17:32

Jüneýit hanyñ nökeri

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 966 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tatar Üýşmekow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 ahallydan  
6
Jüneýt han Owganystanda aradan çykypdyr diýilmegi meni geň galdyrdy

0
2 ahallydan  
6
"Jüneýt han hakynda hakykat" makalada bir bent ýadyma salyp soragladym

0
3 Bagabat  
43
Gurbanmämmet serdaryň ile belli “Jüneýit han” diýen hanlyk ismi hakda pikirlendim.
“Jüneýit” diýen söz türkmen diline arap dilinden geçen söz bolup, arapça: جنيد - junaýt, jüneýt – esger, batyr, urşujy diýmegi aňladypdyr.
Gadymy türkmen dilinde bu sözüň ekwiwalenti – alp, bahadyr (batyr), eren (är, ýagny urşa we geňeşe ýaran erkek kişi) ýaly sözler bolup durýar.
Ýeri gelende aýdylsa, Mete (Mode) hanyň adynam biz şu güne çenli hytaý transkripsiýasynda (ýazylyş usulynda) bilýäris. Hakykatda Mete hanyň ady gadymy hun dilinde, ýagny asylky ene dilinde: “batyr, gahryman, urşujy, alp, eren” diýen manylary beren “Bagadyr” ýagny “Öküzär, Oguzär, Öküz kibi Är, Kuwwatly Öküz we ş.m.” diýen görnüşde aýdylypdyr. Ýöne hytaý diliniň gadymy türki-hun dilinden düýpli tapawutlanýandygy we olaryň birinde ulanylýan sesleriň beýlekisinde ulanylmaýandygy sebäpli, meşhur hun hökümdarynyň “Bagadur (Batyr)” diýen ady, dünýä taryhynda häzirki görnüşinde ýörgünli bolup galypdyr.
Şeýlelikde, Jüneýit han bilen Mete han, ary (arassa) türkmen dilinde atlaryny tutsaň, atdaş bolup çykýar.

0
4 Bagabat  
43
“Dile geldi, bile geldi”, onam aýtsam, “Baga” diýen sözem gadymy türk(men) dilinde “rüstem, üstün, alp” diýen manylary beripdir.
“Oguz”, ýagny “öküz” diýen söz bolsa, iki sany sözüň jeminden emele gelen gadymy türk dilindäki aňlatma ekeni. “Og”, ýagny “ogul”, “erkek çaga” hem-de “Uz” ýagny “arassa, ary, tämiz” ýa-da has gadymy manysynda “Asman, Gök, Ebedilik”. Diýmek, “oguz” sözi has irki manysynda “asmanogly” diýen manyny, soňraky manysynda bolsa “rüstem, üstün, ýeňiji” diýen manylary aňladandygy hakynda netijä gelmek bolýar.
Munuň şeýledigini ýene-de bir lingwistiki aňlatma subut edýär. Hunlar bilen oguzlaryň, türkleriň aňyrsynyň birdigi gaty köp alymlar tarapyndan ykrar edilýär. Munuň şeýledigini hatda gadymy hytaý seneýazgylarynda saklanyp galan üç-dört sany hun sözleriniň türk sözleri bilen bire-bir meňzeşligem subut edýär. Indi diýmekçi bolýanym, “hun” sözi, ilkibaşky aňlatmasynda: “sýunnu” ýagny, “söýünnur” diýen hun dilindäki aňlatmanyň hytaý dilindäki aýdylyşy we ýazylyşy bolupdyr.
Gadymy türk dilinde bolsa “söýün” diýen sözem “asman, şatlyk, belentlik” diýen manyny, “nur” diýen sözem Günüň, Aýyň, oduň we ş.m. ýalkymyny, ýagtylygyny, ýagny olardan önen, olardan bölünip çykan şolaryň perzendini – ogluny aňladypdyr. Şeýlelikde “sýunnu” (söýünnur) diýen sözem irki manysynda “asmanogly” diýmek bolandygy hakynda netijä gelip bolýar. Munuň şeýledigini soňky ýyllarda käbir alymlaryň işlerinde-de beýan edilýär.
Ýöne, sähraň çarwa halklarynyň oturymly, ýagny çomry hytaý halklaryna müňýyllyklaň dowamynda gapma-garşy bolandygy zerarly, uzagyndan hytaý seneýazgylarynda hun halkynyň atlandyrylyşy wagyz-nesihat maksady bilen, ýagny halk köpçüliginiň aňynda müdimi duşmanyň şekilini ymykly emele getirmek üçin ýoýulypdyr. Şol sebäplem soňky seneýazgylarda hunlaryň atlarynyň “hun-nu” ýagny, “hýun – ýabany, wagşy”, “nu – adam” diýen gadymy hytaý sözlerinden emele gelip, “ýabany adam”, “wagşy adam” diýmegi aňladýandygy hakynda maglumatlar galdyrylypdyr.
Hunlaryň, oguzlaryň özlerini “asmanogullary” diýip atlandyrmaklary bolsa olaryň Ebedi Gök Asmany öz hudaýy diýip ykrar edýän Gök Deňriçilik dininiň ynançlaryndan gelip çykýar.
Edil şonuň ýaly bu aňlatmalaryň “rüstem”-lik, üstün”-lik, “kuwwatlylyk” manylarynyň haýryna häzirki döwürde asly bir halklaryň hemmesiniň “türki” diýip atlandyrylmagam çykyş edýär. Çünki mälim bolşy ýaly, “türk” diýen sözem gadymy türki diliň dürli şiweleriniň aglaba köpüsinde “güýçli, rüstem, üstün çykyjy, ýeňiji, kuwwatly, arassa, uz” diýen manylary aňladýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]