07:51 Jöwzaly gyş -9: Galanyñ synmagy / dowamy | |
Gala ýarylan wagty bagşy kör Kepele eli dutarly, gara öýleriň arasynda iki ýana elewräp ýördi. Ol öňküdenem beter bir apy-tupanyň gopanyny aňdy, ýöne, onuň nämediginden, nämeleriň bolup geçýändiginden habary ýok. Hemmeleriň haýsydyr bir tarapa gaçýandygyny aňýar. Ol käte ýüwrüp barýanlaryň biri bilen çaknyşsa, käte maslyga büdräp üykylýar. Şonda ol döwüläýmesin diýip, bir eli bilen dutaryny dik ýokary göterýär. Beýleki eli bilenem jesetleriň ýüzüni-gözüni sermeleýär. Tanajak bolýar. Öwran-öwranam:
Taryhy proza
─ Adamlar! Näme boldy? Aýdyň ahyry! Nä bela gopdy! – diýip, gygyrýar. Bolup ýörşüne dözmedimi ýa köne tanyşlarynyň birimi ahyram orta ýaşlaryndaky gytygrak gara sakgally uzyn boýly bir kişi tasap geldi-de, agzyny onuň gulagyna golaýlatdy. ─ Kyýamat gopdy bagşy. Ahyrzamana boldy. Bol senem, beýdip durma-da gaç, başyňy gutar!... ─ Adamlar näme edýärler? ─ Gaçýalar. ─ Haýsy tarapa gaçaýyn? ─ Demirgazyk derwezä tarap gaç. ─ Demirgazyk haýsy tarapda bolýa? Bagşynyň kördügini, salgynyň peýdsyzdygyny ýaňy bilen ýaly, uzyn kişi onuň golundan tutup idenekledip ugrady. Bagşynyň welin dili dek duranok. Bar, zady jikme-jik bilesi gelýär. ─ Kyýamat haýsy tarapdan gopdy, eý, ýagşy adam? ─ Günorta tarapdan. ─ Günorta haýsy tarapda bolýa? ─ Ýeňse tarapymyzda. ─ Biz onda dogry barýas-da? Bagşynyň soragyna jogap bolmady. Üstesine ony goltuklap gelýän elem zym-zyýat boldy. Bagşy durdy. Soragyny gaýtalady... ─E-eý, ýagşy adam, hany sen? Sen nirede? Sen näme üçin jogap bereňok – diýip gygyrdy. Emma hiç hili jogap bolmady. Çünki, oňa jogap bermeli adam, eýýäm onuň aýaklarynyň arasynda sessiz-üýnsiz guýlunyp ýatyrdy. Ol Kör Kepeläniň soňky sözüniň başyny eşiden hem bolsa soňuny eşitmedi. Onuň boýunoňurgasyndan zogdurylyp çykýan gany bolsa Kör Kepele görenok. Ýöne, ol indi bir zatdy magat bilýär: Gala synypdyr. «Ur-ra-a!.. sesleriniň has golaýlaşmagy bilen, Kör Kepele özüniň bu beladan gaçyp gutulyp bilmejekdigine göz ýetipdi. Gaçaýyn diýende-de, haýsy ugruň haýsy ugur-utga ýeke bir oňa däl, gözlä-de saýgardanok. Daş-töwerek tot-tozan, goh, galmagal, «haý-waý», çagalaryň , aýalaryň çyr-çykylygy, dady-perýady, ahy-nalasy, topdur-tüpeň sesleri, gylyçlaryň «jarkyldysy»... Şonuň üçinem, ol dagy alaç tapman, aşak çökdi-de, dutaryny gabyndan çykaryp, kyn hala düşen il-günüň, ýurduň agysyny aglamak üçin, Watan, gahrymançylyk hakynda özüniň iň soňky aýdymyny aýtmaga başlady. Ýöne, soňlap bilmedi. Ýagmyr deý ýagýan gülleleriň bir-ä gelip dutaryň gapagyny deşdi, «jarka» kädisini ýardy, ondan çykybam bagşynyň sag böwrüne çümdi, ýene birem «şarkyldadyp» dutaryň sapyny döwdi. Dazanaklap gelýän soldatyň birem gapdalynda säginägi-de, onsuzam o dünýäniň bosagasyndan ätlän bagşynyň dik depesinden çüýledi. Bagşy birbada dim-dik boldy, soňam ellerini serdi-de, «şalkyldap» arkan gaýtdy. ...Tilkiçi şahyr bolsa, gala partlan mahaly günbatar diwara edilýän hüjümi serpikdirip ýörenleriň arasyndady. Onuň ol ýere şol, irdenki çykyp gidişi. Yzynda gopan apy-tupandan, oglunyňam, aýalynyňam eýýäm bu dünýede ýoklugyndan entek ol habarsyz. Dykma serdaryň buýrugyndan soň beýlekiler bilen bir hatarda, weýran bolan diwara tarap eňdi. Barşy ýalam özüni duşmana garşylyk görkezip ýören ýigitleriň arasyna urdy. Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň wepat bolanyny gözi bilen gördi. Aljyrady. Daş-töweregine göz aýlady. Galanyň içindäki halkyň, şol sanda käbir urşujylaryňam bosup başlandyklaryny görüp: men nätsemkäm, diýen terzde az-kem böwrüni diňledi. Ahyram iliň yňýan tarapyna owsun atdy. Ýöne, gadam urmana ýetişmänkä depesinden inip gelýän gylyjy görüp, çalasynlyk bilen bir gyra sowuldy. Eli gylyçly soldat öz badyna entirekläp gitdi-de, baryp maňlaýyny ýykylan diwaryň ullakan bölegine urdy. Şol urgynyň zarbyna äm-säm bolup durka-da, Tilkiçi şahyr onuň ýeňsesinden bir ok berdi, başga bir soldat bilen gylyçlaşyp ýören daýaw ýigit gözüni garşydaşyndan aýyrman: ─ Şahyr! Çekil! Halk guma çekilýä, senem uruşdan çyk-da, şolara goşul! Çagalaryňy halas et!.. Biz bulary egläris... – diýdi. Ol ýigidiň duran ullakan gözleri gazanyň gapagynyň ýüzüne iki sany apbasy ýelmenen dek eýmenç peträp dur. Agzyny hatap ýaly açyp, dilini sallap, duşmana gylyç salanda dişleri akjaryp görünýär. Kellesi ýalaňaç. Der gatyşykly gumdan, gan-kokdan ýaňa ýüzi-gözi görnenok. Edil, bir barmak galyňlykda şepbik çalnan ýaly. Boýnunyň bir tarapyndan dynuwsyz akýan gandan ýaňa ak ezýaka köýünegi gyzyl kürtä dönüpdir. Onuň Dykma serdaryň ogly Akberdi handygyny Tilkiçi şahyr sesinden tanady. Ýöne, ol «git» diýse-de, ýigitleri o ýagdaýda goýup gitmäge şahyryň bogny ysmady. Gylyjyny syraga-da ýoldaşlaryna kömek bermek üçin Akberdi hanyň üstüne topulyşyp gelýän soldatlar öňüne özüni oklady. Oky gutaran tüpeňini bir gyra taşlady. Gylyjyny syrdy. Soldatlar welin gylyja girjegem bolmadylar. Aralyk bäş-üç ädime gelenden sakga saklandylar-da, ony oka tutdylar. Şeýle gür hem golaýdan atylandygyna garamazdan, gülleleriň diňe biri Tilkiçi şahyryň çignini ýalap geçdi. Ýöne, ol öz ýarasyna ünsem bermedi-de, bir eli bilen gursagyny tutup, beýleki eli bilenem ýykylmazlyk üçin gylyjynyň ujuny ýere diräp, duşman tarapdan gelýän güllelere döş gerip barýan Akberdi hana kömege ylgady. Ony goltuklap bir howpsuzrak ýere çekjek boldy. Ýöne, soldatlaryň tüpeňlerinden çykan oklaryň täze bir tapgyry Akberdi hany iki bükdi. Ol welin şonda-da, dyza çökmezlik üçin özüne zor salyp öňe omzady. Iň soňky deminde-de birini alyp, galmak üçin, goluny göterip gylyjyny soldatlara tarap zyňmaga synanyşdy. Ýöne, oňa kuwwaty ýetmedi. Gylyç goldan gaçdy. Tilkiçi şahyryňam gylyçly goly indi ikinji gezek gyzyp gitdi. Ol Akberdi hany golundan goýberip özem bir gyra gyşardy. Şol wagt türkmen ýigitleriniň bir topary garasar sürüsi dek bir ýerden «güsürdeşip» geldiler-de, Akberdi hanyň daşyna halkalaýyn aýlandylar. Goradylar. Iki sanysy bolsa, goltugyndan girip alyp ugrady. Topar-topar bolup, gädikden girip gelýän soldatlaryň welin yzy üzülenok. Şonuň üçinem ýalaňaç gylyçdan başga ýaragy bolmadyk sanlyja ýigitleriň gahrymançylyklary uzaga çekmedi. Hemmesi öz borçlaryny ýerine ýetirip, mertlerçe wepat boldular, janlaryny bermän duşmana öz orunlaryny bermediler. Akberdi hany götergiläp barýan ýigitlerem uzaga gidip bilmediler. Diwaryň üstünden «wazyrdaşyp» gelýän raketalar olaryň barysyny, Akberdi han bilen birlikde guma garyp goýberdi. Tilkiçi şahyryň iň soňky gören zady şol boldy. Iki gapdalyndan söm-saýak bolşup, eýläkmi, beýläkmi adamlaryň bir ýerlere söltüldeşip barýandyklaryny, aňýar, ýöne, olaryň kimlerdigini, nirä barýandyklaryny, näme üçin barýandyklaryny näme üçin beýle howlugýandyklaryny welin bilenok. Birdenem aňy durlanan ýaly boldy-da, mundan ýyl ýaryma golaý öň gören düýşi ýadyna düşdi. Şonuň bilen birlikde daş-töwereginde bolup duran gaýda-gaýmalaşygyň nämedigem ýadyna düşdi. Aň alasarmygam bolsa işläp başlady. Diýmek, bu Ahal ilaty. Olar bosup barýarlar. Ýap-ýaňyja onuň galasy syndy. Ol indi... Birdenem, şol düýş onuň aňynda janlanyp ugrady. Ahal... Kesearkaç... Duşman... Hanlar... Halk... Terezi... Göreş. Diýmek, onuň şol düýşi oraşan bolupdir. Onuň şol wagt ötüp barýanlary saklap: «Adamlar! Men şu boljak ahwalaty öňünden bildim. Aňdym. Sebäbi, düýşüni gördüm. Ýöne, size aýtmadym. Ruhyňyz çökmesin, ýeňşe bolan umydyňyz peselmesin diýdim. Aýt, diýseňiz ine, indi aýdaýyn. Men ony goşga-da saldym. Ýa bolmasa şony okap beräýeýein...» diýesi geldi. Hatda şol niýet bilen geçip barýanyň kimdir birini egninden tutup saklan ýalam boldy. Ýöne, ol beýle däl. Ol hyýal. Isleg. Arzuw. Birdenem, düýşem, oglam, aýalam, ýer-ýurdam gözleriniň öňünden zym-zyýat boldy, galanyň ýykylan diwary bolsa magallaklap öz üstüne gaýtdy. Ýeriň, asmanyň aýlanmasy galdy. Daş-töweregi elhenç tümlik, ümsümlik gaplap aldy. Soň şol tümlügiň aňrybaşynda bir ýerlerde edil Ogulaýyň ýüzüniň ululygyndaky ýaly tegelek yşjagaz peýda boldy. Golaýlaşdygysaýam ulaldy. Hä diýmänem şahyr şol deşigiň bärisinden suwulyp girdi-de, aňry tarapyndan zymdyrylyp çykdy. Dünýe – älemi ýiti, gözüňi gamaşdyryjy şähle gaplap aldy. Ol welin henizem okdurylyp barýar. Ýöne, nirä barýar, näme üçin barýar, ony ol bilenok. Asyl oňa indi o zatlary bilmegiň geregem ýok. Ol indi bar zatdan dynç. Arkaýyn. Erkin. Baky dünýäniň wekili. Ol ýerde uruşam ýok, gowga-da. Dawa-da ýok, jenjelem. Deňlik. Geňlik. Taňlyk. Alty asmandan sag-aman geçip, ýedinji asmana barybilse, Biribaryň pähmetine dahyl bolar. Baky ruhy eşik geýer. Perişdä öwrüler. Bolmasa-da, ýene şu ýere, şu jepaly ýere gaýdyp geler. Soldatlar galany tekelerden doly arassaladylar. Gaçyp ýetişmedikleriniň ýekejesinem diri goýmadylar. Erkek göbeklilerden diňe pars ýesirleri diri galdyryldy. Olar bäş ýüz sany. Olary aýaklaryndaky gandallaryndan tanadylar. Şeýle-de, gaçmana ýetişmedik bäş müňe golaý aýal-gyz we oglan-uşaga aman berildi. Galanyň asmana sowrulanyny, kanonadanyň hopukdyryjy zenzelesini, hüjümiň ondan soňky elhençliklerini görüp, huşlary başlaryndan göçen şol aýal-gyzlar, oglan-uşaklar iňňän gür dikilen öýleriň arasynda başly-barat çyr-çykylyk bolşup çar tarapa ylgaşdylar, özlerini öldürmezliklerini rehim etmeklerini haýyş edip soldatlara ýalbardylar. Ýöne, galanyň daşy welin has beterräkdi. Goragçylaryň ellerinde baryny edendiklerine garamazdan soldatlaryň ýolboýy döken ganlary Garagumyň mele gerişlerini mazaly ganjartdy. Gitdigiçe goraýjylaryň sany azaldy. Uly iliň umydy bolan Guşly batyryň akja kepderisem kem-kemden daşlaşmak bilen boldy. Ol käte bir halkyň ýokarsyndan aýlaw edýär-de, ýene-de gözýetime tarap gaýdyrylyp gidýär. Halk çen bilen onuň özüni «Ilek» guýusyna tarap çagyrýandygyna düşündi. Sanlyja ýigitleri bilen galan Dykma serdar bosgunlara böleklere bölünip gaçmaklygy tabşyryp, güýmemek üçin özi ýene-de at başyny atly kazaklara tarap öwürdi. Bosgunlaryň kimsi Maryny, kimsi Tejeni, kimsi bolsa gum içindäki guýulary nazarlap, sap-sap bolup bölündiler. Az-kem bolsa-da, bu usul öz netijesini berdi. Soldalar hasydyr bir bölegiň üstüne hüjüm edip eglenýänçäler beýleki bölekler mazaly arany açdylar. Bosgunlaryň aglabasynyň ýüzi «Ilek» guýusyna tarap gönükdi. ... Enehakyda bilen Baýramgül tebip hem şolaryň arasynda. Çünki aýdyşlaryna görä, ol ýerde Ruhy batyr barmyşyn. Ol bolsa Enehakydanyň umydy. Asyl, Guşly batyr dek ýatmajakdygyny duşmanynam dek oturtmajakdygyny, mundan buýana kasas gözläp pars obalaryny elek-soky edip ýörmesinem goýup, bar güýjüni halky zulumdan azat etmeklige sarp etjekdigini bosgunlaryň arasynda ýolboýy wagyz edip gelýänem şol. Sag-aman diri sypan bolsa, Enehakyda Ahallynam Ruhy batyra goşulmaklyga, şonuň bilen bilelikde duşmana garşy göreşmeklige çagyrar. Aňňat-aňňat alaňlaryň arasy bilen Gündogar sary sürlenişip barýan bosgunlaryň erkek göbeklisini gyryp, aýal-gyzlarynam gala tarap süren soldatlar indi «Ilek» guýusyna barýanlaryn yzlaryndan eňdiler. Ýetip, olaryň erkeklerini çapdylar, naçarlarynyňam köpüsini yza doladylar. Ýöne, hemmäniň dolanasy gelibem duranok. Çünki, galada nämeleriň bolandygyny olar görüp gaýtdylar. Käbirleri ellerini göterip «aman» dilediler. Emma olaryň gulaklaryna bu wagt aman ilenok. Gözlerine zat görnenok. Garysyny ýazdyranda edýän «kirsildisine» guwanyp, bir çopanyň tutup sürüni soýup çykyşy ýaly, olaryňam gan näçe köp aksa, jan näçe köp çyksa şonça-da keýpleri göterilýär. Ynsan balasynyň elhenç ýagdaýa düşüp ezijleýşini, ganym duşmanyndanam delalat gözläp dyzyna çöküşini, ýalbaryşyny, iliň-ýurdundan, halkyň-hanyndan, çaganyň-enesinden, ogul-gyzyň ata-enesinden, doganyň-doganyndan, ýaryň-ýaryndan aýrylyşyny görmek, dik asmana göterilýän ahy-nalalary dady-perýatlaryny diňlemek olar üçin tomaşa. Lezzet. Çünki, bu zir-zöwrançylyk, gyrgynçylyk olaryň baş serkerdeleri, aýrysakal, gözi ganly general Skobelewiň arzuwy, maksady. Dek-düýnüň özünde beren buýrugy. Buýruk bolsa ýerine ýetiriläýmeli. Şu iş üçin olardan hasap sorajak ýok. Adam öldürmek babatdaky ussatlygyňy synag geçiresiň gelse geçiribermeli. Şeýle synaga bir ýarym ýaşlyja çagasyny goltugyna gysyp, çöp-çöňürleriň arasy bilen aýakýalaňaçlygyna ýeldirilip barýan, bir ýaş gelinem sezewar boldy. Ol Enehakyda bilen Baramgül tebibi gapdalap gelýärdi. Çepiksije bir soldat alny sakar gara atyny säpjedip geldi-de, olary yza dolajak boldy. Olar welin säginmedilerem. Enehakyda aýak çekäge-de, onuňň iki gözüniň içine seredip bir zatlar diýjek boldy. Ýöne, Baýramgül tebip onuň elinden tutdy-da, idenekledip ugrady. Soldatyň «çeňňegine» düşenem şol, eli çagaly ýaş gelin boldy. Asgynjakly bolansoň ol gaty ylgamag-a däl, asyl, oňly ýöräbem bilenok. Şonuň üçinem soldat atyny onuň öňünde keserdäge-de, üzeňňä galdy, gylyjyny göterdi. Gelin duran ýerinde ik ýaly pyrlanyp durşuna bir aýasyny oňa tarap serdi. ─ Aman! Aman! – Onuň bilenem bolmajagyny bilensoň iki eli bilen çagasynyň goltugyndan tutup dik depesine galdyrdy. Nämährem bolsa-da çaga dözmez, rehim eder öýtdi. – Degme! Meni öldürme! Ine, görýäňmi, ýaş çagam ba. Bu mensiz aç öler! Başga söze düşünmese-de, «aman» sözüne düşünýän soldat welin, ikirjiňlenmedem. Ol: «Da,da, ty aman...» diýdi-de, gylyjynyň ujuny ýaş enäniň elindäki çyrlap, oturan çaganyň garynjagazyndan sokdy. Towlady. Çekdi. Çogup çykan inçejik içegäni ussatlyk bilen gylyjynyň ujuna orap özüne dartdy. Içege çözlenip ugrandanam atynyň başyny bir gapdala sowdy. Jylawyny silkip debsiledi. Esli ýere barýança ujy içegeli gylyjyny baýdak göteren ýaly dik ýokary tutup gitdi. Içege welin gutarar ýerde gutarmady. Şo-ol, çözlendi gitdi oturdy. Huşy başyndan uçan gelin bolsa henizem çagasyny depesinde saklap, äm-säm bolup dur. Şol wagt onuň gulagyna sowukdan ýaňa halys eňki gaçan, Baýramgül tebibiň agy gatyşykly gyryljak, ýadaw sesi eşidildi. ─ Elhepus ýaş çaganyň içegesem beýle uzyn bor eken-ow... Ol muny adaty bir zat barada mesaýy gürrüň edýän ýaly diýseň parahat hem parhsyz aýtdy. Şol sözler täsir eden bolsa gerek, gelin birdenkä özüne geldi, içegeleriniň bir ujy çöp-çalamlaryň arasy bilen ep-esli ýere ýeten çagasyny bagryna basyp, ulyili bilen gygyrdy-da, duşmanyny urmak üçin degerliräk zat gözleýän ýaly daş-töweregine garanjaklady. Birdenem, gylyjyny eýýämhaçan haýsydyr bir ak sakally gojanyň çal başyndan indermekçi bolup duran hälki soldata tarap öçli topuldy. Soldat gelne garap ýene-de: «Seňki aman. Ty aman» diýip, syrtaryldy-da, gylyjyny gojanyň depesinden inderdi. Baýramgül tebip gelni iki eli bilen gujaklap saklady. ─ Çagaňy taşla-da, ýör, öňe, öz başyňy gutar! Janyň sag bols ýene-de dogurarsyň!.. Hernäçe kyn düşse-de, gelin Baýramgül tebibiň aýdanlary bilen ylalaşmaly boldy. Ýöne, çagasyny taşlamady. Içegeleriniň henizem çözlenip barýandygyna garamazdan bagryna basdy-da, Baýramgül tebip bilen Enehakydanyň barýan ugruna bakan ugrybir ylgaberdi. Bir ujy on-onbäş ädim yzdan süýrenip gelýän çig içege-de doň ýeriň üsti bilen «şowurdap» yzyna düşdi. Biri-birleriniň söbüklerini sydyrdyşyp gelýän bosgunlaryň biriniň aýak aşagyna düşen wagty içege dartylýar, gelniň eline agram salýar, sozulýar birdenem «şarta» ýoluinýar-da, ýolunan ýerinden bärsi «şarpyldap» gelip, gelniň ýagyrnysyna ýelmeşýär. Soňabaka içege gutardy-da, oňa ilişip çaganyň iç-goşlary çykyp başlady. Bu ýagdaýa gözleri düşenden haýdaşyp barýan Enehakydadyr Baýramgül tebip ikisi iki ýerden gelne tarap ylgadylar. Baryp, basa düşüp diýen ýaly çagasyny elinden aldylar-da, öň ýanyndaky garalyp duran ullakan gara sazagyň gür pürleiniň arasynda emaý bilen goýdular. Üstüne çöp-çalam atyşdyrdylar. Gelin çagasynyň yzy bilen özüni çöpe urmakçy boldy. Ýöne, Enehakydanyň berdaşly gollary ony saklady. ─ Mert bol, dogan! Özüňi horlama. Sen entek Watana gereksiň. Wepat bolan gerçeklere derek ogul dogurmalysyň. Olar erte biziň bu günki elden gideren ýurdumyzy, arymyzy, namysymyzy gaýdyp almalydyrlar. Sen bolsaň uzak ýaşap, bu ganly wakany agtyklaryňa, çowluklaryňa gürrüň bermelisiň. Şonuň üçinem, ikimiziň ölmäge-de, ejizlemäge-de hakymyz ýokdur. Ýör!.. Kowgy şol ýagdaýda tä, Gün ýaşýança dowam etdi. Soldatlar diňe özleriniň iňňän ýadandyklary we garaňkynyň düşendigi sebäpli kowgyny bes edip, yzlaryna dolandylar. Enehakyda bilen Baýramgül tebip özleri ýaly ýagydan sag-aman sypan başga-da on-on iki sany gyz-gelin bilen, garaňky düşenden soňam ep-esli ýörediler. Soň halys surnugyp, bir ýerde özlerini ýere goýberdiler. Çapgyn gyş şemalynyň damaklaryny çalyp barýandygyna garamazdan biri-birlerinie gysmyljyraşyp dessine ukladylar. Daňdanlar oýanyp ýene-de ýollaryny dowam etdirdiler. Guşluk boluberende olaryň öňüni bosgunlaryň bir böleginiň aýak yzlary kesdi. Megerem, olar Tejen topragyna tarap ugranlaryň gala gaýtarylanlary bolsa gerek, diýip, Enehakyda dagy pikir etdiler. Çünki, aýak yzlar düýbünden ters tarapa barýardy. Birdenem Baýramgül tebibiň gözi aýak yzlaryň arasyndaky çöpüň düýbünde oturan ýumruk ýalyjak kempire düşdi. Baryp görseler ol kempiriň öňünde edil çopanlaryň owlak-guzy aýlary ýaňy bolan guzylary salmak üçin gazýan körpeçlerine meňzeş kiçiräk çukur bar. Üstüne-de köneje don atylan. Kempir oturşynam üýtgetmän gözleriniň garasyny gelinlere tarap agdardy. Bir eli bilenem donuň gyrasyndan tutup, usullyk bilen serpdi. Gelinler «haýda-waý» bolşup yza tesdiler. Çünki, çukuryň içi gatap galan öli çagalaryň germesatan bolşup ýatan maslyklaryndan ýaňa gyrmady. Kempiriň sowukdan ýaňa çişen bokurdagyndan «har-har» edip gyryljak, ýogyn ses çykdy. ─ Ine, görüň, gören eşidenleriňize-de gürrüň beriň. Bu zatlar ýatdan çykarylmaly däldir. Bularyň içinde ýeke bir soldatlaryň elinden däl, ajyndan ölenem, aljyrap ölenem, sowukdan ölenlerem bar. At aýagynyň aşagynda galyp, basgylananlaram bar. Hemmesem hossarsyz. Men bulary çöpläp şu çukura saldym. Özümem galdym. Şulara göz-gulak bolaýyn, şagal-tilki degäýmesin, diýdim. Gala barybam bitirjek goşum ýok. Sebäbi, ol ýerde maňa garaşýan ýok. Hiç kimim galmady. Bary öldi. Öldürdiler. – Ol «körpejiň» agzyny ýapdy. – Ölýänçäm bir gorap oturaýyn,soňam näme, Alla gorar-da... Siz nirä barýan bolsaňyz öz ýoluňyza gidiberiň. Baýramgül tebip gyz-gelinlere garap: ─ Muny bu durşuna taşlap gitmäliň, – diýdi. ─ Bulary jaýlanymyz bilen jeset gutarmaz, gum içinde eýesiz ýatan meýit kändir entek... – diýenem boldy. ─ Şulary bir jaýlalyň soňunam görübiris – diýdiler-de, ýerli-ýerden işe girişdiler. Kim eli bilen, kim ätiýaç üçin ýanyna alan keseri, gyrkylygy ýa pyçagy bilen,ýene biri sazakdyr-çetileriň berdaşlyrak şahalary bilen bolşuna görä mazar gazdylar, jesetleri şoňa emaý bilen ýerleşdirdiler. Gum sürjek wagtlary kempir: ─ Menem şular bilen bile jaýlaň jan doganlar – diýip, sessizje aglady. Soň daş-töwerege ser salsalar gyrgynçylyk bolan ýer dogrudanam jesetden doly eken. Şol wagtam ýapynyň aňry ýüzünden on bäşe golaý atly ýigit göründi. Olar öten agşamky bosgunlardan galyp-gaçyp azaşyp ýörenleri bar bolsa tapyp, Ilek guýusyna eltmek üçin Ruhy batyr tarapyndan iberilen ekenler. Olar şol ýerdäki meýitlerem ýeke-ýeke jaýladylar. Aýat okadylar. ... Şol gün soldat Aleksandr Iwaşow Günbatar diwardaky hüjümiň gohuna oýandy. Usullyk bilen ýerinden turdy. Ilk-ä kümäniň kiçijik penjiresinden, soňam işikden daşaryk seretdi. Galanyň içindäki başagaýlykdan çen tutup, goşunyň aýgytly hüjüme taýýarlanýandygyna göz ýetirdi. «Seňňem-ä meň bilen hoşlaşmaly wagtyň geläýdi öýdýän», diýýän manyda ullakan kellesini aşak egip, aýagyndaky zynjyra seretdi. Şeýtse öz-özünden aýrylaýjak ýaly aýaklaryny gezek-gezegine silkeledi. Gapylaynyň ýapyklygyndan çen tutup, Enehakydanyňam, Baýramgül tebibiňem hemişekileri ýaly goragçylara kömek bermäge gidendiklerini aňdy. Şol wagt onuň bir göwni: «Bar, senem daş çyk, töwerege ser sal. Ne belalaryň gopýandygyny gözüň bilen gör», diýse, başga bir göwni: «Ýok, hiç ýere çykma, otur, çawup gelýän okuň biri çypar kelläni kakar goýberer welin bujagaz günüňdenem dynarsyň», diýdi. Iň ýamanam ol özüniňkileriň hä diýmän gala girjekdiklerine begenýändigini türkmenleriň aňmaklaryndan çekindi. Birdenem... Birdenem kanonadanyň älem-jahany sarsdyryp barýan sesi ýaňlandy. Bu sesiň yzynda nämeleriň ýatandygyna Iwaşow gowy düşünýär. Diýmek, onuň köp garaşan arzyly güni gelip ýetipdir. Ýöne, soňky çykan elhenç «gümmürdiniň» nämedigini welin o-da bilip bilmedi. Şonuň üçinem assa-ýuwaşdan şol sesiň çykan tarapyna ugrady. Golaýladygysaýam bir ujy asmana ýetýän äpet tozan onuň üstüne abandy geldi oturdy. Ol şonda-da galanyň diwary ýarylandyr öýtmedi. Ilk-ä tekeleriň köp mukdarda däri, ok-ýarag saklaýan ammarlary bardyr-da, şol ýarylandyr öýtdi. Emma galadakylaryň elmydama şol zatlardan ýetmezçilik çekýändiklerini ýatlap, ol pikirinden dändi. Soň Abdylla ussanyň ussahanasy ýarylandyr öýtdi. Ýöne, onda-da beýle güýçli partlama döredip biläýjek köp mukdardaky däri bolmaly däl. Onsoňam Abdyllanyň ussahanasy partlamanyň dörän ýerinden düýpgöter ters tarapda. Diňlidepäniň gapdalynda. Bilesigelijiligi soldaty tot-tozanyň arasy bilen, partladylan diwaryň golaýyna eltdi. Ol ýerdäki elhenç tutluşygy görüp, onuň huşy başyndan uçdy. Nämäniň-nämedigine düşündi. Şol wagtam golaýynda snarýad ýaryldy-da, ýelginine ýere ýazyldy. Ýöne, ýaralanmady. Ýaralanaýmagynyň, hatda öläýmeginiňem ahmaldygyna welin düşündi. Ajaldan gorandygy üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi. Tyrraýylyp duran köneje şyrdagyny çykaryp çokundy. Bu eşikde beýdip dursa her demsaýy türkmenleri yza serpikdirip, barha öňe süýşýän kazaklaryň özüni tekelerden biridir öýdüp, ataýmaklarynyň ahmaldygyny ýatlabam yzyna öwrüldi. Apyla-sapyla sowulýança öňküje kümesinden çykman oturmaklygy makul bildi. Ol şeýle hem etdi. Ep-esli busup oturandan soň, gulagyna Enehakyda bilen Baýramgül tebibiň sesi eşidildi. Soldat ýerinden turdy. Gapa bardy. Geň galdy. Çünki, olaryň ýüzleri-gözleri çaň. Tozan. Seslerinden tanaýmasaň tanar ýalam däl. Gelişleri ýalam öýli-öýüne girdiler. Eglenmänem çykdylar. Enehakyda gapysynyň agzynda ýaýdanjyrap duran tebibi howlukdyrdy: ─ Bol, çaltrak, Baýramgül daýza, eglenmäli. ─ Boldum, gyzym, boldum. – Ol üsti-başyny sermeleşdirdi. – Bil guşagym bilen däri-dermanlary aldym, boldy şü, maňa başga zat geregem däl. – Birdenem onuň gözi kümäniň agzynda mölerilip duran Iwaşowa düşdi. – Wiý, munymyzy näderkäk, gyz?.. ─ Ýan tazysy ýaly edip äkidebem-ä bolmaz. ─ Şu wagtam ýadyňa oýun düşýä-dä, gyz seň... Enehakyda ýesire ýüzlendi. ─ Sen indi boş, sallat. Siziňkiler geldi. Olar indi saňa eýe çykarlar. Ýöne, dagy-uwara biziň ýurda eliň tüpeňli gelme. Bize tarap ok atma. Iýen duzuňa kast etme. Duz tutsa gaýdyp galyndyrýan däldir... Şondan soň olar uly iliň bosýan tarapyna – demirgazyk – günbatar derwezä tarap ugradylar. Olaryň bolup baryşlaryny görüp, Iwaşowyň bokurdagy doldy. Näne diýjegini takyk bilmese-de, şunça wagtlap öwrenişen adamlary bilen ara düşjek aýralyk zerarly ýüreginde dörän gynanç duýgulary ony erkine goýmady. ─ Ene-e-e!... Daýza-a! Olaryň ikisem birden yzlaryna bakdylar. Soldatyň gözünden ýaş döküp duranyny görüp, Baýramgül tebip ol: gandalymy aýryň, diýýändir öýtdi. Oňa tarap aýalaryny ýaýdy. ─ Ýok! Ony biz aýryp bilemizok! Özüňiziňkiler aýrarlar. Sen indi ony gaýgy etme! Şeýdibem gitdiler. Topar-topar bolup barýan bosgunlara goşulýançalar, Iwaşow kemşerilip, olaryň yzlaryndan seretdi durdy. Şol wagt ol ýüreginiň töründe edil, iňňäniň ujy bilen dürtülen ýaly inçejik hem awuly yza duýdy. Sag eliniň aýasyny çep gursagyna ýetirdi. Ýüzüni çytdy.Çalarak buruldy. Onuň üçin indi bar zat düşnükli. Tekeler galany terk edip barýarlar. Goşunyň hä diýmän gala girjekdigine ony eýelejekdigine söz ýok. Oňa indi diňe garaşaýmak galýar. Ol ýalňyşmandy. Gala hakykatdan-da goşunyň eline geçipdi. Türkmenler agyr-agyr ýitgiler bilen yza çekilýärdiler we guma tarap bosýardylar. Sagat ikilerde Poltawaly ýüz atla we dragunlaryň iki eskadronyna baş bolup, bosgunlaryň yzyna düşmek üçin, general Skobelewiň hut özi gala girdi. Atly-dagly wzwod bilen bilelikde, Gaýdarowyň kolonnasyndan tamanlylaryň ýüz atlysy hem bosup barýanlaryň yzyndan çep ganat boýunça, galanyň daş ýüzi bilen ýola düşdi. Açyk meýdanlardaky we gara öýleriň içindäki leýs bolup ýatan münder-münden maslyklary görüp Skobelew top oklarynyň tekelere näderejede zyýan ýetirendigine düşündi. Ol kanagatlanmak duýgusy bilen, uludan demini aldy. Onuň hut öz buýrugy bilen, galanyň içinde tekelerden ýekeje-de erkek göbekli diri galmaly däl edilen hem bolsa, nesibesi çekip, şol gün garaz, bir adam diri galdy. Ol hem ýedinji ýanwar güni Skobelew bilen gepleşige çykan Hajymyrat. Ýumrulan diwar üçin aldym-berdimli söweş gidýän wagty, ol çep baldyryndan ýaralandy we az-kem özümi dürsänimden soň, bosgunlara goşulyp galadan çykaryn diýen umyt bilen süýrenip özüni galadaky abat galan tümleriň birine atdy. Emma, o ýerden çykybilmedi. Ýagdaýy gitdigiçe agyrlaşdy. Gan köp gitdi. Türkmenleriň sesleri bütinleý galyşyp, ors soldatlarynyň: «General... General idýot» diýýän sesleri gulaga gelendenem ol usullyk bilen tümden çykdy çagşap ýatan gara öýüň çagaragynyň aşagyna sümüldi. Şol ýerdenem töweregi synlady. General ak atyny säpjedip golaýyna geldem, welin Hajymyrat «hyk-çok» edip bukudan çykdy. Bir aýagyny ýerden süýräp, ýykyla-sürşe generala tarap towsaklap ugrady. Oňa şol wagt çar tarapdan onlarça tüpeň gezeldi. Skobelew ony bada-bat tanady. At üstünde ýanynrak oturşyna gamçysyny dik-ýokaryk çomaltdy: ─ Ostawit!.. – Soň ol Hajymyrada seredip bilniksiz ýylgyrdy. Oňa dostlarça ýüzlendi. – Diri galdyňmy? Oňarypsyň. Ol soldatlara Hajymyrady häzirlikçe göz tussagy etmekligi, ýarasyna seredip, çaý-çörek bermeklerini, ertir bolsa öz ýanyna gepleşige alyp gelmeklerini şeýle hem ony ynjytmazlyklaryny tabşyryp ýoluny dowam etdirdi. Hajymyrady götergiläp diýen ýaly alyp gitdiler, ýöne, general entek gaty bir daşlaşmanka, edil Hajymyradyň peýda bolan tarapyndan eleşan türkmen eşikli, ullakan kellesiniň bir şahyna zordan diýen ýaly ilişip duran goňur şyrdakly, ullakan, mawy gözleri tüňňi maňlaýynyň aşagyndan mölerilip duran kelteräk pyýada gandalyny şakyrdadyp çykdy. Ol soldatlara, generala tarap ýetişibildiginden gollaryny galgadýar, bir zatlar diýip, samraýar, demi-demine ýetmän sojaýar, hamsygýar. Aglamjyraýar. Soldatlar ilki onam galada gizlenip galan türkmenleriň biridir öýtdüler. Ýöne, ol golaýa geliberende kellesindäki şyrdagyny çykardy, ors dilinde birki agyz söz aýtdy. Aýagynda gandalynyňam bardygy göründi welin, onuň geçen uruşdan bäri türkmenlerde ýesirlikde ýören soldatlaryň biridigine hatda generalyň özünde-de, hiç-hili şek-şübhe galmady. Iwaşow gelip özüniň tüňňi hem giň maňlaýyny Skobelewiň ak atynyň öň aýaklarynyň arasyna goýdy, general atyň jylawyny dözümliräk dartdy-da, ýesire hossarlarça ýüzlendi. ─ Byl w plenu? Iwaşow başyny göterdi. ─ Da waşe blagorodie. ─ Tur ýeriňden – Iwaşow dyzanaklap ýerinden galdy. Generalyň aty onuň daşyndan aýlanyp ugrady. Başyny silkende agyzdyrykdan syrygyp çykýan ak, ýeljik köpürjikleriň başam barmak ýalysy baryp, Iwaşowyň maňlaýyna ýelmeşdi. – Adyň näme? ─ Aleksandr Iwaşow, siziň jenabyňyz. ─ Bu ýerde, tekeleriň arasynda nähili ýaşadyň? ─ Aý... ýesiriň ýesirlikdäki ýaşaýyşy-da, siziň Aly jenabyňyz. ─ Göwnüňe degdilermi? Urdularmy? Sökdülermi? ─ Ýok, siziň Aly hezretleriňiz. Urmadylaram, sökmedilerem, asla göwnüme-de degmediler. Skobelew: dogryňy aýtýaňmy ýa ýalan sözleýäňmi, diýen manyda az salym Iwaşowyň ýüzüne seredip durdy-da, gapdalyndaky ofiserlere ýüzlendi. ─ Soldaty tyla ugradyň. – General şondan soň Iwaşowa ýüzlendi. – Ol ýerdenem öýüňe gidersiň. Indi seniň üçin gulluk gutardy. Iwaşow dim-dik durup, çest berdi. ─ Blagadarstwuýu Waşe blagorodiýe... Şol wagt arka tarapdan ýene-de gandallaryň sesi eşidildi. Bu gezek generalyň duran ýerine ýetip gelýän ona golaý ors ýesirleriniň arasynda Matrosowam bar. Tolgunmakdan ýaňa onuň dodaklary kemşerýär, ullakan mawy gözleri öňküsindenem beter çerrelýär, çerreldigiçe-de çygjarýar, burnunyň ganatlary uzak aralykdan ýüwrüp gelen atyňky ýaly ýellenmekden ýaňa ýarylaýjak bolýar. Ýöne, öýküleri ýaly, aglanok, özüni alyp barşy öňkülerinden kän tapawutly. Merdemsi. Ýesirlikde geçen bir ýyla golaý wagt oňa özüňi nirede nähili alyp barmalydygyny öwredipdir. Gala dolanyp getirilen aýal-gyzlar, çagalar gyşyň uzak hem çapgyn şemally sowuk gijesini galanyň bir burçunda çugdamlanyşyp, geçirdiler. Üşemezlik üçin biri- birlerinie berk gyslyşdylar, çagalaryny bagyrlaryna basdylar. Barymyzy gyrarlar, diýen gorky olary hasam ejizletdi. Şonuň üçinem käte aýry-aýrylykdaky, käte bolsa bilelikdäki çykýan iniňi tikeneklediji agy sesleri tä daňdana çenli garaňky gijäniň tümlügini böwsüp baryp soldatlaryň gulaklarynda ýaňlandy durdy. Gije galanyň içine patrullar iberildi. Ýöne, soldatlaryň bu ýumşa aňsat-aňsat gidesleri gelmedi. Sebäbi, entegem tümlerden ýa gara öýlerden tekeleriň eli ýaragly galan-gaçanlary duş gelýär. Oklary, tüpeňleri bolsa atyşýarlar, bolmasa-da, gylyçlaryny syryp çykýarlar-da, gözleri ýok ýaly soldatlaryň üstlerine topulýarlar. Iň bolmanda pyçak, gyrkylyk, palta ýa teşe bilen hüjüm edýärler. Juda bolmasa ýalaňaç ellerini öňe uzadyp, penjelerini ýaýyp özlerini soldatlaryň üstlerine zyňýarlar. Dagy alaç tapmasalar, bir çemini tapyp özlerini öldürýärler. Tümden el göterip ýa «aman» diläp çykýany ýok. Şonuň üçinem, şol gije soldatlar özlerini örän ätiýaçly alyp barmaly boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||