01:29 Jöwzaly gyş -5: Ýazlagda | |
ÝAZLAGDA
Taryhy proza
Iwaşow Hakyda molla bilen şeýle bir öwrenişdi welin, Baýramgül tebibiň degşip aýdyşy ýaly, soňabaka ojakbaşynyň bir ýan tarapyny ymykly eýeledi. Haçan görseň dişini sogurjak ýaly ýaşulynyň agzyna aňkarylyp otyr. Käte o-da özi, öz obasy, hossarlary, Orsyýediň gözel tebigaty, Kuban sähralyklary barada hopugyp-hopugyp gürrüň berdi. Esasanam ejesini köp ýatlady. Şolar ýalyda Hakyda molla gyýyldy. Onuň sag-aman yzyna dolanyp barmagyny arzuw etdi. Göwünlik berdi. Dünýeler düzelip gitse, gaýa-gopuz gopmasa, Nurberdi handan rugsat alyp öýüne gider ýaly etjekdigine söz berdi. ...Şeýdip gyş geçdi. Ýaz geldi. Howa maýlady. Il ýazlaga gidermen boldy. Hemişeler Baýramgül tebip ýazlaga Enehakyda bilen giderdi. Goldaşyp işlärdiler. Bileje süýt sagardylar, ýaýyp ondan mesge alardylar, mesgäni gaýnadyp saryýag çykarardylar, peýnir, sargan ederdiler, gurt sererdiler. Ýöne, bu gezek Enehakyda galmaly boldy. Çünki, ýazyň çykmagy bilen Hakyda mollanyň ýagdaýy hasam ýaramazlaşdy. Kömekçisiz gitmeli boljakdygyna Baýramgül tebip juda gynandy. Ýaýdandy. «Dat, indi men nätsemkäm», diýip, oturan-turan ýerinde nalady. Onuň beýdip ýörşüni görüp Hakyda molla: ─ Kömekçisiz galdym, diýip, gyýylma, Baýramgül. Sen ýanyň bilen sallady äkidäý. Asylam sen ony şolar ýaly närselere kömegi degsin diýip, ýanyňda alyp galdyň ahyry... Sen süýdüňi sagybilseň galan işleriňi şol eder. Baýramgül tebip bada-bat köşeşen ýaly boldy. ─ Ýaşulylar näme diýerlerkä? ─ Olar bilen özüm gürleşerin. ─ Gaçmazmyka? ─ Gaçmaz. Sen gaçmasaň ol gaçmaz. Baýramgül tebip «ýyrş» etdi. ─ Weý, men näme üçin gaçaýyn? Nirä gaçaýyn? Nämeden gaçaýyn. ─ Şoňňam seňkiden üýtgeşik gaçara ýeri ýok. Şonuň bilen mesele çözüldi. Hakyda molla bu barada ekabyrlar bilen gürleşdi. Ýesiriň garamatyny öz boýnuna aldy. Soň Ahallyny çagyryp gandalyny aýyrtdy. Gandalynyň aýrylandygy, özüniňem ýazlaga iberilýändigi üçin Iwaşow diýseň begendi. Ugrajak wagtlary üstüne palaň atylan, hor, ýaly çöp-çalamdan, guýrugy çakyrtikenden doly, gözleriniň jükgeleri çylpyklap duran ýaltarak, çakan ýabam berdiler. Gerek ýeri bor, diýip, beýleki hojalyk gurallary ýaly iki öý üçinem ortalyk hasap edilýän, özüniň ýesir düşmegine sebäp bolan şo-ol, köneje kepjänem öňüne kese basdylar. Ýazlaga Gökdepeden çykyp gündogara, guma tarap gitdiler. Birgiden düýeli, atly, pyýada adamlaryň çoguşyp baryşlary toý kejebesini ýada salýar. Aňyrky gat;ary çal görünýän gögümtil dag gerişleri kem-kemden daşlaşýar. Asman dury. Göm-gök. Lemmer-lemmer ak bulutlaram ýazlaga tarap höküdikleşip barýarlar. Olaryň şekilleri ädimsaýy üýtgäp gidip otyr. Bulutlaryň lemmerlenip duran käbir bölekleri şeýle bir galyň hem ýumşak welin, üstüne çykaga-da, bir gyrasynda aýagyňy sallap oturyberesiň ýa-da aýagyňy çilşirip arkan ýatyberesiň gelýär. Ýazlag döwri türkmeniň ýeke bir asmanyny däl, sährasynam görmäge göz gerek. Arly gyş üstünde gar ýatan gum gerişleriniň ýagyrnysy ýylaýar. Ak donuny gök dona çalyşýar. Mymyk şemal öwsüp, ýaşyl ýylaklaryň, goňurbaşlaryň baldaklaryny eda bilen yraýar. Olaryň arasyndan dürteripişip çykan akly-gyzyllyja güljagazlar, saryja jaňjagazlar biri-birlerine tarap owsun atyşýarlar. Bu ýyl baharyň birneme irräk düşendigi sebäpli eýýäm onda-munda gyzyl güläleklerem görünýär. Syrgyn-syrgyn bolup kä ýerde ak, kä ýerde gyzyl, kä ýerde gara çigillemler başlaryny yraşyp otyrlar. Keýik okaralarydyr-gamaklar, çomuçlaram şol zatlaryň görküne görk goşýar. Sansyz alakalar bolsa işleriniň uçursyz köpdügi üçin ýazlagçylar bilen gyssagara salamlaşyp galmakçy bolýan ýaly «hasyrdaşyp» çykýarlar-da, iki ellerinem galdyryp olara ak ýol arzuw edýärler we çykandakylaryndanam has howlukmaçlyk bilen sürenlerine sümlüşip gidýärler. Mytdyldap barýan çakan ýabynyň üstünde, köneje kepjesini öňüne kese basyp oturan öňki soldat, häzirki ýesir Aleksandr Iwaşow bu zatlary birinji gezek görýär. Şonça wagtyň gandally bendiliginden soň eliň-aýagyň boşap, şular ýaly giň hem gözel sähra gülleriniň, ter otlaryň ysyna ýugrulan tämiz howadan dem almak onuň üçin tapylgysyz bagt. Ýazlaga gelenlerinden soňky hysyrdylar Iwaşowa hasam gyzykly bolup göründi. Hususan-da saglyk goýunlaryň kökerilişi. Bir çetden-ä ýogyn hem «arlawyk» sesleri bilen «mä-ä-de –mä» bolşup ene goýunlar ýapy ýüzün aşak eňişip gelýärler. Beýleki bir tarapdanam naýynjar sesli guzujyklar «yzlaşyp» olara bakan çozýarlar. Şonça köp goýnuň içinden her guzynyň öz enesini tanap bilişine Iwaşow haýranlar galýar. Sähelçe emişenlerinden soň olary aýyrmaly. Goýunlary kökermeli. Ine, şu ýerde hem Iwaşowyň etmeli işleri başlanýar. Bu şeýle bir kyn iş däl. Her tarapy bir gazyga daňylan on-onbäş gulaçlyk ýüpe goýunlaryň art aýaklaryny iltäp çykmaly. Iltemek üçin delil baglar öňden, ýüpüň özünde bar. Şondan soň Baýramgül tebip öz goýunlaryny sagyp başlaýar. Iwaşow bolsa ýetişibildiginden öz çatmalaryna süýt daşaýar. Eltip, arassalanyp, taganyň üstünde goýlan gazana guýýar. Gaýdanda-da agzyny berk ýapýar. Sagym bilen bir wagtyň özünde süýtden süýt önümlerini almak işlerem başlanýar. Ýaýyk ýaýylyp süýtden, gatykdan ýag alnyşam, peýnir, sargandyr- sykman ýasalyşam Iwaşow üçin täzelik. Ýöne, ýaýyk ýasalyşyny welin ol entek ýazlaga gaýdylmazyndanam kän öň öwrendi. Ýörite öwredenoklar, ýöne, özi şeýle öwrendi, seredip öwrendi. Şonda Baýramgül tebip bir ýigdekçäni getirip ullakan geçi soýdurdy. Iwaşowa soýdurmady. «Sen bisünnet, saňa bolanok», diýdi. Geçiniň derisini deşiksiz, diliksiz bitinligine aldyrdy. Çöpürlerini ütdi, oda çirkizdi, gyryp-gyryp arassalady. Bujaklaryny, boýnagyny bogdy. Ýel berip çişirdi. Tä, tüssä saralyp, gatap gidýänçä, gyşy bilen gara öýüň tüýnüginden asyp goýdy. Bolandyr öýdensoň aldy-da, bogumlaryny çözüp ýelini boşatdy, ölledi, bujaklaryny ýaňadan bogdy. Boýnagyny bogmady. Ony Iwaşowa görkezip: «Ine, ýaýyk şü...» diýdi. Ol ýazlaga-da ana, şol ýaýygyny alyp gaýtdy. Gelşi ýalam çatmanyň irki kölege tarapynda aralaryny bir ýarym, iki ädime golaý edip Iwaşowa iki sany haçjaly agaç dikdirdi. Şol iki agajyň üstüne başga bir agajy keseleýin atyp, her ujyny bir haçjaň arasyna sokdy. Şol kese agajyň orruk ortasyndanam aşagy ýere degmez ýalyrak edip ýaýygy asdy. Içine gatyk ýa süýt guýubam pişek bilen «güžžüldedip» ýaýyberdi. Şol usul bilen Baýramgül tebip her günde ep-esli mesge alýar. Öz süýdi azrak kaksa, ýarpasyna iliňkinem ýaýyp beräýýä. Ol Iwaşowa-da pişek urmany öwretdi. Nan bilen iýer ýaly, naharyň daşyndan öz ýaýan mesgesindenem berdi. Ýöne, Baýramgül tebip mesgänem gaýnadýar-da, zire-zire bolup duran saryýag alýar. Aýdyşlaryna görä saryýag mesgä görä durumlyrakmyşyn. Saryýagy saklamak amatlymyşyn. Ýöne, Iwaşow dadyp gördi welin, saryýag ýeke bir durumlylygy bilen däl-de, tagamy bilenem mesgeden kän tapawutlanýan ekeni. Has arassa, tämiz bolsun diýip, Baýramgül tebip mesgä bugdaý dänesinem goşýar. Aýallar ony öz aralarynda «dert» diýip atlandyrýarlar. Saryýagy köplenç ýag küýzä guýup goýýarlar. Has uzagrak saklamaly bolsa, küýzäni ýere gömýärler. Mesgäni ýeke bir süýtden däl, gatykdanam alýarlar. Şondan galýan çala «aýran» diýýärler. Ine, şol welin bihasap. Näçe içseň içibermeli. Yzyny soraýan ýok. Ýaňyja tamdyrdan çykan gyzgynjak çörek bilen iýseň-ä oňa ýetesi zat ýok. Baýramgül tebip aýranyň üstüne geçiniň çig süýdüni guýup «galdyrma» edýär. Oňa «epirrigem» diýýärler. Edil düýäniň agarany ýaly. Ýöne, aýrany beýdip iýip ýa içip gutaryp bolanok. Sebäbi ol bol. Dökmäne bolsa hiç kimiň gözi gyýanok. Şonuň üçin onam gaýnadyp «garagurt» alýarlar. Garagurt süzmeden edilýän duzly ak gurtdanam has şor. Turşy. Ýöne, derman zat. Ony gaýnatmaklyk iňňän hysyrdyly iş. Baýramgül tebip ilk-ä aýrany otda çalarak gyzdyrýar. Goýaldýar. Ol oňa «çökelik» diýýär. Çökeligi çaltrak süzüler ýaly irigöz, şaglagrak matadan tikilen torba guýýar-da, haçjadan ýa tärimden asýar. Aşagyna-da kersen goýýar. Oňa torbadaky çökelikden süzülip çykýan ýaşylymtyl suw akýar. Ana, şol suwy Baýramgül tebip ullakan gazana guýýar. Içine buýan köküni atýar. Güýçli ot bilen yzygiderli gaýnadýar. Şol ody ýakmaklyk Iwaşowa ynanylýar. Şolar ýaly jogapkärli işiň özüne ynanylmagyna ol juda begenýär. Ody peseltmejek bolup garabaşynagaý bolýar. Ine, onsoň ýaňky gazan doly ýaşyl suw goýala-goýala sähelçe bolýar welin, Baýramgül tebip ony ýylgyndan ýasalan, sübse şekilli çolpujyk bilen bulap başlaýar. Özem aýlaw boýunça däl-de, dikleýin, jykyryň hereketi boýunça, kä öňe tarap, käte-de yza tarap aýlaýar. Şol şekilde bulanan wagty goýultmakdan «şopur-şopur» ses çykýar. Köpürjikleýär. Garagurdy ogşamajak bolsa, onda Baýramgül tebip gaşyny çytýar-da: «Bar, sallat, itiň ýalagyny getir, guýaly şuny şoňa» diýip, çyna berimsiz haýbat atýar. Garagurt gorkuzýar. Baýramgül tebip birinji gezek şeýdende Iwaşow hakykatdan-da, ylgap gidip itiň ýalagyny getirdi. Somaldyp uzatdy. Baýramgül tebip muňa hezil edip güldi. Düşündirdi. «Bu bir yrym üçin aýdylýan zat» diýdi. Iň soňunda gazanyň düýbünde sähelçe sary şepbik galýar. Ana, şol hem garagurt. Bir uly gazan ýaşyl suwdan goşa ýumruk ýalyrak garagurt çykýar. Käte Baýramgül tebip goýnuň süýdünden sarganam gaýnadýar. Ol ilki bilen owuz süýdüni emen, bagana üçin soýulýan guzularyň böwenjigini alýar-da, aýratyn bir ýerde serip guradýar. Oňa «guzygaryn» diýýärler. Şol guzugarnyň içindäki öz-özünden uýap, gatan owuz süýdi sarganyň gönezligi. Şol taýýar boldugy, Baýramgül tebip sargan ediljek süýdi gazana salyp gaýnadýar. Soldata gaýmagyny, köpügini aldyrýar. ─ Iý, soldat, iý, köpden bäri saňa eneň gaýmak ýaladan däldir – diýip, ýarym degişme bilen özbaşyna hüňňürdeýär. Şondan soň ol gazany otdan düşürýär-de, içine gönezligi atyp mynçgalaýar. Süýt bilen garýar. Gum üýşürip gazany şonuň üstünde goýýar. Ana, şol pursat ýene-de Iwaşowyň gol kömegi gerek bolýar. Onuň etmeli işi: gazanyň daş töweregine ýalaňy odunlardan üýşürip ot ýakmaly. Ýöne, gaýnatmaly däl. Gyzdyrmaly. Şondan soň Baýramgül tebip gazany ertire çenli basyryp goýýar. Uýadýar. Ertir ýene-de ojaga atarýar we Iwaşowa tä gaýnaýança ot ýakmaklygy buýurýar. Ep-esli gaýnandan soň goýalyp edil süzme ýaly bolýar. Kem-kemdenem saralmak bilen bolýar. Şondan soň sargan taýýar. Iýibermeli. Elbetde, ondan ilkinji bolup diýen ýaly Iwaşow datýar. Ýöne, çeýnände «jygyl-jygyl» ses edýändigi üçin Iwaşow ony birhili görýär. Iň ýamanam şony iýen wagty dişi gamaşýar-da, birhili gyjygy tutýar, gökje gözleri ýyldyrap, akja kirpiklerem üznüksiz gyrpyldap başlaýar, şol bolşy bilenem tüňňi maňlaýynyň aşagyndan mölerilip Baýramgül tebibiň ýüzüne seredýär welin, onuňam muňa gahary gelýär. Ozaldanam garrygyz gawunyň paçagy ýaly ýygyrt-ýygyrt ýüzüni hasam kürşeýdip: ─ Näme Soltan Söýüniň aty ýaly ýüzüme seredip syrtarylyp otyrsyň, sallat? Ýa meň ýüzümde Aý barmy – diýýä welin, Iwaşowyň ýüzi gaýnadylyp daşy ardylan gyzyl şugundura dönýä. Derrewem erinlerini bir ýere ýygnap turmak bilen bolýar. Şonuň üçinem, ol Baýramgül tebibiň ýanynda sargan iýmekden saklanaýanyny kem görenok. Juda iýesi gelse-de, körpejiň içine girip ýa-da agylyň aňyrsyna duwlanyp hiç kimiň ýok ýerinde iýýäýär. Ýazlaga gelenleriň arasynda özlerinde mal ýok-da, barly adamlaryň goýunlaryny sagyp berip, iş haky hökmünde hem her anna günündäki sagymy özlerine alýan gelin-gyzlaram bar. Olara «annaçylar» diýýärler. Sagym işleri sabaşyp, ara birneme böwşeňlik düşenden soň, annaçylar bir gün maý tapyp, sähra seýrana çykdylar. Ýuwa, ýelmik, tapdyrsa kömelek köwlär ýaly eline kimsi kiçiräk orak, köneräk keser, kimsi bolsa ýasyrak demren aldy. Olara öz goýunlaryny sagýan gelin-gyzlardanam goşulanlary boldy. Çäş wagtlary topar tutuşyp goşdan saýlandylar. Niýetleri gaty bir daşa gitmegem däldi welin, her niçik hem bolsa hersi bir iş bilen gümra bolşup ýören ýazlagçy erkekleriň gözünden daşlaşmak üçin bir ýapy, ýarym ýapy aşaýanlaryny kem görmediler. Ýöne, oýun-oýun bilen telim ýapy aşanlarynam bilmän galdylar. Goýnuna ýaş juwanlaryň dolanyna göwni göterildimi, nämemi, tebigatam şol gün şeýle joşdy welin, tüýs däli-porhan boldy. Aşyklyk derdinden ýaňa bagyrlaryna dogabitdi gara gan öýen gyzyl gülälekler gyzlaryň akja hem pes ökjelerine çolaşdylar, ogryn-ogryn bakyşdylar, şemalyň ugruna yranyşdylar, çopantelpekler ýigitleriňkä meňzäp duran owadan, ak telpeklerini bulaýlaşdylar, titrewükmamalar «daşa gitmäň, mundan buýany gorkuly» diýýän ýaly garaçynlary bilen saňňyldaşdylar. Hemmesi birigibem, baý gyzynyň ýap-ýaňyja geýen sowsanysy deý müň dürli öwşün atdylar. Aňňat-aňňat gum depeleriniň arasyndaky tekiz meýdanlar bolsa her dürli gülleriň we gök otlaryň salan nagyşlaryndan ýaňa bir, döwletli öýüň törüne düşelen nepis hala meňzediler. Şol gözel görnüşiň üstünden ötüp barýan ýaşyl ýaz şemaly bolsa özüniň elwan reňkli roýmaly bilen gyz-gelinleriň ýüzüni ýeke-ýeke ýelpedi. Birdenem gyşla tarapdan ýel öwüsdi. Yz ýanyndanam gara bulut geldi. Maýdaja ýagyş çiňsedi. Muňa göwünleri göterilen gyz-gelinler bir ýere üýşdüler-de: ─ Ýag ýaganagym! ─ Guý guýanagym! – diýşip, birenaýyja saýraşdylar. Ýaz ýagmyry olary irikgä etmedi. Ýagdy. Özem gaty güýçli ýagdy. Gitdigiçe-de güýjerledi. Soňy dola, «şatyrdyly» jöwenege ýazdy. Gatbar-gatbar bulutlaryň welin, barybir gatlary ýukalmady, gaýtam gitdigiçe galňaýdy. Aşaky gatynyň etegi ýere degäýjek-degäýjek boldy. Howa garaldy. Gözýetim golaýa geldi. Kyrk-elli ädimden aňryny saýgarar ýaly bolmady. Bulutlaryň üstünde iki ýana at salyp, golundaky gürzüsini çar tarapa aýlap ýören Burkut babanyň nagrasy dünýe-älemi endiretdi. Egrem-bugram naýzasyny kä saga, kä sola ülňäp, käte gyz-gelinleriň dik-depelerinden inderip, asmanda ot sowrup ýören ýyldyrymyň derdinden ýaňa gögýň ýüzi çat açyp, gümmezi darka dört bölünene döndi. Töwerek suw-sil boldy. Ýöne, alaňlaryň arasyndaky takyrrak ýerler bolaýmasa, müňlerçe ýyl bäri suwdan ganman ýatan teşne gum depeleri şeýle bol suwy hem goýnunda uzak saklamadylar. Doýmaz-dolmaz garynlaryna birsyhly sordular ýatdylar. Başda begenenem bolsalar, annaçylar bu hala birhili aljyrajak boldular. Hatda düşelgäniň haýsy tarapdadygynam unutdylar. Şonuň üçinem, ýagyş goýýança ýaglyklaryny başlaryna pena edinişip bir duran ýerlerinde butnaman durdular. Eginleri ýuka bolansoň özlerini mazaly ezen ýaz ýagşynyň çigregine döz gelibilmän digdenekleşdiler. Eňeklerini şakyrdatdylar. Şonda olaryň öl köýnekleriniň aşagyndan mese-mälim bildirýän, uçlary dürteişip duran ter mämeleri tezlik bilen ilk-ä bir taýzarylyşdylar, soňam birgeňsi titreşdiler. Ýagyş birden başlaýşy ýaly birdenem diňdi. Garynlaryny ýere berip ýatan garry göherde meňzeş mähnet gara bulutlar uçmana hyýallanýan düýeguş ýaly bir gobsunanlarynda örklerini ýerden üzdüler-de, asman sary göterildiler. Agyzlary alardymy, nämemi baryşlary ýalam para-para bölündiler-de, ötegçi durnalar deýin boýunlaryny süýndirişip hersi bir ugra bakan yňdylar ötägitdiler. Gözýetimde bir ýerlerde, ilerki daglardanam aňyrda henizem her daýym bir ýyldyrymyň çakýandygyny, gögüň gübürdeýändigini nazara almasaň tupan annaçylaryň başyndan sowuldy. Asmanyň ýüzi bilen ümdüzlerine tutduryp barýan hälki ak-ala bulutlaryň ýyrtyk ýerlerinden parran geçen Gün şöhlesi peýkam bolup ýere sanjyldy. Ýaýsyzam bir peýkam bormy diýýän ýaly, asman gümmeziniň ýüzünde şol dem ýalpyldap Esen-Söýüniň ýaýy göründi. Oňa gözleri düşenden annaçylar ýerli-ýerden atylyşyp, gum depelerine dyrmaşdylar. Älemgoşara tarap gollaryny bulaýlaşyp, ýaşajyk guzular deý bökjekleşdiler. ─ Gyzyly meňki-i!.. ─ Sarysy meňki-i!.. ─ Ýaşyly meňki-i!.. – diýşip, şadyýana gygyryşdylar, o ýan, bu ýan ylgaşdylar. Ak, sary, goňur ýa melewşe reňkli kebelejikler bolsa, daşlarynda perwaz urdular. Dik depelerinde çogdum bolşup gaýmalaşdylar. Kä öňlerine düşdüler, kä yza galdylar, soň gelip ýene-de tegelek, ak tegmillije ganatlary bilen gyzlaryň çygjaryp duran ýaňaklaryny ýelpediler. Gyzlaryň welin bu wagt bar ünsleri älemgoşarda. Olar ilk-ä onuň düýbüne baryp, näzik hem inçe barmaklary bilen kirişlerine kakdylar. Zarňyldysyna guwandylar. Soňam hersi ýaýyň bir dinine mündüler-de ok bolup asmana atyldylar. Olaryň bu oýna şeýle bir kelleleri gyzdy welin, soňabaka has şadyýanraklary-ha duýgularyna bäs gelip bilmän ýüwrüp bardylar-da, her ujy älemiň bir burçuna sanjylgy älemgoşaryň bäri çetinden münüp, ýokarlygyna dyrmaşdylar, bir demde çür depesine çykyp, ýerde duran joralaryna gol bulaýlaşdylar, uzak säginmänem aňry ýüzünden otyrlaýyn tyýpyp aşak düýdüler. Dolanyp gelip ýene-de şol hereketlerini gaýtaladylar. Has şahandazraklary bolsa, älemgoşaryň üstünde aýaklaryny sallaşyp ýanyn oturdylar. Läle kakdylar. Soň ýerlerinden turdular-da, aşakda gül ýygyşyp ýören joralary bilen «Gülgapdy» oýnaşdylar. Aşakdan zyňylýan owadan gülleri sag elleri bilen gapyp, sol elleri bilen ýene-de aşak okladylar. Şonda, üznüksiz aýlanýan gül çemenlerinden ýaňa howanyň ýüzünde ullakan bir aýlawly halka emele geldi. Ol ýerde oýnap ýadansoňlar ýere düşübem oýnadylar. Kebelekler ýaly gülden-güle gonup, depeden-depä aşyp baryşlaryna goşdan ep-esli daşlaşanlarynam duýman galdylar. Şol barmana-da, öňlerinden öňkülere görä birneme beýigräk gum alaňy çykdy. Olar oňada dyrmaşdylar. Nazarlary bilen goşy, ýazlagçylary iň bolmanda haýsam bolsa bir goýun sürüsini gözlediler. Emma hiç kime, hiç zada gözleri düşmedi. Dumly-duş şol birmeňzeş gülälekli meýdan, ýaşyl gum depeleri. Gözýetimde bolsa gözden ýitip barýan ýagyş, ýyldyrym, sesi çala gelýän «gübürdi»... Bu ýagdaý gyzlaryň kalbyna wehim saldy. Bir apatyň gopjakdygyny öňünden duýan dek, häliden bäri şatlykdan ýaňa uçganaklap duran gözleriniň öňüni gorky örtdi, joş urup duran ýüreklerine howsala aralaşdy. Birdenem... Birdenem, edil ýerden çykan ýaly bolup, ýeňse tarapdaky uzyn hem aýlawly alaňyň aňyrsyndan bir bölek goýun sürüsi peýda boldy. Yzynda çopan-çolugam bardyr, olar bize goşy salgy bererler, diýip, gyzlar muňa begenişdiler, hatda sürüniň kimiňkidiginem tanadylar. Olar ýalňyşmandyrlar. Süri hakykatdanam ýazlagçylaryňkydy. Ýöne, onuň yzyndan: «Haýtda-haýt» bolşup gelýän gyssanmaç atlylar welin düýbünden başga adamlardy. Bu olaryň bolup gelişlerindenem egin-eşiklerindenem, gep-sözlerindenem bildirip dur. Özlerem on-oniki atly dagy bar. Diýmek, olar alamançylar. Çopan-çoluklaryny öldürip, sürünem oljalap barýan bolmaly. Ýüzlerem ilerki daga tarap. Gyzlara gözi düşenden, megerem, alamanbaşy bolsa gerek, inçeden gelen uzyn hem tüňňi burunly, murtlary iki erniniň gyrasyndan aşak gaýdýan, süňňi irimçek, çala çyzylýan gözleri almalygynyň töründe zordan görünýän biri saýry dilde bir zatlar diýip, «madyrdady» welin, iki sanys-a öňküleri ýaly sürüni sürmeklerini dowam etdirdiler, galanlaram «gykuwlaşyp» gyzlara tarap gaýtdylar. Gelişleri ýalam alaňyň daşyna halkalaýyn aýlandylar. Öňki oljalarynyň üstüne ýene-de olja duşandyklaryna begenmekden ýaňa «ýyrş-ýyrş» edişip biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Baş atyşdylar. Göz gypyşdylar. Süýem hem başam barmaklarynyň ujy bilen murtlarynyň çowuna tow berişdiler. Alamanbaşynyň annaçylara tarap gamçysyny çommaldyp bir zatlar diýmegi bilen, alamançylaryň üç-dört sanysy «patda-pat» bolşup atdan düşdüler-de, alaňa dyrmaşmaga başladylar. Iki gözlerem gyzlarda. Ygyp ýatan ürgün ak çäge olaryň hereketlerini kynlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa emedekleşip diýen ýaly çykdylar. Arkasy durşuna tüý bolup duran ullakan, gara penjelerini gerip, tez maral kibi titreşip duran gyz-gelinlere topuldylar. Zähreleri ýarylara gelen annaçylar dyr-pytrak boldular-da, ýazlagçylara eşitdirmek niýeti bilen: ─ Waý, gyzylbaşlar çozdy! ─ Dat ýetiň! ─ Halas ediň! ─ Aý, il-günu-u-uw-w!.. – diýşip gygyryşdylar. Henizem ellerinde saklap duran güllerini näbelli ugurlara tarap bulaýlaşdylar. Birdenem «Şeýtsek birimizden birimiz-ä gaçyp gutulaýsak gerek», diýen pikir bilen, hersi bir tarapa gaçmak üçin depeden aşak indiler. Ýöne, olaryň bu hereketleri özleri üçin däl-de, aşakda duran atlylar üçin amatly boldy. Olar annaçylaryň ýere düşenini garbap alyp, atyň öňüne keseleýin basdylar durdular. Megerem, alamanbaşydan buýruk şeýle bolan bolsa gerek, awuny ele salanam ur-tut at başyny daga tarap öwürmek bilen boldy. Ýöne, gyz-gelinleriňem olara aňsat «ýal» bolaýaslary gelmedi. Ras, gaçyp bilmedikmi, söweşip bir öleli, diýen pikir ählisiniň aňyna birden doldy. Söweşiň başyny garagyýçak, togalajyk, dolmuş ýüzlüje gaýtarma başlady. Ol özüni atyň öňüne kese basan gajaryň bilindäki hanjaryny sogrup aldy-da, böwründen «suhlap» goýberdi. Beýle garşylyga garaşmadyk gajar «hyk» etdi-de, bykynyny tutup atdan agdy. Muny görüp beýleki gyz-gelinlerem «haý-waýlaryny» goýdular-da, aýgytly herekete geçdiler. Kimsi öz ganymynyň burnunyň deşiklerine barmagyny sokup gaňyrdy, kimsi-kimsiniň ernini ýirdi. Ýene biri süýem barmayny çommaldyp duşmanyň gözüne sokdy. Garagyýçak gaýtarma bolsa atdan agdarylyp düşdi-de, ylgap baryp elindäki hanjary at üstünde bir gyz bilen tutda-bas bolup oturan ikinji bir gajaryň budundan «garçyldadyp» sokdy. Sokuşy ýalam yzyna sogrup aldy. Gajaryň budundan zogdurylyp gan akdy. Gaýtarma böküp bir gyra çekildi-de, elindäki hanjary depesinde dalawladyp durşuna: ─ Gorkmaň, gyzlar! Ine, hä diýmän biziň ýigitlerimiz geler! Oňa çenli siz bularyň bokurdaklaryny çeýnäberiň! Eliňizdäki keserleriňiz, demrendir-oraklaryňyz bilen garynlaryny silkiň-de, içegelerini çöşläberiň! – diýip, joralarynyň ruhlaryny göterdi. Ellerinde oraklarynyň, demrenleriniň bardygam annaçylaryň käbirleriniň ýadyna diňe şondan soň düşdi. Garşylyk güýçlendi. Garagyýçak gaýtarma ýaňky sözden soň ýazlagçylar görer diýen umyt bilen ýene-de depä dyrmaşmaga başlady. Emma ýokarsyna çykmaga ýetişmedi. Onuň dogumly hereketlerinden elhederalan alamanbaşy öňürti şundan bir dynaýyn, diýen karara gelen dek ýapynyň ýarpy biline-de barmanka at debsiläp yzyndan ýetdi-de, ýalaw ýaly ýiti gylyjyny gelniň sag gerdeninden saldy. Onuň bilenem kanagat etmän, janhowuljyna gum üstünde däbşenekläp, kakynyp ýatan gelniň ýüzüni-gözünem çapym-çapym etdi. Beýleki gyz-gelinleriňem eýýäm iki nökeriň damagyny çalyp, beýlekilerinem gyra-ýana tutup üörendiklerini görüp, olaryň agşam, dag içinde düşlän wagtlary berjek zowky-sapalaryndanam, satylyp görüljek peýdalaryndanam geçdi-de, üzeňňä galyp öz dilinde bir zatlar diýip gygyrdy. Onuň näme diýendigi düşünmeýäne-de düşnükli boldy. Çünki, gözlerine gan öýen garakçylar şondan soň gyz-gelinler bilen tutaklaşmalarynam goýdular-da, gollaryndaky gylyçlary bilen kerçäp başladylar. Kimsiniň göwsi kesildi, kimsiniň gollary çapyldy ýene biriniň goşa örümli uzyn gara saçlary bilen bilelikde ürgün çägäniň üstüne kellesi «patlap» gaçdy, böwürlerinden, inçe billerinden, boýunlarynyň çykan ýerinden gylyç sokulanlaram kükrekleri ýarylanlaram, kelleçanaklary pytrap beýni ýülükleri çoganlaram az däl. Annaçylaryň içinde iň ejizi Jäjek. Üstesine göwresinde ýaňy bir düwünçek bolan çagajygam bar. Düşelgeden gaýdylaly bäri: «Gyzlar, goşdan daşlaşaýmalyň, azaşaýmalyň» diýip, birsyhly özelenip gelenem şol. Ýüregi bir zat syzan ýaly ol ýaňy gyzlaryň oýunlaryna-da goşulmady, hatda «gülgapdam» oýnamady. Şo-ol, bir zady sangy edýän ýaly bir çetde kibtini gysyp, mugruljyrady oturdy. Onuň adamsyna Garadöwlet diýýärler. Ol dogumly, edepli, arly-namysly ýigit. Annaçylar bilen gaýtjak bolanda ol Jäjegi goýbermejek bolup kän dyzady. «Ýaramarsyň, üstesine ýagdaýyňam şeýle. Galyberse-de Garadöwlet ýarawsyz gelnindenem iş hantama, diýip, gürrüň ederler» diýdi. Emma dogabitdi göwniçökgün ulalan gelniň aňynda ýazlagdan ýadawlyk däl-de, göwnihoşluk hantamaçylygy bardy. Şonuň üçinem ol: «Gidäýeýin-le, hem-ä göwnüm açylar, hemem hezil edip turşy – şordan doýaryn» diýip, şo-ol, özelendi durdy. Şeýdibem, adamsyny yrdy. O-da goýberse-de goýberdi welin, ynjalyp bilmedi. Şujagaz döwrüň içinde-de, yzyndan iki gezek dagy gelip gitdi. Ýöne, obada öz ekin-dikin işlerem ýetik bolansoň uzak eglenip bilmedi. ...Şol zatlary ýatlap durşuna Jäjek ilk-ä daş-töweregindäki bolup geçýän zatlary aklyna sygdyrybilmän, gözlerini tegeläp, agzyny açyp aňkaryldy durdy. Joralarynyň göreldesine eýerip urşa girmek barada-ha pikirem etmedi. Hiç zada goşulman duranlygyndan bolsa gerek, garakçylaram oňa esli wagtlap hüjüm etmediler. Asla, barmysyňam diýmediler. Ýöne gana bulaşyp ýatan, gyzlaryň jansyz jesetlerine, entegem söweşip ýören annaçylaryň urgularyndan ýaňa gajarlaryň «arlaşyp» atdan agyşlaryna, atlaryň howsalaly «haýkyryşmalaryna» Jäjek uzak seredip durup bilmedi. Başy ymykly çaşdy. Öz ýanyndan bir zatlar diýip, pyşyrdady. Sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp ilk-ä öli ýatan annaçylary, soňam aýak üstünde entirekleşip ýören alamançylary sanady. Şonda onuň gözleri şeýle bir ulaldy welin, şol wagt gören bolsa ony öz mähriban ejesem, hatda Garadöwlediň özem tanamazdy. Ol palaç ýatyrylan ýaly ýapynyň ýüzünde pytraşyp ýatan joralaryna ýene birlaý göz aýlady-da, birhili gorkunç halda gülüp goýberdi. Yzyndanam çirkin gygyrdy. Işletmedigem bolsa, düşelgeden gaýdaly bäri gysymynda saklap ýören ujy döwük, sapsyzja oragynam bir gapdala zyňyp goýberdi-de, etegini dişläp günorta tarap zut gaçmak bilen boldy. Bir aýasam garnynda. Ýöne, özüň şol ýagdaýdakaň ýyndam atlaryň aldyndan sen nädip gutuljak? Оrta ýaşlarуndaky, аgajeträk, bоýy оrtadan sähеl ýоkarrak, nеşe çеkýän bоlsa gеrek, gözlеriniň аgy sargylt, mаňňalburun, çаt maňlаýy nоhut çemеsiräk mеňli bir gаjar еntek bir alаňam aşmаnka Jäjеgiň уzyndan ýеtdi-de, ýеňsesinden pеnjeläge-de öňünе çеkdi. Özеm: «Mаňa şundаn bаşga оlja gеrek däl», diýýän ýаly ýоldaşlarynyň уzyndanam, sürüniň yzуndanam gitmеdi-de, göni ilеrligine taraр tutdurybеrdi. Ýоldaşlary оnuň yzуndan bir zаtlar diýiр, gуkuwlaşdylar. Gуgyryşdylar. Iki sаnysy оnuň yzуndan kоwmaga sуnanyşdy. Аtlaryny dеbsileşip ugrаnlaryndanam galtаmanbaşy olаra «hаýkylyk» аtdy. Оlar kеlteräk öwrüm ediр уzlaryna dоlandylar. Şоndan sоň оlaryň hemmеsi bir toрbak bоlup, öň sürüр bаrýan sürülеriniň уzyndan kоwdular. Annaçylaryň arasynda olardanam bäş läş galdy. Olar öz ölülerini äkidib-ä bilmediler, jaýlamak üçin eglenmäge bolsa, gelin-gyzlary gözläp ýazlagçylaryň gelerinden gorkdular. Sürülip gaýdylan sürüniňem hä diýmän gözlegine çykyljakdygyna söz ýok. Mahlasy: duran-tutular, gaçan – gutular. Ýap-ýaňyja ýagşyň ýagandygy sebäpli, ne sürüniň ne atlylaryň toýnaklaryndan tot-tozan göterilenok. Şonuň üçinem, garalary ýitenden soň yz çalaýmasaň olary ser salyp tapjak gümanyň ýok. ...Annaçylar wagty bilen gelmänlerinden soň ýazlagçylaryň arasyna birahatlyk aralaşdy. Ilk-ä aýallar-gyzlar ikibir-üçbir «hyşy-wyşy» edişdiler, soň toparlanyşyp howsalaly gürleşdiler, ahyram öz içlerinde dörän harasady erkeklere aýtdylar. Hernäçe merdemsireşselerem, giden gyzlary erkekleriň özlerem esli wagt bäri ünji edip başlapdylar. Ýöne, aýallara syr bildirmezlik üçin seslerini çykarmandylar. Ine, indi olaryň özleri dillendiler welin, bujagyň agzy çözülene döndi. Köpçüligiň aladaly gowrunyň guzudyr-owlaklaryndan aýrylan goýundyr-geçileriň ahy-nalalaryna goşulmagy bilen, ýaýlanyň içi edrenç bir görnüşe girdi. Annaçylaryň arasynda ýakyn hossary barlar-a hakyt ses edip agladylar. Hern-ä erkekleriň arasyndan has köpi görenräkleri tapylyp, ýagdaýyň beemçiligini öz üstlerine aldylar. Köpçülikden, hususan-da aýallardan howsala düşmezligi haýyş etdiler. Derrewem, ätiýaç üçin göç bilen gorag hökmünde gaýdan bäş-alty sany atly-ýaragly ýigidi gözlege iberdiler. Palaňly, ýabysyna ataryp, Baýramgül tebip Iwaşowam olaryň ýanyna goşdy. Sebäbi, annaçylaryň arasynda onuňam daşkyrak garyndaşlaryndan biri bardy. Ýarym sagat ýaly o ýan, bu ýan at gorduranlaryndan soň, gözlegçiler gyzlarynyň yzlaryny tapdylar. Ýagyşdan soň düşen yzlar öl çägäniň ýüzünde oýmur-oýmur bolup dur. Şol oýmurlardanam bir toplum yz aýryldy-da, tirkeş-tirkeş bolup ileriligine tarap gitdi. Soňra hersi bir ýana pytrady. Soňundan ýene birikdiler-de, yzçylary gana boýalan depäniň üstünden eltdiler. Birbada hiç kim öz gözüniň görýänine ynanmajak boldy. Ýapynyň dumly-duşam, orta bilem, üstem, düýbem, demsiz-düýtsiz ýatan gyzlardan, gelinlerden, şeýle hem gajar maslyklaryndan ýaňa leýs. Kimsi bir goluny ýassadyp ýanyn ýatyr, kimsi gulaç saçlaryny iki ýana ýaýyp çiň arkan ýatyr. Käbirleri gollaryny gerip ýüzin ýatyr. Gözleri açyk. Ellerinde bolsa gana boýalan köneje demrenleridir keserleri. Bular ýaly gyrgynçylygy geçen uruşda göre-göre tenleri gatan, ýürekleri daşa dönen ýigitler-ä ýarym-ýaşsyraşan bolup wagtam ýitirmediler-de, ýalta ýabysyny gamçylap ýaňy bir ýetip gelen Iwaşowy ýazlagçylara habar ber, diýip, yzyna ugratdylar, özleri bolsa garakçylaryň yzyndan kowgy gitdiler. Emelsiz ogry tarapyndan akan-dökän edilen öý goşlary ýaly dyr-pytrak bolup ýatan gyzlaryň gözgyny keşpleri düşelgä tarap at loňkuldadyp barýan Iwaşowyň göz öňünden gitmedi. Ol olary köp synlamady, ýöne, ýadynda welin ömürlik galdy. Şol gysga pursadyň içinde ol asyl olaryň käbirlerini manamaga-da ýetişdi. Käbirlerini welin gan-kokdan ýaňa Iwaşow-a däl, hatda öz hossarlaram tanar ýaly däl. Durmuşyň çetinden ýaňy giren, entek ýaňaklarynyň reňkem solmadyk, açyk gözlerini asmana dikip, ýatan gyzlaryň, gelinleriň hemmesi birden: «Görýäňmi, sallat! Sizsizem biziň ýagymyz ýetikdir, derdimiz çohdur...», diýýän ýalydylar. Annaçylaryä bu perişan hallaryna duýgudaşlyk edýän ýaly, şol wagt howa-da erbet dymdy. Ýap-ýaňyja-da däli-porhan bolan giň sähra içre çöp başy gymyldamady. Akja bulutlaram ýüzlerini sallaşyp bir duran ýerlerinde durdular. Gyzyl gülälekler çar-para bolşup, ýere döküldiler. Çopan telpekler başlaryny aşak egdiler. Gyzyl çigillemler saraldylar, sarylary agardylar, aklary soldular, süllerdiler. Ýylaklar «pyssarylyşdylar-da», ýanlaryny ýere berdiler. Nädip barjagyny, näme diýjegini bilmän ýaýdanyp barýan Iwaşowyň goşa golaýladygysaýy howsalasy artdy. Baransoňam esli wagtlap, bolan işi aýdybilmän: «O taýda... şo taýda...» diýip, sakawlady durdy. Bir ýanlara elini salgady. Birdenem ýabysyndan syrylyp düşdi-de, maňlaýyny ýere goýup möňňürmäge başlady. Bir belanyň gopandygyny aňan ýazlagçylar ony goltuklap ýerinden turuzdylar. Baýramgül tebip onuň çat maňlaýyna geçdi-de, dözümli gepledi. ─ Bol, mün ýabyňa-da, düş adamlaryň öňüne! Nirede näme bolan bolsa görkez! Ony götergiläp diýen ýaly ýabysyna mündürdiler. Ýöne, onuň indi ýabysyny debsilemäge-de, «çüw» diýip, jylawyny silkmäge-de ýagdaýy ýok. Ol aglaýar. Onda-da çiginlerini silkip, içigip-içigip aglaýar. Kim ulagly, kim pyýada, uly-kiçi, aýal-erkek, barysy yzlaşyp onuň yzyna düşdüler. Bilini göwşüllän şal guşak bilen mäkäm guşan Baýramgül tebibem «Ýa, Alla» diýip, ýola düşdi. Nämeleriň gopandygyny özlerine aýtmandyklary üçin öýkelän ýaly, häliden bäri her kimiň ýüzüne bir seredip, köpçüligiň gyrak-bujagynda aýlanyşyp ýören üç-dört sany, ululy-kiçili, dürli reňkdäki itlerem seňkildeşip olaryň yzlaryna düşdüler. Wakanyň bolan ýerine baranlarynda ýazlagçylaryň barysy birden «ah» çekdiler. Has beterem aýallar heläk boldular. Çünki, läş bolup ýatan, näzik bedenli bu jananlaryň biri kimdir biriniň gyzy, biri gelni, ýene biri uýasy söýgülisi, gelni, gelinligi, gelnejesi, ýa baldyzy. Iň bolmanda obadaşy. Günde-günaşa görşüp ýören işdeşi. Jorasy. Elhenç görnüşden ýaňa beýnilerine sarsgyn düşen ýazlagçylar birbada eňremekden, eňşemekden başga bir hereket etmelidirem öýtmediler. Erkeklerem belli bir karara gelibilmän, erewde-berew, iki ýana elewreşdiler ýördüler. Aýallaryň-a hersi öz ölüsiniň başujyny alyp, agysyny aglap otyr. Baýramgül tebibem garyndaş gelniniň aýagujynda: «Waý, men indi seň söýerleriňe näme jogap bereýin-aý...» diýip, ellerini öwsüp dur. Iwaşowam bir çetde, gyzyl saçly ullakan kellesini çep çignine ýaplap, gözlerinden «boýur-boýur» ýaş döküp dur. Oňa çenli kowgy giden ýigitlerem sürülerini öňlerine salyp gaýdyp geldiler. Aýdyşlaryna görä gaçyp barýan garakçylaryň sany ýedi ekeni. Onuňam ikisi bularyň garasyny görenden sürüni taşlap gaçmak bilen bolupdyrlar. Beýlekileri oljalaryny bermejek bolup urşa girişipdirler. Ýagdaýlarynyň gowy däldigini bilenlerinden soň gaçjak bolupdyrlar, ýöne, ýigitler olaryň birinem diri sypdyrmandyrlar. Diňe şondan soň, wepat bolan annaçylaryň arasynda Jäjegiň jesediniň ýokdugy aýan boldy. Kowguçylaram garakçylaryň hatda gaçyp giden ikisiniňem ne alnynda, ne ardynda hiç kimi görmändiklerini aýtdylar. Ony dumly-duşdan, hatda has uzagrakdaky alaňlaryň aňyrsyndanam gözlediler. Emma derek tapyp bilmediler. Şeýdip, Jäjegiň ykbaly gümürtik bolup galdy. Uzaga çekmedik maslahatdan soň, şehit bolan naçarlaryň hemmesini şol alaňyň üstünde jaýlamaly etdiler. «Ajallary şu ýere çekipdir, goý, şu ýerde-de ýatsynlar, bu ykbaldyr» – diýdiler. Hossarlaryna, han-beglere habar ýetirmek üçin, derhal oba adam iberip, özleri şehitleri «myhman» aldylar. Ep-esli adam uzynly gijäni ot ýakyp, jesetleri sakladylar. Galanlary düşelgä gitdiler we kimiň işi azrak bolsa ertesi irden ýene-de gaýdyp geldiler. Çäş galyberende oba tarapdan sozanda-guýruk bolşup gelýän uly mähelle göründi. Oturanlar ör turdular, dik duranlar höre-köşe etmek üçin olara tarap ýöriş etdiler. Hersiniň öňünden çykyp: «Pelek işidir, özüňizi horlamaň, mert boluň» diýdiler, giden bir mähelläniň «bor-da-bokulyk bolup gelşini görüp, düýnden bäri bir gyrada, ol çägäniň üstünde boýnuny sallap oturan Iwaşow «zöwwe» ýerinden galdy-da, içini tutup bir gyra çekildi. Onuň şol wagt ulyili bilen möňňürip aglasy geldi. Emma dide-de ýaş görünmedi. Ýürek aglasa-da göze nem gelmedi. Çünki, nem gutardy. Şonuň üçin bolsa gerek, ol sesiniň ýetdiginden «bögürip» ögemäne başlady. Ilki dik duran ýerinde, soň dyzyna çöküp, ondan soň ýüzin ýatyp, giň maňlaýyny çägä oýkap, düýnki ýagmyryň badyna eýýäm ep-esli boý alan sähra ýylaklaryndan ýapyşyp ögedi. Kimdir biri usullyk bilen onuň ýanyna bardy, çigninden tutup galdyrdy. Köpçülikden daşraga çekdi. Özbaşyna otlap ýören ýabysynyň ýanyna eltdi. Egilip gerimi giňden tutulan duşagyny çözdi. Henizem içigip duran soldatyň arkasyna kakdy. «Bar, sen ýabyňa mün-de, goşa gaýt, ol ýerde-de kömek gerekdir» diýdi. Bu wagt onuň ýaba münmägede mejalynyň ýokdugyny aňandan soň bolsa germesatan edip eýere atardy. Jylawy eline berdi. Ýabynyň ýüzüni düşelgä tarap öwrübem şapbady bilen sagrysyna bir kakdy welin, ýagdaýyň juda agyrdyny aňan ýaly ýaby janawer ömür etmedigini edip «loňkuldady» ötägitdi. Köpçüligiň ýerli-ýerden topulmagy bilen merhumlary jaýlamak işi günortana golaý tamam boldy. Olaryň hemmesini alaňyň üstünde hatara goýdular. Şeýdip, dek-düýnem gül-pürçege bürenip oturan owadan depäniň üstünde ýene-de on sany kiçijik depe emele geldi. Dek-düýnem şu depäniň üstünde aga-ýana oýnaşyp ýören ýaş juwanlaryň bu gün özleri şol ýerde tümmege öwrüldiler. Depäni bolsa şondan soň il arasynda: «Ganly depe» diýip, atlandyrdylar. Dogry, başda oňa iki ýeke «Şehitli depen» diýenlerem boldy, ýöne, ol at kem-kemden galyşdy. «Ganly depe» ady has ýörgünli boldy. Adamçylyk pähimine eýerip adamlar gajarlaryň jesetlerinem ýere duwladylar. Ýöne, «Ganly depede» daşrakda jaýladylar. Üstlerini tümmeklemediler. Ýazlagçylar haýdan-haý göçmek bilen boldular. Oba gelenlerinden soň, üýşüp bu waka barada ýörite maslahat geçirmekligi han-beglerden haýyş etdiler. Ýygnananlaryň bir topary: ─ Muny bu durşuna goýmak bolmaz, beýtsek olaryň dişlerinde et galar, ertir baryp öňküleri ýaly ahmalrak ýerde oturan obalarymyzam çaparlar. Biz hökman öwezalaman etmeli diýdiler. Han-begler bu pikire garşy çykdylar. Olaryň adyndan Nurberdi han gürledi. Ol hususan-da şeý diýdi: ─ Mallar gaýtarylyp alyndy, garakçylar öldürildi, jezalandyryldy. Ar ýerine salyndy. Şonuň üçinem, şu gezeklikçe şu işi tamam hasap etmeli. Indiden soň tutuş Eýrany çapaýanymyzda-da, şol biçäreleri dolap getirip bilmeris. Onsoňam bu wagt biziň gajarlardan başga-da ýagymyz ýetik. Öňümizde uly urşuň agyr aladalary dur. Üstesine-de, orslar bilen boljak ikinji uruş üçin ok-ýarag, azyk kömegini etmeklerini sorap olara adam iberip ýörüs. Geçen uruş zerarly tapdan düşen halky gurplandyrmak üçin, olar bilen söwda, alyş-çalyş etmekligiňem kül-külünde gezip ýörüs. Alamançylyk meselesinde bolsa biz öňdenem ýaman atly. Galyberse-de, bolup geçen şu waka ýetip gelýän duşmanyň hilesidir, aňyrsynda şolar durandyr, goňşularymyz bilen aramyza agzalalyk saljak bolýandyrlar, diýen şühbämizem ýok däl. Häli görseň düýnki wakanyň bolanyndan Eýran şasynyň-a däl, hatda gala hanlarynyňam habarlary ýokdur. Olar üstümize sürnüp gelýän duşman tarapyndan hakyna tutulan bir bölejik garakçylardyr. Egerde, biz häzir alaman gurnasak, onda tutuş Eýran döwletini öz elimiz bilen özümize garşy goýdugymyz bolar. Duşmanyň atan okunyň nyşana degdigi bolar. Netijede, biziň Eýran babatdaky edýän meýillerimiziň barysy bulaşar. Şondan soň Dykma serdaram şol terzde söz sözledi. Göräýmäne Nurberdi hanam, Dykma serdaram beýleki han-beglerem, dogry aýdýardylar. Gaharyň ugruna gidip ownuk zat üçin tutuş ýurduň, halkyň bähbidine zyýan ýetirmek dogry däl. Şonuň üçinem, maslahata ýygnananlaryň köpüsi, hatda başky alaman etmekligiň tarapynda durýanlaram olaryň gelen netijeleri bilen tas ylalaşyberipdiler. Ýöne, ine, meseläni çözdüm edip ses sanamaklyga hyýallandylaram welin, häliden bäri bir çetde yzly-yzyna ýuwdunyp, tüýküligine düwnüp oturan Garadöwlet ardynjyrap oturşyna söz sorady-da, tolguna-tolguna: ─ Atyny ýeke çapýa, diýip, menden gaty görmäň, adamlar. Egerde şol depäniň üstünde meniň maşgalamyňam iň bolmanda mazary bir ýatan bolsady, onda menem siziň aýdanlaryňyz bilen ylalaşardym. Emma meniň ýagdaýym başgarak. Meniň düşen günümiň siziň syýasatyňyza-da, döwlet işine-de dahylly ýeri ýok. Siz: namys-ar ýerine salyndy diýýäňiz. Onyňyza-da ýok diýjek däl. Umuman alanyňda şeýle ýala. Ýöne, o-da maňa degişli dül. Meniň arymam gitdi, namysymam. Törüm boş galdy. Maşgalam garakçylaryň eline düşdi. Bu ýagdaýdakam men başym telpekli obaň içinde ýaýkanyp gezip bilmen. Şonuň üçinem, men-ä sizden gaty göremok, sizem menden gaty görmäň, meni saklajagam bolmaň. Şeý diýgeç, ol hiç kimiň jogabyna-da garaşman, towsup ýerinden turdy-da, batly gadamlar bilen çykyp gitdi. Öýüne barşy ýalam işiginde naýza dikdi. Bu onuň «öwezalamana» gitmäge, döwtalap ýigitleri çagyrýandygynyň alamatydy. Ertire çenli onuň naýzasynyň gapdalyn-da ýene-de ellä golaý ýigit naýza sançdy. Naýzalaryň gürlüginden ýaňa üç günüň içindeGaradöwlediň gapysy kiçeňräk jeňňele meňzedi. Döwtalaplaryň köpüsi «Ganly depede» şehit ýatanlaryň hossarlary. Galanlary olaryň göwünlerini görenler, dost-ýarlyk, garyndaşlyk borçlaryny ýada salanlar, Garadöwlediň düşen gününi tuutş il-güniň, öňi bilenem özleriniň namysy-ary hasap edenler. Dykma serdar olary güýç bilen saklajak boldy. Emma muňa Nurberdi han rugsat bermedi. «Garadöwlediň ýagdaýyna düşünmek gerek. Öňki-öňkülik bolanda dogrusy ikimiz özümiz olaryň öňüne düşüp giderdik. Ýöne, bu wagt ýagdaý başgaça. Şonuň üçinem, sen olara aýt, Ruhy batyr ýaly diňe ýitiklerini gözlesinler bigünäleri öldürmesinlerem, talamasynlaram diýdi. Gidenlerine üç gün diýlende, Garadöwlet dagy birgiden mal, ýesir, olja bilen gaýdyp geldiler. Garadöwlediň diýeni welin bolmady. Işi bitmedi. Jäjekden derek tapylmady. Özlerine gulak asman gidendikleri, üstesine alamançylyk edendikleri üçin Dykma serdar ähli han-begleriň, serdarlaryň adyndan olara käýýedi. ─ Bir zat üçin gitdiňiz, başga bir zat bilenem gaýdyp geldiňiz. Parz işe bukulyp, nähak iş etdiäiz. Ozalam galanyň içinde ýesirden ýaňa ýer ýok – diýdi. Şondan artyk hiç zat diýmedi. Çünki, her niçik hem bolsa Jäjegiň alyp gidilmegini ekabyrlaram öz namyslary hasap edýärdiler. Islendik türkmeniň namysyny öz namysy saýmaklyk türkmeniň ata-baba dübi. Ganyna guýlan dessury. Garadöwlediň kalbyndaky harasat welin wagty bilen köşeşmed. Gaýtam gitdigiçe güýjerledi. Edilen öwezalamandan birjigem rahatlyk tapmady köýüp giden arynyň ýerine düşdügi hasap etmedi. Jäjegiň haýsydyr bir tüýlek gajaryň goltugynda biçäre halda ýatyşy göz öňüne gelende bolsa bir ölübilmedi. Gijeler ýatybilmedi. «Öwhüldäp» ýerinden turdy, aýakýalaň, başy açyk ylgap daş çykdy. Gara öýüň daşyndan bir durman üç öwrüm edip, ýene-de öýe girdi. Bir günem çäş wagtlary ilerden, galanyň günbatar derwezesine tarap salgym ýaly yrgyldap, şöhlesi gaçan hereketsiz hem sowuk gözlerini bir nokatdan aýyrman gelýän, ýüzi gara ýanyk, elleri-aýaklary gan-gabarçak, saçlary çal, keltejik boýly egbar bir zenan maşgala göründi. Ol sal-sal bolan eşikleriniň aşagyndan akjaryp görünýän tenini elleri bilen ýapjak bolup kösenýär. Ýyrtyk bolsa bir ýa iki däl. Köp. Has ulularam bar. Zenan şeýdip barşyna öňünden kim çyksa-da aýak çekýär, soňam ýüzüne çiňerilibräge-de: «Hi-iýh» etdirip erbet bit tisginýär, içini çekýär, esli wagt şeýdip durýar, birdenem ilk-ä bir «pyňkyran» ýaly edýär, yzyndanam «jakgyldap» gülüp goýberýär. Soň ýene ýöräp başlaýar. Ýüz-gözünde gorky alamatlary emele gelýär. Daş-töweregine howsalaly garanjaklaýar. Öçügsiräk bolsa-da, balkyldap duran gara gözlerinden, şeýle hem hünji deý nepis akja dişlerinden çen tutaýmasaň, onuň ýaş maşgaladygyny aňar ýalam däl. Oba adamlary-ha ony ilkibada obama-oba aýlanyp, dilegçilik edip ýören sowdaýy, akly kemräk aýallaryň biridir öýtdüler. Diňe durup-durup, siňe-siňe syn edenlerinden soň, hususan-da sesinden çen tutup: Wiý, büý-ä Jäjek... – diýişdiler. Ýakalaryny tutup onuň eýlesine, beýlesine geçdiler. Daşyndan aýlandylar. Gözlerine ynanman öwran-öwran çiňerilişdiler. Şoldugyna doly göz ýetirenlerinden soňam, obadaşlaryna, şeýle hem Garadöwlede habar bermek üçin, sozanda-guýruk bolşup hersi bir tarapa ylgaşlap gitdiler. Jäjek welin hiç kime, hiç zada üns bermän, yrgyldap barýar. Ine-de ol öz öýlerine golaýlady. Gapylaryna baryp aýak çekdi. Oňa çenli eýýämhaçan habardar edilen Garadöwledem gapysyndan atylyp çykdy. Ol birbada öňünde duranyň Jäjekdigine ynanman, onuň üstaşyry o ýan, bu ýan seretdi. Jäjegi gözledi. Soň töweregindäkilere ýüzlendi. Hany Jäjek? Jäjek nirede? Şumatjyk siz Jäjek geldi diýdiňiz-ä... Aýalmy, erkekmi, Garadöwlet ony saýgaranok, ýöne, kimdir biri öňünde duran «garantga» tarap elini salgap: Ine, Jäjek-dä şü... – diýendenem: Jäjek? Jäjekmi şü? Şu duran Jäjekmi – diýip, Jäjege golaýlaşdy. ─ Jäjek? Bu senmi? Jäjek onuň alkymyna dykyldy. Ýüzüne çiňerildi. Iki eli bilenem garnyny tutup kemiş-kemiş etdi. Ysgynsyz seslendi: Bir käsejik suwuňyz ýokmy jan dogan? Çagam suw diýip halys ölüp barýa... Garadöwlediň depe saçy üýşüp gitdi. Endamy saňňyldady. Süňňi sarsdy. Galpyldady. Jäjegiň agaran saçlaryna, gara ýanyk bolan ýüzüne, hanasynyň içine çöküp giden gözlerine içgin garap durdy-durdy-da, böküp içeri girdi. Derhal bir susak suw alyp çykdy. Bir eli bilen egninden tutup, beýleki eli bilen içirdi. Soň tutaklap öýe saldy. Jäjek ýat birini görýän ýaly äriniň ýüzüne gorkuly seredip ýakymsyz ýylgyrdy. Garadöwlediň: Nirelerde azaşyp ýörsüň, Jäjek? Men seni ýer ýykyp gözledim, tapmadym... – diýen soragyna-da ýüzüni ynjyly çytyp, sowuklaç, üstesine-de, düýbünden başga terzde jogap berdi. Ah, jan dogan! Barar ýaly bazar, girer ýaly dükan däl ekeni. Aljagam baraýýa, almajagam baraýýa. Bir torba çüýrük hoz üçin üç günläp saman sowurmaly. Özüniňem baş-a asmanda, guýrugy gara ýeriň astynda. Aýaga ýalaňaç, göwresem günde, Aýlanýa, öwrülýä, iki gözem sende. Adam baram şo-ol, akyp du-ur, akyp du-ur... – Ol erniniň gyralaryna üýşen ak köpürjikleri eliniň aýasy bilen süpürdi-de, gözlerini agdaryp garnyny sypalady. – Çagajygyma dzmedim. Bir başa iki ölüm satyn almaýyn, diýdim. Ýogsam-a... Özüme galsa-ha... Onuň soňky sözleri Garadöwlediň gulagyna-da ilmedi. Ruhy sarsgyn başyny aýladymy, gözlerini garaňkyratdymy, agyr söweşlerden ýüz öwürmedik ýigit arkasyny tärime berdi-de, syrylyp aşak çökdi oturyberdi. Oňa çenli daşkyrak goňşy-golamlaram «gözaýdyňa» gelşip ugradylar. Jäjegiň «çagam-çagam» diýip özelenip oturşyndan çen tutup, agyr jebirler görendir, çagasy ýa düşendir, ýa-da içinde ölendir, öýtdüler. Iki sany aýal ylgaşlap gitdi-de, derhal Baýramgül tebibi alyp geldi. Ol Jäjegi barlansoň çaganyň ýerindedigini, diridigini, ýaňy bir jan girip ugrandygyny aýtdy. Hemmeler uludan demlerini aldylar. Garadöwledem uludan demini aldy. Ýöne, onuň şatlygy uzaga çekmedi. Jäjegiň gaýdyp gelmegini barybir arynyň alyndygy, namysynyň ýerine salyndygy hasap etmedi. Ony: Jäjege el degendir, diýen gorky basdy. Ýaman dert bu gümanyny ol hiç kim bilen paýlaşybam bilmedi, hiç kime içinem döküp bilmedi. Asla, hiç kimiň ýanyna barmadam, hiç kim bilen gepleşmedem. Güň ýaly ýeke özi bir öýden girdi-çykdy ýördi. Gözleriniň öňüne Jäjek bilen baglanyşykly her hili elhenç-elhenç suratlar geldi. Ýüregine sowuk suw urmak üçin, nägünlere düşendigini, näbelalara sataşandygyny Jäjegiň özünden sorajak bolubam kän synanyşdy, emma akly ýerinden üýtgän maşgalanyň takyk bir jogap berip biljekdigine ynanmady. Bardy-geldi bir zatlar diýäýende-de, ondan eşitmesiz zatlary eşiderinden, göwnüne getirýän zatlarynyň çyn bolup çykaryndan gorkdy. Özüne tenelli beriji pursatlaryň ýekeje gün hem bolsa gaýra süýşmegini isledi. Jäjegiň welin bu wagt barybir, bolan işi beýan edere ýagdaýy ýok. Ol şol bir aýdýan sözlerini gaýtalap, ýör. Takyk bir zat diýip bilenok. Äri bilen oturakgetdänim açykdan-açyk gürleşenok. Garadöwlet bolsa käte «was-wasyň» ugruna gidip onuň bu bolşunam özüçe ýorýar. «Bolan işi maňa aýtmajak bolup bilgeşleýin şeýdip ýörendir» öýdýär. Şeýlelikde, Jäjekli waka Garadöwlet üçin syr bolup galdy. Ýeke bir Garadöwlet üçin däl, tutuş, Gökdepe ilaty üçinem syr bolup galdy. Hemmeler üçin «wawwaly» bolan elhenç taryhy hiç kimiň, hiç kesiň ýanynda gozgasy, birek-biregiň ýürek ýarasyny dyrmalasy gelmedi. Garadöwlediň ýanynda-ha asylam. Garadöwlediň özi bolsa, iliň öňünde müýnli ýaly, özüni hemişe sus alyp barýar. Ýagdaýdan çykalga agtarýar. Özüniňem Jäjegiň gününe düşerinden, aklyndan azaşaryndan gorkýar. Ahyram ol belli bir netijä geldi. Daň bilen atlanyp daga tarap gitdi-de, iki günden soň on alty ýaşlaryndaky owadan pars gyzyny atynyň ardyna alyp geldi. Duluna geçirdi. Başyna gyzyl kürte atdy. Özüne ikinji aýal edindi. Molla getirip nika gyýdyrdy. Üýşmeleň etmedi. Ol şeýdip, özüni köşeşdirerin, beýnimi alasarmyk pikirlerden arassalaryn öýtdi. Emma barybir bolmady. Gapma-garşylykly pikirler ony şondan soňam öz erkine goýmady. Hakykatda welin, Jäjek arassady. Alyp gaçan garakçynyň ony özüne ýanýoldaş edinmek üçin äkidendigem, asyl, onuň öýden çykanda-da diňe şol niýet bilen çykandygam çyn. Şonuň üçinem ol ne ýolda, ne gyssagara edilýän düşleglerde Jäjek babatda hiç hili hyýanatçylykly hereketler etmedi. Dert-azar ýanyndaky döwüm-dişlem çöreklerden iýdirmek, suwjagaz, islese çaý içirmek bilen boldy! Doly düşündirip bilmese-de, özüniň niýetini Jäjege öwran-şwran düşündirdi. Daşynda «pyr-pyr» aýlandy. Çünki, ol ony eýýäm öz maşgalasy hasaplap ýördi. Emma Jäjek öňki Jäjek däldi. Onuň akly baryp-ha garakçylar tarapyndan joralarynyň ýeke-ýeke kerçelenip ugran wagty, esasanam kelte boýly garagyýçak gaýtarmanyň bir ýan kibtiniň göwresinden bölünägede gök otuň üstüne «patlap» gaçan wagty üýtgäpdi. Ýene bir gyzyň soýlan horaz ýaly, damagyndan bürküldäp akýan gana bogulyp, «hykyrdap» ýatyşam onuň üstüne urna bolupdy. Birdenem garnynda çaga bardygy ýadyna düşüpdi-de, hiç bolmanda şuny bir halas edeýin , diýip, ümdüzine gaçypdy. Bu onuň eýýänhaçan özüni taşlap barýan akyl-huşunyň iň soňky sagdyn çözgüdidi. Şondan soňky eden oňyn hereketleriniň aňyrsynda bolsa endik, tebigy duýgy, ynsan güýjüniňez berligi ýatyr. ... Şol gün gijesi bilen ýol ýörediler. Ertesi gün guşluk boluberende dag içindäki haýsydyr bir kiçeňräk çeşmeden geçmeli boldular. Suwuň ýüzündäki öz suratyndan ürkdümi ýa başga bir zatdan tebil tapdymy, iňňän ýadawdygyna garamazdan, at aýylganç bir «haýkyrdy-da», juda çusluk bilen özüni arkan zyňdy. Şol barmana art aýaklarynyň birem ullkan ýylçyr daşa degdi-de, bir gapdala «gürpüldäp» ýykyldy. Üstündäkileriňem hersi bir tarapa tüwdürilip gitdiler. Düýnden bäri gajaryň güýçli gollaryndan sypjak bolup, urna-urna halys ysgyndan gaçan gelniň , ýykylan wagty kellesi «gülçüldäp» ýere degdi-de özünden gitdi. Gajaryň sag aýagy atyň aşagynda galdy. Edil, uýlugynyň aşagyna-da, gyýçak daş gabat geldi-de, at her gezek turjak bolup dyzanda jylka etini mazaly mynjyratdy. Uýluk çat açdy. Akan gan syrygyp baryp, «owup-owup» duran dury çeşmäniň sowuk suwuna gşuldy. Çalarak reňkini üýtgetdi. At özbaşyna özi çarap turup gidenden soňam gajar esli wagtlap gozganybilmän ýatdy. Birdenem «gelinligi» ýadyna düşdi-de, başyny zordan galdyryp eýlesine, beýlesine seretdi. At görünmedi. Gelin welin özünden bary-ýogy iki ädimlikde sarsman ýatyr. Dem alýanam bildirenok. Gajar bar zatdan beter şondan gorkdy. Atam hiç, tapdyrar, özem hiç, ölmese galar gider, ýöne, şujagaz gelin welin tapdyrmaz. Oňa şol gerek. Sallahlyk derdinden dynmak gerek. Şonuň üçinem, iň bolmanda onuň diridigine bir göz ýetirmek maksady bilen ol Jäjege tarap süýşenekläp ugrady. Baryp gabarçakdan doly aýasyny gelniň maňlaýyna goýdy. Soň gulagyny kükregine goňup ýüregini diledi. Diridigini bilip begendi. Şatlygyndan ýaňa gözlerine ýaş aýlandy. Hamsykdy. Gelni gujaklap aglady. Öz agyrylaryny bütinleý unutdy. Şol ýatyşyna-da usurgady. Bir haýukdan soň Jäjek yňranyp gözüni açdy. Gajaryň özüni gujaklap ýatyşyndan gorkdy. Ent-ment bolup ýerinden turdy. Çeşmäniň ýakasyndaky kelle ýaly ýylçyr çal daşlaryň birini iki eli bilen tutup aldy-da, dik depesine göterdi. Gajaryň üstüne abandy. Gajar oýandy. Ýatan ýerinden oňa tarap aýasyny serdi. Gyzyl Ymam ursun, men seni satjak däl! Gyrnagam, hyzmatkärem edinjek däl! Men olja diýip çykmadym, sen diýip çykdym. Men, alamançy däl, galtamanam däl. Men dul! Sallah! Biçäre! Maňa öý gerek, ogul gerek, gyz gerek... Men... Men... Şol aýgytly pursat Jäjegiň akly wagtlaýynça hem bolsa özüne gelen bolmaly. Ol dogry pikir etdi. Dogry netije çykardy. Wepat bolan joralarynyň, Garadöwlediň, göwresindäki çagajygynyň haky üçin, elindäki daşy «haýyna-waýyna» bakman, gajaryň çat maňlaýyndaky ullakan meňiň üstünden bar güýji bilen inderdi. Badyna entirekledi-de, Gajaryň üsti bilen ätmerläp bir ädim öňe gitdi. Gajaryň agdar-düňder bolan agy sargylt gözleri welin henizem özüne tarap ýalbaryjy nazar bilen seredýän ýaly bolup duýuldy. Göwre bolsa, Jäjek ondan ep-esli arany açanyndan soňam esli wagtlap kakyndy ýatdy. Tüýlek eller oňa tarap serilgiligine galdy. Yns bolsun, jyns bolsun, hassa bolsun, sag bolsun, hersiniň öz tebigy duýgusy bar. Şol duýgy ony tä, jan teslim edýänçä terk edenok. Hususan-da öýüne, obasyna, maşgalasyna, il-gününe bolan duýgy. Şol duýgy ony entek aýaklary ädilýän bolsa, beýnisiniň salgy berýän nokadyna ýalňyşdyrman eltip bilýär. Jäjegem obasyna şol duýgy alyp geldi. Şol duýgy oňa ýol görkezdi. Ol gije diýmän, gündiz diýmän ýöredi. Özem diňe Gündogara tarap gitdi. Daglykdan çykýança ýadan wagty içi ýylanlly, yçýanly gowaklarda ýatdy, gaplaňly, ýolbarsly derelerde, jülgelerde dynç aldy. Çeşmelerden suwlandy, ýuwadyr-ýelmik, kömelek, böwürlen iýdi. Soň ýene-de ýola düşdi. Dagdan çykyp düze düşensoň ol özüni has erkin duýdy. Şeýdibem oba geldi. Şol zatlaryň hemmesi Jäjegiň aňyndan çykyp gidäýenok. Üzlem-saplamrak, bitertibräk bolsa-da, «ganly depäniň» wakalaryny, depeden düşüp gaçyşyny bir gajaryň özüni günbatar sary alyp gidip barşyny, yzyna gaýdyşyny Garadöwlede aýdybam berýär, ýöne, onuň ol «gürrüňlerinden» Garadöwlet hiç hili many ugur-utga alyp bilenok. Şonuň üçin oňa ünsem berenok. Diňlänogam. Syrkaw adamyň samramalarydyr öýdýär. Onuň bar ünsi göwnüniň günanynda. Iň ýamany ana, şol. Ol şondan baş alyp çykyp bilenok. Wagt bolsa geçip dur. Durmuş dowam edýär. Ine, hä diýmänem ekinler ýetişer. Soň onuň hasylyny ýygnamaly bolar. Tutuş il-günüň namysyna tokunmak üçin, agzyndan gyzyl ot saçyp gelýän uzyn guýrukly sary aždarhanyň öňünde döş gerip durmalam bolar. Şonuň üçinem, Garadöwlet islese-de, islemese-de basym öýdenem çykmaly bolar, il-günüň edýän hereketlerine, hysyrdylaryna goşulmalam bolar. Bir gowy zat, Garadöwlet Jäjegiň garnyndaky çaga betgümançylyk edenok. Çünki, ol çaga entek ýazlaga gidilmezinden öň enesiniň göwresinde galypdy. Ony uly ilem bilýär. Şonuň üçinem Garadöwlet o tarapdan arkaýyn | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |