07:39 Jöwzaly gyş -8: Gabaw / dowamy | |
Dykma serdar olja alnan ýaraglary ýetdiginden ýaragsyzlara paýlap berdi. Gurbanmyrat işan haýal etmän jesetleri ýygnamaklygy buýurdy. Ýöne, jesetleriň ummasyz köpdügi, wagtyň azdygy duşmanyň bolsa dygysyzlyk bilen ot sowrup gara bulut deý yzyna süýşüp gelýändigi, top oklarynyň eýýäm galanyň içinde ýarylyp ugrandygy zerarly, olary ýuwup-ardyp oturman, şol durşuna jaýlamaly edildi. Kerimberdi işan Diňlidepä çykyp wepat bolanlaryň hatyrasyna güýçli ses bilen aýat okady.
Taryhy proza
Agşamlyk, apyla-sapyla sowulandan soň, Dykma serdar bilen Gurbanmyrat işan ikisi Enehakydany görmäne bardylar. Onuň dikelip oturanyny görüp begendiler. Gurbanmyrat işan aşak bakyp, oturşyna ýuwaşja gürledi. ─ Muny biz saňa geçen uruşda-da aýdypdyk welin, gyzym, bu gezegem ýatladaýmaly ekenik... Bu biziň ýalňyşlygymyz... Hňlem bolsa giç däl. Nirede bolsaňam ýetse gutulma-ha ýokdur welin, garaz, her niçigem bolsa sen göz-görtele ajala çapmajak bol... Enehakyda ilki Dykma serdara soňam Gurbanmyrat işana tarap gabak astyndan garady. Dodaklaryny çalaja gymyldatdy. ─ Bor, agalar. Men siziň diýeniňiz bilen bolaryn. Hoşlaşdylar. Enehakyda sözünde tapyldy. Ikinji çozuşa gatnaşmady. Ýöne, gadymy oguz gyzlary Sylyjsn hatyn, Barçyn salyr, Burla hatyn dagynyň edermenlikleri barada hakyda aýdyp, çozuşa gatnaşjak gyz-gelinleriň ruhlaryny göterdi. Göreşlere galkyndyrdy. Ol çozuş 1880-nji ýylyň 30-njy dekabr gijesi boldy. Oňa alty müň adam gatnaşdy. Ýene-de öňki ýagdaý gaýtalandy. Tä, tranşeýalara barýançalar, türkmenler soldatlaryň atýan oklaryndan ýaňa köp adam ýitirdiler. Ol ýere baransoňlar welin, esasy ýitgin i soldatlar çekdiler. Türkmen ýigitleri gylyçlaryny ezberlik bilen işletdiler. Öňki gezekkileri ýaly ur-tut olja güýmenmediler-de, esli ýere çenli duşmanyň söbügini sydyrdyp gitdiler. Çadyrlaryny çapdylar. Olja çöplemekligem, daşamaklygam diňe gyz-gelinleriň we ýetginjekleriň üstüne atyldy. Ahally bilen Garadöwlet şol gezek duşmanyň garymlarynyň daşyndan aýlanyp, ýeňsesinden bardylar. Çat maňlaýlaryndan çykan çaklaňja çadyryň täzeliginden çen tutup, onuň ofiserlere degişlidigini çakladylar. Çadyryň agzyndaky garawullaram, daş-töwerekdäkilerem eýýäm aýak üstündediler. Kim gaçjak bolup atyny eýerläp ýör, kim bir eli ýaragly, bir eli daşky geýiimli çadyrdan çykyp barýar. Kim tüpeňiniň nilini garaňka tutup, kimdir birini tüpeňläp ýör, garaz, ber-başagaýlyk. Çozgunlaryň seslerem, gylyçlaryň «jarka-da-jarkasam» golaýlap gelýär. Şonuň üçinem, göni baryp golundan tutaýmasaň bu wagt kimiň-kimdigini biler ýaly däl. Ahally bilen Garadöwlediň peýda bolanynam birbada hiç kim duýmady. Asla üns berenem bolmady. Olaryň bar küýi-köçesi gala tarapda. Ýeňseden howp geler, diýip, göwünlerine-de gelenok. Birdenem, çadyryň içinden girdenejik, sary saçly, jaýtaryp duran murtlyja ýeňil-ýelpaý geýnen ofiser tasap çykdy. Ol ylgap barşyna bir-ä pistolediň gaby gysdyrylgy kemerini biline dakjak bolup, kösenýär,birem sandyrap duran barmaklary bilen penjeginiň iliklerini ildirjek bolüar. Papak diýenini dagy bir şahyna zordan ilişip dur. Şol bolşuna-da ol özüne zor salyp gygyrýar, sögünýär, daş-töwereginde pyrlanyşyp ýören soldatlara bir zatlar barada buýruk berýär. Ahally bilen Garadöwlet ikisi agzybirlik bilen hereket etdiler-de, ofiseriň yz ýany haýdap öýden çykan iki sany aljyraňňy soldatyň adama birini «suhladylar». Şol wagt garaňkynyň içinden müňedekleşip ýene-de üç sany soldat peýda boldy. Olaryň ikis-ä nämäniň-nämwdigini bilmän, aňka-taňka boldular we aýňalyp ýetişmänkäler öz janlaryndan dyndylar. Üçünjisi ýa-ha olara görä aňçyrak ekeni, ýa-da öňki çozuş mahaly bular ýaly ýarym-ýalaňaç pyýadalary köp gören bolmaly, hasyr-husur tüpeňine ok sürdi-de, atmak üçin nilini Ahalla gönükdirdi. Ýöne, atyp ýetişmedi. Garadöwlet gylyjynyň ujy bilen onuň tüpeýini bir gapdala kakyp goýberdi. Ur-tutam gylyjyny garnyndan sokdy. Silkdi. Şol wagt hälki iki ýana haýdap ýören ofiserem yzyna öwrüldi. Ýalaňaçlara gözi düşendenem koburasy sallanyp duran kemerli elini ýokary göterdi. Ýöne, elleri ýalmawuz ýaly ýalaňaç gylyçly ýigitlere olar ýaly ortatap ofiseriň geregi ýok. Şonuň üçinem, olar onam gylyçdan geçirdiler-de, has «uluraklaryny» tapmak tamasy bilen kürsäp çadyryň içine girdiler. Garaňkynyň içinde sermenişip iki sany pistolet tapdylar. Başga-da geýim-gejim tapyp, ýan torbalaryna saldylar. Eglenmänem daş çykdylar. Daş işikde öli ýatan soldatlaryňam ýaraglaryny, eşiklerini aldylar. Entegem jan teslim edibilmän kakynyp ýatan ofiserem sypyrdylar. Bular ýaly şowlulyk çozuş mahaly her kime ýetdiribem duranok. Çünki, Garadöwletdir Ahally ýaly duşmanyň daşyndan aýlanyp, gelip, lageriň jümmüşine aralaşýanlar az. Çozuş köplenç öň hatarlarda bolup geçýär. Her niçik hem bolsa şol gezek öňdäki saplara çozan ýigitleriňem duşmana has içgin aralaşyp, lomaýja olja alyp gelenleri boldy. Mysal üçin, Marydan kömege gelen atly goşunyň ýüzbaşylaryndan biri, Akga batyr öz ýigitleriniň üç-dört sanysy bilen bilelikde, entek daňdanyň alagaraňky wagtlary bir topy süýräp alyp geläýdi. Muňa begenişip durkalar, Kelejarly Çary diýilýän çepiksije ýigidem öz obadaşlary bilen bir top getirdi. Gypjak obasyndan Begenç atly ýigit bolsa, öň hatarda ýerleşen Apşeron polkunyň 4-nji batalýonynyň baýdagyny alyp geldi. Dykma serdaryň buýrugy bilen olja alnan toplaram şol günüň ertesi Diňlidepäniň üstüne çykaryldy. Ýany bilen getirilen bäş-üç sany okam haýbat üçin duşmana tarap «güwledip» goýberdiler. Şonuň bilenem toply mesele tamam boldy. Başga atara ok tapylmandygy sebäpli ol topam gajarlardan olja alnan öňki mis topuň gapdalynda ine-ine asgyrjak ýaly burnuny dik ýokary tutup, şol bir duran ýerinde tä uruş gutarýança gymyldysyz durdy. Tekeleriň gijeki çozuşlary soldatlaram-a haýykdyrdy welin, general Skobelewi hasam howpurgatdy. Ol ikinji çozuşdan soň doktor Geýfelderi ýanyna çagyrdy-da, uly howsala bilen gözlerini özi üçin ýörite dikilen gara öýüň içine aýlap, durşuna gollaryny galgadyp: ─ Meniň batyrlygymy hiç kim inkär edip bilmez, doktor, ýöne, şü, tekeleriň gijeki çozuşlary bilen jarçynyň sesi welin, maňa ähli zatdan beter täsir edýär – diýdi. Şonuň üçinem, ol ofiserlerine ýene-de bolup biläýjek üçünji çozuşa güýçli suratda taýýarlyk görmekligi býurdy. Buýruk ýerine ýetirildi. Öň hatarlaryň goragy güýçlendirildi. 1881-nji ýylyň 4-nji ýanwar gijesi çozuş ýene-de gaýtalandy. Oňa on iki müň adam gatnaşdy. Ýöne, gaýtawul Skobelewiň öz tabşyryşyndanam has berk boldy. Çozgunlardan juda köp adam gyryldy. Mahlasy çozuş şowsuz tamamlandy. Goraýjylaryň köpüsi şondan soň galany taşlap gitdi. Olar öz maşgalalaryny gum içindäki howpsuzrak ýerlere, guýularyň başlaryna eltip, dolanyp gelmekligi wada berdiler. Emma gelmediler. Umuman, üçünji çozuşdan soň galanyň içindäki erewde-berewlik, ibirtde-zibirtlik öňküdenem has artdy. Gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. Kimiň gidip, kimiň gelýäni, kimiň girip, kimiň çykýany belli bolmady. Bir wagtyň özünde galanyň ähli tarapyny gabamaga duşmanyň güýjüniň ýeterlik däldigi, ýagdaýyň şol tarapa ýykgyn etmegine hasam itergi berdi. Galanyň gabawly taraplarynda, ortalarynda welin, bar zat öňküsi ýaly dowam edýär. Mergenler hyrlylaryny eginlerine atyşyp, galanyň daşyndaky garymlara tarap gyrmyldaşyp barýarlar. Olaryň topar tutup barýanlaram, ikibir, üçbir ýa ýekebara barýanlaram bar. Her kim özüniň islän, saýlan, göwnän ýerinde ornaşýar. Arkalary suwly meşikli, elleri nan düwünçekli aýallar bolsa ýegşerilişip ýa şol tarapa barýandyrlar, ýa-da şol ýerden bärik gelýändirler. Oglanjyklar galanyň içinde iki ýana ýügürişip, ok çöpleşip ýörler. Olar tapanja oklaryny agalaryna, kakalaryna juda hossary bolmadyklar bolsa umumy ýeňişe kömek bolsun, diýip, Abdylla ussa eltip berýärler. Abdylla ussa-da, oglanjyklaryň agalaram, kakalaram ol oklary eredip, öz hyrlylary üçin ok guýýarlar we duşmanyň okuny özüne dolap berýärler. Bir soldat şu gün dek-düýnjik gala tarap atan öz okundan öldi diýseler ynanmak boljak. Ok çöpleýän çagalaryň, mergenlere çörek, suw daşaýan aýallaryň arasynda-da duşman okundan heläk bolýanlary az däl. Diýseň ýygy oturan gara öýleriň arasyndaky şyr takyrda, düýn-öňňünjik saçy syrylandygyna garamazdan başy açyk, ok çöpläp ýören oglanjygyň ok degip, ýüzünligine süýnüp gidenini şol töwerekdäki elewreşip ýörenleriň hemmesi gördi. «Wahda-wah» bolşup, daşyna aýlandylar. Emma çagajyk eýýäm ýagty jahan bilen hoşlaşypdy. Akja köýnegi bolsa durşuna gan. Entek ýylysam gitmedik, arassa, gyrmyzy gan. Arkasy meşikli gelýän aýallaryň biri bolsa galadan çykyberende birdenkä aýak çekdi. Saklandy. Birine suw bermekçi bolýan ýaly aşak çökdi. Iki aýagynam öňe uzadyp oturdy. Meşigiň çiginüsti aşyrylan bagyndan mäkäm ýapyşdy. Meşikden akýan suw bilen bakyndan bygyrdap akýan gan gatyşyp, daş-töweregini köljertdi. Diňe şoňa gözi düşenden soň aýal özüniň ýaralanandygyny duýdy. Gorky basdy. Gözleriniň öňünde gar uçganaklap, başy aýlandy. Ol öz ýanyndan: «Be-e,adam pahyr ölende şeýdip ölýän ekenler-ow, büý-ä kynam däl ekeni...» diýip, alasarmyk halda oýlandy. Daşyndan görenler oňa ýadandyr, dynç almaga oturandyr, öýtdüler. Meşigine ok degip suwy dökülendir öýdenlerem boldy. Ol welin şol oturşyna köp oturdy. Ýöne, meşik gowzadygysaýy bir tarapa ýan beri gitdi oturdy. Meşik boşandanam «şalkyldap» bir tarapa agdy. Şondan soň onuň ölendigi galadan girip-çykyp ýörenlere äşgär boldy. Özi ýaly bir aýal yrgyldap ýanyna geldi. Görse, çawup gelýän ok meşikden geçipdir-de, görgüliniň bir ýan böwründen giripdir. Şonuň üçinem, akýan gan edil çaga «jürlewügi» ýaly pesden-pese «jürläp» akyp gidip barýar. Her ädimde, her demde gaýtalanyp duransoň, olar ýaly zatlary indi geň görýänem ýok. Her kim güýjüniň çatdygyndan edibilen kömegini edýär-de, ýene-de ýoluny dowam etdiriberýär. Ölüm indi hiç kim üçin gorkuly zat däl. Gaýtam ol her kesiň ýetip bilmeýän arzuwy. Ölüme bolan islegiň şol pursat ejizlilikdigini ýa batyrlykdygynam seljerer ýaly bolmady. Halk özüniň häzirkisindenem beter has aýylganç uly bir betbagtçylygyň öňüne durandygyna, öňde iňňän uzaga çekjek baknalygyň ýatandygyna göz ýetirdi. Dirileriň ölenlere gözi gidip başlady. Her kim: «Ölenler ozdurdy. Olar rahatlyk tapdylar. Bu dünýäniň aladalardan dyndylar. Olar indi bagtyýar. Şolar ýaly bagt bize-de ýetdirsedi» diýen düşünjä uýdy. Halk ölümden däl-de, ýeňlişden soň ýüze çykjak masgaraçylyklary, kemsidilmeleri gözi bilen görmekden, gorkdy. Şol zatlary göreninden ölenini ýeg saýdy. Ine, hut şu aýgytly çözgüt hem ony gözsüz batyrlyga getirdi, ölüme hyruçlandyrdy. Güýjüň deň däldigi, iru-giç galanyň synjakdygy köre hasa görnüp duran hem bolsa, her kim iň soňky demine çenli, iň kyn ýerlerde söweşmekligi ýüregine düwdi. Şonuň üçinem, gijeki çozuşlarda-da, kä daýym galadan çykyp edilýän gündizki kakyş-kukuşlarda-da her kim gözi ýok ýaly öňe okdurylýar. Hiç kim ölümden gaçanok-da, tersine, ony gözleýär. Üstüne sürünýär. Batyrlyk diýlen zadyň öňi bilen ölümden gorkmazlykdygyny olaryň köpüsi şol döwür özleri üçin açyş etdiler. Şolaryň birem Garabatyr. Atly ýigitleriň ählisine ýolbaşçylyk edýändigi üçin olar ýaly ownuk oý-pikirleriň ugruna gitmäge onuň asla, hakam ýok welin, geçen uruşda, hususan-da, harazyň içindäki söweşde kellesie zyýan ýetdimi ýa ýüregi gozgandymy, soňky döwürlerde onuňam gahary artyp, ajal bilen gaýybana sögüşmäne başlady. Sähel zadyň üstünde ýoldaşlary bilen, dawalaşmany, çykardy. Käte ýaşulylar bilenem jedelleşiberdi. Iki gezek dagy bidin çykyp gidip, özüni topar-topar bolup duran eli ýaragly soldatlaryň arasyna urdy. Muny Diňlidepäniň üstünde töwerege syn edip, duran ekabyrlar öz gözleri bilen gördüler. Şonda olar ony öz ýanlaryna çagyryp: ─ Garabatyr! Sen atly goşunyň başlygy. Şonuň üçinem, bular ýaly baş-başdaklyk etmäge, ters görelde görkezmäge hakyň ýok. Kim nähili hereket etjek bolsa, maslahatlaşyp etmeli. Bu barada sen öňem bir käýinç alypdyň, – diýdiler. Garabatyr welin şol gezegem «bor agalar» diýäýmedi-de, gaýtam özüniň ölmi gözleýändigini mundan buýana-da gözlejekdigini aýdyp, ýaşulylar bilen kejeleşdi. Şol kejirligem ony ahyr bir gün gözleýän zadynyň üstünden eltdi. ...Toplaryň nili gyzýamy ýa özlerem halys ýadaýarlarmy, ir ertirden tä, gyzar ikindine çenli irmän-arman ot sowurýan duşman toplary mahal-mahal atmasyny bes etýär. Şolar ýalyda ýörite bellenen toparlar hars urşup, galanyň içindäki top okundan heläk bolan adamlary ýygnaýarlar, jaýlaýarlar, jaýlap ýetişmediklerini bolsa bir ýere üýşürip goýýarlar. Galanyň daş ýüzündäki garymda ýerleşen mergenleriňem ýogalanlaryny içine daşaýarlar. Ýaralananlaryna em edýärler. Hojalykdaky garry-gurtular, aýallar ownuk öý hysyrdylary bilen meşgul. Nan ýapýarlar, biş-düş edýärler. Mal-garalaryna seredýärler. Garaz aram-aram ara düşýän şojagaz böwşeňligi her kim başardygyndan peýdaly işlere ulanmaklyga çalyşýar. Diwaryň üstündäki ýigitlerem şol pursat tüpeňdir-gylyçlaryny bir gyra goýýarlar-da, agyr pikirlerden aýňalmak üçin özara gürrüňçiliklere başlaýarlar. Dogry, olaryň ylgap gidip, öz öýlerinden, çagalaryndan habar tutup gelýänlerem bar, ýöne, köpüsi öz orunlaryndan üýtgänoklar. Şolar ýaly gürrüňçilikleriň başy bir gezek Sapar aga bilen Tilkiçi şahyryň arasynda başlandy. Sapar aga ir döwürlerr aýdym aýdýan ekeni-de, bir sebäp bilen bagşyçylygyny goýupdyr, şol gün Tilkiçi ondan ana, şonuň sebäbini sorady. – Gyzgyn kädi iýdim... – diýip, Sapar aga aýbogdaşyny gurup, öňe-yza yraň atyp irkiljiräp oturşyna aýtdy. – Şo-da sesimi gyrdy. Sowukmyka diýip agzyma salaýypdyryn-da. Köpçüligiň içi bolansoň yzyna çykarmanam birhili gördüm-de, ýuwdup goýberdim. Oturýerimden ot çykdymyka diýdim. Bir gez dag-a ýokary galanymy bilýän. Gürrüňçilige ýene-de üç-dört sany ýigit gelip goşuldy. ─ Aý, o zatlar hiç-laý Sapar aga. Sen ýöne haçan Baýramgül tebibi aljakdygyňy aýtsana... – diýip, olaryň biri gelşi ýaly Sapar aga degip başlady. – Ýogsam ine ho-ol, çukuryň içinde ýatan sary orslaryň biri ogurlap alyp gider ony... ─ Hany, uruş bir gutarsyn bakaly – diýip, Sapar aga-da olara çyna berimsiz jogap berdi. – Şondan soň görübiris... Sapar aganyňkydanam beter garaýagyz ýüzünde hasam akjaryp görünýän owunjak, akja dişlerini ýörite güjeňlejek bolýan ýaly «ýyrş-ýyrş» edip ýigitleriň ikinji birem degişmä goşuldy. ─ Bolmasa şuňa Zeýnebi äberäýeliň-le... Zeýnep ir döwürden bäri Gökdepe obasynyň içinde aýlanyp, gören ýerinde ýatyp-turup ýören, söwdaýysypat pars gyzy. Ol ir döwür alamançylaryň getiren ýesirleriniň arasy bilen gelipdir-de, özi birhili zyýanlyrak bolansoň hiç kim oňa eýe çykmandyr. Satybam bilmändirler. Şeýdibem galyberipdir. Yzyna goýberselerem gidenok. Şu ýere öwrenişipdir. Dagdan geçirip gaýtsalaram, yzlary bilen geläýýär. Käbir aýallar ýa çagalar oňa käte Zeýnep däli diýýärler. Ýöne, şeý diýenini eşitseler oba ýaşullylary olara garaçynlary bilen gatyrganýarlar. «Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter etmäň» diýip, käýinerdiler. «Däli» diýseler Zeýnebiň özem gaty bir halap baranok. Aýallara-ha: «Men dali dal, jan dogan, man Zeýnab...» diýip, gaty görenini sypaýyçylyk bilen duýdurýar. Çagalara welin berk daraýar. «Daly bolup nama sanyň anaňy bogdummy, ýa sany bogdummy ýa bogaýynmy?.. Agzyňa siýeýinmi? Diýip, çyna berimsiz gahar bilen aýaklaryny tapyrdadyp yzlaryndan kowalaýar. Soňky döwürlerde oba kethudalary oňa enäp-tenäp ýörmesin, diýip, bir öýjagaz dikip berdiler. Bolşuna görä her kim odur-budur, goş-golam, gap-çanak berdi welin, öýi-öýe meňzedi duruberdi. Dogrusy, amatyna getirip bolsa, özüne laýygrak biri gabat gelse ony durmuşa çykarmaýmak barada-da gürrüň gozgadylar. Öz pikirlerini aýallaryň üsti bilen Zeýnebe duýdurdylaram. O-da telim wagtlap aýallaryň ýüzüne seretdi-seretdi-de, aşak bakyp «ýyrş» etdi. Sag eliniň aýasy bilen bir ýan ýüzüni tutdy. Ýöne, bu onuň razylygynyň alamatymy ýa ýo, ony hiç kim bilibilmedi. Ana, şondan bärem şol gürrüň Gökdepede bar. Ýaňky ýigidiň Sapar aga şeý diýmesem şol gürrüň bilen bagly. Ýalanam bolsa, hoş habar diýen ýaly şolar ýaly gürrüň Sapar aga-da hoş ýakman duranok. Barjagyny takyk bilse ony almajakdanam däl. Ýöne, oba adamlarynyň her gezek çaga duşanlarynda «ony äberjek», «muny äberjek» diýip, sallaha duşanlarynda «pylanyny äberjek» diýip, alasamsyk adama duşanlarynda ýene bir zat diýip oýnaýmak endikleri bar. Şeýdip, özünem, bir-de Baýramgül tebibe, bir-de Zeýnebe öýlendirilip ýörşlerinden dogrusy Sapar aganyň özem halys irdi, ýadady. Şeýle-de bolsa her gezek ýigitleri ugurlaryna kowup: «Bor, iniler bor, şeýdäýerin, alaýaryn» diýýä-de, başyndan sowýa goýberiberýä. Ýöne, sallah adamda käte: «Şulaň şu sapar çyny bolaýmasyn how» diýen iňkisem döräýgiç bolýar. Şolar ýalyda ol: «Aý, bor-la, özi göwnese o-da bolman durmaz-la» diýip, çyna berimsiz razylygam beräýýär. Olaram şondan soň bir gürrüňi çynyrgadyberjek ýalylar welin, ony edenoklar-da gaýtam: «Ana, razy boldy, boldy indi» diýip, gürrüňi başga ýana sowaýalar goýberiberýäler. Şondan soň özüniň ýene bir gezek oýnalandygyny bilip galýar. Şundan soň-a oýnalman diýip, öz-özüne söz berýär. Ýöne barybir bolanok. Ony ine, häzirem oýnap otyrlar. Şu gezek welin ol «boram» diýmedi-de aşak bakyp, ýüzüni sallady oturyberdi. Muny Tilkiçi şahyr duýdy we ýagdaýy üýtgetmek üçin gürrüňiň ugruny durmuş, ogul, gyz, gelin baradaky umumy söhbete syrykdyryp goýberdi. O gürrüňem aýlanyp öwrülip haýsydyr bir aýalyny berk tutýan, bolgusyz ýere urup-sögüp, gün bermän ýören bir ýowuz kişiniň üstünden bardy. ─ Aý, aýal diýeniň gadyr bilmeze duşsa şeýle bor, oglanlar, harlanar – diýip, ýene-de öz «wawwaly» ýerinden tutulan Sapar aga gürrüňe goşulanynam bilmän galdy. – Bir entek bende-hä ony tapanok, tapanlaram beýdişip ýörler... ─ Näme günäsi barmyşyn o bendäň beýdip, azar berip ýörei ýaly... diýip, soňkurak gelen , gyrçuw kişi agzyny «şapbyldadyp» söze goşuldy. Başda şol gürrüňi gozgan goturaky ýigit «hoňul-hoňul» etdi: ─ Aý, özüni gürletseň-ä taýak taňrylymyşyn. Urup-sökmese, et diýip üstüne düblemese öýünde çöp başyny gymyldatmaýarmyşyn. Gyrçuw kişi birmeýdan böwrüni diňläp oturdy. ─ Et diýeni bilen edýän bolsa oňky ýene ýagşy ekeni. Ine, Agaly düýekeş aýalyny saçy bilen syrtmaklap tüýnükden asýa, aşakdanam dabanyna-da biz sokýa welin, şonda-da aýdanyny edenog-a. Aýaklaryny kelemenledip durşuna şo ýerdenem: «Etjek-gä-ä!..» diýip, gygyrýa. ─ Etmez. Zandyýaman bolsa etmez – diýip, näme üçindir öňküsine görä birneme suslanan goturaky ýigit aşak bakdy. – Zandy ýaman bolsa öldürseňem çäre bolmaz. Olar ýala: «Taýak taňryly» diýýändirler. Şeýle pajygaly ýagdaýlary başdan geçirýändiklerine garamazdan, goraýjylaryň, şujagaz pursatda-da şular ýaly mesaýy gürrüň edip oturmaklary birbada geň ýalam görünýä, ýöne nätjek adam tä jany içinden çykýança şol bir adamlygyna galýa-da. Ol toý güni aglabam bilýä, ýas güni ýylgyrybam bilýä. Onuň tebigaty şeýle. Ýigitleriň şeýdip dünýäň aladasyny piňlerine-de alman oturan pursatlaram galanyň iç tarapyndan: ─ Garadöwledu-uw! Aýuw-w, Garadöwle-et!.. Adamlar, Garadöwlet gelmedimi?!.. Ýa habaram etmediňizmi? – diýen çirkin aýal sesi eşidildi. Hemmeler tisginip şol tarapa garadylar. Inçejik ak gollaryndaky öli bäbegini olara bakan uzadyp durşuna gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýän gelin Jäjek. Onuň ýeliň ugruna ygyp duran çaşgyn saçlary parlap duran gara baýdaga meňzeýär. Saçyna çala ilişip duran ujy köneräk golaly saçbagynyň bir ujy ýerden süýrenýär. ─ Jan doganlar, gepleşibilýän bolsaňyz aýtsaňyzlaň şolara, atmasynlar-la... Ojagazym-a aldylar. Bujagazyma bir degmesinler-dä indi... – diýip, ol ýene-de diwaryň üstündäkilere bakyp özelendi. – Ýadadym men indi, jan doganlar, ýadadym... Ýa öz mergenlerimiz ataýýamykalar?.. Jäjek şu gün ir bilen, ýaňy bir atyşygyň başlanan wagty, top okunyň awusyny ilkinji bolup dadanlaryň biri. ...Goşa sallançagyň içindäki ekizlerini ýanap oturan gelin edil öýüniň arka tarapynda ýarylan snarýadyň sesine «zöwwe» ýerinden galdy-da, hat-da göwsüni, içine salmanam unudyp aýak ýalaň, başy açyk tasap daş çykdy. – Waý, jan doganlar, bi ne bela boldy bi... – diýip, iki ýana elewredi. Birdenem öň ýanynda öňküdenem aýylganç «gümpüldi» boldy. Dumly-duşy tot-tozan gaplap aldy. Gelin bir bada hiç zada düşünmän äm-säm bolup durdy-da, sowlaryna-da garaşman, özüni gara öýüň ornunda emele gelen sary dumanyň içine urdy. Çagşan tärimlere, goş-golamlara büdräp, üsgürip, asgyryp «kühhäläp» ýörşüne ellerini öňe uzadyp, içinde öz jigerbentleri ýatan sallançagy gözledi. ─ Ýusup ja-an! Ahmet ja-an! Siz nirede-e?.. Öýüniň üstüne snarýad düşenini, gelniniň gara tüssäniň içine bir girip, bir çykyp, zowzullap ýörşüni şol wagt diwaryň üstünde duran Garadöwlediň özem gördi. Ýöne, ol bagyr awusyny çekmeli bolmady. Uly ili bilen gygyryp, diwardan düşüşi ýaly, «güwläp» gelen top okuna duçar boldy-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde özem bu dünýe bilen baky hoşlaşdy. Ýanar oduň içinde iki ýana urnup ýören Jäjek welin, çagalarynyň birinden-ä asla derek tapmady, beýlekisinem öli tapdy. Ýüzi-gözi gan, eli-aýagy göwresine çalaja ilişip duran çagasyny «şalkyldadyp» eline alandanam, öňküje aklynam ýitirdi. Çagany dik-depesine tutup, ýüzüne çiňerilip durşuna: ─ Heý-wüý, heý wüý, bi hähili zat bi – diýip, gülüp başlady. Yzyndanam aglady. Çagasyny bagryna basyp, gorkuly gözlerini töwereine aýlady. Ekizleriniň taýyny gözledi. – Olam-a bolmalydyr öz-ä şu töwereklerde bir ýerlerde. – Şondan soň ol lampa aşak oturdy-da, elindäki öli çagasynyň agzyna al gana boýalan göwsüni tutdurdy. – Al, oglum, al! Al, ine häzir kakaňam geler. – Ol ýene-de çagasynyň ýüzüne jüýjerildi. – Sen Ýusupmy ýa Ahmet? Ahmedemi ýa Ýusup? Ýusup bolsaň hany onda Ahmet jan nirede? Birdenem ýerinden turdy-da, çagasyny ýokary göterip diwara tarap ylgady. ─ Garadöwle-et!.. Garadöwle-ew!.. Oňa çagalarynyň üstesine äriniňem ýogalandygyny bildirmezlik üçin, diwaryň düýbündäki dürli alada bilen gyrmyldaşyp ýören adamlar Garadöwlediň jesedini dessine ýygnadylar. Jäjege-de: ─ Garadöwlet häzir galanyň daş ýüzündäki mergenleriň ýanyna gitdi. Geldigi biz oňa aýdarys, bar, sen bu ýerden git – diýdiler. Elindäki çagasyny aljak boldular, bolmady. Bermedi. Ana, şondan bärem Jäjek o diwar bilen bu diwaryň, bu diwar bilen o diwaryň arasynda gatnap, adamsyny gözläp ýör. Onuň şol bir sorag bilen şu ýere ertiren bäri näçe gezek gelip gidendiginiň hasaby ýitdi. Her gezgem höre-köşe bilen yzyna gaýtaryp goýberýärler. Onuň: ─ Aýu-uw-w Garadöwledu-u!.. – diýýän zaryn sesi galanyň kä o burçundan eşidilse, kä bu burçundan eşidilýär. Öz ýagdaýlarynyňam öwerlik däldigine garamazdan, onuň bu halyna bütin halaýyk gynandy. Şondan soň özara degşip oturan ýigitleriňem mazalary gaçdy. Her kim aşak bakyp sortduryldy oturdy. Ýöne, beýdip uzak dymyp oturmagam mümkin däl. Üstesine gürrüňçilige gelýänleriňem sany artyp gidip otyr. Şonuň üçinem, kem-kemden, ýöne, bu gezek belli bir waka bilen bagly bolmadyk ol, bu zatlr barada mesaýy gürrüňler başlandy. Onuňam soňy gijeki çozuşlyklara, ondaky şowlulyklara we şowsuzlyklara syrykdy. Her kim göreninden, eşideninden habar berdi. Esasanam, ikinji çozuş gijesi Garadöwlet bilen Ahallynyň görkezen gahrymançylyklary, duşmanyň içine şolar ýaly içgin aralaşybam, sag-aman dolanyp gelişleri barada gürrüň etdiler. Şonda, gytyksy goňur telpegini tirsekläp, çep dulugyny çep aýasyna goýup, gyşarylyp ýatan ýagyrnysy ýasy, ýüzi repide ýaly tegelek hem boldumly, otuz bäş ýaşlaryndaky ýigit gözlerini gypyrjykladyp çalt-çalt gürledi. ─ Aý, adam pahyr ajaly ýetmese nirä baranda-da hiç zat bolmaz. Görogly beg aýdypdyr-a: «Kyrk ýyl gyrgynçylyk bolsa-da ajaly ýeten öler, ýetmedik galar», diýipdir-ä. Ana, şoňky dogry şol. Jan tende amanatdyr. Eýesi gereklese alar, gereklemese berjek bolsaňam almaz. Şol wagtam gamçysyny oýnap Garabatyr geldi. Ol gürrüňçiniň soňky sözlerini eşitdi. Näme üçindir dişlerini gyjap gaharly gepledi. ─Egerde men amanadyny eltäge-de, öňünde goýaýsam eýesi alman durubirmikä? ─ Beý diýme, Garabatyr, – diýip, töwerekdäkileriň barysy birden seslendi. – Hudaý bilen synanyşyp bolmaz. ─ Boluşyny – bolmaýşyny bilesiňiz gelýämi? Göresiňiz gelýämi? Men size jan eýesine amanadyny islän wagtyň gowşuryp bolýandygyny subut edip bereýinmi? – Şeý diýdi-de, ol basgançaklar bilen ylgaşlap diwardan düşdi. Tiz wagtdanam dor atyna atlayp, galanyň daşky düýbi bilen, ýaňky gaýdan ýeriniň deňine geldi. Atyny çarpaýa galdyryp, ýigitlere gamçysyny bulady. Ine, serediň! Jan eýesi menden häziriň özünde amanadyny alýamy ýa ýokmy? Ol ony menden häziriň özünde alsa-da alar, almasa-da alar. Islese-de alar, islemese-de alar. Şeý diýip ol atyny debsiledi. Dor at duşmana tarap süýndi ötägitdi. Diwaryň üstüdäkileriň barysynyň ünsi şol tarapa gönükdi. Beýleki diwarlaryň üstündäkilerem gykuwlaşyp oňa tarap telpeklerini bulaýlaşdylar. Köp adam onuň näme üçin beýdip, ýeke özüniň duşman üzre topulanyna düşünmän galdy. Gündiziň günortany, onda-da atyşygyň iki tarapdanam kesilen wagty, üstlerine eňip gelşine dogrusy soldatlaryň özlerem geň galdylar. Arakesmeden peýdalanyp gyssagly bir habar bilen gaýdandyr öýdüp, oňa tarap ok atmakdanam saklandylar. Emma, Garabatyr barşy ýaly bir topbak soldatyň başyndan indi. Gyran-jyrana salyp ugrady. Özem dert-azar duşmanyň tuguna tarap dyzady. Ýöne, oňa o tarapa süýşere maý bermediler, şondan soň Garabatyr çadyra tarap gylyjyny bulaýlap durşuna: ─ E-eý, aýry sakgal! Çyk! Bu gün mert söwdanyň günüdir. Men amanatdan geçdim! Ýöne, jähenneme ýeke gitmäýin, senem alyp gideýin, gel! – diýip, gygyrdy. Rejäniň geň äldigini aňan pyýada kazaklar ony ur-tut oka tutjak boldular. Emma, könäni ýatlap mert döwüş etjek boldularmy ýa başa-baş söweşiň keýpini görmek isledilermi, bäş sany soldat at debsiläp geldi-de, olara: «Atmaň!» diýip, gygyryşdylar. Ýöne, hemmesi birden çozmady. Ýeke-ýekeden çykdylar. Garabatyr ilki gelen, özüniňkä meňzeş dor atlyny uzaklaşdyrman atdan agdardy. Ikinjisem onuň bilen uzak gidişibilmedi. Üçünjisi bolsa darkaşa ýürek edibilmedi. Beýleki ikisiniňem mertsirän bolup ýöne ýere ölesi gelen däldir-dä, ur-tut at başyny öwürdiler we häliden bäri tüpeňlerini bir gezäp, bir aýryp duran soldatlara: «Ýeri bolýa-da, atyň» diýdiler. Şondan soň Garabatyra tarap çenelen tüpeňleriň sany köpeldi. Beýleki hatarlardanam ylgaşyp gelen höwesjeňler boldy. Garabatyr ölümden gorkup däl-de, ölümi oýnamak üçin, galyberse-de görä atynyň başyny gala tarap öwürdi. Öwrüşi ýalam yzyndan onlarça tüpeňiň nilinden çykan «gümpüldi», «paňkyldy» gulagyny kamata getirdi. Emma hiç ýerine ok degmedi. Şonda ol içinden: «Beh, dogrudanam aljak dälmikän-aýt», diýip öz ýanyndan oýlandy-da, peýkam deý süýnüp gelýän atynyň başyny çekdi. Öz maýdalyna goýberdi. Eýeriň üstünde synasyny dik tutdy. Oňa çenlem diwara golaýlady. Hälki ýigitleriň: ─ Gördüňmi? Indi ynandyňmy? – diýýän sesleri gulagyna geldi. Gyjalata galmazlyk üçin, yzyna öwrüläge-de, soldatlaryň başga bir toplumynyň üstüne at goýasy, tä, ok degip ýa gylyçdan ýaralanyp jan teslim edýänçä döwüşesi geldi. Emma, ol beýtmeli bolmady. Hatda at başyny öwürmäge-de ýetişmedi. Edil, ýagyrnysyna ot basylan ýaly boldy-da, özi-de bilmezden arkan gaýyşdy. Jylaw elden gaçdy. Ol atdan agaýmakdan zordan saklandy. Zoraýakdanam dikeldi. Soň, eglip atynyň boýnundan gujaklady. At badyny öňküsindenem gowşatdy. Eýesi haýsy tarap agsa, o-da şol tarapa buruljyrady. Ony galanyň düýbüne getirdi. Garymyň içindäki mergenleriň bäş-alty sanysy ylgaşlap gelip aty jylawladylar. Garabatyry götergiläp düşürdiler we ýerli-ýerden goldaşyp, derwezä tarap alyp gitdiler. Gala girensoňlar kim donuny, kim çäkmenini ýazyp, üstünde ýatyrdylar. Oňa çenli diwaryň üstündäki ýigitlerem „güpürdeşip“ aşak düşdiler. Olaryň sesleri gulagyna inen bolsa gerek, Garabatyr çalarak gözüni açdy. Kirpiklerini süzgekledip ýigitleriň ýüzüne garady. Eýýämhaçan tebsirän dodaklaryny zordan gymylatdy: ─ Nätdi?.. Ýigitleriň oňa: «Oňarmadyň, Garabatyr, oňarmadyň. Beýtmeli däldiň. Ýigitleri başsyz goýmaly däldiň. Her kim şeýdip ýerli-ýerden gidiberse galany kim gorar» diýesleri geldi. Emma indi giç. Boljak iş boldy. Ýaňky sözüni tamamlap-tamamlamanka Garabatyr gözlerini ýumdy. Özem müdimilik ýumdy. Şonuň üçinem töwerek-daşdan. ─ Ol sözünde durdy. ─Howwa, aýdanyny etdi. ─ Şehit boldy. ─ Öz aýdyşy ýaly amanadyny eýesine elinjek gowşurdy. ─ Dünýäniň azabyndan dyndy. ─ Onuň üçin indi uruş gutardy – diýen ýaly gam gatyşykly sesler başly-barat eşidildi. Garabatyry zemmere ýükläp, Diňlidepä tarap alyp gitdiler. Edil şol wagt toplar täzeden işläp başladylar. Bu nobatdaky arakesmäniň tamamlanandygynyň alamatydy. 1881-nji ýylyň 8-nji ýanwar günündäki hasabata görä, galany goraýjylaryň sany on bäş müň adama çenli artdy. Şol müňlerçe adamyňam hersiniň öz orny bar. Hersiniň öz etmeli işleri bar. Mergenler henizem diwaryň daş ýüzündäki garymlaryň içinde. Olaryň wezipeleri mümkingadar duşmany gala golaýlaşdyrmazlyk. Diwaryň üstündäki ýigitler bolsa iki ýana gezmeleşip ýörüşlerine tä, Gün ýaşýança duşmanyň her bir hereketlerine gözegçilik edýärler. Ondan soň galanyň gözegçiligi garawullar goýmak arkaly hasam güýçlendirilýär. Gijesine garymlardaky mergenlerem tä, ertie çenli çirim etmän çykýarlar, garawulçylyk çekýärler. Duşman tarapyndan sähelçe üýtgeşik hereket boldugy ýa gara-gura göründigi olara tarap ot açýarlar. Diwaryň üstündäkileriňem ot açmaly bolýan pursatlary az däl. Çünki, soldatlar gijäniň garaňkylygyna duwlanyp, tranşeýalar gazmak arkaly kem-kemden gala tarap süýşýärler. Şol tarapdan duşmanyň çozaýmagy ahmal hasap diýlip güman edilýändigi sebäpli, galanyň günorta-günbatar çetinde, ellerinde uzaga atýan ors berdankalary bolan ýigitleriň uly topary ýerleşdirildi. Gaty bir howply däldigi üçin demirgazyk tarapdaky girelgede gijesine segsen, ýüz adamdan köp garawul goýlanok. Şeýle hem gijelerine galada ot ýakmak gadagan. Tranşeýalar bilen mergenleriň ýatan garymlarynyň arasy barha golaýlaşýar. Şol tranşeýalar bilen bilelikde soldatlaryň özlerem golaýlaşýarlar. Howp salýarlar. Hut şol sebäplem soňabaka mergenleri garymlardan çykaryp galanyň içine salmaly, diwarlaryň üstüne çykarmaly boldy. Şondan soň soldatlar dert-azar garyma golaýlajak, içinde näme baryny biljek bolup jan etdiler. Ýöne, şolar ýaly-da galanyň üstündäki ýigitler: ─ Duruň! Garyma golaýlaşmaň! Içine seretmäň! – diýip, haýbatly gygyryşdylar, onda-da çekilmeseler, oka tutdular. ...4-nji ýanwar gijesi bolan çozuşda iki tarapdanam ölenleriň jesetleri ýygnalmandy. Tranşeýalardan çykmaklygyň howpludygy sebäpli, soldatlaram öz adamlaryny gömüp ýetişmediler. Iki günden soň jesetler ynjap başlady. Köpçülikleýin gyrgyn getiriji keseliň döräýmeginiň ahmaldygy ýüze çykdy. Şonuň üçin doktor Geýfelder goşun başlygy, general Skobelewe lageri alaň-açygrak bir ýere göçürmekligi maslahat berdi. Ýöne, general muny iňňän ýokuş gördi. ─ Nä-äme-e?! Nä-ä-me-e?! Şular ýaly şöhratly ýeňşiň, döwlet ähmiýetli, taryhy wakanyň alnynda durkam sen maňa haýsydyr bir döräp biläýjek kesel sebäpli yza süýşmekligi teklip edýäňmi? Bilýämiň seň munyňdan nämeleriň ysy gelýä? Bilýäňmi seni muň üçin näme etmeli?.. – diýip, onuň üstüne dyzady. Wraç adamkärçilik etdi. General gepläp bolýança sesini çykarman diňledi. Ahyram ýuwaşlyk bilen: ─ Juda bolmasa bir günlükçe atyşygy bes ediň. Ýeke biz däl, goý, tekelerem öz ölülerini jaýlasynlar, häzirki ýagdaý iki tarap üçinem howply – diýdi. Skobelew onuň bu pikirine garşylyk bildirmedi. Iki tarapyňam öz jesetlerini ýygnamaklary üçin wagtlaýynça atyşygy bes etmek baradaky teklibi patyşa goşunynyň ofiseri, podpolkownik Ýomudskiň galanyň üstündäkilere tarap gygyryp aýtdy. Bu ikiarada bir pirim bardyr öýdüp tekeler ölülerini ýygnamaga çykmadylar. Sebäbni gizlemek üçin, bolsa Ýaňygalaly Hajymyrady Skobelewiň ýanyna gepleşige iberdiler-de, özleri gyssagly suratda Magtymguly hanyň öýüne, maslahata ýygnandylar. Hajymyrat eli ýalaňaç gylyçly, diwardan howlukman düşdi-de, äwmezlik bilen Skobelewiň duran depesiniň düýbüne bardy. Ýüzüni aktam edip durşuna galada esasy ýolbaşçylaryň ýokdugyny, olaryň guma çekilendiklerini, özüniň bolsa meýitleri ýygnamak baradaky meselüni çözüp bilmeýändigini aýtdy. Ýigidiň omurdanlary somalyşyp duran süňklek eginlerine, bereketli ýüzüne, elindäki ýalpyldap duran egri gylyja seredip durşuna general pessaýja gürledi. Onda näme üçin geldiň meň ýanyma? Ýagdaýy aýt , diýip, meni bu ýere köpçülik iberdi. Onda senem bar-da köpçülige aýt, dessine galany tabşyrsynlar. Ýogsam, maşgalalaryňyz heläk bolarlar. Heläk bolmazlar – diýip, Hajymyrat elindäki gylyjynyň ujuny ýere diräp, aýaklaryny çalşyryp durşuna «pert-pert» gürledi. – Biziň maşgalalarymyzyň daşy berk goragly. Ojagaz garagyňyz basym synar. Synmaz. Onda sen näme hakda gürleşmäge geldiň meň ýanyma? Uruşsalar-a gelsinler-de,adam şekilli mert uruşsynlar, bolmasa-da, beýdip topa tutup durmasynlar, diýdiler. Bolýa. Men seniň batyrlygyňa hormat goýýan. Şonuň üçinem saňa degjek däl. Ýöne, galada han-begler ýok, diýeniňe welin ynanamok. Gowusy sen bar-da, olara aýt, biz meýletin boýun bolanlaryň hemmesiniň günäsini geçjek. Hiç kimi jezalandyrjak däl. Ony Hywa hanyndan soramak gerek. Näme üçin? Sebäbi biz onuň raýaty. Orsyýede resmi suratda birikdirilenine birnäçe ýyl geçendigine gözi ýetip durka-da bu sada çöl gurdunyň beý diýip durşy Skobelewi diýseň geň galdyrdy. Şeýle-de bolsa ol oňa bu barada ýatlatman durup bilmedi. Hywanyň özi Russiýanyň raýaty bolup dur. Şonuň üçinem ol bu meselä goşulyp bilmez. Şonda-da biz siziň ýaňky aýdanlaryňyza razy bolup bilmeris. Sebäbi, ynanmaýarys. Çünki, siz biziň ýaraşyk baradaky öňki tekliplerimizi kabul etmediňiz. Iberen wekillerimizi orta ýoldan yzlaryna gaýtardyňyz. On iki sany ilçimizi bolsa aýaklaryndan asyp öldürdiňiz. Şonuň üçinem, biz siziň geçirimlilik baradaky wadalaryňyza ynanamyzok. Ol wagt men galadan ep-esli uzaklykdadym. Häzir bolsa lukma dişlerimiň arasynda dur. Ýekeje gezek gäwüşesem baryňyz «düňküldäp» aýryma düşýäňiz. Men indi soldatlarymy aýamaly. Olaryň her biri meniň üçin uly baýlyk. Birini sag-aman enesine gowşar ýaly etsem bir peýda. Niýetiňiz-ä gowy ekeni, serkerde, ýöne şol rehimdarlygyňyzy näme üçin galanyň içindäki gyrgynçylyklar babatda ulanmaýarsyňyz? Skobelew güldi. Her zadyň öz hasaby bar. Jemi ýedi-sekiz minuda çeken netijesiz gepleşikden soň, Skobelew Hajymyrady goýberdi. Janyňy aýa, Hajymyrat. Gala barybir synar. Eger-de biz girýänçäk ölmeseň men saňa aman bererin... Skobelew Hajymyrady tä, galanyň derwezesinden girýänçä gözi bilen ugratdy . ...Bu wagt Magtymguly hanyň öýündäki maslahatam jemleniberipdi. Garalan mesele şu: Urşy soňuna çenli dowam etdirmelimi ýa boýun egmelimi? Köpler mundan artyk adam ýitgisini çekmezlik üçin, boýun bolmaklygy teklip etdi. Gurbanmyrat işan tolguna-tolguna Kerimberdi işanyň ýüzüne seretdi: Men boýun bolalyň-a diýjek bolamok, ýöne, Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň aýdanlary dogry bolup çykdy. Başda şolara gulak asan bolsak munça pida çekmezdik. Indem näme... Ant içildi... Şert edildi ... Galanynam... Özüňiz bir zat diýäýmeseňiz.. Aladaly ýüzüni aşak sallap oturan Kerimberdi işan belli bir zat diýip ýetişmänkä Dykma serdar dillendi. Indi giç, uruşdan başgasy hiç işan aga. Yza gaýdara ýol ýok. O hakda agzabam oturmaň. Boýun bolanyňyz bilen gyrgynçylykdan syparysam öýtmäň. Hemişe bolşy ýaly ýaş batyrlar bu gezegem gyzmaçlyk görkezdiler. Öýüň daşynda, gulaklaryny tärime ýaplap oturyşlaryna gürrüňiň barlyşyk barada barýanyny eşidip, «gürre» ördüler-de, gylyçlaryny syryp maslahatyň üstüne döküldiler. Hiç hili ylalaşyga ýol bermejekdiklerini, egerde, aýdanlary bolmasa häziriň özünde hemmesini tussag edip, söweşiň indiki ykbalyny öz üstlerine aljakdyklaryny aýtdylar. Dykma serdar olary köşeşdirdi. Ýagdaýy, bolan gürrüňleri düşündirdi. Hiç hili eglişigiň bolmajakdygyny aýtdy. Oňa çenlem Hajymyrat geldi. Ol general bilen bolan gürrüňleri birin-birin beýan etdi. Generalyň eglişige çagyrýandygyny gala meýletin tabşyrylsa hemmelere aman berjekdigini hem aýtdy. Emma maslahat özüniň ýap-ýaňyja çykaran kararyndan dänmedi. Maslahaty jemlejek wagtlary Orazmämmet han özüne mahsus bolan agraslyk bilen: Mende bir söz bar adamlar – diýdi. – Şu gün ir bilen diwara çykanymda meniň bir zada gözüm düşdi. Duşmanyň garymlaryndan gala tarap gaýdýan giňişlikdäki meýdanyň ep-esli ýeriniň oty-çöpi gurapdyr. Topragyň reňki üýtgäpdir. Özem edil araba ýoly ýaly uzyn zolak bolup gelýär. Çakym çak bolsa olar ýa-ha ýeriň aşagy bilen gelip gala girmekçi bolýalar, ýa-da däri goýup diwary ýarjak bolýalar – diýdi. Ýaryp bilmezler – diýip, Dykma serdar howlukmaç gepledi. – Sebäbi, bular ýaly mähnet galany ýarjak bolsaň bir kerwen däri gerek. Ýeriň pessi bilen gala girjek bolsalaram, goý, gelibersinler. Gezek-gezegine nobatçylyk çekeris-de çykanynyň kellesini kakar durarys. Orazmämmet han janyndan syzdyryp gepledi . Bu, uly döwlediň goşuny, Öwezmyrat. Biz ýaly iliň atan okuny çöpläp ýa akbaş bilen çaý gaýnadyp ýören dagynak halk däl. Gyzylarbada çenli bolsa otlysy gatnap dur. Şoň bir magunyny ýükläp iberselerem seň on kerweniňçe bolar. Aý, diýseň-diýmeseň Orazmämmet onça däri-hä tapyp bilmeseler gerek – diýip Gurbanmyrat işanam Dykma serdaryň tarapyny tutudy. – Ýöne, seň aýdanlaryňy maglumat hökmünde kabul ederis. ─ Ol Kerimberdi işanyň ýüzüne seretdi. Özünden belli bir jogaba garaşylýandygyny aňan işanlarbaşy adamlary uzak garaşdyrmady. Bu wagt ölçäp-biçip oturara wagt ýok. Ras, duşman bize tarap ýeriň pessi bilen gelýärmi, biziňem ony ýeriň pessi bilen garşy almagymyz gerek. Dykma serdar oňa tarap egildi. Garşylyklaýyn garym gazmalymy? Garşylyklaýyn garym gazmaly. Diwara ýetmänkä şol zolak bolup gelýän garymyň öňünden çykmaly we oňa suw goýbermeli. Gurbanmyrat işan ýeňillik bilen dem aldy. Men-ä goldaýan şu maslahaty adamlar, siz nähili? Bizem goldaýas!.. – diýen sesler sanap çykardan has köp boldy. Arakesme yglan etmek bilen patyşa goşunynyň hiç hili hile gurmaýandygyna Hojamyradyň sözleerinden soň magat göz ýetiren maslahat meýdanda ýatan jesetleri ýygnamak barada jemagata buýruk berdi. Mundan buýanky göreşiň diňe abraýly ölmek üçin alnyp baryljakdygyna indi maslahaty alyp barýanlaram, halkam magat düşündiler. Elbetde, entek ýeňişe ynamyny ýitirmedik, ruhy taýdan ejizlemediklerem az däl. Şolaryň birem Ruhy batyr. Cünki, ol erkin. Daşy galalam däl, galasynyň daşy gabawlam däl. Onuň penasy Garagum. Düşegi ak çäge. Ýapynjasy gök asman. Baýdagy ýaşyl şemal. Gala synaýanda-da Garagum synmaz. Ak çägesini gök asmanyny, ýaşyl şemalyny hiç kim onuň elinden alyp bilmez. Kim boýun egse-de, ol duşmana boýun egmez. Näme üçindir şol wagt maslahatçylaryň hemmesiniň ýadyna şol düşdi. Edil, oaryň islegini aňan ýaly, Ruhy batyr Magtymguly hanyň gapysynda peýda boldy. Ekabyrlar ony hormat bilen garşy aldylar. Ýagdaýlaryny soradylar. Ýerasty ýarym baradaky pikirini soradylar. Şu barada mende-de maglumat bar – diýip, ol aýtdy. – Olar diwary partlatmakçy bolýarlar. Şondan soň ol henizem bolsa guma çekilip, urşy özlerine mahsus bolan «çoz teke», «gaç teke» görnüşinde dowam etdirmekligi, öňi bilenem maşgalalary Tejene, Mara eltip gelmekligi, iň bolmanda gorag astynda ugratmaklygy, halys bolmasa häzirlikçe guma döküp gaýtmaklygy teklip etdi. Ýöne, muny ýeke bir ekabyrlar däl, ýaş batyrlaram göwnemediler. Çünki, häzir galadan çykyp gitmeklik duşmana boýun egmeklik bolar diýen düşünje hemmeleriň beýnisinde berk ornaşypdy. Galyberse-de, indi galanyň gabawy güýçli we duşman halkyň öňküleri ýaly arkaýyn, onda-da köpçülikleýin girip-çykyp durmagyna ýol bermez. Ruhy batyr özüniň öňküleri dek goraýjylara galanyň daşyndan goltgy berip durmajakdygyny aýdyp, ekabyrlar bilen hoşlaşdy. Ol indi galadan çykyp guma siňmelidi. Ýöne, ençeme ýyl duzuny iýen ojagyndan habar tutman ol nädip gitsin? Hakyda molla bolmasa-da ol öýde Enehakyda bar ahyry. Söýgüsini ret edenem bolsa, ol iň bolmanda onuň bilen dogan hökmünde, öz naçary hökmünde görüşmeli, hal-ahwal soraşmaly. Belki, kömek gerekdir? Ahyrzamana meňzeş bu aldym–berdimli günlerde belki ol aljyrap ýörendir? Emma ol Hakyda mollanyňka gitmeli bolmady. Maslahatyň gapysyndan çykyp-çtykmanka, daş işikde Enehakyda peýda boldy. Gyz Ruhy batyry görüp ýaýdandy. Iki ýana keýerjekledi. Gözlerine ýaş aýlady. Tolgunmakdan ýaňa eýýämhaçan titräp ugran dodaklaryny çalaja gymyldadyp salam berdi. Yzyndanam: Ruhy, barman gidiberjekmidiň – diýdi. Barjakdym. Ýöne, özüň gabat geläýdiň. Gowy bolaýdy. – Ýigit gyzyň özüni gözläp däl-de möhüm bir söz bilen maslahata gelendigini aňdy. Gapydan bir gapdala çekildi. – Giriber Enehakyda. Enehakyda şol bir gyz çekinjeňligi bilen uýaljyrap gapydan girdi. Iç işikde ýeňi bilen agzyny ýapyp, gyýa bakyp durşuna maslahata salam berdi. Ýaşulular ýerli-ýerden onuň salamyny aldylar. Bir gyradan ýer görkezdiler. Oňa çenlem Enehakyda: Siz meni bagyşlaň, men bu ýere atamyň iň soňky sözýni size ýetirmek üçin geldim. Kerimberdi işan usullyk bilen baş atdy. Aýdyber gyzym. – Ol bir gyra tarap baş atdy. Özüňem geç, ho-ojagaz ýerde oturyber. Enehakyda görkezilen ýere geçmedi. Birtopar erkek adamyň arasynda aýak epmäge ejap etdi. ...Ýadyňyza düşýän bolsa, Diňlidepäniň üstünde aýdan iň soňky hakydasynda atam: «Türkmen bir gurtdur, onda-da çöl gurdudyr. Ol hiç haçan, hiç kime boýun egmez» – diýipdi. Şol gün agşam öýe gelenimizden soň men ondan: «Ata birdenkä gurt gapana düşňýse näme» diýip, soradym. Şonda ol: «Hakyky gurt hüşgärdir, aňsat gapana düşmez, aýagy bilen basmazdan öň ol üstüne gar peşär, gum tozadar garaz, gapanyň dilini ýazdyrar, bardy-geldi düşäýse-de, duşmanydan sypmak üçin, öz aýagyny dişi bilen kertmekdenem gaýtmaz» – diýdi. «Aýagyny kertmezden öň gapan eýesi gelip gurdy gola salaýsa näme? Uruna-uruna ysgyndan gaçan gurduň garşylyk görkezere halys mydary galmasa näme?» diýip, men ýene-de atama sorag berdim. Atam: «Ol şonda-da boýun bolmaz. Özi boýun bolsa-da ruhy boýun bolmaz. Öläýende-de, öldürip derisini çöpe serňýenlerinde-de boýun bolmaz. «Şol bir erkanalygy bilen gider» – diýdi. Men egerde bir söý bilen boýun bolaýsa näme» – diýip ýene-de sorag berdim. «Onda onuň gurtlugynyň gutardygydyr» , diýip, atam gamgyn halda jogap berdi. Şondan soň ony öňüňde kese ýatyryp, syňragyndan sim geçiräýeniňde-de sesini çykarmaz. Garşylyk görkezmez. Asyl, ýüzüňe gaňrylybam bakmaz. Sebäbi ol indi gurt dül. Onda indi dogum, gaýrat ýok. Ejiz. Naçar...» diýdi. Enehakyda sözüne dyngy berdi-de, çalarak gabagyny galdyrdy. Ýöne, hiç kimiň ýüzüne seretmedi. Ähli zady gözüniň gytagy bilen gördi, her bir gymyldy hereketi gulagy bilen eşitdi, öz sözleriniň täsirini tutuş süňňi bilen syzdy. – Men size ine, şuny aýtmana geldim, agalar. Atam ornunda durup sizden etjek haýyşym şu: Gurduň gurtlugy gutatmasyn, dogumy ýitmesin, syňragyndan sim geçmesin. Erki synmasyn. Watany gorap ölmek aýp däldir, diri galmak üçin Watany gaýrylara bermek aýpdyr. Namysdyr, ardyr. Esasanam ant içilenden, şert edilenden, mukaddes kitabyň üstünden ätläp geçilenden soň... Biz indi ýa almaly, ýa ölmeli. Gala synaýanda-da duşmana boýun bolmaly dül, göreşi dowam etdirmeli...» Enehakydanyň bu sözlerinden soň maslahata elhenç bir ümsümlik aralaşdy. Her kim böwrüni diňledi. Hemesem ata ornunda durup, hakyda hökmünde gürlän gyzy mamla hasap etdi. Her kim oňa öz ýanyndan buýsandy. Her kimiň kalbyna soňky günlerde tas ýiteňkirläberen şol bir öňki buýsanç, dogum duýgusy dolanyp gelen ňaly boldy. Esasanam öýüň daşynda duran ýaş batyrlaryň ýürekleri joşdy. Heňjana geldi. Olar içki hyjuwlaryna bäs gelibilmän, gum tozadyp, ýerlerinden «tarsa-tarsa» tasap turdular-da, gylyçlaryny depelerinde bulaýlaşyp duruşlaryna: Ýaş-şa-a! Ýaş-şa Enehakyda-a! – diýşip gygyryşdylar. Olar köşeşenlerinden soň köpçüligiň depesinde Kerimberdi işanyň ýakymly owazy ýaňlandy. Hudaýa şýkýr, hakydamyz-a ölmündir. Onuň bu pikiri ni hemmelerem alyp göterdiler. Hakyda mollanyň azaby ýerine düşüpdir. Hakydasy bilen ruhy ölmedik halky hiç kim ýeňip bilmez. Häliden bäri öýkenini ýellendirip dolup-daşyp oturan Orazmämmet hanam agras häsiýetine mahsus bolmadyk joşgunly ses bilen, adatdakysyna görä has batly gepledi. Hakyda hak aýdýar: Başymyzyň ýere togalandygy, ganymyzyň topraga garyldygy biziň ýeňildigimiz däldir. Galanyň synmagam, näçe wagta çenli dowam etjekdigi näbelli bolan baknalygam biziň ýeňilendigimizi aňladmaz. Biz ölsegem öz topragymyzyň üstünde döş erip öleris. Gala synsa-da söweşi dowam etdireris. Ruhy batyr ýaly gaça uruş ederis. Şo-da biziň ýeňşimiz boar. Agyr toplar, atgyr tüpeňler, agyr goşun bilen, elinde sowuk ýaragyndan başga hiç hili söweş guraly bolmadyk sada çarwa halky basyp alan döwlet hiç haçan ýeňiji bolup bilmez. Hiç kim onuň ýeňijiligini ykrar etmez. Basybalyjynyňky bolsa bäş gündir. Ony barybir taryh näletlär. Ähli zady ýerli-ýerinde goýar. Iň bolmanda indiki nesillerimiz bize gyňa göz bilen garamazlar. Olar öz ata-babalarynyň görkezen gahrymançylyklaryna buýsanarlar. Galany aňsatlyk bilen bermändiklerine, onuň her bir daban ýeri üçin «katra-katra» ganlar dökendiklerine düşünerler. Bu biziň öz adymyzy taryhyň sahypalaryna öz ganymyz bilen gylyçlarymyzyň ujy bilen ýazdygymyz bolar... Orazmämmet hanyň bu sözüni eşidip daşarda duran ýaş batyrlar öňküdenem beter has hyjuwly gygyryşdylar. Şondan soň han-begler Enehakydanyň hut özüne alkyşly sözleri sag bolsunlar aýtdylar. Hakyda mollanyň sargydyny ýerine ýetirmek üçin iň soňky demlerine çenli söweşjekdiklerini aýtdylar. Gyz uýat bir iş eden ýaly, «çym-gyzyl» boldy-da, ýüzüni tutup çykyp gitdi. Çünki, bu onuň köpçüligiň, onda-da erkek adamlaryň içinde özbaşdak orta çykyp, ilkinji gezek söz sözleýşidi. Ruhy batyram onuň yzysüre çykdy. Yzyndan ýetdi. Öýlerine çenli ugratdy. Halyny sorady. Gyz: Meň halym hiç, Ruhy, halkyňky agyr diýdi. Ruhy batyr onuň bu sözüne jogap bermedi. Bar zat onsuzam düşnükli. Üstünden gije-gündiz ot ýagyp duran halkyň halyny häzir bir ýa iki söz bilen ýeňlederden çökderräk. Şonuň üçinem ýigit öýe girenden soň sessiz-üýnsiz ojagyň başyna geçdi-de duz datdy. Hakyda mollanyň hatyrasyna doga okady. Töwir galdyrdy. Turjak wagty Enehakyda seredip bir zatlar diýjek boldy. Emma hernäçe hyýallansa-da, hiç zat diýip bilmedi. Iň soňky gezek bolan şo-ol, gürrüňçilikden soň, dogrusy Enehakyda blen öz duýgusy barada gürleşere oňa zadam galmandy. Şonuň üçinem ol uludan demini aldy-da, gapa golaýlady. Çykdy. Yzyna öwrülibem: Hoş onda, Enehakyda! Ýeňişli günlerde görüşmek nesip etsin – diýdi. Enehakyda topulyp gelip iç işikde saklandy. Iki elinem söýä diräp, tolgunyp durşuna gözlerinden ýaş döküp: Aýdanyň gelsin, Ruhy – diýdi. Ruhynyň ol gözlere seredip durmaga mejaly ýetmedi. Bütin göwresi bir demde lerzana gelen ýigit uly-uly ädimler bilen Diňlidepä, atyny goýan ýerine tarap ugrady. Galanyň tabşyryljak däldigi, söweşiň dowam etdiriljekdigi baradaky habary ýaş batyrlar dessine, uly höwes bilen, diwaryň üstündäki netijä garaşyp duran ýigitlere ýetirdiler. Olaram iki owuçlary bilen agyzlaryny ýelden penalap: E-eý, öz nejasatlaryna meňzeş saryja oruslar! Derrewiň özünde gazan gabyrlaryňyza giriň, biz häzir atyp başlajak! Urşy dowam etdirjek – diýşip, gygyryşdylar. Duýduryşyň soňuny Garasähet jarçy alyp göterdi. Onuň sesi soldatlaryň arasynda duýduryşdanam beter dowul döretdi. Tranşeýalaryň içinde, daşynda gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. Öýlän sagat iki bolandanam, tekeler ot açyp başladylar. Şonuň bilenem, uruş täzeden başlandy. Jesetleri ýygnamak üçin yglan edilen ýaraşyk öňli-soňly iki ýarym sagat dowam etdi. Şol döwrüň içinde taraplaryň ikisem wagtlaýyn ýaraşygyň düzgünini doly berjaý etdiler. Hiç hili uruş we uruş üçin taýýarlyk alamatlaryny amala aşyrmadylar. Orslaryň bir utan zatlary: jesetler ýygnalan döwründe, galanyň daş ýüzündäki garymyň içiniň boşdugyny gördüler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |