03:01 Jöwzaly gyş -4: Ýesir çalşygy | |
ÝESIR ÇALŞYGY
Taryhy proza
Ors goşunlarynyň içinde ýesirlikde galan Ýusuby we onuň ýoldaşlryny nähili ýol bilen boşatmalydygy baradaky pikir Ahalyň han-beglerine esli wagtlap ynjalyk bermedi. Ahyram olary özlerindäki ors ýesirleriniň käbirleri bilen çalyşmaly, diýen netijä geldiler. Şonuň üçinem haýsysyny gerekliräk hasap etseler özleri saýlap alarlary ýaly, galadaky otuza golaý ors ýesirleriniň sanawyny düzdüler. Uly sadakany sowuşlary ýalam Gulbatyr serdar bilen Ahallyny baş edip, ýedi adamy ors goşunlarynyň arasyna ugratdylar. Bu wagt goşuny general Tergukasow ýolbaşçylyk edýärdi. Ol hem ors-türk urşuna gatnaşyjylaryň biri. Öň şol wezipäni wagtlaýynça ýerine ýetiren, Ahala eden ýörüşi şowsuz tamamlanan Lomakin bolsa işden çetleşdirildi. Tergukasowyň goşun başlyklygyna bellenendigini Ahaldan çykyp Çekişlere barýan goşun Bamydan geçip, Hozly derede düşlän pursaty eşitdi. Tergukasow bilen Türkiýedäki Baezid galasyny almaga gatnaşan soldatlar muňa diýseň begendiler. «Şonuň bilen hut häziriň özünde Ahaltekä dolanmalam bolsa biz taýýar» diýşip, gygyryşdylar. Haçan-da Çat berkitmesinde durkalar, onuň hut ertiriň özünde bu ýere geljekdigini, derrewem gözden geçiriş gurnajakdygyny eşidensoňlar-a şatlykdan ýaňa bir ýerde durup bilmediler. Biri-birlerini gutladylar, gujakladylar. Uzynly gijäni gorsanyşyp, Baezid galasyndaky wakalary ýatlaşyp geçirdiler. Daň bilen turup, general bilen boljak duşuşygyň sakgal-murtlaryny syrdylar, ýuwnup-ardynyp eşiklerini täzelediler. Aýakgaplaryny tämizlediler, dyrnaklaryny aldylar, saçlaryny bejerdiler. 1879-njy ýylyň 19-njy sentýabr güni, öýlän sagat dörtde Tergukasowyň gelmeginiň hatyrasyna hatara düzüldi. Ähli resmilikler tamam bolandan soň, Tergukasow öz köne esgerleri bilen eleşip görüşdi, käbirleri bilen gujaklaşdy. Garaz, özüni öz soldatlaryndan saýry bir adam hökmünde tutmaýandygyny bildirdi. Olaryň tamasyny aňryýany bilen ödedi. Soň esli wagtlap olar bilen mesaýy gürrüňler edişip durdy. Şeýlelikde, türkmen ilçileri indi Lomakin bilen däl-de Tergukasow bilen iş salyşmaly boldular. Olar başda goşun Bendesendedir, aňry gitse Çatdadyr öýdüp gelýärdiler. Ýöne, Çekişlere gitmeli boljakdyklaryny bilenlerinden soňam olar yzlaryna dönmediler. Çünki, olar nirede düşlänem bolsalar baryp goşun serkerdesi bilen gepleşmek, her edip, hesip edip türkmen ýesirlerini boşatmak barada Nurberdi handan görkezme alypdylar. Gökdepeden çykaly bäri olaryň gözleri ibaly zada-ha düşmedi. Garny ýarylan, aýaklaryny dik ýokary tutup ýatan düýe maslyklarymy, ýarysyny şagallar iýn ýarpy göwreleriniň gapyrgalary somalyşyp duran ýabylarmy, howul hara gazylyp, içinde adam jaýlanan mazarlarmy, taşlantgy goş-golamlarmy, gany gatan ýyrtyk eşiklermi, garaz, ruhyňy göterer ýaly görnüşe-hä gabat gelmediler. Daş-töwerek tutuşlygyna sus hem gamgyn sypata giripdir. Bar zat ýürekgysgynç. Hatda asmandaky mollatorgaýlaryňam saýraýyşynyň öňküligi ýok. Edil, barysy bir ýere üýşüp ýas mukamyny çalýan ýaly. Çat berkitmesiniň özünde başujyna hatda agaçdan ýasalan haç hem oturdylyp, elinjek jaýlanan mazarlaryň iki ýüzdenem geçýändigini görüp, ilçiler keselçiligiňem olary özlerinden kem gyrmandygyna göz ýetirdiler. Ýol welin entek uzak. Geçmesi kyn. Hatarly. Esasanam Bendesen geçidi. Bekdepe geçidi. Şu ýoly ors goşunynyň toplary tophanalary, atlary-arabalary bilen nädip geçendigi hem ilçileri az haýran galdyrmady. Çatda, Tersakanda, Düzolumda we başga-da birnäçe ýerlerde gurlan harby berkitmeler, hemişelik hereket edýän garnizonlar, ok-ýarag, ot-iým ammarlary, şol ýerlerdäki soldatlaryň özlerini edil öz öýlerinde ýaly arkaýyn alyp baryşlary olaryň bu jelegaýlarda ymykly ornaşandyklaryndan, yza çekilen hem bolsalar basym gaýdyp geljekdiklerinden, ikinji Gökdepe urşunyň hökman boljakdygyndan habar berýär. Her berkitmä baranlarynda soldatlardyr-ofiserler ilçileri ýüzlerini sallaşyp, gaşlaryny çytyşyp örän sowuk-sala garşylaýardylar. Diňe habarlaryny berenlerinden soň we ors ýesirleriniň sanawyny görenlerinden soň olara düşlemäge, dem-dynç almaga, ýollaryny dowam etdirmäge rugsat berýärdiler. Indiki berkitmä çenli ugradar ýaly, ýanlaryna bir ýa-da iki sany soldat goşýardylar. Düzolumdan soň daglyk gutardy. Ýedi-sekiz kilometre çenli uzalyp gidýän, beýikli-pesli baýyrlyklar başlandy. Ýoluň şondan soňky bölegini Hazar deňzine çenli uzap gidýän düzlük meýdan tutýar. Şu içgysgynç aralyk ilçileri hasam beter ýadatdy. Ahyry Çekişlerdäki garawul wyşkalarynyň ilk-ä çür başy, soň özi, ondan soň gara öýler, çadyrlar, göründi. Ilçileriň barysy bir wagtyň özünde deýen ýaly ylydan demlerini aldylar. General Tergukasow ilçileri ýoldaky ofiserlerdenem has sowuk garşy aldy. Gulbatyr serdar näme maksat bilen gelendiklerini termeçiniň üsti bilen gysgaça düşündirdi. Soňam elindäki sanawly kagyzyny goşunbaşlygyna uzatdy. Şunda siziň ýesirleriňiziň sanawy ýazylgy. Şularyň arasyndan on ikä çenli isläniňizi saýlap alyp bilersiňiz. General geňirgenmekden ýaňa ýeke bir gaşlaryny däl, gollarynam gerdi. Ýüzünde ýalan ýylgyryş, äsgermezçilikli syrtarylma peýda boldy. Näme üçin on iki? Näme üçin dört däl? Başa-baş däl. Sebäbi, biz parslar bilen ýesir çalyşanymyzda bir tekä bäş gajardan, käte bolsa on gajardanam çalyşaýýardyk. Sebäbi, söweşde biziň ýigitlerimiziň biri şonça gajara taý gelýärdi. Muňa parslaryň özlerem kaýyldylar. Ýöne, ine, siziň sallatlaryňyz welin, ýaraglarynyň üpüjünligindenmi, nämemi, olara görä birneme batyrgaýrak. Şonuň üçinem, biz her bir ýigidimiz üçin üç sallat berjek. Gulbatyr serdar öz sadalygyna görä, soldatlara gymmadrak nyrh kesmek bilen generalyň göwnüni awlaryn, parslardan parhlandyrylandygy üçin onuň öz soldatlaryna bolan buýsanjyny artdyraryn öýdüpdi. Hakykatda, welin onuň ol sözleri düýbünden ters netije berdi. Generalyň myrryhyny tutdurdy. Öler ýaly gaharyny getirdi. Namysyny oýardy. Beýnisini gyjyndyrdy. Egerde, Dykma serdarly wakadan soň ýokary çinli ofiserleriň adyna ýerli halkyň ilçileri bilen geçirilýän gepleşiklerde harby diplomatiýanyň halkara düzgünlerini berk berjaý etmek barada Imperatoryň hut öz adyndan ýörite buýruk gelmedik bolsady we şol düzgüni bozan adamyň kimdigine garamazdan harby tribunala beriljekdigi hakynda ýörite nygtalmadyk bolsady, onda, Tergukasow hem edil Lomakin ýaly şol pursadyň özünde Gulbatyr serdary ähli nökerleri bilen bilelikde bendi edip gulp astyna taşladardy. Gulbatyr serdaryň deňeşdirmesi ony şeýle bir kyn güne saldy welin, ýarylaýmakdan, aýtmasyz bir zady aýdaýmakdan zordan saklandy. Başdaky ýalan ýylgyryşdanam, äsgermezçilikli syrtarylmasyndanam nam-nyşan galmady. Onuň bar diýeni şu boldy: Beýlede bir bähbidini-zyýanyny bilmeýän, düşünjesiz, halk bor eken-ow. – Ol: gidiberiň diýen manyda aňyrsyna öwrüljek ýalam etdi-de, ilçileriň hiç biriniňem ýüzüne seretmän, ýöne gaharly gürledi. – Size ýene bir sagatdan jogap bererler. Aýdylan wagty jogap berildi. Namysly tarapy etlerini iýip barýan hem bolsa, goşunyň geňeş topary şertiň bähbitli tarapyny saýlap aldy: Türkmenler öz göwünlerini näme diýip hoşlasalar hoşlabersinler, bize welin bir soldatymyzy artyk alybilsek bir peýda. Ras, dört tekä on iki soldat berýälermi, almaly! Olar ilçilere ýesirleriň Gökdepä haýsy gün näwagtlar eltiljekdiginem aýtdylar. Ýöne, olar bilen gürleşmäge welin rugsat etmediler. Türkmen topary ol gün şol ýerde bolup, ertesi yzlaryna dolandylar. Işiň oňyn çözülmegi, gepleşigiň şowly geçmegi olaryň bedenlerindäki argynlyklaryny aýyrdy. Esasanam Gulbatyr serdaryň süňňi ýeňlän ýaly boldy. Gelişin ýolboýy içini hümledip, dymyp gelen serdar gaýdyşyn ýolboýy gürledi. Olaryň getiren hoş habarlary galadakylaryňam hemmesiniň süňňüni ýeňletdi. Bu habara esasanam dört ýesiriň dogan-garyndaşlary begendiler. Ilçi bolup gidenlere köp-köp minnetdarlyk bildirdiler. Elbetde, bu habara ýesirlerem az begenmediler. Kimiň gidip, kimiň galjagy belli bolmasa-da, garaz kalplarynda umyt uçgunjyklaryny köretdi. Belleşilen güni Gökdepe galasynyň günbatar tarapyndan ak baýdak göterip gelýän bir bölek atly soldat göründi. Garawulda duran türkmen ýigitleri olary gala ýetirmän sakladylar. Habarlaryny aldylar. Şol ýerde garaşmaklygy tabşyryp, Nurberdi hana habar gönderdiler. Nurberdi han gyssagly suratda ors ýesirlerini galanyň ortasyndaky takyr, ak meýdana ýygnamak we derhal çalşyk geçirmek barada Gulbatyr serdara görkezme berdi. Beýleki han-beglerem, serdarlaram aýaga galdyrdy. Hemme ýesirler bilen bilelikde, gandalyny «şakyrdadyp» Iwaşowam geldi. Gelşi ýalam eýýämhaçan bu ýerde duran Hajynyň alkymyna dykyldy. Akja kirpiklerini gyrpyldadyp tüňňi maňlaýynyň aşagyndan mölerilip ýüzüne seretdi. Näme üçin ýygnadylarkan-aý? Ýesir çalşyk boljakmyşyn. Be-e... Çyn bolup çykdy-ow, seň aýdanyň. Şeýle ýaly... Hemmämizi çalyşjaklarmykan? Ýok, on iki adam. Hany, sanawa hemmämiziňem adymyzy ýazyp äkitdiler-ä? Ony bizikileriň aramyzdan kim-kimleri saýlarlary ýaly. Be-e... Näme üçin beýle az saýladylarka? Dört adama on iki adam azmy? Aý, ýok, az-a däl, ýöne, gidenimize görä hemmämiz gitsek gowy-da. Bu türkmenleriň öz goýan şertleri. Dört türkmene on iki soldat. On ikiniň kim-kimlerdigi bellimi? Bilemok. Men diňe sanyny eşitdim. Bu gürrüň agyzdan-agza geçip ýesirleriň arasyna ýaýrady. Güýzüň ahyrlarydygyna garamazdan, şol gün howa-da diýseň maýyl boldy. Günüň şöhlesi ýesirleriň ýagyrnylaryny birsyhly çoýdy durdy. Olar welin ynjalyp oturybam bilenoklar, durmana-da kararlary ýetenok. Biri-birleriniň ýanlaryna barýarlar, pikir alyşýarlar, birdenem «alaşakyrdy» bolşup aşak çökýärler, soň üene garasar sürüsi ýaly «gürre» örýärler, derwezä tarap boýunlaryny süýndürişip seredýärler. Hemmesiniňem başynda: «Meniň adym çykarmyka ýa galarmykam» diýen alada. Şol ünji Matrosowam öz gününe goýanok. Gitdigiçe-de howsalasy artýar. Iki baka elewräp ýörşine her kime bir sorag berip ýürege düşýär. Ähli kişi gidip bir özi galyp barýan ýaly: ─ Nämüçin hemmeleri boşadanoklar? Nämüçin ýarymyz bu ýerde galmaly? – diýip, özelenýär. Öňküdenem beter ullakan mawy gözlerinden akýan ýaşy aýalary bilen süpürýär. Hamala hemme zady şol çözýän ýaly, aýlanyp-öwrülip ýene-de paşy burnuny Hajynyň kükregine oýkaýar. – Aýtsana, Hajy, nämüçin ýarymyzdanam gowragymyzy taşlap gidýäler?. Gara dagyň bir bölegi ýaly gabarylyp, sarsman oturan Hajydan welin ses-üýn çykanok. Sebäbi, o zatlaryň jikme-jigini onuň özem bilenok. Oňa çenlem Gulbatyr serdar öz nökerleri bilen at segredip ýetip geldi. Onuň yzysüre Ahallam, Dykma serdaram geldi. Gulbatyr serdar bilen Ahallynyň atlary derden ýaňa bugaryşyp durlar. Özleriniňem maňlaýlary der damjalaryndan doly. Agyr aladanyň astyndadyklary, şu üýşmeleňi gurnamak üçin esli wagt bäri iki-baka at salyp ýörendikleri bildirip dur. Gulbatyr serdaryň ak atynyň reňki derden ýaňa gögümtil-küle reňke öwrülipdir. Gyzgynynamy, nämemi ol at bir duran ýerinde durup bilenok. Başyny silkip kä öňe dyzaýar, käte-de yza tesip esli ýere çenli götinjekläp gidýär. Birdenem, Gulbatyr serdaryň haý-küşüne-de bakman iki aýagynyň üstüne galýar we öň aýaklaryny howada kelemenledýär, aýaklaryny ýere goýandan soňam duran ýerinde edil ik ýaly pyrlanmana başlaýar. At birneme köşeşenden soň Gulbatyr serdar ýesirleriň öňünde söz sözledi. Sanawyň öz goşunbaşlyklary tarapyndan düzülendigini, kimiň gidip, kimiň galmaly boljakdygyna türkmen tarapynyň dahylsyzdygyny düşündirdi. Hajy terjime etdi. Şondan soň Gulbatyr serdar at üstünden eglip, sanawly kagyzy Hajynyň eline tutdurdy. ─ Oka!.. Ýüregine turuwbaşdan sowuk suw urmak üçin öz adyny gözledimi ýa sanawda kim-kimleriň bardygyny öňünden biljek boldumy, Hajy ýüzüni ak tam edip sanawy howul-hara gözden geçirdi. Uludan demini aldy. Soňam: «Haýsyňyzyň adyňyzy öňürti tutaýyn» diýýän ýaly başyny galdyryp soldatlaryň ýüzüne ýeke-ýeke garap çykdy. Soldatlaram oňa tarap tutuş göwreleri bilen owsun atyşdylar. Ýesir düşeli bäri hasam inçelen boýunlaryny Haja tarap süýndürişdiler. Agramlaryny saklap bilmän, öňe tarap entirekleşdiler. Şonda olaryň aýaklaryndaky gandallar «alaşakyrdy» ses edip, atlary ürküzdi. Gulbatyr serdaryň henizem doly köşeşmedik aty haýkyryp arkan zyňdy. Onuň bilen ýanaşyk duran Ahallynyň atam başyny silkip, bir gapdala buruldy. «Hokrandy». Duran ýerinde däbşenekledi. Yza tesdi. Nökerleriň atlaram tebil tapyşyp ynjalyksyz hereketler etdiler. Başlaryny silkişip başly-barat kişňeşdiler. Hajy çalgyrt ors dilinde sanawy okap başlady. Kimiň ady çyksa bir çetde aýratyn duruzdylar. Şol iş üçin ýörite çagyrylyp getirilen Abdylla ussa bolsa olaryň gandallaryny aýyrdy. On bir adam bilen şol ýagdaý dowam etdi. On ikinji at galanda entek ady çykmadyklaryň barysy birden duran-duran ýerlerinde doňdular-da, bir gulaga öwrüldiler. Her kim öz adynyň çykaryna garaşdy. Olaryň ýürek urgularynyň zarbyndan ýaňa belent galanyň galyň diwarlary yraň atdy. Ýöne, on ikinji bolup olaryň hiç bireniňem ady çykmady. Hajynyň öz ady çykdy. Bu, beýleki soldatlaryň göwnünde güman döretdi. Has beterem Matrosowyň kalby eýesine ynjalyk bermedi. Ol kükregini ýelden doldurdy-da, gözlerini, burnunyň deşiklerini şeýle bir çerreltdi welin, tes-tegelek ýasy ýüzüniň üstünde asyl şol dört deşikden başga barmak basara-da boş ýer galmady. Ol gybyrdyklap bardy-da, Hajynyň alkymyna dykyldy. Sanawly kagyza ýapyşdy. ─ Hany, görkez! Samawy görkez! Getir şony maňa ber! Öz adyňy sen iň soňunda özüňden goşduň! Şol men bolmaly! Saňa derek men gitmeli! Men hökman gidäýmeli! Meň, ejemi göresim gelýä! Meň ejem ýarawsyz. Mallara seredere-de adam ýok. Üstesine jaýymyzyň üçegem deşikdir... Hajy sanawy onuň gözüne golaýlatdy. Matrosow hernäçe dümtünse-de, ol ýerden öz adyny tapyp bilmedi. Şu gezek okanda çykaýjak ýaly gaýtalap-gaýtalap okady. On iki adamyň ady bir kagyzyň ýarysyna-da ýetmän gutarýandygyna garamazdan, agdaryp, kagyzyň arka ýüzüne-de üç-dört gezek dagy seretdi. Halys bolmandan soň «has-has» edip Hajynyň ýüzüne ýaňadandan çiňerildi. Kellesiniň gyzgynyna aýtmasyz zatlaram, türkmen serdarlaryna ýaramajak zatlaram aýdyberdi. ─ Näme üçin meni goýup gidýäňiz? Ýa men ilden kem söweşdimmi? Ilden az gan dökdümmi? Ýa men Watana gerek dälmişimmi?.. Onuň bu sözleri hatda ýesirleriň özlerinem üýşendirdi. Olar topbaklary bilen tolkun atdylar-da, Gulbatyr serdara, Dykma serdara, Ahalla we olaryň daş-töwereklerini gallaşyp duran nökerlerine tarap howsalaly seredişdiler. Matrosowyň aýdanlarynyň manysyna düşündikleri barymyzyňam başymyza kyýamat geler, öýdüp gorkdular. Hern-ä serdarlar Matrosowyň näme diýendigini Hajydan soramadylar. Soraýanlarynda-da onsuzam towy ýeten dartgynly ýagdaýyň hetden aşmazlygy üçinHajy ony başgaçarak terjime ederdi. Hajy sanawly kagyzy Matrosowyň elinden aldy-da, ýokary galdyrdy. ─ Doganlar! Hiç haýsyňyzam hiç kimden nägile bolmaň! Komandirlerimizdenem kine etmäň. Hemmämize deňlik bolar ýaly, on iki adam sanawdan elipbiý tertibi boýunça saýlanyp alnypdyr. Her kim öz bagtyndan görsün. Meniň adymyň sanawda bardygyna başga-da betgümançylyk edýän bar bolsa, ine, okasynda göräýsin... Hiç kimiň özüni ýoldaşyna betgümançylyk edýän adam hökmünde görkezesi gelmedi. Hiç kimiň eli sanawa tarap uzamady. Asyl, şol tarapa nazaram aýlamadylar. Aşak bakyşyp dymdylar durdylar. Hajy haty eltip Gulbatyr serdara gowşurdy we ady çykan soldatlaryň arasyna baryp durdy. Abdylla ussa onuňam gandalyny aýyrdy. Sähelçe wagtlyk dymyşlyk emele geldi. Hatda Matrosowdanam ses çykmady. Soldatlaryň hersi duran-duran ýerlerinde owunjak hysyrdylara gümra boldular. Kim aýagyny owkalap otyr, kim üsti-başyny düzeden bolup dur. Biri boşanyna begenip ýylgyrjaklaýan bolsa, başga biri galanyna gynanyp sus dur. Ümsümligi şol zatlary at üstünden synlap duran Gulbatyr serdaryň hökümli sesi bozdy. ─ Ady çykanlaryň hemmesi günbatar derwezäniň agzyna barsyn. Hajy ugramanzyndan öň Iwaşow bilen gujaklaşyp hoşlaşdy. Ady çykmadyk beýleki ýesirler bilenem şeýdip hoşlaşdy. Boşap barýanlaryň hemmesi Hajynyň şol hereketini gaýtaladylar. Birbada gidýän kim, galýan kim, garym-gatym boldy. Gyssagara tanşyna-bilşine salam aýdýany haýsy, «Wah, galjagymy bilen bolsam öýe ibär ýaly hat ýazardym», diýip, buduna urýany haýsy, garaz ber-başagaý boldular. Sesini çykarman, bir çetde gözüne ýaş aýlap duranam bar. Şol ikiarada-da şorta sözjagaz tapyp, özüniňem, ýoldaşlarynyňam göwünlerini awlamaga çalyşýanlaram ýok däl. Buýrugyň ikinji gezek gaýtalanmagy bilen, hümeriň arasyndan on iki kelle saýlandy we galanyň görkezilen derwezesine tarap ümzük atdy. Olar üçin bendiligiň ýürekgysgynç günleri we güzaply aýralygy tamam boldy. Sanawda sadaka güni süýreklenip ýörlen golsuz we agsak soldatlaryňam atlary agzalmady. Ana, şol ikisem iňňän kyn güne düşdüler. Hernäçe syr bildirmejek bolsalaram içlerinde harasat gopýandygyny hemmeden öňürti Gulbatyr serdar duýdy. Öňi bilen şol ikisini göz öňüne tutmaklaryny Çekişlere baranlarynda goşun başlygyndan haýyş etmekligi ýadyndan çykarandygyna ökündi. Çünki, olar ýöne bir ýesirem däl-de maýyp ýesirdiler. Oturan-turan ýerlerinde ýoldaşlaryna elgaramadylar. Şonuň üçinem, ol şol mesele boýunça derhal Nurberdi hanyň ýanyna adam iberdi. Howul-hara Dykma serdar bilenem maslahatlaşdy. Nurberdi handan oňlaýjy habar gelendenem ol ikisiniňem aýagyndan gandalyny aýyrmaklygy we ýoldaşlarynyň yzyndan ugratmaklygy Ahalla tabşyrdy. Şeýlelikde, boşadylan ýesirleriň sany on dörde ýetdi. Maýyplar özleri barada alada edendigi üçin Gulbatyr serdara köp-köp minnetdarlyk bildirdiler. Beýleki han-begleriň öňünde-de hormat bilen baş egdiler. Gaýdyp türkmen ülkesine elleri ýaragly girmejekdiklerine söz berdiler. Eýýämhaçan derwezä ýetip barýan ýoldaşlarynyň yzyndan ýetmek üçin agsaklaşyp, towsaklaşyp ugranlaryndan soňam mahal-mahal saklanyp yzlaryna öwrüldiler, öz yzlaryndan gözigidijilik bilen garap duran ýoldaşlarynamy ýa ýene-de, özlerini bendilikden boşadan han-begleremi, gollaryny buladylar. Soň ýene-de öwrülip ýollaryny dowam etdirdiler. Sähelçe haýal-ýagallyga ýol berseler tutulyp ýene-de yzlaryna äkidiläýjek ýaly ýagdaýlarynyň ýetdigine görä ylgaşladylaram. Käte deňagramlylyklaryny saklap bilmän o ýan, bu ýan patanaklaşdylar-da, ýa ýüzün, ýa ýanyn ýykyldylar. «Hyk-çok» ýerlerinden galyp, goltgy bermek üçin biri-birleriniň goltuklaryndan girdiler, söýget berdiler we ýene-de ýollaryny dowam etdirdiler. Ol ikisiniň sanawdan daşary goýberilendiklerini görüp, Matrosowam ýoldaşlaryndan saýlandy-da, derwezä tarap gybyrdyklap başlady. ─ E-eý, doganjyklar! Duruň-ň!.. Menem özüňiz bilen alyp gidiň-ň!.. Türkmen ýigitleri onuň öňüni gabadylar. Sakladylar. Özleriniňkileriň arasyna getirdiler. Özüni ýuwaş alyp barmaklygy sargadylar. Ol welin, şo-ol, bir wagt içi ajy suwly guýunyň başynda bolşy ýaly oturýerini ýere urdy-da, çaga ýaly aýaklaryny däbşenekledip aglamaga başlady. Birdenem ýerinden turdy-da, ylgap baryp, Dykma serdar bilen entegem bir zatlar barada pikir alşyp duran Gulbatyr serdaryň üzeňňisinden aslyşdy. ─ Menem goýberiň! Jenap han, jenap serdar, menem boşadyň. Meňňem ýagdaýym ýaňkylaňkydan gowy däl... Meňňem... Öýe gidesim gelýä... Indi Hajy ýok. Diýmek, terjime edere adam ýok. Ýöne, onuň näme diýýäni Gulbatyr serdara onsuzam düşnükli. Onuň öýlerine gidesi gelýär. Ýeke bir bujagaz burny paşşyk, pişikgöz soldatyň däl, ho-ol, giden ýoldaşlarynyň yzlaryndan garaşyp duran beýleki kazaklaryňam gidesleri gelýär. Ýöne, olar munuň ýaly özelenip, oda-köze düşüp baranoklar. Öz erkeklik mertebelerine mahsus derejelerini saklap durlar. Umumanam, olar özlerini asuda alyp bardylar. Mert durdular. Ejizlemediler. Ähli dertlerini berk ýumulgy aýalarynyň içinde, çygjaryp duran mawy gözleriniň owasynda, gysylgy dişleriniň aňyrsynda gizlediler. Nadaralygam etmediler. Hudaýdanam nalamadylar. Ähli zady bolşy ýaly kabul etdiler. Maňlaýlaryndan gördüler. Ýoldaşlary derwezeden çykyp gidenlerinden soňam olar esli wagtlap şol tarapa seredişip durdular. Özara bir zatlar barada gürleşdiler. Hususanam komandirleriniň özleri hakda-da alada etjekdikleri, basym özleriniňem bu ýerden gitjekdikleri barada göwünlerine teselli berip biläýjek sözler aýdyşdylar. Şeýdibem dargaşdylar. Her kim öz sümelgesine tarap mytdyldap ugrady. Derwezäniň agzyna üýşensoňlar, ýesirleri lükgesi bilen galadan çykardylar. Özüniň üç sany nökeri bilen Gulbatyr serdar olaryň sag tarapyndan, Ahally bolsa çep taraoyndan ýöredi. Dört sany eýerlenen, üsti boş aty bolsa boşadyljak dört ýesir üçin idekläp äkitdiler. Galadan sähelçe saýlananlaryndan soň, bir topbak atly kazak bilen dört ýesir göründi. Belli bir aralyga baryp türkmenler durdular. Gulbatyr serdar Ahallyny öňe iberdi. Ol tiz wagtdan gaýdyp geldi we ähli zadyň gepleşişleri ýalydygyny habar berdi. Ýesir çalşyk uzaga çekmedi. Ak baýdakly dört soldat türkmen ýesirlerini alyp bäriligine ýöriş etdiler. Ahallam on dört ýesir bilen şol tarapa ýöneldi. Iki tarap üçinem aralyk ýerde duşuşdylar. Näme üçin ors ýesirleriniň on iki däl-de, on dörtdigi barada hiç hili gürrüň bolmady. Olar aňryk gitdiler, türkmenlerem bärik gaýtdylar. Bu hysyrdylaryň barysy birigip bary-ýogy ýarym sagada golaý dowam etdi. Ertirden bäri haplap duran çygly, ýyly howa öz ornuny salkynjak güýz şemaly bilen çalyşdy. Adaja ýel öwüsdi. Ak takyrlaryň üsti bilen kem-kemden köpelip ýegdekleşip barýan peşmekleriň daş sypatlary diýseň gülkünç göründi. O ýan, bu ýan ygyşýan köne-küşül esgiler welin olar ýaly uzaga gidip bilmediler. Hersi bir çöpe-çalama çolaşyp galdylar. Gulbatyr serdar, Ahally we beýleki nökerler ýesirleri alyp gala girenlerinden töwerek-daşlaryny adamlar gurşap aldylar. Gujaklaryny gerip, ýesirler bilen ýeke-ýeke görüşdiler. Ýusup ähli hossarlaryndan öňürti öňünden moýmanaklapjyk çykan üç ýaşlyja oguljygyny bagryna basdy. Hakyda mollalara barýan şu ýoluň köp bölegini Iwaşow ozal Hajy bilen geçýärdi. Kä ýerde durup onuň bilen içgin-içgin sözleşýärdi. Soň ýene ýoluny dowam etdirýärdi. Kynlyk bilen hoşlaşýardy. Ine, indi ol ýok. Şonuň üçinem, ýol ugrundaky her bir zat oňa Hajyny ýatladýar. Şol zatlara bakyp göwni bozulýar. Bokurdagy dolýar. Gözlerine ýaş aýlanýar. Onuň boşandygyna, öýüne gidendigine begense, öz durmuşynda hiç zadyň üýtgemändigine gynanýar. Elbetde, beýleki ýesirler ýaly o-da goşunyň Börmä ýa Bama, gaty gitse Bendesene baryp, birneme güýjüni tijänden soň ýene-de gadyp geljekdigine ynanýar. Şu günki boşap gidenleriň agsak bilen golakdan öňňesiniň öýlerine goýberilmejekdigine-de, olaryň bu ýere indi ikinji gezek elleri ýaragly gaýdyp gelmeli boljakdyklaryna-da, özlerini şunça wagtlap ekläp-saklan, bejeren adamlara tarap, ok atmaly boljakdyklaryna-da ynanýar. Şonuň üçinem, goşun gelýänçä ol özüniň şu ýerde saklanaýanyny kemem görenok. Gala alynandan soň ümsümjek özüniňkilere goşulyp gidiberer welin, bolar duruberer. Galanyň alynjakdygyna bolsa söz ýok. Çünki, aralarynda bolup ýören döwri ol tekeleriň ok-ýarag meseleleriniň çak edişindenem bäş beter ýabygorludygyna göz ýetirdi. Ýaş oglnlar heniz-henizlerem galanyň içinden ok, snarýad böleklerini çöpleşip ýörler. Üstesine, täze geljek goşunyň ünjünçilik ýagdaýy öňküdenem has gowy boljakmyşyn. Diýmenk, uruş geçen gezekkesindenem has aýylganç bolar. Ine, hut şonuň üçinem, Iwaşowyň indiki hüjümçileriň arasynda bolasy gelenok. Çünki, ol bu halk bilen iki aý gowrak wagt bäri il bolup otyr. Olar bilen bir gapydan girip-çykyp, ellerinden iýip-içip ýör. Hut şolaryň kömegi bilen dertden gutuldy. Indem gidäge-de, sanlyja aýdan soň eli ýaragly üstlerine sürnüp geläýse, ony Hudaýam halamaz. Birdenkä, atan oky Enehakyda, Hakyda molla ýa Baýramgül tebibe degäýse dagy-ha ol ýulunmaza gider. Şolaryň biriniň öz okundan ölenini görenden, Iwaşow galan ömrüni öz obasyny, Maşany, hatda mähriban ejesinem görmän geçirenini ýeg saýar. Onsoňam, iň bolmanda goý, daşyndan bolsun, goý, ogrynça ýa kä mahal bolsun, özleriniňkiler gaýdyp gelýänçäler Enehakydany daşyndan synlap, gül keşbine guwanyb-a gezer. Onuň oturşyndan, turuşyndan, girişinden çykyşyndan lezzet alar. Samanhananyň penjire hökmünde goýlan deşijiginden seredip, öýleriniň daş işiginde kir ýuwup, iç işikginde saçyny timarlap, ortradaky ojagyň başynda biş-düş edip oturan Enehakydany mundan buýana-da hemişekileri ýaly daşyndan synlab-a gezer. Diňe şol zatlaryň özem Iwaşow üçin dünýe malyna degýär. Saçynyň çep tarapyny ýuwan wagty sag, sag tarapyny ýuwan wagty çep tarapy gara perde ýaly aşak dökülýär-de, Enehakydanyň ýüzüni bütinleň örtýär. Şonda Iwaşow gynanýar. Durlamak üçin iki tarapynam birikdirip ak bilekli gollary bilen sykyp başlaýaram welin, bulutdan çykan Aý ýaly bolup, ýeke bir ýüzi däl, eýsem gazyňka ogşamyş boýnam, ak gar kibi alkymam birenaýy akjaryp görünýär. Döwekçi ýaly ýumşak samany depgiläp duran ýigidiň şonda huşy başyndan uçýar, ýesirlik ýatdan çykýar, bir oturýar, bir turýar, birdenem dyzyna çökýär-de, hamala şol ýerde Isa pygamberiň suraty asylgy ýaly kepbäniň bir burçuna bakyp, ýetişibildiginden çokunmaga, samramaga başlaýar. Soň hasanaklap ýerinden turýar-da, özi üçin elýetmez gyzy hiç bolmanda ýene bir gezek daşyndan synlap galmak üçin şol öňküje ýerine, deşigiň agzyna dykylyp barýar... Howwa, ol dert çekýär. Şol dertden ýaňa ol indi özüniň ýesirlik derdini duýanok diýseňem boljak. Ýöne, şol derdiň içinde üýtgeşik bir lezzetiňem bardygyny welin aňýar. Ana, şol lezzetli jebir hem ony öz erkine goýanok. Soň ýeri ol şol jebriň özünden aýrylyp gidibermegini gaty bir isläbem baranok. Ol şo derdi tä, ömrüniň ahyryna çenli, şu saman kepbäniň içinde çekip geçirmelem bolsa kaýyl. Şonuň üçinem ol özüniň çalşykdan galanyna gaty bir gynanybam baranok. Ýöne, onuň bir gorkýan zady bar. O-da günlerde bir gün Ahallydyr – Ruhy batyryň haýsam bolsa biri geläge-de, Enehakydany alyp ötägidibermesin diýen gorky. Bu meselede ol hususan-da Ahallydan gorkýar. Sebäbi Enehakydanyň şoňa göwün berendigini aňýar. Gyzyň oňa garaýyşam, görende özüni alyp baryşam, gürleşişem üýtgeýik. Dogry, ol Ruhy batyr bilenem gowy gürleşýär, ýöne, Ahally bilen gürleşişine garanda birhili arasynda perde duran ýaly. Çekinjeňlikmi ýa ile belli batyr ýigidiň dogumy sussuny basýarmy, ony görende gyz birhili aljyraberýär. Ýaýdanýar.Ruhy batyryňam ýaşlykda şu öýde önüp-ösendigini Iwaşow daş gulakdan eşitdi, ýöne, näme üçindir Ruhy batyram bu öýe gelende-de, gidende-de Ahally ýaly özüni erkin duýup bilenok. Söwdasy oňmadyk söwdagär, sözi ötmedik sawçy ýaly özüni birhili närahat duýýar. Gamgyn, sus görünýär. Gözleri bolsa hemişe arman içinde. Her gezek Enehakyda bilen hoşlaşjak bolanda gözlerine çyg çaýylýar. Damagy dolýar. Şeýdip, hiç zat diýibilmänem çykyp gidýär. Diýäýse-de juda kynlyk bilen diýýär. Ah bilen pygan içre sözleýär. Şonda onuň agzyndan ataş çykýar, ýalynyň tebti bolsa baryp, gyzyň ýüzüne çabraýar. Şu oýlara gümra bolup gelýän Iwaşow barmaly ýerine ýeteninem bilmän galdy. Enehakyda Baýramgül tebip bilen gapyda bir zatlara güýmenip oturan ekeni. Ony görüp Iwaşowyň süňňi sarsdy. Ýüreginiň urşy çaltlandy «gürsüldisi» gataldy. Olara bir zat diýip ýüzlenmäge özüni haksyz hasap edibem samanhana tarap ýöneldi. Ýöne, kümäniň agzyna ýetip-ýetmänkä Baýramgül tebip onuň yzyndan gygyrdy. ─ Näme, sallat, seň adyň çykmadymy? – Iwaşow kellesini ýaýkady. Hamala her gün sanaw duran ýaly, ýesiriň göwnüni götermek üçin sadalaç gürledi. – Zyýany ýok, sallat nesibedir. Bu gün çykmasa erte çykar. Iwaşow hasyr-husur samanhana sümüldi. Samanyň üstüne ýazylan gaty liminiň üstüne özüni atdy. Ilki gyşardy, soň arkan düşdi. Derrewem uklady. Gijäniň bir wagtlary üşäp oýandy. Görse, saman kepbäniň deşijeginden içerik Aýyň şöhlesi düşüp dur. Asyl, Aýyň özem görnüp dur. Megerem on dördi dolan bolsa gerek, ol tes-tegelek. Daşy agyllapdyr. Asman çalymtyk reýkde. Arassa däl. Daňdanlar goýy duman düşmegi mümkin. Ýyldyzlar garaňky gijelerdäki ýaly gür däl. Bolanjasynyňam nury öçük. Iwaşow Aýy has ine-gana synlamak üçin ýerinden turdy. Deşigiň agzyna bardy. Aý kem-kemden aşaklap, tä, Köpetdagyň garamtyl gerişlerine eňegini direýänçä syn edip durdy. Şonda Aý ýokardakysyna görä kän uly bolup göründi. Reňki bolsa ýaşyp barýan Güne meňzedi. Gyzardy. Daş-töwerek tukat bir görnüşe girdi. Bu hal Iwaşowyň kalbyna wehim saldy. Şondan soň ol Aýa seretmäne gorkdy. Yza çekildi. Kepbäniň içine göz aýlady. Emma Aýa köp sereden gözler birbada hiç zady saýgarmady. Göwnüne her burçda bir albassy ýalaňaç zenanyň sypatyna girip, dişleri döwük darak bilen sary saçlaryny darap oturan ýaly boldy durdy. Ol: «Molla aka-a!..» diýip, ulyili bilen gygyrybermekden zordan saklandy. Aýyň daga duwlanmagy bilen, samanhananyň içi hasam garaňkyrady. Hä diýmänem, daňdanyň çigregi düşdi. Soldat ýene-de ýerine geçdi. Oňa çenli gözem garaňka öwrenişdi. Göwrümi giňedi. Ýöne, barybir uklap bilmedi. Geçen uruşdan ölmän galan horazlaryň biri-birlerine gezek bermejek bolýan ýaly dyngysyz hem başly-barat gygyryşmaklary bilen daň atdy. Soldat asgyryp ýerinden turdy. Daş çykdy. Ýöne, Aýyň ýaşan tarapyna seretmäge bogny ysmady. Galanyň Gündogar diwary bolsa dogup gelýän Güni halka görkezmejek bolýan ýaly, al-asmanda magallaklap dur. Agyrmy, ýeňilmi, ajymy, süýjümi, sen baýmy ýa garypmy, erkinmi ýa ýesirmi, parhy ýok, günler birsydyrgyn geçip dur. Iwaşowyňkam şonuň ýaly. Düýnjigem daşarda güýz şemaly şuwlap durdy, bu gün bolsa eýýäm gyş. Samanhananyň deşijeginden görünýän asmanyňam ýüzi öňküsi ýaly däl. Mähirsiz. Sowuk. Bir hata iş eden agtydyna ajysyny pürkmäne hyýallanýan ýowuz ata ýaly häli-şindi çytylýar. Käte bolsa ýüzünden gar ýagýar. Samanhananyň gamyş basyrgysyndan ujy çiş buz taýajyklary sallanýar. Iwaşow aşagynyň samanyny galňadýar. Düýn ol Baýramgül tebipden diläp ýene bir köneräk ýorgança aldy. Elbetde, ol ony Hakyda molladan ýa Enehakydadan soran bolsa-da bererdiler. Ýöne, beýtmedi. Sebäbi, han-begleriň buýrugy boýunça ol Baýramgül tebibe degişli. Munuň jogapkärçiligini boýnuna alanam şol. Çünki, aýak üstüne galanlaryndan soň ors ýesirlerinem parslar ýaly bir ýere jemlediler. Göz astynda sakladylar. Ýöne Baýramgül tebip Iwaşowy ekabyrlardan haýyş edip öz ýanynda galdyrdy. «Men bir ýeke golly adam gaýtam iş-güýjüme kömekleşýä...» diýdi. Hakyda molla-da: «Şu sallat birhili üýtgeşik. Gepi-sözi edil, musulman çagasy ýaly. Gürrüňçilige höwesek. Ýaltanman aýdybilseň ýatman diňleýä», diýensoň ekabyrlar gaýra gaýşyp durmadylar. Hakyda mollanyň aýdanlary dogry. Ýaňky sözleri ol Baýramgül tebibiň arkasyny almak üçin aýdanok. Iwaşow hakykatdanam gijelerini onuň bilen söhbetdeşlikde geçirýär. Dil bilişi ýabygorlyrak bolsa-da, garaz nägerek-eýle düşünişýär. Gün-gündenem ökdeleýär. Käte olaryň gürrüňine Enehakyda-da goşulýar. Ýöne, goşuldygy ýesiriň özüni oňaýsyz duýup başlandygyny aňýar-da, el işlerini alyp Baýramgül tebibiňkä çykyp gidýär. Atasy bilen ýesiirň gürrüňçiligi has uzaga çeken gijeleri bolsa, şol ýerde ýatyberýärem. Iwaşowyň özem ýaşlygyna garamazdan hudaýhonrak adam bolansoň ol ikisiniň gürrüňi esasan dini meseleler babatda bolýar. Köplenjem Iwaşowyň soraglary gepbaşy bolup hyzmat edýär. Bir gezek ol Hakyda molladan Kurany Kerimiň mazmuny musulmançylygyň esasy ündeýän zatlary barada sorady. Hakyda molla Kuranyň esasy ündewleriniň Allahyň barlygyny ykrar etmekden, ruhy hem ahlaky arassaçylykdan, namazdan, täretden, orazadan we haç parzyndan ybaratdygyny aýtdy. Yslam – bu beden we ruhy arassaçylygydyr, şeýtana, nebse garşy göreşdir, diýdi. Yslamyň özünden öňki dinleriň hiç birinem ret etmeýändigini, gaýtam olaryň hemmesine-de hormat bilen garaýandygyny, Nuh pygamberem, Dawut pygamberem, Musa pygamberem, Isa pygamberem Muhammet aleýhysalam bilen bir hatarda Allahyň resullary hökmünde kabul edýändigini, Töwradam, Zeburam, Injilem Kurany Kerim ýaly asmandan inen ylahy kitaplar hökmünde ykrar edýändigini ilik-düwme düşündirdi. O, Bože-e!.. – diýip, Iwaşow şonda ellerini tüýnüge serdi. – Slawa tebe gospodi!.. – Soň ol Hakyda mollanyň aýagyna ýykyldy. Patdyk-sutdugraga-da, türkmençe gepledi. – Molla aka! Siziňki Yslam biziňki hristian, ikisi-de ─ Ol sag eliniň süýem barmagy bilen sol eliniň süýem barmagyny biri-birine süýkedi. – Wo-o! Sen diýdi zatlar, men diýdi zatlar menzeş. Elbetde – diýende, begenmekden ýaňa Hakyda mollanyň gözlerine ýaş aýlandy. Hemme dinleriňem düýbi birdir. Maksatlaram birdir. Ol ýere olaryň hersi öz ýoly bilen barýa. Ana, şolam olaryň arasyna düşünişmezlik salýa. Mysal üçin, yslam şerap içmekligi, surata çokunmaklygy gadagan edýä. Pygamber bilen Hudaýy garyşdyrmagam bolmaýar. Pygamberiň enesi, atasy bolýar. Hudaý welin dogulanogam, dogranogam. Ol ýeketäk. Biler bolsaň yslamdan öň türkmenleriňem öz dini bolupdyr. Olar Gök Taňra, ýagny asmana uýupdyrlar. Şonuň üçinem, başda belli bir derejede yslama garşy durupdyrlar. Emma yslamyňam Taňryçylyk ýaly bir hudaýlylygy ündeýändigine kem-kemden düşünipdirler. Kabulam edipdirler. Düýnki uruş din urşumy, atam? Size näme diýip düşündirdiler? Bize hiç kim belli zat aýtdy ýok. Biri diýdi – türkmene kömek gerek. Ýene biri diýdi türkmeni inglizden halas etdi gerek... A biz kimiň üstüne gitdi, kim bilen uruşdy, näme üçin uruşdy, bildi ýok. Oňarmandyrlar. Aýtmaly ekenler. Düşündirmeli ekenler. Bar zady syýasatlaşdyrypdyrlar – Hakyda molla uludan demini aldy. – Howwa-da, aýdan bolsalar siziň parahat oturan ilatyň üstüne eli ýaragly gitmekden boýun towlaýmagyňyzam ahmal ahyry. Çünki, ýönekeý halk hiç haçan uruş islemeýär. Hiç haçan halk bilen halk uruşmaýar. Uruşýanlar hökümdarlar. Serkerdeler. Biziň bitewi bir döwlet däldigimizi, üstümizde aýagyny sallap oturan hökümdaryň ýokdugyny nazara alsak, düýnki uruş hökümdarlaryň urşam däl-de, bir hökümdaryň ejiz bir halk bilen, onda-da onuň bir taýpasy bilen urşy. Elbetde, bu urşy dini uruş hökmünde kabul etmekligi ündeýänler bizde-de ýok däl, bir seredeniňde bu şeýle ýalam bolup dur, ýöne, bu beýle däl, bu uruş barybir din urşy däl. Ors hökümediniň basybalyjylykly urşy. Diýdimzorluk urşy. Bizem döwlet bolan bolsadyk, onda ors hökümedi biziňem arkamyzda durjak döwletleriň tapyljakdygyny aňardy we beýdip, eli ýaragsyz, palçykdan galdyrylan pagsa galasyna bukulyp oturan halkyň üstüne sürnüp gelmezdi. Ýa-da aýdaly, ors hökümeti biziň üstümize nähili maksat bilen çozjakdygyny öz halky bilen maslahatlaşan bolsady. Onda ors halkynyň içinde ýekeje adamam şuňa razy bolmazdy. Gaýtam garşy bolardy. Hökümdarlyklaryny berkitmek üçin iki halk biri-birine düşünişmese gowy. Olar hökümdarlyklaryny berkitmek üçin hatda öz raýatlarynyň arasyna agzalalyk salmakdanam gaýtmaýarlar. Olar Allanyň buýruklarynam, pygamberleriň parzlarynam diňe öz bähbitleri üçin ulanýarlar. – Hakyda molla başyny galdyryp tüýnüge seretdi. Asmana göz dikdi. – Wagt geler, dünýäniň ähli döwletleri bir döwlete birigerler, külli adamzat bir dine uýar. Biribara tarap bir ýol bilen gider. Şonda ýer-ýurt dawasam, din dawasam bolmaz. Şol zatlaryň şeýtany pygyllardandygyna külli adamzat düşüner. Adamzady köp garaşdyran, ähli enbiýalaryň, ömürboýy arzuw edip geçen ajap eýýamy geler... Dogry-y... – diýip, Iwaşow kellesini usullyk bilen aşak goýberdi. Ojakdaky ýanyp duran oda sesiz-üýnsiz seredip köp oturdy. Köräp duran oduň ýalkymyna şol wagt onuň ýüzi bolşundanam beter gyzyl göründi. Onuň Hakyda molladan ýene-de bir zatlar sorasy geldi. Ýöne, aňyrsynda dykyn alyp, daşyna dyňzap duran soraglaryň haýsy birini öňürti dile getirjegini bilmän ýaýdandy. Has beterem heçjikläp, sakynyp, gepimi düşündiribilmerin öýdüp çekindi. Şonuň, üçinem, ýaňky ýaly çynlakaý soraglary soň bir güne, birneme dile ökdeläýjek mýtdetlerine çenli gaýra goýdy. Howwa-da! Gyş ýaňy başlandy. Uzakdan uzak, sowuk gyş gijeleriniň aglabasy entek öňde. Gürrüňleşere iç döküşere, dil tapyşara entek wagt kän. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |