07:44 Jöwzaly gyş -9: Galanyñ synmagy | |
GALANYÑ SYNMAGY
Taryhy proza
Orazmämmet hanyň çaky dogry bolup çykdy. Orslar hakykatdan-da, ýeriň pessi bilen galanyň düýbüne çenli lagym gazyp, astyna-da ýetmiş bäş put däri goýdular. Ony partlatmaklygy bolsa, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwaryna bellediler. Dogry, maslahatda karar edilişi ýaly, tekelerem garşylyklaýyn garym gazdylar, ýöne, birinjiden-ä hiç hili ylmy tejribeleri, tehnikalary, ölçeýji gurallary bolmadyk sada halk orslaryň gazyp gelýän garymlarynyň çuňluk derejesinem, gelýän ugrunam dogry kesgitläp bilmedi, ikinjidenem ýetişmedi. Çünki, garşylyklaýyn garym gazmak barada maslahat edilen gün bilen galanyň partladyljak gününiň arasynda bary-ýogy dört gün galypdy. Skobelewiň maksadyna görä, partlaýyşyň soňy aýgytly hüjüme sepleşip gitmeli. Munuň üçin ol goşun bölümleriniň hersiniň durmaly nokatlaryny, hereket etmeli ýoldaşlaryny belledi. Haýsy bölümiň hüjüm etmelidigi, haýsynyň hüjümçileri goramalydygy, haýsysynyň ätiýaç üçin bukuda durmalydygy barada görkezme berdi. ─ Erkek adamlary, ýesir almaly däl - diýoip, ol ofiserlere berk sargady – Barysyny gyrmaly. Galanyň içindäkilerem gyrmaly, çykyp gaçanlarynam yzlaryndan ýetip gyrmaly. Diňe gyrmaly.Gyrmaly, gyrmaly, gyrmaly... Eýsemde, bolsa ol aýgytly hüjümi näme üçin, ala-böle 12-nji ýanwara ors yrymyna görä, hepdäniň agyr güni hasap edilýän duşenbä belledikä? Bu barada ondan hiç kim sorap blmese-de, goşunyň baş wrajy, generalyň iň ýakyn hem hemişelik söhbetdeşi doktor Geýfelder ertir hüjüm diýlen güni soramaga het edip bildi. ─ Näme üçin diýýäňizmi? – diýip, general berlen soraga begenýändigini gizlejegem bolman, joşgunly gürledi. – Sebäbi, şol gün Pawel birinjiniň Hindistana ýöriş etmek barada Don polkuna buýruk beren gününe ylaýyk segsen ýyl dolýar. Emma, Paweliň ölmi zerarly ol ýörişi amala aşyrmak mümkin bolmady. Ine, bize welin şol uzak ýoluň başlangyjyna düşmek başartdy. Nesip bolsa ony soňuna çenli dowam etdirmek hem başardar, diýip, umyt edýän – Skobelew doktora seredip ellerini ýaýdy. – Ine, men näme üçin hüjümi şol güne belledim. Ikinjidenem şol gün meniň mundan bir ýyl öň Beýik Imperator Aleksandr üçünji tarapyndan goşunbaşlygy edilip bellenen günüm. Mundan başga-da, men bu hüjümi «Roždestwo» baýramçylygyna bagyşlaýaryn. Goý, bütin Orsyýet, Isa pygamberiň doglan gününi baýram edip oturan pursaty tekeleriň boýun egdirilendigi baradaky hoş habary hem eşitsin. Şatlyklaryna şatlyk goşulsyn. Urşuň halka ýeke bir ölüm-ýitim gam-gussa däl-de, şatlyk hem getirip bilýändigine düşünsinler. Onsoňam, hormatly doktor, 12-nji ýanwar güni Tatýana gni. Şeýle hem Moskwa Uniwersitetiniň düýbüniň tutulan güni. – General sözüne azajyk dyngy berdi-de, ýeňişiň özüne ýar boljakdygyna çigit ýaly hem şübhelenmeýän adamyň badyhowalygy bilen, döşüni gaýşardyp, öýüň içinde iki-ýana gezmeläp başlady. – Gördüňmi, meniň ertirki ýeňşim nähili şanly seneler bilen bagly ekeni. Onsoňam men Hindiguş daglaryna tarap barýan birnäçe tapgyrdan ybarat ýeňişli ýoluň ilkinji menzilini gurdum. Doktor Geýfelder gaşlaryny gerdi. ─ A, indiki menzil nirede? ─ Hyratda. ─ Haçan? ─ Angliýanyň ilkinji gezek Orsyýete dişini syrtardan güni. Onuň harby flotunyň Mermer deňzine ilkinji gezek aýak basan güni. ─ Diýmek, onda bu zatlaryň barysynyň düýp sebäbi Angliýa bolýarda? ─ Elbetde! Biz hut şol sebäpli bu çöl-beýewanyň içinde şeýdip ýörüs ahyry. Orta Aziýa näme? Hiç zat! Tekeler kim? Hiç kim! Bular biziň üçin kelle agyrdanyňa degýän mesele däl. Päsgelçiligem däl. Bu bir biziň esasy maksada tarap barýan ýolumyzdaky daýanç nokady. Üstünden ötülmesi hökmany bolan tozanly ýol. Düşelge. Uzak ýoldan gelip, uzak ýola barýan ýadaw goşun üçin dynjalga. Russiýanyň esasy harby meýilleriniň amala aşyrylmagy üçin tasýýarlyk meýdany. Bular bizi biraz egläp bilerler, ýöne, ýolumyza böwet bolup bilmezler. Men bulary edil ädigime ýelmeşen palçyk ýaly süpürip taşlaryn. Ýok, süpüribem durmarynda, dik duran erimde aýagymy birki ýola «tarpyldadaryn» welin, palçygyň öz-özi «patlap» ýere gaçar. Doktor syýasy meseläniň esasy özenine dolanyp geläýenini kem görmedi. ─ Angliýa häzirlikçe-hä, biziň bilen hoşniýetli gatnaşykda ýaly. ─ Dogry. Häzirlikçe şeýle. Men munuň mundan buýana hem şeýle boljagyna ynanmaýaryn. Onsoňam, bilip goýuň, doktor, iňlisler näçe mylaýymsyraýan bolsalar, şonça-da howpludyrlar. Ahalda we Maryda näçe çalt hem çuň ornaşybilsek, Angliýa bilen aramyzdaky syýasy göreş şonça-da çalt çözüler. Bu nokatlar bize has çalt aralaşmak we onuň iň bir ynjyk ýerlerinden ebşitläp tutmak üçin gerek. Iňlisler häzir Kabuly, Gandahary eýelediler. Indem Hyrada göz dikýärler. Ýöne, olar häzir Hyrady bada-bat alsakmykak ýa ony öňürti Eýrana bersekmikäk, diýen meseläniň üstünde kelle döwýärler. Eýran bolsa ejiz. Ol Horasana-da, Seýistana-da doly eýelik edip bilenok. Şonuň üçinem, Angliýa, Hyrada tarap hökman süýşer. Hyrat bilen türkmen obalarynyň arasy bolsa, tozap ýatan boş çöl. Ýaltanmasalar bu aralygy iňlisler iki günde geçerler we Hazar deňziniň ýakasynda oturyp, ýagyrnylaryny Güne çoýarlar. Özleri gelmän, Mary we Ahal tekelerini ok-ýarag bilen üpjün edip, bize garşy küşgürmekleri, arkalarynda durmaklary hem mümkin. Iň bolmanda altyn, kümüş bilen türkmenleri ymykly ellerine alarlar... ─ Bardy-geldi iňlisleriň Hyrady özleri alman, ýaňky siziň aýdyşyňyz ýaly Eýrana beräýseler nähili bolar? ─ Onda, şonuň yz ýany Hyradyň içi olaryň agentlerinden ýaňa porruk uran ýaly bolar. Ana, şol agentleriň türkmenler bilen ýakyndan ysnyşmaklaryna bolsa Eýran döwleti päsgel berip bilmez. Şonuň üçinem, syýasat haýsy tarapa ugur alsa-da, biziň Orta Aziýada öz täsirimizi berkitmegimiz gerek... ─ Meniň syýasatdan siz ýaly gowy başym çykanok, Mihail Dmitriýewiç – diýip, doktor Geýfelder äýnegini el ýaglygy bilen süpürip oturşyna gözlerini süzgekledip generala seretdi. – Belki, bu ülke ors hökümediniň daşky syýasaty üçin hakykatdan-da amatlydyr, ony eýelemek zerurdyr, oňa meniň sözüm ýok, ýöne, siz ofiserleriňize tekeleriň erkek göbeklisinden ýekejesinem ýesir almazlyk, gyrmak barada buýruk berdiňiz. Bu ýerde sorag şeýle: Siz bulary ýeňjekdigiňize ynanýarsyňyz, egerde, şeýle bolsa, onda ýeňeniňden soň, ýeňilen halky gyrmak nämä gerek? Bu birhili orta asyrlardaky ýowuz serkerdeleriň eden-etdiliklerini ýatladýar. ─ Uruşam bir sungatdyr, doktor, ýöne, munda şahyrana pikirlere ýol bermek bolmaýar. Russiýanyň metbugat sahypalarynda geçen gezekki Gökdepe urşuny ýazgaryp çykyş edenlerem boldy. Esasanam ol wakany rewolýusion meýilli intelgensiýa we buržuaziýanyň wekilleri patyşanyň syýýasatyny garalamak üçin, öz bähbitlerine ulandylar. Men siz hem şolardansyňyz, diýip, biljek däl, ýöne, siz doktor, gumanist. Siz eliňize duşmanyňyz düşse-de bejeräýmeli. Siziň käriňiz şeýle. Men welin harby adam. Men öz şöhratdymy zabun söweşlerim, şanly ýeňişlerim arkaly gazanmaly. Men galalary ýykmasam, ýumurmasam, öýleri, obalary ýakmasam, ýandyrmasam, garşydaşlarymy gyrmasam, gahrymançylyk görkezip, patyşa gowy görnüp bilmeýärin. Onsoňam patyşa hökümeti onlarça ýylyň dowamynda bulara hatlar, wekiller iberdi, agzybirlige, geleşiklere çagyrdy. Emma gulak asmadylar. Orsyýediň ýalbar-ýakardan, hat-petekden gaýry zada güýji ýetmez öýtdüler. Bular entegem ors ýaragynyň güýjüni doly görenoklar. Geçen gezekki uruşdanam dişlerinde et galdy. Top oklaryna dagy özlerine Allanyň eçilen ýagmyry däldir öýdenoklar. Dogry, türkmenler edermen, batyr halk. Oňa söz ýok, ýöne, güýç görmeseler, töwella tagsyra, abaýdyr-syýasata gulak asanoklar. Bular diňe gutarnykly derbi-dagyn edilenlerinden soň ýeňilendiklerini boýun alarlar. Dünýä taryhynda edermen halk adyny alan arly-namysly türkmenler mundan buýana ýer ýüzünde bolmaz. Meniň bu ýerdäki taryhy missiýam ine, şulardan ybaratdyr. Şeýtmeseň welin, kawkazlylaryň salan güni bu ýerde-de biziň başymyza geler. Ine, onsoň tükeniksiz ýyllara çekjek partizançylyk urşuna-da garaşyber. Iň gowusy ýylany öldür, kellesinem mynjyrat, diňe şondan soň arkaýyn agalyk sürersiň... Siz bolsaňyz... – General elini silkip goýberdi. – Siz bolsaňyz... – Birdenkä onuň sesi peseldi. Ýadawlyk basdy. Aýdan sözlerinden özem gorkan ýaly, tisgine-tisgine dem aldy-da, kiçijik, tegelek stoluň başynda duran arkasy ýaýjykly agaç stula geçdi. – Gel, gowusy bu gürrüňleri goýaly-da, arşa aralaşaly, doktor. Ähli aladalary unudaly. Ertir aýgytlaýjy gün. Meniň kalbymy bolsa häzir elhenç bir ümsümlik gurşap aldy. Nähilidir bir boşluk aralaşdy. Siz bir gaýrat edip ýagşy gürrüňler tapyň-da, meniň göwnümi göteriň, doktor!.. Doktor Geýfelder jübüsinden zynjyrly, tegelek sagat çykardy. Gapagyny açyp gözüne golaýlatdy. ─ Wagt ýarym gijedenem geçipdir, Mihail Dmitrýewiç. Gowusy dynç alalyň. Adama şondan gowy rahatlyk beriji, köşeşdiriji zat bolup bilmez. ─ O-da bolman durmaz. Doktor ýerinden turdy. ─ Gijäňiz rahat bolsun. ─ Siziňkem şeýle bolsun. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar günem gala hemişekileri ýaly ir oýandy. Her kim bir alada bilen öýünden çykyp gitdi. Uzak gije garawulçylyk çekenler deregine gelenler bilen ýerini çalyşdy. Diwarlaryň üstünde, galanyň içinde gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. Entek howa doly ýagtylyp hem ýetişmänkä, galany goraýjylaryň ünsüni diwaryň partladyljak ýerinden sowmak üçin, Skobelew, polkownik Gaýdarowa öz bölümi bilen, galanyň günbatar ganatyna hüjüm etmekligi buýurdy. Onuň hasaby dogry çykdy. Hüjüm başlanan badyna, goraýjylaryň köpüsi şol tarapa yňdy. Han-beglerem şol ýere ýetmäge howlukdylar. Gijeki çozuşlaryň birinde orslardan olja alan berdankasyny egninden asyp, Tilkiçi şahyram il deňinde hüjüm edilýän diwara tarap ugrady. Ugramazyndan öň, iç işikde gulaklaryny atyşygyň gelýän tarapyna gerip, gözlerini gap böwürde iňläp ýatan on iki ýaşyndaky ýaraly ogly Geldimyrada dikip durşuna: ─ Ogulaý, nesip bolsa şu gün bir täzeje çörek bişirsene. Geldimyrat janyňam dişine köpden bäri gyzgyn çörek degen däldir. Bäşim daýymyň çagalaryna-da dadyr. Olarda-ha ne ata, ne ene hiç kim galmady. – diýip aýalyna ýüzlendi. ─ Özüňem öýden çykma. Geldimyrat jana göz-gulak bol. Daňysyny täzele. Çörek bişirmäne ýetişmeseňem içi ýylar ýaly bu günlükçe bir okarajyk bulamak bişiräý. Çöregi ertir bişirseňem bor... Ärini ugratmak üçinmi ýa eýýäm onuň sargydyny berjaý etmek üçinmi, Ogulaý derhal ýerinden turdy. ─ Alla ajala sabyr berse ikisinem ederin, Orazmämmet. Sen arkaýyn gidiber. Ilden gijä galma. Geldimyrat üç gün mundan öň, galanyň içinde ok çörläp ýörkä, golaýynda top oky ýaryldy-da, aýagyndan ýaralandy. Esli wagtlabam idegsiz ýatdy. Iň ýamanam gan köp gitdi. Iki ýana urnup ýatyşyna, oglan aşagyndaky gumy gan bilen garyp alan hamyra dönderdi. Ahyram bir garryja aýal onuň üstünden geldi. ─ Heý-weý, jany bar ýaly-la, bu çagaň – diýip, gapdalyna çökdi. Kellejigini ýerden göterdi. Gynanç gatyşykly ysgynsyz ses bilen: – Kim sen... – diýdi. – Kimiň ogly? Adyň näme? Oglan esli wagtdan soň, zordan jogap berdi. ─ Men Geldimyrat. Orazmämmediň ogly. ─ Orazmämmediň? Haýsy Orazmämmediň? Orazmämmet hanyňkymy? ─ Ýok, Orazmämmet hojanyň... ─ Wiý, Tilkiçi şahyryňmy? Wah, wah, sen-ä meň öz ýegenjigim ekeniň. Tanamaýşymy diýsene... – Kempir Geldimyrada goltgy berip ýerinden turuzjak boldy. Emma, mydary ýetmedi. – Azajyk garaş, guzym, men häziriň özünde öýňüze baryp kakaňa ýa ejeňe aýdaýyn. Çaga ähli yzalaryny unudyp, uly adam ýaly gepledi. ─ Öýde adam ýokdur, daýza. Kakam-a diwaryň üstündedir, ejemem ýaralylary daşaýandyr. Şol wagtam bir ýaralyny söýgetleşip barýan üç sany aýal peýda boldy. Olaryň biri Ogulaý bolup çykdy. Ol kempir bilen baş atyp salamlaşdy. Birdenem onuň goltuklap oturan ýaralysyna gözi düşdi-de: ─ Waý, balam! – diýip, bäri gaýtdy. Gelşi ýalam özüni çagasynyň üstüne zyňdy. Kempiriň elinden aldy. Bagryna basdy. – Waý, ganymlar! Waý, ýer ýuwutmyşlar! Meniň çagajygymy nädäýipdirler... Çaga şol aralykda-da ejesini köşeşdirjek boldy. ─ Gorkma eje, meň ýaram agyr däl. Men basym gutularyn. Ýene-de ok çöpläp başlaryn. Ogulaý bilen Tilkiçi oňa çenlem urşuň şarpygyny az datmandylar. Ilk-ä uluja gyzlaryny aldyrdylar. Ol birnäçe gijeki çozuşlaryň birinjisinde, yzky hatarlarda, ýaralylara kömek edip ýörkä, soldatlaryň öňdäki hatarlardan atan oklarynyň birine uçrap heläk boldy. Ýap-ýaňyja diri çykan derwezesinden öli halda girdi. Soň uluja ogullary Gutlymyradam gitdi. Ol galanyň içinde oňa-muňa kömek edip ýörkä, snarýadyň okundan ýogaldy. Ol neresse özüniň entek ýaşdygyna garamazdan, ok çöplemek, çoýun böleklerini ýygnamak ýaly ownuk-uşak işler bilen meşgullanmaklygy özüne namys bilýärdi, şonuň üçinem, ýaraly daşamak, olara em etmek, mergenlere çörek, suw daşamak ýaly işlere baş goşýardy. «Sen entek ýaş, bu zatlary görseň ýüregiň süýşer» diýselerem: «Bolmanda näme görmän ýörüsmi o zatlary» diýip, köpi gören, tejribeli adamlar ýaly jogap berýärdi. Şol gezegem ol topbak tutup, özara gürleşip duran gojalaryň üstüne snarýad düşüp, barysynyň külüni asmana sowrulanyny, hersiniň, her tikesiniň «pat-pat» edip bir ýere düşenini gözi bilen gördi. Biriniň-ä elindäki hasasy ýokary göterildi-de, şol ýerde esli mahal «hyz-hyz» edip pyrlandy durdy, soňam aşaklap gaýtdy-da, ep-esli aralykdaky gara öýüň gapdalynda başyny dik ýokary tutup, bagyryp duran gara erkegiň böwrüne «patlap» degdi. Başga biriniň bolsa uzyn ak sakgally çal kellesi togalanyp gitdi-de, baryp, beýleräkdäki tümüň garalyp duran agzyna gapgaryldy, tigirlenip içine girdi. Erbet gorkan bolsalar gerek, daşarynyň öli kelleden has hatarlydygyna garamazdan, göz-açyp ýumasy salymyň içinde «waýda-waý» bolşup, tümden birtopar gyz-gelin çykdy. Indi nirä gaçsakkak diýýän ýaly daş-töweregine keýerjekleşip durkalaram, «güwläp» gelen top oky olaram ýer bilen egsan etdi. Şolardan diňe, çykyşy ýaly yzyna kürsäp uran ýaş gelin aman galdy. Tüme girip barýarka, onuň ýaşyl kürtesi edil baýdak deý pasyrdady. Kime näme kömek etmelidigini takyk bilmese-de, Gutlymyradam ulularyň edişi ýaly: «Ýa, Alla!..» diýip, şol tarapa ylgady. Aralykda şyr ak takyr bardy, ana, şonuň ortarasyna barandanam, ed-dil öň ýanynda ýarylan top okunyň ýelginine çiň-arkan gaýtdy. Çaga birbada ýerinden turup ylgaýjak ýalam etdi, ýöne, ýaryk garnyndan «hölp» edip dökülen iç goşunyň agramyna ilk-ä iki dyzynam ýere urdy, soňam ellerini öňe uzadyp ýüzün ýykyldy. Janhowluna birki gezek agdaryldy. Her gezek agdarylanda-da, guma garylan içegeleri daşyna çolaşdy gitdi oturdy. Ony şol ýatan ýerinden ertesi tapdylar, çünki, ol ýere soňam yzly-yzyna birnäçe snarýad üşdi-de, jesetleriň köpüsini guma gardy, käbirlerini bolsa tutuşlygyna gömdi. Gutlymyradyňam birýan ýüzünden gaýry ähli ýeri gömülen ekeni. Ony öň özi bilen bile ululara kömekleşip ýören ekabyrrak oglanlaryň biri tanady. Derrewem Tilkiçi şahyra habar berdi. Egerde, Geldimyratjygam şu ýarasyndan ýa başga bir emgek sebäpli gidäýse, onda, Tilkiçi şahyr dünýeden nyşansyz ötäýmeli. Ýöne, onuň iň soňkuja balasam ajala aldyraýasy gelenok. Şonuň üçinem, ony ýaraly bolan gününden bäri goraglap ýör. Kä öýde saklaýar, kä öýden çykaryp tüme salýar, soň onda-da ynjalybilmän daşary çykarýar, ýene-de öýe salýar, garaz, bir ýerde karar tapanok. Häli-şindi aýalyna ony gözden salmazlygy sargaýar. «Bolmasa bulamak bişiräý», diýse-de, äriniňem, oglunyňam asyl özüniňem täzeje çörege göwünlidiklerini bilip duran mährem zenan adamsy öýden çykyşy ýaly kendirige ýapyşdy. Ony öýüň ortarasyna ýazdy. Hasyr-husur hamyr ýugurdy. Soň Geldimyrada bir okarajyk bulamak bişirip berdi. Çaga hezil etdi. Derledi. Birhili, dünýesi giňän ýaly boldy. Esli mahal ejesi bilen gürleşip oturdy. ─ Eje, sen adamlara kömekleşmäge giderin diýseň gidiber, meň ýagdaýym gowy – diýdi. ─ Ýok, oglum, men entek çöregem bişirmeli. Ind-ä alanam bolsa ahmal. – Ogulaý ýerinden turdy-da, hamyrly kerseniniň ýanyna bardy. Üstüni açdy. Aýasy bilen kakyp gördi. – Buw-w... Asyl tas kersenden çykaýan eken-ä bi... Ogulaý öýünden on ýigrimi ädim aralykdaky tekiz meýdanda gurlan tamdyra ot goýbermäge gitdi. Geldimyrat gapa golaý gelip galanyň içindäki ibirtde-zibirtlige syn etmäge başlady. ...Ho-onha, Gulbatyr serdar bäş-alty sany nökeri bilen aýaklary zynjyrly pars ýesirlerini bir ýana sürüp barýar. Ýesirler galanyň hüjüm edilýän diwaryna tarap howsalaly seredişýärler, özara pyşyrdaşýarlar. Agtyklary bolsa gerek, bir ýaşuly her eli bilen biriniň golundan tutup, iki sany ýedi-sekiz ýaşlaryndaky uzyn donly, başlary ak üaglyk bilen daňylan gyzjagazlary nirädir bir ýana howlukmaçlyk bilen, idirdedip barýar. Onuň yz ýany bilen bäş-alty sany oral aýalam daýaw çal eşege goşulan, üsti goş-golamlardan, gap-gaçlardan doly ullakan iki tigirli Hywa arabasyny şol tarapa «şakyrdadyp» geçdiler. Ýene bir araba geçdi, onuň üstünde goş-golamdan başga terslin-oňlyn ýatan üç-dört sany ýaralam bar. Olaryň biri zol-zol başyny galdyrýar-da, galanyň içine göz aýlaýar. Ellerini salgap, kimedir birine, bir zatlar diýip, gygyrýar. Gulbatyr serdaryň nökerlerinden biri at darydyp geldi-de, eglip, şol ýaralynyň ýüzüne seretdi. Bir zatlar diýdi. Ýaralynyň özüne uzadan elini mähirli gysybam, yzyna dolandy. Ine-de birtopar gyz-gelin, ýetginjek ýaralylary söýgetleşip alyp gidip barýarlar. Olara gözi düşenden, Geldimyradyňam ylgap baryp şolara goşulaýasy, kömekleşesi geldi. Şol niýet bilenem, gobsunyp, ýerinden turjak boldy, ýöne, galybilmedi. Honha-da onuň ejesi tamdyra ot goýberip dur. Tamdyrdan çykýan goýy, gara tüsse asman sary uzap barýar. Tüssäniň düýbi gyzyl ot. Ýalyn. Soňabaka tüsse bütinleý sabady-da, tamdyryň agzyndan «gübür-gübür» edip diňe sary ýalyn dillerini ýalmandyrdy durdy. Eli işde bolsa-da, Ogulaý daş-töweregindäki alas-gopaslykdan gözüni aýryp bilenok. Ony esasanam hüjümiň gidip duran ýerinden göterilýän goh-galmagal haýykdyrýar. Käte-de yzyna gaňrylyp, içinde ýarawsyz ýeke dikrary ýatan öýüne tiňkesini dikýär. Şu ýagdaýda-da özüniň şeýdip durşuna öten-geçenlerden müýnürgejek bolýar. Birdenem, onuň bäş-üç ädim öň ýanynda elhenç bir «gümpüldi» peýda boldy. Tozan asmana göterildi. Bir salym Geldimyrada ne tamdyr, ne ejesi, hiç zat görünmedi. Ol «zöwwe» ýerinden galanynam bilmän galdy. Ýöne, başy aýlanyp derrew aşak çökdi. Oňa çenlem duman sowuldy. Görse, tamdyryň ýarysy ýok. Ejesiniňem başaşaklygyna ýarpy göwresi onuň içine süsdürilipdir. Ol aýaklaryny däbşenekledýär. Çykjak bolup urunýar, ýöne Geldimyradyň göwnüne bolmasa urundugy saýy aşak gidýän ýaly bolup dur. Geldimyrada indi öýde durarlyk galmady. Ol emedekläp gapynyň agzyna bardy. Yraň-daraň ýerinden turdy. Bosagadan daşaryk ätledi. Tamdyra çenli bolan aralygy ýykyla-sür'e zordan geçdi. Barşy ýalam ejesiniň alaburugsy bolup duran göwresine ýapyşdy. Bilinden tutup çekdi. Bolmady. Üstesine indi ejesiniň hereketem haýallady. Aşakdan köwsarlap ugran ýalyn indi onuň bütin göwresini gallap aldy. Yzyna dyzamasy galdy. Şol wagt tamdyryň abat galan bölegem ýykyldy-da, Ogulaýyň göwresi öz –özünden ýokary galdy. Dim-dik boldy. Ol kä ýeri durşuna ýalyn, kä ýeri gara köýük, ýene bir ýeri gyzyl jižžik bolup duran gollaryny dik ýokary göterip bärisine öwrüldem welin, Geldimyrat uly ili bilen «wägirip», özüni arkan zyňdy. Çünki, Ogulaýyň ýüzünde ýüze derek kä ýerinde ýiti közüň gyzgylt uçgunjyklary köräp duran ullakan, gara tegelek kebap «jyzyrdap» durdy. Şol kebabyň eteginde bolsa eýämhaçan golamtanyň howruna sap-sary bolan üsti dodaksyz iki hatar diş syrtarylyp dur. Geldimyrada şol wagt hut kakasynyň özi gelip: «Gorkma oglum, bu seniň ejeň“, diýse-de, kes-kelläm ynanmajakdygy çyn. Üstesine-de tanap etdimi ýa entek çykmajak janyň enelik duýgusy öz hökmüni ýöretdimi, gyzyl ot bolup duran göwre şol dem otly kesindi ýaly barha alowlap barýan ganatlaryny gerip Geldimyradyň üstüne howala boldy. Berdimyrat öňküsindenem beter çirkin gygyryp ümdüzine gaçdy. Ýöne, ýanýan göwräniňem ony aňsat sypdyraýasy gelmedi. Şeýle-de bolsa uzak gidip bilmedi. Tapdan düşüp ýykyldy. Esli wagtlap çabalandy, togalandy. Soňam hereketden galdy-da, edil üstüne ýag guýlan gury agaç ýaly «gübürdäp» ýanmaga başlady. Gedimyrat bolsa henizem ulyili bilen gygyryp, onuň daşyndan aýlanyp ýör. Öz ejesidigini bilse-de, oňa batyrynyp bilenok. Batyrynaýanda-da edibiljek zady ýok. Ahyry onuň özem laky-tak durdy. Oturdy. Göwresine erk edibilmänem ýüregini tutup bir gapdala ýykyldy. Şondan soň ondanam hiç hili gymyldy, hereket bolmady. Töwerek-daşdan ylgaşyp gelenleriň çakyna görä ejesiniň düşen halyny görüp Geldimyradyň ýüregi ýarylan bolmaly. Sowandan soň Ogulaýyň jesedini öňden üýşürilgi duran aýal jesetleriniň arasyna eltdiler. Geldimyradyňkyny eltip erkek adamlaryň jesetleriniň arasynda goýdular. Tilkiçi şahyryň indi bu dünýäde ýekeje-de söýeri galmady. Galanyň günbatar ganatyna hile hökmünde edilýän hüjümi gaýtarmak üçin duşman bilen jan dalaşyna giren goraýjylaram, asla, galanyň içindäkileriň hemmesinem günorta tarapdan çykan elhenç zenzele aňka-taňka etdi. Ol aýgytly hüjüme geçen duşmanyň kanonadasynyň sesidi. Sussuňy basyp, özüňi ýere sokup barýan hopukdyryjy gopgun çar tarapa elewreşip ýören aýallary, çagalary öňküdenem beter howsala saldy. Olar bu edrenç gopgunyň nämedigini, nireden gelýändigini, özlerini nirä urjakdyklaryny, haýsy tarapa gaçjakdyklaryny bilmän aljyradylar. Sagat on birden geçiberende bolsa, galanyň günorta çünkünden öňküdenem has aýylganç, elhenç bir «gümmürdi» eşidildi. Şonuň bilen birlikde-de, köp-köp yhlas we köp-köp umytlar bilen bina edilen galanyň galyň diwarynyň otuz ädimine golaý ýeri aňyňa sygmajak halda asmana göterildi. Galanyň üstünde duran goraýjylaram diwar bilen bilelikde kül bolup asmana sowruldylar. Kanonadanyň sesinden imany göçen halk bu ahwalaty seljerjegem bolmady. Seljermäne mümkinçiligem bolmady. Beýniler doňdy. Urgy şeýle bir güýçli boldy welin, olar hatda özleriniň düýşdediklerini ýa huşdadyklarynam bilip bilmediler. Ruhy sarsgyna sezewar bolan halkyň birbada hiç zada aňy ysmady. Ýöne, ýigitler özlerini basym dürsediler we duran-duran ýerlerinden galanyň ýumrulan bölegine tarap topuldylar. Günbatar diwardaky irki hüjümi gaýtaryp ýören urşujylaram şol tarapa eňdiler. Elhenç tutluşyk başlandy. Hä diýmänem tekeler galanyň ýarylan gädigini eýelediler we dykylyp gelen Şirwan polkunyň 10-njy rotasy bilen garjaşma söweşine girdiler. Siwinsonyň hüjüm edýän kolonnasyny hem güýçli ok atmak bilen serpikdirdiler. Tekeleriň gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezýändiklerini görüp, soldatlar ýaýdanyşdylar. Yza çekiljek boldular. Muny duýan Skobelew Şirwan polkuna degişli 3-nji batolýany hem şol ýere sürdi. Olaram güýçli garşylyga sezewar bolanlaryndan soň, elli sany pyýada ural kazaklary hüjüm edýän soldatlary ot açmak arkaly penalap, öňe süýşdiler. Popuçik Lemkulowyň ýolbaşçylygyndaky Şirwan polkuna degişli 9-njy rota we podporuçik Weropanowyň awçylar komandasy goragçylar tarapyndan hasam güýçli garşylyga sezewar boldular. Şeýle-de bolsa, ýarag taýdan doly üpjün bolmadyk türkmen ýigitleri assa – ýuwaş yza çekilmeli boldular. Diwaryň partladylan ýeriniň dardygy sebäpli, soldatlar merdiwanlar arkaly diwara dyrmaşdylar we şol ýerden hem oka tutmak, hem raketalardan peýdalanmak arkaly, galanyň ortasyndaky goraýjylara kömege gelýän türkmen ýigitlerini paýhynlamaga başladylar. Bu garma-gürmelikden peýdalanyp, Skobelew iki kolonnany ýumrulan diwaryň garşysyndaky diwara tarap iberdi. Bu kolonna şol diwardan aşyp geçip, garşylyk görkezýän toparlaryň arkasyndan gelmelidiler. Olar hut şeýle hem etdiler. Diwardan aşyp gelýän soldatlaryň sanlarynyň artmagy bilen türkmen urşujylary hakykatdanam gabawa düşdüler we ýumrulan diwary taşlap, galanyň ortasyndaky meýdança tarap çekilmeli boldular. Şondan soň diwaryň üstündäki soldatlaram ýere düşdüler we ajalyň gözüne göni seredip, gazaply söweşler bilen yza çekilýän türkmen ýigitlerini ýakyn aralykdan oka tutup başladylar. Şol pursatda ýigitleriň çykýän ýitgilerini söz bilen beýan eder ýaly däl. Galanyň ýumrulan ýeri, diwarlarynyň düýpleri, ortadaky takyr meýdança, eýýäm biri-birlerine kaklyşyp, terslin-oňlyn ýatan jansyz we sansyz jesetlerden doly. Soldatlar birbada galanyň oçindäki hatar-hatar edilip, iňňän çür dikilen gara öýleren geçmek kyn bolar, şol ýerde garşylyk has-da zabun bolar öýdüpdiler. Egerde ýagdaý hakykatdan-da şeýle bolaýsa, onda Skobelewiň öňünden belleýşi ýaly, böwsülen diwary ulanmalydylar we tekeleriň hüjümlerini şol ýerden yza serpikdirmelidiler hem-de, kem-kemden hüjüme geçip, galanyň içine aralaşmalydylar. Emma bu beýle bolmady. Ilki kanonadanyň ýürek ýaryjy eýmenç sesinden, soň partlaýyşyň heýýalessalasyndan zähreleri ýarylan aýal-gyzlardan, garry gurtulardan, çagalardan ybarat halkyň köpüsi hamala şol ýere barsalar halas bolaýjak ýaly gyssanmaçlyk bilen Diňlidepä tarap bosmana başladylar, ýigitlerem agyr ýitgili söweşler arkaly olary goraglap şol tarapa süýşmeli boldular. Galanyň günbatar tarapyny has berkitmek maksady bilen, Skobelew ştabs-kapitan Foka öz kolonnasy bilen şol ýere gitmekligi buýurdy. Ýöne, Fok ol ýerdäki gara öýlerde ýygnanan çagalar, aýallar, garrylar üçin aldym-berdimli söweşýän ýigitler tarapyndan iňňän uly garşylyga duçar boldy. Ýigitler gözleri ýok ýaly özlerini göni okuň öňüne tutýardylar, ot açyp duran soldatlaryň üstüne elleri egri gylyçly topulýardylar. Ýagdaýyň öz haýryna däldigini duýan ştabs-kapitan kömek sorap Skobelewe çapar ýollady. General onuň yzyndan ýüz sany pyýada kazagy bilen, podpolkownik Gulýaýewi ugratdy. Netijede, garşylyk gowşady. Köp adamyň eýýäm çaga-çugalary bilen galadan çykyp ugrandyklaryny görüp,türkmen ýigitlerem garry-gurtulary, naçarlary, çagalary goraglap, uly iliň bosýan tarapyna çekilip başladylar. Şondan soň Skobelew iň soňky aýgytly hüjüme geçmek barada buýruk berdi. Şol maksat bilenem, maýor Stiwenson iki rota bilen, Diňlidepä tarap göni ugur boýunça iberildi. Aýgytly hüjüme ätiýaçdan üç sany top hem goşuldy. Hüjüm patyşalyk regulýar goşunyň düzgünine laýyklykda, uly tertip bilen, söweş sazyny çalmak, deprek kakmak, aýdym aýtmak we baýdak göterip gitmek ýaly harby çäreler arkaly hasam şowhunlandyryldy. Skobelewiň ähli güýjüni Diňlidepä tarap gönükdirendigini görüp, beýleki diwarlarda urşup ýören ýigitlerem şol ýere kömege geldiler. Bu wagt galanyň içinde urşup ýörenler, ýa-ha partlama pursatyndan bäri başlaryny galdyrman, gelýän gaýduwsyzlardy, ýa-da akyl-huşuny gahar-gazaba bütinleý aldyran garadan gaýtmazlardy. Ine, şolaryňam çaga-kowa, kem-kemden gelip ýeňselerini Diňlidepä diremekleri bilen galanyň, has dogrusy tutuş Ahalyň, belki-de külli türkmen iliniň ykbaly çözüldi. Çünki, ol ýerde şu çaka çenli tutuş söweşe ýolbaşçylyk edip gelen serdarlar, han-begler, işan-mollalar durdy. Yslamyň ýaşyl baýdagam şol ýerdedi. Iň soňky daýanç nokady şoldy. Ekabyrlaryň başly-barat depeden düşmekleri, baýdagyň bir özüniň çolaryp galmagy, has geň ýerem onuň indi parlamazlygy pasyrdamazlygy galanyň goraýjylaryna «gaç teke» oýnunyň başlanandygyna duýduryş bolup hyzmat etdi. Munuň gutarnykly ýeňlişdigi, baknalygyň ilkinji pursatlarynyň başlanandygy indi hemmeler üçin äşgär boldy. Şeýlelikde, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni, sagat birlerde, Diňlidepäniň üstündäki ýaşyl tug ýatyryldy. Onuň ornuna Şirwan polkuna degişli 3-nji batalýonyň baýdagy dikildi. Şol wagt galanyň demirgazyk diwarynda bu zatlardan bihabar, entegem gazaply, «garjaşma» söweşini dowam etdirip ýörenler bardy. Olar az, şeýle-de bolsa her biri on soldatyň garşysyna söweşýär. Ýagdaý iňňän dartgynly. Daşyndan seredeniňde olar akyllaryndan azaşana meňzeýärler. Birdenem olardan biriniň gözi Diňlidepäniň üstündäki ýat baýdaga düşdi. Ol ýagdaýa düşündi we ─ Ýigitle-er! Biz ýeňildik! Ýöne, gaçmaň! Uruň! Öldüriň! Soň ölülerini sananlarynda biri köp çyksa bir peýda! – diýip, ulyili bilen gygyrdy. – Biziň indi bar edibiljek zadymyz şu! Ol ýerdäki uruş şondan soň hasam güýjerledi. Soldatlar şol ýerde örän köp ýitgi çekdiler. Ýöne, olaryňam indi, uruş gutarandan soň öläýesleri gelmeýärdi we aralarynda gaçgalaklaýanlaram tapylýardy. Ahyram olaryň biri ýoldaşlaryndan saýlandy-da: ─ Doganjyklar! Tekeler bilen garjaşmaň! Aralaşmaň! Olarda tüpeň ýok, hemmäňiz yza çekiliň, soň daşda durup barysyny tüpeňläliň – diýip, gygyrdy. Şo-da ýigitleriň tepbedini okady. Ýöne, birem namartlamady. Tä, ýykylyp galýançalar gylyçlaryny gollaryndan gaçyrmadylar. Gaýtam şol ýagdaýda-da, elindäki gylyçlaryny dalawladyp zyňmak bilen duşmanyň käbirlerini ýaraladylar, öldürenleri hem boldy. Diwar partlan mahaly, Dykma serdar, Gulbatyr serdar, Orazmämmet han dagylar galanyň günbatar künjünde, daňdanky hüjümiň serpikdirilişine ýolbaşçylyk edip ýördüler. Kanonadanyň sesi, yz ýanyndanam, diwaryň partlamagy birbada olaryňam aňkalaryny aşyrdy. Nämäniň nämedigine göz ýetirenlerinden soň Dykma serdar: ─ Hä, käpir namartlady-ow – diýdi-de, Gulbatyr serdara az sanly ýigitleri bilen şol ýerde galmaklygy tabşyrdy, özi bolsa Orazmämmet hany we urşujylaryň agramly bölegini alyp, böwsülen diwara tarap at goýdy. Olar barýançalar diwaryň ýumrulan ýerini eýýäm soldatlar eýelän ekenler, ýigitler bolsa çykalgany nazarlap söweş bilen yza çekilip barýarlar. Ýöne, çekilmän söweşýänlerem az däl. Olar ýoldaşlarynam tesmezlige, tä iň soňky demlerine çenli söweşmeklige, iň bolmanda maşgalalarynyň galadan çykyp gitmegine maý bermeklige çagyrýarlar. Olar dogabitdi mertler we ölümlerini boýnlaryna alan merdanalar. Olaryň beýnilerinde içen antlary, eden şerleri dur. Şol şerte görä, olar ýa ölmeli ýa-da ýeňmeli. Üçünji bir ýol ýok. Orazmämmet han barşy ýaly atdan düşdi-de Dykma serdaryň «haýt-haýtyna-da» garaman, agyzlaryndan ak köpük saçyp, bokurdaklaryny «harladyşyp», içine gan öýen gözlerini petreýdişip, gylyçlaryny kä saga, kä sola salgap ýören şol ýigitlere tarap ylgady. Barşy ýalam gylyjyny hamala söýünji habary bar ýaly öňünden tüpeňini çoçjaýdyp çykan soldatyň çigninden saldy. Kibtine ýara düşen soldat tüpeňli goluny galgadyp ýanyn ýykyldy. Edil şol wagt başga bir soldat niredendir bir ýerden peýda bolan Sapar aganyň ýazzy maňlaýyndan çüýledi. Sapar aga bir zat diýjek bolýan ýaly Orazmämmet hanyň ýüzüne çiňerildi-de, onuň aýagynyň aşagyna «gürpüldäp» ýykyldy. Orazmämmet han ony eglip ýerden göterjek boldy. Sapar aganyň welin indi turarlygy ýok. Onýança Orazmämmet hanyň öz ýagyrnysam gyzyp gitdi. Arkasyndan ýyly suwuklygyň akyp ugranyndan ýaralanandygyny duýdy. Yzyna öwrüldi. Ikinji gezek atjak bolup duran soldata tarap gylyjyny ülňedi. Gylyç «şarkyldap» tüpeňiň demir niline degdi. Niliň agzyndan çykan gyzyl ot hanyň çat maňlaýyna çabrady. Oňa çenli tozanyň içinden ýüzüni çaňjardyp çykan başga bir soldatam ony yzly-yzyna iki gezek atdy. Orazmämmet han ýykylyp barýarka biriniň nirelerdendir bir ýerlerden gelýän: ─ Orazmämmet. Orazmämmet. Wah! – diýen sesini eşitdi. Han ol sesiň kimiňkidigini tanady. Ýöne, oňa tarap öwrülip ýetişmedi. Bäş ädim beýlede aýaklaryny giň açyp oňa tarap ellerini serip duran adam Hanmämmet atalykdy. Gaçyp barýan ýigitleri yzyna gaýtarjak bolup iki ýana hars urup ýören Dykma serdar ony dolap getirmek üçin Orazmämmet hanyň yzyndan iberipdi. Ýöne, Hanmämmet atalygyň özem ajalyny şol ýerde tapdy. Ony üç soldat üç ýerden hezil edip atdy. Endam-jany para-para bolan Atalyk entirekläp gelip Orazmämmet hanyň gapdalyna ýykyldy. Olar öz beren sözlerinde tapyldylar. Watan üçin mert durup ölmäni başardylar. Iň soňky deme çenli söweşmek barada Kurandan ant içenleriň köpüsi welin bu wagt eýýäm jeň meýdanyny taşlap, ýüzlerini galanyň çykalgalaryna bakan öwrüpdiler. Dykma serdar olary saklajak bolup soňam kän dyrjaşdy. Tä, derwezä barýançalar kä öňlerine geçip gollaryny gerdi, käte yzlaryndan ýetip guşaklaryndan dartdy, etekleriden aslyşdy, içen antlaryny, eden şertlerini ýatlatdy, käbirleriniň ýaňagyna şapbat çaldy, agyr sözler aýtdy, ýöne, jan süýji, ajal bolsa ýetip gelýär, giň ýerde bir sözi ýere gaçmadyk serdary ol wagt hiç kimiň diňläsem gelmedi. Asyl oňa barmysyňam diýmediler. Derwezäniň agzy bolsa gitdigiçe hümer bolup barýar. Çykmak kyn. Şol wagtam balalaryny beladan goramak üçin asmandan «şaglap» inen ene bürgüt ýaly bolup, Enehakyda peýda boldy. Ol özüni köpçüligiň içine urdy-da, dar geçelgede durup, gollaryny ýokary göterdi. ─ Duruň! Duruň, adamlar! Galany taşlamaň! Siz Kurany kerimden ant içdiňiz ahyry! Bir ýerden ýektaýynyň syýlaryny galgadyp gelen Kerimberdi işanam, bosup barýan aýal-gyzlaryň içinden tasap çykan Baýramgül tebibem gelip oňa goşuldylar, gaýra çekilmezligi, berk durup, duşmanyň güýjüni yza serpikdirmekligi goraýjylardan haýyş etdiler. Ýöne, yzlaryndan ýagdyrylýan oklardan ýaňa sekuntsaýyn saýyn seýrekläp gelýän urşujylar Dykma serdara gulak asmaýyşlary ýaly, olara-da gulak asmadylar. Üstesine çawup gelýän oklaryň biri Kerimberdi işanam iki bükdi. Ol içini tutup aşak oturdy. Dyzyna çökdi. Iki tarapyndan okkessirme geçýän elleri ýalaňaç gylyçly, tüpeňli ýigitlere, ýakynlap gelýän soldatlara, henizem ýigitleri saklajak bolup iki baka hars urup ýören Dykma serdara, bir ýerlerden at derledip ýetip gelen Magtymguly hana, gözünden ýaş döküp ýigitlere ýalbar-ýakar edip ýören Enehakyda, horja ellerini galgadyp soňky wagtlarda öňküdenem beter mürşeýen gasyn-gasyn ýüzüni haýbatly çytyp, içinden zordan çykýan sesi bilen: «Haý namartlar! Haý, bigaýratlar! Duruň! Öýüňizi taşlap nirä barýaňyz!», diýip, iki ýana ylgsşlap ýören Baýramgül tebibe seretdi. Olara tarap elini uzadyp bir zatlar diýjek boldy. Oňa ýadaýy ýetmänsoň, içinden gysgajyk doga okady, ýüzüni kybla tutubam usullyk bilen özüni ýere goýberdi. Az salym dyzyna çöküp oturdy. Soňam ýykyldy, sag egnine agyp jan teslim etdi. Ony ylgap gelýän üç-dört sany ýigit ýüzleriniň ugruna götergiläp alyp gitdiler. Magtymguly hanyň yzysüre ýetip gelen Gurbanmyrat işan atyny debsiläp Dykma serdaryň ýanyna bardy. At «haýkyryp» art aýaklarynyň üstüne galdy. Gurbanmyrat işan howlukmaç gepledi. ─ Öwezmyrat! Mün atyňy-da, çyk galadan! Gideliň! Biz utuldyk!.. ─ Ant-şert nähili bolar, işan aga? ─ Giň ýeriň gürrüňini etme Öwezmyrat! Bu wagt jan pyçaga geldi. Däbşenekläp duran atlaryň aýaklarynyň arasynda pyrlanyp ýören Enehakyda agzyna burnuna girýän tot-tozandan ýaňa üsgürinjiräp, ýörşüne Dykma serdardanam öň dillendi. ─ Kurany Kerimden içilen ant şemalyň ugruna aýdylyp goýberilen söz däldir, işan aga. Eden şertiňize görä siz ýa ýeňmeli ýa şu ýerde ölmeli. Galany taşlap gitmäge hakyňyz ýok. Gurbanmyrat işanyň sesi gamly çykdy. ─ Dogry aýdýaň gyzym. Emma uruş entek gutaranok, ýüreklerimizdäki umytlarymyz öçenok. Biz entek göreşeris. ─ Çynyňyzmy, işan aga? Siz göreşi dowam etdirermisiňiz?.. ─ Elbetde. Onsoňam halk häzir başly-barat bosup barýa. Oňa hossar gerek. Iň bolmanda guma siňýänçäler olary goramak gerek. Ýogsam bu naýynsaplar olaryň baryny gyryp gutararlar. Enehakyda eýýämhaçan atlanan Dykma serdaryň üzeňňisinden aslyşdy. ─ Sizem göreşi dowam etdirjekdigiňize söz berýäňizmi, serdar aga? ─ Kim dänse-de, Dykma serdar ähtinden dänmez, gyzym... Meniň elim hemişe duşmanyň bokurdagynda bolar. Gurbanmyrat işan atynyň başyny çykalga btarap öwürdi. ─ Öwezmyrat howluk!... Dykma serdar gidip barşyna Enehakyda garap şeý diýdi: ─ Biz häzir bosgunlary gorap guma çekileris. Soň olary Tejen töwereklerinde ýerleşdirip, özümiz Mara gideris. Maryny aýaga galdyrarys. Ýöne, senem indi bu ýerde durma. Duşmanyň eline düşme. Sebäbi sen biziň esasy baýlygymyz! ─ Soň ol at üstünde alakjap oturan Magtymguly hana ýüzlendi. – Ýör!.. Şondan soň Enehakyda az-kem köşeşdi. Oňa çenlem diwar ýumrulaly bäri çykalgany nazarlap, söweş bilen yza çekilip gelýän ýigitlerem derwezä golaýladylar. Ho-ol, aňyrrakdan bir bölek atla baş bolup, gelýän Gulbatyr serdaram göründi. Dykma serdar dagynyň yzyndan ýetmekçi bolan bolsa gerek, ol säginmän gapydan çykyp gitdi. Bukjasyny goltugyna gysyp duran Enehakyda hem: ─ Ýa, Alla, özüň medet ber – diýdi-de, yzanda-çuwan bolşup, çykalga tarap barýan gyz-gelinlere goşuldy. Häliden bäri gapdalynda mugruljyrap duran Baýramgül tebibem onuň yzyna düşdi. Eýýämhaçan bir ujy guma siňip ugran bosgunlaryň yzyndan galanyň daş ýüzi bilen kowup ýetip, kerçäp başlan soldatlar birdenkä bir zatdan tebil tapan ýaly kürtdürdiler-de yza serpildiler. Çünki, yzdan gelýän Dykma serdar şol wagt öz nökerleri bilen olaryň bir çetinden girip ugrapdy. Soldatlar ähli güýçlerini şolara gönükdirdiler. Ýöne, Gulbatyr serdaryňam öz atlylary bilen gelip goşulmagy netijesinde türkmenleriň sany artdy. Üstesine şol wagt öňdenem bir bölek atly peýda boldy. Bosgunlaryň arasyndan: ─ Guşly batyr! ─ Ruhy batyr! – diýen ýaly sesler eşidildi. Soldatlar indi iki oduň arasynda galdylar. Yzda Dykma serdar bilen Gulbatyr serdar, öňde bolsa Ruhy batyr. Olara indi öz gelen ýollary bilen, gaçybermekden başga alaç ýok. Ýöne, Guşly batyryňam olary aňsat sypdyraýasy gelmedi. Ýollaryny kesmek üçin gyýalady. Ýigitleriniň birinden Dykma serdara habar gönderdi: «Siz bosgunlary penalap guma çekilip, men bulary özüm saklaryn» ol hut şeýle hem etdi. Bosgunlaryň agramly bölegi gözden ýitýänçä soldatlar bilen gaça uruş edip ep-esli güýmedi. Gysaçdan sypandyklaryna gözleri ýeten soldatlaram soňabaka gaçmalaryny goýdular-da, yza dönüp söweşe girdiler. Üstesine galanyň daş ýüzi bilen, lagerden çykyp özlerine kömege gelýän kazaklara gözleri düşdi-de, hasam ekezlendiler. Şonuň üçin indi Guşly batyram mazaly arany açan bosgunlary nazarlap yza çekilmeli boldy. Galadan çykyşlary ýaly bosgunlara tarap at goýýan soldatlaryň welin sany-sajagy ýok. Soňra olar galanyň daş ýüzi bilen gelýän otrýadlara goşuldylar-da ullakan güýje öwrüldiler. Ýagdaý gitdigiçe agyrlaşdy. Galany doly eýelän goşun indi goşunbaşlygynyň: «Erkek adamlary ýesir amaly däl, barysyny gyrmaly» diýen, buýrugyny berjaý etmäge girişdi. Ýöne, kelleleri gyzan soldatlar ýeke bir erkekleri däl, eýsem gala dolanmakdan boýun towlaýan aýal-gyzlaram, çagalaram aýap goýmaýardylar. Şol gün galanyň içi ýanar dowzaha, onuň diwarynyň asmana sowrulan pursatyny kyýamata, partlamanyň öň ýany ýaňlanan kanonadanyň sesini Ysrapylyň suruna, gözüne gan öýen, aýry sakgal generaly Ezraýyla meňzeden adamlary müň kerem mamla hasap etse bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |