14:13 Käbilden soñky habarlar | |
KÄBILDEN SOÑKY HABARLAR
Publisistika
Owganystan daglaryñ depesindäki agyr we uzak pozisiýasyna gaýdyp geldi 2020-nji ýylyñ 29-njy fewraly öwrenişilmedik döwrüñ gutarandygyna yşarat edýärdi. Şol ýyl amerikanlar "ýigrimi ýyldan" gowrak wagtlap urşan ýurdundan sessizje, ýöne ur-tut çykmaga başladylar. Ýigrimi ýylyñ dowamynda owgan daglarynda we Tora-Bora gowaklarynda azyndan 3 trillion dollara barabardygy çaklanýan, ýöne anyk möçberi belli bolmadyk "fantastiki sanlary" ýitirdiler. Ondan öñ Sowet Soýuzy 16 müñ öli we Moskwanyñ harby at-abraýyny birinji gezek ýitiren "toz-duman" ýurdunda on ýyla golaý wagtyny geçiripdi. Masgaraçylykly ýeñliş umumylykda alanda Sowet Soýuzynyñ dargamagynyñ başlangyjydy. Edil şu günler Käbilden nähili habarlar gelip gowuşýar. Hiç zat, hiç zat! Birküç aý öñ aýal-gyzlaryñ okuwynyñ ýatyrylandygyny ýa-da birküç sany aýal-gyzyñ zähmet çekmäge bolan hukugynu talap edip köçä çykandygyny we olaryñ birtopar molla gullukçy tarapyndan kowalanandygyny eşidýär, başga hiç zat eşdemzok. Hiç bir uly ýurt urşanok, hiç bir Aziýa sebiti özüni gözlänok, we sowuk, gyzgyn ýa-da ýyly uruş ýok. Owganystan daglaryñ depesindäki agyr we uzak pozisiýasyna gaýdyp geldi. Indi hiç kimse onuñ strategiki ähmiýetinden we geosyýasy rolundan söz açanok. Hiç kimse oña geçmişde iñlisleriñ, hatda fransuzlaryñ garşysyna nähili dikilendigini ýatladanok. Munuñ özi Abdylla el-Kasymy bilen "dünýäniñ birmeñzeş akylda däldigini" ýanjap oturmagymyza sebäp bolup bilermi? Taryhyñ iki uly ýurdy tarapyndan edilen bular ýaly uly perwaýsyzlyfa dünýäniñ ähli söweşjeñ mekdeplerinden taryhçylaryñ, analitikleriñ, tejribeli harby gullukçylaryñ haýsydyr bir jogaby barmy? Ýa-da Jorj Buş ABŞ-nyñ ähli harby güýjüni tijäp, Molla Omary ol ýerde gözlemegiñ ýerine, Tora-Boranyñ gowaklarynda taşlap gaýtsady? A orslary kert gaýalyk, ýarsy göçüp giden paýtagtda dünýä liderligini gözlemäge iteren zat nämedi? Owganystan Jorj Buşyñ başyna inen ýeke-täk bela-beteri däldi. Emma Usame bin Ladiniñ ABŞ-nyñ ýurduñ içindäki güýjüne we at-abraýyna hüjüm etmeginiñ şertlerini ýada salsak, muña düşünse bolýar. Sowet Soýuzy barada aýdanda bolsa, Käbiliñ biragyzdan dünýäni kommunizme öwrüp taşlamagyna göz ýumup bilmediler we şol sebäpli amerikanlaryñ sumat bolan jennete girmeginiñ öñüne aljak boldular. Şu günlerde Käbilden täsin habarlar gelýär. Daglyk paýtagt aslyna dolanyp bardy, adaty gündelik durmuş, boş bazarlarda ýok harytlar, iş gözleýän ýaş ýigitler... Hem ABŞ-na göç etmäge hyýallanýan beýlekileri amerikanlaryñ gulagyna şeýle diýip pyşyrdaýar: - Bize geljek bolup azara galmañ, biziñ özümiz size barýarys. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 04.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |