06:53 Jylawlanmadyk duýgular / hekaýa | |
JYLAWLANMADYK DUÝGULAR
Hekaýalar
Mekdebi gutarjak ýylymyz gyzlara hat berlişik bolanda-da, men haty ilki Tawusa däl-de, onuň özünden iki ýaş kiçi jigisine — her arakesmede Tawusy bahanalap klasymyza gelende, maýyl-maýyl baka-baka, tygly hanjarlary bilen birsyhly bagrymy dilip ýören Mährijemala beripdim. Ýöne ol özüniň entek ýaşdygyny, üstesine özünden uly uýasynyňam bardygyny aýdyp, maňa birhili gümürtik jogap beripdi. «Bolmanda-da, gyzlar birinji hatyňa hoşniýetli jogap berýän däldirler» diýdim-de, ýene-de ýazdym. Ol hatyma welin Mähri düýbünden jogap bermedi. «Üç gezek bermäne hakym bar» diýip, üçünji gezegem ýazdym. Oňa-da jogap bermedi. Gün geçdigisaýam darygyp ugradym. Çünki okuwlarymyz tamamlanyp barýardy. Şonuň üçinem, onuň bilen ine-gana gürleşere maý agtaryp başladym. Gyssanjyma tas Tawusyň özüne-de ýüz tutupdym, sen şu meselede maňa kömek et diýip. Hernä iň sonky ekzamene üç gün galanda, okuwa gitmek uçin surat aldyryp gelýärkäm, şäher ýolda Mähriniň özi pete-pet geläýdi. Daýylarynyňka barýan ekeni. Aljyraýanym, töweregime garanjaklap aýak-aldygyna ýalmanýanym, köneje welosipedimiň pedalyny tersine basýanym ýadyma düşýär. Şol aralykda jalbarymyň gonjam welosipediň çarhyna ildi-de, zynjyryna çolaşdy. Ýykyldym. Gonjumy sypdyrjak bolup ala-tozan turzup ýörşüme welosipedimi suýräp, gyzyň daşyndan üç gezek dagy aýlandym. Ahyram jyrladyp ýyrtyp aldym-da, welosipedimi dikeltdim. Düýbünden ters tarapa öwrülen ruluny dogrulap durşuma zoraýakdan salamlaşdym. Süýem barmagymy maňlaýymdan keseleýin ýöredip, daş düşelen ýoluň üstüne derimi joralandyrdym. Ýüzümi boz-ýaz edip: — Mähri, sen nä meň soňky hatlaryma jogap bermediň? — diýdim. Meni öňde-soňda juda köp örtän, çykgynsyz günlere salan uzyn kirpiklerini ak köwşüniň inçe burnuna gezäp durşuna: — Berdim-ä... — diýende, Mährijemalyň, ýok, meniň Mährijemalymyň ýaňaklary gyzaryp gitdi. Köwşüniň burny bilen ýer çyzmasynam goýdy-da, çekinjeňlik bilen ýüzüme seretdi. Günäkär halda birgeňsi ýylgyrdy. Obadan ýa şäher tarapdan biri görnäýmänkä bellisini etmek üçin: — O nähili berdiň? Haçan berdin? Soňkularymyň birine-de jogap bereňog-a — diýip, ýetişibildigimden sarnadym. Birneme özümi dürsändigimi duýup, öňe süründim. Tez maral ýaly tisginjiräp duran gyzyň has golaýragyna bardym. — Mähri! Elli gepden belli gep. Ine, men-ä sanlyja günden okuwa gidýän. Senem galýaň. Onsoň, kimin nireden çykjakdygyny kim bilýä. Sen dawaý, maňa belli bir jogap ber, alagümana etme. Ol bolsa şol birenaýyja ýylgyryşy bilen ýene-de: — Aýtdym-a men, men ýaş, özümden uly uýam bar diýip — diýdi. — Onda aýt-da bir zat, «uýam çykýança garaş» diý, ýa bolmasa-da: «Mekdebi gutarýançam azar berme» diý, garaz, bir zat diý. Aýt, men näme şertiň bolsa-da kaýyl, ýöne bellisini et. Özelenmelerimiň barysy biderek boldy. Sesinem çykarmady-da, başyny aşak salyp gidiberdi, ýeriň gaýmagyny bozman. Welosipedimiň şahyndan tutup, ýantaklap barşyma hamala ona gyjalat berýän ýaly: — Sen onda meni nemedeňok-da?.. Men onda kim bilen nemedesim gelse nemedibermeli-dä... — diýip, naýynjar geplänimde, bokurdagym dolup, kanşyrawugym awuşap gitdi. Gözlerimiň gyrasy çygjardy. Meniň bolup barşymy görüp Mährem birhili boldy. Ýüzi üýtgedi. Ýörişi haýallady. Bir zatlar diýjek bolup keýerjekledi. Şol wagtam şäher bilen obamyzyň ortalygyndaky goşa köpriň üstünde motoryny tatyrdadyp montýorymyz Halyl aga göründi. Öýümize tok çekip berendigi üçin şu çaka çenli atam ýaly sylap ýörenem bolsam, şol wagt ony itden beter ýigrendim. Has beterem, motoryň seňkildisine gulaklary galgap gelýän gulakjynyny ýigrendim. Oňa gözi düşenden, Mährem nepis dişjagazlary bilen elwan dodajyklarynyň bir gyrasyndan çalaja dişledi-de, daşlaşmak bilen boldy. Gyzy garamata goýmazlyk üçin menem welosipedime atlandym-da, oba garşy depdim. Halyl aga hazlap duşumdan geçende, hazanyň ýeli öwsäýendir öýtdüm. Kem-kemden Mährä gaharym gelip ugrady. Özümi birhili kemsidilen ýaly, ýigitlik namysyma deglen ýaly duýdum. Päk söýgüsi äsgerilmän, näzik duýgulary basgylanan hasap etdim. «Her niçik bolsa-da, ýog-a diýmedi, gel-aý, bir ýyl, ýarym ýyl garaşyp göreýin, onsoň, ýene-de bir bagty synaryn-da» diýip, akylly-başly oýlanmaga derek, hut şol günüň agşamsy Mährä gahar edip, Tawusa hat ýazdym, «ine seň özuňden uly uýaň bolsa» diýdim-de. Hoşniýetli jogabam aldym. Yz ýanyndanam uniwersitete gitdim-de, konkursdan geçibilmenem gaýdyp geldim. Bir ýyl obada brigadiriň kömekçisi bolup işledim. Indiki tomus oba hojalyk institutyna gaýybana girip geldim. Şol döwürlerde men Tawus bilen ýygy-ýygydan duşuşdym. Mährä göz etmek üçin onuň bilen tirkeşip şähere giden gezeklerimem boldy. Kakamyň gaşlaryny bürüşdirip: «Oba arasynda beýdip ýörme, doňuz» diýip, telim gezek käýýändigine-de bakman, oba klubunda ýanaşyk oturyp kino gören gezeklerimem boldy. Bu zatlary men başda Mährä gahar edip başlanam bolsam, soňabaka çyna öwrüldi. Tawus bilen mazaly öwrenişdim. «Men hemişe-de klasymyzyň oglanlarynyň arasynda diňe seni gowy görýärdim» diýen sözlerinden soň-a ony hasam gowy gördüm. Esasanam adamkärçiligini, pähim-paýhasyny, giňgöwrümliligini haladym. Soňabaka özümiňem Tawusa ozaldan aşyk ekendigime ynandym. Asylam men, başda Tawusy halaýardym ahyry. Mähriniň o wagtlar dünýede bary-ýogam bildirenokdy. Gulpajygyny tasadyp ýörenje bir gyzjagazdy. Ol soň, ine, şu soňky üç-dört ýylyň içinde göze görnüp ugrady. Özem birden ýetişdi. Daýawlaşdy. Owadanlaşdy. Göz bilen sözleşmäni, syrly-syrly bakyşlar bilen bir zatlar diýmäni çykardy. Meni ýoldan sowup şu güne salanam, Tawus ýaly mährem gyzdan ýüregimi sowadyp Mährä hat ýazdyranam şol owadan gözler, şol syrly bakyşlar ahyry. Ýöne nädeýin, aldandym. «Aldanan yzyny tapsa ýagşy» diýenlerini edibem yzyma dolandym. Eger-de Mährä hat berendigimi eşidip Tawusam hatymy almadyk bolsa, şonda nederdim? Bolsa-da, Mähri syr bildirmändir. Aýtmandyr. Men durmuş guranymyzdan soňam bu hakda biljek bolup, osmakladyp Tawusdan kän soradym, emma bilibilen zadym bolmady. Diýmek, aýtmandyr. Ýöne Tawus bilen her näçe süýji ýaşaşsagam, her näçe ysnyşsagam, Mähriniň kalbymdan bütinleý çykyp gidibermeýändigine göz ýetirdim. «Ot-ot» diýselerem söýgi diýen zadyň ot däldigine, otdan-da beterdigine, ot ýaly islän wagtyň ýakyp, islän wagtyň söndürip bolmaýandygyna duşündim. Toýdan soň bäş-üç gün geçensoň, Tawusy görmäne gelen Mähriniň kirpiklerini gazap bilen ýüregime sanjan wagty bilip galdym men şunuň şeýledigini. Eden işime buýsanyp, edermenlik satyp ýören halyma birdenkä badym gaçdy-da, dilime badak atylan ýaly boldy duruberdi. Oňly salamlaşybam, ine-gana synlabam bilmedim. Gözlerine gözüm düşenden, ogurlykda tutulan ýaly, süňňüm gowşap, ýene-de ho-ol, birwagtkym ýaly agzym kepäp başlady. Uýluklarym titräp, injiklerim sandyrady. Olam edil bilgeşleýin ädýän ýaly tä gidýänçä gözlerini gözlerime çenedi oturdy. Bir gyzardy, bir agardy. Soňky gezekler geleninde-de şeýle boldy. Daşymdan syr bildirmesemem içimden: «Kör hasasyny bir aldyr» diýipdirler. Ol gözleriň allaryna men indi aldanman, arkaýyn bol» diýdim. Her gezegem bir bahana bilen öýden çykdym-da, tä gidýänçä gelmedim. Paşmadyk söýgimiz barada hiç haçan o-da dil ýarmady, menem. Şeýdip, gün yzyna — gün, aý yzyna — aý geçdi. Ýyl aýlandy. Oguljygymyz boldy. Adyna Seýran dakdyk. Seýran jan bir ýaşyny dolduryp-doldurmanka-da Tawus agyr syrkawlap keselhana düşdi. Şol wagt Mähri mekdebi tamamlap, raýon merkezindäki medsestralary taýýarlaýan iki ýyllyk kursda okap ýördi Gijelerine-de keselhanada nobatçylyk edýärdi. Birinji gijäni Mähr-ä Tawusyň gapdalynda, menem daşarda — çirim etmän geçirdik. Diňe daňdanaralar Mähriniň kömegi bilen Tawusyň ýanyna girdim. Ýanar ot içinde urnup ýatan ýanýoldaşymy görüp bozuldym. Ol-a gidip barýan ýaly, ýaňy bir jompuldapjyk ugran Seýran janam ýetim galyp barýan ýaly, göwnüme her zatlar getirip gyýyldym. Ýöne şeýle agyr pursatlarda-da Mähriden sustum basylyp aljyradym. Bir-de Tawusa uzadan suwly käsäni elimden gaçyrsam, bir-de boş ýere büdräp aýagymy agyrtdym. Käte bolsa gepläre gep tapman, şol bir diýenimi gaýtalap, jübülerimi sermendim oturdym. Ertesi gündiz ejem dagy geldi-de, men öýe gitdim. Az-kem dynç aldym. Agşamaralar ynjalman ýene-de gaýtdym. Keselhananyň howlusyna girenimdenem Mährä sataşdym. Ol iki elinem haladynyn jübüsine sokup, baglaryň arasynda gezmeläp ýör ekeni. Ýuzi-gözem aladaly. «Doganjygy-da, dözenok-da...» diýip içimi gepletdim. Ýanyna bardym. Tawusyn ýagdaýlaryny soradym. Getiren zatlarymy görkezip: — Eltsem bormuka? — diýdim. — Bor — diýdi. Şeý diýibem, aşak bakdy. Men şujagaz pursatdan peýdalanyp ony synladym. Soňky ýyllaryň içinde, hatda öýe gelip gidýän wagtlaram men ony beýle golaýdan synlap görmändim ahyry. Ol öňkülerindenem has owadanlaşypdyr, dykyzlanypdyr, doluşypdyr. Gara saçlarynyň ujy uzapdyr, ýognapdyr. Ter mämeleriň aýtymy giňäpdir. Döşi ýaýbaňlanypdyr. Gaýmak ýaly ýaňaklary has terlenipdir, gözleri durlanypdyr. Synlaýanymy aňan ýaly, «Goý synlap hezil etsin» diýýän ýaly, Mähri esli mahal aşak bakyp sülmüräp durdy. Birdenem ýuwaşlyk bilen gabaklaryny galdyrdy. Kirniklerini ýene-de gözlerime gezedi. Birgeňsi ýylgyryp, bir zatlar diýjek bolanda, gül meňzi önküsindenem beter gülgün öwüsdi. Aljyrady. Onuň aljyranyny görüp, menem aljyradym. Ýüreklerimiziň gürsüldisi dünýä ýaň saldy. Peltesine ot düşen şem ýaly, şol dem süňňüm bilen lowlap ýandym. Güýz aýynyň çigrekli agşamydygyna garamazdan, maňlaýyma der geldi. Gabaklaryndan dökülen yssy mähriň howry ýüregimiň üstünden ýol ýasap, kalbymda epgek öwüsdirdi. Çaknyşan nazarlarymyzdan çykan ot töwerek-daşa çabyrady. Ondan artyk durmaga rowgatym çatmady. Ysgynsyz ses bilen: — Men, onda, Tawusy görüp çykaýyn — diýdim-de, Mähriniň duşundan geçip, girelgä tarap ýöneldim. Şol gidip barşyma yzyma dönäge-de, şeýle bir Mährä seredesim geldi, emma her näçe özüme zor salsam-da bolmady. Bognum ysmady. Edil çüňke ýetip aňryk öwrülmeli bolanymda welin, ölsem-öleýine saldym-da, yzyma gaňryldym. Gaňrylşym ýalam, göwüs üzre goýberilen gara saçlaryny gysymlap duran Mähriniň gara neşterleri göwrämi parran dildi-de, syh-syh bolup ýagyrnymdan çykdy. Süňňümi bogun-bogun sökdi. Lagşatdy. Gözleriniň owasyndaky bulduraşypjyk duran şorja gözýaşlar bolsa, ozaldanam dilim-dilim bolup duran ýüregimi daglap goýberdi. Henize çenli öçmän, köräp duran ot gaýtadan tutaşdy. Ozalam bir gezek al salan şol ala gözleriň meni şu gezegem aldaýandygyna hiç ynanasym gelmedi. Ýöne aldamaýanlygynda-da, men eýýäm öýli-işikli, maşgalaly adam ahyryn. Şonuň üçinem, melamatdan daşlaşmak üçin bu kyn ýagdaýdan çykalga gözläp ugradym. Gaçybatalga agtardym. Ahyram, hiç bolmanda, Mähri birine durmuşa çykýança, ýüregim ymykly umytdan üzülýänçä, bir ýerlere göçüp gitmegi makul bildim. Şeýdibem, hem-ä gowy gutulýança Tawusy uly doktorlara görkezer duraryn, hemem okuwymy tamamlaýançam institutyň golaýynda bolaryn diýen bahana bilen goşlarymdan ýeňil-ýelpaýraklaryny aldym-da, wagtlaýynça Aşgabada göçdüm. Obadan çykyp barýarkam bolsa, işige söýenip, boýnuny buruplar duran Mährä gözlerimiň gyýgy bilen: «Hoş gal, Mähri! Hoş gal, ilkinji söýgim! Hoş gal, meniň hemişelik elden gideren, jepasy köp, jebri kän ak ýüzli maralym! Hoş gal, meniň taýyndan tazygan gara gözli jerenim! Hoş gal, meniň sünbül gara saçlary bir gulaç humaýym! Ikimize bir ýassykda başlaşmak nesip etmän ekeni, men saňa bagtyýar durmuş, uzak ömür arzuw edýärin, ezizim!..» diýdim. Şeýdibem gitdim. Aşgabada baryp dört-bäş ýyllyk bir ýana göçüp giden biriniň howlusyny kireýine aldym. Işe girdim. «Öýde bolsam içim gysar, ýene-de gymyldap ýörsem gowudyr» diýip, Tawusam işe girdi. Seýrany bakja ýerleşdirdik. Durmuş şu akymyna gider, hemme zat gülala-güllük bolar, Mährili wakalaram kem-kemden ýatdan çykyşar öýtdüm. Emma her näçe özüme zor salsamam, hemişe nämedir bir zadym ýetmeýän ýaly, nirededir bir ýerde haýsydyr bir gymmatbahaly zadym galan ýaly, elmydama töweregime garandym ýördüm. Ahyram şol gözläp ýören göwherimiň Mähridigine, onsuz hiç ýerde-de ynjalyp bilmejekdigime göz ýetirdim. Men iki oduň arasynda galdym. Mährini, hiç bolmanda, öňkülerim ýaly daşyndan bir görüp, guwanyp gezsedim diýdim. Şeýle bitakatlygy başymdan geçirip ýören pursatlarymam: «Mährini çykarýamyşynlar» diýen habar bardy. Begenjegimem bilmedim, gynanjagymam. Agyr ýüküň başymdan şeýle aňsatlyk bilen sowuljakdygyna begensem, ählije umydymyň hemişelik synjakdygyna gynandym. Tawusyň Mährini çykaryşmaga giden gijesini men ýeke özüm dik oturyp geçirdim. Iki günläp, tä kekirdegime gelýänçä arak içdim. Garaz, dünýäniň mazasy gaçdy. Şäheriň ibirtde-zibirtligem, gohy-galmagalam, beýik-beýik binalaram ýalan ýaly bolup göründi. Bar zat agyr düýşe meňzedi. Tawus gaýdyp gelensoň, Mähriniň gaýraky obadan bir gowy oglana durmuşa çykandygyny öwran-öwran gaýtalanda men: «Besdir! Goý indi şo gürrüňi! Irdim men sen şo takallaryňdan!» diýip, gygyraýmakdan, uly ilim bilen aglabermekden zordan saklandym. Indi islesem-islemesemem Mähriniň assa-ýuwaş ýadymdan çykjakdygy barada oýlananymda welin az-kem köşeşdim. «Indi onuňam öýi bar, ýanýoldaşy bar, özbaşdak durmuşy bar, indiden soň ol hakda pikir etmäge hakyň ýok» diýip öz-özüme teselli berdim. Emma Mähri ýadymdan çykmady. Käteler ýörite gidip göresim geldi! Ozal ondan gaçyp gaýdan halyma indi: «Nämüçin Mähri biziňkä gelenok? Jany beri sagmyka? Ýa ýanýoldaşy goýberenokmyka? Bolmasa bile geläýmel-ä» diýip, Tawusyňam gulak etini guratdym. O-da her gezek göwnüne zat getirmän: «Daş ýerdir-dä, geleýin diýeniň bilen gelip bolýamy, geler-dä ýollary düşse» diýdi. Ýöne soň-soňlar welin Mähri barada agzasam, belli bir zat diýmän, sowukdan-sowuk demini almany çykardy. Onuň maşgala durmuşy barada soramanymy kem görmedim. Bir günem derdini içine sygdyryp bilmedi-de: — Mähriniň durmuşy bulaşyk... — diýdi. Yzydanam aglady. ...Bir günem öýlänaralar işden gelsem gap böwürde kese goýlan diwanyň üstünde aý dogan ýaly bolup Mähri otyr. Özem şol, birgeňsi ýylgyryşy bilen ýylgyrýar. Men birbada begenjimden ýaňa näme diýjegimem bilmedim. Oňa çenlem Mähri gyzaryp aşak bakdy-da: — Salam!— diýdi. — Salam! — diýdim. Gurak-gurak ýuwdundym. — Gezmäge geldiňmi, Mähri? Gowy edipsiň... — Gezmäge diýseňem bolýa... — Hä, «bolýaň» näme?.. — Medinstituta okuwa girmäne geldim... Uzyn kirpikleri owadan gözleriniň üstüne her gezek inip-çykanda uçlary gelip ýene-de ýüregimiň üstüni ýelpäp gitdi. Gülgün ýaňaklar ýene-de al öwüsdi. Gözleri welin, gussaly göründi. — Durmuşyň gowumy, Mähri? Ol gizlejegem bolmady. — Durmuşym bozuldy. Aýrylyşyp gaýtdym. — Nämüçin? — Gowusy, sorama. Soramadym. Sorasym gelse-de soramadym. Şu söhbetimiz şo-ol şäherýolda duşup aýrylyşalymyz bäri ilkinji gezek ine-gana sözleşişimiz bolsa-da, ony gynamazlyk üçin gaýdyp sorag bermedim. Sorap nädeýin?! Bar zat düşnükli ahyry. Meniň oňa: «Sen öňküdenem owadanlaşypsyň, Mähri! Saňa gelinlik düşüpdir. Seniň gadyryňy bilmedik, seni depesine täç edip götermedik ýigit akmakdyr» diýesim geldi. Emma şonam diýibilmedim. Onsoňam, gözler sözleşip durka, söz nämä gerek! ...Öňküdenem beter kyn günler başlandy. Iň ýamanam, Tawus Mährini instituta girensoňam ýatakhana goýbermän öýde saklady. Gitjegem bolsa: «Şäheriň ortarasynda uýaň öýi barka, utanjakgämi başga ýerde bolup ýörmäge?» diýdi. Mährä-de şol kem ýaramadyk bora çemeli, boluberdi. Bu ýagdaýda uzak ýaşabilmejegime gözüm ýetdi. Şonuň üçinem, bir gün Tawusa: — Gel, oba göçeli. Dar şäher ýürege düşdi — diýdim. — Mähri gelenden gidibersek, gysganan ýaly bolmazmy? — diýip, gaýtam ol başga perdeden gopdy.— Ozalam ýarym göwün biçäre. Bizden bir göwni galmasyn. Wah, näbilsin ol şeý diýmek bilen öz aýagyndan palta urýandygyny. Göwnünde hiç zat ýok görgüli, şeýdip, menem agyr melamata itekledi. Ýeke meni däl, Mährinem itekledi. Men indi Mährini şäheriň ýaş-ýeleňlerindenem, kursdaş oglanlaryndanam gabanyp başladym. Ol okuwdan sähelçe eglense-de, ýüregim howlap daş çykdym, nämüçindigini özümem bilmän, tä institutyň beýik basgançaklary görünýänçä ýumrugymy düwüp gitdim. Soňam oňa görünmän, garaba-gara yzyna düşüp gaýtdym. Bir günem aşak bakyp düwdenekläp barýarkam çat maňlaýymdan: — Nirä barýaň? — diýen mylaýym ses eşidildi. Görsem Mähri. Gülümjireýär. Men sakga durdum-da, jübimden elýaglygymy çykaryp, maňlaýymyň derini süpürişdirdim. Aljyrap, töweregime garanjak- ladym. — Aý, şü, Tawusdyr-da... Mähri nämä gijä galdyka diýip özelenip otyr-da... Ýagdaýyma düşünendir-dä, ýalan sözlänimi ansa-da aňmadyksyrady. Aşak bakyp başyny ýaýkady. Çalaja ýylgyrdy. Başymyzy aşak salyp öýe tarap ugradyk. Basym ýetmezlik üçin diýseň ýuwaş ädimler bilen okuw hakda, iş-alada hakda, durmuş hakda üzlem-saplam hümmüldeşip gelşimize iňrigiň garalybereninem, ýoldan sowlup, bir pynhan ýerde duran ýalnyz oturgyja çökenimizem duýman galypdyrys. — Howanyň gowudygyny... Şol iki agyz sözden ybarat owaz ýaly owadan owazy men henize çenli eşidemogam, eşitmejegimem çyn. Şol bakyş ýaly mylaýym, mähriban bakyşyň öňünde özümi dünýäde iň bir bagtly adam saýanymam çyn. Galyberse-de, Mähri bilen ilkinji gezek, şeýdip, ýanaşyp oturdygymyz bolan şo pursat meniň üçin şu ömrümde iň bir lezzetli hem in bir ejirli pursatdyr. Lezzetlidigi şudur ki, men Tawus bilen bolan ençeme duşuşyklarymda-da, boýnundan gol salyp ilkinji gezek posa alan gezegimde-de, hatda ikimizi ömür ýoluna ataran şol, ilkinji gijede-de beýle lezzetli pursatlary başymdan geçirmändim. Ejirlidigi bolsa budur — ýagny, şu lezzetli, süýji pursatlaryň aňyrsynda eljagazlaryny galgadyp oglum, gaşlaryny ynjyly çytyp gelnim seredip dur. Her niçik bolsa-da, men ata, men är, bir öýüň eýesi, maşgalabaşysy. O zatlary hiç hili lezzete, hiç hili keýpi-sapa çalyşmaga meniň hakym ýok. Onsoňam, her näçe örtensemem, undubilmän, her näçe hupbatlar çeksemem, Mähriniňem meni edil meniň söýşüm ýaly söýýändigini bilemok ahyry. Belki, ol özi üçin bu agyr günlerde meni hossary hasap edýändir? Belki, ýüregini dökmek üçin, içini egismek üçin köne dost hökmünde ysnyşýandyr? Belki, oňa goltgy gerekdir? Belki, men ýene-de aldanyp ýörendirin? Kömek etmäge derek, ýok zatlary küýüme getirip, adamçylykdan çykyp ýörendirin? Gözler näme? O gözlere ynam ýok. Öň bir gezek aldan gözler ýene-de aldap biler. Men ýerimden turmak üçin gobsundym. Emma gijä galan ekenim. Bu wagt gollarym eýýäm Mährininň gerdenlerinden geçip, barmaklarym sagrysyny sermeläp ýör ekeni. Leb lebe, dil dile golaýlap ýör ekeni. Aňdan öňe geçen yşgyň humary hetden aşyp, meni barmasyz gapylarymdan eltip, diýmesiz sözleri diýdirip ýör ekeni. Goltugymdan sogrulyp çykmaga derek, Mährem eýýämhaçan kükregini kükregime goýup, göwsüni göwsüme oýkap, allowarralardan gelýän öçügsije çyranyň yşygyna elwan öwüsýän ýaňaklarynyň üstünden şabyrdap inýän gözýaşlaryny gerdenimden guýup otyr ekeni... ...Gyz gözleriniň hergiz-hergiz aldamaýandygyny men, ine, şonda bildim. Şonda düşünip galdym men Mähriniň meni hiç haçanam aldamandygyna! Çyn ekeni! Ähli bakyşlaram, ýakyşlaram ýürekden ekeni. Meni tüýs ýürekden söýýän ekeni. Muny men çen bilen aýdamok. Özi aýtdy. Butin dunýäni undup, yşkyň humaryndan ýaňa meý-mest bolup oturan pursatymyz öz agzy bilen aýtdy. — Onda nämüçin hatlarymy almadyň? — diýip, menem, şu ikarada-da şol bir köneje heňime tutdum. Mähri uludan demini aldy. — Men Tawusyň seni gowy görýänini bilýädim. Ol öýde-de, ýolda-yzda-da, joralarynyň ýanynda-da diňe sen hakda gürrüň ederdi. Saý-sebäp bilen siziň hojalygyňyz hakda gürrüň edäýse dagy, ejemiň içine girjek bolardy. Men bolsam seni ondan hem-ä gabanardym, hemem öz uýamy kimdir birinden gabanýandygym üçin uýalardym. Men hem-ä onuň seň bilen durmuş gurup bagtly bolmagyny islärdim, hemem öz bagtymyň elden gidip barýandygy üçin gynanardym.— Ol az salym ýüzüni tutup oturdy-da, ýaz ýagşy ýaly mylaýym gözýaşlaryndan ýaňa öljeren aýalaryny dyzlarynyň üstünde goýdy. Sypalaşdyrdy. Öňküdenem has gussaly gürledi. — Sen bilýänem dälsiň, Tawusyň senden hat alyp, begenjine ýatman çykan gijesini men ondan ogrynça aglap geçiripdim. Tawusyň çykjak gijesi bolsa Tawusdan aýra duşjekdigim üçin däl-de, senden ömürlik aýra duşýändigim üçin aglapdym. Sen okuwa gideniňde-de: — Daşyndan guwanyp ýörmekdenem dyndym-ow — diýip aglapdym. Birinji ýyl ýykylyp, ikinji ýyl gaýybana girip geleniňi eşidenimde bolsa, çaga ýaly begenipdim... Ol sowuk demini aldy. Men durup bilmedim. — Onda näme?.. Onda näme?.. Ol ýene-de sowuk demini aldy. Boýnuny burdy-da, gözýaşa daglanan gyrmyzy ýaňaklaryny aýasy bilen süpürdi. — Nädeýin-dä... Onsoňam, meniň saňa: Men ýaş — diýdigim — Söýemok—diýdigim däldi ahyry.— Özümden uly uýam bar — diýdigim — Bar-da, şoňa hat ber — diýdigim däldi ahyry... Göwün beren gyzyň näzini çekmegem, garaşmagam, synagyndan geçmegem bolar ahyry... Sen bolsaň, howlukdyň. Ýelýüreklik etdiň... Şondan soň men seniň maňa bolan söýgiň hakykatdygyna ynanmadym. Hatyňy almandygyma ökünmedim. Bular ýaly ýigit islendik wagty taşlabam biler diýdim. Kalbymda ýigrenjem döredi. Emma ol ýigrenç hakyky ýigrenç däl ekeni. Gahar bilen, wagtlaýynça dörän ýigrenç ekeni. Wagtlaýynçadygyny siz göçüp gaýdaňyzsoň hasam äşgär duýdum. Durmuşa çyksam, göwnüm sowaşar, bar zat ýatdan çykyşar öýtdüm. Emma bolmady. Ýyldyzymyz sataşmady. Ýaman oglan diýibiljek däl, gowy oglan ekeni, tanamanam baramok, bir ýyl ýaly bile işledik, gürleşdik, halaşdyk, emma durmuş guranymyzdan soň, ýüregimiň ol öýde däldigini duýdum. Kakam bilen ejemiň iňirdilerinden her näçe çekinsemem gaýtdym. Ýöne ýoldaşymy närza edip gaýtmadym. Aýtdym. Düşündirdim. Düşündi. «Bor, Mähri, bu durmuşda şowsuz durmuş guranlar bir biz däl, bizem şolaryň biri borus-da, gidiber, men senden kine edemok, haçan kömek gerek bolsa men taýýar...» diýdi. Şeýdibem, gaýtdym. Öýde uzak oturmaga kararym ýetmänem, bärik gaýtdym. Ýyldyzymy taparyn, ýitiren söýgüme gowşaryn diýib-ä gaýdamok. Ýöne gaýdyberdim. Bu bolup oturyşymyzam bolmadyk hasap edeli-de, indi ikimizem bu gürrüňleri ýatdan çykaraly. Tawusa ikilik etmäli. Bar zat şu ýerde galsyn. Ol ýene-de aglady. Gideli, turaly diýse-de, turubam bilmän, gidibem bilmän, maňlaýyny çignime goýup aglady oturdy. Boýnumdan aslyşdy. Öwran-öwran hoşlaşdy. Edil gökden gaýtarylan ýaly bolup oturyşyma, men özümiň henize-bu güne çenli gyzlar hakda, gyz ýüregi hakda hiç zat bilmeýändigime göz ýetirdim. Zoňtar häsiýetimiň özümem, bu biçäre gyzam nä günlere salandygyna, ine, şol pursat düşündim. — Bagyşla, Mähri, men ýalňyşypdyryn, indem näme, sen näme diýseň şo bor — diýdim-de, kellesini kükregime goýup saçlaryny sypaladym. Ýaňaklaryndan ogşadym. — Gel, onda, hoşlaşaly... iň soňky gezek hoşlaşaly... Şondan soň men özümi çaga arassalygy bilen, iň bir belent gyz duýgulary bilen söýen mähribanymy üýtgeşik bir hyruç bilen bagryma basdym. Amanat baga giren ogry ýaly ter bişen tämiz miwelerden, alma-narlardan öwran-öwran agyz urdum. Gyşarylyp göwsünden gysymladym. Uzyn kirpiklerini kirpiklemiň arasyna salyp, gabaklaryny gabaklaryma oýkadym. Ol ujuna ýetýänçäň ýarym günlük ýol ýatan gara saçlarynyň ýaňy bir-birini gulaçlap gutarýançam, gije ýarymdan agdy. Ikinjisiniň ýaňy bir ujundan girip ugranymdanam Mähri: «Hetden aşma, besdir, gideli» diýip, gulagymyň agzynda pyşyrdady. Demi bilen döşümi gyjyklady. Menem agzymy agzyna goýup: «Hoş Mähri... gideris... häzir gideris... ýene azajyk howlukma... bu pursat hoşlaşyk pursaty ahyryn...» diýdim... Şol pursat ikimizem birhowa bu goh bilen galmagaldan doly gowgaly dünýäni taşlap, başga bir hyýaly dünýä, mähir-muhabbetden başga hiç hili garamaty bolmadyk, degre-daşy gül-gülgüzarlyk bolup ýatan, bossanly, çemenli dünýä aralaşdyk. Baglaryna seýran eýledik. Şol dünýäni gözi bilen görmedik adama, dogrusy, o hakda gürrüň berip oturasy işem ýok. Görenler bolsa onsuzam düşünerler. Her näçe şert edişen hem bolsak, duşuşman uzak gezip bilmedik. Bir hepde geçip-geçmänkä men ýene-de medinstituta tarap ugradym. Ýene-de bile gaýtdyk. Ýene-de şol çolaja oturgyjyň üstüne çökdük. Ýöne serhetden geçmedik. Bar zat şol päkizeligine, şol terligine galdy. Mähr-ä meniň üçin heniz durmuşa çykmadyk gyzdy, menem onuň üçin öýlenmedik oglandym. Biz oýnuň şondan aňryk gitmeli däldigine-de, gaýtam gözümizi-başymyzy aýlap ýören bujagaz oýnam näçe ir gutaryp bolsa gutarmalydygyna-da gowy düşünýärdik. Düşündigimizsaýam, barha we barha melamata golaýlaşýardyk. Men bilmedim ol samsyklykmy, ýa göwnüne deglen ilkinji söýginiň jezasymy, ýaşlyk ýalňyşlyklarymy, ýa nämälim bir güýç tarapyndan ýaşlyk ýalňyşlyklarymyzyn düzedildigimi, bilemok nämediginem, nämedendiginem aýdyp biljek däl. Ýöne elimiz bilen, öz aýagymyz bilen melamata golaýlaşandygymyz welin çyn. Muny Mährem aňan bolmaly. Çünki şol duşuşyklar, oňa lezzet bermeýärdi. Ol gülmeýärdi, ýylgyrmaýardy. Yzly-yzyna sowuk demini alýardy. Gursagyma ýaplanyp aglaýardy. Hamala diýersiň, golaýlaşyp gelýän agyr bir kesapaty ýüregi bilen syzýan ýalydy. Iň ýamany men kem-kemden oglumdanam, gelnimdenem, hatda öz öýümdenem sowap başladym. Tawusy Mähriden gabanan gezeklerimem boldy. Biz oňa däl-de, ol bize päsgel berýän ýaly bolup göründi. Käteler bir bahana bilen Tawusyň eline çagasyny tutduragada, ondan goh-galmagalsyzja dynmagyň, bu ýerde Mähri bilen arkaýynlykda döwran sürmegiň pikirini etdim. Meniň pikirimçe, başda goýberilen ýalňyş düzedilmelidi. Meniň ýanýoldaşym diňe Mähri bolmalydy. Emma o zatlar üçin men Tawus görgüliniň Mähri ikimize bolan mähribanlygyndan başga hiç hili bahana, hiç hili esas tapyp bilmedim. Şolar ýaly-da käte akylyma gelen ýalam bolýardym. «Hetden aşma, serhetden geçme...» diýip, öz-özüme pent hem edýärdim. Emma... ...Bir günem serhet bozuldy. Şol gün men işden ir geldim. Öýde hiç kim ýok. Diýmek, Tawus heniz gelmändir. Seýranam bakjada. Sagadyma seretdim. Dört. Bu wagta çenli Mähr-ä okuwdan gelen bolmaly. Diň salsam, howlynyň burçundaky emelsizje gurnalan duşdan şirrildi eşidilýär. Belki, Mähridir? Garaşdym. Ýarym sagat geçdi. Çykmady. Birdenem: «Hiç kim ýokdur-da, kran açyk galyp, suw akyn duran bolmasyn» diýen pikir kelläme geldi. Bardym. Usullyk bilen gapyny çekdim. Açylmady. Aýybam bolsa jykladym. Şol! Mähri! Utanyp yza çekildim. Emma Botiçelliniň Wenerasyna gaýra dur diýýän hoşsurat aýaklarymy duşaklady. Şol dem bir ýerden adam sypatly, köpi gören, gaharjaň garry dünýä peýda boldy-da, üstüme abandy. Olam ýakamdan ebşitläp tutaga-da: «E-eý, köpeý ogly! Ýurt eýesizdir öýtdüňmi? Bidäne hurmany ekipmidiň, iýeriň ýaly?! Gül ýaly çaganyň mährinden gorkmadyňmy? Gül ýaly gelniň ygtykatyndan gorkmadyňmy» diýip, gygyrmaly halyna gaýtam öz eli bilen bir käseni gyrmyzy şerapdan püre-pürläp berdi-de: «Al, iç! Serhoş bol! Beýle döwran her gün tapdyryp durýan däldir. Her öňýetene ýetdiribem durýan däldir. Entek juwanlygyň joşy ýatmanka, bujagaz gyz akylyna aýlawmanka döwran sür, gaýmagyny ýala, balyndan sor, biz-ä bir sandan galan garry göhert, sen bir hezil et!..» diýdi. Ogurlyk etjek ýaly assyrynlyk bilen howlynyň gapysyna tarap gözümi aýladym-da dodaklarymy ýalap yzyma dolandym. Ellerim ýene-de gapa ýetdi. Şykyrdatdym. Mermer deý ak bedeniniň üstünden suw guýup duran Mähri tisginip bärsine bakdy: «Hiýh» edip, bir eli bilen döşüni, beýleki eli bilenem uýat ýerini ýapdy. Allaniçigsi bolup gapa çiňerildi. Men ýuwaşlyk bilen: — Mähri!.. — diýdim. Eşitdi. Tanady. Gabawa düşen jeren ýaly dar ýerde iki baka urundy. — Git, git, gelme!.. — diýip pyşyrdady. Men işik bilen söýäniň aralygyndaky jaýrykdan çöp sokdum-da, zülpäni galdyrdym. Gapy açyldy. Dykyz bedeniň üstündäki bulduraşýan sansyz monjuklaryň titreşip aşak inişlerine sähelçejik syn edip durdum-da, ylgap baryp Mährini bagryma basdym. Sowujak suwdan mazaly ganyp salkynlan bedeniň ýakymly, suwlaç ysy burnuma uranda huşum başymdan uçdy. Titreşip duran ter mämelere ýüzümi oýkadym-da, bilinden gujaklap aşak çökdüm. Maňlaýymy ilki dyzyna, soň topuklaryna oýkadym. — Mähri! Besdir! Men indi mundan artyk çydap bilemok! Ýa meni öldür, ýa-da belli bir zat diý! — diýdim. — Aýt, dünýä malyndan geç diýseň geçeýin, nämeden ant iç diýseň içeýin, ýöne kowma!.. Ol ýüzüni tutup durşuna: — Ýok, ýok, git! Git, meni masgara etme! — diýdi. Men hasanaklap ýerimden galdym-da, ony ýaňadandan bagryma basdym. Ogşadym. Kem-kemden gowşaýandygyny duýanymdan soňam gujaklap ýerden göterdim. Nä alla tutanyna, nädip şeýdenime henizem akyl ýetirip bilemok, şol durşuma duşdan çykdym-da, howlynyň içi bilen öýe tarap ylgadym. Ýolboýam akylymdan azaşan ýaly agzymyň ýeten ýerine agyz urdum, endamyna ýüzümi oýkadym, ýalbardym, özelendim. Ol ilk-ä elimden sypjak bolup dyzady. Aýaklaryny däbşenekletdi. Elleri bilen ýüzüme, gözüme şarpyldatdy, göre gündiz, giň howlynyň içi bilen şo durşuna äkidip barýandygyma gözi ýetensoňam: «Waý, bagtym gara, waý, bagtym gara...» diýdi-de, hamala şeýdende hiç ýeri hiç kime görünmejek ýaly, goltugymda edil kirpi dek düýrlendi. Gözüni ýumup, elleri bilen ýüzüni ýapdy. Şol gelşime öýe girdim-de, Mährini diwanyň üstünde emaý bilen ýatyrdym. Baryp işigi içinden ildirdim. Eşiklerini geýmek üçin eýýämhaçan törki jaýa tarap dyzaýan Mährini ýaňadandan gujaklap diwana geçirdim. Bagryma basdym. Ten-tene degensoň ol düýbünden gowşady. Garşylyk görkezmesini goýdy. Dodagymdan dişläp, saçymdan penjeledi-de, süýjümtik iňledi, ysgynsyz ses bilen: — Galtaman-n... — diýdi. ...Şeýdibem, oýun gutardy. Bar zat çyna ýazdy. Gaharjaň dünýe-de edil meniň çak edişim ýaly gaty bir geçirimlem däl ekeni. Aldawçy ekeni. Humarbaz ekeni. Kejroý, kejigerden ekeni. Onuň şeýledigini men bir gün Mährini dyzymyň üstüne mündürip, çözlenen saçlaryny ýüzüme oýkap otyrkam golumdan tutaga-da ýeriň biline pylçap uran wagty bilip galdym. Çep elim bilen ýanbaşymy tutup, yzadan ýaňa gözlerimden ýaş döküp oturyşyma: «Ahow, bi nätdigiň boldy? Öň-ä eý diýdiň, indem beýden bolýaň, munyň-a bolanok» diýdim weli, o-da ýogyn ses bilen loh-loh güldi-de: «Meniň bilen oýun etjek bolduňmy? Hany, onda oýnum-a gördüň, çynymam bir gör!..» diýdi. Menem hälem bolsa, ýeň bermezlik üçin dälilige salan boldum-da: «Aýryl öňümden! Men seň ýaly sandan galan çüýrük töňňe däl. Şular ýaly çem gelen wagty birsalym döwran sürmäni gowy gerýän. Gel, ondan-a, ýene-de öňkiň ýaly şerap ber» diýip gygyrdym. Ol bolsa dym-ak gözlerini dik depäme dikdi-de: «Badyhowasyran bolma-da, hany, gözüňi bir aç, gözüň nämeler görýä» diýdi. Açdym. Açyşym ýalam gözüm gapynyň agzynda Seýran janyň elinden tutup duran Tawusa düşdi. Gözlerine ynanmadyk bora çemeli. Ýüzi duw-ak. Dodaklary titir-titir edýär. Birmeýdan ne ondan ses çykdy, ne-de bizden. Gymyldy, hereket ýok. Hiç bolman şol wagt Seýran janam sesini çykaraýmady. Howwa, boýnumdan karkara kimin aslyşyp duran gelniň Mähridigine, bir ujy büklüm-büklum bolup, keçäniň üstünde ýatan şar gara saçlaryňam hut şonuňkydygyna Tawus ynanybilmän kän durdy. Mähri usullyk bilen goltugymdan çykdy-da, bir garyşdanam gowragy boýdan artyp duran saçynyň ujuny gujaklap ýerden göterdi. Bir gyra çekilibem örmäge başlady. Gözüniň gytagyny Tawusa tarap aýlanda, nämüçindir, gözlerinde müýn däl-de, buýsanç göründi. Göwnüme bolmagam mümkin. Çünki bu iki mähriban uýanyň her hili ýagdaýda-da biri-birine ikilik etmejekdiklerine men soň-soňlaram kän gezekler göz ýetirdim. Ýöne her niçik-de bolsa, men şol gezek uly gopguna, gykylyga, agyr tupanyň turaryna garaşypdym. Tawus welin, şol bir durkuny üýtgetmän töre geçdi-de, bir ýerden pasportyny çykardy. Pul goýýan ýerimizden ýekeje onlugy sogrup aldy. Mähriniň golaýyna geldi. Horja elleri bilen onuň maňlaýyna düşüp duran saçlaryny düzedişdirdi, ýanaklaryny sypalaşdyrdy, ýaşa dolan gözlerini gyrpman ýüzüne seredip durdy-durdy-da, oglunyň golundan tutup çykdy ötägitdi. Meni şagga der basdy. Gözlerim garaňkyrady. Aýaklarymyň aşagy elendi. Ýüregim agzyma geldi. Hopukdym. Bu çalgöz dünýeden hakykatdanam utulandygyma, yşkbazlyk diýlen zady onuň düýbünden halamaýandygyna, asyl-ha onuň humarbazam, oýunbazam däl-de, bar zady öz ýerli-ýerinde goýup barýan bir danadygyna, maňa şerap berip, al salanyň bolsa, dünýäniň sypatynda görnen arwahdygyna göz ýetirdim. Şol arwahyň allaryna gidip maşgalamdan, perzendimden, negözel durmuşymdan aýrylandygyma, şowhuny sowlan bazaryň içinde täk-tenha özümiň gugaryp galandygyma düşündim. Gyzda-gyzda gelende, olaryň ornuny hiç bir güýjüň tutup bilmejekdigine-de gutarnykly düşündim. Şonuň üçinem, Mährä: «Sen otur, men häzir gelerin» hem diýmedim-de, hasyr-husur eşiklerimi geýip daş çykdym. Köçe-köçe söküp, ýap-ýaňyja-da umytly ojagymyň agzynda garaja gözlerini balkyldadyp duran oguljygym bilen gelnimi gözledim. Atlaryny tutubam gygyrdym. Emma derek tapmadym. Ahyram duş gelen taksini tutdum-da, otly duralgasyna tarap eňdim. Öňümden çykandan: «Hiý, nemli gözleri Mähriňkä meňzäp duran ýaş zenany görmediňizmi? Elinde-de oguljygy bolmaly, oguljygymyz bolmaly» diýip soradym. «Ýok, görmedik» diýdiler. Käbirleri bolsa: «Toba-toba, biz seniň Mähriňi näbileli, ogluňy näbileli» diýdiler. Ol ýerdenem şäher aralygyna gatnaýan awtobuslaryň duralgasyna ylgadym. Tawusyň diňe awtobus bilen gidip biljekdiginiň başda kelläme gelmändigine ökündim. Iki ýana elewräp ýörşüme awtobusa münýänlere-düşýänlere esewan bolup ýören, goly gyzyl mataly, ýognas, burunlak aýalyň alkymyna dykyldym-da, has-has edip: «Daýza, pylan raýonyň awtobusy gitdimi?» diýdim. O-da gitdi ýa gidenok diýäýmän ýüzüme erbet bir alaryldy-da: «Honha, ýazylgy dur. Oka-da göräý» diýdi. Gep uruşdyryp durmaga wagt ýok, ýazgynyň öňüne bardym-da, boýnumy süýndürdim. Gidipdir. Ýene bir taksini tutdum-da: — Näme alsaň al-da, şol awtobusyň yzyndan ýet — diýdim. Ýaşy ortadan agan, agajet, goturaky ýaşuly pul hasaplaýanyna burgy berip oturyşyna: — Näme, inim, reýsden dagy galdyňmy? — diýende somalyşyp duran sary dişleriniň barsy birden göründi. — Ýok, agam, göçümden galdym. Hatarly kerwenimden galdym... Gepimi-sözümi birhili görendir-dä, ýaşuly şondan soň sesini çykarmady. Altmyş kilometr ýaly ýol geçip, edil serhetçilerin dokument barlaýan ýerinde awtobusyň yzyndan ýetdim. Kim dokumendini barladyp dur, kimsi aýak ýoluna ýazylmana barýar. Görsem, Tawusam bir çetde ýygrylypjyk, Seýrany aýaga tutup otyr. Men birbada näme diýjegimi bilmän ýaýdandym. Bardygymy bildirmek üçin çat maňlaýyna geçip durdum. Ardynjyradym. Ahyram göwnümi bire baglap: — Tawus, ýör, yza gideli, öýe baraly, honha, maşyn garaşyp dur. Ýolda men hemmesini gürrüň bereýin, düşündireýin — diýdim. Seýran jan meni görenden goljagazlaryny galgadyp, öz dilinde bir zatlar diýişdirdi, Maňa tarap owsundy. Tawus welin, maňa barmysyňam, bir zat diýýärmisiňem diýmedi, Seýrany çalaja silkedi-de: — Bol, bala, «yk-ga» et... — diýdi. Özem meni ýanynda bar hasap etmeýändigini nygtamak üçin, düýbünden başga tarapa seretdi oturdy. Seýran bolanyndan soňam, ony eline aldy-da, maňa nazarynam aýlaman, awtobusa tarap ugrady. Men onuň yzyna düşüp barşyma: — Tawus, beýtmesene! Gitmesene! Dursana, düşünişeli-le... — diýip ýalbardym. Ol welin, göwnüm üçinem dönüp bakmady. Assajykdan ýöräp barşyna howlukman awtobusa mündi. Men ejesiniň elinde oturan ýerinde: «Däd-de... däd-de...» diýip henizem maňa tarap gollaryny galkyjakladyp ýetişibildiginden depirjikleýän oguljygyma elimi serdim. «Seýran jan!.. Oglum!..» diýjek boldum. Emma dilim zybana gelmedi. Ona çenlem awtobus ugrady. Şol awtobusyň içi bilen meniň ähli baýlygym, maly-mülküm, göz-guwanjym, daýanjym, söýenjim, jigerbendim bolan Seýran janam, başyny başyma deňäp, meniň bilen ömür atly uzak ýola baş goşan başdaşym, ýanýoldaşym Tawusam gitdi. Bir mähremlerimiň giden tarapyna, birem Mähriniň galan tarapyna owsun atyp, serimsal bolup durşuma, darka ikä bölünen ýüregimiň haýsyna tarap gitjegimi bilmän kösendim. Tawusyň bolup gidişinden çen tutsaň, indi oňa tarap ýoluň ýokdugy, ähli ýalbar-ýakarlaryň puçdugy görnüp durdy. Elbetde, hiý birini öler ýaly äsgermezçilik edersiň-de, günäň geçilermi... Ahyram esli wagt bäri uzyn-uzyn signal berip duran taksiniň içine kürsäp girdim. — Sür! — Nirä? — Yza sür! Şähere! Gaýtdyk. Ýolboýam «Wagt geçer, Mähriniň yssy mähri boşap galan kalbymy doldurar. Göwnümi göterer. Bu ajy aýralygyň yzasy kem-kemden aýrylyşar, hemme zat gülala-güllük bolar. Baharda duýdansyz öwsen şemal deý bir säwlik bilen birmahallar duşundan geçip giden söýgiňe täzeden gowuşmaklygyň hatyrasyna şunça jebre dözmezlik aýp däl. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Bu zatlara Seýran jan ulalansoň düşüner. Kem-kemden Tawusam düşüner. Belki, eýýämem düşünendir» diýip içimi gepletdim. Öz-özüme göwünlik berdim. Ömürlik ýitirendirin öýdüp ýören bagtymy täzeden gaýdyp berendigi üçin ykbalymdan müňdebir razy boldum. Men: «Ine, bararyn, Mähri öňümden ylgap çykar, böküp boýnuma zyňar, özi zerarly öýünden bizar bolup giden doganjygyna nebsi agyryp aglar, yzyndanam ujy nepis hünjülerden doly gara neşterlerini garagyma sanjar-da: «Geldiňmi, mähribanym! Şu pursata men, gör, nijembir ýyllap garaşdym. Gel, geç, ynha, çaý demläp goýdum. Iç! Özüňem, ine, şujagaz ýere geç — diýip, ikimizi betnamlyk ýoluna ataran diwany görkezer, ýüzümi-gözümi sypalap: — Ine-gana mähriňden bir ganaýyn, kaddy-kamatyňa bir guwanaýyn, meniň galtamanjygym»— diýer» diýip göwün ýüwürtdim. Şu gijäniň lezzeti ho-ol, pynhan oturgyçda oturyp, ilkinji gezek gol boýna salyşan gijämizden has lezzetli bolar öýtdüm. Emma bary tersine bolup çykdy. Mähri öňümden çykmady. Içerde aglap ýatandyr öýdüp öýe girdim. Bary-ýogy üç otagdan ybarat jaýyň içinde aldyranym bar ýaly iki ýana elewräp ýörşüme: — Mähri! Mährijemal!.. — diýip gygyrdym. Janhowluma howlynň burçundaky odur-budur oklanýan köneje kümä çenli barladym. Birdenem duş tarapdan şirrildi eşidildi. Bu wagtlar duşa düşülýän wagtyň däldigini bilip duranam bolsam, bir bökemde bardym-da, gapyny zarp bilen çekdim. Ozaldanam bahana bolsa gopjak bolup duran gapy çekişim ýaly, güpürdäp gaýtdy. Badyna menem gaýtdym. Ýeňsäm ýere degdi. Hyk-çoklap zordan ýerimden turdum. Bar zadyn keýpiňe, göwnüňe görä bolup durýandygyna geň galyp durşuma, henizem şirrildäp duran kranyň nurbatyny gazap bilen towladym. Oturyp çilim çekdim. Şol gezek telbe edip dälireden, meni şunça garamatlyklaryň üstünden elten mermer deý ak, titräp duran ter bedeni gez öňüme getirip, uludan demimi aldym. Özümi bu tükeniksiz köýlere salyp ýören ykbalyma nägilelik bildirdim. Hudaýa şikaýat etdim. «Nämüçin meni beýle ryswa etdin?!» diýip, nalyndym. Ümürde ýöreýän ýaly girip-çykyp ýörşüme, diwanyň üstünde ýatan kagyza gözüm düşdi. Garbap aldym. Gatyny açdym. Hat. Mähriniň haty. Gözýaş degip, bulaşan ýerleri bildirip dur. Okap başladym... «...Hemmesine günäkär men. Başdanaýak barysyna men sebäpkär. Men muňa öň düşünmändirin. Düşünjegem bolmandyryn. Muny men ýaňyja, Tawus oguljygynyn elinden tutup gidende-de aňmandym. Bu hökman şeýle bolaýmalydyr öýdüpdim. Hemme zat öz-özünden düzeldi, bar zat ugrukdy, ýerli-ýerine geldi diýip oýlanypdym. Begenipdim. Ýalňyşandygyma, ters ýola duşendigime, oturan bir parahat dunýäni gowgaýa salandygyma, ine, şumatjyk seniň aldyranyň bar ýaly bolup öýden çykyp giden pursadyň düşündim. Seniň ýürek tarlaryňyň diňe şol iki ynsanyň ýürek tarlaryna baglydygyna, ony hiç bir güýjüň ýolup bilmejekdigine, ýoljak bolmaklygyň bolsa dünýäde iň bir aýylganç günäleriň biridigine, ikimiziň bu bolup ýörşümiziň bolsa häki bir, dunýäniň gül-abadan wagty, ediläýýän messepsizlikdigine düşündim. Ýeri gelende, maşgala, öý-öwzar, çaga diýlen zadyň ornuny hiç bir zadyň, hatda bir gezek ýitirilip, ikinji gezek tapylan ilkinji söýgüniňem tutup bilmejekdigine göz ýetirdim. Şol iki ynsanyň ornuny men-ä däl, hatda ataň-eneň hem tutup bilmejekdigine-de, ata üçin — çaganyň, bala üçin — atanyň, goç ýigit üçin arassa öýüň nämedigine-de, bir abat öýi bozmaklygyň nähili el- hençdigine-de göz ýetirdim. Şonuň üçinem gidýän. Meniň günäm uly. Günämi boýnuma alýaryn. Ýöne seniňem günäň uludyr. Ilkinji gezek boýnuňa bökenimde, mert duragada: «Samsyk bolma» diýen bolsaň, ýylan bolup araňyza sokulanymda: «Ýok bol, alahöwren!» diýip, taýaklap kowan bolsaň, bu masgaraçylyklar bolmazdy. Emma sen nebsiňe buýrup bilmediň. Senem öz inçe duýgularyňa buýrup bilmediň. Gaýtam ugruna gitdiň. Üstüme süründiň. Öz paýyňa kanagat etmän, kimiň käsesine el uzatdyň. Saklap bilmänem dökdüň. Bu zatlara men-ä indi düşünýän, a sen berin irräk düşünäýmeli ekeniň-dä? Ýa henizem düşüneňokmy? Zyýany ýok, düşünersiň. Hälem bir pille. Git! Oba git! Bar-da, Tawusyň aýagyna ýykyl! Ýalbar! Belki, ol günäňi geçer! Geçerem. Çünki ol biz ýaly doňýürek däldir. Biz ýagşylyga ýamanlyk etdik. «Söýgi — kör bormuş» diýýärdiler, ýöne biziň munymyz söýgümikä? Men indi bu ömrümde-hä Tawusyň gözüne görnüp bilmen. Senem meni ideme. Uýamyň bagtyny garaldyp, çagasyny ýetim goýup, bir öýi weýran edip gurnalan durmuş maňa hiç haçanam ezýetden başga zat bermez...» Men ýerimden turdum-da, hamala ýaňky sözleri Mähri edil gapdaljygymda, ýaňagyny kibtime ýaplap oturyşyna aýdýan ýaly, öýüň içinden onuň keşbini, gözlerini, gara saçlaryny gözledim. Emma gara neşterler gezelmedi. Gara saçlar tolkun atmady. Ýumşak gabaklar humaý gözleriň üstüni emaý bilen örtmedi. «Tawus geläýmesin ýene...» diýen howsalaly, süýji sözler eşidilmedi. Ter be- denini titredip Mährim ustüme sürünmedi. Gutardy! Bar zat gutardy! Dek düýnem men «mukaddes öý» atly bir uly şähriň soltanydym — bu gün gedaý galdym. Bir agyr ýygnyň serdarydym — nökersiz galdym. Oglum barka ogulsyz, gelnim barka gelinsiz galdym. Mähri bolsa derwüşiň düýşune giren peýker ýaly, tykyrdap barýan arabamy çep ganatynyň bir ujy bilen bir kakanda düňderdi-de, duşumdan geçdi ötägitdi. Uzynly gijäni daş işikde, derwezä göz dikip geçirdim. Öýe girip öwran-öwran Mähriniň hatyny okadym. Içimdenem gaýtaladym. Ahyram, uludan demimi aldym-da: «Dogry aýdýaň, Mähri! Seňki dogry — diýdim. — Gaş bezejek bolup göz çykaranyňdan peýda ýok. Beýdip gurnalan durmuş, hakykatdanam, ezýet berer». Şol günüň ertesi ir bilen oba gitdim. Öýe golaýlanymdanam, akly-gyzylly towuklaryň arasynda joňkuldapjyk ýören oguljygymy görüp uludan demimi aldym. Kölegede ejem bilen çaý içişip oturan Tawus meni görenden çäýnegini göterdi-de, gaşyny çytyp öýe girdi. Ejemiň gep-gürrünlerinden çen tutup, Tawusyň hiç kime hiç zat aýtmandygny aňdym. «Gezmäge geldim. Ogluňyzam bu gün-erte geljek» diýipdir. Üstümden agyr ýük aýryldy. Dünýäm giňedi. Çepiksije, keselbent gelnimiň ýanynda kiçeldim. Özüme görä ony kän mert, özümi bolsa ejiz saýdym. Nalajedeýin saýdym. Geçirimliligi, parasatlylygy üçin, yhlasyna ikilik edendigim üçin öler ýaly utandym. Gele-gelmäne ili örüzibermändigi üçin, käbir haýýar heleýler ýaly, gapy baryny kakyp, şermendelige salybermändigi üçin köp-köp minnetdar boldum. Şolar ýaly agyr ýüki hem horja gerdenleri bilen täk özüniň çekip-çydap bilendigi üçin gujur-gaýratyna, adamkärçiligine sarpa goýdum. Öz-özümi ýigrendim. Näletledim. Omalak-çomalak edip öňümden çykan oguljygymy gujagyma gysdym. Ýaňajyklaryndan öpdüm. Ejem bilen, jigilerim bilen howul-hara salamlaşdym, düýn öýlän egnimden uçan Tawus guşumy, ömri bilen ömrümi dowam etdirjek jigerbendimi başga gapydan däl-de, öz umytly ojagymyň gapysyndan tapandygym üçin hudaýa ýüz-müň şükür etdim-de, alty aýlyk ýoldan aşyp gelen argyn argyşçy ýaly özümi kölegede ýazylan keçäniň ustüne goýberdim. Men indi arkaýyn. Hemme zat ýerinde. Uly-il ýaly, menem ýene-de deňli-derejeli adam. Meniňem maşgala ýerinde maşgalam, öý ýerinde öýüm, ogul, ýerinde oglum bar. Irden turup sagyma seretsem — ulymy görerin, soluma seretsem — kiçimi. Şu zatlar uçin men diňe Tawusa minnetdar. Ölinçäm hyzmatyny etsem-de, eziz balasynyň, mukaddes ojagynyň, arassa içerisiniň hatyrasyna şeýle agyr gussany gursagynda göterip ýören bu belent ýürekli zenanyň öňündäki borçdan çykyp bilmejegim çyn. Şondan soň durmuş ýene-de öňki akymy bilen akyp ugrady. Oba göçüp geldik. Bolup geçen wakalar hakynda, Mähri hakynda Tawus ikimizem başardygymyzdan dil ýarmazlyga çalyşdyk. Mährem gaýdyp gara bermedi. Kanikul döwürleri işe girdim bahanasy bilen oba-da gelmedi. Geläýse-de, biziňkä gelmedi. Tawusam ol bar wagty öýlerine gitmänini kem görmedi. Biziň garrylarymyzam, Tawusyň hossarlaram bu ýagdaýy iki uýanyň arasyna düşen bolgusyz öýkeleşikdir öýtdüler. Seýran jan ýaňy bir üç tigirlije welosiped sürmäge ýaran wagtlaram gyzjagazymyz boldy, Adyna Gulälek dakdyk. Birdenem şo-ol, köne keseli gozgady-da, Tawus ýene-de tapyr-tupur ýykyldy. Özem bu gezek çyny bilen ýykyldy. Haly erbetleşdi. Egbarlady. Keselhanadan-keselhana, dogtordan-dogtora ylgadym. Bolmady. Ahyram tapdan düşen ezizimi gollarymda göterip öýe getirdim. Bir gysym bolan göwresini düşegiň üstünde emaý bilen goýanymda saklanyp bilmedim. Ol şonda Aşgabatdan göçüp baralymyz bäri birinji gezek gözlerime seretdi-de, horja barmaklaryny titredip gözlerimi süpürdi. — Goý, aglama... — diýdi. Çagajyklaryny sorady. Hersini bir tarapynda oturdyp başjagazlaryny sypalady. Ýeke-ýeke ogşady. Soň maňa seredip ysgynsyz ýylgyrdy-da, şondan artyk oturara mejaly ýetmän özüni düşege goýberdi. Çagajyklarymdan, aýalymdan gözýaşymy gizläp, aralarynda çök düşüp oturyşyma: «Durmuşyňy öz eliň bilen bozjak bolup, gudurap ýörmek geregem däl ekeni. Wagty gelse o zatlary ýowuz tebigatyň özi bizden soraşmanam etjek ekeni...» diýip oýlandym. Tawusyň bar güýjüni Mähri ikimiziň beren ezýetlerimize sarp edendigini göwnüme getirip, özümi jenaýatkär duýdum. ...Bir günem ol meni ýanyna çagyrdy-da, halys ysgyndan gaçan inçejik sesi bilen: — Mährini çagyr... Görüp bir galaýyn... — diýdi. Her näçe kyn düşse-de, habar etdim. Emma geler öýtmedim. Aradan üç-dört gün geçdem welin, gapy açyldy-da, burnuma tanyş, ýakymly ys urdy. Başymy galdyrdym. Mähri! Durky bilen titräp, aglap dur. Eginleri silkinýär. Iki elem ýüzünde. Men ýerimden turdum. — Gel, geç, Mähri. Ine, şujagaz ýere geçäý... – diýdim-de, hassanyň ýanyndan ýer görkezdim. Öz sesimi welin, özüm tanamadym. Hossarynyň gelenini duýandan, Tawus ýumulgy gözlerini zordan açdy. Inçejik gollaryny göterip, gujagyny gerdi. Mähri: — Waý, doganjygym!.. — diýip, ulili bilen gygyrdy-da, özüni uýasynyň üstüne oklady. Reňki öçen ýüzüni bagryna basyp aglady. — Ahyry geldiňmi jigim? Geler-geler diýip, gözlerim ýoluňda galdy — diýdi-de, gurbunyň çatdygyna görä, Tawusam aglady. Olaryň aglaşyp oturyşlaryny görüp Seýranam aglady. Heniz mana düşmeýänem bolsa, bir çetde däbşenekläp ýatan gyzjagazymyzam aglady. Men Seýranyň elinden tutdum-da, Gülälegi goluma alyp daş çykdym. Aýlaň-çaýlaň etdim. Goňşy-golamlar bilen gümür-ýamyr etdim. Ynjalman ýene-de yzyma dolandym. Bosagadan ätlänimdenem Tawusyň: — ...Ýok, ýok, men senden hiç zady gaty göremok, jigim... Hijiňizdenem gaty göremok... Öz maňlaýymdan görýän. Baryp-ha mekdepde okaýarkagam bilýärdim-ä, men seniň çaga kalbyňy kimiň eýeländigini. Ýöne onuňam seni gowy görýändigini welin, bilmendirin... Bilen bolsam... ...Seniň beýle tükeniksiz derde uçranyňy soň bildim... Ýok, in sonky gezek däl? Ilki başda, adamyň bilen aýrylyşyp Aşgabada baran günüň bildim... Ýöne Tawus kine edýändir öýdüp özüňi horlamagynyň, jigim... bu durmuşdyr bi... — diýýän sesleri üzlem-saplam gulagyma ildi. Men gürrüňlerini eşidenligimi bildirmezlik üçin yza çekildim. Ardynjyradym. Ýuwaşlyk bilen bardym-da, Seýrany ejesiniň gapdalynda oturtdym. Gyzjagazyny gujagyna berdim. Aňyrsy görnüp duran aýalary bilen jüýjejikleriniň arka-boýnuny sypalaşdyryp, gözüne ýaş aýlap ýatyşyna, Tawus gurak-gurak ýuwdunyp: — Wah, ysjagazyňyzdan aýlanaýyn... — diýdi. Çalaja iňledi. Bokurdagy dolup esli mahal sesini çykarmady. Mahal-mahal Mähriniň ýüzüne naýynjar seretdi. Birdenem Mähriniň boýnundan asyldy-da, telim wagt bäri hut şu sözleri aýtmak üçin garaşyp ýatan ýaly, inçeden uzyn, zaryn bir owaz bilen: — Çagajyklarymy hiç kime beräýmegin! Özüň eýelik etginiň... — diýdi. Bu onuň: «Şu gapydan uzagyndan girip-çykmak nesibämde ýok ekeni, jan dogan. Gitmeli boldum. Seniň yhlasyň zor çykdy. Seňki çyn bolup çykdy. Men bu öýde ötegçi ekenim, myhman ekenim, bu öýüň hakyky eýesi sen ekeniň! Öň bir ýalnyşlyk bolupdyr, ine, indi o-da düzeldi. Men gidemsoň şu içerä, çagajyklaryma özüň eýelik et. Öý eýesiniň başy ýaş. Barybir, bu öý boş durmaz. Her niçik bolsa-da, sen meniň dözmezimsiň, gyýmazymsyň. Ynjytmaga gözleriň gyýmaz. Şu meniň senden iň soňky haýyşym şu, doganjygym» diýdigidi. Bu panydan-bakyýa tarap ugran, ajal kerwenine ýük uran ýolagçynyň iň soňky haýyşydy. Tebigatyň öz kanuny bar. Biz oňa emr edip bilmeýäris. Tawus gitdi. Iki sany gül ysly eýjejik çagany özünden nyşan goýup, dünýeden ötdi. Şolaryň hatyrasyna okuwynam taşlady-da, Mähri gyzymyz Gülälejigi, oglumyz Seýran jany edil öz bagryndan önen perzendi ýaly edip saklady. El süýdüni berip ulaltdy. Edil Tawusyň sargap gidişi ýaly çagalaryma ene, özüme ýanýoldaş boldy. Obamyzda açylan keselhana işe ýerleşdi. Ýyllar geçdi. Çagalar ulalyşyp, ajy aýralygyň ýüreklere salan yzasam kem-kemden köşeşdi. Aýrylyşdy. Mähridenem iki sany oguljygymyz boldy. Näbelet adamlar olary Seýran bilen Gülälekden känbir tapawutlandyrybam bilenoklar. Görer göze hemme zadymyz düz, durmuşda hiç hili kemçiligimiz ýok ýaly. Emma käte-käte oturyp pikir edýän welin, göwnüme bolmasa, Tawus biçäre Mähri ikimiziň otdan-da beter ýakyp barýan gyzgyn söýgümiziň howruna döz gelibilmän, bizi bagtyýar etmek üçin, hut öz erkine aramyzdan sogrulyp giden ýaly, öz ornuny Mährä, hakykatdanam, meýletinlik bilen beren ýaly bolup dur. Muny ýeke men däl, Mährem duýýar. Ol hem öz uýasynyň bagtyny onuň elinden öz eli bilenjik gaňryp alan ýaly, onuň bu dünýäniň salkyn şemalyndan şeýle ir mahrum bolmagyna hut özi sebäpkär bolan ýaly gije-gündiz ýanyp-bişip ýör. Oýlanýar. Ölçeýär. Pikir edýär. Öz ýüzünden, mähriban ejeleriniň keşbini gözleýän ýaly gözlerine dikanlap-dikanlap, ahyram uludan demlerini alşyp turup gidýän Seýran jan bilen Gülälejegime seredip gözlerine ýaş aýlaýar. Ejir çekýär. Hut şol çagajyklaryň hatyrasy üçinem, bir tarapy ýegşerilen bu horaşaja içeriniň keşigini çekip ýör. Howwa, diňe şolaryň hatyrasy üçin. Çünki Tawusyň keç ykbalynyň hasabyna gurnalan, birmahallar bizin ikimiz üçinem elýetmez bolup görnen bu durmuşyň indi biziň üçin hiç hili mazasy ýok. Öýüň içindäki her bir zat bize Tawusy, onuň gysga ömrüni, pes pälini, belent mertebesini, adamkärçiligini ýatladyp dur. Inçe duýgularymyzyň ugruna gidip, edip ýören şol gödeňsi hereketlerimiziň barysynyňam, hut şu hasratly günleri golaýlaşdyrmak üçin ekendigi barada oýlananymda welin, Tawus görgüli henizem sesini çykarman, bir burçda ýüzüme seredip oturan ýaly, onuň belent mertebesiniň öňünde müýnürgeýän, arassa, päk ruhunyň öňünde müň mertebe ötünç soraýan. Howwa, wagt geçer, aýlar aýlanyp, ýyllar dolanap. Köp zatlar könelişer. Bu ýeňil düşmedik durmuş ýoluna deň gadam basan başdaşym, syrdaşym, mähriban ýoldaşym Tawusyň maňa bolan çäksiz söýgüsni ýele sowrup, ynamyny syndyranym üçin, ýüregine daglar goýup, gül dek göwnüne kül sependigim uçin çekýän derdi-azarlarym welin, üstünden asyrlar geçse-de egsilmez. Tawusyň ýüzüne gara çekip, erkimi elimden alan şol süýji pursatlar indi maňa ömürlik jeza bolar. Şonuň şeýle boljakdygyna şek-şübhe ýok. Bolubam bilmez. Çünki, bize görä has akylly-başly görünýän bu gelşikli dünýede çigidiň gabygy ýalyjak hem bihasap zat ýok. 1984-1989 ý. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||