01:29 Jöwzaly gyş -7: "Baş bolmasa göwre läş" | |
«BAŞ BOLMASA GÖWRE LÄŞ»
Taryhy proza
Edil Lazerewiň edişi ýaly, Skobelew hem goşun serenjamyna Çekişlerden başlady. Şol bir ýol bilen gaýtdy. Bendedesen geçidinden aşyp, Bamyda ornaşdy. Şol ýerdenem ýerli ýagdaýy öwrenmek üçin, ýany toply, ep-esli soldatdan ybarat otrýady bilen, birnäçe gezek Ahal ülkesine barlaga gitdi. Soň ýene-de Bama dolanyp geldi we tä, 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň başyna çenli, Gökdepe galasyna hüjüme gidilýänçä, şol ýerde boldy. Iň soňky taýýarlyk çärelerini gözden geçirdi. Ahal obalaryna birsyhly wehim salmak bilen, ikinji urşuň gutulgysyzdygyny tekelere göze dürtme görkezdi. Çomrularyň oba hojalyk işlerinde päsgel berdi. Çarwalaryň mal-garalaryna talaň saldy. Orsyýediň Eýrandaky wekiliniň üsti bilen Kuçandaky, Büjnürtdäki, Horasandaky kürtleriň türkmen obalaryna häli-şindi çozup, alaman edip durmaklaryny gazandy. 1880-1881-nji ýyllar aralygynda Hazar deňziniň kenaryndaky Mihaýlowsk aýlagyndan Gyzylarbada çenli demir ýol çekildi. Şonuň bilen birlikde, telegraf hem çekilip gaýdyldy. Ol ýol diňe harby maksatlar üçin guruldy we diňe harby maksatly ýükler – top, tüpeň, ok, däri, goşun, goşun üçin ot-iým, telegraf sütünleri we gerek bolup biläýjek beýleki gurluşyk desgalary daşaldy. Birinji ýörişdä-kä garanda bu gezek goşunyň tyl bilen aragatnaşygy, üpjünçilik ýagady görnetin gowulaşdy. Patyşa goşunynyň türkmen topragyna has çuň aralaşmagyna ýardam etdi. Onuň bu ülkä ymykly geljekdigini berk ornaşjakdygyny, bu golaýda yzyna gitmejekdigini mesaňa-mälim äşgäre kyldy. Türkmen han-beglerini has tijenmäge, goranyş çärelerini tizleşdirmäge mejbur etdi. Nurberdi han onsuzam boş ýatanokdy. Şol döwrüň içinde ol galanyň öň gurlup gutarylmadyk diwarlaryny dikeltdirdi, garawulhanalaryny bejertdi, ýigrimi iki müň adamlyk goşunyň başyny jemledi. Häli-şindi maslahatlar geçirip durdy. Şolar ýaly maslahatlaryň birinde wekilleriň bir bölegi tarapyndan, nähili hereket edilse gowy boljakdygy barada maslahat sorap, Hywa hanyna ýüz tutulaýsa nähili boljakdygy barada gürrüň gozgaldy. Siz näme, Hywanyň mundan alty ýyl ozal ors hökümediniň gol astyna geçendigini unutdyňyzmy? – diýip, Nurberdi han şol gürrüňi gozgan adamlaryň ýüzüne ýeke-ýeke seredip çykdy. – Gazawat gyrgynçylygynam ýadyňyzdan çykardyňyzmy? – Diňe Hanmämmet atalyk oturan ýerinde biraz oýkanjyrady diýäýmeseň, maslahata gatnaşyjylaryň hiç birinden ses çykmady. – Şonuň üçinem, bize ok-ýarag, iýmit ýa maslahat kömegini bermeg-ä beýlede dursun, asla ors türkmen dawasyna goşulmaga onuň hakam ýok, oňa oň gaýratam çatmaz. Bognam ysmaz. Onda, Horasan welaýatynyň häkimine ýüz tutalyň. Goý, ol bize iň bolmanda Sarahsa, Büjnürde, Kuçana, Deregöze göçmäge rugsat bersin – diýip, başga bir topar ikinji teklibi orta atdy. Horasan näme Eýran dälmi – diýip, Dykma serdar iki dyzynyň üstünde leňňerläp oturşyna aýtdy. – Ol ýerde orsyýediň bähbitini arap oturan öz ilçileri bar. Onuň üstesine ol ýere häli-şindi, biziň meselämiz boýunça ýörite wekillerem baryp-gaýdyp durlar. «Ganly depede» bolan wakanyňam aňyrsynda şolaryň durandyklary ynamdar çeşmeler arkaly bize mälim boldy. Garadöwlediň guran alamanam ors hökümediniň garaşan netijesini berdi. Ony Eýranyň şasy «öwezalaman» däl-de, «alaman» hökmünde kabul etdi. Bu mesele boýunça indi onuň nähili çözgüt çykarjakdygy belli däl. Şonuň üçinem o tarapdan ýaňa tamaňyz toraňňa daňylan ýaly bolaýsyn. Bilşimiz ýaly biziň olar bilen ok-ýarag söwdasyny etmek baradaky synanyşyklarymyzyňam öňüni orslar ökdelik bilen çoladylar. Onda Mara, Tejene göçeliň – diýip, başga biri üçünji teklibi girizdi. Ol meseläni-hä tekeleriň özlerem deň-derejede goldamadylar. Göwnemediler. Hususan-da, ýaş batyrlar dyzmaçlyk etdiler. Beýtmekligiň ýurdy elinjek duşmanyň eline goýup gitmeklik boljakdygyny aýdyp «haýkyryşdylar». Mary bilen Tejende bolsa asla ýer-ýurduň, suwuň ol ýerdäki oturanlar üçinem ýeterlik däldigini, üstesine o ýerlere baranyň bilenem orslrdan gaçyp gutulyp bolmajakdygyny, baran günüň ertesi olaryňam toplaryny süýreşip yzlaryndan barjakdyklryny öwran-öwran nygtaşdylar... Şu maslahatda umuman, ors hökümeti tarapyndan türkmenleriň tas, ähli ýollarynyň diýen ýaly ýapylandygy, Hakdan başga hiç-hili ýapyşalgalarynyň ýokdugy belli boldy. Şeýle-de bolsa, «ýatyp galandan atyp gal» edip, Hywa-da, Buhara-da, Büjnürde-de, Mara-da kömek sorap habar ibermeli, diýen karara geldiler. Şular ýaly üznüksiz hem gyssagly geçirilýän maslahatlaryň käbirinde, öňem birnäçe gezek garalan meseleleriň ýene-de gün tertibine getirilýän wagtlary-da az bolanok. Şonuň iň köp gaýtalanýany: «Uruşmalymy ýa boýun egmelimi?» diýen mesele. Ýöne, soňraky maslahatlaryň birinde, şol mesele: «Uruşmalymy ýa geçirip goýbermelimi?» diýen görnüşde orta atyldy. Bu pikir meseläniň parahatçylykly ýol bilen çözüläýmeginiňem bolup biläýjek zatdygyna umyt döretdi. Şonuň üçinem, maslahata gatnaşyjylaryň aglabasy: Geçip gitjek bolsalar honha ýol, gidibersinler, şu ýerde ýük ýazdyrmasalar, duz torbamyza dawa etmeseler bolýa – diýen pikiriň tarapynda durdylar. Başga birleri bolsa: ─ Aslynda ol geçip gitjekmikä beri? Geçip gidenden soň dolanyp geläge-de şu wagtky salyp gelýän demir ýollaryny sökäge-de, arkalaryna alyp äkitjekdiklerine ynamyňyz bamy? Geçip gitjek adamyň beýdip, öý eýesiniň üstüne eli ýaragly dyzap durmajakdygyna aklyňyz çatmaýamy ýa?.. – diýdiler. Şu terzde gürlänler başga-da kän boldy. Meselä iň soňunda Nurberdi han aýdyňlyk girizdi. Şu gürrüň başda-da bir ýüze çykypdy-y.. – diýip, ol tahýasyny yza süýşürip, elindäki ýaglygy bilen tüňňi hem giň maňlaýynyň derini süpürip oturşyna aýtdy. – Biz geçip gitjek, Hindistan barjak, Owgan barjak üstüňizden ýol saljak diýip, şo döwürlerem käte bir agzardylar. Başda hakykatdanam şol pikirde bolan bolmaklary mümkin. Emma syýasatlaryny üýtgeden bolsalar gerek, häzirki bolup gelişler-ä dogrudanam ötegçä meňzänok. Göräýmäge maslahat jemleniberdem. Ýöne, hiç haçan işini çig etmeýän Hanmämmet atalyk söz aldy-da, özüniň ýuwaştap, ýakymly sesi bilen: Geliň onda bir zat edeliň, adamlar – diýdi. – Şu gürrüňiň anygyna ýeteliň. Iň bolmanda şuny teklip hökmünde öz adymyzdan aýtsagam bolýa. Egerde, dogrudanam geçirip goýbermegimize razy bolsalar, geçirip goýbereliň. Elbetde, ýaňy ol habaryň aldaw, hile bolaýmagynyň ahmaldygynam aýtdylar, ýöne, şeýle-de bolsa geliň, bagtymyzy synap göreliň. Belki çyndyr. «Ýagşy niýet, ýarym döwlet» diýipdirler. Muny häliden bäri seslerini çykarman, içlerini hümledişip oturan Gurbanmyrat işandyr, Kerimberdi işan dagam goldadylar. Howwa-da, sorap göräýeniň bilen ýitirýän zadyň-a ýok. Geçip gidenleri bilenem ýitirýän zadymyz ýok. Ýüreklerinde ýamanlyk bolsa bizden iýmedik taýaklaryny ýa owgandan iýerler, ýa-da hindilerden – diýdiler. Gepleşik geçirmekligi Orazmämmet hanam, Gulbatyr serdaram goldady. Ýaş batyrlaram bu gezek ýaşulylara garşy çykjak bolup durmadylar. Ruhy batyryň özi bolsa bu maslahatda-da ýok. Ol häzirem dagdan ileride, nobatdaky sergezdançylygynda gezip ýör. Ekabyrlar onam ýatladylar. «Garadöwlediň ýetiren zyýanam ýetik, oňa ─ Indiden beýläk şoýandan aýagyňy çek, diýmeli. Aýdylana gulak asmasa çäresini görmeli» diýdiler. Şonuň bilenem şol günki maslahat tamamlandy. Geçen uruşda Dykma serdaryň öz nökerleri bilen nä günlere düşendigine, soň on iki adamdan ybarat ilçileriniň dardan dikbaşak asylandyklaryna garamazdan, şol günüň ertesi, ýene-de dokuz adamy ilçi edip orslaryň üstüne iberdiler. Olaryň aýtmaly zatlary şü: «Egerde, siz Ahal ülkesiniň üstünden geçip gitmek isleýän bolsaňyz, onda, han-hezretleri Nurberdi han size ak ýol arzuw edýär...» Ugrajak wagtlary Nurberdi han ilçilere şeý diýdi. Garaşyp duran ors wekilleri siz ýanlaryna barmankaňyz atlarynyň başyny öwrüp, özleriniňkä tarap gidiberseler, sizem yza dolanyň - diýdi. Hut , şeýle hem boldy. Ors wekilleri türkmen ilçilerini garşylaman, esli aralykdan yzlaryna dolandylar. Bu, töwellanyň alynmajakdygynyň, gepleşikleriň geçirilmejekdi giniň, hiç-hili teklibiň kabul edilmejekdiginiň alamatydy. Ilçiler ýüzlerine urlan ýaly bolşup yzlaryna gaýtdylar. Ak esgä dönen ýüzlerini sallaşyp, gala girdiler. Muny görüp ähli ýaşulylaram, ekabyrlaram erbet boldular. Uly-kiçi hemmeler gynandylar. Gurbanmyrat işan bolsa yzly-yzyna ýuwdunyp oturşyna başyny ýaýkap: Ata-babalarymyzyň: ors ynsaplydyr, ýöne, imansyzdyr, diýenleri dogry bolup çykdy-ow – diýdi. – Imansyzdan bolsa bäş wagt namazdan başga her zat çykar. Indi arkaýyn urşa taýynlanyberiň, adamlar. Dowul döretmezlik üçin bu hadysany halk köpçüliginden ýaşryn saklamaly diýen netijä geldiler. «Bela ýeke gelmez» diýleni. Gaýra üzüldimi ýa ýagdaýyň çylşyrymlaşýandygyna süňňi saradymy, tomsuň soňky aýlary birdenkä Nurberdi hanyňam geçen ýyl Marydan tapynyp gelen keseli gozgady-da, ýanyny ýere berdi ýatyberdi. Şeýle-de bolsa onuň taby entek-entekler-ä ajala per bererlikli däl. Akly-huşy, gepi-sözi ýerinde. Öz agramyny göterýär, girip-çykýar. Galanyň içinde we daşynda bolýan her bir herekete, urşa görülýän taýýarlyklara doly gözegçilik edip bilýär. Onsoňam, Ahalyň iň güýçli tebibi hasaplanýan Orazmämmet tebip onuň ýanyndan aýrylanok. Daglara, gum içine gidip dermanlyk ot-çöp getirýär. Em edýär. Bejerýär. Uly ilem Alladan öz hanlarynyň basymrak gutulmagyny, aýak üstüne galmagyny urşa onuň hut özüniň ýolbşçylyk etmegini isleýär. Ýöne, nätjek, hemme zat göwün islegiňe görä bolup durmy näme? Boljak işe bolsa çäre ýok. ...1880-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda, günortanlar, edil ýerden çykan ýaly bolup, Nurberdi hanyň howlusynda sellelerine çenli zybrym ak geýnen, iki sany geň-taň myhman peýda boldy. Olaryň ikisem ýaşlary bir çene baran moýsepit kişiler bolup, biri has gojamanrak görünýär. Onuň hatda gaşlaram Hakyda mollanyňky ýaly juw-ak. Gyzgylt öwüsýän ýüzi ýygyrt-ýygyrt. Şol ýygyrtlaryň içi bilen syrygyp gaýdýan der gelip, boýnundaky ýygyrtlarynyň içi bilen akyp endamyna ýaýrap gidýär, hut şonuň üçinem, ak köýneginiň ýagyrnysy öl-myžžyk. Gözleriniň içine nas pürkülen ýaly. Agy sargylt. Içinden inçejik gan damarjyklary geçýär. Olaryň käbiriniň reňki mawy, käbiriniňki gögümtil. Jikgeleri, kirpikleriniň düýbi gyzyl bolansoň, bäbenekleriniň daşyna gyzyl jähek aýlanan ýaly. Agzy kempeýip, kiçijikligi hem togalyklygy, üstesine-de mürşeýip durandygy üçin hoza meňzeýän eňegi öňe çykyp dur. Bir gözem dyzzygrak bolansoň gürrüňdeşiniň ýüzüne boýnuny bir tarapa gyşardyp, araba çykjak horaz ýaly jiňkerilip seredýär. Görnüşi howsalaly. Gyssanmaç. Ogurlyk etjek ýaly. Häli-şindi töweregine garanjaklaýar. Elleri sandyraýar, kellesi saňňyldaýar. Ol ylgaşlap ýanlaryna gelen hyzmatkär ýigide gymşaýlyp seretdi-de, çalgyrt, ortalyk türki dilde: Şükürmi, gurgunmy – diýdi. Şonda onuň sesem sandyrady. – Biz bala, Hywadan gelümiz. Ýulda Kunýaurgançga baryp, uç ýuz altmyş äwliýägä ziýarat etgen biz. Sarahs baba-gada, Mene baba-gada bargan biz. Intem Mekgä baramyz. Haçga kitämiz... Şondan soň ol özüni pir, ýanyndaky tegelek ýüzli, togalak kelleli, çal murtlarynyň hersi bir erniniň gyrasyndan sallanyp duran, gabaklary pökgi, gyýajyk gözli, ýagyrnysy ýasy, ýörände bir gapdala seredip ýapyrylybrak ýöreýän kişini bolsa sopusy hökmünde tanyşdyrdy. Sopam öz gezeginde gyýajyk gözlerini gypyrjykladyp, edil içi gyjyklanýan ýaly bokurdagyndan «şyg-şyg» ses çykaryp, çalt-çalt gepledi. Han hazratlary kasal diýip eşitkan biz. Soryp keçemiz dedik. Kandaý ol? Ýakşymy? Hyzmatkär derhal olaryň atlaryny teblehana eltip, gazyga iltedi-de, habarlaryny hana ýetirdi. Han: Taňry myhmany bolsa irikgä etmäň, myhmanhana eltiň, hezzet-hormat ediň - diýdi. Emma myhmanlaryň myhmanhanada uzak eglenesleri gelmedi. Has beterem pir kişi oturan ýerinde uçup-gonup, zowzullap başlady. Her gezek hyzmatkär ýigit girende, han hezretleriniň özüni görüp, saglygyna haýyrlyk doga okap gitmeseler tä, Mekgä barýançalar, asla, gaýdyp gelenlerinden soňam ynjalyp bilmejekdiklerini özleriniňem iňňän gyssagdyklaryny aýdyp gulak etini guratdy. Ahyry unup-çydaman, hyzmatkär ýigit olaryň o hyýyşlarynam hana ýetirdi. Han ýene-de sypaýyçylyk etdi. Taňry myhmanynyň raýyny ýykyp bolmaz, goý, gelsinler. Myhmanlar iki tirkeş bolup gapydan girdiler. Ilki pir, soň sopy girdi. Salam berdiler. Han olar bilen ýerinden turup görüşdi. Onuň daýaw göwresi, sypaýyçylykly hereketleri, howlukman sözleýşi myhmanlaryň sussuny basdy. Şeýle-de bolsa, pir basym özüni ele aldy. Görkezilen ýere geçip oturşy ýaly gepläp başlady. Keşen uruş sizge ýeňiş ýar bulgan. Kuttaýmyz! Yslamnyň ýaşyl tuguny korap ýakşy iş kylgan siz. Şehit bulgan bendelerniň jaýlary jennetden bulgaý. Berdimyrat hanyňkyda şon deý bulgaý. Lälezarlygyň içinde gurlan çadyr ýaly gyzyl-ala ýüpek düşekçeleriň üstünde howalanyp oturan han ýadaw sesi bilen «gübür-gübür» etdi. Taňryýalkasyn. Pir şehitleriň hatyrasyna doga okady. Soň ýene-de sözüni dowam etdirdi. Ýakşy kylasyz. Lekin hem şundaý kylaberiň. Käpirlerge kol bermäňler. Kelseler burunkydan-da beter uruňlar. Buýun sunmaňlar. Siziniň bu kahrymançylyklaryňyzny biz Arabystana-da ýetiremiz. Muhammet aleýhyssalamyň kuburynyň başynda oturyp sizlerge Alladan küýç, kuwwat tilärmiz. Alla sizge kuwwat bergeý, inşalla. Kuwwada bergeý, rowaçlyk-da bergeý. Käpirniň ýüzi aňry bulgaý. Şol sözleriň arasy bilen olar çäýnek-käselerini «şakyrdadyşyp» ileri-ileri omzaşdylar, hana has golaý bardylar. Öz çaýlaryndan hana-da içirdiler. Ýan torbalaryndan çykaryp däri-derman etdiler. Bu gezek hanyň sag-aman gutulmagyny diläp doga okadylar. Arasynda daş çykyp täret kylyp geldiler. Öýle namazlaryny okadylar. Üç bolup nahar iýdiler. Oňa çenlem hanyň ýagdaýy ýaramazlaşyp başlady. Der basdy. Hernäçe syr bildirmejek bolsa-da bolmady. Ysgyndan gidip, başyny ýassyga goýdy. Gögerip ugran dodaklaryny tamşandyryp suw diledi. Sopy düwdenekläp gidip suw getirdi. Ýöne, pir hana suw içirmedi. Suw içse çişiredi, çaý ýakşy buladi – diýip, ýene-de öz çaýyndan guýup berdi. Han ymyzganyberendenem: Han tahatlyk tapgan. Uka kitgen. Biz muny bizok kylmaýmyz, turamyz – diýdi. Gysgarak töwür edibem ýerinden galdy. Sopusam onuň bilen deň gopdy. Şol wagtam esli mahallardan bäri hanyň janpenasy bolup ýören, kyrk ýaşlaryndaky, ortadan uzynrak boýly, daýanyklyk dolmuşrakdygyna garamazdan diýseň çakgan gopýan, gyrçuw gara sakgally tegelek ýüzüne gelşip duran Öwez baý böküp içeri girdi. Hanyň burulyp ýatyşyny görendenem ýaňy bir köwüşlerini geýip gapydan çykmak üçin «hyk-çok» edişip duran myhmanlaryň öňüni kesdi. Duruň! Myhmanlar «ziňde-ziňk» bolşup, Öwez baýyň ýüzüne çiňerilişdiler. Hä-ä?.. Nime bulgan?.. Öwez baýyň sesi hökümli çykdy. Geçiň ýeriňize! – Pir hasyr-husur köwşüni çykardy-da, hasanaklap ýerine geçdi. Sopusam ondan gaty bir yza glmady. – Butnaman oturyň! – Öwez baý baryp hanyň ýüzüne seretdi. Adyny tutdy. Çigninden tutup çalarak yralady. Handan hiç hili hereket, ses-üýn bolmansoň, gaňrylyp piriň ýüzüne seretdi. – Hana näme eden bolsaňyzam gönüňizden geliň! Ýogsam, ikiňizem diri sypmarsyňyz. Öwez baýyň öwdaýynyň bozukdygyny görüp ýürekleri ýarylara gelen myhmanlar: «Estagpuralla, estagpuralla» diýşip, ýakalaryna tüýkürişdiler. Allanyň eminlerine, onda-da haç ýoluna barýan musulman bendelere müňkürlik edendigi üçin Öwez baýa öýke bildirdiler. Kine etdiler. Musulmançylykda gaýa-gopuz ýok ýerden beýdip, myhmanyň üstüne dyzap durmaklygyň aýpdygyny aýdyp, Öwez baýy haýalçyratjak boldular. Emma, Öwez baý olary diňlemegem islemedi. Baryp göni piriň ýakasyna ýapyşdy. Seň diýýän gowşak damaryň mende ýok. Bol, aýt näme eden bolsaň, bolmasa-da ine gitdiň!.. – Ol gylyjyna ýapyşdy. – Gowşut hanyň başyna ýetenem sen ýaly goýun derisine giren möjekleriň biridi. Mülhit sypatly içalydy... Bol! Geple-e!.. Pir durky bilen saňňyldap başlady. Bu gezek onuň dadyna sopusy ýetişdi. Biläsizmi, tertliniň termany ýolukganda, beden diýgen närse bogun-bogun sökülädi. Bu hastanyň kutuladiginiň nyşany bolup turadi. Ol hoziriň uzunda kutulyb kitädi. Aýak üstige kaladi... Lekin siz-de küfür geplegänleriňiz uçun uýalyp oturasiz – diýdi. Ellerini titredip ýene-de hana em etdi. Dermanly çaýdan göz üçin özem içdi. Pirine-de içirdi. – Mana bakyňlar, hastaga bergen malhamymyzdan özumyz-de içip oturmyz. Kördüňizlermi? Asyl, bizni ýuradip ýurgan şu närsedi ku. Şu bulmagan-da biz Käbege-de, kyblaga-da aşyp bilmäýmiz... Şondan soň Nurberdi han hakykatdan-da gowulaşan ýaly boldy. Deri gaýtdy. Kuwwatlandy. Başyny ýassykdan galdyrdy. Tirsegine daýanyp, myhmanlary bilen iki agyz gürrüň etdi. Sag-aman Mekgä barmaklaryny, zyýaratlarynyň kaul bolmagyny diledi. Pulmy, azykmy, ulagmy, bizden näme kömek gerek bolsa çekinmäň-de, aýdyberiň – diýdi. Myhmanlaryň ikisi-iki ýerden Ýuk, ýyk! Bizge hiç närse kereg imes! Oman-islän kutulib kitgäniňizni kördük, hoş buldik, bizge şol buladi. Inşalla Mekgeden kelganimizda-da kelämiz. Sizge abyzämzäm suwundan ketirämiz – diýişdiler. Handan rugsat soradylar. Nurberdi han aýasy bilen kellesini sypalap oturşyna Öwez baýa görkezme berdi. Myhmanlary ugradyň. Öwez baý başyny ýaýkap hyrçyny dişledi. My hmanlar halymsyraşyp daş çykanlaryndanam yzyna öwrülip hana ýüzlendi. Han aga! Şular haja-da baranoklar, zyýaratçam däller. Asla, musurmanam däl. Ýaňy syn etdim welin, täret edenlerinde ikisem kybla garap oturdylar. Rugsat ber, men şulary iň bolmanda ertire çenli saklaýyn. Gurbanmyrat işan bilen Kerimberdi işany gapdallarynda oturdyp sowatlaryny barlaýyn. Nurberdi han kesgitli gürledi. Taňry myhmanyny ugradyň. Öwez baý ýene-de hyrçyny dişledi. Ýene-de başyny ýaýkady. Dişini gysanda düwülgi ýumruklarynyň dyrnaklary aýasyny deşäýjek boldy. Dodaklary titir-titir etdi. Içine dolan gazabyň badyna burnunyň ganatlary ýellendi. Şeýle-de bolsa, hanyň aýdanlaryndan çykyp bilmedi. Myhmanlar gidenlerinden soň, bir sagat geçer-geçmez, hanyň ýagdaýy ýene-de ýaramazlaşdy. Öwez baý şol gün ir bilen daga, dermanlyk ot ýygnamaga giden Orazmämmet tebibiň yzyndan adam iberdi. Derhal tapyp getirdiler. Ol ilki Öwez baýy diňledi. Soň hanyň ýürek-damarlarynyň urşuny, gan basyşyny barlady. Gabaklaryny galdyryp, bäbenekleriniň içine seretdi. Soňam ýüzüni aktam edip, bir gapdala sowdy. Ýerinden turdy. Daş çykdy. Öwez baýy ýanyna çagyrdy. Çete çekdi. Pyşyrdady. Awy berlipdir. Soňky berlen gaýtargysy ekeni. Onuňam güýji gaçyp başlapdyr. Zäher ýürege golaýlapdyr. Indi giç. – Tebibiň dodaklary zordan baryp geldi. – Han agany aldyrdyk. Il-gün agasyz, han-begler daýasyz, döwtet başsyz galdy... Öwez baý atylyp at ýatagyna bardy. Atyny gyssanmaç eýerledi. Mündi. Myhmanlaryň yzyndan eňdi. Hanyň sözlerine bakman, ikisinem ur-tut tussag edäýmändigi üçin ökündi. Obadan çykansoň çar ýana çarp urdy. Gözledi. Depelere çykyp seretdi. Emma, «zyýaratçylardan» derek tapyp bilmedi. Edil zym uçan ýa ýer ýuwdan ýaly. Ahyram ol lapykeç halda dolanyp geldi. Hanyň ýagdaýy welin gitdigiçe agyrlaşdy. Birsyhly yňrandy. «Öwhüldäp eýlesine, beýlesine agdarylanda gollary «pat-pat» edip, gapdalyna düşdi. Aýaklaryny göterip aşak goýberende ýer sarsdy. Birdenem başyny galdyrdy-da, gözlerini agdar- düňder edip gapa seretdi. Daş çykarmaklaryny haýyş etdi. Orazmämmet tebip bilen Öwez baýyň hersi bir goltugyndan girdi. Ylgaşlaşyp gelen hyzmatkärlerem goltgy berdiler. Agyr göwräni süýrekläp diýen ýaly, zordan daş işige eltdiler. Ýüzüne ýagty-ýalançynyň sergin howasy çalan han süzülip duran öçügsi gözlerini duşmanyň geljek tarapyna dikdi. E-eý, bigaýrat ors! Imansyz käpir! Beýle gaýratly bolýn bolsaň bar, git-de, Emrikäň üstüne çoz! Zulmat ýurtlaryna süýken! Iňlisiň üstüne sürün! Pereň bilen bil tutuş! Juda ýagysyz kösenýän bolsaň bar, Eýran bilen ýakalaş! Topuň-tophanaň barada-ha aýdybam oturmaýyn welin, iň bolmanda elimizde seňki ýaly atgyr tüpeňlerimiz bir bolsady! Şol bolşuň bilenem elinde ýalaňaç gyylyçdan başga ýaragy ýok adamlaryň üstüne gelýäň-ä, aý, bigaýrat. Aý, nama-art! Şeý diýdi-de, han «şalkyldap» arkan gaýtdy. Agyr göwre lagşady. Düşegine eltýänçälerem jan berdi. Reňki agardy. Teni sowady. Gözleri açyk galdy. Ony Orazmämmet tebip aýalary bilen sypalap ýumdurdy. Köp-köp muşakgatlary gören, köp-köp ýagylary gaýtaryp, ähli türkmen taýpalaryny bir ýere jemlemek üçin ömü rboňy göreşip gezen hanlar hany Nurberdi han şeýdip, türkmen halky üçin iň bir aýgytly hem gerekli pursatda, «uly toýa» üç aý galanda, altmyş ýaşynyň içinde, duşmanyň jansyzlarynyň elinden dünýeden ötdi. Ýagynyň guşy uçdy. Maksadyna ýetdi. Iki ýylyň içinde iki läheňiň ikisindenem dyndy. Mary, Ahal, ikisem başsyz galdy. Egerde, «Baş bolmasa, göwre läş» diýleni çyn bolsa, onda, duşmana indi diňe işigiň agzynda ýatan jansyz maslyklaryň üstünden ätläge-de, töre geçäýmek galypdy. Ors hökümeti özüniň «iş bitiren», «hyzmat görkezen» jansyzlaryny sylaglady, derejeler berdi. Soň ýene-de bakyp-besläp, täze-täze tabşyryklar bilen dürli taraplara ugratdy. Howwa, Gowşut handyr, Nurberdi han ýaly uly hanlar babatda ors hökümedem, ors serkerdelerem iňňän dogry hasap ýöretdiler. Ýöne, bir zatda welin ýalňyşdylar. Ýagny, hanlaryny aldyranlary bilenem türkmen halkynyň asyrlarboýy beýnisinde berç bolan belent ruhy-taryhy hakydasy entek aňynda ýaşap ýöredi. kim han bolanda-da, olaryň watançylyk duýgularyny oýarýan, ar-namyslaryny joşdurýan, gaýratlaryny artdyrýan esasy güýç ana, şolar. Ol ikisini bolsa öldüribem, ýok edibem bolanok. Ors hökümediniň ýaragly güýçeri, indi ine, şu iki mukaddes hem gaýduwsyz güýç bilen çaknyşmaly bolar. Nurberdi hanyň aşynyň – suwunyň sowularyna mähetdel, han saýlamak meselesi boýunça, ahalteke hanlary gyssagly suratda maslahata ýygnandylar. Ony Ahalyň baş serdary, hemişe Nurberdi hanyň sag goly bolup gezen Öwezmyrat – Dykma serdar alyp bardy. Nurberdi hanyň ýoklugy turuwbaşdan bildirdi. Hanlyk üstünde dawa başlandy. Şeýle ýagdaý mundan on-onbäş ýyl ozal, Nurberdi hanyň hanlyk edip ýören döwründe-de bir döräpdi. Ony Nurberdi hanyň garşydaşlary gurnapdylar. Ony hanlykdan aýyrmak isläpdiler. Her kimem öz tiresinden birini han goýjakdandy. Şonda: Haýsy tireden han saýlasak, ol öz tiresine tarap ýan basaýýa. Bir mesele ýüze çykdygy özüniňkiniň tarapyny tutaýýa. Bu hemişe-de şeýle bolupdy, mundan buýana-da şeýle bolar. Şonuň üçinem, ähli tirelere ortaltk bolar ýaly asly teke bolmadyk, asla türkmen hem bolmadyk, aralyk birini saýlalyň – diýip, köpden bäri Hywanyň Ahaldaky dikmesi hökmünde gezip ýören, özbekmi, tatarmy ýa täjikmi, kimdigem belli bolmadyk, altmyş bäş ýaşlaryndaky Musa Mütewwelini hanlyga teklip edenlerem bolupdy. Hern-ä muňa ilden öňürti Musa Mütewweliniň özi garşy çykypdy. Edilen teklipden kes-kelläm boýun gaçyrypdy we ol meseläni maslahatyň gün tertibinden aýyrdypdy. Şeýlelik bilen Nurberdi han ýene-de öz ornunda galypdy. Bu gezegem şolar ýaly oňaýsyz ýagdaý döräýerli göründi. Her niçik hem bolsa Kerimberdi işanyň tagallasy bilen, Nurberdi hanyň hatyrasyna, onuň ýigrimi bir ýaşyndaky ogly Magtymgulyny wagtlaýynça diýip, atasynyň ornuna hanlyga saýladylar. Dogry şol. Häzirlikçe şeýdeliň, galanynam enşalla, ýagyny gaýtaranymyzdan soň görübiris. Bu wagt bular ýaly agzalaçylyga alyp barýan meselelere wagt sarp etmäliň – diýdiler. Şeýle hem, «geçirip goýbermek» baradaky mesele bilen ýene-de bir gezek orslara töwellaçy ibermekligi karar etdiler. Emma, ilçiler bu gezegem öňküleri ýaly, ýüzlerini sallaşyp gaýdyp geldiler. Diýmek, Skobelew geçip gitmek islemeýär. Ýurt isleýär. Onda-da ony urşup almak isleýär. Uruşsyz ýeňiş oňa gerek däl. Oňa mugt däl-de, gan bilen gazanylan şöhrat gerek. Bular ýaly gana suwsan generalyň garşysyna göreşer ýaly hakykatdan-da Nurberdi han, Gowşut han ýaly güýçli, tejribeli han gerekdi. Magtymguly han bolsa özüni ol derejede alyp barar ýaly içinden ýalyn geçen hanlardan däldigini, hanlyga saýlanan ilkinji günlerinden başlap bildirdi. Bu tebigy zat. Ol şo çaka çenli hat-sowat öwrenmekden başga hiç-hili harby ýa söweş tälimlerini alan adam däl. Gowy ýigit, adamkärçiligi ondanam gowy, ýöne, han däl. Belki, parahatçylykly döwürlerde öz borjuny he rkimçe ýerine ýetirip bilerem, ýöne, häzir däl. Orslaryň Gökdepä barha golaýlaşyp gelmekleri, söweş hereketleriniň işjeňleşmegi bilen, Magtymguly hanyň halk içindäki, esasanam ekabyrlaryň öňündäki täsiri, büs-bütin gowşady. Hanyň orny boş göründi. Şeýle «jygba-jybgaly» pursatlarda ýüze çykýan derwaýys meseleleri çalt hem dogry çözüp bilmedi. Bir söz aýtjagam bolsa, ýaýdandy durdy. Atasy bilen işleşen ýaşuly adamlardan sussy basyldy.köpçülik aljyraňňylyga düşdi. Muny Magtymguly hanyň özem duýdy we akylly- başly adam hökmünde, özüni bu jogapkärçilikli wezipeden boşatmaklaryny ekabyrlardan haýyş etdi. Ýene-de maslahata ýygnandylar. Ýene-de ýüpüň ujuny her kim öz tarapyna çekdi. Netijede ýene-de belli bir karara gelibilmediler we birwagtkylary ýaly ýene-de dört hanlyga bölündiler. Wekillere–Magtymguly han, syçmazlara–Mämmetguly han, bagşydaşaýaga – Hezretguly han, beglere bolsa Orazmämmet han hanlyga bellenildi. Şolaryň her biri öz tiresiniň doly erkli, ygtybarly hany. Magtymguly handa ahaltekeleriniň umumy hany diýen atdan başga hiç hili hukuk ýok. Umumy han ýok. Şonuň bilen birlikde Nurberdi hanyň Gowşut han bilen bilelikde döreden Ahal-Mary hanlygam ýok. Şeýle agyr hem çylşyrymly pursatda, apy ýylanyň agzyny açyp, gün-günden golaýlap gelýän döwründe, uly hanlyk dargady. Iň ýamanam halk serimsal boldy. Il arasyna köpçüligiň ruhuna zeper ýetiriji her hili gürrüňler ýaýrady. Birdenem olaryň ählisiniň gözüniň öäünde Ruhy batyryň syrdam göwresi peýda boldy. Gulaklarynda bolsa Hakyda mollanyň, Enahakydanyň ruhlaryny göteriji rowaýatlary, teşwüşleri ýaňlandy. Boşap barýan göwrelerine güýç, bedenlerine kuwwat geldi. Galanyň içinde üýşüp-çaşyp, ýaňy bir aýaga galyp barýan hanlygy syndyran han-begleriň hemmesindenem olaryň gözüne sany azam bolsa, giň meýdanda duşmana gurt oýnuny görkezip ýören Ruhy batyryň keşbi belent göründi. Hakyda mollanyň, Enehakydanyň aýdyp berýän taryhlary ýurdy hansyz goýan, ozalam nä günlik bilen döredilen bir hanlygy dörde bölen hanlaryň şol, birmeňzeş öwüt-ündewlerinden, berýän boş wadalaryndan kän-kän täsirli göründi. Mahlasy, ar-namysyny baýdak edinen halk indi diňe öz taryhy hakydasy bilen belent ruhuna bil baglady. Şolar ýaly aljyraňňylykly günleri başyndan geçirip ýören halkyň biri bolan Tilkiçi şahyryň ýadyna ýene-de, geçen urşrň öň ýany gören düýşi düşdi. Bir göwn-ä: «henizem bir pille, bar-da, han-beglere aýt, diýip, böwrüne dürdip durdy, bir göwnem öňküsi ýaly aýtma» – diýdi. Ogulaý-a asylam aýdaýma, diýýän terzde ir ertir, giç agşam ojagyň aňyrsyndan naýynjar bakyp otyr. Özüne nijembir wagt bäri ynjalyk bermän ýören şol oý-pikirler bu gün ony Orazmämmet hanyň gaşyna getirdi. Ýöne, barybir ol öz düýşi barada oňa dil ýaryp bilmedi. Salam-helikden soň asylam näme diýjegini bilmän ýaýdandy durdy. Orazmämmet hanam ondan näme üçin gelendigini soramady. Soramazam. Sebäbi, türkmençilikde öýüňe gelen adamdan nämä geldiň, diýip soramaklyk, ony göni, daş işikden yzyna kowanyň bilen deň. Bu wagt-a islendik adam başga bir adamyň ýanyna islendik wagty, barybam bilýär, islendik zat barada soraşybam, pikir alyşybam bilýar. Sebäbi, häzir ýagdaý şeýle. Hemmäniň derdem bir, edýän pikirem, işem bir. Ýagny, galanyň bejergisi, urşa görülýän taýýarlyk, göç-gon. Çünnki, birinji uruşdan soň obalaryna göçen adamlar ýene-de gala gaýdyp gelýärler. Dogry, öňki gezek bolşy ýaly bu gezegem halkyň gala gabalmagyna garşy adamlar tapyldy. Tilkiçi şahyram şolaryň biri. Ýöne, ol köpçüligiň gelen kararyna boýun egýär. Onsoňam ol bu wagt Orazmämmet hanyň ýanyna o mesele bilen gelenok. Onuň durup-durup bar diýeni şu boldy. Atdaş, näderkä?.. Näderkäk diýýäňmi? Ýok, näderkäk, diýemok, näderkä diýýän. Näme näderkä? Aý... ine... şü... bolup ýören zatlar... Soňy nähili borka, diýjek bolýan... Orazmämmet han nar ýaly gyzyl hem ýaş gyzyňky ýaly ter ýaňaklaryny sypalap çalaja ýylgyrdy. Nämeden soradyň ony şahyr? Aljyrajak bolýaňmy? Aý, ýok, aljyrajag-a bolamok welin... Ýöne... ine... Özüň bilýäň-ä... Bu ýagdaýda... dagynyk halda... Orazmämmet han çynlakaý sypata girdi. Hm-m... görýän welin, şu, böltekçilik seniňem başyňy gowga salypdyr öýdýän... Howwa-da, iliň aladasyny edýän adam şeýle bolmalam-da... Alada edenim bilen elimden gelýän zat ýogam welin...şonda-da... Ahyram içinde gezip ýören adamdyr, şundan bir soraýyn, diýdim-de, seň ýanyňa gaýdyberdim... Orazmämmet han çagalyk dostunyň ýüzüne içgin seretdi-de, endigine görä her sözüni däne-däne edip, siňňitli gepledi. Her sözünde-de başyndaky silkme gara telpeginiň buýralary zire-zire bolup seçelendi durdy. Egnindäki gök donunyň reňki ýaňagynyň narynç reňki bilen garyşyp, ýüzüne mawumtyl röwüş çaýdy. Ir zamanlarda, bir sümme tokaýlygyň içinde iki sany ýylan ýaşaýar ekeni, şahyr. Olaryň biriniň bir kellesi, kyrk guýrugy, beýlekisiniň bolsa kyrk kellesi bir guýrugy bar ekeni. Ine, onsoň günlerde bir gün tokaýa ot düşüpdir. Ondanam ýangyn döräpdir. Tokaý jandarlarynyň hersi bir ýana gaçypdyr . Baş-başa, jan-jana bolupdyr. Bir kelleli aždarha-da hasyr-husur hinine giripdir. Kellesiniň giren ýerine guýruklaram giripdir. Kyrk kelleli ýylanyň welin, her kellesi bir tarapa dyzapdyr. Şeýdibem, hinine giribilmän, ýanyp ölüpdir. – Orazmämmet han ýene-de başkysy ýaly mylaýym ýylgyrdy. – Ýene soragyň bamy, şahyr? Aý, ýok, sorag ýok. Bolubildi. Kemi galmady. Diňe şondan soň özüniň ol bu ýere näme üçin gelendigine düşündi.»Munuň bu tymsaly meniň düýşüm bilen manydaş gelýä welin, ýa menem aýdaýsamykam? Maslahatlaşaýsammykam... – diýip, içini gepletdi. – Akylly adamdyr, belki: Tilkiçi şahyr şeýle düýş görüpdir, munyň soňy puç diýýä, şonuň üçinem, uruşly meseläni goýbolsun edäýsek nädýä, diýip ulularyň maslahatyna teklip girizer?» Ýene-de göz öňünde Ogulaýyň gaýmalap gitmegi bilen, ol bir ýyl bäri näçenji gezekdir, şol niýetini äşgär etmekligi goýbolsun etdi. Ýuwutdy. Şeýdibem ýerinden turdy. Gitjek wagty uludan demini aldy-da: Oglanlyg-a on gün ekeni-ow, atdaş diýdi. – Ne gözel çaglarmyz gör, nirelerde galypdyr... Orazmämmet han onuň egnine elini goýdy. Sen şahyr adam, dost. Şular ýaly kyn günlerde-de, şular ýaly ýürege ýakyn şahyrana sözleri aýdyp bilýaň. Biziň bolsa... ýüreklerimiz letdä dönüpdir. Şondan başga gep-gürrüň bolmady. Aýdara söz tapylmady. Hoşladylar. Tilkiçi şahyr ýolboýy Orazmämmet hanyň aýdyp beren tymsaly barada oýlandy. Tymsal örän ýerliklidi we uly urşuň öňisyrasynda han-begleriň ýerliksiz ýere, agyzlaryny birikdiribilmän, hanlygy dargadyşlaryna, türkmen taýpalarynyň ykbalyna diýseň meňzeşdi. Howwa, Orazmämmet han Orazmämmet hojanyň, ýagny, Tilkiçi şahyryň çagalyk dostudy. Bu ikisini şol wagtlaram halkyň ykbalyna degişli uly meseleler gyzyklandyrýardy. Şol pikir – duýgular hem ikisini dostlaşdyrýardy. Pikirleriniň köplenç deň gelmegi dostluklaryny hasam çuňlaşdyrýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Hoşlaşyp gaýdandygyna garamazdan tä, öýüne ýetýänçä Tilkiçi şahyryň ýene-de yzyna dönesi, dosty bilen bir zatlar barada maslahatlaşasy geldi durdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |