01:29 Jöwzaly gyş -6: Gözi ganly general | |
GÖZI GANLY GENERAL
Taryhy proza
Ahalyň han-begleriniň, Enehakydanyň we başga-da birnäçe adamlaryň çaklary dogry bolup çykdy. Orsyýet türkmen topragyndan elini çekmedi. Ülkäni ymykly eýelemek maksady bilen haýdan-haý ikinji harby ýörişi taýýarlamaklyga girişdi. Taýýarlygyň tutumy uly. Çünki, diňe altydan bir bölegi tüpeň, galanlary gylyç, pyçakdyr-gyrkylyk ýaly sowuk ýaraglar bilen ýaraglanan ahal tekeleri ors hökümediniň Kawkazda, Krymda, Hywada, Buharada, Bolgariýada, Polşada gazanan şöhradyny elinden alypdy. Ýeke bir Aziýada däl, tutuş Ýewropada hatda Amerkida hem tekeleriň orslaryň üstünden gazanan ýeňişleri barada gürrüňler edilýärdi. Şonuň üçinem, bu ýöriş esasanam ahmyrçylykly häsiýete eýe. Maksat: Her zat etmeli welin, «wagşy» türkmen taýpalarynyň hemmesine göz bolar ýaly. Ahal tekelerini mugyra getirmeli, jezalandyrmaly we ors ýaragynyň Gökdepe galasynyň diwarlarynyň düýbünde çöpe-çalama bulaşyp galan şöhratyny gaýdyp almaly. Dikeltmeli. Ýöne, birinji Gökdepe urşuna gatnaşan soldatlaryň öz köne söweşdeş generallary Tergukasow bilen ikinji Ahalteke ýörişine gatnaşmak arzuwlary hasyl bolmady. Birinji Ahalteke ýörişine gatnaşanlaryň hemmesini assa-ýuwaş Hazar deňziniň Kawkaz kenaryna, – Bakuwa taşlamak barada ýokardan buýruk geldi. Goşun bütinleý täzelendi. Ýörişiň goşun başlyklygyna şondan üç ýyl ozal Bolgarýada bolup geçen rus-türk urşunda tapawutlanan, Hywanyň, Buharanyň, Kawkazyň, Fergananyň, Andijanyň boýun egdirilişine gatnaşyjy, türki halklaryň gözleriniň oduny almakda hemmelerden tejribeli hasap edilýän otuz sekiz ýaşly general Mihail Dmitriewiç Skobelew bellendi. Bu onuň ömründe ilkinji gezek baş serkerdelige bellenişidi. 1843-nji ýylda Peterburgda doglan Skobelow kakasynyň harbyçylyk hünärini saýlap aldy. Ilki öz maşgalasynda, soň Dezideriýa Žirardeniň Pariždäki şahsy pansionynda terbiýelendi. 1861-nji ýylda Peterburg uniwersitetine kabul edildi. Ýöne, bidüzgünçiliklere gatnaşandygy üçin diýlip bir ýyldan soň okuwdan çykaryldy. Az mahal Kawalergard polkunda nöker boldy we 1863-nji ýylda kernetlige geçirildi. Hut şol wagt hem patyşa samoderžawiýasyna garşy polýaklaryň gozgalaňy başlandy. Ol ýerde Skobelewiň kakasy gulluk edýärdi. Söweşlere höwesek, ýigrimi ýaşly Dmitriý haýal etmän kakasynyň ýanyna ugrady. Emma, entek ol ýere ýetmänkä, gozgalaňçylaryň garşysyna uruşmaga barýan goşuna gabat geldi we olara goşuldy. Şol ýerde hem gan dökmekligi öwrendi. Gelejekki harbyçylyk ýoluna gadam goýdy. Soň ol Baş ştabyň Akademiýasynda okady. Ony tamamlandan soň özüniň Orta Aziýa iberilmegini haýyş etdi. Harby serkerde hökmünde onuň Türküstan babatda öz syýasaty bardy. Ol Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana hem, harby baza hökmünde garaýardy. «Biz buharalylary, hywalylary, türkmenleri gutarnykly boýun egdirip, olary guramaçylykly bir güýje öwürmeli, wagty gelerem welin, şolardan düzülen ýüz müň atlydan ybarat goşunyaýga galdyryp, awangard hökmünde iňlis-hindi serhedine sürmeli we Demir agsak döwrüniň ýörişlerini täzelemeli» diýmäni gowy görýärdi. Tekeler tarapyndan soň-soňlar: «Gözi ganly general» ýa-da «aýry sakgal» diýip atlandyrylan, ors şowinistleri tarapyndan milli gahryman hökmünde öwlüp arşa çykarylan, uçursyz mahabatlandyrylan bu serkerdäniň umuman alanyňda türki halklara aýratyn bir öçli garaýyşy bar. Onuňam sebäbi, 1868-ji ýylyň 1-nji maýynda Orta Aziýadaky basybalyjylykly hereketleri bilen meşhur bolan, Gazawat gyrgynçylygynyň esasy ýolbaşçysy Fon Kaufman Samarkandy basyp aldy we bir aýdan soň ol ýerden çykyp, Ketdegorgana tarap ýola düşdi. Şol gijäniň özünde hem Samarkantda gozgalaň turdy. Bu habar Kaufmana Zerbulagyň ýanynda, buharaly gozgalaňçylar bilen söweşip ýörkä baryp ýetdi. Kaufman ol ýerdäki gozgalaňy ýatyryp yzyna Samarkanda dolandy. Gelip gozgalaňçylary dargatdy. Zerewşan okrugynyň general gubernatory Abramow gozgalaňyň giňäp, öz çäklerine hem ýeterinden ätiýaç etdi we Kaufmandan goşmaça kömek sorady. Onuň haýyşyny kanagatlandyrmak maksady bilen, Kaufman ştabs-rotmistr Skobelewi Samarkanda çagyrdy we şonuň ýolbaşçylygynda jeza beriji otrýad düzüp Zerewşana iberdi. Emma, Skobelew Ketdegorganyň golaýyndaky çarşenbe gyşlagynyň töwereginde bir özbek ýigidiniň baştutanlygyndaky hiç hili söweş taýýarlyklary bolmadyk kiçeňräk otrýady tarapyndan masgaraçylykly ýagdaýda şowsuzlyga ugrady. Bu ýagdaý Türkistandaky eden-etdilikleri bilen howaýy şöhrat gazanyp, döşlerine kakyşyp ýören ors harbylaryny atdan ýykylana dönderdi. Olar özlerini namys astynda galan hasap etdiler we bu iş üçin Skobelewiň jeza çekmegini islediler. Esasanam Kaufman oda-köze düşdi. Ol gazaplandy. Skobelewiň nalajedeýinligini Imperatoryň öňünde açyp görkezmek maksady bilen, bolan iş boýunça ýörite ýazmaça taýýarlamak üçin, döwlet derejesinde barlag toparyny döretdi. Skobelewiň jezalandyrylmagyny, özünden ýokary derejedäki adamlardan, şol sanda Imperatoryň özündenem haýyş etdi. Skobelew jezadan diňe uly çinli harby, ak patyşa bilen içgin gatnaşykda bolan kakasynyň tagallasy arkaly gutuldy. Ýöne, türkistanlylara bolan kitüw welin, şondan soň onuň içinde düwün bolup galdy. Hut şonuň üçinem, ol ömürboýy uly diýmän, kiçi diýmän, aýal ýa erkek diýmän, gylyjyny türki halklaryň depesinde dalawladyp başlady. Gyrdy. Keýp edip kerçedi. Şeýtmekden lezzet aldy. Ýeke bir ýeňýänçä däl, ýeňenden soňam, garşydaşy amana gelenden soňam gyrdy. Gyrgynçylyksyz ýeňi şony kanagatlandyrmady. Hiç haçan garşydaşynyň boýun sunujylykly töwellaryny kabul etmedi. Çarşenbe gyşlagynyň golaýyndaky şowsuz wakadan soň jezadan sag-aman gutulan hem bolsa, Beýik Rus imperiýasynyň abraýyny ýere çalan adam hökmünde ony Türkistanda uzak saklamadylar. Kawkaza geçirdiler. Şonda onuň Orta Aziýa gelenine bir ýyl hem dolmandy. Şol ýerdenem merkezi Krasnowodskide ýerleşen Zakaspiý harby bölümine iberildi. Baran gününden başlabam, türkmen obalaryny basyp almana başlady. Ýöne, bu wagt ors hökümeti eýýäm Hywa ýörişe taýýarlyk görüp ýördi. Skobelew ol ýörişe höwes bilen goşuldy. Hywa alnan wagty onuň içindäki kitüw hasam görnetin ýüze çykdy. Şäheriň uruşsyz boýun egmegi onuň lapyny keç etdi. Şöhrady elinden gidip barýan adam hökmünde özüni iňňän oňaýsyz duýdy. Çünki, oňa iki elinem ýokary göterip çykan «alamançylar» däl-de, gylyjyň, top oklarynyň, zoruň güýji bilen boýun egdirilen, ýarysyndanam gowragy gyrlan garşydaşlar, gan dökülip gazanylan şöhrat gerekdi. Şonuň üçinem, güýç ulanmaklygyň hiç hili zerurlygynyň ýokdugyna garamazdan, awangard naçalnigi Skobelew jeza beriji otrýadyň umumy ýolbaşçysy general Werewkiçiň rugsady bilen, eýýäm boýun egen Hywa şäherini top okuna tutdy. Soňra granatlar bilen galanyň derwezesini we minaralaryny weýran etdi. Galany goraýjylar derhal diwarlardan düşdüler we bialaç söweşe girmeli boldular. Netijede iki tarapdanam nähak ýitgiler çekildi. Şondan soň Skobelew hili bir iş bitiren adam hökmünde gala kürsäp girdi we şäheriň derwezelerini, han köşgüni eýeledi. Şeýle aňsat şöhrat oňa diňe garşydaşynyň ýarag, güýç, tertip-düzgün, guramaçylyk taýdan gowşak bolan halatynda miýesser edýärdi. Ol özüni hamala ýeňmesi kyn bolan, gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezen, her tarapdan taýýarlykly, ýarag serenjamy güýçli bolan duşmany ýeňen adam hökmünde görkezmäge dyrjaşýardy. Ýöne, onuň bu hereketlerini ors serkerdeleri gaty bir oňlap hem barmaýardylar. Hususan-da, Kaufman ýaly özünden uly çinli serkerdeler oňa sowuk garaýardylar. Emma ak patyşanyň lälijegine hiç kim batyrynyp bilmeýärdi. Onuň özi bolsa edýän ters hereketleriniň sebäbini: «Men Aziýany gowy bilýärin. Onuň adamlaryny gowy tanaýaryn. Şular ýaly elhenç sütemlere sezewar edilmeseler, bular hiç haçanam ýeňilenlerini boýunlaryna almazlar» diýip, düşündirýärdi. Andijan gozgalaňy basylyp ýatyrylanda ol özüni hasam zalym alyp bardy. Entek hüjüme-de geçmezden öň, şol gozgalaňa gatnaşan ýa-da gozgalaňçylara kömek eden, olara öýünden gaçybatalga beren adamlaryň gyşlaklaryny ýakdy, ýaşaýjylaryny bolsa göterip çykandyklaryna garamazdan uçdantutma gyrdy. Ýene bir hakykat: Kokant ekspedisiýasy döwründe Skobelewiň jeza beriji otrýady Garaderýa jülgesindäki ýakylyp küle öwrülen obalaryny taşlap gaýdan we aç-ýalaňaç ygyp ýören adamlara sataşdy. Olar düýbünden ýaragsyzdylar, hordular, juda ejiz görünýärdiler. Köpüsem ýaş çagalardylar, aýallardylar, gojalardylar. Muňa garamazdan, Skobelew öz garamagyndaky ofiserler Naliwkine we Ionowa gaçgaklary oka tutmaklygy, tä iň soňkusyna çenli gyrmaklygy buýurdy. Naliwkin onuň buýrugyndan boun towlady. «Men ofiser, parahat, ýaragsyz ilaty gyrmak meniň öz adyma-da, goşunyň, tutuş Orsyýediň abraýyna-da uslyp däl», diýdi. Şonda Skobelew halky gyrmaklygy Ionowa tabşyrdy. Olam ikirjiňlenjek boldy welin, haýbat atdy. Ýaragyna ýapyşdy. Netijede Ionow öz soldatlaryna ejiz ilaty gyrdyrdy. Buýrugy ýerine ýetirmändigi üçin jezalandyrmagyny talap edip, Skobelew Naliwkiniň üstünden iň ýokary edaralara çenli arza üstüne arza ýazdy. Ahyrsoňy onuň gullugy terk edip otstawka gitmegini gazandy. Skobelew Bolgariýany Osman imperiýasynyň agalygyndan azat etmek ugrundaky rus-türk urşuna – Şipkanyň boýun egdirilişine, Plewnä hüjüm edilişine, Lowçiniň alnyşyna, Çynar daglaryna edilen hüjüme gatnaşan esasy serkerdeleriňem biri. Ol şol ýerde hem Orta Aziýaly türki halklaryň, hususan-da türkmenleriň gadymky ganybir garyndaşlarynyň biri bolan türkler bilen urşupdy we özüne şahsy şöhrat gazanmak üçin soldatlarynyň janlaryny gaýgyrmandy, olaryň gereginden artyk çekýän ýitgilerine biparh garapdy. Çünki, onuň özüni Bolgariýany türklerden azat eden ýeke-täk adam hökmünde görkezesi gelýärdi. Birinji Ahalteke ýörişi döwründe ol gulluk borjy boýunça Germaniýada ýördi. Ýöne, ýörişiň barşy bilen yzygiderli gyzyklanýardy we goşunyň her bir harby üstünliklerini gabanç şowsuzlyklaryny, serkerdeleriň abraýyna nogsan getirip biläýjek wakalary bolsa bilniksiz söýünç bilen garşylaýardy. Çünki şol ýörişe gatnaşyjy serkerdeler – graf Borh, knýaz Dolgorykiý dagylar Skobelewiň Kokantdaky gazanan şöhradyna bäsdeşlik eden, Ferganadaky käbir gödek hereketleri üçin üstünden Peterburga arza ýazan, 1877-nji ýylyň martynda Imperatoryň öňünde gyzarmagyna sebäp bolan adamlardy. Ikinji Ahalteke ýörişine baş serkerde edilip bellenenden soň, ol uruş wagtynda özüniň rehimsizlik bilen hereket etjekdigini hiç kimden gizläbem durmady. Çünki, şeýtmeklik onuň harby serkerde hökmünde öz öňünde goýan baş maksady. Şeýle birehim bolmasa özüne ýeňşiň ýar bolmajakdygyna, şöhradyň nesip etmejekdigine ol ynanýar. Ýörişe ugramazynyň öň ýany, Hazar deňziniň ýakasynda ýaşaýan ýomut türkmenleri bilen bolan gürrüňçilikde ol: ─ Güýç meniň elimde. Men duşmany ýok ederin. Ruslaryň her damja gany üçin duşmanyň ganyny derýa deý akdyraryn – diýdi. Gökdepe basylyp alnandan soň ahally tekeleriň ählisini Hazar deňziniň ýakasyna sürmek, galany bolsa tekizläp, ýerine sogan ekmek barada göwün ýüwürdipdi. Geçen ýylky Gökdepe urşy barada Orsyýediň metbugatynda çykyş edýän käbir awtorlaryň makalalarynda ýerli halka duýgudaşlyk bildirilýärdi, galadan çykyp başlaryny gutarmak üçin guma tarap gaçmaga synanyşan türkmen maşgalalaryny kowalan, yzlaryndan ýetip gyrandyklary üçin soldatlaram, olara şeýle buýruk beren ofiserlerem berk tankyt edilýärdi. Rehimsizlikde aýyplanýardy. Şolar ýaly hereketleri etmekden boýun gaçyran ýa-da bu hakda ofiserleriň atlary hormat bilen agzalýardy, olaryň şol hereketleri goldanylýardy, magtalýardy. Şolar ýaly gazet makalalaryny okanda, Skobelewiň gany depesine urýardy. Gaharlanýardy. Ýumrugyny düwüp, stoluň üstüne düňküldedýärdi, öz ýanyndan şol makalalaryň awtorlaryna haýbat atýardy. Garaderýaly özbekleri gyrmak baradaky buýrugyndan boýun gaçyran Naliwkini göz öňüne getirip gyjynýardy. Şonuň üçinem, ol öz ýolbaşçylygynda gurnaljak ýörişe şolar ýaly ýüregi ýuka, duşmana dözümsiz ynsanperwer ofiserleriň iberilmezligini, žurnalistleriň-ä asylam goşulmazlygyny haýyş edip, Kawkaz goşunlarynyň Baş komanduýuşisine hat üsti bilen ýüz tutupdy. «Urşuň ýowuz talaplary hemme ýerde birmeňzeşdir. Şonuň üçinem, Lomakiniň geçiren çäreleri aklawja mätäç däl. 1870-1871-nji ýyllarda Parižiň eteginde-de şeýle edilipdi. Rus-türk urşy mahaly, Plewnanyň eteginde-de hut şeýdipdik. Biz mundan buýana-da şeýderis. Harby adamyň kellesinde buýruga amal etmekden başga hiç hili pikir bolup bilmez. Içinde serkerdesinden başgaça pikirlenýäni bar bolsa, onda ol goşun gowşak goşundyr. Egerde, şeýle adam meniň otrýadyma düşse we käbir söweş hereketlerimiň gödek ýa rehimsizdigi barada dil ýarsa, onda men ony jezalandyrman durup bilmen. Munuň maňa nähili agyr degjekdigini siz göz öňüne getirip bilersiňiz, ýöne, gynansak-da, men şeýle çäreleri geçirmeli bolaryn» diýip, ýazypdy. Bolaýmagy gutulgysyz görünýän ikinji Gökdepe urşunda Nurberdi han bilen drkaşa girjek ors serkerdesiniň harby keşbi umuman alanyňda ine, şeýleräk. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |