08:15 Jynlar we olaryñ ýaradylyş maksady, aýratynlyklary | |
JYNLAR WE OLARYÑ ÝARADYLYŞ MAKSADY, AÝRATYNLYKLARY
Geň-taňsy wakalar
• "Jyn" sözüniň aňladýan manylary "Jyn" sözi örtülgi, ýapyk, gizlin diýen manylary berýär. Bu sözden döreýän ençeme söz bar. Ine, olaryň käbiri: Jenan gije diýmekdir. Bu at oňa gijänin garaňkylygy bilen ähli zady örtýändigi üçin berlipdir. "Garaňky düşende (Ybraýym) bir ýyldyz gördi" ("Engam" süresi, 76). Bu aýatdaky "jenne" işligi şu manyda ulanylypdyr. Bu sözüň ýürek manysy hem bar. Ençeme manylaryň onda, onuň bolsa bedende gizlenendigi üçin ýürege hem jenan diýlipdir. Jenan ynsany örten eşik, gizlin edilen iş manylaryny hem berýär. Galkan, örtgi, jennet, mejnun sözleri hem "jyn" sözünden dörän sözlerdir. • Jynlaryň ýaradylyş maksady we aýratynlyklary Jynlar barada Gurhanyñ ençeme aýatynda giňişleýin düşündiriş berilýär. Meselem: "Alla" ynsany kerpiç ýaly bişen palçykdan ýaratdy. Jyny-da tüýs, ýagny, tüssesiz we gorsuz otdan ýaratdy" ("Rahman" süresi, 14-15). Bu aýatdaky tüýs ot manysyny berýän «märiç» we «naryň» nämedigi barada anyk maglumat ýokdur. Ýöne onuň radiasiýa, ion ýa-da antimaddadan emele gelen bir garyndy bolmagy mümkin. Emma jynlar ne fotondyr, ne-de atomlary emele getirýän elektron, proton we neýtron böle jikleridir. Başga bir aýatda: "Kasam bolsun, biz ynsany palçykdan, jyny bolsa, (ynsandan) has öň zäherli, gowrujy otdan ýaratdyk" ("Hijr" süresi, 27). Ynsan protein garyndysyndan, jyn bolsa nary semumdan ýaradylandyr. Naru semum edýän ot ýa-da zäherleýän ot diýen manyny berýär. /öne munuň nähilidigi biziň üçin näbelli. Belki, jynlar efirden ýaradylan barlyklardyr. Jynam, edil ynsan ýaly, dogulýar, iýýär, içýär, öýlenýär, köpelýär, ýaşaýar, garraýar, ölýär. Aýal-erkeklik olara hem mahsusdyr. Ymam Şibli olaryň müň ýyl töweregi ýaşaýandygyny belläpdir. Jynlar yaradylyş taýyndan ynsanyň elinden gelmejek agyr işleri etmäge ukyplydyr. Gurhanda Süleymanyň (a.s.) guşlardan we jynlardan goşunynyň bolandygy, jynlaryň galalar, howuzlar gurandygy, aralarynda jaý ussalarynyň hem bolandygy we deňziň düýbünden merjen çykarandyklary, şeýle hem, müňlerçe kilometr uzaklykdan Bylkysyň tagtyny sähel salymda getirip biljekdikleri habar berilýär ("Enbiýa" süresi, 82; "Neml" süresi, 39; "Sebe" süresi, 12; "Sa'd" süresi, 37). Jyn hem edil ynsan ýaly Hudaýa gulluk üçin ýaradylan. Bu babatda Gurhanda Allatagala: "Men jyny we ynsany "Maña gulluk etsin" diýip ýaratdym"("Zariat" süresi, 56) diýýär. Jyn hem ynsan ýaly, erk-eradaly barlykdyr. Ynsan ýaly namaz okamaga, oraza tutmaga, zekat bermäge, haja gitmäge borçludyr. Olar hem mõmin ýa-da kapyr bolup biler. Ýer ýüzünde musulmanlar üstünlik gazanan wagty jynlar älemine hem göni täsir edýär. Yagny, musulman jynlar hem üstünlik gazanýar. • Ynsana pygamber iberilişi ýaly, jynlara hem pygamber iberilendir "Eý, jyn we ynsan topary! Içiñizden size aýatlarymy düşündirýän we bu gün (kyýamat, ahyret) bilen duşuşjakdygyňyzy aýdyp, size duýduryş berýän ilçiler gelmedimi?!" ("Engam" süresi, 130). Ynsan ýaradylmazyndan öň Ýer ýüzüniň halyfy jynlardy. Olara öz aralaryndan pygamber iberilipdir. Hezreti Adam ýaradylandan soň, jynlar ynsana tabyn edilipdir. Ynsana iberilen resullar, ýagny, özlerine sahypa we kitap berlen pygamberler, şol bir wagtda jynlaryň hem pygamberidir. Pygamberimiz muňa anyk mysal. Jynlaryň bir topary Nahle diýlen ýerde Pygamberimizden Gurhan diňläp musulman bolupdyr. Bu waka barada "Jyn" sýresiniň ilkinji aýatlarynda habar berilýär. Pygamberimiz hem: "Maňa jynlardan bir çakylykçy geldi. Onuň bilen gidip, olara Gurhan okadym", diýip, gürrüň berýär (Kurtubi). Şonuň üçin Pygamberimize: "Rasulüs-Sakaleýin", ýagny, ynsyň-jynsyň pygamberi diýilýär. • Jynlaryň şekile girip göze görünmegi Jynlar materiýa älemine degişli nar we märiçden ýaradylan barlyk bolmak bilen, edil ynsanyňky ýaly, ruha-da eýedir we olaryň aňy bardyr. Olar perişdeler ýaly şekile girip göze görnüp bilýär. Ynsanyň düýşüne girip, hatda bile ýaşap hem bilýär. Jynlar hemişe şekilr girip ynsana görnüp bilseler-de, bu olaryň asyl görnüşleri däldir. Olar her bir adama dürli keşpde görnüp biler. Pygamberimiz, sahabalardan hezreti Omar, Ebu Hureýre, Ibni Mesut, Ebu Zerr, Muaz b. Jebel we käbir weliler jynlaryň temessülleri bilen görşüpdir. Jynlar ynsan keşbinde görnüşleri ýaly, dürli janly-jandarlaryň (ýylan, içýan, sygyr, eşek, guş...) şekilinde hem görünmek ukybyna eýedir. Hatda hapysa jynlar ynsanyň we haýwanyň içine girip, ganynda aýlanyp, olary azaşdyryp, öz islegine tabyn edip bilýärler. Pygamberimiz käbir hadyslarynda öýde görlen ýylan we şuňa meňzeşlere ilki üç gezek "Jyn bolsaň, Allanyň razylygy üçin çyk” diýmegi maslahat berip, eger çykman zyýan berjek bolsa, onuň öldürilmegini emr edipdir, (Müslim, Ymam Mälik "Muwatta"). Käbir hadyslarda jynlar Pygamberimize ýüzlenip: "Ymmatyň her gezek "Bissimilla" aýdyp, her zadyň üstüni örtüp saklasa, biz olaryň iýjek-içjeklerinden iýip-içmeris" diýip, söz beripdirler. Ýöne olaryň biziň iýmitimizden nähili şekilde peýdalanýandygyny bilmeýäris. Belki, howasyndan, ysyndan peýdalanýandyrlar. Başga bir hadysda-da: "Tezek we süňkleri ulanyp synja kylmaň. Çünki olar jyn doganlaryňyzyň iýmitleridir” diýilýär. Jyn kowumyndan bolan şeýtan hem ynsan keşbine girip biler. Meselem, Bedir söweşinden öň, şeýtan Nejitli garry görnüşinde kureýşlileriň ýanyna gelip, olara maslahat beripdir. Şeýle hem, bir gezek Ebu Hureýräniň olja goraýarka, oljadan aljak bolan şeytany tutup, soňra ýalbarany üçin dözmän goýberendigi aýdylýar. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |