Jeňňi mendenem beter janköýer. Kapustin bilen Pospişeli dagyny ýenselerinden tanyýa — diýip, onuň-munuň ýanynda gürrüňem etdi. Ýöne onuň begenji uzaga çekmedi. Çunki Jeňňi daýza kem-kem öýüň işinden sowaşyp ugrady. Bir gezek: «Çaý goýsana» diýende aýalynyň: - Şu partiýa gutarman-a damagyň gurap, ötläň ýarylýanam bolsa çaý ýok – diýeni i eşidib-ä, Amangylyç aganyň tas, imany başyndan göçüpdi. Başga bir günem işden gelip nahar sorady welin - Hä-ä, bilýän dälsiň sen şu gun Yspartak bilen Şahtaryň oýnaýanyny. Honha, golçada gowurdak bardyr. Aşyk ýalysyny käsäňe at-da, çaýçorba edin bolar şol saňa. Ýaňy çagalaram şeýtdiler — diýip heniz oýun başlamadygam bolsa, ekrana bakan gobsunyp-gobsunyp goýberdi. Irden işe barandanam, heniz kartanyň çetinden girmänkä brigadanyň ahli aýallaryny daşyna üýşürip: — Juwanamerkler öten agşam tas Harlamowy burça gysyp öldüripdiler -diýdi. Şonda onuň gözerinde ýaş göründi. Oturyp fartugyna burnuny süpürdi. Uludan demini aldy. Aýallaryň özüni üns biIen diňleýänini görüp hasam joşgunly gürledi. Özem o brigadanyň aýal-gyzlaram eşitsin diýýän ýaly bogazyna sygdygyndan gygyrdy. — Biziňkileriň trinerlerinde derek ýok, trinirlerinde. Ana, şol idili bolan bolsa, bizinkiler öten agşam Kanatlary üç iki edip utmaly däl-de ýedi nol edip utmaly! O bolsa oty-yr, agzyna siňek gonduryp. Iliňki bolsa ony-muny görüp aýlanyp ýör. Käte bragadir ýanyna gelip: Jeňňi daýza, beýtme. Aýallary işden goýýaň. Ýygym döwri her minut gymmatly — diýse dagy keşiň gyrasynda çommaldy-da, bir eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutdy. Beýleki eli bilenem pat-pat edip kükregine ýelmedi. -He-eý, jan dogan, seň şo giňligiň. Dünýeden habaryň ýok. Meň bolsa içim tütäp dur şumat agşamky bolan işlerden ýaňa. - Ol işe girensoňam kartany gulaçlap ýörşüne şo-ol, gepledi ýördi. -Ine erte agşam görersiňiz näme bolýanyny. Iň soňky oýundyr. Şunda-da utsalar, biziňkiler işpion bolýa ar. — Işpion däl, Jeňňi daýza, çempion — diýip, käte okuwçylaryň biri düzediş bereýse dagy: — Tapawudy näme, jan jigi... — diýip, tosun-tosun etdi. Toýda-tomguda, erkekleriň oturan jaýynyň deňinden geçip barýarka, futbol ýa hokgeý barada edilýän gürrüňler gulagyna degäýdigi äpişgeden boýnuny uzatdy-da, tä kimdir biri Amangylyç agany tapyp: Munyňy bir ýygna-how, gep-söz alyşdyranok bize diýýänçä olar bilen deňine dawalaşdy durdy. Äri elinden tutup idenekledip alyp barýarka-da, şol jaýa tarap ellernni serip: — Erkek men diýip başynyza telpek geýsenizem, biriňiziňem hakgeýdenem, pytboldanam başyňyz çykanok. Lakgyldap oturan zatlaryňyzyň baram ýalan. Yştyrapnoý bilen on bir metirligiň aratapawudyny bileňzok, ýene-de «gor-gor» eden bolýaňyz. Çüňkowaýam bileňzok. Bolşuňyz şu bolsa, Turkmenistanda ysport ösmänjik geçer. Amangylyç aga kyn güne galdy. Şol telewizory alan gününe nälet okady. Üstesine günem syrma-sallahyň gününe döndi, özi hiç diýsen, çagajyklarynyňam üsti-başy gara-gäz boldy gitdi. Köplenç ojagazlaryň çaýyna-naharyna özi seretmeli boldy. Soňabaka kirlerinem özi ýuwdy. Bir gün-ä oturyp hamsykdam, şujagazlaryň ulujasy bir gyz bolaýmaly eken-ä diýip. Ahyram çydaman telewizorlaryny satdy. Ýöne onuň bilenem ýagdaý üýtgemedi. Gaýtam kynaldy. Çünki, Jeňňi daýza indi telewizor görmek uçin Amangylyjyň bir wagtlarky öz edişi ýaly, gijeden-gije goňşularynyňka gatnap ugrady. Baran ýerinde-de: — Amangylyç agaňyz görip. Öz komandasy yzly-yzyna utulansoň içi ýanyp şeýtýä. Ýogsam satylmaly telewizir däl ol —diýip, agzyny şapbyldatdy. -Jany çyksa-da, oň kamandasynyň tarapyny tut maýan men. Meň öz kamandam bar. Meňki eska... Azyp-ýazyp äri yzyndan baryp alyp gaýtmakçy bolaýsa dagy, çüňkde duran telewizora tarap barmagyny çommaldyp: — Şu onbir elli bäşdäkini görmän-ä, Amangylyç, öýe tarap ädimem ätjekgä. Etseň-ä, senem otur-da gör! Soň gyşyk gürrüň etme. Bolmasa-da, baryber özüň, menem ine, oýun gutardygy barýan —diýdi. Asyl şondan artyk gepleşmegem islemedi. Indi onuň derdinden goňşularam wagtynda ýatyp, wagtynda turup bilmediler. Käbir-ä ýokuş görýänini ýuwaşlyk bilen duýdurdam. Şonuň uçinem, ol ärine-de geňeşmän, raýonda skladçy bolup işleýän ýegeniniň usti bilen özbaşyna kiçirak telewizor edindi. Muňa-da çagalar begenjegem bolmadylar. «Aý, hakgeý üçin-laý» diýişdiler-de, bir gyra çekilip oturyberdiler. Jeňňi daýza bolsa haçan görseň bir burçda ýeke özi ala-gox bolup otyr. Oýun wagtyna gabat gelse, meýdanyň işinem taşlap gaýdyberýa, meň hökman ýetişmeli diýip. Ýa-da düýbünden gidenogam. Bir pökgi ýa şaýba geçdigem ylgap gidýär-de, ähli goňşularyna buşlap çykýar. Gelibem «has-has» edip oturyşyna çäýnek-käsesini çakyşdyryp: — Hä-ä! Ur! Ur, içiňden öl geçen bolsa! Hü-ü-üýt, wah, şol ýerde özüm bolsamdym. Tur, tur! Aşagynda nä körüň bar oň? Ýeriňden gal-da, ýelme senem agzynyň üstüne. Bolsa bolubersin daşary ýurduň oýuçysy, bizem oýunçylarymyzy meýdandan tapamzok! Hä-ä, ine, indi munyň boldy! O-ol, aňyrky aňkaryp durana seret, häý, enesi ýalamadyk, eneň emdiren däldir seni, ýal ýagysy! Kolhozyň zalatyr goýny ýaly dur şo burçda irkil-de! Aýuw-w, girdenejik, aýagyňa iým düşmedik bolsa ylga! Ýa gorraň indimi, ýerýuwdan! Sen tök bolmasaň meň, zat bilmedigim. Hü-ü-üýt! - diýip, gykylyklady oturdy. Elbetde, arasynda: «Berekella! Oňaransyň! Hm-m! Hä-ä...» diýip, oýunçylary öwýän pursatlaram az bolanok. Amangylyç aga aýalynyň o ýagdaýy bilenem onuşmajakdan-a däl welin, ýöne, ine, täzeden bäri oba arasyna: - Amangylyjyň aýaly nirede bolsa-da, men indi hakgeýi gidip görjek. Telewizirde göreniň bilen mähriň gananok diýýämişin — diýen gürrüň ýaýrady. Elbetde, bu bir Gaýypberdi gul ýaly, dilinň keýpini görüp ýöreniň toslamasy bolmagam mümkin. Bardy-geldi çyn bolup çykaýsa welin, AmangyIyç aganyn hakykatdanam işiniň gaýtdygy. «Indiki aýyň on ýedisine Monreala bir bilit tapsaňam tap, tapmasaňam tap» diýip, dyzap dursa, nätsin o görgüli? Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |