07:35 Jöwzaly gyş -8: Gabaw | |
GABAW
Taryhy proza
...Howwa, tekeler kömek sorap köp ýerlere habar ýolladylar. Emma, garaşylyşy ýaly diňe Marydan kanagatlanarly jogap geldi. Garşy durmaklygyň ykbaly tekeleriň diňe öz gara güýçlerine bagly bolup galdy. Harby taýdan üpjünçiligi orta asyrlaryňkyça-da bolmadyk, sada hem dagynyk halkyň üstüne çalt hem-de uzaga atýan tüpeňlerini, raketalaryny, tyl tarapdan üznüksiz üpjün edilýän oklaryny, put-put därilerini hasap etmäniňde-de, 76 sany paýhynlaýjy topy bolan güýçli goşun 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň başlarynda, telim aý bäri taýýarlyk görüp ýatan bukusyndan çykyp, daglaryň ýüzünden inýän nägehan il kimin Gökdepä tarap «şaglap» gaýtdy. Bu – ýüz sany tüpeňli adam bilen bir sany tüpeňsiz adamyň başabaş söweşe çykyşyna meäzedi. Ahal ilatynyň ählisiniň bir galanyň içine ýygnanmaklary Skobelewiň ýetip bilmeýän arzuwlarynyň biri. Iň islemeýän zady bolsa, tekeleriň galadan uruşsyz çykyp gitmekleri ýa-da söweşsiz boýun egmekleri. Şonuň üçinem, olaryň galadan çykyp gitjekdikleri baradaky myş-myşlary» ol uly howsala bilen garşylaýar. Ýöne, bardy-geldi gala göreşsiz boýun egäýendede, onuň ilatyny barybir gyrjakdygyny, galany ýumurjakdygyny hiç kimden gizläbem duranok. Çünki, bu hakda ol entek Petrburgdaka arzuw edipdi. Özüniň bu aýylganç niýetini ol häzirem otrýadyň baş hekimi Geýfelder bilen häli-şindi geçirýän gürrüňçiliklerinde açykdan-açyk aýdyp ýör. Şolar ýaly gürrüňçilikleriň birinde ol hekime şeýle diýdi: Uruşam edil duel ýaly gutulgysyz bir zatdyr, doktor. Ol bize öz şahsy bähbitleriniň, islegleriniň ugruna gidip, watanyň bähbitlerini ýadyndan çykarýan ýalta hem biweç raýatlarymyzy gaflat ukusyndan oýarmak üçin, rus halkyny has uly ýeňişlere belent maksatlara galkyndyrmak üçin gerek. Biz hiç haçan uruşsyz oňup bilmeris. Howwa, Skobelew öz durmuşyny uruşsyz göz öňüne getiribem bilenok. Hywada, Kokantda, Ferganada, Bolgariýanyň çäklerinde bolup geçen ors-türk urşunda gazanan şöhratam entek ony doly derejede kanagatlandyranok. Ol urşa edil, küşt oýny ýaly bir zat hökmünde garaýar. Henize çenli hiç kime boýun egmedik erkin teke seniň hele-müçük ýeňşiňi – ýeňiş hasap etmez. Olar diňe doly derbi-dagyn edilenlerinden soň, ruhlary öldürilip, hakydalary biziň soldatlarymyzyň dolaklary bilen aňlaryndan süpürilip aýrylandan soň gutarnykly boýun bolarlar. Men olary hut, şeýle güne salaryn. Müdimilik mugyra getirerin. Ýene müň ýyldanam meni ýatlaryndan çykarmazlary ýaly, ýüreklerinde dag goýaryn. Tagma basaryn. Içlerine dogmaz oglan salaryn. Ýeke bir şu günki nesilleri däl, eýsem indiki önüp-ösjekleriniňem ors ýaragyndan eýmenerleri ýaly, türkmen aýallarynyň ýene ýüz ýyldanam öz aglak çagalaryny: goý sesiňi, ýogsam atly kazak geler, diýip gorkuzarlary ýaly derejede aňlaryna zeper ýetirerin, ruhlaryny öldürerin. Hakydalaryny taryhyň sahypasyndan öçürerin...– diýip, gaýtalamany hasam gowy görýär. Öňde duran ganly çaknyşygyň basym başlanaryna garaşýar. Howlugýar. Hyruç edýär. Şol wakadan soň özüniň harby şöhratynyň artjakdygyna öňünden begenýär. Buýsanýar. Gökdepeli meseläni eýýäm çözdüm hasap edip, indiki etjek işleri, ätjek ädimleri barada oýlanýar. Hyýalynda iňlislerden Hyrady, Kabuly alýar, ondan soň ak atyny säpjedip Hindistanyň bir çetinden girýär. Ors ýaragynyň şöhratyny dünýä meşhur edýär. Käte bolsa ýaňadandan yzyna, Ýewropa dolanyp barýar. Goňşy döwletleriň harby işlerine goşulyşmak bilen, Onuň aly hezretleri Beýik Imperatoryň has uly hem tutumly harby tabşyryklaryny ýerine ýetirýär. Orsyýediň çäklerini giňeldýär, dostlaryny köpeldýär. Şolar ýaly oý-pikirlerini ol bir gün goşunyň içinde ýören meşhur ors suratkeşi Wereşagine şeýleräk beýan etdi. Meni knýaz Battenberg Bolgariýa harby ministrlik wezipesine çagyrýar. Ol aňry gitse iki ýyldan türkler bilen urşa başlamaklygy wada berýär. Öz sözüne görä, ol urşa Orsyýedem çekjekmişin. Diýmek, ýene-de uruş boljak. Howwa, generalyň gözlegi uruş. Ol gan küýseýär. Gandan öşhrat gözleýär. Adam maslyklary, ýumrulan galalar onuň üçin wezipä barýan ýol. Ol şol zatlarsyz oňup bilenok. Hut şonuň üçin Gökdepe galasynyňam, onuň halkynyňam ykbaly uruşdan kän öň çözüldi. Gala barybir ýumrulmalydy. Halk gyrylmalydy. Garşylyk görkezse-de gyrylmalydy, görkezmese-de gyrylmalydy. Şol bir keç ykbal olaryň başyndan haýsy ýoly saýlap alanlarynda-da inäýmelidi. Bir adamyň harby şöhratynyň hatyrasyna tutuş il jansyz jesede öwrüläýmelidi. Ýurdunda ýumurtga togalanaýmalydy. Ahal ilaty welin, bu urşuň soňunyň näme bilen gutarjakdygyna entek doly akyl ýetirip bilenok. Akly ýetýänleriňkä bolsa gulak asýan ýok. Öňki ýeňişden ruhlanan ýaş batyrlaryň dagy ýaraşyk barada asla pikirem edesleri gelenok. Bu barada dil ýarýanlary diňlemegem islemeýärdiler. Gepleşik üçin häli-şindi ilçi iberip durandyklary üçin ekabyrlara-da nägilelik bildirýärdiler. Özleriniň bu gezegem ýeňjekdiklerini aýdyşyp heşelle kakyşýardylar. Urşuň näme bilen gutarjakdygyny diňe Tilkiçi şahyr bilýär, ýöne ol ony aýdyp bilenok. Çünki onuňky düýş bilen bagly. Düýş bolsa hakykata laýyk gelmeýär. Oýalykdaky işleriňi düýşe baglap amala aşyryp bolmaýar. Şonuň üçinem ol dymýar. Dymmaly bolýar. Hernäçe içine sygmasa-da, çekip-çydap gezmeli bolýar. Käteler iň bolmanda içini dökmek üçin çete çykaga-da, rowaýatdaky ýaly agzyny gurruk guýynyň agzyna tutup aýdaýasam gelýär, ýöne, onam ot-çöpleriň gögerçinleriň eşidip ile ýaýradaýmakdan gorkup goýbolsun edýär. Halkyň bolsa göwni bir ýaly urşa görülýän taýýarlyk bilen garabaşynagaý bolup ýör. Sebäbi, oňa «uruşmaly» diýildi. Kim ýene-de öňki ýaly tüm gazyp ýör, kim öňki ýumrulan tümüni täzeläp ýör. Her kim güýjüniň ýetdigine görä ýaraglanyp ýör. Ýaragsyzlar bolsa ýene-de syrygyň ujuna gyrkylyk daňýarlar, pyçaklaryny çalýarlar, gylyçlaryny gaýraýarlar. Abdylla ussa bilen Ahally bolsa, ýene-de mis topuň ýanynda öňki orunlaryny eýelediler. «Barybir özümize ýal bolar degme ýygnasynlar», diýip oýlandylar-da, her niçik hem bolsa, ekinler ýygnalýança duşman garaşyk etdi. 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň başlaryna, goşun Gökdepäniň golaýyndaky Ýegenbatyr galasyna dykylyp geldi. 11-nji dekabra geçilýän gije Marydan iki müň atly goşun kömege geldi. Muňa göwünleri joşan ahally ýigitleriň birnäçesi ur-tut Ýegenbatyr galasyna tarap at goýdular we ses ýetim ýerde at bökdürip duruşlaryna: E-eý, jany başgalar! Hoş habar bar, eşidesiňiz gelýämi? Onda diňläň: Marydan kömek geldi. Biline urlan mar ýaly buruljyrap ýatmaň-da, geliberiň , biz taýýar! .. – diýip, duşman sary haýkyryşdylar. Hüjüme başlananda tekeleriň guma tarap uruşsyz gaçaýmaklaryndan heder edip ýören Skobelew general Petrusewiçi bir bölek otrýad bilen, şol ugurda ýerleşen Juma gala iberdi. Emma, Skobelew hüjüme başlamazyndan öň, ýagny, 23-nji dekabrda tekeleriň özleri Juma gala zabt etdiler. Söweş örän gazaply boldy. Oňa öz ýigitleri bilen Ruhy batyram gatnaşdy. Olar söweş pursatynda «gykuwlaşyp» duşmanyň garaşman duran ýerinden çykdylar we agyr zarbalar urdular. Bu türkmenleriň özleri üçinem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Güýçlerine-güýç goşulmagy olary hasam hyjuwlandyrdy. Netijede duşman ýeňse berdi. Olaryň gaçmagy bilen Ruhy batyram, onuň ýigitlerem gelişleri ýaly zym-zyýat boldular. Birdenem gözýetimde akja kepderi peýda boldy. Derrewem dik göterildi-de, gök asmanyň ýüzünde gaýdyrylyp, oýun etmäge başlady. Kem-kemdenem daşlaşdy. Gözden ýitdi. Şol söweşde Juma galadaky otrýada ýolbaşçylyk edip ýören general Petrusewiçiň özem öldürildi. Ýolbaşçysyz galan duşman otrýady sallam-sajak bolup öz lagerine tarap ugrady. Gele-gelmäne bir generalyny ýitiren Skobelewiň gazaby öňküdenem beter artdy. Ol goşuny derhal Gökdepe galasynyň edil alkymyna eltdi we haýal etmän galany topa tutup başlady. Atylýan snarýadlaryň ýekejesem sowa geçmedi. Hemmesi galanyň içinde ýaryldy. Edil birinji uruşdaky ýaly bu gezegem ol ýerde ber-başagaýlyk, aljyraňňylyk, şol bir gorkunç hereketler, aýylganç wakalar başlandy. Galany goraýjylar duşmana hiç-hili garşylyk görkezip bilmeýärdiler. Diňe Ruhy batyr ozalkylary ýaly özüniň sanlyja atlylary bilen duşmanyň garaşman duran ýerlerinden gelýärdi we olary birnäçe ýitgilere sezewar edip, ýene-de gürüm-jürüm bolýardy. Ýigitleriniň sanynyň juda az bolmagy duşman bilen uzak dikleşmäge oňa mümkinçilik bermeýärdi. Galanyň içindäki müňlerçe goraýjylar welin düýbünden hereketsiz durdylar. Barysy birigip Ruhy batyrça iş bitirip bilmeýärdiler. Ine, hut şunuň özi hem Ruhy batyryň saýlap alan ugrunyň dogrudygyny, ekabyrlaryň saýlap alan uruş tärleriniň bütinleý ýalňyşdygyny, galanyň içine ýygnanmaklygyň hakykatdan-da duşmana kömek etmekden başga hiç züat däldigini görnetin subut etdi. Muňa soňabaka gala girmekligiň esasy tarapdarlarynyň biri bolan Gurbanmyrat işanyň özem göz ýetirdi. Ýöne indi giç. Gala daşyndan gabalgy. Goluňy göterip çykaýmakdan başga alaç ýok. Ýöne, duşmana o-da gerek däl. Skobelew indi diňe üç zatdan heder edýär: Hakyda mollanyň hakydasyndan, Ruhy batyryň akja kepderisinden hemem Garasähet jarçynyň sesinden. Oňa entek Ýegenbatyr galadan çykyp Gökdepä ugramazynyň öň ýany habar bermeklerine görä, Hakyda molla birsyhly hakyda aýdyp berip halkyň ruhuny göterýärmişin. Göreşe galkyndyrýarmyşyn. Halk ondan güýç, kuwwat alýarmyşyn. Ruhy batyryň bir gije hut öz çadyryna hüjüm etmäge het edendigini-hä ol hiç, aklyna sygdyryp bilenok. Soldatlar wagtynda ýetişmedik bolsadylar, onda ol çozuşyň näme bilen gutarjakdygyny Hudaýdan başga bilýän ýok. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde, daş işikde duran janpenalary öldürilen Skobelew şonda çadyryň içinde Ruhy batyr bilen ýübe-ýüz galdy. Megerem diri tutup äkitmekligi ýüregine düwen bolsa gerek, ýogsam, Ruhy batyr şonda ýaragsyz duran generaly ýüzüniň ugruna gylyçdan geçirip bilýärdi. Oňa çenlem çadyryň içine alty sany soldat döküldi. Olar bilen bilelikde diýen ýaly Ruhy batyryň nökerlerindenem üç sanysy gylyçlaryny dalawladyşyp geldiler we soldatlaryň altysynam ýüzleriniň ugruna gylyçdan geçirdiler. Skobelew stoluň üstünde duran ýaragyna topuldy. Emma ýigitler ony ýaragyna ýetirmän sakladylar. Gollaryndan ýapyşdylar. Ýöne, çar tarapdan çadyryň etegini galdyryşyp, onlarça soldat sümüldi. Ruhy batyryň özem, ýigitlerem zordan gaçyp gutuldylar. Gijäniň garaňkylygyna duwlanyp, lagerden arany açdylar. Bu waka şeýle bir täsin boldy welin soldatlaram, Skobelewiň özem pikir ede-ede aňyrsyna ýetip bilmedi. Köpler Ruhy batyr öz ýigitleri bilen soldat eşiginde gelendirler, diýen çaklamany orta atdylar, ýöne, çadyra girenlerinde olaryň öz eşiklerindediklerini soldalaram, Skobelewiň özem gördi ahyry. Umuman, täsin zat täsin bolýar. Gahrymanlaryň gahrymançylykly hereketleri bolsa hemişe-de syrly bolýar we syrlygyna hem galýar, şeýdibem hiç haçanam, her hili ýagdaýda-da hiç hili gorkuly zadyň, bitirip bolmajak işiň bolmaýandygyny ol zatlar üçin hemişe-de diňe batyrgaýlygyň ýetmezçilik edýändigini, ýürek edip topulsaň başartmajak işiň ýokdugyny subut edýär. Her niçik hem bolsa, şondan soň Skobelew gijelerine arkaýyn ýatyp bilmedi. Garasähet jarçynyň jaýryk-jaýryk, içiňden geçip barýan eýmendiriji sesem üstesine. Ol gijäniň bir wagtlaram diwaryň ýa Diňlidepäniň üstüne çykýar-da, bir zatlar diýip, gygyryberýär. Şonda general ýüregi ýarylan ýaly zöwe ýerinden galýar, başujynda duran ýaragyna topulýar, dik durup daş-töweregine garanjaklaýar diňe öz lageriniň imisalalykdygyna göz ýetireninden soň ynjalýar we ýerine geçip ýatýar. Goşun başlygyny bar zatdan beter eýmendirýän närseler ana şolar. Ine, hut şonuň üçinem, ol ozaldanam hassa ýatan Hakyda mollanyň öýüniň ortarasynda otyrka top okundan heläk bolmagyny, Garasähet jarçynyň bolsa Diňlidepäniň üstünde gygyryp durka çoýun gyýçaklaryň biriniň baryp bokurdagyny kesmegini Hudaýdan dileýär. Ruhy batyr barada aýdylanda bolsa, ony hut öz eli bilen, görene göz edip jezalandyrmak isleýär. Käte bolsa oturyp pikir edýär-de: «Ýok, men ony öldürmäýin. Ýesir alaýyn. Lagerde saklaýyn. Goý, ol öz halkynyň meniň öňümde dyza çöküşini, galasynyň ýumrulşyny, aýal-ebtatlaryň, çagalaryň, gyz-gelinleriň yzanda-çuwan boluşlaryny gözi bilen görsün, ahy-nalalaryny gulagy bilen eşitsin» diýen netijä gelýär. Hudaý generalyň dilegini eşitdimi ýa gojanyň öz sanalgysy doldumy, garaz galanyň gabawda duran günlerinde Hakyda molla hakykatdanam öz öýüniň ortarasynda, açyk tüýnükden asmana göz dikip, top sesine diň salyp ýatyrka, öz ajalyna jan teslim etdi. Soňky günlerde ol has haýallapdy. Şol gün-ä hasam egbarlady. Şonuň üçin Enehakyda hiç ýana gitmedi. Atasynyň başujyny aldy oturdy. Yzly-yzyna Allany çagyrdy. Baryndan em-ýom eden boldy. Emma indi goja hiç zat täsir edenok. Üstesine daşardaky galagoply seslerem howuny basdymy, nämemi, goja gyssanyp başlady. Enehakyda «zöwwe» ýerinden galdy-da, näme üçindigini özem bilmezden ur-tut daşaryk ylgady. Öýünde ýokdugyna gözi ýetip duranam bolsa, baryp Baýramgül tebibiň gapysyny açdy. Kürsäp içerik girdi. Soňam: «Şu wagt tebip adam öýde oturarmy diýsene», diýip maňlaýyna urdy-da, dazlap, daş çykdy. Näme üçindigini özem bilmezden, adamy iň köp üýşýän ýeri bolan Diňlidepä tarap ylgady. Gaty bir uzak gitmänem saklandy. Yzyna öwrüldi. Ylgap baryp gapyny açdy. Atasynyň üstüne howala boldy. Ulyili bilen gygyrdy. Ata-a-a!.. Goja bir zat bolanyny hemmeden öňürti samanhanayň gapysyndan gözüni jüýjerdip daşardaky «heýýalessalany» synlap duran Iwaşow aňdy. Çünki, Enehakyda hiç haçan atasynyň adyny beýdip, çirkin gygyryp tutmaýardy. Asla ol hiç haçanam beýle gorkunç gygyrmaýardy. Diýmek, goja bir zat bolupdyr. Iwaşowyň ýakyn dosty, hossary, hojaýyny hem mugallymy Hakyda mlla gaýdyş edipdir. Iwaşow bir bökende samanhanadan çykdy-da, gara öýüň gapysynda häzir boldy. Işigi serpip açdy. Girdi. Görse goja demsiz-düýtsiz, çiň-arkan düşüp ýatyr. Enehakyda öýüň içinde iki-baka urnup aglap ýör. Iwaşow baryp gojanyň entek sowabam ýetişmedik jesediniň gapdalyna çökdi. Şol aralykda bir ýerlerden sykylyklap gelen bir bölek çoýun öýüň bir böwründen girdi-de, Iwaşowyň ýagyrnysyny ýalap o böwürden çykyp gitdi. Ýöne, ullakan zeper ýetirip bilmedi. Çalarak sypjyrtdy, çalaragam ganjartdy. Dogrusy, ony şol wagt Iwaşowyň öz-ä duýmadam. Ol dik duran ýerinden: Ata... Molla ata... – diýip, gygyrdy. Gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ýüregi bilen aglady. Bir başujynda, bir aýak ujynda çökdi. Soň turup ýene-de daşyndan aýlandy. – Aý, ata, molla ata, sen nätdi, sen näme etdi, näme üçin beýle boldy. Şol wagtam ýene bir snarýad gyzyl ot bolup tüýnügiň üstünden «wazyrdap» geçdi-de, golaýda bir ýerlerde ýaryldy. Derrewem şol tarapdan «haý-waý», «gyk-bak», «çyr-çykylyk», agy sesleri eşidilip başlady. Dagy näderini bilmedik, entek bular ýaly zady görmedik ýaş gyz garaz birini çagyrmak niýeti bilen bolsa gerek Iwaşowyň duşundan «dazyrdap» geçdi-de, daş çykdy. Çykyşy ýalam Baýramgül tebip bilen pete-pet gabat geldi. Nädip bilenleri, kimden eşidenleri beli däl, Baýramgül tebibiň yz ýany Ahallam, ýene-de birnäçe adam ylgaşlaşyp geldiler. Tutuş bir halkyň Hakydasyny özünde jemlän yssy mähirli göwre bolsa jansyz, sowuk jesede öwrülip ýatyr. Şu günüň özünde ony özüniň iň eý gören topragyna tabşyrarlar. Şol ýerde ol baky uka gider. Ýöne, ol ölse-de hakyda ölmez. Ony onuň agtygy, Enehakyda dowam etdirer. Howwa, türkmenler duşmana hiç hili garşylyk görkezip bilenoklar. Birinji uruşda soldatlar gelişleri ýaly hüjüme geçdiler. Çozdular. Uruşdylar. Merdi-meýdanalyk bilen döwüşdiler. Garşylyk görkezere güýç synanyşara maý berdiler, mümkinçilik döretdiler, bular welin onam edenoklar. Şo-ol, bir menzilden durup, toplaryny işledişip otyrlar. Ýerli halk oturan ýerinde günsaýyn ýüzlerçe pidalar çekýär. Wagtyň geçmegi bilen pidalaryň sany müňlerçä ýetdi. Hiç hili alaç edip bilmezlik, çäresizlik halky hasam aljyratdy, göwnüni çökerdi. Umytsyzlyk döretdi. Bir işjeň çäre tapylmasa halk hiç kime gulak asman, ümdüzine galadan çykyp gidäýerli göründi. Ahyram Gurbanmyrat işan han-begler bilen maslahatlaşyp, duşmanyň üstüne gije, has takygy daňdanlar çozuş etmeli, diýen teklibi köpçüligiň garamagyna goýdy. Teklip hemmeler tarapyndan goldanyldy. Ýaş batyrlar-a muňa diýseň begendiler. Çozuşa ýolbaşçylyk etmeklik Dykma serdara tabşyryldy. Çozuşa çyplaň gitmeli – diýip, ol ähli ýüzbaşylary daşyna ýygnap oturşyna ýeke-ýeke görkezme berdi. – Hem-ä ýeňňilik üçin, hemem ümüş-tamyşlykda duşmanyň saýgarmazy ýaly. Üstesine, tutluşmaly bolaýanda-da, duşmanyň eline zat ilmez ýaly. Sowuk ýaraglylardan diňe döwtalaplylar gatnaşsyn. Hiç hili zorluk ýok. Egerde razy bolsalar, alynan oljalary göterişer ýaly, ýaralylara kömek eder ýaly ýaş-ýuş gelinler, gyzlar, ýetginjek oglanlaram gatnaşyp bilerler. Ýöne, olar öňe gitmesinler. Urşa garyşmasynlar. Gidende yzdan gitsinler, gaýdanda öňden ýöresinler. Ilkinji çozuş 1880-nji ýylyň 28-nji dekabry gijesine bellendi. Oňa gatnaşmaklyga Marydan gelen döwtalaplaram isleg bildirdiler. Meýletinçileriň sany jemi dört müň adama ýetdi. Bellenen gije taýýarlyk işleri tamam bolandan soň, galanyň içinde toplum-toplum bolşup üýşdiler, çaşdylar, ondan-mundan gürrüňler edişdiler, maslahatlaşdylar, ýaşulular çozgunlara iň soňky tabşyryklaryny aýtdylar. Dykma serdar bolsa, çozuşyň güýçli sykylyk bilen başlanjakdygyny mälim etdi. Daňdanyň öňisyrasy galanyň daş ýüzündäki garymyň içi çozgunlardan ýaňa gyrma boldy. Galadan çykyşyp gelýänleriň bolsa entegem yzy üzülenok. Kömekçi gelin-gyzlar, ýetginjekler bolsa, diwaryň iç ýüzünde, duýduryşa garaşyp durlar. Birdenem, diwaryň üstünden gulagyňy deşip barýan, inçejik, uzyn sykylyk eşidildi. Sykylygyň bir ujy galanyň üsti bilen garaňkylyga siňip gitdi-de, baryp, duşmanyň tranşeýalarynyň düýbüne sanjyldy. Müňlerçe gursakdan: «Alla-a!..» diýip çykan seslerem galanyň düýbünden göterilip, duşmanyň lageri üstiaşyry gum gerişlerine tarap tolkunlap gitdi. Çozgunlar böwedi böwsen sil kimin, duşman üzre eňterildiler. Kerimberdi işan bilen Gurbanmyrat işanyň hersi derwezäniň bir çetinde durup, olara ak pata berdiler. Öň hatardaky tranşeýalaryň içinde ýerleşen atyjy soldatlar türkmenler howul-hara oka tutup başladylar. Howa garaňky bolsa-da, çozgunlaryň biçak gürlügi sebäpli, soldatlaryň hatda gözlerini ýumup atýan oklaram sowa geçenok. Kim çirkin gygyryp arkan ýykylýar, kim «wah», diýip ýanyny ýere berýär. Sessiz-üýnsiz elini öňe uzadyp ýüzün düşýänem, ep-esli ýere çenli, entirekläp gidip, soň «şalkyldap» arkan gaýdýanam, tüwdürilip barşyna maňlaýy bilen ýer süsýänem bar. Garaz, ajalam hemmäni birmeňzeş garşy almaýan ekeni. Ýöne, kim ölüp ýykylýa, kim ýykylansoň jan berýä, kimler ýaradar bolýa, o wagt ony seljerýänem ýok, seljermek mümkinem däl. Atyşyk bolsa barha güýjerleýär. Soldatlaryň tüpeňleriniň agzyndan çykýan otlardan ýaňa daş-töwerek ýagtylyp gidýär. Şonda tranşeýalaryň gyralary, çozgunlaryň howsalaly ýüzleri göz açyp-ýumasy alymlyk göze kaklyşýar-da, ýitip gidýär. Yzdan barýanlar käte öňlerindäki jesetlere ýa-da ýaraly ýatanlara büdreýärdiler we esli ýere çenli düwdenekleşip gidýärler, soň ýene-de galyp öňe tarap okdurylýarlar. Türkmen ýigitleriniň öň hatarlardaky tranşeýalara aralaşmaklary builen, tüpeň sesleri galdy. Bu–olaryň soldatlary çapyp ugrandyklarynyň alamaty. Diýmak garjaşma urşy başlandy. Şular ýaly başa-baş söweşde özlerini türkmenlerden has asgyn duýýan soldatlar ýigitleriň urýan agyr zarbalaryna döz gelibilmän, yza çekilmäge başladylar. Skobelew diňe tranşeýalardaky atyjylaryna tä, iň soňky demlerine çenli söweşmekligi tabşyryp, galan goşunlaryna lükgesi bilen yza çekilmekligi buýurdy. Ol özüni duýdansyz gelen uly bir apy-tupanyň içinde ýaly duýdy. Deňsiz-taýsyz ýeňişe bolan umydyndanam tas, elini üzeňkirläberdi diýen ýaly. Bolup biläýjek masgaraçylygyň berjek biabraýçylygyndan gaýybana gorkup başlady. Garaňkylyk, garjaşma, şeýle hem başly-baratlyk, aljyraňňylyk zerarly ol toplaryny işledibem bilmedi. Has beterem türkmenleriň beýle ugurtapyjylyklaryna, batyrlyklaryna geň galdy. Tranşeýalardaky soldatlaryň köpüsi çapyldy, diri galanlary bolsa goşun başlygynyň beren buýrugyna garamazdan, ýaraglaryny taşlaşyp goşunyň yzy bilen «loňkuldaşyp» gitdiler. Çarylan soldatlaryň tranşeýalaryň içinde terslin-oňlyn ýatandyklaryny garaňkylyk bolsa-da saýgarmak bolýar. Olaryň arasynda çukurdan çykmak üçin dyrmaşýan ýaly ýarpy göwresi içinde, galan ýarysy daşynda çykman üçin dyrmaşýan ýaly, ýarpy göwresi daşynda, ýarysy içinde germesatan bolşup ýatanlaram bar. Çykanlaryndan soň çapylyp, arkan gaýdan bolsalar gerek, çukuryň içine arkanlaýyn, dikbaşak sallanyşyp gözlerini petreýdişip ýatanlaram, garymyň düýbünde ýüplik ýaly süýnüşip ýa guýlunyşyp, düwdek halda ýatanlaram göze ilýär. Käbirleri çukuryň daşynda iki elini giň serip, asmana seredip çiňarkan ýatyr. Ine-ine turaga-da, müňedekläp gidiberjek ýaly aýaklarynyň birini ýygryp, beýlekisini uzadyp, ýüzün ýatanlaryň dagy hetdi-hasaby ýok. Bir soldat kimdir birini kömege çagyrýan ýaly, bir elin-ä gapdala uzadyp, agzynam giňden açyp ýatyr. Kelle çanagy pytrandygy sebäpli beýnisiniň ýülügi çogana-da, goly ýa aýagy çapylana-da, boýny egnine sähelçe ilteşip durana-da, nädip beýle bolýandygy belli däl, öz kellesini goltugyna alyp ýatana-da duş gelmek bolýar. Türkmen ýigitleri bilen gujaklaşyp, biri-birlerine kaklyşyp ýa üsti-üstüne müngeşip ýatanlaram ýok däl. Olaryň arasynda ölmän «iňňildeşip» ýatanlaryňam sany-sajagy ýok. Ölen soldatlaryň eginlerindäki eşiklerini, aýakgaplaryny, ýaraglaryny sypyryp almak üçin tranşeýalaryň içinde hars uruşyp ýören birnäçe ýigitler özlerem bilmezden, çozuşdan ep-esli yza galdylar. Käbirleri bolsa ýaralylara kömek etmek üçin eglendiler. Netijede, hiç zada güýmenmän, eli ýalaňaç gylyçly, duşmanyň söbügini sydyrdyp barýanlaryň sany göz-görtele azaldy. Gyz-gelinler, ýetginjekler olja alnan ýaraglary odun çykan ýaly edip daňýarlar-da, eginlerine alyp ýa arkalaryna atyp gala tarap ýelk ýasaýarlar. Äkidenlerini eltip ýene-de gaýdyp gelýärler. Soň ýene-de şol bir hereketlerini gaýtalaýarlar. Onda-munda ýaralylary goltuklaşyp, belki, öz söýerleridir, jeset süýreşip barýanlaram görünýär. Garaz, giden bir erewde-berewlik. Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda bu ýagdaý juda gorkunç görünýär. Ondan-mundan gümür-ýamyr, hümür-sümür eşidilýär, ýöne, kimiň kim bilen gepleşýäni, kimiň-kime näme diýýäni belli däl. Adamlar edil düýşde görünýän ýaly. Birgiden sudur bolşup, aýlanyşyp ýörler. Käbirleri ikindiniň kölegesi ýaly has uzyn, inçe görünýär, iniňi tikenekledýär. Duşman bolsa yza çekilip gidip otyr. Şonuň bilen birlikde olaryň başagaýlyk bilen gygyryşýan aljyraňňy seslerem daşlaşýar. Enehakyda hem ilki yzdan gelýän gyz-gelinleriň, ýetginjekleriň arasyndady. Tranşeýalara aralaşmaklary bilen, olaryňam topbagy dargady. Hersi bir tarapa pytrady. Kim özi toplady, kim toplap bereniňkini aldy, garaz, oljadan ýüküni tutany gala tarap ýegşerilişip ugramak bilen boldy. Ýetginjeklerem iki baka «daz» ýasaşyp, olardan kem galanoklar. Ikinji gezek galadan gaýdyp gelýärkä, dirimi, ölümi, belli däl düňderilişip ýatan bir göwrä büdredi-de, Enehakyda tüwdürilip gitdi. Düwdenekläp baryp ýer garbady. Ýüzüni-gözüni çöp-çalamdan goramak üçin iki elinem öňe serdi. Ýere basandanam sag eliniň aýasyna «garç» etdirip, barmak boýy gara çöňür çümdi. Ol: «Eý, wä-äk!..» diýdi-de, hasyr-husur dikejegine galdy. Gözüni ýumup ýüzüni çytdy. Çep eli bilen mäkäm tutup, çöňüri aýasyndan çekip çykardy. Çöpüň çykan ýerinden gan zogduryldy. Enehakyda «jarladyp» eteginden dilkawja mata ýyrtyp aldy-da, ýarasyny gowşagraga-da daňdy. Onuň bilenem gany durmansoň saç bagyny çözüp alyp, daňynyň daşyndan çekibräk sorady. Diňe şondan soň ýerinden galdy. Iliň yzyndan gitjek boldy. Emma rowgaty çatmady. Ýaranyň yzasy artyp kem-kemden beýnä urdy. Ýüregine düşdi. Ol ulyili bilen gygyraýmakdan zordan saklanyp, aşak çökdi. Daş-töweregine garanjaklady. Birdenem gözi garaňkyrady. Ysgyny gitdi. Iki ýana buruljyrady-da, ýaraly elini göwsüne gysyp, şonuň üstüne ýykyldy. ...Howanyň az-kem ýagtylmagy bilen, eýläk-beýläk ylgaşlaşyp ýören adamlaryň sudurlary birneme aýdyňlaşdy. Soldatlaryň gurt gören goýun sürüsi ýaly südenekleşip baryşlary açyk göründi. Onda-munda topar-topar, iki-ýeke atyşyp, gaçyşyp-kowuşyp ýörenler göze ilýär. Urşa kelleleri gyzyp yza galan, indem oklary gutaran soldatlar käte bäşdir-üçdir, alagüpürdi bolşup, garymlardan çykýarlar-da, «Bratsy-sy!.. Ne ostawlýaýte na-as!..» diýşip, özleriniňkilere tarap gol bulaşyp gygyryşýarlar. Yzlaryndan ylgaşýarlar. Ýöne, çyplaň geýnen, käbiri bütinleý diýen ýaly ýalaňaç, ýeňil aýakly ýigitler iki ätdirmän olaryň yzlaryndan ýetýärdiler we daňdanyň alagaraňkysynda käte bir sowuklaç ýalpyldap gidýän gylyçlaryny çagyrylmadyk myhmanlaryň depelerinden inderýärdiler. Howanyň doly ýagtylmagy hem-de, aralarynyň has açylmagy bilen, soldatlar yzlaryna öwrülip, atyp başladylar. Ýöne indi türkmenleriň ýaýrawy mazaly giňäpdi we uzakdan, çen bilen atylýan oklar olara kän bir zeper ýetirip bilmeýärdi. Birdenem, galadan türkmen ýigitleriniň birnäçe atly toparlary çykyp, duşmanyň üstüne hüjüme gitdiler. Ýöne, pyýada soldatlaryň erjellik bilen, ýagdyrýan gülleleriniň zarbyna döz gelip bilmän, yzlaryna öwrüldiler. Üstesine, indi duşman toplarynam işledip başlady. Güwleşip gelýän top oklarynyň haýsynyň nirede ýaryljagyny bilmän, çozgunlar giň meüdanyň içinde o ýan, bu ýan zowzullaşdylar. Kem-kemdenem, barysynyň ýüzi gala tarap öwrüldi. ...Çozuşyň bütin dowamynda öň hatarlarda bolandygyna garamazdan, Ahallynyň endamyna çalaja çyzygam düşmedi. Duşman döwüşerden birneme daş gidenden soň, o-da hemmeler ýaly olja ýygnady we gyz gelinlerden, ýetginjeklerden ep-esli ýarag ugratdy. Häzirem onuň goltugy ýaragdan doly. Bagryna basyp barýan täzeje berdankalarynyň mähri gursagyny Enehakydanyň mährinden kem ýylydanok. Howlukmaçlyk bilen höküdekläp barşyna ol aram-aram goltugyndaky ýaraglara söýünçli seredýär. Nazary bilen şolaryň içinden iň gowusyny özi üçin saýlaýar. Galanlaryny bolsa öz hyýalynda ýaragsyzlara paýlaýar. Egnine atylgy boýnundan asylgy okly hatarlary bolsa ol orta goýar-da, soň hemmeler bilen deň-derman paýlaşar. Birdenem onuň gözi öň ýanynda, içini tutup, buruljyrap ýatan gyza düşdi. Badyny gowşadyp onuň ýanyna bardy. Siňe seretdi. Şonda-da tanamansoň egninden ýüküni düşürdi-de, aňry bakyp oturan gyzyň ýüzüni usullyk bilen bäri öwürdi. Birdenem tisginip gitdi. ─ Enehakyda-a?! – Onuň ýüzi aktam boldy. – Saňa näme boldy? Ýa ýaralandyňmy? Enehakyda ony sesinden tanady. Gözüni zordan açyp saralgy elini görkezdi. ─ Ine, şü... Ahally duşundan ýegdekläp geçip barýan, eli boş ýigdekçäni saklady. Oňa öz ýüküni görkezdi. ─ Bar, şolary gala elt... Ýigdekçe ýaraglara gyzyl tapan ýaly topuldy. Garbap alyp egnine atdy-da, «ýyrş-ýyrş» edip gala tarap loňkuldap ugrady. Ahally Enehakydany arkasyna «hopba» etdi. Gyz ilki ejap etjek boldy. ─ Dur, dur, Ahally, beýtme – diýip, çalaja pyşyrdady. Ýigit welin oňa gulagam asmady. Çünki, top oklarynyň arasy ýygjamlaşypdy. Atyjylar bolsa ýene-de golaýa gelipdiler. Basymrak gala ýetmelidi. Çozgunlaryň köpüsi özlerini ol ýere bireýýäm atypdylar. Diňe derwezäniň agzynda, diwarlaryň üstünde durup, Ahally ýaly yza galanlara bakan telpeklerini bulaýlaşyp bir zatlar diýip, gygyryşýan adamlaryň bölek-bölek üýşmekleri görünýär. Halys surnugan Ahally derwezä golaýlaberende, arka ýüzünde snarýad ýaryldy. Çoýun gyýçagy gulagynyň düýbünden «juwlap» geçip gitdi. Daş-töweregi tot-tozan gaplap aldy. Özem çalarak entirekledi. Ol bir gapdala gaňrylyp: ─ Enehakyda, saňa hiç zat bolmady dämi – diýdi. Gyz: ─ Ýok – diýip ysgynsyz jogap berdi. – Meni indi ýere düşüräý, Ahally. Men indi özüm ýörärin. Şeý diýip, ol Ahallynyň arkasyndan syrylyp ýere düşdi. Aşak çökdi. Abat elini ýere diräbem ýanynlygyns oturyberdi. Onuň ýagdaýyny aňan bolsalar gerek, derwezäniň agzynda üýşüp duran ýigitleriň arkasyndan iki sany daýaw gelin ylgaşlap çykdy-da, Enehakyda bilen Ahalla tarap okduryldy. Gelişleri ýalam ysgyndan gaçyp ugran gyzyň hersi bir goltugyndan girdiler. Ahally olaryň yzlaryndan ýöredi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |