02:56 Jöwzaly gyş -3: Iwaşow ýesirlikde | |
IWAŞOW ÝESIRLIKDE
Taryhy proza
Uruş bolan gününiň ertesi Gün gyzar ikindine golaýlaberende, türkmenler ähli merhumlaryny jaýlap boldular. Meýdanda diňe soldatlaryň jesetleri galdy. Ekabyrlar olaram jaýlamak barada buýruk berdiler. Bu iş üçin ýörite toparlar döretdiler. Türkmenleriňkide bolşy ýaly soldatlaryňam ölüdir öýdülenleriniň arasyndan dirileri, çalajanlary çykýardy. Ekabyrlar olaram ýygnamak, gala eltmek, ýaralaryna em etmek, seretmek barada görkezme berdiler. Şol çalajanlaryň birem Enehakydanyň elindäki kepjäniň urgusyndan soň usurgap özünden giden soldat Aleksandr Iwaşow. Ol gijäniň ýaryna çenli öli ýaly gymyldaman ýatdy. Soň az-kem herekete geldi. Bar zat gümürtik, oýalykmy, düýşmi belli däl ýagdaýda geçdi. Soldat arkan ýatyp iňledi, ýüzün düşüp ýer dyrmalady. Nirädigine, näme üçindigine akly çatmasa-da, öňemi, yzamy, garaz bir ýana süýşjek boldy. Özem şeýle bir suwsaýa welin, hiç çydar ýaly däl. Tä, daň atýança ejesi suwly jamy göterip daşyndan aýlandy ýördi. Şunça içirjek bolýa welin, hiç bolaýanok. Tebsirän dodaklaryny suwa basýaram, birhili içýän ýalam bolýa, emma aňyrsyna barýan zat ýok. Teşneligi gananok. Birdenem özüne gelen ýaly bolýar-da, gözüni açýar: Tüm garaňkylyk. Asman. Petreşip duran ýyldyzlar. Çöp-çalamlyk. Gaty ýer. Daş-töweregi bolsa biri-birlerine kaklyşyp ýatan meýitlerden doly. Iwaşow ýaraly kellesine zor salyp özüniň nirededigini biljek bolýar. Soň aňyny dörjeleýär. Bu ýerde näme üçin beýdip ýatandygyny ýadyna saljak bolýar. Emma hiç zat hakydasyna gelenok. Ol asla özüniň özüdiginem bilenok. Huş işlänok. Şeýdibem, gör indi näçenji gezekdir özünden gidýär. Bir haýukdan soň huşuna gelip, ýene-de daş-töweregine göz aýlaýar. Sermenýär. Tüpeňini gözleýär. Soldatlaryň seslerini olaryň öz ene dilinde sözleýişlerini eşitjek bolup diňşirgenýär. Ine-de daň atdy. Gün dogdy. Onda-munda adam sesleri eşidilip ugrady. Ýöne, Iwaşow olaryň näme diýýändiklerine düşünenok. Sesler welin kä güýçlenýär, kä peselýär. Käte uly goha-galmagala öwrülýär. Birdenem jarçynyň sesi eşidildi. Iwaşow onuň-a nämedigine-de düşünip bilmedi. Käte bir gözüni açsa ümezli gözleri iki baka haýdaşyp ýören adamlary edil dumanyň içinde çalarak saýgarýar. Näme bilen meşgul bolup ýörendiklerini welin aňşyranok. Bir gezeg-ä ol: ölendirin-de o dünýä düşendirin diýibem oýlandy. Günüň guşluga galyp, howanyň erbet gyzmagy bilen ol ýene-de özünden gitdi. Ony Tilkiçi şahyr tapdy. Egnine göterip gala getirdi. Soldatlar meselesine ýolbaşçylyk edip ýören Gulbatyr serdar ony Baýramgül tebibiňkä elmekligi tabşyrdy. Baýramgül tebibiňkide Enehakyda hem bar ekeni. Ol o ýere ýaraly ýigitlere em edişmäne barypdyr. Enehakyda öz «awuny» görenden tanady. Emma sesini çykarmady. Gaýtam Baýramgül tebibiňkide ýer ýokdugy üçin soldaty öz öýlerin eltmekligi Tilkiçi şahyrdan haýyş etdi. Şahyr Iwaşowy öýe salyp, Hakyda mollanyň çat maňlaýynda, işige golaýrak ýerde ýatyrdy. Ýüzüniň – gözüniň ganyny ýuwdy. Köne-küşül köýnek balak tapyp, gana boýalan eşigini çalşyrdy. Şondan soň soldat çalarak gözüni açdy. Derrewem ýumdy. Ol diňe şol günüň ertesi, ýöne, ymykly özüne geldi. Gözüniň açyp görenem gara öýüň tüýnügi, ondan düşýän sarymtyl, naýzapisint şöhleler boldy. Tüýnükden aşakdaky ýarym aýlaw uklaryň barysynyň ýokary ujy baryp şoňa birikýär, ýagny ony göterip dur. Olaryň ikisinem atanaklaýyn egri taýaklardan ybarat tärim saklap dur. Ol öýüň diwary hökmünde hyzmat edýär. Tärime haly çuwallar, torbalar gerlipdir. Tärimden asylgy öý goşlary başga-da kän. Olaryň biriniň duz torba, beýlekisiniň çemçe torbadygyny, çuwaldyr-torbalaryň bolsa egin-eşik kersen, çanak diýen ýaly öý goşlaryny saklamak üçin ulanylýanyny Iwaşow entek bilenok. Gara öýüň özüni welin, ol ýaňy görmeli däl. Ýörişiň bütin dowamynda goşun ýolbaşçylarynyň ählisi diýen ýaly şulara meňzeş gara öýlerde ýaşapdylar. Düşlenen ýa ugraljak wagty soldatlar olary örän çaltlyk bilen gurnaýardylar, derrewem sökýärdiler-de, uk, tärim, tüýnük, hersini aýratynlykda tygşytlapjyk düýä ýa-da araba ýükleýärdiler. Daşky keçedir-gamyşynam dolaga-da şol zatlaryň üstüne basaýýardylar. Bu hünäri olar entek Çekişlerde bolýan wagtlary ýerli türkmenlerden öwrenipdiler. Ýöne, ine, töründe, iki gat ýumşak düşekçäniň üstünde aýbogdaşyny gurap, özüne tarap nebsiagyryjylykly seredip oturan ak sakally, ak gaşlary gözleriniň üstüni örtüp duran tegelek ýüzli, süňkleri irimçek goja welin oňa düýbünden nätanyş. Iwaşow başyny ýerden göterjek boldy. Özüniň nirededigini, bu ýerlere näme üçin we nädip düşendigini gojadan sorajak boldy. Ýöne, kellesini galdyrmag-a däl, asyl gymyldadybam blmedi. Ýöne, her niçik hem bolsa dodaklary welin gymyldady. Oňa jogap berýän ýaly Hakyda mollada dodaklaryny gymyldatdy. Ýerinden turup geldi-de, dik duran ýerinden Iwaşowyň ýüzüne seretdi. Synlady. Onuň tebsireýänini bilip agzyna suw damdyrdy. Iwaşow agzyny tamşandyrdy. Gojanyň: ─ Başyňam-a ýaş ekeni köşek. Öýüňdejik oturyberseň bolmadymy, eneň berenjesini iýip, içip... – diýenini eşitdi. Ýöne düşünmedi. Bir oýuna gelen zat o-da: «Biz ýeňendiris-de, bularam biziň hyzmatymyzy edip ýörendirler» diýen pikir boldy. Ýöne, munuň beýle däldigine ol basym göz ýetirdi. Çünki, hiç ýerden tanyş ses ýa aýdym, iň bolmanda dagystanly meýletinçileriň gohlary ýa ýeňiş sazyny çalýan orkestriň owazy, hiç zat eşidilenok. Şol wagtam işikden Enehakyda girdi. Oňa gözi düşenden Iwaşowyň ozaldanam ejir çekip ýatan ýüregi sarsyp gitdi. Kalbyna gozgalaň aralaşdy. Gyzyň görmegeýligi, ýüzünden, gözünden dökülip duran yssy mähir, ony haýrana galdyrdy. Ýolboýy äsgermezçilikli gürrüňler bilen eýi ýetirilen, çarwa, çomry diýlip kemsidilen halkyň içinde şeýle owadan gyzyň, şeýle peşeneli perişdesypat, çyn ata deý mähriban arassa ýaşulynyň bolmagy, ony iňňän geň galdyrdy. Onuň göz öňüne getirişine görä, bu yssy hem döwletsiz, ülkäniň bisowat halkynyň ulusy-kiçisi, aýal-erkegi ýüzi, endamy gara ýanyk, dodaklary uly hem-de jaýryk-jaýryk, boýunlary garagäz, gulaklarynyň arkasy kir, aýaklary gatbar-gatbar çor, şylha eşikli, gorkak, hapysa, ejiz, medenýet babatda hatda ýomutlardanam kän pes, adam sypatynda gezip ýören mahlukmy, jandarmy garaz şoňa meňzeş bir zat bolmalydy. Emma, ine, şu wagtky gözi bilen görüp duran zatlar çyn bolsa-ha onda Iwaşowyň bu halk baradaky düşünjesi düýbünden ýalňyş. Tekeler barada soldatlara asla dogry maglumat berilmändir. Olaryň taryhy, medenýeti barada hiç zat aýdylmandyr. Dogry, çözuşyň öň ýany, goşun Bendesende durka, türkmenleriň äsgermezçilik etmeli halk däldigi, olaryň gaýduwsyzdygy, ýyldyrym ýaly atlarynyň bardygy, gerek wagty gelin-gyzlarynyňam söweşe girişip bilýändigi barada aýdylypdy. Ýöne, barybir soldatlar o zatlara üns bermändiler. Ýaşuly bilen birki agyz gepleşip, gyz ýene-de çykyp gitdem welin soldatyň başyndan duman sowlan ýaly boldy. Agyr ýüküň aşagyndan çykan dek tisgine-tisgine uludan dem aldy. Şondan soň ol ýene-de aňyny dörjeläp ugrady. Gözleriniň öňünde gala tarap gaçyp barýan teke ýigitleriniň ýeňseleri peýda boldy. Soň olaryň öňünden ala-galmagal bolşup, gollaryny galgadyşyp, ýumruklaryny düwşüp gelýän aýallaryň gaharly, derden ýaňa burjy baglap duran ýüzleri göründi. Köp wagt geçmänkä, ýigitleriňem ýeňseleri aňry, ýüzleri bäri öwrüldi. Kem-kemdenem golaýlaşdy. Golaýlaşdyklarysaýam soldatlaryň ädimleri ilk-ä haýallady, soňabaka bolsa bütinleý durdy. Dykyn emele geldi. Hiç hili hereket edere maý bolmady. Ýap-ýaňyja-da: «Ur-ra-a...» diýşip, öňe bakan eňişip barýan soldatlar indi öňe gitmekden elli bizar, duran ýerlerinde gorsanyşa-gorsanyşa zordan yzlaryna öwrüldiler. Iwaşowam öwrüldi. Birdenem, barysy bilelikde, başly-barat, etek alty, ýeň ýedi, sozanda-guýruk bolşup gelen ugurlaryna bakan eňdiler. Iwaşowyň, gözleriniň öňünde soldatlaryň aksowult sary saçly, künji sepilen ýaly gara menekli çypar, derçiräp duran gyzyl ýeňseleri salgym atdy gitdi oturdy. Ýeňseleriň welin hemmesi deň däl. Käbiri ýogyn, käbiri inçe, käbirleri gös-göni, käbiri bolsa ýa çepe, ýa sag tarapa gyşaryp dur. Olaryň beýikligem deň däl. Käbiri Iwaşowyň gözleriniň deňinde bolsa, käbiri ho-ol, aşakda, giň ýakanyň içinde iki ýana «holtuldap» barýa. Ýokarda görünýän boýunlar ýaka zordan sygýar. Edil şol wagt Iwaşowyň ýeňsesi gyzyp gitdi. Yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýalam Günüň ýiti şöhlesi gözlerini gamaşdyrdy. Ýazzy maňlaýynda bir garanyň iki ýana hallan atyp durşam çalaja ýadyna düşýär. Ýöne ýüzi kessir degen ikinji urgy ony eýýämhaçan depesini gaplap alan garaňkylyk ummanyna oklady. Şondan soň ol nämeleriň bolup geçenini, nirede, näçeräk ýatanyny, kim tarapyndan ýygnalanyny, bu ýere haçan, nädip getirlenini bilenok. Ýöne, indi bilýär. Ol şol gezekki yza çekilişikde ýaralanypdyr, özünden gidipdir. Goşun bolsa ýeňilipdir. Özüni türkmenler ýygnapdyrlar, indem bakyp, bejerip ýörler. Ýene-de Enehakyda gapydan girdi. Onuň yzy bilen Baýramgül tebibem girdi. Olaryň ikisem gelip Iwaşowyň gapdalynda çökdüler. Biri-birlerine kömekleşip, ýarala em etdiler. Sargysyny täzelediler. Melhem ýapdylar. Şeýdibem turup gitdiler. Enehakydanyň çomuç deý dykyz, ak bilekleri, sülük ýaly barmaklary melemtil sazlary, sarymeňiz ýüzi Iwaşowyň gözleriniň öňünde soň-soňlaram gaýmalady ýördi. Asyl şol owadan barmaklaryň degen ýerinde ol hiç-hili yza duýmady. Em edip oturan wagty goýnundan göterilýän ýakymly ys bolsa ony edil, sallançaga salyp üwrelen ýaly meýmiretdi. Demi ýüzüne düşende gyz öz salan ýaralaryny öz eli bilen aýryp goýberen ýaly boldy. Adam dertli wagty kalbynda yşk dörese, derdiniň dessine dep bolup gidýändigini ol şonda ilkinji gezek duýdy. Yşk bolsa sen sagmy ýa hassamy, ýesirmi ýa baýarmy, seljerip durmaýar ekeni, soraşyp gelmeýär ekeni, wezipä ýa baýlyga, garyplyga ýa milletiňe-de parh goýmaýar ekeni. Çägi, serhedi, kadasy, kanuny, ölçegi bolmaýar ekeni. Mahlasy o-da bir özünden beýleki dertleriň ählisini bir demde dep edibilýän elhenç bir dert ekeni. Yzanyň yşk garyşykly derdinden ýaňa melul bolup ýatan bimar ýigit bir görse hälki goja üstüne abanyp dur. Ine-de ol aşak oturdy. Egilip, Iwaşowyň ýüzüne gör indi näçenji gezekdir, siňe-siňe seretdi. Ak kirpikli, asman deý dury hem gök gözleriň özüne naýynjarlyk bilen bakýandygyny görübem: ─ Ýagşymysyň? – diýdi. Iwaşowyň ýadyna Çekişlerde bolan wagtlary söwda-satyk bilen golaýdaky obalardan lagere gelýän ýomutlaryň öz zatlaryny öwende: «ýagşy, ýagşy» diýişýändikleri düşdi. Diýmek gojada ondan «ýagşymy, ýagdaýyň gowumy», diýip soraýan bolmaly. Gojanyň aýdan ilkinji sözüniň özüne tanyş söz bolup çykandygyna soldat diýseň begendi. Geleli bäri ilkinji gezek hoşroý ýylgyrdy. ─ Ýakşy-y... ─ Bolýa, ýagşylaşýan bolsaň bolýa. Soldat onuň bu sözünem jogapsyz goýmady. ─ Bolýa, ýagşylaşan bolýa... Goja: «Bu gezeklikçe seni mundan artyk gynamaýyn», diýýän ýaly iki elinem ýere diräp galdy. Öz düşegine geçdi. Ýöne, şol oturan ýerindenem soldaty synlamasyny bes etmedi. Onuň nazary bedenindäki argynlygy aýyrýan ýaly, syrkaw kem-kemden gözüni ýumdy. Uklady. Öýden çykaly bäri köplenç bolşy dek, ol bu gezegem obasyny, ejesini, Orsýetiň owadan, ýaşyl ýaýlalaryny, başy çüri, düýbi ýazgyn, owunjak pürli gaba agaçlary, sümme tokaýlyklaryny gördi. Üç-dört günden soň Iwaşow aýaga galdy. Şondan soň ony Hakyda molla bilen duldegşir goňşy oturan Baýramgül tebibiň samanhana hökmünde ulanýan kiçijik kepbejigine geçirdiler. Aşagyna saman düşäp, üstünden, köneje kilim ýazdylar. Gijesine üstüne atynar ýaly deşiklerinden ýüňleri çykyşyp duran elhalja ýorgançajygam berdiler. Ahally bolsa gelip onuň aýagyna gandal urup gitdi. Bu ekabyrlaryň buýrugy: Soldatlary bejermeli, girip-çykmana ýaransoňlar «Abdylla ussadan gandal alyp, aýaklaryny baglamaly. Soň özüniňkilere tabşyrmalymy, çalyşmalymy ýa saklabermelimi, görübiris», diýdiler. Egninde ýolboýy geýip gelen harby eşikleriniň ýokdugyny Iwaşow samanhana geçip, özüni gowy dürsänden soň bilip galdy. Çiginýaka ak köýnegini, aýagyndaky gyýma gara balagy içgin-içgin synlady. Ol eşikler megerem, şol perişdesypat gojanyň çalşyrgyçlary bolsa gerek, hopul-sopul bolup dur. Häli-şindi ezenegi agýar. Balagy aşak gaçýar. Şonuň üçinem bir eli çermeginden aýrylanok. Uçguryny dartyp daňmany öwrenenden soň welin gulagy dyndy. Gytyk tüýi gaçandygy sebäpli kä ýeriniň derisi görnüp duran, kä ýeriniň bolsa tüýjagazlary sallanyşyp ýatan ýatyş telpejigem ullakan kellesiniň bir ýan şahyna zordan ilişýär. Kellesi gyzyberdigi ol ony ur-tut beýleki şahyna geçirýär-de, «hyrt-hyrt» edip, barmaklarynyň ujy bilen gaşanýar. Uruş wagty galanyň içinde nähili elhençlikleriň bolup geçendiginem Iwaşow aýak üstüne galandan soň bilip galdy. Ýasa batan iliň agyr halyny, täze dörän mazarlaryň ummasyz köplügini, çagşaşyp ýatan gara öýleriň gözgyny keşplerini, çöwrülen tümleri, top okunyň emele getiren çukurlaryny, pytraşyp ýatan snarýad gyýçaklaryny, ok syçrantgylaryny görmek üçin daş ýere gitmek gerek däl. Aýak basan ýeriň şolar ýaly zatlardan doly. Galanyň içini diýseň gorkunç görkezýän şol berbatlyklar üçin özüniňem günäkärdigini duýmakdan ýaňa Iwaşow juda bir tebigy zerurlyk ýüze çykaýmasa daş-iç çykmaga-da gorkýar. Iň bolmanda çekinýär. Şonuň üçinem, samanyň üstünde iki dyzyna çökýär-de, bir burça bakyp ýetişibildiginden çokunýar. Günäsiniň geçilmegini Biribardan haýyş edýär. Soňabaka ol «patdyk-sutduk» türkmençe geplemänem öwrendi. Esasy gürrüňdeşem Hakyda molla. Ol oňa irden turup salam berýär. Onuň çalgyrt gepleýşi Hakyda molla ýaraýar. Hoşuna gelýär. Şonuň üçinem, salamyny alanda çalaja ýylgyrýar. Muňa Iwaşowyň depesi göge ýetýär. Diýmek, goja öz ýesirini ýigrenenok. Dogry, gowam görüp barýan däldir welin, göz-görtele ýigrenibem baranok. Ol asla hiç kimdenem ýigrenç ýa ezýet görenok. Ýogsam olaryň islendiginiň ony urmaga-da, sökmäge-de, hatda öldürmäge-de haklary bar. Ýöne, olar ony edenoklar. Gaýtam, gandalyny süýräp gapylaryndan geçip barýanyny görseler nebsiagyryjylykly seredýärler, döwüm-dişlem nan ýa bir käse süýtdir- gatyk berýänlerem bolýa. Olar muny sogap iş hasap edýärler. Howwa, ol ilki salam bermäni, soň «nan», «suw», «öý», «tamdyr», «kepbe», «işik», «namaz» diýen ýaly sözleri öwrendi. Şeýdibem gidiberdi. Golaýda bir ýerde Hajy diýip, dagystanlylardanam bir türki dilli ýesir bar ekeni. Zynjyryny şakyrdadyp ol her gün şonuň ýanyna gatnady. Ol munuň dil öwrenmek meselesini hasam aňsatlaşdyydy. Hiç kim oňa ol ýere «gitdiň», «geldiň» diýip, azar bermedi. Gaçmak barada welin olar pikirem edenokdylar. Asla, «gidiber» diýenlerinde-de gitjek ýerleri ýok. Özüniňkileriň-ä haýsy tarapdadygynam bilenoklar. Ýa, Alla, diýip, gyrmyldaberselerem hol ýere barmankalar tutuljakdyklaryna şek ýok. Tutlmaýanda-da açlykdan ýa suwsuzlykdan öläýmeklerem ahmal. Bu ýerde bolsa iň bolmanda aç, suwsuz-a bolanoklar. Gyzgynjak bir zat bişirseler ondanam dadyryp durlar. Ýatara ýeriň, düşegiň bar. Şonuň üçin Hajam, Iwaşowam gaçmak barada pikirem edenoklar. Öz dilinde gepleseň gowy görýändikleri ýesirler üçin hasam amatly boldy. Esasanam çagalar, ýetginjekler olar bilen gürleşmäni gowy görýärler. Käbir sözleri ýoýup aýdyşlaryna hezil edip gülüşýärler. «Hany pylan zat diý, pismidän diý», diýip, daşlarynda jowlan urýarlar. Käte Hajynyň özi Iwaşowyň ýanyna gelýär. Kepbe eýesi Baýramgül tebip oňa: «Ýanyňdakyny ýok et» diýip, azgyrylanok. Hakyda molla-da, Enehakyda-da hiç zat diýenok. Gaýtam, käte günortanaralar unaş ýa ýene bir zatjyk jazyrdatsalar ol ikisine-de bir okarajyk guýup berýärler. Hajynyň hem orsça, hem türküçe gepläp oturşyna geň galýarlar. Bir gezek Baýramgül tebip oňa: ─ Diliň-ä türki, özüňem türke meňzeýäň, şu bolşuň bilen sen nädip düşüp ýörsüň bularyň arasyna? – diýdi. Hajy bir zatlar diýjek boldy. Ýöne, düşündirmesi kyn bolar öýtdümi, nämemi, çalarak ýylgyrdy-da, aşak bakdy oňaýdy. Ol ýigidiň dagystanlydygyny özleriniňem musurman, üstesine-de türki halkdygyny, ýöne olaryň bireýýäm Orsyýediň gol astyna düşendiklerini Enehakyda soň bir gün Baýramgül tebibe düşündirdi. Galanyň içinde özlerinden başga-da ýesir düşen soldatlaryň bardygyny Iwaşow Hajydan eşitdi. Ýöne, olaryň nirede, kimiňkide nähili ýagdaýda saklanýandyklaryny welin Hajynyň özem bilmeýän ekeni. Merhumlaryň kyrkyny sowup bolanlaryndan soň, Ahal ilaty Diňlidepäniň ýanyna ýygnanyp, uly sadaka berdi. Oňa ýesirlerem çagyrdylar. Dogry, olary edil üstlerine baryp çagyranoklar-da: «Kimde ýesir bar bolsa, olaram eltip naharlasynlar ýa özlerini ibersinler» diýdiler. Hojaýynlary Iwaşowa-da: özüň gidiber diýdiler. Çermegini çekip, pozzamja telpegini o şahyndan bu şahyna süýşürip, dähedem-dessemläp barýan ýesir soldat Aleksandr Iwaşow märekä golaýlandan ak kirpiklerini gypyrjykladyp göz astyndan Hajyny gözledi. Ahyram tapdy. Ýanyna bardy. Sessiz-üýnsiz gapdalyna çökdi. Märekäniň çetinde güberilip oturan, ýagyrnysy ýapy ýaly, göwresi daýaw, kellesi togalak, ýeňsesi ýasy, içiňden geçip barýan gara gözleri ullakan, göni burnunyň ganatlary uly, agzy atyň erni ýaly, ýaşy ýaňy bir ýigrimiden geçen bu alçak ýigidiň nädip ýesir düşenini Iwaşow bilenok. Onuň özem bu barada dil ýaranok. Ýöne, daşyndan seretseň ýaralanyp düşene-hä meňzänok. Görnüşi gurat. Pylança wagtlap azar çekip ýatandyr diýer ýaly däl. Gorkunjyna iki elinem göterip öz-özüni ýesir berendir diýer ýalam däl. Çünki ol bütin otrýadyň içinde iň batyr ýigitleriň biri hasap edilýärdi. Ol: geldiňmi, diýen terzde Iwaşowa seredip baş atdy. Naharyň ysy agzyny suwardan bolsa gerek, yzly-yzyna ýuwdundy. Muny görüp Iwaşowam ýuwdundy. Ol ýere beýleki ors ýesirlerem ýygnanan ekenler. Iwaşow olary bu ýerde ilkinji gezek görýär. Diňlidepäniň üstünde Ahalyň han-begleri serdarlary we beýleki tanymal adamlar durlar. Olaryň arasynda Iwaşowyň tanaýany ýok. Şonuň üçinem Hajy ony olar bilen tanyşdyrmaga başlady. ─ Ho-ol, ýaşyl baýdagyň sag tarapynda duran daýaw adamy görýäňmi? ─ Howwa. ─ Ana, şol Nurberdi han. Geçen uruşa ýolbaşçylyk eden Berdimyrat hanyň kakasy. Ol Marydan uruş gutaransoň gelipdir. Onuň sag gapdalynda duran... ─ Dykma serdar – diýip, Iwaşow oturan ýerinde galkyjaklady. – Ol urşuň bütin dowamynda bizde ýesirlikde boldy. ─ Howwa. Edil özi. Tanadyň. Ol häzir tekeleriň baş serdary. Ol ikisiniň çep gapdalynda duran daýanykly, gaba telpekli gür sakgally, gök donly adam Gurbanmyrat işan! ─ Işan bolanda kim bolýa? ─ Siziň popuňyz ýaly bir zat. Din wekili. Goranyşyň esasy ýolbaşçylarynyň biri. Onuň sag gapdalyndaky çekge süňkleri çykyşyp duran berdaşly adama bolsa Kerimberdi işan diýýäler. Ol işanlarbaşy. Diýmek, Ahalyň ähli işanlarynyň ýolbaşçysy. Arkalarynda duranlaram batyrlar, hanlar, begler, serdarlar. Hemmesini tanamok, ýöne ho-ol, depäniň orta bilinde özi ýaly jahyllar bilen gürleşip gamçysyny oýnap duran garaýagyz ýigidi welin tanaýan. Ol Garabatyr. Atly goşunyň serdary. ─ Söweş güni ýigitleri bilen ilki kiçi galada, soňam Harazda durup bize garşylyk görkezen ýigitmi? ─ Howwa! Onuň aňry ýanyndaky syrdam boýly, ak telpekli, gyrmyzy donly, ýigit bolsa Ruhy batyr. Oňa Guşly batyram diýýäler. Ýadyňa düşýämi, Ahala giren badymyza öňümizden tekeleriň uly goşuny çykdy. Soňam ak telpekli ýigit öz nökerleri bilen gapdaldan çozdy. Bitiniň burnuny ganatmanam gitdi. ─ Ýadyma düşýä. Kepderi uçuranynam bilýän. ─ Ana, şol ýigit şol. Edil şol wagtam Diňlidepäniň üstünden Garasähet jarçynyň zähräňi ýaryp barýan güýçli sesi ýaňlandy. Ol Gurbanmyrat işanyň şehit bolanlara bagyşlap aýat okajakdygyny mälim etdi we hemmeleriň üns berip diňlemeklerini, depä golaý süýşmeklerini haýyş etdi. Aýadyň okalyp başlanmagy bilen, tutuş galanyň içi bir gulaga öwrüldi. Köpçüligiň depesinde esli wagtlap Gurbanmyrat işanyň ýakymly owazy ýaňlandy durdy. Şol döwrüň içinde soldat Iwaşow iki gezek dagy irkiljiredi, iki gezeginde-de böwrüne dürtülen «symsygyň» badyna «ziňkildäp» oýandy. «Zöwwe» ýerinden galdy. Daş-töweregine garanjaklady. Hajynyň synyndan çekmegi bilenem lampa aşak çökdi. Töwür tamamlanyp, eliňi ýüzüňe sylmaly wagty gelende Hajy oňa: «eliňi şeýdip goşawuçlap tut», diýen manyda «üm» etdi. Iwaşow aýdylany etdi. Bir görse uly il şeýdip otyr. Gurbanmyrat işanam şeýdip dur. Birdenem ol: «Ä-ämi-in...» diýdi-de, iki elinem ýüzüne syldy. Bütin millet onuň şol hereketini gaýtalady. Hajam gaýtalady. Ony görün Iwaşowam şeýtdi. Beýleki ýesirler welin näme etjeklerini bilmän ýaýdanyşdylar. Ahyram, uly iliň ugruna ýykylaýsalar kem bolmajakdygyny bilen bolsalar gerek, ellerini başly-barat ýüzlerine syldylar. Aralarynda aç garna hasam zorruk çykýan sesleri bilen: «A-ami-in!..» diýişenlerem boldy. Hajy olara seredin makullaýjylyk bilen baş atdy. Aýadyň tamamlanmagy bilen märekä jan girdi. Gowur köpeldi. Her kim öz ýanyndan bu aýadyň baryp, öz merhumlarynyň ruhlaryny şatlandyrmagyny isledi. Her kim öz ölüsini ýatlady. Her kim öz ölüsine aglady. Ýesirler bolsa indi beri şolar ýaly uzyn hem ýürekgysdyryjy aýadyň okalmazlygyny, basymrak nahar çekilmegini, içlerine basym bir çemçe ýyly-yssynyň gitmegini islediler. Garasähet jarçy her obanyň adamlarynyň öz gazanlaryna tarap barmalydyrklaryny aýtdy. Agyr märeke toplum-toplum bolup o ýan, bu ýan süýşmäge başlady. Käte hemmesi garym-çatym boldy-da, äpet deňiz deý tolkun atdy. Sozuldy. Büzüldi. Soň ýene-de ýazyldy. Ahyram güle gonan bal arylary ýaly hersi öz barmaly ýerine bardy. Hajy bilen Iwaşow ikisi nirä barjaklaryny, haýsy toplumyň yzyna düşjeklerini bilmän aňalyp galdylar. Ahyram, daş-töwereklerine ýaltaklaşyp duran, aýaklary zynjyrly, ors ýesirlerine, tarap gybyrdyklaşyp ugradylar. Olaryň arasynda entek ýaradan doly gutulmadyklaram, sargylary aýrylmadyklaram bar ekeni. Käsiniň bir goly düýbünden ýok, käbiriniňki bolsa köneräk ýaglyk ýa haýsydyr bir matanyň ýyrtyjy bilen boýnundan asylgy. Zordan ýoreýänlerem, goltugyndan biri girmese asla ýöräp bilmeýänlerem bar. Olar Iwaşow bilen Hajyny görüp begenjeklerinem bilmediler, gynanjaklarynam. Çekişlerden çykylan gününiň ertesi, Dälidepedäki ajy suwly guýynyň başynda çaganyňky ýaly kiçijik aýaklaryny däbşenekledip, tekelere gargap oturan burny paşyk, gözleri azarlan pişigiňki ýaly çerrelip duran Matrosowam şolaryň arasynda ekini. Ine, şol welin biperwaý durup bilmedi. Tanap etdimi ýa gullukdaşyny görüp göwni bozuldymy, ol gyrmyl-gyrmyl edip geldi-de, özüni göni Iwaşowyň boýnuna zyňdy. Paşyk burnyny, ýasy maňlaýyny onuň döşüne oýkan durşuna: «Doganjygym...», diýip aglady. Onuň beýdip, ejizläp durşundan özi utandymy ýa namys etdimi, Iwaşow birhili boldy. Ýüzüni Matrosowyň üstiaşyry iki-baka sypajaklatdy. Onyň basymrak öz gujagyndan çykaryna garaşdy. Ol welin enesini emýän aç güjük ýaly wagty bilen aýrylmadam, agysynam goýmady. Şo-ol, çyňsady durdy. Ahyram ony Iwaşowyň özi aýyrdy. Aýalary bilen gözüniň ýaşyny süpüriň «hyňk-hyňk» edip durşuna, Matrosow şondan soň Haja tarap barmagyny çommaltdy-da: ─ B-bu-da b-biziňkilerdenmi – diýip, Iwaşowdan sorady. ─ Howwa... Dagystanly milletinçilerden... Öz boýnuna-da bökäýerinden ätiýaç etdimi, nämeni, Matrosow özüne tarap ümzük atyp ugrandan Hajy bir ädim yza tesdi. Soň Iwaşowa seredip ýarymdegişme bilen: – Gaty içgin sokjaýa welin, näme, ýöriş wagty muny emdirip dagy edýämidiň – diýdi. Iwaşow muňa öňküdenem beter utandy. Öýkelän çaga ýaly mölerlip, mähnet kellesini aşak goýberdi. Şonda, özaldanam bir şahyna zoraýakdan ilişip duran şyrdagy «hat» edip ýere gaçdy. Ony özünden öňürti Hajy galdyrdy. O ýerine, bu ýerine üfleşdirdi. Kakyşdyrdy. Geýdirdi. Iwaşowyň özi welin, esli wagtlap gabaklaryny ýerden göterip bilmedi. Şol wagtam Diňlidene tarapdan bir geýnüwli, ullakan ala gözleri «jalahlap» duran, syratly ýaş igit ylgaşlap geldi-de, elini depä tarap uzatdy. ─ Baryň, hemmäňiz ýo ýere baryň!.. Hajy terjijme etjek boldy. Ýöne, ýaş ýigidiň näme diýenine ýesirler önsuzam düşündiler. Şonuň üçinem, onuň Diňlidepä tarap uzan goly ýatyp-ýatmanka gandallaryny «şakyrdadyşyn» şol tarapa ýöneldiler. Aralyk şeýle bir daş bolmasa-da, gowünlerine ýol önmeýän ýaly. Ädimsaýy golaýlaşaýmaly depe-de gitdigiçe daşlaşýa. Şonuň üçinem, ýesirler onsuzam kelte kakýan ädimleriniň arasyny has ýygjamlaşdyrýarlar. Her ädimde-de, barysynyň zynjyryndan, bir wagtyň özünde: «şagyrt-şöwürt», «şakyrt-şükürt» edip elhenç ses çykýar. Acmana göterilýär birbada hemmeleriň nazary şolara tarap gönükdi. Durup-durup seretdiler. Nämäniň – nämedigine düşünibem hersi öz ýoluna bakan gitdiler. Golak ýesir bir ganaty döwük guşuň uçjak boşy ýaly abat elini howada galgadyp barşyna boýnuny-ha pyşdylyňky ýaly öňe tarap süýndüripdir, agzynam hatap ýaly açypdyr-da, depä aýaklaryndanam öňürti ýetjek bolýan ýaly labyryby öňe taşlap, ýegdenekläp barýar. Agsak ýesir bolsa kem-kemden yza galýar, käte büdräp ýykylýar-da, tüwdürilip gidýär, oňa ýerli-ýerden goltgy berip galdyrýarlar. Howanyň çigrekdigine garamazdan ol durşuna der. Hatda sary gaçan harby köýneginiň ýagyrnysyna çenli öl. Her gezek ýykylyp-galanda göz çaky bilen depä çenli bolan aralygy ölçeýär. Özleri ýöräp bilmeýänleri ýagdaýy gowraklar goldaşyp alyp gidip barýarlar. Depä ýetmänkäler bir ýerde olary saklap ikibir, üçbir, käbirlerini dörtbir oturtdylar. Tabak kiçiräk bolsa ikibirleriniň, ortatabrak bolsa üçbirleriniň, ulurak bolsa dýrtbirleriniň öňünde goýdular. Ýöne, çemçe bir. O-da ulyly, kiçili. Susak ýaly ulularam, çüňklije çaklaňjalaram, hanasy tegelek kiçeňräjiklerem bar. Nan welin ýeterlik. Gerek diýseň ýene getirip berärler. Ilki paýlanan nany tabakdaşlar öz sanlaryna görä paýlaşdylar. Hersi öz paýynyň ujundan iýjegini döwüp aldy-da, galanyny dyzynyň üstünde goýdy. Şondan soň, «işe» girişdiler. Gyzgynjak ýagly çorba ýesirleriň içegelerine hoş ýakdy. Aka bişen, özara adalatly paýlaşylan et bolsa, agyzlaryna dünýädäki iň süýji tagam bolup degdi . şol dem dünýe unudyldy. Kim dost, kim duşman, parh ýitdi. Dünýäniň bar lezzetem, manysam içi naharly tabagyň düýbünde jemlendi. Her kimiň küýi-köçesi: ýene bererlermikä, diýen pikir boldy. Ýöne, hiç kim ýoldaşyndan artyk iýjek ýa emel etjek bolup azara galmady. Her kim hakyna kaýyllyk bilen hereket etdi. Dogry, Iwaşow bilen Hajynyň arasynda çalarak bir düşünişmezlik boldy. Başda hemme zat bolmalysy ýaly, tertip-düzgün boýunça gitdi. Her kim bir owurtlady-da, çemçäni ýoldaşyna geçirdi. Ýöne, ine, Hajynyň arkasy tutuşkygyna gara gyl bolup duran äpet penjesi tabagyň içindäki ete tarap uzadam welin, häliden bäri şojagaz etiň ykbaly barada, pikir edip oturan Iwaşowyň depe saçy düýrükdi. Egerde Hajy ol eti gepsiz-gürrüňsiz öz agzyna ataýanda-da, Iwaşowyň oňa edibiljek zady ýok. Ol muňa görä kän güýçli, daýaw. Üstesine-de Iwaşow ojagaz lukma üçin ýat ýerde, köpçüligiň içinde dostunyň eline ýapyşyp dawalaşyp durmaz. Hajy welin hakykatdanam gyzgyn eti kä uludan, kä kiçiden üzüp-ýolup, dyzynyň üstündäki nan böleginiň üstüne üýşürip başlady. Arasynda eli bişip, barmaklarynyň ujuny üfledi-de, soň ýene-de dogramasyny dowam etdirdi. Şondan soň Iwaşow etden tamasyny üzdi. Ýöne, nebsi-şeýtan ara düşendir-dä, edil hakyny gideräýesem gelmedi. Şonuň üçinem, Hajynyň et bilen başagaýlygyndan peýdalnyp, çorba güýç bermekligi, şondan köpräk içmekligi ýüregine düwdi. Ýagly çorbadan birki gezek yzly-zyyna gulkuldadyp goýberdi. Soň elindäki nandan dişledi. Ony ýuwdup-ýuwutmanka nobatyna garaşman ýene-de owurtlady. Çemçede gözüňe söweýin agaçdan oýulyp ýasalan, bir tarapy çüri susak bolansoň her gezek girip çykanda çanagyň mesenesini mesaňa mälim peseldip gidip barýar. Aňryňa düşende dagy «düňküldisi» dag aşýar. Özüne ýakmaz bir zat diýerinden ätiýaç edip Iwaşow her çemçeden soň aşaklyk bilen Hajynyň ýüzüne seredýär. Ol welin henizem et bilen garabaşynagaý. Çanaga tarap nazaram aýlanok. Iwaşowyň çemçäni bermän, yzly-yzyna eňterip oturşyna ünsem berenok. Ine-de ol eti dograp boldy. Soň ikä böldi. Her bölegini bir aýasyna salyp sallarlady. Deň bolandyr, öýdenden soňam «me» diýip ýoldaşyna islendik bölegi beräýmedi-de: - Haýsysyny aljak? – diýdi. Iwaşow erbet utandy. Boz-ýaz bolup aşak bady. Şol oturşyna-da burnuna salyp, «hoňňul-hoňňul» etdi. - Haýsyny berseň beräý. Hajy köpräkdir öýden bölegini Iwaşowyň çep owujyna guýdy. Şondan soň Iwaşow çorbadan içmedi. Onuň içmesini goýanyny görüp, Hajam içmedi. Şol wagtam olaryň dik depesinde hälki, geýnüwli ýigidiň çasly sesi ýaňlandy: - Doýmadyk bolsaňyz aýdaýyň, ýene-de guýarys! Beýlekilerden gaýtaladyp iýenler boldy. Elbetde, Iwaşow bilen Hajynyňam gaýtaladaslary gelýärdi. Işdälerem bardy. Doýmadyklaram çyn. Ýöne, entek tabagyň düýbünde iýilmedik nahar bardy. Egerde iýjek bolsalar, onda olar öňi bilen şony iýmelidiler. Emma olar iýmelerini goýupdylar. Doýandyklaryny, hut şonuň üçinem, iýmäni bes edendiklerini biri-birlerine gepsiz-gürrüňsiz duýdurypdylar. Şonuň üçinem olardan ses çykanok. Tabak bolsa gitdi. Çemçe-de gitdi. Ýöne, entek olarda nan bar. Nan bilen tutup iýer ýaly dogralan etem bar. Tabagyň üstüne ýapyrylyşyp, birmeýdan çemçe-çanak bilen gidişen beýleki ýesirlerem garader bolan ýüzlerini kem-kemden ýokary göterdiler. Uludan demlerini alyp, daş-töwereklerine göz aýladylar. Özleri-de bilmezden garynlaryny sypalaşdylar, «pat-pat» etdirişip, aýalary bilen göbekleriniň üstüne kakdylar. Şol wagt olaryň gözlerine dünýä birhili giňän ýaly, ýesirlik hem tamam bolan ýaly bolup göründi. Onda-munda entegem nahar iýip oturanlar, ýap-ýaňyja gelip ýaňy bir öňüne tabak alanlaram bar. Degsin aýady bolsa hemmeler iýip bolandan soň okalmaly. Muny hiç kim bilmese-de, musulman çagasy hökmünde Hajy bilýär. Şonuň üçinem, ol beýlekilere: «Rugsat bolýança turaýmaň», diýdi-de, beýlesine öwrülip, Iwaşow bilen bir zatlar barada gürleşmäge başlady. Esli mahal «hyşy-wyşy» edişip oturanlaryndan soň, arka tarapynda hem-de beýigräkde oturan Hajynyň ýüzüne seretmek üçin, Matrosow kellesindäki tüýleri sallanyşyp duran telpegini eli bilen saklap, yzyna gaňrylybraga-da ýüzüni dik ýokary tutdy. - Bizden ogryn nämäň maslahatyny edýäňiz, how... – diýende, ganatlary çerrelip duran paşşyk burnunyň giň deşikleriniň agyzndaky owunjak, çaň basandygy zerarly ýüzi gyrawlap duran sary tüýler şeňle bir myrtar göründi welin, Hajy ýerinden galaga-da onuň ýüzüne ögäýmekden zordan saklandy. Bu zatlardan bihabar Matrosow agzyny şapbyldadyp ýene bir zatlar diýdi. – Ýa gaçjak bolýaňyzmy? - Aý, ýok, gaçjag-a bolamyzok. Onuň manysam ýok. Ýöne, bularyň bizi öz ýesirleri bilen çalyşmaklary welin ahmal. - Sen näme, türkmenleriň bizde ýesirleri bardyr öýdýäňmi? - Bar, bar. Meniň eşidişime görä, bizde bularyň dört sany ýesirleri bar. Hajy ýalňyşanok. Onuň aýdýanlary dogry. Orslarda dört sany türkmen ýesir, saklanýar. Olaryň ol ýere düşüşleriniň bolsa özboluşly taryhy bar. ...Ors goşunlary şol gezek yza çekilip gidip baryşlaryna Börmede düşlediler. Bir gije ýatanlaryndan soň, ertesi günortanaralar lagerden günorta-gündogar tarapda, Köpetdagy etekläp oturan baýyrlyklaryň aňyrsyndan uly bir tozan göründi. Onuň nämedigini bilmek üçin, soldatlar ýerli-ýerden çar tarapa ylgaşdylar. Tamyň üstüne, alaňrak ýerlere çykyp seredişdiler. Derrewem aşak düşdiler-de, birgiden türkmen atlylarynyň çozup gelýändiklerini habar berdiler. Ol atlylar Gökdepeden çykyp gaýdylany bäri garaba-gara goşunyň yzyna düşüp gelýän bölek-bölek türkmen ýigtlerinden ybarat. Olar hiç kim tarapyndan iberilenok. Hiç kimden, hiç hili tabşyrygam alanoklar. Hemmesi döwtalaplar we höwesjeňler. Başda üç-dört ýüz atlydan köp däl hem bolsalar, Arçman, Nohur obalarynyň deňine gelenlerinde olara başga-da birnäçe höwesekler goşuldylar. Şondan soň olaryň sany sekiz ýüze golaýlady. Olar hususan-da, her düşelgede goşun tarapyndan taşlanyp gidilýän ýarawsyz düýeleri oljalamak bilen meşgul bolup geldiler. Çünki, düýeler soldatlaryň emelsizligi, geleňsizligi zerarly sandan çykýardylar. Tutuş ýörüşiň dowamynda ýekeje gezegem olaryň howutlary aýrylmady. Arkalaryna ýel çaldyrylmady. Hernäçe çydamly haýwan bolsalaram, düýeler soňabaka halys hereketden galdylar. Dört aýaklarynam gerip, abşarylyşdylar-da, «bar-bar» bagyryşdylar duruberdiler. Diňe şondan soň kimdir biriniň kellesine howutlary aýryp görmeli diýen pikir geldi. Görseler, janawarleriň gerişleri ýara bolupdyr. Ep-esli ýerleri oýulypdyr, käbirleriniň bolsa etleri ganjaryşyp, sallanyşyp dur. Has irräk düşen ýaralaryň içi gurtdan ýaňa gyrma. Görseň gözüň gyýar ýaly däl. Ýöme, elinjek adama sataşsa ýarasyny bejerip, birnäçe günem bakyp, bejerip daýandyrsa, garaz, hojalykda ulanmaga ýarajak. Şonuň üçinem, türkmen ýigitleri mallara uly höwes hem hyjuw bilen topulýardylar. Emma olaryň ojagaz keýpleri uzak dowam etmedi. Olary öz yzlaryna düşüp gelmekden mahrum etmek üçin, ofiserler soldatlara ýarawsyz mallaryň damagyny çalyp ýa-da atyp öldürip gitmekligi, işe ýaramly ýagdaýda galdyrmazlygy buýurdylar. Şondan soň, türkmen atlylaram mal olja humaryndan aýňaldylar-da, başky maksatlaryna dolanyp geldiler. Ok, ýarag, şowuna düşse top oljalamak niýeti bilen, mümkinçilik dörän ýerinde goşuna hüjüm etdiler. Jüpüne düşse, goşunyň baryny gyrmak ýa ýesir alyp yzalaryna, Gökdepä sürmek, şeýdibem tutuş Ahal ilini haýrana goýmak, eden işlerine magtanyp, galada galan «ýalta» ýigitleriň öňünde öwünmek ýaly ham-hyýallaram serlerinde ýok däl. Olar häzirem hut şol maksat bilen gös-göni goşunyň üstüne çozuşyp gelýärler. «Ýa, Alla-a!.. Ýa, Alla-a!..» diýýän sesler barha golaýlaşýar. Özbaşdak gaýdansoňlar olarda umumy baştutanam ýok. Ýöne her obanyň, her tiräniň ýigitleriniň onbaşylardan we ýüzbaşylardan ybarat serdarlary bar. Şonuň üçinem, olar gerek wagty gyssagly suratda maslahatlaşýarlar-da, ýagdaýa görä hereket edýärler. Оlaryň gаrşysyna rаketaçylar bаtareýasy, perеýaslaw drаgunlarynyň bir еskadrony wе dаgystanly mеýletinçilerden iki ýüz sаnysy çуkdy. Оn bäş minudа çеken ikitаraplaýyn аtyşyk başlаndy. «Gаrjaşmak» mаksady bilеn türkmеnler birsуhly öňе dуzadylar. Еmma, sоldatlaryň uzаga hеm çаla аtýan tüрeňlerinden çуkýan gуzgyn güllеler оlaryň sаnyny bаsym sеýrekletdi. Rаketalardan оt açуlyp bаşlansoň-a ýigitlеr hasаm aljуraňňylyga düşdülеr wе ur-tut уza çеkilmek bilеn bоldular. «Pаjyrdaşyp» gеlýän rаketalara bakуp sögünişdilеr. Dаgуstanly mеýletinçiler оlаryň уzlaryndan kоwdular. Еsli ýеre çеnli dоwаm еden «it urşundаn» sоň birnäçеsini öldürdilеr, birnäçеsini ýаrаladylar, dört sаnуsyny bоlsa ýеsir alуp gеldiler. Bu çаknyşykda olaryň özleri hiç hili ýitgi çekmediler. Ýеsir ýigitleri goşunyň başlygy, general Lоmakiniň özi sorаg etdi. Ýеsirleriň özlеrini gorky-ürküsiz, bаşlaryny belent tutup, merdemsi alyp baryşlary, bеrilýän sоraglara «рert-pert», ýönе, аýlawly, gümürtik hеm nätakуk jоgap bеrişleri, atylýаn ölüm hоwply hаýbatlaryň öňündе ýaýаplaman, gуpynç еtmän duruşlarу sоldatlary hаýran gаldyrdy. Ýigitlеr buýsаnç bilеn: - Nurbеrdi hаn Mаrydan gеldi. Оl оglunyň mazаrynyň bаşujynda duruр, sizdеn rеhimsiz öç aljаkdygyna аnt içdi. Аlty müň аtly bilеn оl bаsym siziň уzyňyzdan ýеter – diýdilеr. Goşunyň ştab naçalnigi, polkownik Malamanow şol ýesirleriň üsti bilen Gökdepä proklamasiýa ugratmaklygy Lomakine teklip etdi. Teklip goldanyldy. Proklamasiýany taýýarlamaklyk terjimeçä tabşyryldy. Ol haty taýyn edip, ýesirleriň has ekabyrragy, tegelek ak ýüzli, inçemik seýrek murtly, gyýagrak gözleri gülüp duran ýigrimi ýaşlaryndaky Ýusup atly daýanykly ýigide berdi. Hatyň mazmuny şeýle: «Boýun egiň! Ýogsam indiki ýyl mundanam köp sanly goşun geler we barybir baryňyzy boýun egdirer». Ýusubyň özüne bolsa: «Bir hepdeden hatyň jogaby bilen gaýdyp gelmeseň, bu ýerde galýan ýoldaşlaryňy öldüreris» diýdiler. Ýerinden bir turup, bir oturyp, uçjak guş ýaly galkyjaklap duran ýigit, ýaşulylaryň jogabyny alyp, aýdylan möhletde dolanyp geljekdigine söz berdi. Ýusup gidenden soň soldatlaryň arasynda jedel turdy. Biri: «Ol geler» diýdi, başga biri: «Gelmez» diýdi. Ýöne, geläýende-de oňyn jogap bilen gelmejekdigi, oka boýun egmedik tekeleriň iki barmak kagyzyň ýüzündäki hata boýun egmejekdikleri barada welin hemmeleriň pikiri deň çykdy. Ýusup hakykatdanam gaýdyp geldi. Özem bir hepdeden däl-de dört günde geldi. Söz berişi ýaly hatyň jogabynam getirdi. Onuň mazmuny şeýle: «Tekeler diňe güýje boýun egerler». Jogap hiç kimi geň galdyrmady. Çünki, munuň hut şeýle boljakdygyna hemmeleriň gözi ýetýärdi. Onsoňam gaçyp, ýeňilip barýarkaň yzyňa şeýle mazmunly hat ýollamak, haýbat atmak gaty ýerliksiz görünýärdi. Öňünden gepleşip goýulşy ýaly, indi ýesirleri goýbermelidiler, emma Lomakin bu gezegem sözünde durmady. Goýbermedi. Gaýtam tersine, dördüsinem tussag etmekligi buýurdy. Şol wagt otrýatda entek Dykma serdaram Gyzylarbat hany Sopy hanam öz nökerleri bilen şol ýerde bendilikdediler. Soňky wakalardan olaram habarly boldular we Ýusubyň mertligine guwandylar. Ýöne, olaryňam tussag edilendiklerini eşidip welin gynandylar. Ýusubyň mertligine ähli soldatlaryňam guwanandyklaryny, generalyň ähtinden dänmek bilen şu ýörişiň dowamynda indi ikinji gezek imperiýanyň abraýyna zyýan ýetirendigi üçin uçursyz gynanandyklaryny hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. «Görsene muny. Ol gelmänem bilýärdi ahyry. Emma geldi. Ýoldaşlaryny kyn günde goýmazlyk üçin janyndanam, maşgalasyndanam geçip yzyna geldi. Watanyndan ömürlik jyda düşmekden gorkmady» diýşip, oturan-turan ýerlerinde telim wagtlap gürrüň etdiler ýördüler. Ýesirlikden boşap Gökdepä gelşi ýaly, Dykma serdar gidip barýan goşunyň içinde dört sany ýesiriň saklanýandygyny, haýal etmän olary boşatmaklygyň ugruna çykmalydygyny han-beglere habar berdi. Mümkinçilik dörän ýagdaýynda, ors ýesirleriniň hemmesini bolmasa-da käbirlerini şol dört ýesire çalyşmak baradaky mesele hem şol ýerde orta atyldy we makullandy. Bu gürrüň ýyldyrym çaltlygynda gala ýaýrady. Hajy bolsa ony öz aýdyşy ýaly hakykatdan-da iki sany goja türkmeniň özara gürrüňlerinden eşitdi. ...Ýesirlere şondan artyk iç döküşip oturmaga maý bolmady. Ilk-ä Diňlidepäniň üstünden töwür aýady eşidildi. Ol gutarandanam başda olary gazanyň başyna çagyran geýnüwli ýigit dogumly ädimler bilen haýdap geldi-de: Baryň indi gidiň! Dargaň! Ýerli-ýeriňize baryň – diýdi. Alaşakyrdy bolşup, barysy birden ýerlerinden galdylar. Şol wagt Diňlidepäniň aňry ýüzündenem edil özleriniňki ýaly, ýöne mukdar taýdan has köpdügi bildirýän agyr hem süýrenjeňli «şakyrdy» eşidildi. Şonuň bilen bir wagtyň özünde-de ilk-ä aşagy ösgün gara murtly, uzyn hem ýogyn burunlar, soň käbiri sakgally, käbiri sakgalsyz, birgiden çüri, uzyn eňekler, sus hem gaýgyly görünýän, üstüni gür gara gaşlary örtüp duran ullakan ala gözler, ondan soň käbiri takyr, käbiri ösgün gara saçly süýri kelleler, iň soňunda-da zynjyrly aýaklaryny zordan süýreşip, egilibräge-de, iki ýana çaýkanyşyp barýan daýaw, ýöne iňňän ýadaw göwreler yzly-yzyna çykyşyp başladylar. Olaryň soňy depäniň aňyrsyndan çykyp bolýança, öňi esli ýere bardy. Soldatlar olara geň galmak bilen seredişip durdular. Matrosowyň sesi öňkülerine görä has pessaý hem güňleç çykdy. Bular kimlerkän-aý?.. Parslar... – diýip, Hajy ondanam pessaý gürledi. – Dürli döwürlerde ýesir düşüpdirler. Öňler Hywa-Buhara äkidip satýan ekenler. Indi ol ülkeler biziň elimize geçdi. Ol ýerde adam söwdasyny etdirmeýärler. Şonuň üçinem, tekeler indi diňe bularyň yzyndan hossarlarynyň gelip, satyn alyp giderlerine garaşýandyrlar.. – Öz ykballarynyňam nähili boljakdygyny doly bilmeýän ors ýesirleriniň barysy birden iňkise gitdi. Hiç kimden ses çykmady. Hajy egni bilen Iwaşowyň egnine kakdy. – Ýör, indi gideli. Kän eglensek käýinç eşideris. Ýolda Hajy Iwaşowyň ýüzündäki çapyga siňe-siňe seretdi. Gylyjyň yzymy? Ýok. Başga bir zadyň yzy. Özem ilk-ä ýeňsäme, öwrülenimden soňam ýüzüme degdi. Biziň lopatkamyza meňzeş şol zadyň sapyndan tutup bulap duranam ýalňyşmaýan bolsam aýal maşgalady. Her niçik hem bolsa saňa ýara düşüpdir. Meniň bolsa sähelçejik çyzylan ýerimem ýok. Iwaşow köpden bäri aýdybilmän ýören soragyny dile getirdi. Onda nädip... Onda nädip ýesir düşdüň diýjek bolýaňmy? Howwa. Ana, meniňňem gorkýan zadym şol-da. – Hajy az salym sesini çykarman gitdi-de, uludan demini aldy. – Bilmedik adamyň: ellerini göterip meýletin düşendir, öýderinden gorkýan. Şol sebäpli özümiziňkileriň arasyna barmaga-da çekinýän. Aý, ýok. Beýle zat bolup bilmez. Hiç kim beýle pikir etmez. – Iwaşow çekine-çekine Hajynyň ýüzüne seretdi. – Ýogsa-da nähilelik bilen... Men ilkinjileriň biri bolup diwara dyrmaşdym. Çykyşym ýalam öňümde eli gylyçly bir daýaw ýigit peýda boldy. Ol gylyjyny meniň süýr depämden indermek üçin dik ýokary göterdi. Aralyk şeýle bir golaýdy welin, men atmaga-da ýetişmedim. Gylyç bolsa inip gelýär. Öňüne tüpeňimi keseleýin tutdum. Gylyç «jalkyldap» nile degdi-de, zarbyna eýesiniň elinden sypdy. Yza zyňyldy. Meniňem tüpeňim elimden gaçdy. Ikimizem ýaragsyz galdyk. Ýigidiň bokurdagyny peýläp ellerimi öňe serenimi bilýän. Ýöne, ol menden öňürtdi. Ellerimi eli bilen kakyp dyzy bilen içime bir «hyklatdy» welin, iki bükülenimi bilmän galypdyryn. Şondan soň ol iki çignimden tutdy-da, diwardan aşak iterip goýberdi. Germesatan bolup gaýdanymy gelýärkäm gözlerimi Günüň ýiti şöhlesiniň gamaşdyrýanyny bilýän, ýöne, ýere nädip düşenimi bilemok. Gelşim ýaly garymyň içine gaçypdyryn. Ýeňsäm ýere degip seňselän bolsam gerek, tä, ertire çenli özümi bilmän ýatypdyryn. Her niçik hem bolsa daşa ýa demre-hä degen däl bolmaly, ýogsam ýarylardy. Iň bolmanda çat açardy ýa ganjarardy. – Hajy sag eliniň aýasy bilen ýeňsesini tutdy. Ýüzüni çytdy. – Şu ýerim henizem doňan ýaly bolup dur. – Şondan soň ol gürrüňiniň ugruny başga ýana sowdy. – Täzeden bäri bolsa öz-özümi ýigrenip ugradym. Ýeri, şondan şuňa bäş şaýy olja diýip nä körüň bar diýsene, diýýän. Seňk-ä düşnükli. Sen regulýar goşunyň soldaty. Git, diýlen tarapa gidibermeli. A men näme? Maňa näme? Meýletin gaýdyp munça belaýygerdanylara uçrap... Nämemişin, öýlenjekmişim, pul gerekmişin, gahrymançylyk görkezmeseň obanyň gyzlary barmaýarmyşyn. Gahrymançylyk görkezmek üçin hökman bir parahat oturan iliň üstüne talaňçylyga gitmelimi diýsene... Esli ýere çenli dymyp gitdiler. Ahyry Iwaşow dil ýardy. Ol birhili töweregine garanjaklap gürledi. Hajy... Hä? Seni ýigrenýälermi? Urup sökýälermi? Türkmenlermi? Howwa. Aý, ýok, enteg-ä beýle zat ýok. A seni? Menem uranoklar. – Ol iňkise gitdi. – Saňa degmeýändikleriniň sebäb-ä düşnükli. Sen bularyň diline düşünýäň. Gepleşibilýäň. Diniňizem bir. Musulman. Ýöne, maňa näme üçin dözmezçilik edýälerkän? Onuň sebäbi, türkmenler öz başlaryna düşen bu agyr musallaty ikimiz ýaly ýesirlerden ýa ors halkyndan däl-de, ors hökümedinden, goşun generallaryndan, ak patyşanyň basybalyjylykly syýasatyndan görýäler. Bize garap: «Bularyňam ata-eneleri bardyr, haçan gelerkä, diýşip, ýollaryna garaşyp oturandyrlar, gulluga iberenlerinde-de: «Bar, tekäň üstüne çoz», diýip iberen däldirler, ýurduňy gora» , diýip, iberendirler» diýýäler. Şonuň üçinem, bize ýigrenç bilen däl-de, nebsagyryjylyk bilen garaýalar... Biz bolsak aldyk-da bularyň üstüne tüpeňimizi somlaşyp gaýdyberdik, hamala bakja giren oklykirpini ürküzmäge barýan ýaly. Men şulaň arassa hem medenýetli halk ekendiklerinden ýekeje mysal getireýin: ýagny, özüň gözli şaýat Ahala girenimizden soň tutuş goşun boýunça ýekeje adamda içgeçme, gyzdyrma ýa başga bir keselçilik ýüze çykdymy? Ýok. Ýekeje adam keselden ýogaldymy? Ýok. Mallar gyryldymy? Ýok. Ana, gördüňmi? Şunuň öňzem bu ülkäniň ýeke bir adamlarynyň däl, eýsem tebigatynyňam biziňkä görä has arassadygyny, sanitariýa, gigiena sözüniň nämedigini bilmeýänem bolsalar, tebigy üşüklerine görä şol zatlary bizdenem has takygrak berjaý edýändiklerini subut edýär. Iň bärkisi biziň Çatdaky öz elimiz bilen döreden hapaçylygymyzy, şol hapaçylyklar zerarly sähelçe wagtyň içinde emele gelen elhenç keselçilikleri, gün-günden sany artyp gidip oturan mazarystançylyklary göz öňüne getirip gör. Bular näme, mal öldürýän däldirler öýdýäňmi? Şu günüň özünde nijembir mal soýuldy, emma ýekeje ýerde çaşyp ýatan deri, süňk, siňekden ýaňa ýüzi «waglap» duran kelle, aýak, garyn, içege gören dälsiň. Görmersiňem! Çünki, bular hatda mal soýlan wagty topraga daman damak ganynyň üstünde-de dessine ot ýakýarlar. Diýmek, mikroblary öldürýärler... Yzyndanam berk gömýärler. – Hajynyň kellesi gyzdy. – Biziň bolsa ruhy hapaçylygymyzam, medeni derejämizem edil Çatdaky bolşumyz ýaly. Mysal üçin general Lomakiniň Dykma serdar babatdaky eden hereketini alyp göreli. Ol özüni dünýä derejesinde medenýetsiz alyp bardy. Diplomatiýanyň halkara düşünjelerini rus goşunynyň ruhy ahlagyny bozdy. Orsyýetiň syýasy howasyny hapalady. Onyň-a dogry. Meniň eşidişime görä, soňky dört ýesiriň ykbaly hem edil Dykma serdaryňky ýaly bolupdyr. Beh, o-da bolmandyr. Entegem biz bularyň aýdym-saz, şahyrçylyk sungatlary bilen tanyş däl. Onuňam sebäbi biz bularyň başyna bela-beter, gaýgy-gam getirdik, ýasa batyrdyk. Gyrdyk. Şol sebäpdenem gelelimiz bäri galadan agydyr ahy-naladan başga zat eşidemizok. Çünki, musulmançylykgyň düzgünine görä ýasdan çykylýança oba-da aýdym aýdylmaýar, saz çalynmaýar. Arag-a asla-da içilmeýär. Gadagan. Bu-da ahlaky arassaçylyklaryň biri. Atlaryny, halylaryny, gazýan kärizlerini görseň bu halka medenýetsiz diýmäne diliň barar ýaly däl. Hakyda mollanyň gürrüňlerini diňleseň dagy... Bir görseler Hajynyň bolýan öýüniň deňine gelipdirler. Kynam bolsa hoşlaşmaly boldular. Güýzüň salkynjak şemaly öwüsdi. Gün ýaşdy. Agşam düşdi. Howanyň durulygyndan ýaňa göm-gök reňke boýalan Köpetdag Gökdepä has golaýlan ýaly bolup göründi. Şol gün sadaka sowulandan soň, Ruhy batyr Hakyda mollanyň ýanyna salama bardy. Hal-ahwal soraşdy. Sag-aman gutulyp gitmegini, uzak ýaşamagyny arzuw etdi. Soň umumy gürrüňçilige geçdiler. Söhbetdeşlik esasan uly iliň öňünde duran synag, geçen urşuň pajygaly wakalary barada boldy. Hakyda molla Ruhy batyryň ýurdy ant içmän, gala girmän goramak baradaky pikirini goldaýandygyny ýene bir gezek terkarlady. Sözüniň soňunda bolsa wagtynyň azalýandygyndan, ýurduny täzelän güni yzynda mirasdüşeriniň galmajakdygyndan zeýrendi. Sen ýurduma eýe bolarsyň öýtdüm, emma seniňem täleýiň başga ýol bilen gitdi. Elbetde, ykbaly el bilen düzedip bolanok... Ýogsam... Ruhy batyr uludan demini alyp aşak bakdy. Ýöne, sesini çykarmady. Gürrüňçilik gijäniň bir mahallaryna çenli dowam etdi. Ruhy batyr Hakyda molla uklandan soň ýerinden turdy, daş çykdy. Häliden bäri dürli bahanalar bilen girip-çykyp ýören Enehakyda bosagadan daşaryk ätleýşi ýaly onuň öňüni kesdi. Nirä, Ruhy? Gideýin, Enehakyda. Ýatyp gidibermeli ekeniň-dä. Bu öý seniň üçin ýat däl-ä... Men indi bu öýe sygman, Enehakyda. Ruhy batyr soňky döwürlerde ýeke bir bu öýe däl, tutuş oba, çöle, jümle-jahana syganok. Dünýe gözüne dar görünýär. Hiç ýerde köňli karar tapanok. Iç girse daş çykasy, daş çyksa içeri giresi gelýär. Oba gelse çöli, dagy-daşy, çöle çyksa obany küýseýär, daşyndanam bolsa Enehakydany görüp gidesi gelýär. Sebäbi, ýüregine erk edip bilenok. Özüniň bu halyny ol hiç kimden gizlejegem bolanok. Enehakydanyň özünden-ä asylam ýaşyranok. Her gezek gabat gelende bolşy ýaly, ol bu gezegem oňa içini dökdi. Ýüreginde ýanyp duran söýgi odunyň hiç haçan öçmejekdigini özüniň dogumly sesi bilen mert durup, pert-pert aýtdy. Men barybir seni unudyp bilmen, Enehakyda. Kalbymdan ymykly çykarybilmen. Durmuşa çyksaňam, ene bolsaňam, üstüňi çaga basyrsaňam, agtykly, çowlukly bolup eliňe hasa alsaňam meniň üçin şol bir Enehakydalygyňa galarsyň. Sen meniň hemişelik ruhy hemdemimsiň, märibanymsyň, ezizimsiň. Meniň saňa bolan söýgim kalbyma çykmak üçin giren däldir. Ýaňy-ýakyn döränem däldir. Men seni şu öýe gelen günümden bäri gowy görýän. Elime göterip goňşulara barýarkamam, yzyma tirkäp hatarlara aýlanýarkamam, eliňden tutup toýhanalara äkidýän wagtlarymam gowy görýärdim. Dogry, ol wagtlar menem seni jigim hökmünde gowy görýärdim. Emma, jigim däldigiňe welin aklym ýetýärdi. Çünki, bu öýe gelenimde, ýaşam bolsam men eýýäm agy-garany saýgarýardym. Bu öýe nädip, näme sebäpden düşenimem bilýärdim. Soň senem göze görnüp ugradyň. Meniň kimdigimi, özüňi söýýänimem bildiň. Ýöne, söýgümi ret etdiň. «Söý» diýip söýdürip ýa «söýme» diýip söýdürmän bolmaz. Şonuň üçinem men senden kine edemok. Etmenem. Bir zady welin bilip goý: meniň kalbymda senden başga hiç kime, hiç haçan orun bolmaz. Sag-aman ýagyn-a sowduk, belki, gidişleýin gitdigi bolsun, gaýdyp dolanmasyn. Şeýle bolsa halk ýene-de paraht durmuşa dolanar. Senem durmuşa çykarsyň. Men bolsam özümi çöle-gyra uraryn. Mežnun ýaly gurt-guşlary dost tutunyp şol ýerlerde ýaşaryn. Ýöne, nirede bolsamam her gün säher bilen turaryn-da, daň şemalyndan saňa salam ibererin. Ol gelip seniň zülpleriňi syparlar. Ana, şol şemal meniň saňa bolan yşgymdyr. Gijeler daş çyksaň alyslardaky ýyldyzlaryň ýagtysy üstüňe nur bolup döküler, ana, şol nur hem meniň saňa bolan söýgimdir. Aýyň şöhlesi ýaňaklaryňdan ogşar, ol bolsa meniň saňa bolan yhlasymdyr. Enehakyda durup bilmän aglady. Ah, Ruhy, Ruhy... Sen dogrudanam edil Mežnun ýaly sözleýärsiň. – Ol aýalary bilen ýüzüni tutdy. – Sen öz ýüregiňem, meň ýüregimem paralaýarsyň. Özüňem, menem kyn güne salýarsyň. Men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Seni gowam görýän. Ýöne... Nädeýin... Näalaç edeýin... Ruhy batyr uludan demini aldy-da, ellerini serdi. Soňam ugramaga hyýallandy. Enehakyda onuň guşagyndan aslyşdy. Dur, dogan, gitme! Beýdip gitme! Ýüregimde daglar goýup gitme! Gideýin, Enehakyda. Gideýin. Giň meýdana çykaýyn. Özümi dürsäýin. Bu wagt bize ejizlemek bolmyýa. Sary aždarha guýrugyny gymzyna gysyp uzak ýatmaz. Ýene-de geler. Ýöne, bir haýyşym bar: o-da heran-haçan ýüregiňde sähelçejik yş dörese-de, meniň seni gije-gündiz zarlaýandygymy, her gün, Günüň, her aý, Aýyň doguşyna garaşyşym dek garaşjakdygymy unutma! Ýene bir haýyşym: toýuňa çagyrma. Çagyrsaňam gelmen. Geleýin diýemde-de gelibilmen. Näme üçin? Sen meniň ýeke-täk doganym ahyry. Sen şu sözi köp gaýtaladyň, Enehakyda. Ýöne, munuň düýbünden beýle däldigini sen gowy bilýärsiň. Uly ilem bilýär. – Ruhy batyr tisgine-tisgine dem aldy. – Onsoňam, heý-de gymmat bahaly daşyny ýitiren adam ony başga biriniň goltugyna salyşyna biparh garap durup bilermi? Meniň ýüregim duşmanyň okuna döz gelip biler, emma seniň pyrkatyňa döz gelip bilmez. Bagrym duşmanyň uran hanjarynyň yzasyna çydar, ýöne senden jydalyga çydap bilmez. Meniň ýaramyň ýeke-täk melhemi bar, o-da – Garagum. Sen batyr, mert ýigit ahyry, Ruhy, sen özüňe erk edibilersiň. Yşk ody hemmelere deň ýakýandyr. Enehakyda. Onuň öňünde endiremedik, ejizlemedik ýokdur. – Ol Aýyň ýagytsyna gapysy garalyp görünýän samankepbä tarap baş atdy. ─ Şoň içinde itiň günini görüp ýatan ýesirem saňa aşyk bolup yşk derdini çekip ýör, sen zerarly ol häzir öýüni il-gününi, hatda ejesinem unutmaga taýýar, diýseler ynanaýgyn, Enehakyda... – Ol alagaraňkynyň içinde çen bilen gyzyň gözlerine dikanlady. – Inde bolsa men gideýin... – Ol öňe tarap owsun atdy. Enehakydany gujaklaýmakdan zordan saklandy. – Hoş, eý meniň köýen arzuwym! Armanym! Kyýamat güni ikimiz hökman didarlaşarys... Ah, Ruhy, Ruhy... Ýigit gitdi. Enehakyda ol tä, baryp teläre iltengi atyna atlanýança, garaňka garyşyp gözden ýitýänçä gozganman, yzyndan garap durdy. Soň at aýagynyň dükürsine diň saldy. Şol dükürdiniň özüniň ýürek urgusy bilen deň gopýandygyna, sazlaşykly çykýandygyna geň galdy. Soň öýe girdi. Ýerine geçdi. Birdenem ýorganyny başyna çekdi-de, demi-demine ýetmän, sojap-sojap aglamaga başlady. Şol wagt ol Ruhynyň dolanyp gelmegini, ojagyň başynda oturyp ädigini çykarmagyny dolagyny çözmegini bir wagtkylary ýaly gap böwre geçip ýatmagyny isledi. Ine, şonda ol ojakdan düşýän oduň ýagtysyna onuň inçe murtly süýnmegräk, akýagyz, ýüzüni, ullakan ala gözleriniň üstüni örtüp duran gabaklaryny synlar. Ýüregindäki oňa bolan guwanjyň, mähriň hakykatdanam doganlyk söýgüsi däl-de, içi mähir hem muhabbetden doly yşgy söýgüdigine, ömründe ilkinji gezek ynanar, ony boýun alar. Ýöne, indi yza ýol ýok. Aralykda Ahalyň iň abraýly ýigitleriniň biri bolan Ahallynyň daýanykly göwresi direnip dur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |